16:03 Kakasynyñ öýi | |
KAKASYNYÑ ÖÝI
Publisistika
Millionlaryñ ses bermäge gatnaşan saýlawyndan utulyp çykanyñyzda gaharlanmagyñyz feminist çemeleşmemi? Ýeñiş gazanan prezidentiñ üstünligini yglan etmezinden öñ ýeñilen kandidatyñ ýeñilendigini mälim etmäge gyssanmagy amerikan demokratiýasynyñ nähili belent derejä ýetendigini görkezýär. Has takygy, nähili ýeñjekdigiñizi bilýän bolsañyz, nähili ýeñiljekdigiñizi-de bilmeli. Kamala Harris iki partiýadyr iki mejlisi (Senaty we Wekiller palatasyny) syryp-süpüren prezidente tradision çagyryşyny etmekde bir gün gijä galdy. Hanym Harris üçin ýaramaz alamat. Syýasy karýerasy juda az bolan we heniz tanalyp ýetişmedik aýal ilki wise-prezident bolýar, soñam prezidentlige kandidaturasyny goýýar. Ol iki wezipäniñem öz hakydygyny we ýeñilmegiñ ylalaşyp bolmajak zatdygyny pikir edýär. Mundan beýläk Harrisiñ syýasy karýerasyny dowam etdirip bilmegi kyn bolar. Megerem ol güneşli Kaliforniýadaky şowhun-şagalañlardan we işýakmazlykdan doly durmuşa gaýdyp barsa gerek. Millionlaryñ ses bermäge gatnaşan saýlawyndan utulyp çykanyñyzda gaharlanmagyñyz feminist çemeleşmemi? Bu ýöne bir ýaryş we "ýeñen hemme zady" almaýarmy näme? Donald Tramp Ak Tamyñ bosagasynda şumada çenli iki aýaly lapykeçlige uçratdy. Hillari Klinton has beter garşylyk görkezipdi. Onuñ howpsuzlygyna jogap berýän toparyñ işgärleri ýeñlendigini bilende resepsiýanyñ zalyndaky zatlary saga-sola zyñandygyny we paýyş sögünendigini aýdýar. Hanym Klintony tanaýanlar ondan has beterine garaşýardy. Emma onuñ saýlawçylara eden gahary mantykly hasaplanybam bilner. Hernäme-de bolsa ol çagalygyndan bäri syýasatyñ içinde. Ol Ak Tamdaky ilkinji amerikaly we yzyndan Daşary işler ministri bolan zenan. Aýyplamalar tebigy göz bilen garap, bildirilen gahara dogry düşünse bolar. A Harrisiñ Ak Tamdaky gurallarynyñ kanunylygy nirede? Kandidatlyga kandidatlara süýkenen we olary öldüren mikrob bar. Özüniñ kandidaturasyny goýan badyna kandidatlyk özbaşyna ýeñişe öwrülýär. Liwanea bu mikrob epidemiýa öwrüldi, emma şumada çenli Maruni jemgyýetindäki erkekler bilen çäklendi. Akyly-huşy ýerinde bolan islendik kişi ejesinden başga goldaýany bolmasa-da preziidentlige kandidaturasyny goýup bilýär. Bir gezeginde ministr degişmei üçin ýa-da wezipesini we hojaýynlaryny peseltjek bolup doly tanalyp ýetişmedik syýasatçynyñ adyny öñe sürdi. Birinji garşylyk doly tanalyp ýetişmedik syýasatçydan geldi. Telewideniýede çykyş etdi we ministriñ inisiatiwasyny gutlaýandygyny, ýöne ilki partiýanyñ ýolbaşçylaryna geñeşmeli boljakdygyny aýtdy. Partiýamy?.. Hawa. Özi, kakasy, çykany we syýasy býuronyñ galan adamy. Kreml we Lenin diýen ýaly bir zat-da. Ünsüñizi çekjek bolup öte geçýändigimi-de aýdyp bilersiñiz. Hakykat mundan has beter gorkunç. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Şenbe, 09.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||