12:47

Demirgazyk Koreýa we yslam dini

Geň-taňsy wakalar
Категория: Geň-taňsy wakalar | Просмотров: 232 | Добавил: Injener | Теги: Rahman Zulfikarow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Geň-taňsy wakalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 35
0
1 Injener  
1
Oglanyň paýy iki gyzyň paýyna deň diýilse diňe tereke edilende hasaba alynýandyr öýdüp ýörsem, ene süýdünden başlap şeýle ekenä. Karoçe erkegiň rysgaly aýalyňkydan 2 esse kän...

0
2 Aurora  
1960
Yslam dinini bular ýaly ýalana has ýakyn we hakykatdan has uzak mysallar bu dini abraýdan düşürýär. Belki 1 oglanyň paýy 2 gyzyň paýyna deň diýmekligi islendik meselede ulanylmak dogry däldir. Muňa feministler näme diýjegem belli däl. Feministlerden ateist ýa deist orta çyksa ine saňa bulaşyklyk. Belki başga bir gyz dogran enäniň süýdi başga birnäçe ogul dogran eneleriň süýdünden ýokumly bolar ýada tersine. Muny köpçülikleýin tejiribede bilip bolar.
Yslam dininiň abraýyny şol dini ýalňyş ýaýýan (propagandirleýän) adamlar gaçyrýar. Yslam dinini dogry bilmek, goşmaçalary ýada ýoýulmalary saýgarmak we dogry öwretmek her kimsä başardanok.

0
3 Gurgencli  
324
Örän dogry, aslynda diniň abraýyny dini ýalňyş propaganda edýänler gaçyrýar. Meselem käbir dindarlar "jennetde erkeklere pylança hury berilýär" diýýär, dinsizlerem "onda aýallara nury berilýärmi' diýip üstünden gülýär, garaz şeýdip gülki bolýas.

0
4 hanturebs  
755
Tirmizi, Fedailul Jihad 25. Şehit bolana 72 huri beriljek... pygambermizden hadys... galannam özüňiz bilýäňiz...

0
5 Moderator  
1471
Aý edil ony inkär edib-ä ýalñyş gürlemäge het edip bilmeris. Ýöne musulmanyñ hüýrden bärde problemasy, düzetmeli kemçiligi gutardymy? Adatça muny çermeginden başga aladasy ýok jozzuk ýüzli ahun-mollasumaklar agzyny şapbyldadyp wagyz edeññeç bolýar. Naýynsaplar jenneti pritondyr öýdýälermi näme. :)
"Alarsyñyz jenneti" diýip Eziz Nesiniñ satiriki hekaýasyny terjime edipdim öñ. Şonda aýdylşy ýaly, "nahh, alarsyñyz jenneti!.." :)

0
6 hanturebs  
755
Olam dogry... Esasy şu wagtky Yslam dünýäsindäki problemalaryny öwrenip şolara görä wagyzlar edilse ne ýagşy...

0
7 Gurgencli  
324
Mollasumaklara diňe garnyňy doýur, garyplygy öw, baýlykda ýaşa diýseň gulagyna hoş ýakar. Seň problemalaryňy näme etsin olar.

0
8 hanturebs  
755
Türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň mollasumaklar hakynda ençeme ýiti goşgulary bar... Aslynda, Kuran "Oka" emri bilen bizden özümiziň öwrenmegimizi talap edýär. Eger Kuranyň manylaryna öwrenip başlasaň, din söwdasyny edýänleri diňlemegiň hem geregi ýok...

0
12 Aurora  
1960
Yslamda problema ýok gardaş. Musulmanlarda problema bar. Ýagny musulman adamlarda problema bar, yslam dininde däl :)

0
11 Aurora  
1960
Bulary diňleseň jennet diňe musulmanlara degişli ýaly etýärler. Diňe musulmanlara putýowka berilýän kassa bar ýaly etýärler. Men-ä iň gowusy şu saýtda din, hudaý baradaky temalardaky ýazgylary paýlaşmazlygy aýtmaklygy moderatora teklip etýän. Soňky bir hepde saýt birhili gyzyksyz. Ozal adamlar bu ýere ruhy taýdan dynç almak üçin gyzyklyja goşgy, hekaýa.... roman... okamak üçin gelýäler.

0
13 Moderator  
1471
Aý bir içlerini gowzatsynlar.. :)
Sowaşarlar soñ. Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da pikir bar. Hiç kimiñ pikirine böwet bolup bilmeris.

Şu günler işliräk bolýas. Gowy eserleri (roman we gaýrylar) göçürip otyrlar. Goýup başlarys nesip edenden.

0
21 Aurora  
1960
Bulaň içleri hijem gowzamaz. Sebäbinem birnäçe teswirimde belledim.
Elbetde pikirleri ýoldaşy bolsun, ýöne ýalňyş pikirde köpçülige aň zaýalatmazlyk üçin biraz jogaplamak ýerlikli.
Şol gowy eserleri tiziräk paýlaşyň bärini gurakçylyk tutup başlady. Bärini gowy ekin meýdanyny haşal otlara basdyran ýaly etmänkäler bir üns beriň. Suw kesilse tokaýdan ösümlik dünýäsiniň ýok bolup jandarlarynyň terk etmegi ýaly bolmazlygyny isleýän. Bu saýt uly bir baý tebigatly ösümlik dünýäsine baý haýwanat dünýäsi baý tokaýa meňzeýär.
hehe eliňizden gelse ýörite yslamdan dogry baş çykarýanlar üçin saýt sowagt edip bilmersiňizmi?! Belki sogap gazanarsyňyz. Köpçülige-de köp taraplaýyn peýda bolar.)

0
16 hanturebs  
755
Gözüňi giňiräp açyp okasana dostum :) men seni tanadym... (bolýa bu hiç).
Men "Yslamda problema bar" diýemok, "... Yslam dünýäsindäki problemalaryny..." diýdim. Yslam dünýäsini kimler düzýär? Musulmanlar. Diýmek Yslam dünýäsi = Musulmanlar.

0
22 Aurora  
1960
Tanap uly bir açyş eden ýalyla, daşyňdan synla özüňi bir..senden gizlenýän barmy?! Aradada biri şeý diýdi. Walla bolşuňyz gülkünç...
Hä sen musulmanlaryň (adamlaryň) problemalaryny göz öňüne tutduňmy? Hmm men yslam dinindäki diýip düşündim. Okk, bir ýerde sähelçede bolsa düşünişdik ;)

0
10 Aurora  
1960
Saňa iň betje maslahat: özüňi ýokardan oklada jennete git'de şol hüýr-periler bilen durmuşy aňyrda gaýgy-aladasyz bakyda dowam et :)

0
14 hanturebs  
755
Jennet diňe musulmanlar üçin!
Kuran:
Maide 72. (Allaha şirk getirenler jähenneme gider, musulman bolsa Alla şirk goşmaz)
Ali Imran 85.
Bakara 82.
Nisa 48.
Nisa 124.
Hadys:
Buhary, Iman 22.
Buhary, Iman 34.
Buhary, Iman 153.
Müslim, Iman 71.
Özüňi yslamdan diýip, soňam şu aýatlary iňkär etseň küfüre düşýäň... Sebäbi Alla we pygamberi aýtdy. Bakara 62 bilen jogap beresiň gelse, otaýdaky gaýrydinler ilkibaşda, pygamberleri geldigi döwürde musulmandylar, soňra dinlerine batyl aralaşdy we [hristiýan, ýahudy, saby, otparaz...] boldular...
Soňam "özüňi öldür... Jennete git..." ýaly zatlar ýazypsyň... Näm-ow manýakmy sen? Ýenede uzyn ýazyp, dowam edesim gelýä, ýöne saňa peýda etmejegini bilýän...

0
20 Aurora  
1960
Uzyn ýazyp maksadyň maňa peýda etmek dälde, özüňe peýda almak bolaýmasyn?! Diýýän zadyňa jogap maslahat berdim.

0
24 Gündogarly  
1691
Kellaň gowy işlanokmy, niýetiñ dagy nähili, köpçilikde özini bir adam yaly alyp bar. Ozim-ä niýetim ýoldaşyň bolsun diýýäň, ýene-de başgalara özini ýokardan okla jennete git diýýäň, Alla beren janyny özi alýa. Beýle aňsatlyk bilen jennede gidilyän bolsa jahennem nämä gerek

0
26 Aurora  
1960
Ünslije oka Wostokly, men ony 4-nji teswire jogap berdim. Oňa 5-nji teswirem jogap bolup dur welin men gönümelräk şekilde jogapladym. O şekilli aýtgylar başga-da köp, şolar ýaly aýtgylara şeýkeräk jogap berip durmaly. Senem umumy düşünmän dogryja düşünjek bol, gardaş.

0
9 Aurora  
1960
Iň gülkünç yeri bolsa şu yslam dinini ýalňyş propaganda etýänleri pikir ýöredişini aýtýan zadynyň ýalňyşdygyny aýdaňda hamala yslamy tankytlaýan ýaly kabul etýärler. Akmaklar yslamy tankytlamak bilen yslamy ýalňyş bilip ýalňyş ýaýýandyklaryny tankytlamaklygyň arasyny açyp düşünip bilenoklar. Gülüp durkaň üstüne ýene gülki goşulsa içiňi gyrýan gülki döretýän ýeri bolsa, seniň tankytlaýan zadyň yslammy ýa öz düşünjesidigini arasyny açyp bilmän ateist, dinsiz diýmegi.

0
15 hanturebs  
755
"Yslamy ýalňyş tanadýanlary tankytlaýas" diýer ýaly özüň yslamy nä derejede bilýäň? Arap dilini bilýäňmi? Kurany okadyňmy? Tefsir usuly, Kelam, Akyda, Usuly Hadys, fykh bilýäňmi? Bolýa Ateist ýa dinsiz dälmişiň... Ol dini ýalňyş tanadýanlary tankytlanyňyzda yslam üçin hereket edýämiňizmi ýa başga ideologiýa, meselem gumanizm üçin hereket edýäňizmi?

0
17 Injener  
1
Meň ýoldan çykaran adamymy sen ýola salyp bilmersiň, diýipdirmi Biri? Şonuň üçin azara galma

0
18 Aurora  
1960
:) arapça bilip ýada bilmeýänligim, kuran okap okamadygym, ol arapça aýtýan usullaryňdan bilip bilmezligim başga gürrüň. Iň esasy zat yslamy propaganda etýänleriň şu ýokardakylardan baş çykarmaýandygyna has beterem yslam dininden ýalňyş bilimi bardygyny we internetden çomçalap dogry ýa ýalandygyna göz ýetirmän ynanyp ylahyýet ugryndan belli bir ýerde bilim almadygyna anyk ynamym bar. Nämä hereket etýänim gaty gyzyklymy? Ýöne şuny aýdyp biljek: men özümden soralmasa hiç bir zady propaganda edemok, biderek zatlar bilen köpçüligiň öňünde ýürek bulap duramok - ine esasy zat. Bu ýeri gybathana däl we yslamy dogry bilýän bolsaň edebiýat söýerleriň saýtyndan , ýa ylma degişli saýtlardan, sport söýerleriň saýtyndan, resmi-syýasy we medeni saýtlardan uzakda aýratyn saýt açda 0-dan köpçülige dogry yslamy ýaý. Emma başarmajagyňy özüňem bilýänsiň. Bu hili hereketler bir guşyň (haýsydygy ýadyma düşenok) öz ýumurtgasyny beýleki guşlaryň höwürtgesine taşlap gidişi ýaly bolýar.Bu maslahaty yslamy dogry bilýänlere bermek hökmanam däl.

0
19 Aurora  
1960
Sen-ä iki zady biri birine garjaşdyrmazlygy öwren ilki. Pikiriňi tankytlasaň özüňe duşman hasaplap, başga dilde gaharyňa bäs gelip bilmän jogap berip yzyna-da öz diliňde jogap alanyňdan soň şahsy poçta haýbat atyp (bar etjegiňem nickname bloklamak) ýazyp birnäçe zady garjaşdyryp bulaşyp otyrsyň. Ilki özüňi düzetseň gowy bolar. Prinsip agzalyk bolsa gerek bolsa birnäçe nickname açyp jogaplap bolar. Emma men bir zady başga bir zat bilen garamok.

0
23 Aurora  
1960
Jennet diňe musulmanlar üçin dälde, ýagşy adamlar üçin bolaýmasyn..
Bu 14-nji teswiri diňe haçparazlar, jöhitler, dinsizler, deistler ýa-da islendik ynançdaky (ýagşy) adamlar has ýerlikli jogaplap bilerler.

0
25 Aurora  
1960
Kim dogry gürlese peýdaly zatlar diýse akylly-başly bolsa, men hormat goýmagy başarýan, hatda başgabymy çykaryp hormatlabam bilerin. Emma muny kim başarar, ine şuny soramañ menden :)

0
27 Injener  
1
Нихуя ничего не понятно, но очень интересно )))))

0
28 Injener  
1
Şu ýerde köne bir jümle ýadyma düşýär: "Syçanjyklar aglaýardylar ýöne barybir kaktus iýmegini dowam edýärdiler" ;)) Göwnüňe batmaýan temalary okaman geçibermeli, bu ýerde näme problema bar?

0
31 Aurora  
1960
Hawa okaman geçip bolýar, dogry aýtdyň.
Bärde prinsip başga zat.
Ýene-de kelledäki artykmaç energiýany bir ýerlere sarp etmeli, belki dogry, täsin, gyzykly zatlar bar ýa bolup biler. Bu eýýäm prinsipden aýratyn.

0
29 Aurora  
1960
Damn, asshole ))))

0
30 Injener  
1
Men entek din barada köp zat ýazmakçy, saklajak adamam ýok meni. Onsoň her gezek seň bilen dawalaşasym gelenok, gaýrat et meň temam bolsa sowul-da geçäý, saňa degişli däl. Moderator temalarymy bozanok dälmi, diýmek senzuradan geçýär....

0
32 Aurora  
1960
Ýazyber, elbetde saýtda wezipäň, derejäň bar eken.
Seret dawalaşmek diýýäň, men seň bilen dawa edemok. Dawalaşmaly bolsa men ýok. Ýalňyş bu aýtýanyň.
Temalaryňa-da kommentariýa ýazmakdan saklanasym-a gelýä bir tarapdan. Zyýan ýok, ýöne peýda-da ýok ýaly. Iň bärkisi özümede :) ýalan sözleseň welin jogap almak ähtimallygyň uly bolar.

0
33 Injener  
1
Bolýa

0
34 Santa  
1940
Bu Demirgazyk Koreýadaky waka Süleýman pygamberiň gylyç bilen çaganyň enesiniň kimligini bilinýän döwürde bolup geçipdirmi?! Ene süýdiniň ýokumy we agramy. :D Nä bir enäniň süýdi elin ekende beýleki ene süýdine suw goşýar ekenmi ýa gyz doguran enenäň süýdiniň 100 gramy 100 gram çykyp, oglan doguran enäniň süýdüniň 100 gramy 200 gram çykypdyrmy?!)) Eýranly Lukman diýilýäniň ady Lukmanmyka, hünäri lukman bolanlygynda eýranly ruhanylara jaň etmän (özi tupoý bolsa-da) kärdeşlerine, lukmanlara jaň edip DNK testleri bilenem çaganyň ene-atasyny bilip bolýanyny, häzir orta ýa daş asyrda däldigini öwrense bolmadymyka?! Ýa lukmançylygy oňa ruhanylar öwretdimikä?!)) Demirgazyk Koreýada bu mantyksyz wakadan soň Yslam dinine uýýan bolsa, ertir Günorta Koreýandan ýa Hytaýdan DNK apparatyny alyp bilseler, Demirgazyk Koreýada DNK apparaty bilen baglanşykly täze bir diniň dörejegini ynanýaryn.)))

0
35 Injener  
1
Süýdiň agramy babatynda aýdaňda, mysal üçin 200 ml stakandaky süýdi çekip gör we 200 ml stakandaky suwy çekip gör. Şol bir göwrümdäki suwuklyklar dürli agramda bolup bilýär. DNK testlar babatynda aýdanda lukmanlar ol testlar barada elbetde bilýändirler, ýöne Koreýa ýaly ýurtda belki örän gymmat prosedura bolmagy ähtimal? Koreýa izolýasyýadaky ýurt bolany üçin, belki olara köp zatlary satanoklar. Mysal üçin bizde ganyň düzümindäki süýjini barlatmaga baramda bizde reaktiw ýok diýip yzyma gaýtardylar, bolmasa uly bolnysa barypdym. DNK test Ruslarda 100-150 dollar durýar, belki yzagalak Koreýada 500 dollar durýandyr? Belki 500 dollar ol ýerde bir ýyllyk aýlykdyr?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]