22:23 Watan gerçekleri | |
WATAN GERÇEKLERI
Ýatlamalar
Ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda akyl eleginden geçen "Ölüsini sylan baý bolar, dirisini sylan - beg", «Ölüsini sylamadyk, dirisini sylamaz», "Öli aýatdan doýmaz, diri - hezzetden" diýen gadymýetden galan sözleri merhumlary hatyralap, olary arassa kalbymyz, päk niýetlerimiz bilen ýatlamaga itergi berýär. 12-nji ýanwar güni diñe bir Watan, il-gün üçin wepat bolanlara ýörite hormat goýmaga çagyryş bolman, eýsem ol her bir ynsanda gyrgynçylyga sezewar edýän urşa garşy ýigrenç duygusyny döretmegiñ, halklaryň arasynda doganlyk-dostlugy berkitmegiñ, agzybirligi pugtalandyrmagyñ gününe hem öwrülýär. Galyberse-de, Hatyra güni hemmeleriñ öwlüýälere erkin baryp, öz kowum-garyndaşlarynyň gubruna esewan etmeklerine doly mümkinçilik berýär. Şu makalamyzda gulluk wezipesini ýerine ýetirýärkä gurban bolan gerçekleriñ üçüsi barada ýatlap geçmegi makul bildik. "Ýagsy adam ýatdan çykmaz" diýlişi ýaly, biziň gürrüñini etjek adamlarymyz halkymyzyñ ýatlamagyna mynasypdyrlar. Daşoguz welaýat Polisiya departamentiniñ jayyna giren badyňa çep tarapynda mermere ýazylan atlara gözüñ düşýär. Gulluk borjuny kasama wepaly ýerine ýetirip yören mahallary gahrymanlarça wepat bolan polisiýa işgärleriniň arasynda Şamsuddin Madaminow, Döwlet Annaýew, Garabaý Kömekow dagy hem bar. Bu atlaryň her biriniň aňyrsynda özboluşly ykbal ýatyr. Ynsan ykbaly! Olaryň yzynda galan maşgalasy - aýaly, gözmonjugy ýaly çagalary, hossarlary bar. Wepat bolanlaryň hatyrasy bar. Hawa, hatyrasy... Welaýat Polisiýa departamentiniň ýolbaşçylaryndan başlap, ähli işgärleri üçin gulluk borjuny ýerine ýetirip ýörkä wepat bolanlaryň ýagty ýadygärligine hormat goýmak parz işe öwrüldi. Jaýyň ikinji gatynda wepat bolanlaryň suratlary we olaryň terjimehallaryna degişli maglumatlar halylardyr owadan güller bilen bezelen, baky ot ýanyp duran ýörite otagda goýlupdyr. Iñ esasy, iñ ygtybarly Hatyra wepat bolanlary ýagşylykda ýatlamakdyr. 1980-nji ýylyň 2-nji maý güni gije sagat 11-den 15 minut geçende Daşoguz şäheriniň Kamiljan Atanyýazow köçesiniň 82-nji jaýynyň 54-nji kwartirasynda jaň geldi. Ol adamsynyň içgili ýagdaýda gelip, özüne azar berýändigini, goh-galmagal edýändigini habar berip, özüne kömek berilmegini soraýar. Nobatçynyň kömekçisi, milisiýanyň seržanty R.Ahmedow rasiýa boýunça bu ýagdaýy şäher içeri işler bölüminiň nobatçysy, uly leýtenant Şamsuddin Madaminowa habar berýär. Şondan soñ Şamsuddin sürüji-milisioner, milisiýanyň seržanty G.Akjabaýewdir sanawtogaraždan jemgyýetçilik tertibini meýletin goraýjy Saparbaý Saburow bilen Anna Saparbaýewe kömek etmäge gidýär. Kömege gelenleri A.Saparbaýewa jaýyň öňünde garşylaýar. Ol aglap-eñräp 4-nji gata çykyp, kwartirasyna girýär. Onuň yzy bilen Şamsuddin içerik girende onuň äri Emin Saparbaýew eline pyçak alyp, aýalyna topulýar. Şamsuddin çaltlyk bilen hereket edip, göz-açyp ýumasy pursatda Anna Saparbaýewany dogry gelen ajaldan sag-aman alyp çykýar. Emma onuň özi pyçaklanýar. Ol agyr ýagdaýda keselhana getirilýär, şol ýerde hem jan berýär. Heniz 30 ýaşyny doldurmadyk gül ýaly ýigit Şamsuddin Madaminow bir arakhor näkesiñ pidasy bolýar. Döwlet Annaýew bir jenaýatkäriň günäsi bilen 33 ýaşynda wepat boldy. Ol 1974-nji ýyldan başlap, tä ömrüniň ahyryna çenli, welaýat içeri işler uprawleniýesinde dürli wezipelerde işledi. 1978-nji ýylda Daşkentdäki ýokary milisiýa mekdebini üstünlikli tamamlady. Döwlet neresse ömrüniň ahyrky güni "GAZ-24" awtomasynyny alyp gaçanyň yzyndan kowup barýarka, şol gaçgagyň pidasy boldy. Garabaý Kömekow hem bary-ýogy 34 ýaşynda jenaýatkärleriň zalymlygy netijesinde ýagty jahan bilen hoşlaşyp, bakyýete gitdi. 1994-nji ýylyň 30-njy sentyabr güni sagat 11-den geçiberende welaýat içeri işler uprawleniýesiniň nobatçylyk bölümine ajy habar gelip gowuşdy. Öýünden takmynan 300 metr çemesi aralykda milisiýanyň uçastok inspektory Garabaý Kömekowyň jesediniň we ondan 30 metr çemesi daşlykda onuň gulluk motosikliniň tapylandygy barada Köneürgençden habar berdiler. Garabaýyň ölümi bilen baglanyşykly barlag geçirilende hemme zat aýan boldy. Ol Köneürgenç etrap içeri işler bölüminiň naçalniginiň 17-nji sentyabryndaky 35-nji buýrugy bílen pagta ýygymy döwründe jemgyýetçilik tertibini goramak üçin etrabyň «Maslahat» dayhan birleşigine iberilipdir. 29- njy sentyabr güni gije sagat 10-lar töwereginde bu birleşigiñ merkezindäki tikinçilik sehiniň golaýynda Garabaý neresse jemgyýetçilik tertibini gödek bozýanlary görüpdir. Ol Ata Agabaýew, Durdybaý Guljanow, Owezgeldi Orazow dagy bilen gepleşip, olaryň ýaramaz hereketleriniň öňüni almaga synanyşýar. Şonda A.Agabaýew aýratyn zalymlyk bilen Garabaýyň sekiz ýerinden pyçaklaýar. Netijede G.Kömekow şol yerde wepat bolýar. Soñra A.Agabaýew özüniň jenaýatyny gizlemek maksady bilen, üç bolup jesedi ýaba taşlaýar. Ine, Watan üçin wepat bolan bu üç gerçegiň pajygaly ölümi bu günki gün biziň hemmämizi oýlandyrmalydyr. Bary-ýogy 30-34 ýaş aralygynda gulluk wezipesini ýerine ýetirip ýörkä, eziz janyndan jyda düşen Şamsuddin, Döwlet, Garabaý üçüsini hem Hatyra gününde biz ýagşylykda ýatlarys. Adamdan köp zat galanok. Diňe zürýat nesil, at-abraý, ýagşy ýatlamalar galýar. Gürrüňini edýän üç gerçegimizem özleri hakynda ýagşy ýatlamalar galdyryp gidenler. Hawa, il üçin, şirin janyndan geçen mert gerçekler il-günüň aňynda hemişe yaşarlar. Allaberdi MOLLAÝEW, žurnalist. "Adalat" gazeti, 21.01.2000 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |