10:04 Los-Anželes ýangynlary: Ýangyn söndürijiler ot bilen birlikde ýalan-ýaşryklara garşy-da göreşýär | |
LOS-ANŽELES ÝANGYNLARY: ÝANGYN SÖNDÜRIJILER OT BILEN BIRLIKDE ÝALAN-ÝAŞRYKLARA GARŞY-DA GÖREŞÝÄR
Publisistika
![]() Täzeden ABŞ-nyñ prezidenti bolmaga taýynlanyp ýören Trampyñ özem ýalñyş maglumatlary paýlaşýar. Ýangynlarda azyndan 16 adam öldi (AP) ABŞ-nyñ Kaliforniýa ştatynyñ Los-Anželes şäherini gaplap alan ýangynlar ýurdy sarsgyna salmagyny dowam etdirmek bilen birlikde ýalñyş maglumatlara garşy-da göreşmek zerurlygy ýüze çykdy. Meşhur komplimasiýa teoretigi Aleks Jonsyñ penşenbe güni sosial mediýada paýlaşan we 29 million gezek görlen wideosynda "Ähli gerekli enjamlar Ukraina berlendigi üçin ýangyn söndürijuler aýal-gyzlaryñ el sumkalaryny ulanýar" diýen ýaly pikirleri adamlary başagaýlyga salýar. Şular ýaly esassyz gipotezalary ýalana çykarmak boýunça ýörite bellenen Los-Anželesiñ Ýangyn söndüriş gullugynyñ press-sekretary Erik Skott ol sumkalaryñ aslynda brezentden edilendigini we ownuk ýangynlarda ulanýandygyny aýdýar. Skott tebigy betbagtçylyklaryñ dezinformasiýa bölegine üns berýän habar çap eden "Wall Street Journal"-a (WSJ) şeýle diýdi: "Bir ýandan Los-Anželes taryhynyñ iñ ýykgynçylykly tebigy betbagtçylygyna garşy göreşip ýörkä, bir ýandanam sosial mediýadaky myş-myşlary tapyp ýalana çykarmak üçin adamlara we wagta mätäçlik duýyarys. Bu ýagdaý bizi has möhüm işlerimizi etmekden saklaýar". Skott ýangyn söndüriş işlerine halk köpçüligini çagyrandyklary baradaky ýalan habarlaryñ örän köp adamyñ janyna howp abandyryp biljekdigini-de sözüniñ üstüne goşýar. "WSJ" 2022-nji ýylda "Twitteri" alyp, adyny "X" eden Ilon Maskyñ yzyndan barýan Mark Zukerbergiñ "Facebook"-daky we "Instagram"-daky häzirki awtorlyk we senzura mehanizmlerini aýyrjakdygyny ýakynda mälim edendigini ýatlatdy. Emeli añ tehnologiýasynyñam ýalan-ýaşryk habarlaryñ gerimini ulaldýandygy nygtaldy. Santa-Monika daglaryndaky meşhur "Hollywood" ýazgysynyñ ýanandygy bir fotoapparatyñ soñky ýangynlarda ýasandygy aýdyldy. ![]() Billi Eilişiñ ady bilen girilen galp nik iki "L" harpynyñ bolan "Hollywood" ýazgysynyñ ýanandygyny görkezýän emeli añyñ ýasan fotosuratyny paýlaşyp, köp adamy ýalñyşdyrdy. "WSJ" "The Getty" muzeýiniñem şuña meñzeş spekulýasiýa tema bolandygyny nygtady. Prezident kürsüsine oturan Donald Trampyñam Kaliforniýanyñ gubernatory Gewin Nýusomyñ "suwuñ täzelenmegi deklarasiýasyny" kiçijik balygyñ görnüşini halas etmek üçin gol çekmändigini öñe süren we Maskyñam muny täzeden paýlaşandygy-da habarda agzaldy. Nýusomyñ geñeşdarlarynyñ biri "Beýle deklarasiýa hiç wagtam bolmady" diýipdi. Beýleki bir ýandan Nýusom dowam edýän ýangynlara garşy göreş wagtynda bolan suw ýеtmеzçiligine degişli garaşsyz derñew işiniñ açylmagyny talap etdi. Ştatyñ suw üpjünçiligi we ýangyn söndüriş boýunça ygtyýarlylaryny ýangynlar wagtynda munisipalitet sistemalaryndaky suw gorlary we geçirijileri ýitgisiniñ sebäplerini derñeýän habarnama taýýarlama ugrukdyrandygyny "X" hasabynda düýn nygtan Nýusom geljekde beýle mesele bilen garşylaşmazlyk üçin edilmeli öñüni alyş işlerine-de ýer beriljekdigini nygtady. Çeşmeler: "Wall Street Journal", "CBS", "AA". Taýýarlan Büşra AGAÇ. Ýekşenbe, 12.01.2025 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |