11:55 Pul we kapital | |
PUL we KAPITAL
Publisistika
Kapitalizm, Tramp we Mask bir surata sygyşanda, hiç bir çarçuwanyñ çägine sygmaýan fotosuraty emele getirýär Illýustrasiýa: FT montage ABŞ tüweleýleriñ ýurdy. Bularyñ iñ meşhury, gazaplysy we iñ köp gaýtalanýany Florida ştatyny aldym-berdime salýan tüweleýlerdir. Florida güneşiñ çogunyñ, pyrtykallaryñ we geljekki döwür gubernatorynyñ ştatydyr. Geljekki döwrüñ gubernatory 46 gubernatordan hiç birine meñzemeýän syýasy tüweleýdir. Dünýäniñ dört ýylyny hiç zady piñine alman saga-sola kükräp geçiren Donald Tramp atly tüweleý bilen geçirmäge öwrenişmeli bolar. Taryhdaky dünýäniñ iñ möhüm Goranmak ministrliginiñ başyna geçmegi üçin jedelli programma alypbaryjysyny Goranmak ministri wezipesine saýlady. Býužeti 1,7 trillion dollar bolan Saglygy goraýyş ministrligine sanjymyñ täsirliligini derñemegi bilen at gazanan Robert Jr Kennedini saýlady. Jynsy zorlama bilen aýyplanan adamy Adalat ministrligine kandidat görkezdi. Hemmesiniñ umumy bähhidi Donald Trampa we Ysraýyla bolan absolýut baglylyklary. Bular ýaly ünsi özüne çekip bilen başga hökümet ýok. Her gün iki erkek we bir aýal gazetlerde birinji fotosuratda we baş sahypada ýer almak üçin ýaryşýar: Prezident, ministri Ilon Mask we Ak Tamyñ press-sekretarşasy. Bu üçüsi gürrüñsiz kosmosda ýa-da dünýäde iñ populýar gündelik talk-şow bilen çykyş ederler. Kosmos diýdik, çünki Ilon Mask programmalarynyñ köpüsini orbitada geçirer, sebäp bu dünýä indi oña dar bolýar. Haçanda agzyndan bir söz gaçsa ýa-da bir zat satyn alsa, dünýäniñ walýuta bazarlary sarsgyna düşýär, kiselerinden altyn ýükli otlular, uçarlar, at arabalary dökülýär. Nähili hyýalyñyza getirseñiz getiriñ, hyýallaryñam indi manysy ýok. "Walt Disney" kinostudiýasynyñ animatorlary işsiz we aç galmaly bolar. Eger Maýk Taýson göz öñüne tutulmaýan bolsa, "agramy altyna barabar" bu söz gepleşikden aýryldy. Maskyñ agramyna barabar altynyñ gymmatynda. Baý bilen garybyñ arasyndaky uçurymyñ barha daralýan, ýöne baý bilen baýyñ arasyndaky taoawudyñ indi birinji belginiñ, adynyñ, derejesiniñ galmadyk dünýäsinde ýaşaýarys. Kapitalizm, Tramp we Mask bir surata sygyşanda, hiç bir çarçuwanyñ çägine sygmaýan fotosuraty emele getirýär. Birinjisi, 5 milliard dollarluk baýlygy bilen Ak Tama giren iñ baý prezident. Ol şol bir wagtyñ özünde şahsyýetiñe dil ýetirme dawasynda bir gazetden 10 milliard dollar jerime tölegini talap eden adam ýa-da prezident. Kampaniýasyna haýyr-sahawat kömegini eden baýlaryñ (elbetde Floridada) ortaça bahasy 300 million dollardan has köp bolup biläýjek, ýöne şondan az bolmadyk jaýlary bar. Saýlaw kampaniýalary üçin sowulan pullar akla-huşa sygmaýar. Soñky kampaniýanyñ çykdajysy 5,7 milliard dollar boldy. Bu näçä düşýänem bolsa, häkimiýeti satyn almaga synanyşan uzak möhletleýin ýaryş. Trampyñ bir günde jemlän iñ köp puly 50 million dollara ýetdi. Şol gün onuñ Bruklin sudunda günäli bilnen günüdi. XIX asyryñ iñ möhüm faktory - aýaly çagalaryny doýurmak üçin aşhanasynyñ gap-gajyny, pyçak-dürtgüjini satmaga mejbur bolan Karl Marksyñ "Kapital" kitabydy. Trampyñ kampaniýasynyñ iñ uly sponsorynyñ biriniñ baýlygyny bolsa bir supermarketiñ müşderileriniñ nobaty düzýär. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Anna, 07.12.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |