12:50 Ilkinji serpaý | |
ILKINJI SERPAÝ
Pedagogika we edep-terbiýe
Jemgyýetçilik terbiýesiniň milli we umumyadamzat medeniýetiniň iň kämil nusgalarynyň başlangyç medeniýetini öwreenmekde her bir ynsanyň bagtly durmuşynyň we ykbal pursatlarynyň gözbaşy çagalyk dünýäsinden başlanýar. Bir ýaşdan alty ýaşa çenli çagalary terbiýelemek we okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny goramak, berkitmek, şahsy başarnyklaryny ösdürmek üçin maşgala kömek hökmünde hereket edýän bilim ulgamynyň ilkinji we esasy basgançagy mekdebe çenli çagalar edaralary hasap edilýär. Päkize kalpdan, ak arzuwlardan kemala gelen ylham atly mukaddesligiň we rowaçlygyň dury akabasyndan şirinlikler badalga alanda, onuň gymmatyny köpler mübärekleýär. Pudagara sazlaşykly gatnaşyklarda milli ruhda watana çuňňur söýgi, wepalylyk, akýüreklilik, adalatlylyk, ululara hormat goýmak, deň-duşlaryňy sylamak, türkmen halkynyň taryhyna, däp-dessurlaryna, medeniýetine, tebigata aýawly garamaga buýsanç duýgularyny, umumadamzat gymmatlyklarynyň ynsanperwer ýörelgelerini ýöriteleşdirilen ugurlar boýunça dürli dillerde öňdebaryjy usullar bilen kemala getirmekde çagalar bagy durmuşyň tylla bosagaly mekdebine deňelýär. Adamyň uzak ýyllar dowam edýän manyly ömrüniň häsiýetnamasynda we onuň jemgyýetdäki durmuş ýagdaýynyň aýratynlyklarynyň jemini aňladýan toparda nesilleriň çagalyk döwrüniň tapgyryndaky ýatlamalar, kyssalar aýratyn süýji, gyzykly, ýatda galyjy we özüneçekiji bolýar. Köptaraply döredijilik ukyplaryň, zehin başarnyklaryň, ylmy, tehniki, bilim, sport, medeniýet, sungat, watansöýüjilik babatda ýokary netijeleriň gazanylmagynda, zähmetde tapawutlanmagyň gözellikleriniň kemala gelmeginde çagalar bagynda öwredilýän terbiýeçilik işleriň üstünlikleri unudylmaýar, olar köňül köşgünde aýratyn mähribanlyk, ezizlik bilen saklanýar, hormatyň nyşany hökmünde ýatlanylanda hemişe täze rowaçlyklara ruhlandyrýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen 2023-nji ýylyň 29-njy dekabrynda 2024-nji ýyl "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy’’ ýyly diýlip yglan edildi. Ykbalyma hemdem bolan ussadyň eserleri boýunça gazanan ilkinji üstünligim kalbymyň töründe mukaddeslik hökmünde mydama durmuşa hyjuwlandyryp gelýär. Kyrk üç ýyl mundan ozal bagtly körpeleriň biri hökmünde Görogly etrabynyň 2-nji çagalar bagynyň uly we mekdebe taýýarlyk toparlarynda terbiýelenýärdim. Ýüz elli müňe golaý ilaty bolan etrap merkezinde ilkinji açylan bakja-baglaryň biri hasap edilýän döwlet mekdebe çenli çagalar edaramyzda iýmitlenmek, oýnawaçlary oýnamak, ýasamak, okamagy öwrenmek, sowatly ýazmak, gündelik hereketli maşklary berjaý etmek, uklamak bilen bagly düzgünler bellenilen kadalarda, kepillikllerde nusgalyk derejelerde üznüksiz ýerine ýetirilýärdi. Bakjamyzda şol döwür 12 toparda 200-den gowrak çagalar terbiýelenýärdi. Ilkinji halypalarym Enegül Meredowa bilen Ogulbibi Begjanowanyň körpeleriň beden, paýhas, ruhy we ahlak taýdan terbiýelenilmegi, ukyplarynyň goralmagy we ösdürilmegi bilen bagly aladalaryna, ynançlaryna, durmuş ahlagyna, çeperçilik çözgütlerine, şahsy garaýyşlaryna, bahbitlerine, başlangyçlaryna, zehinine we ösüş aýratynlyklaryna hormat goýuşlary, arzylaýyşlary aýratyn uludy. Olar aşyk, ownuk daşlar, tagta, kagyz, taýak, bije, suw, öýkünmek, bukulmak, towusmak, jogabyny oýlap tapmak arkaly oýnalýan oýunlaryň görnüşlerini, dürli dillerde çaga aýdymlaryny aýtmagy yhlas bilen öwredýärdiler. Aýratynam Enegül mugallymymyz A.Alamyşowyň, G.Gurbansähedowyň, Ata Salyhyň, Ç.Aşyrowyň, K.Taňrygulyýewiň, K.Gurbannepesowyň, A.Kekilowyň, A.Haýydowyň, B.Seýtäkowyň, N.Baýramowyň, A.Durdyýewiň, G.Seýitliýewiň, R.Seýidowyň, H.Ysmaýylowyň, N.Saryhanowyň, M.Serwantesiň, D.Defonyň, J.Swiftiň, Ž.Werniň, I.Krylowyň, A.Çehowyň, S.Marşagyň, H.K.Anderseniň, A.Gaýdaryň eserlerinden parçalary, terjimeleri okap berip çaga kalbymyza edebi güýjüň, pähimiň, mukaddesligiň syrlaryny, gözelliklerini, gyzykly älemlerini hyjuw bilen aralaşdyrmakda sarpalanýan iň eziz ynsanlaryň birine öwrülipdi. Ogulbibi mugallymymyz bolsa kitap hazynalaryndan peýdalanmagyň medeniýetini, körpeleriň güýji bilen ýerine ýetirilýän gysga sýužetli sahna, bezeg oýunlaryny, matematiki tapmaçalary, sanawaçlary, matallary, ertekileri, ýaňlytmaçlary, sesleriň aýdylyşyny, ýazylyşyny, suratlary tanamagy, çekmegi, ýelim, zähmet, sungat gurallary bilen işlemegi, beden maşklaryny, ýumuşlary, synlamagy ýerine ýetiriş aýratynlyklaryny ussatlyk bilen öwredýärdi, möwsümleýin tertipde kömekçi hojalyklara, daýhan birleşikleriň ekerançylyk meýdanlaryna, önümçilik ussahanalara gezelençleri, sergileri, gurnaklary guramakda, diwarlyklary ýasamakda, taýýarlamakda, hepdelikleri geçirmekde, ýol düzgünlerini, tygşytlylyk, arassaçylyk sapaklaryny gaýtalap-gaýtalap ünsli berjaý etmekde, bilesigelijiligi döretmekde esasy mähriban ýolbaşçymyz bolýardy. 1981-nji ýylyň tomsunda çagalar bagymyzda etrap derejsinde "Harplardan kim adam atlaryny köp aýdyp bilýär we ýazýar?’’ "Geliň, suratlary çekenleri tanalyň?’’, "Kim köp goşgy bilýär?’’ atly bäsleşikler geçirilipdi. Ol arakesmeler bilen bilelikde iki sagada golaý dowam edipdi. Bu bäsleşiklere şäheriň çagalar baglaryndan bäşsinden deslapky tapgyrlda üstün çykan saýlantgy körpe deň-duşlarymyň 15-si, myhmanlar, tomaşaçy hökmünde çagyrylan ata-eneleriň 100-den gowragy gatnaşypdy. Dabaraly bäsleşikde meniň "Harplardan adam atlaryny köp aýdyp bilýär we ýazýar?’’ atly ýaryşyň tapgyrynda Döwletmämmet Azadynyň maşgala agzalarynyň adam atlaryny aýdyp bermekde, dogry ýazmakda, Magtymguly Pyragynyň taryhy şekillerini döreden meşhur, görnükli, tanymal hudožnikleriň 10-a golaýynyň suratlary görkezilende olary döreden nakgaşlaryň atlaryny dürs sanamakda, beýik ussadyň "Gözüm düşdi’’ gazalynyň bäşinji bendini, "At islärin’’, "Terk eýleme bu mekany’’ şygyrlarynyň soňky bentlerini, "Ili gözlär’’ eseriniň birinji bendini, "Aty gerek’’, "Döker bolduk ýaşymyz’’, "Ozan geler’’, "Joş olmasyn’’ goşgularynyň ikinji bentlerini, "Içen ýaly’’ gazalynyň bäşinji bendini-jemi dokuz bendi sada, labyzly, düşnükli, arassa, owazly, aýdyň, dogry sözleýiş medeniýetinde, çaga diliniň özboluşly akgynlylygynda aýdyp bermekde joşgunly çykyşlaryma köpler dowamly el çarpypdylar. Müdirimiz, halypalarym bolsa çykyşym tamamlanandan soňra köpçülikde "ukyply körpäm’’ diýip buýsanyp alkyşlapdy. Görkezijilerim boýunça tapawutlanandygym üçin eminler tarapyndan çykyşlarym ýokary bahalanypdy we "bäsleşigiň iň göreldeli körpesi’’ hökmünde ykrar edilipdim. Ýeňişim üçin esasy baýrak-Magtymgulynyň saýlanan eserlerini öz içine alýan täze kitabyň neşiri we Taryp Haty bilen sylaglanypdym. Ol sowgat bolsa zähmedim bilen durmuşda gazanan ilkinji serpaýymdy, maşgalamy guwandyran baş üstünligimdi, halypalarymyň mukaddes ynamyny, tutanýerli zähmedini çaga kalbymdan haklandygymy görkezýärdi. Bu görkezijim diňe toparymyň arasynda däl, eýsem çagalar baglaryň arasynda hem körpe ýyldyzlaryň birine öwrüpdi. Ilkinji üstünligim sakasyny ýatlanymda zenan halypalarymyň mährinden dörän ajaýyp nepislikler, nepes edilen ymtylyşlar ykbalymyň şowly, baş we gadyrdanlyga öwrülen altyn sahypaly iň uly baýlygym bolup henizem ylhamymy ganatlandyrýar. Şol pursatdan soňra sözleri bogunlara, seslere, harplara bölüp aýtmagy we ýazmagy öwreden ilkinji kitabym Magtymgulynyň eserleriniň sowgat berlen neşiri bolup kalbymyň törüni mylaýymlyk bilen ýyladyp gelýär, başlangyç zynatly ýadygärlik hökmünde her bir işimiň mazmuny bolup arzylanýar. Sagdyn döredijilikli pikirlenme we guramaçylyk ukyplarymyň kämilleşmegine, akyl we zähmet endiklerimiň, höweslerimiň baýlaşmagyna uly goldaw beren halypalarymyň sapaklary boýunça gazanan ilkinji serpaýym kitaplaryň jadyly dünýäleri bilen dostlaşmagyma hem sahawat bagtyny berdi. Ilkinji ýeňişimiň sahylyk dowamaty hökmünde etrabyň bilim işgärleriniň we jemgyýetçilik birleşikleri tarapyndan düzülen ülkäni öwreniş toparynyň agzalarynyň hatary bilen etrap merkezinden 55 kilometr günorta gündogar uzaklykda ýerleşýän Hywa şäherine syýahat gezelenç saparyna-Magtymgulynyň üç ýyl okan, gadamy we ylahy nazary düşen mekdebine sapara goýberilmegim ykbalymda täze dünýäleriň, şöhratly gözýetimleriň açylmagyna uly badalga berdi. Şondan az wagt geçmänkä durmuş mekdebinden mekdep durmuşyna sary ömrümiň täze sahypalary başlandy. Dädebaý PÄLWANOW, Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |