23:28 Wokzal | |
WOKZAL
O günleriň ýazyp bilmerin waspyn, O günler yşkyňa boldum perwana. Saňa duşanyma begenen wagtym, Düýn dälmidi şagalaňly perronda. Seniň bilen meni duşuran wokzal, Ýene senden aýyrjagyn bilmedim. Şol sadaja adyň müň kerem agzap, Çekdim ýene ýalňyzlygyň minnetin. Wokzal diýmek, perron bilen otly däl, Şol gyzyň kalbymy eýelän ýeri. O günleriň gussalary ýatda däl, Ýatda ýaşlygymyň beýewanlygy. Düşünmekden hemem düşünmezlikden Inkär etdik söýgini hem wokzaly. Seni şondan bäri tapman ýörün men, Gözlesem-de wokzaldaky şoh zaly. Seň ýaglygyň, meniň bolsa ýaşlygym Hem perronda galdy yzy köwşümiň. Indem otly bilen gidip barýaryn, Gijeki şäheriň synlap öwşünin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |