18:29 Goltugy daşly adam | |
GOLTUGY DAŞLY ADAM
Goşgular
![]() Men gorkamok mert duşmandan, Kimdir biriniň adyndan. Gorkýaryn ýüzi ýylgyrýan, Goltugy daşly adamdan. Goltugynda daş bar onuň, Ellerinde ýazyň güli. Şol daş bilen bermekçi ol Ýazzymaňlaýyňdan göni. Ýyllar geçer, eli gülli Şol adam çykmaz ýadyňdan. Men her zada garaşýaryn Goltugy daşly adamdan. Ýöne welin ulus iller Ýaşamaz ondan gorkup-da. Her näme bolsa-da, kişi, Daşy gizleme goltukda. Durdymuhammet GURBANOW. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |