23:14 Zähmetde taplanan gahryman: Hüdük Myradow | |
ZÄHMETDE TAPLANAN GAHRYMAN
Taryhy şahslar
Ýurdumyzda halallykdan döwlet, zähmetden rysgal, ykbalyndan bereket tapan ynsan mertebesini, sarpasyny belentde tutup, mukaddes hatyrasyny we şöhratly ömrüni dabaralandyrmak, halypa-şägirtlik medeniýetini ösdürmek asylly milli däpleriň biri hökmünde yzygiderli, dowamly ösdürilýär. Merdana halkymyzyň bagtly geljegi we watanymyzyň röwşen ösüşleri ugrunda yhlasly we göreldeli, tutanýerli we janaýamazlykly zähmet çeken raýatlaryň, sahawatly, jomart, sahy türkmen topragyndan ekinleriň bereketli hasylyny kemala getiren, getirýän edermen babadaýhanlarymyzyň, güneşli ülkämiziň halk hojalygynyň kuwwatlanylmagyna uly goşant goşan işewür, döredijilikli we işeňňir hünär ussatlarynyň köptaraply zähmetine üstünliklerine mynasyp baha berilýär. Gijesini gündiz edip zähmet çeken watandaşlarymyzyň nusgalyk söweş hem-de durmuş ýollaryny nesiller hiç haçan unutmaz. Beýik taryhymyzdan we baý medeniýetimizden gözbaş alyp gaýdaýan ýaşulularymyzyň göreldesi nesiller üçin ebedi ýörelgedir. Merdana watandaşlarymyzyň gahrymançylykly we gaýduwsyz durmuş ýollary nesiller üçin Watana, halka, tutuş adamzada ak ýürekden gulluk etmegiň, wepalylygyň nusgalyk mekdebidir. Halkyň ykbaly, milletiň mertebesi üçin ömürleri durmuş mekdebiniň gönezligine öwrülen merana gerçekleri hatyralamak, olary hakydalarda janlandyrmak däbi halkymyzyň müňlerçe ýyllara uzaýan ruhy-medeni gymmatlyklarynyň, taryhy edebiniň hem-de milli ahlagynyň aýrylmaz bölegi, täze ýeňişlere ruhlandyryjy jemgyýetçilik binýadynyň sakasy we tahyň janly kitabynyň jadyly sahypalary hasap edilýär. Watana we halka hyzmat etmegiň nusgalyk ýörelgelerini görkezen, goja taryha atlary altyn harplar bilen ýazylan durmuş gahrymanlarynyň nusgalyk ykbalyna nesiller hemişe baş egip söýgi bilen hatyralaýarlar we bu däbi üstünlikli dowam etýärler. Geçen ýüzýyllykda köptaraply, joşgunly, gujurly, hyjuwly, şöhratly durmuş mekdebi bilen tapawutlanan zähmet pälwanlarynyň, uruş gahrymanlarynyň hatarynda jemgyýetçilik durmuşynyň görnükli we gaýduwsyz esgeri hökmünde tanalýan wekilleriniň biri hem Hüdük Myradowdyr. Nesilleriň we ýyllaryň arabaglanyşygynda arzyly ykbaly we mertebeli ömür menzilleri jemgyýetçilik rowaçlygynyň arzyly, tylla monjuklarynyň halkalary ýaly bolup hyzmat edip gelýän Hüdük (Hudaýnazar) Myradow 1921-nji ýylda Görogly etrabynyň Aýlakýap obasynda daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1939-njy ýylda şol obadaky 7-nji synpyny tamamlap daýhan birleşigiň traktorlary abatlaýan ussahanasynda hasapçy bolup zähmet ýoluna başlaýar. Adamzat taryhyna iň pajygaly döwür hökmünde giren 1941-1945-nji ýyllaryň jebir-jepaly synaglary, görlüp-eşidilmedik betbagtçylyklary, ýüreklere agyr ýitgileri, öçmejek ýaralary salan ýalynly ýyllaryň hasratlary Hüdük Myradowyň ýetginjeklik, ýaşlyk ykbalyna hem tagma basylyp ýazyldy. Ol adamzadyň durmuşyna we ösüşine öwezini dolup bolmajak ýitgiler getiren, halklaryň taryhynyň umumy sahypalarynda köpsanly weýrançylyklara getiren faşizmiň gyrgynçylykly, gowgaly, rehimsiz, zulum-sütemli syýasatynyň garşysyna göreşmek üçin 1941-nji ýylda öz arzasy boýunça harby goşunyň hataryna ilkinjileriň hatarynda kabul edilip Beýik Watançylyk Urşuna gatnaşýar. Uruş ýyllarynyň agyr külpetlerini, gazaply synaglaryny, ýowuz kynçylyklaryny gerdeninde çekip Merkezi Aziýa harby okrugynyň düzüminde döredilen 61-nji, 99-njy, 96-njy, 81-nji, general Ýakup Kulyýewiň ýolbaşçylygyndaky 97-nji, 98-nji Türkmen atly diwiziýasynyň hatarynda söweş meýdanlarynda Penza, Tula, Saransk, Tambow, Woronež, Kursk, Brýansk, Tolýýatti, Kaluga, Ýaroslawl, Rýazan, Twer, Pskow, Smolensk, Gomel, Stalingrad (Wolgagrad) ýaly şäherleri faşizmden azat etmäge yzgiderli gatnaşýar. Mergenlikde laçyn göreçli, yz tapmakda merdana börä meňzedilen esger özüniň Aýlakýapdan başlanan şöweş ýolyny we umumy taryhyň şöratly, arzyly, millionlarça ynsanlaryň ömri, edermenligi we watansöýüjiligi bilen gazanylan, parahatçylygy we hoşniýetliligi, dostlugy hem-de raýdaşlygy dabaralandyrýan mukaddes Ýeňiş gününi-göwünlerde çäksiz buýsanç duýgularyny döreden şanly senäniň tolgundyryjy baýramçylyk pursatlaryny Altlandsbergde (Berliniň gündogar etraby) we Elba derýasynyň demirgazyk kenarlarynyň eteginde garşylaýar. Beýik Watançylyk Urşy ýyllarynda azatlygyň, erkinligiň, asudalygyň hatyrasyna söweş meýdanlarynda, front we tyl hereketlerinde zähmetsöýerligiň, watançylygyň, edermenligiň, batyrlygyň hem-de halkyň ykbalyny janyndan ileri tutan, mähriban topragyny, eziz halkyny janaýamazlykly goramakda mertligiň, ýanbermez gahrymançylygyň, taplanan wepaly dostlugyň, ýoldaşlygyň we belent adamkärçiligiň deňsiz-taýsyz nusgalaryny görkezendigi üçin Hüdük Myradow "Watançylyk urşy’’, "Gyzyl ýyldyz’’ "Edermenligi üçin’’, "Söweşjeň hyzmatlary üçin’’, "Berlini azat edenligi üçin’’, "1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykanlygy üçin’’ ýaly döwlet sylaglary-tapawutlandyryjy ýokary derejeli döwletiň orden medallary bilen sylaglanýar. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde zähmet we söweşjeň gahrymançylygy boýunça iň köp möçberde döwlet sylaglaryna mynasyp bolan üç raýatyň biri hasap edilýän, jemgyýetçilik durmuşynyň meşhur gahrymanyna öwrülen Hüdük aga 1946-njy ýylda dogduk mekanyna uruşdan sag-aman dolanyp gelenden soňra 1951-nji ýyl tamamlanýança daýhan birleşikde agronom-oba hojalygynda ýer işleri bilen meşgullanýan hünärmen, entomolog-ýüpek gurçyklaryny idediji hünärmen wezipelerinde göreldeli zähmet çekýär. Özüni il içinde mylaýym, talapkär, pespäl ynsan, gollary şowlulyga, ädimleri abadançylyga, sözleri dertleri egisýän melheme ýaran bolan daýhan, ykdysadyýetiň esasy pudagy bolan senagatyň çig mal öndürilmegine gönükdirilen düzümlerini ösdürmäge, oba hojalyk ykdysadyýetinde tygşytly, düşewintli, bäsleşikli we sarp edijilere arzan bolan önümçilik ösüşlerine uly goşant goşan agrosenagat ulgamynyň täzelikçisi, öňdebaryjy we tejribeli inženeri hökmünde tanadan Hüdük aga 1952-nji ýyldan 1960-njy ýyla çenli aralykda daýhan birleşigiň başlygynyň orunbasary wezipesinde işleýär. Bu daýhan birleşigi 17 kilometr etrap merkeziden gündogarda, welaýat merkezinden 37 kilometr günortada, häzirki wagtda hereket edýän welaýatyň uly suwaryş toplumlaryň biri bolan "Türkmenderýasuwhojalyk’’ önümçilik dolanyşygynyň demirgazygynda ýerleşýär. Geografik taýdan bu daýhan birleşigiň merkezi Buzgömen obasy Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň gadam basan, okan ylham alan, "akyl käsesini dolduran’’ Hywanyň Şirgazy han medresesinden 35 kilometre golaý daşlykda ýerleşýär. Beýik Ýüpek ýolunyň dowamly we esasy kerwen menzilleriniň ugrunda ýerleşýän merkezleriň Şamahygala-Wasabat-Diýarbekir-Şähribossan-Köneürgenç-Wasabat-Diregli-Yzmykşir-Aksaraýdiň-Bedirkent-Polosoltan-Ysmamytata-Hywa ýaly hatarynyň tylla halkasynda Buzgömen duralgasy, kerwensaraý düşelgeleri geçmişde giňligi, amatlylygy, medeni we ylmy gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam beren we halkara ähmiýetli gadymy ýaýlalaryň, argyşlaryň, täjirleriň köp düşlän esasy nokatlarynyň biri hökmünde has-da tapawutlanypdyr. Bu obanyň şöhratly waspy, Hywa-Uzboý medeniýetleriniň gözbaşyndaky orny, ähmiýeti dogrusynda ýerine ýetiren taryhy hyzmatlary XIX asyryň beýik şahyry Mollanepesiň eserlerinde köp duş gelmegi aýratyn buýsandyryjydyr. 1961-nji ýylda daýhan birleşigiň topar agzalarynyň umumy ýygnagynyň mejlisinde Hüdük aga daýhan birleşigiň başlygy wezipesine saýlanylýar we bu wezipede 1987-nji ýyla çenli zähmet çekýär. Taryhy we arhiw resminamalarynda geçen asyryň 40-50-nji ýyllarynyň ahyrlarynda daýhan birleşigiň suwarymly ekerançylyk maksatlary üçin peýdalanýan umumy ýer gorunyň meýdany 400 gektara golaýlamak bilen, olaryň 75%-i pagtaçylyk we gallaçylyk maksatlary, galan 25%-i dürli ekinler üçin peýdalanylandygy, şol döwürlerde "ak altynyň’’, galla ekinleriniň her gektaryndan hasyllylygyň 9%-11% aralygynda, oba hojalyk ekinleriniň beýleki görnüşleriniň her gektaryndan hasyllylygyň 8%-12%-e deň bolandygy bellenilýär. 1962-1986-njy ýyllar aralygynda Hüdük aganyň aladasy bilen daýhan birleşikde 1700 gektardan gowrak täze tarp ýerler özleşdirilip (olaryň 30% gadymy gadymy Şasenem we Was ýaýlarynda ýerleşýär) suwarymly ekerançylyk maksatly ýer gorlaryna goşuldy. Bu döwürde-1965-1985-nji ýyllar aralygynda daýhan birleşigiň gowaçanyň her gektardan alynýan hasyllylygy 55%-71%-e çenli, galla ekinleriň her gektardan alynýan hasyllylygy 45%-64%-e çenli, bakja, gök, miweli, bagçylyk ekinleriň her gektardan alynýan hasyllylygy 51%-76%-e çenli artýar, önümçilik kuwwatlylygy 10 esse kuwwatlanýar, jemgyýetçilik hojalygynyň düşewintliligi hil taýdan 15 esse ýokarlanýar, ozalky otuz ýyllyklar bilen deňeşdireniňde hojalyk 20 esse gurplanýar. Welaýatda, etrapda oba hojalyk önümçiliginde ekin dolanşygy arkaly topragyň hasyllylygyny artdyrmak, ony bejermegiň hilini kämilleşdirmek, uzak ýaýlalardaky sähralary medeniýetleşdirmek, ekinleriň ekiliş möhletlerini, olaryň ideg ediliş, suwarylyş, agrotehniki, zyýan beriji we keselleri garşysyna göreşmek usullaryny, häsiýetlerini öwrenmek, galla, süýümli, ýarmalyk, kösükli, köki miweli, ýag berýän ekinleri köpçülikleýin ösdürip ýetişdirmek, köpýyllyk öri meýdanlary döretmek, peýdalanmak bilen bagly öňdeýaryjy tejribeleri halk tarapyndan bu günki gün hem hormat bilen alkyşlanylyp ýatlanylýar. Halypanyň ýarym asyr mundan ozal ýokary hilli, dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmakda, bagana we ýüpekçilik pudagynda döwrebap önümçilikleri döretmekde, ekinleriň we topragyň hasyllylyk derejelerini hem-de tohumçylyk işlerini yzygiderli ýokarlandyrmakda, gowaçanyň, gök-bakja, irki ýazlyk, güýzlik ekinleriň, şalynyň, ýeralmanyň, miweli baglaryň, tokaý, çöl gorag ösümlikleriniň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylly, ir ýetişýän we kesellere durnukly täze görnüşlerini döretmekde, ekerançylyk meýdanlaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmakda, daýhanyň esasy daýanjy bolan oba hojalygynyň tehniki binýadyny berkitmekde, bedewleri ýetişdirmek senetçiligini ösdürmekde, mallaryň, dowarlaryň we guşlaryň baş sanyny artdyrmakda, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmagyň netijeli usullaryny kämilleşdirmekde, ekerançylyk medeniýetinde agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýokary hilli, görelde alarlyk nusgalarda geçirmekde görkezen ussatlyk, öňdebaryjylyk tejribeleri we üstünlikleri nazara alnyp Hüdük Myradowa 1965-nji ýylda Döwlet sylagy "Sosialistik Zähmetiň Gahrymany diýen belent at berilýär, 1972-nji ýylda bolsa "Zähmet Gyzyl baýdak’’ ordeni, "Türkmenistanyň ussat pagtaçysy’’ diýen hormatly ady, 1978-nji ýylda "Lenin’’ ordeni , 1964-1986-njy ýyllar aralygynda medallaryň ýedisi bilen sylaglanylýar. Halypanyň 1962-1987-nji ýyllara aralygynda türkmeniň gadymdan gelýän bagbançylyk senedini ösdürmek maksady bilen geňeşligiň Bedirkent, Aýlakýap, Altyngöl, Buzgömen, Tamdyrly, Ýediýap obalarynda 40 gektara golaý bagçylyk maksatly meýdanlary kemala getirmek, olarda ýigrimi bäş müňe golaý toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, uzak ýaşaýan, hasylly ekinleri, miweli, saýaly nahallary ösdürip ýetişdirmek, tohum alabaý itleriniň, tazylarynyň, elguşlarynyň, uzak aralyklara çapýan ýyndam türkmen atlarynyň ýüzden gowrak görnüşlerini idetmek, ösümlikleriň ýarmalyk, tokaý, çöl, sähra, derýa etek, miweli, ot-iýmlik, gülçilik, tehniki, çemenlik, gök-bakja, oazis, boýag, dermanlyk, süýüm, köpýyllyk, birýyllyk kösükli, güýzlik, giň hatarly, ýag berýän görnüşleriniň görnükli nusgalary, ekin dolanyşygy, maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, suwarymly nagym ulgamlarynyň gurluşyklary, hojalygy girdejili pudaklaryň birine öwürmek üçin önümçilik-tejribe meýdançalaryny, kömekçi hojalyk nahalhanalaryny döretmek, şertnamalaýn borçnamalary ýerine ýetirmek bilen bagly halk bähbitli işlerde tapawutlanan zähmeti üstünlikleri, önüm öndürijileriň ýitgilerini azaltmak baradaky ilhalar çözgütli tejribeleri, köptaraply döredijilikli çemeleşmeleri alyslarda hem sarpalandy. Uzynlygy 180 kilometre, suw geçirijilik ukyby sekuntda 250 kub metre barabar bolan, welaýatyň çägindäki iri suw akabasy hasap edilýän, 414 kilometrden gowrak akabalary, suw geçiriji hem suw alyjy desgalary, şahsy hojalyklaryň mellek ýerleri bilen bir hatarda, dört ýüz müň gektara golaý ekin meýdanlaryny suwlandyrýan, diriligi ebedi çeşmesi bolan bol hem-de bal suwly-Türkmenderýanyň Garagum sährasynyň ymgyr gum depeleriniň, aňňytlarynyň arasyndan demirgazyga, Aýlakýapdan Aýböwüre, Buzgömenden-Bötendag ýaýlalaryna sary çekilmeginde, durnukly ekin dolanşygy üçin oba hojalygynda batgalaşan, zeýlän, şorlaşan, duzlaşan ýerleriň suwuny çekdirmek, azaltmak maksady bilen giň, çuň we uzyn döwletara "Halklaryň Dostlugy’’ kollektorynyň-köp akabaly zeýkeş ulgamlarynyň gurulmagynda Hüdük Myradow ilkinji bolup welaýatyň çäginde taryhy ähmiýetli başlangyçlaryň rowaçlanmagynyň sakasynda öňdebaryjylaryň biri boldy. Hüdük aganyň ýolbaşçylyk eden döwründe geňeşligiň obalarynda täze ýollaryň ençeme ugurlary açyldy, 200 golaý täze köçeleri döredildi, täze hammam, ýyladyşhana, merkezleşdirilen maldarçylyk toplumy, medeniýet öýi, çagalar baglary, meýdan düşelgeleriň ýigrimiden gowragy guruldy. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durmuş mekdebiniň çarkandakly ýollaryny geçip uly paýhas hazynalaryny toplan ussadyň "Bedirkent’’, "Gulam’’, "Arap’’, "Merhaba’’, "Gözel obam’’, "Karar’’, "Serdar’’, "Şadyoglan’’, "Aýjahan’’, "Nergiz’’, "Ajaýypgül’’, "Bagdat’’ ýaly dürli ýaşdaky, dürli reňkdäki, agramlardaky gözel, ýyndam bedewleriniň 60-a golaýy bu günki gün toýlaryň, ýaryşlaryň çapuw aýlawlaryny ýeňiş bilen baglap ýörmegi oba ilatyny has-da buýsandyrýar. Guramaçy ýolbaşçy, tejribeli bagban, ussat seýis, görnükli seçgiçi ynsan, gujurly mirap, ezber bakjaçy, gadyrly gallaçy, armazak pagtaçy we zeminiň zybany bilen sözleşip bilýän düşbi oba hojalykçy hökmünde il içinde meşhurlyk gazanan tanymal halk hojalyk pudagynyň wekili 1987-nji ýylda 66 ýaşynyň içinde aradan çykýar. 1991-nji ýylyň 23-nji maýynda tanymal oba hojalyk ussadyň ýigrimi alty ýyllap ýolbaşçylyk eden, söweş ýollaryny, deňsiz-taýsyz edermenliklerini ebedileşdimek, durmuş ussatlygyny hatyralamak we mertebeli, şöhratly zähmet gahrymançylygyny ebedileşdirmek maksady bilen özüniň ýolbaşçylyk eden ozalky Kuýbyşew adyndaky daýhan birleşigine hem-de etrapda iň köp ilatly, iň uly ekerançylyk meýdanly geňeşlige Hüdük Myradowyň ady dakylýar we daýhan birleşigiň edara binasynyň öňünde Hüdük Myradowyň heýkeli oturdylýar. 1992-nji ýylyň fewral aýynda etrabyň Hüdük Myradow adyngaky geňeşliginiň "Buzgömen’’ oba medeniýet öýünde 2000 golaý muzeý eksponatlaryny özünde jemleýän Hüdük Myradow adyndaky Taryh muzeýi döredilýär. 2015-nji, 2018-nji we 2022-nji ýyllarda pederlerimiziň şöhratly taryhy ýoluny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, dabaralandyrmak hem-de gadymy gymmatlyklarymyzy, taryhy-arhiologik tapyndylary öwrenmek, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmek, özara tejribe alyşmak maksady bilen Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde guramagynda ýurdumyzyň welaýat, şäher, etrap, oba muzeýleriniň we muzeý şahamçalarynyň arasynda geçirilen bäsleşikde "Bagtyýarlyk döwri we milli miras’’, "Asyrlara ýörelge-nesillere görelde’’ hem-de "Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap’’ atly bäsleşikleriň döwlet tapgyrlarynda Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyngaky geňeşliginiň "Buzgömen’’ oba medeniýet öýüniň Hüdük Myradow adyndaky Taryh muzeýi «Ýylyň iň gowy oba muzeýi» diýilip yglan edildi. Ýagşy adam ýatdan çykmaz diýleni. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hüdük Myradowyň agtyklarynyň biri-Batyr Hudaýnazarow atasynyň ady dakylan daýhan birleşigine, ýene bir agtygy-Welmyrat Hudaýnazarow Görogly etrabynyň Görogly şäher geňeşligini Geňeşiniň arçyny bolup uzak ýyllardan bäri ýolbaşçyklyk edip gelýärler. 2022-nji ýylyň 9-10-11-nji sentýabrynda Çehiýa döwletinde geçirilen Dünýä çempionatynda Hüdük Myradowyň çowlugy Şamyrat Myradowyň 63 kilogram agram ölçeginde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň düzüminde sportuň karete boýunça çykyş edip I orna mynasyp bolup halkara derejesinde altyn medal bilen sylaglanylar we mähriban watymyzyň ýaşyl Tugyny dünýä arenasynda belende galdyrýar. Munuň özi bolsa ozal akan ýerden akarmyş aryk diýlen asylly ýörelgäniň aýdyň dabaralanmasy bolup ýaňlanýar. Ýyllaryň sarpalan, milletiň ezizlän we halkyň söýen ynsany aramyzda bolan bolsa bu günki gün bagtyýar döwrümizde 103 ýaşardy. Il içinde Hüdük Myradow işlän, düşlän, oturan, myhman bolan we sapar bilen baran ýerlerinde müň ýaşaýan türkmen güjümini ekmek, ekdirmek we dostlugyň, mahribanlygyň, gadyrdanlygyň nyşany hökmünde sowgat bermegiň hem-de Gündogaryň beýik akyldarlary we nusgawy şahyrlary Alişer Nyzameddin Nowaýynyň, Magtymguly Pyragynyň eserlerini okamagyň, öwrenmegiň asylly däbini ýörgünli dowam etdiripdir. Durmuş bagynyň tanymal bagbany hökmünde hökmünde ykrar edilýän Hüdük Myradowyň eken güjümleriniň kökleri çuňluklara aralaşyp pudaklary berkeýär, goýy, salkyn, mylaýym saýalary köplere melhem berýär, miweleri hakykatyň hasyly bolup ojaklarda arzylanýar. Maşgalabaşynyň sagdyn, döwletli we sahawatly ojagynyň nesil daragtynyň keşbini we köplügini hem gojaman, köpşahaly, boýy ýeten, töweregine mylaýym saýa salýan güjüm agajyna meňzetmek bolýar. Agzybirligi,, jebisligi, abadançylygy, il-güne, goňşa we dosta wepalylygy ýaran edinen gahrymanyň maşgala düzüminiň altyn halkasyny häzirki wagtda dört sany ogul, dört sany gyzy, 30 sany agtygy, 20 sany çowlugy, 10 sany ýuwlugy, bäş sany gowlugy, iki sany taňlygy, bir sany ilbirini-gandüşeri emele getirýär. Köpüň keşigini gerdeninde göteren, duş gelen oba külpetlerini merdemsi nazarlar , nyýaz edilen duýgular, nepis we netijeli başarnyklar, oňyn, halkbähbitli we ilhalar, rowa görülen ukyplar, asylly maksatlar bilen çözmegi başaran zähmet pälwanynyň nusgalyk tejribeleriniň döwrümiziň ylhamy we mukadesligi bilen sazlaşmagy watandaşlarymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Zehiniň ylham badasynda kämilligiň kuwwatly binýadyny kemala getirýän ussatlaryň döredijiligini we mirasyny öwrenmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Dädebaý PÄLWANOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |