21:57 Hudaý-erkek we erkek-aýal modeli | |
Aşakda agzajak ideýam, hiç bir mukaddes ýazgylarda ýok we diňe meň şahsy gözegçiliklerime esaslanýar. Hudaý adamy döretdi we adam Hudaýa boýun egýär. Hudaý aýaly döretdi we aýal erkege boýun egýär. Erkek -aýal tabynlyk modeli, Hudaý - erkek tabynlyk modeliniň kiçeldilen görnüşi. Her bir erkek, Hudaýa nähili boýun egýän bolsa, edil şoňa meňzeş ýagdaýda, şol erkege oň aýaly hem boýun egýär. Şeýle modeli Hudaý ýöne ýere döredenok, şeýle usul bilen Hudaý her bir erkege, öz hereketlerini daşyndan synlap gör diýjek bolýar. Eger erkegiň Hudaýa bolan garaýyşlary gowy tarapa üýtgese, (ynanjy berkese), diýmek aýalyň ärine bolan garaýyşlary hem üýtgeýär ýa-da erkek özüne başga aýal tapynýar. Her bir erkegiň Hudaýa bolan garaýşy, şol erkegiň maşgalasyna proeksirlenýär. Erkek Hudaýdan gorkýar, diýmek aýal öz ärinden gorkýar. Erkek Hudaýdan diňe pul dileýär, aýal hem öz ärinden diňe pul dileýär. Eger haýsam bolsa bir erkek, Hudaýdan hiç zat soraman, maňa diňe Seň barlygyň ýeterlik, maňa dünýede başga hiç zat gerekdäl diýse. Şeýle erkege sataşan aýallaryň ählisi, erkegiň ýüregindäki Hudaýa bolan sözleri oň özüne gaýtalarlar: Maňa dünýede başga hiç zat gerek däl, maňa diňe sen bolsaň bolýar. Elbetde beýle ruhy ýagdaýa ýetmek aňsat iş däl. Ýokarda agzalan ideýa diňe Ýekehudaýlyk sistemasynda işleýän model. Eýsem köphudaýlyk şertlerinde ýokardaky model nähili işleýär? Köphudaýlyk höküm sürýän jemgiýetde, köp ärlik modellary işläp başlaýar. Hamala Hudaý şeýle usul bilen erkege aýdýan ýaly: Sen maňa wepaly däl, günde bir hudaýa ynanýaň, diýmek seň aýalyň hem saňa wepaly däl, ol hem günde bir erkek bilen bolýar. Praktikada şeýle ideýa özüni nähili görkezýär? Oňa düşünmek üçin ilki bilen Hudaýa bolan ynanjyň adam psihologiýasyna nähili täsir edýänini düşünmeli. Hudaý jogapkärçiligiň aglaba bölegini öz üstüne alýar. Mysal üçin biziň özümiz "Hudaý bardyr" diýen sözler bilen näçe töwekgel işleri etdik. Ýa-da ähli zat Hudaýdan gelýär diýip örän köp zada kaýyl bolduk. Elbetde özüňi şeýle alyp barma dogry, men diňe dindar adamyň psihologiýasyny düşündirjek bolýan. Hudaýa ynanýan adam köplenç gyzma bolýar we köplenç soňyny oýlanman hereket edýär. Dindar adama biwepalyk etmek howuply, sebäbi kellesiniň gyzgynyna böwrüňden pyçak sokmagy hem ähtimal, sebäbi kellede "Hudaý bardyr, galan zadyň bir alajy bolar" diýen jümle eýýäm bir näçe nesil bäri ýaňlanyp dur. Eger erkek köphudaýlyk sistemasynda önüp ösen bolsa we şol sistemada ýaşaýan bolsa, onda şeýle erkek öz hereketlerinde diňe ýurdyň jenaýat we başga kodekslaryna esaslanmaly bolýar. Şeýle erkek aýalyň tumşugyna bereýin, gaharymy saklap durmaýyn, Hudaý bardyr diýip bilenok, şeýle erkek kanun bardyr, yzy bulaşaýmasyn diýmeli bolýar. Kanun bolsa hemişe aýallaryň tarapynda we hiç haçan biwepalygy ýazgaranok, hiç bir kodeksda biwalyk diýip madda ýok. Köphudaýyllyk we ateiz sistemalary ilki bilen erkekleri ruhy taýdan gowşadýar. Hawa, belki erkekler has oýlanşykly bolýandyr, belki jenaýata az gidýändirler, ýöne şeýle bähbidiň arka tarapy bar, bu bolsa ahlak derejesi pes aýallar. Aýallar meselesinde köp-ärlige nädip gelinýär? Hudaý ýok ýa-da köphudaýly jemgiýetlerde şeýle filosofiýalar agzalyp başlanýar: Bu dünýä bir gezek gelýäs, şonyň üçin durmuşdan ähli gowy zady almaly. Tebigata garşy gidip bolanok, her bir aýal iň güýçli erkegi saýlaýar we şondan çaga dogurasy gelýär, bu tebigatyň kanuny, tebigata garşy gitmeli däl. Ekläp saklap biljek erkege durmuşa çykmaly, ýöne oň daşyndan çaga dogurmaga öz göwnüne ýaraýan erkek tapynmaly. Sebäbi hakykatdan özüne çekiji erkekden gowy är çykanok we oň tersine, gowy ärden hakyky gowy oýnaş çykanok. Şeýle filasofiýany rus aýallaryndan internetde diýseň köp eşitdim. Ýeri gelende bellesem ruslarda 2024-nji ýyl maşgala ýylydy we şol ýyl aýrylşmalaryň (razwodlaryn) möçberi 103 göterime ýetdi. Fransiýa ýurdynda çagaň kakasy öz çagalarynda DNK test geçirmäge haky ýok. Suduň karary gerek, ýa-da ejeň razylygy, anyk ýadymda ýok. Ýöne näme üçin şeýle edilendigini bilýän. Fransuz aýallaryň aglaba bölegi çagalaryny oýnaşdan dogurýarlar we öz resmi ärlerine aldaw bilen sokýarlar. Onsoň her bir erkege öz çagasyny erkin barlamaga rugsat berseň, ýurtda maşgala galjak däl. Garaz aýallaryň asylly bolmagy üçin hiç hili çäre görülenok, ýöne maşgalany saklamakda çäre görülýär. Meň pikirimçe köphudaýylygyň jemgiýetde döredýän iň birinji sosial keseli, aýallaryň köpärlige ymtylmagy. Şeýle alaňda fransuzlar örän sypaýy we medenýetly millet, din diýen zat känbir gerek ýerem ýok ýaly? Umuman alaňda tutuş Ýewropa örän medenýetli millet, emma olaryň aýal halky kör-ärlige ymtylýar, men bolsa şeýle ýagdaýy köphudaýlyk bilen baglanşdyrýan. Köphudaýlyk bilen ähli zat düşnükli bolsa, eýsem ateizm bilen ýagdaýlar nähili? Bu ýerde hem ähli zat ýokarda agzalan modeliň esasynda bolup geçýär. Eger erkek üçin Hudaý ýok bolsa, diýmek şol erkegiň aýaly üçin hem şol erkek ýok. Aýal özüni hamala äri ýok ýaly alyp barýar, erkin aýal ýaly. Bu hem ýene aýlanyp köp-ärlige eltýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |