22:00 Aýakly degirmen | |
AÝAKLY DEGIRMEN
Goşgular
Penjirämiň tutusyny Säher syryşym deý bir ýan. Batly-batly gadam urup, Men ümüri syryp barýan. Dagdan kem-kem eňip sähra Ýeňip barýan ümüri men. Yzda galdy dagly oba Hemem şol köne degirmen. Bir çak onuň töweregi Şagalaňly-şowhunlydy. Onuň ähli kuwwaty hem Suw aýlaýan çarhyndady. Degirmene barýan ýoda Indi haşal ot bitipdir. Goja öwrülen çagalar Oň şowhunyn äkidipdir. Indi bolsa hiç kim oňa Galdyranok gabagynam. Başga iş-derdi artypdyr Könemöwrit babamyňam. Oňa intipisem etmän Adamlar geçýär deňinden. Hemme zatdan gadyrlydy Gerek wagty şol degirmen. “Ah, adamlar, siz nämüçin Beýle biparh hem doňýürek?! Men bolsam hut siziň üçin Bolupdym ahyr janserek. Aýlanmaz diýp aýdypdyňyz Men bolmasam çarhypelek. Çarhlarym aýlanmasa-da, Aýlanyp dur harsypelek” Diýip dil açdy degirmen, Ötüp barýarkam deňinden. Indem sähra ýetip barýan, Men ümüri syryp birýan. Birdenem öňden bir ýerden Sesi eşdildi maşynyň. Arlap gelýär, gürläp gelýär, Arlaýşy deý dagly şiriň. Şol ýük maşynyň arkasy Halta-halta undan doly. Ol dumany böwsüp gelýär, Süsüp gelýär äpet dagy. Üsti undan ýükli maşyn Aýakly degirmen göýä. Oň yzyndan çagajyklar Telpeklerin zyňýar göge. Açlykda kän adamlary Alyp çykdy kyn döwürden. Maşyn ýoluň gyrasynda Unudylan şol degirmen. *** Çeşme bolup ýaşlygymyň Akan ýeri bu ýerler. Ýaz gelende gül geýiner Munda daglar, baýyrlar. Bu ýerleriň göge ýakyn, Ýyldyza baý gijesi. Tüýnükden jyklan ýyldyzyň Öýňe geler giresi... El uzatsaň, eliň ýetjek – Ýetjek ýaly Asmana. Guşlaram düşünýän ýaly Meniň şatlyk-gussama. Başym egip kän oturdym, Sazyn diňläp bulagyň. Aýagym suwa batyrdym, Posun açdym gulagyň. Guşlar baky toý tutupdyr, Arasynda gür bagyň. Bu ýer döwran süren ýeri Meniň kakam Gurbanyň. *** Ýazylmadyk zatlar hakda ýazmadym, Ýazdym bahar hakda, il-günüm hakda. Ýazan şygyrlamda meniň ýazgydym, Muňa ynanmady hötjetler hatda. Ýazan goşgulamdan sowaşamda men, Ýazylmadyk goşgym güýmedi meni. Tüýs şahyr bolmagyň höwesinde men, Ine, şu höwesim gynady meni. Iliň zergäri bar, gahrymany bar, Bar iliň daýhany, işçi, alymy... Şol iliň başyna kyn iş düşende, Şahyram alýandyr iliň aryny. Şahyr şat gününde şadydyr iliň, Kyn gününde şahyr iliň güýjüdir. Beýik şahyr beýik şasydyr iliň, Duşman üçin bir elýetmez täjidir. Şahyry kyn günleň döredýäni çyn, Meniň bolsa bar höwesim baharda. Ýazýan Ýer ýüzünde şat günler üçin, Ýazýan ýaz bolmagy üçin jahanda. | |
|
√ Derdi-halym hezretiňde, Rebbena... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Yşk goşgusy / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Eý, aşyklar, eý, aşyklar mezheb-u din yşkdyr maňa... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Ýarym degişme / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |