01:28 Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa | |
DÜNÝÄDE MÜŇ TANAP BAGLARYŇ BOLSA
Magtymgulyny öwreniş
Baglar - biziň dem alýan arassa howamyzyň, durmuş mirasymyzyň, suw ýaly bereket çeşmämiziň, hasyl eçilýän topragymyzyň, saglygymyzyň we maddy üpjünçiligimiziň gözbaşy, gözellige synçylyk ukybymyzyň näzik, nepis, ter, aklyk başlangyjynyň seresi hökmünde ykrar edilýär. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana döredijiliginde ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi üçin jemi birligi, bitewiligi aňladýan, ýer, toprak, ýerasty baýlyklar, suwlar, tokaýlar, ösümlik we haýwanat dünýäsi, olaryň populýasiýalary, ýaýraýşy, amatly, arassa daşky gurşawyň fiziki, himiki, botaniki düzümleri, jemgyýetiň abadançylygy bilen bagly umumyhalk dürdänelerine, durmuşyň maddy, medeni, hojalyk, önümçilik işlerini we gözellik zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin peýdalanylýan tebigatyň jadyly dünýälerini öwrenmäge, sagdyn ekologiýa medeniýetini dabaralandyrmaga, kemala getirmäge we biologik dürlüligi gorap saklamaga gönükdirilen milli, sebit hem-de halkara ähmiýetli gymmatlyklara baý bolan taryhy, edebi we ýaşaýyş mukaddeslikleri köp duş gelýär. Akyldaryň lirikasynda tebygy serişdeleriň ekologik deňagramlylygyny, baýlygyny we köpdürlüligini hem-de daşky tebigy gurşawyň gözellilerini, umumylyklaryny aýap saklamak, dikeltmek, olaryň ykdysady, ylmy, medeni, dynç alyş, sagaldyş, estetiki gymmaty bolan toplumlarynyň düzümleri, derejeleri we ugurlary bilen bagly täze, düýpli, özüneçekiji çeperçilik çözgütleri hem-de şahyrana ýazgylary 12 görnüşde -baglar, ýakymly ysly, owadan, müşk ýaly ýalkawly güller, sowsan (ähli gülleriň ugurlary), reýhan (bahar paslynyň gülleri), bostan (gür bagy-bakjaly), gülzar (gülleriň köpgörnüşli nusgalarynyň biten ýaýlasy), Erem bagy (taryhda adamzat tataryndan döredilen ilkinji we şöhratly bagyň nusgasy) , şejerler (ähli agaçlaryň uruglary), anbar (bilbiliň yşkyny ýesir edýän gülleriň zülpleri), tokaý, hasyl berýän we saýa salýan, senagat, oba hojalyk maksatly däneli ekinler ýaly ösümlikleriň toparlary arkaly tapawutlandyrylýan nusgalarda wasp edilýar. Üç ýüz ýaşy arkaa atyp barýan şahyryň döredijiligine 40-a golaý ösümlikleriň, bagçylyk ekinleriň atlary çeper meňzetmelerde, dürli stilistik öwüşginlerde, jübütlikklerde işjeň gatnaşýar. Uzak döwürleriň medeni rowaçlyklarynyň sakasy bolup gelýän, durnukly ösüşiň we durmuş abadançylygynyň naýbaşy sütüni hasap edilýän, adamlaryň ömür dowamlylygyny ýokarlandyrýan we nesilleriň ählumumy zähmet galkynyşlarynyň üstünliklere beslenmegine, ylmy başarnyklarynyň, tejribeleriniň taplanmagyna uly badalga berýän, romantiki häsiýetden janly peýzaž dünýäsini, gujurly simwoliki syrdaşlygy açýan beýik söz zergäriniň edebi mirasynda orun alan eserlerde bagçylyk sungaty sahawatyň, saglygyň, ýylylygyň, ýagtylygyň, tygşytlylygyň, rejeli işleriň, arassaçylygyň başlangyjy, deňagramly önümçilik berekediň, ösüşleriň çeşmesi, gorly tebygatyň gudraty, maşgala abadançylygynyň gözbaşy ýaly edebi meňzetmeler, deňeşdirmeler, obrazly aňlatmalar, çeper pikirlenmeler, mistiki poeziýanyň setirleri bilen suratlandyrylýan görnüşlerde arşa galýar. Dünýä edebiýatynda söz sungatynyň parlak we ebedi ýyldyzy hasap edeilýän, ýaşy üç asyry arka atyp barýan Magtymguly Pyragynyň gazallarynda filosofiki garaýyşlar, durmuşa teşne bolan owadanlyklar, azatlygyň, düýgurlygyň, paýhaslylygyň, erkinligiň alamatlary we wagt menzilleri baglara mahsus bolan durmuş gymmatlyklary arkaly çeper aňladylýar. Şahyryň şygyrlarynda ösümlikler dünýäsiniň jadyly, syrly, ajaýyp, giň ýaýran gözelliklerini aňladýan bag sözüniň leksik manysynyň örüsi köňül köşgi, didar, dilber, hakykat bazarynyň depderi, yşk odunyň alawy, iki jahanyň humary, nepes edilen jöwher imanyň eseri, ýedi yklymyň lukmasy, sekiz jennetiň bulagy, maşgalabaşy, hojalygyň mähriban wekili ýaly görnüşlerde, şekillerde köptaraply çeper dabaralandyrylýar. Söz mülküniň bilbili, ussatlaryň halypasy Magtymguly Pyragynyň liriki goşgularynda ösümlikleriň medeni we ýabany görnüşlerde ösýän, gadymy suwarymly ekerançylyk medeniýetiniň ilkinji gözbaşlary hasap edilýän hoz, bugdaý, injir, künji, söwüt, hurma, gamyş, ýowşan, serçemen, alma, nar, zagpyran, badam, galampur (gyzyl burç), jöw (arpa), kişde (hasyly guradylýan miweler), narynç (apelsin) ýaly nusgalarynyň atlary, olaryň ýaşaýşy, ösüşi, hasyla duruşy, gözelligi we ýakymly yslary bilen bagly sünbül, sürme, nerkes, läle, şemşat, nahal, agaç, gök otlar, nebat (ähli ekinleriň görnüşleri), azergun ( doýgun gyrmyzy reňkli gül), bişe (tokaý agaçlary), ala dal ( syrdamly, sagdyn, uzak ýaşaýan agaçlar), semer (ýylyň dowamynda gök öwüsip möwsümleýin gunçalaýan ösümlikler), rebi (ýaz paslynyň keşbini bezeýän ösümlikler), zakgun (ajy ösümlikler), şejerler (ekinleriň pasyllaýyn toparlary), burundyk baglar (ýaşy boýunça garry baglar), ebr (ýaz ýagyşlary) ýaly söz düzümleri, 100-e golaý bagçylyk leksiomalary, ýerleriň gurplulyk, mukdar, hil görkezijilerine, botanika ylmyna degişli terminleriň arap-pars-türki-oguz dillerinde aňladylyşynyň ulgamlaýyn serişdelerine mahsus bolan leksik aňlatmalar, milli daýhançylyk däpleri, ekinleriň hasyllygyny aňladýan oba hojalyk adalgalara baýlygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Sözleri baharyň saba, sergin ýelleri, dogup gelýän Güneşiň nurlary ýaly ylhamly hyjuwlary, setirleri ösümlikleriň köpdürliligi, gözelligi, ynsan bagryna badaşan, gadymylygy, gymmatlygy boýunça gülap bulagy ýaly hoşnutlygy paýlaýan dananyň eserlerinde ekinleriň keşbi we ähmiýeti çeper pikirlenmeler arkaly giň gözýetimleri, durmuş hakykatlarynyň sazlaşygyny, täsin metaforalaryň utgaşyklygyny we allegiriki simwollaryny açýar. Muňa mysal hökmünde şahyryň ösümlikler düýäsiniň jadyly syrlaryny öz içine alýan “Läle getirmiş’’, “Näbilsin’’, “Ýeldim tut’’, “Üssesi bolmaz’’, “Utup durupdyr’’, “Ne peýda’’, “Hatyn näbilsin’’, “Şaýlamaýynmy?’’, “Gara reň bolar’’, “Haýramdadyr-haýramda’’, “Gurulmasdan burun’’, “Ynsan ýaratdy’’, “Azadym kany’’, “Bagtym garadyr’’, “Göze myhmandyr’’, “Bu dünýä’’, “Sil galmaz’’, “Paş bolmar sen’’, “Baka-baka gider sen’’, “Aýyň ýagşysyn’, “Arşy aglaýa’’, “Duman peýda’’, “Ne peýda’’, “Anda bar’’, “Çakyr kelle’’, “Dostlarym’’, “Gürgeniň’’, “Depe nedir, düz nedir’’, “Çatyp bolmaýyr’’, “Bilmezmiň’’, “Göze myhmandyr’’, “Jan içinde’’, “Aşyk bolmuşam’’, “Ýeldim tut’’, “Daşlar bile’’, “Näler görüner’’ “Öňi-ardy bilinmez’’, “Çowdur han’’ , “Döwletalynyň’’ atly şygyrlaryny agzamak bolar. Söz senedi we edebi diliň dürleri arkaly durmuşa synçylygyň, zehiniň we döredijiliň gadyrly, ezizlenýän we hümmeti ýörelgeleriniň täze milli mekdebini esaslandyran Magtymguly Pyragynyň “Ýeter sen’’, “Delalat ýagşy’’, “Betnam ulur’’, “Gulagyn tutmaz’’ , “Duman peýda’’, “Ötüp baradyr’’, “Tumar gördüm’’, “Jan içinde’’, “Kulahly geldi’’, “Ýaýlahlary bar’’, “Bu gün’’, “Aýryldym’’, “Atça bolmaz’’, “Terk eýleme bu mekany’’, “Kaýda sen’’, “Bar meniň’’, "Nowruzdan seni’’, “Näler görüner’’, “Bilmezmiň’’, “Ýar ýüzüňden", “Ýetişmez hijran’’, “Daşlar bile’’, “Duman görüner’’, “Pisat dünýädir’’, “Zemine batar’’, “Pelegiň’’, “Haýrandadyr-haýranda’’, “Il bolmaz’’, “Gülgüzar oýnaşar’’, “Bili bolmasa’’, “Bu dahana’’, “Habar ber-şeýledir’’, “Ne peýda’’, “Hatyn näbilsin’’, “Näme sen’’, “Gider sen’’ we “Ýeli Gürgeniň’’ atly eserlerinde “Diýiň salam Magtymgulydan, bagy bolan beglere’’, “Şejerler gögerip semer gül berdi’’, “Gelen geçse, eken biçse hasylyn’’, “Gül baldagy bolsa her bir agajyň’’, “Zemin hyzyrpuş olup, gül bitirmiş reňbe-reň’’, “Ýaz ötinçä ýer-u gök gün-günden zyýada’’, “Kimleriň bagynda bitmiş enary’’, “Şejerler bitmiş bagynda’’, “Ýerden çykan nebatlar, Gyzyl güller, gök otlar’’, “Bagda biten alma bilen narynda’’, “Seýran etsek gunçasyna, gülüne’’, “Goç ýigitler bagban bu gün’’, “Menzilgähi bag-u bossan’’, “Dürli miwe beren baglar’’, “Bihasap miweli baglar’’, “Bag içre ýesir bolmuş, bilbil bakyň, sünbül bilen’’, ,,Bag içre bolsam hasyl, alnymdan reýhan çykar’’, “Bagyňa girsem säher, bilbil bolup salsam oýun’’, "Toty, bilbil mesgen tutan, Howaly baglar görüner’’, “Girsem baryp söwer dostuň bagyna’’, "Bilbilige intizardyr bag içinde güllerim’’, “Andalyp sen bag içinde’’, “Gülşenli serçemen diýip aglar men’’, “Otursam agaçlar bile’’, “Bilbiller saýraýan howaly baglar’’, “Bahar pasly çykan nebat dünýädir’’, “Bilbil mesgen tutan baglar’’, “Agaç uzyn bolsa kölgesi düşer’’, “Ýerden çykan agaçlar’’, “Bostan seýri her bir adama höwesdir’’, "Girdim baga bütin dünýä harç edip’’, “Bag içre saýraşan şeýda bilbiller’’, “Her bagyň bir bagbany bar’’, “Ol ekindir ýaşyl-gyzyl öwüsýän’’, “Bir ýaprak çykarmy guran söwüde’’, “Bag içinde gül-gülmi sen, näme sen?!’’, “Ekseň bar getirmez ol gury söwüt’’, “Dünýäde müň tanap baglaryň bolsa’’, “Tokaýlary bardyr gargy-gamyşly’’diýen jünbüş keşpli, parasatly, jümjüme setirleri bagçylyk, ekerançylyk medeniýeti, ösümlikler dünýäsi hem-de tebygata, watana bolan egsilmejek söýginiň çeper beýany bolup ýaňlanýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy baglaryň tebygat bilen ynsan zähmetiniň gujurly, berdaşly we jebis sazlaşygynda, umumylygynda kerem, mukaddeslik, keramat, jomartlyk , lezzet, sahylyk, hoştaplyk, düşbülik, hümmetlik, hikmetlik, kelamly wepalylyk, ösüş, uzak ýaşamagy, agzybirligi, rowaçlyk, Gögüň güýjüni, behiştiň hazynalaryny, kalp tämizligini, sahypzaman döwranyň şemi-çyragyny, ömrüň hasylly pursatlaryny we sapaly eşreti görüpdir. Baglara mähir küýsegi, durmuş ylhamy we döredijilik yhlasy siňen danyşmendiň lirikasynda tenakär, şypaly bagçylyk medeniýetiniň gymmatlyklarynyň we gözellik jemalynyň wasp edilişiniň sanawynda çemenli düzler, Erem bagy, böleň (dag etegindäki ösümlikler), bilbil, öleňli (çaýlaryň, çeşmeleriň etegindäki ösümlikler), jigerbent, badam, serwi, dagdan, hoz, hurma, injir, ýowşan ýaly sözler hem-de tebygatyň biologik şalygynda uly orny eýeleýän dag, boýag, iýmit, bezeg, saýa berýän, dermanlyk häsiýetli, birýyllyk, köpýyllyk ösümlikleriniň atlary (jemi akyldaryň döredijiliginde 40-a golaý ösümlikleriň atlary duş gelýär) birinji basgançagy eýeleýär. Dädebaý PÄLWANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |