17:37 Zamun diplomatiýasy | |
ZAMUN DIPLOMATIÝASY
Publisistika
Araplaryñ ýerleri we adamlary üçin näme isleýändiklerini aýtmagyñ wagty geldi Eýran syýasy ýa-da diplomatiki hünärmenlikden binesip ýurt däl, ýöne režim mümkin boldugyndan has köp güýç deñliginde ikisini-de saýlap alýar. Bu iki seçginiñ arasynda iki esasy maksat üçin hemişe ikinjisine ýönelýär. Birinjisi, garşydaşlaryny erbet gorkuzmak welin, hemmeler aýasynyñ añyrsynda taýak bardygyny hemişe ýatlap durmaly. Häzir ýeri-gögi dolduran we Liwanyñ çagalarynyñ ýeke sagatlyk uklamagyna päsgel berýän görnüşden... Uçarmansyz dolandyrylýan istrebitellerem uklamaýar. Meniñ ynanjyma görä ýa-da kärdeşlerimiñ arasynda edil häzir "trend" bolan anyk zat - Eýranyñ hemişe birhili duýduryş hökmünde gaýtalamak we yzyna almak islegi bar. Ikinjisi bolsa, ýaranlaryny ýel haýsy tarapdan öwüsse öwüssin, şobada hereket edýän pyrlampaç ýaly dowamly uruş ýagdaýynda bolmagyñ amatyna garşy duýdurmak. Tähran syýasy prosese goşulaýanda-da, Jimmi Karteriñ çekilmegine we Ronal Reýganyñ ýeñşine getirwn amerikan ilçihanasynyñ zamunlary oýnuny gaýtalamazdan täsir ediş hakyny we täsirlileriñ stolundaky ýerini bermejegini pikir edýär. Uruşýan duşmanlaryñ arasyndaky ikitaraplaýyn sowgat-peşgeşler... Bular ýaly ylalaşyklaryñ ýöriteläp baglaşylmagy hökman däl. Signallar erbet ýagdaýlar-da ulanylýar. Eýranly syýasatçylaryñ ilkinji nobatda harby gullukçydyklary ýaşyryn syr däl. Has dogrusy olar, ha Yslam Şurasy Mejkisinde bolsun, ha-da rewolýusiýada bolsun, tapawudy ýok - Rewolýusion Gwardiýanyñ (RG) düzüminde gulluk eden rewolýusionerlerdir. Meselem, Eýranyñ ahyrsoñy dowamly rewolýusiýanyñ dowamly ýykgynçylykdygyna we ýakyn töwereginde hem-dw has giñ dünýäde hiç kimsäniñ pyrlanyp durmakdan hiç ýadamaýan pyrlampajyñ sayasynda dowam etmejegine göz ýetiren sagady bilen edil häzir arasynda näme boljakdygydyr. Ýöne düzgün üýtgemänkä olar öz töwereklerinde has ownuk aýlawlar ýagdaýynda aýlanýarlar: Işler diñe tekiz we endigan ýolda ýol aşyp biler. Eýran edil häzir ABŞ-dyr Ysraýyla garşy aç-açan çaknyşyga giren ýagdaýda. Emma barha artýan çykdajylaryñ agramy dürli derejelerde-de bolsa palestinalylaryñ we tutuş araplaryñ boýnuna düşýär. Araplaryñ ýerleri we adamlary üçin näme isleýändiklerini aýtmagyñ ýeri geldi. Beýtulmukaddes-ä onuñ baýdak göterijisi däl, Palestina-da hemişelik jynaza ýeri däl. Başgalaryñ bu dawany goldamasyndan has uly, has gowy we has mukaddes zat bolup bilmez. Emma eýranlylar onuñ ýetim we hossarsyz däldigini-de bilseler gowy bolardy: Ol - ene ýatgysydyr. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 26.10.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |