09:24 Aýna öý | |
AÝNA ÖÝ
Publisistika
Telewizordan we hemme ýere oturdylan gözegçilik wideokameralaryndan tanymal adamlar bilen bir hatarda bütin dünýä häzir Zamýatiniñ göz öñüne getiren döwletinde ýaşaýar Edebiýat dünýäsinde Jorj Oruelli we onuñ naýbaşy eserleri "Malýatak" bilen "1984" romanlaryny bilmeýän ýok. Ýazyjy simwoliki dilde Stalindir Mussolinini esas alyp, senzurada we diktaturada ýaşaýan dünýäni suratlandyrýar. Oruelliñ şeýle realistik fantaziýalaryñ ilkinji oýlap tapyjysy däldigini bilýänler az. Oruell, ýene bir britaniýaly ýazyjy G.G.Uells we beýlekiler 1920-nji ýylda "Biz" romanyny çap etdiren sowet ýazyjysy Ýewgeniý Zamýatini köp derejede gaýtaladylar. Telewizor heniz oýlanyp tapylmandy. Şonuñ üçin Zamýatin doly aýnadan gurlan "ýeke-täk" döwleti göz öñüne getirdi. Bu döwletde raýatlaryñ ýeke-ýalñуz galyp biljek birje sagadyndan başga wagt bütin ilatyñ edýän her bir hereketi synlanmalydy. Telewizordan we hemme ýere oturdylan gözegçilik wideokameralaryndan tanymal adamlar bilen bir hatarda bütin dünýä häzir Zamýatiniñ göz öñüne getiren döwletinde ýaşaýar. Iki amerikan prezidenti Baýdeniñ we Trampyñ arasyndaky duşuşyk aýnadan öýdedi. Iş başyndaky prezident myhmanyny agyr gülümsireme bilen garşylaýar. Täze saýlanan prezident bolsa Ak Tama gelişini dört ýyl gijikdiren adama gülümsiremek üçin elinden gelenini edýär! Köplenç ýalñyş ulanylýan "beden dili" adalgasyna gaýdyp geljek bolup goşmaça paragraf açandygym üçin ötünç soraýaryn. Bedeniñ dili ýok. Heýjanly, gyzgyn, şadyýan, aglamjyrap duran, gyzaran, çişen, daralan we gaşlary çytylan ýüz. Kämahal ýeke gol hereketi ýa-da başga bir zat ýardam eder, emma "sessiz gepleşik" ýa-da "ekstra dil" mimikasydyr. Hiç kim maña düzediş girizmez diýip pikir edýärin: A dilsizleriñ dili näme onda? Allatagala olara ýardam etsin-dä, bu dogabitdu dil däl, öñden belli yşarat. Yşaratlar başga zat, buýruklar başga zat. Munuñ özi käbir adamlaryñ öwrenýän we hemmeleriñ gepleýän dilidir. Her niçik-de bolsa biz aýtjagymyzy aýtdyk. Meseläni siziñ öz erk-ygtyýaryñyza, düşünjäñize we adalatyñyzyñ mertebesine goýduk. Şu isleg bilen eger aýdylsa we çäklense, dünýämiziñ öñümizdäki dört ýyly iñ täsirleýji ýüzler bilen başdan geçirjekdigine-de häzirden ünsüñizi çekip goýýaryn. Ýöne bu gürrüñsiz ýeterlik bolmaz. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 15.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |