01:21 Netanýahu we kyýamat sahnasy | |
NETANÝAHU we KYÝAMAT SAHNASY
Publisistika
Netanýahunyñ ölülerini, gurbanlaryny, yzynda galdyran ýykan-ýumran şäherleri we perişdepisint kepenleri sanaýarys. Ol bolsa mümkin bolan iñ ýokary ýuridiki seresaplylyk we ahlak batyrgaýlygy bilen taýýarlanan tussag etme buýrugy sebäpli gaharly Halkara Gaaga sudy (HGS) tarapyndan gözlenýän adam muña nägilelik bildirýär. Premýer-ministriñ yzyndan ýörite çagyryş haty ýollanyp suda çagyrylmagy Ysraýyla gelşenok. Ýagdaý hasam ýaramazlaşýar. Ysraýylyñ premýer-ministrini baran haýsydyr bir ýerinde ýa-da suduñ 124 agzasyndan haýsydyr bir ýurtda tussag etme buýrugy bar. Şonuñ üçinem ol tussag edilmekden gaça durmak üçin şu günden şeýläk resmi saparlarda bolmajak bolmaly. Ýöne Ysraýylda galmagam howpsuz däl. Ol ýerde-de dürli we dowam edip gelen korrupsiýa aýyplamalary sebäpli ony we aýalyny derñew edaralary zol soraga çagyryp dur. Halkara gözenegiñ ýa-da ýerli gözenegiñ haýsam bolsa birini saýlamaga mejbur boljagyny we ýakynlaşjagyny umyt edýän günümiz hökman geler. Şumada çenli 37 liwan obasyny we 40 müñ öýi ýok eden, käbirlerini ähli zady bilen maşgalalartñ başyna düñderen adam üçin bu örän ýakymsyz ýagdaý. Elbetde, Gazäniñ we Günbatar Şerianyñ gürrüñinem edemzok. Bulara garamazdan onuñ özi aljyraññy, näme etjegini bilenok, hatda ruhy ahwaly hem öwerlikli däl. Gaaga Sudynyñ bu meselä näme dahyly bar? Dogrusy bu ne beýle görlüp-eşdilmedik batyrgaýlyk! Birnäçe sudýadan ybarat gowşak sud täze Ýakyn Gündogart daşma-daş, toprakma-toprak durmuşa geçirmek bilen meşgullanýan Goldorakyñ söbügini sypdyranok. Ysraýyl iñ bolmanda wakalara şaýatlyk edenleriñ nägilelik bildirmegine we jebir çekenleriñ arz etmegine rugsat bermeli. Halkara Gaaga sudy kanuny we bitarap edara. Munuñ iñ uly subutnamasy onuñ çykaran kararyna bildirilen nägileliklerdir. Suduñ kararyna eýerilmezliginiñ mümkin däldigini mälim eden ýurtlar Şwesiýadyr Norwegiýa ýaly hukuk taýdan ösen we iñ öñ hatarda ýer alan ýurtlardy. Durýan pozisiýalary hukuga, Palestin meselesine, adalata, azatlyga, adamzada zyýan berýän ýurtlary bolsa mysal alamzok. Netanýahunyñ ölülerini, gurbanlaryny, yzynda galdyran ýykan-ýumran şäherleri we perişdepisint kepenleri sanaýarys. Ol bolsa mümkin bolan iñ ýokary ýuridiki seresaplylyk we ahlak batyrgaýlygy bilen taýýarlanan tussag etme buýrugy sebäpli gaharly. Halkara adalatyñ bu soñky çarçuwasynda ABŞ Howpsuzlyk geñeşinde jebir çekenlere we ezilenlere magnawy teselliniñ öñüni almagy meýilleşdirhek weto hukugyny ulanyp bilmez. Munuñ özi gandöküşikli gyrgynçylyklary, gurakçylyklary, gytçylyklary we adamzada garşy gönükdirilen beýleki masgaralanmalary durzup bilmeýän halkara jemgyýetçilige bary-ýogy kiçijik teselli boldy. Genosid etme we kyýamat sahnasyny görkezme keýpiniñ arasyny üzendigi üçin iñ ýokary sud edarasyny arz-şikaýat tenasyna öwürmegiñ ýerine, iñ soñky derejede sylanýan sud zalynda günäsiniñ ýokdugyny subut etmäge synanyşmagy Ysraýylyñ premýer-ministri üçin has gowy bolup bilerdi. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 26.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |