MUSA PYGAMBER - JADYGÖÝ
Musa pygamber Hudaý tarapyndan, Müsüriň hökümdary faraonyň ýanyna pygamberlik missiýasy bilen ugradylýar we Hudaýyň alamatlary hökmünde öz hasasyny diri ýylana öwürüp görkezýär. Fizikaň kanunynyň bozulmagy, biziň döwrümizde we geçmişde Hudaýyň bardygyndan uly alamat bolup hyzmat etmeli welin, emma faraon Musany jadygöý diýip yglan edýär we Musany jedelde ýeňmek üçin Müsürüň ähli gözbagçylaryny ýygnaýar, netijede gözbagçylar ýeňilýär we yslam dinini kabul edýärler. Bu wakadan ençeme ýyl geçen bolsada, biziň döwürleimizde hem, Musa pygamberiň jadygöý bolandygyny bize ynandyrjak bolýarlar. Öň ençeme gezek aýdyşym ýaly, biziň ählimiz duşmanyň döredýän informasiýa meýdanynda ýaşaýas we şol inforasyýa meýdandaky jadygöýleriň ählisi diýen ýaly elleri hasaly, bu alamat, Musa pygambere barýan menzil bolýar. Duşman şeýle usul bilen, adamlaryň aňynda belli bir suraty berkitjek bolýar: “Jadygöýleriň eli elmydama hasaly” we şol obrazdan gelip çykýan netije, Musa pygamber eli hasaly bolansoň we gudrat görkezensoň, ol hem jadygöý. Dogrusy pygamberleriň ählisi elleri hasaly bolupdyr diýip bir ýerlerden eşdipdim.
Elbetde ähli zady ýöne bir tötänligiň hasabyna hem ýazsaň bolar, sebäbi dürli döwürlerde döredilen dürli görnüşdäki mediýa we edebiýat onümleri nädip şol bir suraty görkezip bilýärler? Birinji suratdaky ady belli meşgur oýun bolup durýar we ol hem öz müsür stilistikasynda eli ýylan hasaly jadygöýüň obrazyny görkezýär? Hamala tutuş dünýä dil düwüşen ýaly? Hakykatda bolsa bar zat ýönekeý, ABŞ-larynda ýörüte baňklar we ýörüte fontlar bar, ana şol fontlar ähli meşgur taslamalary goldaýarlar we pul kömek etmek bilan öz hudaýlary şeýtanyň ideýalaryny köpçülige siňdirýärler.
Gurhanyň özünde Hudaý Musadan "eliňdäki näme" diýip soranda, Musa bu meň hasam, men hasa bilen öz goýunlaryma bagdaky ýapraklary kakyp berýän diýýär, hasanyñ pygamberlige we gudrata o diýen derkar ýerem ýok.
Geň-taňsy wakalar