15:55 "Magtymguly, bäş gün sag bolsun janyň" | |
"MAGTYMGULY, BÄŞ GÜN SAG BOLSUN JANYŇ"
Magtymgulyny öwreniş
Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny köptaraply öwrenmekde, onuň türkmen jemgyýetiniň synmaz sütünlerine öwrülen döredijiliginiň syýasy-filosofik, jemgyýetçilik, adalatlylyk, parahatçylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik we ruhy-ahlak garaýyşlaryny yzgiderli wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda, aýawly saklamakda we geljekki nesillere ýetirmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Akyldaryň dürli ýyllarda neşir edilen eserler ýygyndylarynda matematika ylmyna degişli bolan sanlar dünýäsiniň togsan iki görnüşi duş gelýär. Şahyryň döredijiligine duş gelýän sanlar edebi dildäki, jemgyýetdäki we ylmy ýazuw sungatyndaky taryhy rowaçlyklary, kyssalary hem-de gadymy medeniýetlerde orun alan, ady rowaýata öwrülen durmuş hakykatlaryny kämil öwrenmäge uly badalga berýär. Ýaşy üç asyry asyry arka atyp barýan şahyryň lirikasynda bäşlik san ulanylyşy boýunça sanalaryň umumy hatarynda dördünji basgançagy eýeleýär. Gündogar edebiýatynyň halk döredijilik eserlerinde, epiki we şahyrana gazallarynda, yrymlarda, ynançlarda, milli däp-dessurlarda bäşlik san bilen baglanyşykly durmuş, ylmy, edebi gymmatlyklaryň, taryhy düşünjeleriň baý gatlagy köp duş gelýär. Liriki gahrymanyň hyjuwlanma duýgularyny, gözellik häsiýetlerini we ylhamly dünýälerini çeper suratlandyranda hem-de döwürleriň hereket örüsini, gözýetim derejelerini, hakykat ölçeglerini we ählumumy mukaddesliklerini, baýlyklaryny beýan edende dünýä poeziýanyň pälwany Magtymguly Pyragy bäşlik sana köp we dowamly salgylanýar. Setirleri durmuş akabasyna haýyr, rahatlyk, rowaçlyk, şowlulyk, gözellik tohumlaryny sepýän ussadyň edebi mirasynda bäş bentli şygyrlar köplügi boýunça ilkinjileriň hatarynda durýar. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde orun alan 58 sany eserlerinde bäşlik sanlara dowamly ýüzlenýängini görmek bolýar. Aryfyň “Läşden aýrylsa’’, “Kylgyl namazy’’, “Jela eýledi’’, “Ynsan ýaratdy’’, “Tumar gördüm’’, “Geçer, ýaranlar’’, “Gymmat ýagşydyr’’, “Myhmanydyr’’ atly eserlerinde “Magtymguly, bäş gün mestan gezewer’’, “Okagyn namazy, bäş wagtdan geçme’’, “Magtymguly, bäş gün sag bolsun janyň’’, “Jany goýdy tende bäş gün amanat’’, “Bäş alma bar pudagynda’’, “Ömür gelip geçer, bäş gün döwrandyr, jan guşy bu tende bäş gün myhmandyr’’, “Bäş wagty bilmegen bihabar baýdan’’, “Bäş gün bu pany dünýäde bir aşygyň döwranydyr’’ diýen hikmetli setirlerinde başlik san bilen bagly ajaýyp pikirleriň çeper nusgalary beýan edilýär. Milli ruhyň wyždany, halky zehiniň kerwenbaşysy hasap edilýän Magtymgulynyň “Gitmezmiş’’ atly ýedi bentli şygrynyň bäşinji bendinde: Ýer bilen Gökden kuwwatly, Şol Ezraýyldan haýbatly, Bäş kişiniň haryş atly, Öňünden ýylan gitmezmiş - - diýen setirleri okamak bolýar. Edebi we ebedi paýhas bossanlygynyň bilbili, tämiz pikir tokaýlygynyň arslany bolan Magtymgulynyň dana setirlerinde orun alan "Bäş kişi’’ diýen mistiki, jadyly, hümmetli, syrly söz düzümi - Muhammet pygamberiň, Patmanyň, Hezreti Alynyň, Hasan bilen Hüseýiniň şöhratly ykbalyny we meşhur ömür dowamatyny aňladyp gelýär. Her setiri küýsegli dürlere, sözleri akyl daragtynyň şirin miwelerine meňzedilýän dananyň “Dini biläni’’ atly bäş bentli goşgusynyň ilkinji setiri: Bäş işi berjaý kyl, musulman bolsaň - atly çuňňur filosofik pikirler bilen başlanýar. Magtymgulynyň zehin gazanynda gaýnan şabaz, serbaz, zerbaz setirlerdäki “Bäş iş’’ düşünjesi taryhy edebiýatlara salgylansak iman, namaz, roza, zekat,haj mukaddesliklerini gysga setirlerde beýan edip görkezýär. Irki orta asyr edebi çeşmelerde “Bäş iş’’ aňlatmasy hünär zähmedini, söýgini, dostlugy, adalaty we halallygy hem aňladypdyr. Beýik we mertebesi belent şahyryň "Pygan eglenmez’’ atly ýedi bentli gazalynyň bäşinji bendinde “Bäş günden ýokary myhman eglenmez’’ we “Bola-bola gider sen’’ atly gazalynyň dördünji bendinde "Bäş wagt ýada sala-sala gider sen’’ diýen edep laglarynyň, durmuş medeniýetiniň, ahlak kämilliginiň hyrydarly, zerewşan setirleri orun alypdyr. Bu ýerde “Bäş gün’’ we “Bäş wagt’’ söz düzümi ynsan ömrüniň bäş tapgyry 100 ýaşa deňelmek bilen, onuň her 20 ýyllyk pursatlarynyň (birinji etaby 1-20 ýaş, ikinji etaby 20-40 ýaş, üçünji etaby 40-60 ýaş, dördünji etaby 60-80 ýaş, bäşinji etaby 80-100 ýaş) biologiki ýaşaýşynyň, ösüşiniň fiziki aýratynlyklaryna mahsus bolan häsiýetler bäş ugra bölünilip görkezilýän düşünjäni bildirip gelýär. Döredijilik gujury we edebi sapaklarynyň ussatlygy köplere halypalyk edýän, köňüller köşgüniň soltany Magtymgulynyň döredijiliginde duş gelýän “Bäş-hawwasy-hamsa kat’’ atly setirlerinde “hawwasy’’ sözi - “ýokary derejede saýlantgylara syrdaşlar’’, “hamsa’’ sözi - “bäş sany eserler’’, “kat’’ sözi - “ýaradanyň öňünde, biribaryň alnynda iň ynamdarlar’’ diýmekligi aňladyp, bu ugurda ilkinji bolup Gündogar edebiýatynda bäş poemany bir diwan edip döretmegiň milli mekdepleriň esaslandyrylmagyna uly goşant goşan söz sungatynyň azylzadalary Nyzamynyň, Nowaýynyň, Hafyzyň, Jamynyň we Sagdynyň ussatlyk mertebesi, ylmy hatyrasy, döredijilik şöhraty gysga şahyrana setirde çeper sarpalanyp görkezilýär. Dädebaý PÄLWANOW. Suratda: Magtymguly Pyragynyñ Türkiýäniñ paýtagty Ankaradaky heýkeli | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |