HUDAÝYÑ GOLY: ÜÇÜNJI ALAMAT
Bu gezek bir näçe ownuk alamatlary ýygnadym, her haýsyny aýratynlykda ýazmak zerur däl, sebäbi ol alamatlary düşündirmek üçin köp wagt gerek däl. Birinji alamata "iň soňky pursat" diýip at daksam hem bolýar. Düşnükli bolar ýaly mysal getireýin. Beýik Ýaradyjy, Ybraýym pygambere buýruk berýär. Bar sen gitde plan şäheriň eteginde özüňe mekan tut, iň soňunda şol ülkäni sana we seň nesilleriňe berjek diýýär. Ybraýym pygamber aýdylşy ýaly hem edýär. Oň baryp gonan ýerinde dogrudan hem gülläp ösüp oturan şäher bar, galybersede Ybraýym pygamberiň özi garry adam. Hudaý bolsa oňa sen nesilleriň şu ýerde ýaşar diýdi, pygamberde bolsa ne ogul bar, ne-de gyz. Elbetde şeýle ýagdaýda adamda hökman şübhe döremeli, Hudaý nädip öz beren sözünde durjak bolýar? Şäher ýene 1000 ýyl hem zat bolmajaga meňzeýär, meň aýalym we men garry, indi bizden nesil önmez. Hudaý hemişe şübhe üçin bir ýol açyp goýýar we iň soňky pursatda kömek edýär, şeýdip öz ussatlygyny görkezýär we adamy synagdan geçirýär. Netijede şäheri 4 sany Perişde ýok edýär we şol Perişdeler Ybraýym Pygambere, oň oglunyň boljagy babatynda buşlaýarlar.
<p dir="ltr">2-nji alamata meň dakan adym "Agent Smit". Matrisa çeper filmi ýadyňyz düşýän bolsa ol ýerde Agent Smit atly personaž bardyr, ana matrisaň ähli ýaşaýjylary şol persanaža öwrülip bilýändirler. Real durmuşdaky ýagdaýda islendik adam agent Smita öwrülýär, başgaça aýdanda Hudaýyň guluna. Mysal üçin Musa Pygamber müsüriň faraonynyň ýanyna baryp, Hudaýyň aýdan zatlaryny faraona aýdanda, faraon başda Musa Pygamberi öldürjek bolýar. Ýöne faraonyň ýakynlarynyň biri musulman bolup çykýar we faraona şeýle diýýär: Eger Musa ýalançy bolsa, ol irde-giçde özi bir belaň üstünden barar, sen oňa degme. A birden Musaň aýdýanlary dogry bolsa, we Hudaý bar bolsa, sen örän uly belalara galarsyň. Faraon öz maslahatçysyna ynanýar. Garaz Musaň gözi bilen seredende daş töwerekdäki märekeden biri agent Smita öwrüldi. Biziň ählimiz durmuşda şeýle zatlar bilen gabat gelýäs, biziň ählimize agent Smit kömek etdi, ýöne hemişe şeýle hadysalary tötänligiň hasabyna ýazýas, känbir ynanamzok. Meň özüm 2020-nji ýylda, jaý mirasy resmileşdirmek üçin natarýusa kän gatnaýardym, ýöne hiç işim ugryna bolanokdy. Resminamalarym tersdi. Ýöne barybir hepdede bir gezek natarýusa baryp, talon çekip nobata durýardym. Ol wagt jaý mirasy resmileşdirýän natarýuslaryň sany 5-6 sany bardy, onsoň ynsaplyrak bir oglana işim düşmezmika diýip umyt edýärdim. Iň soňunda nobata garaşyp otyrkam, gapylaryň birinden bir oglan çykdy we maňa seretdide meni öz ýanyna çagyrdy. Hiç zat diýmäň meň ähli işlerimi düzetdi, pulam soramady, resminamalaryňam ters diýmedi. Şol oglanyň kabulhanasyna men ilkinji natarýusa baramda düşüp görüpdim. Soň natarýusdan soň hasaba alyş palatasyna bardym, ol ýerde eýýäm meň rasminamalarymy görüp, seni natarýus geçirmeli däldi, seň ähli zadyň ters diýdiler, ýöne olarda eýýäm çykalga ýokdy, meň mirasymy hasaba almaly boldular.
<p dir="ltr">3-nji alamat "söweşjeň Perişde". Bu hem Hudaýyň goly. Konstantin Obrossow atly rus ýazjysynyň "Molot Wedm" atly örän gowy eseri bar, ana şol eseriň esasynda men "Söweşjeň Perişdäň" nämedigini düşündim. Eser baş gahrymanyň gündelikleri we Piter şäheriň polisiýasynyň arhiwlarynyň esasynda ýazylan. Eseriň manysy şeýleräk: 11 sany gyz, şeýtana çokunýarlar we aýda bir näçe gezek ýaňja dogan çagany gurban edýärler. Ýaňy dogan çagany tapmak üçin, 11 sany gyzyň biri, bäbekhanada işleýär we ejesi dogrup zyňyp giden çagalary ogurlaýar. 11 sany gyzyň her biriniň öz aýratyn durmuşy bar, olaryň biri küntüçilik bilen meşgullanýar, ýene biri talyp we şuňa meňzeş. Talyp gyz öz okuw jaýynyň bir dekanyny dogalaýar we şoň bilen ýaşaşyp başlaýar. Dekan 50 ýaşdan geçen adam we orta asyrlaryň taryhyny öwrenýär, wedma (jadygöý) aýallar barada kitap ýazýar. Iň soňunda ýaňky dekan özüniň dogalanandygyny bilýär we şol talyp gyzy ýigrenýär. Ol gyzy okuw jaýda giçlik bogup öldürýär, gyz bolsa jan bermäkä ol adamy gorkuzmak üçin jadygoý joralary barada aýdyp berýär. Onsoň ýaňky dekan, ömrüne erbet iş edip görmedik adam, galan 10 gyzyň gözlegine çykýar we gyzlaryň ählisini ýekeme ýeke gözläp tapyp, olary sorag edip, soň öldürýär. Gyzlaryň aýagyndaky barmaklaryny çapýar we diriligne ýakyp öldürýär. Polisiýa ol adamy gözläp tapyp bilenok, başy şlýapaly boýu uzyn adam, hatda wideokameralara düşensoň hem tanap bilenoklar. Jadygöý gyzlar özleriniň bir ujyndan azalyp başlanlaryny bilýärler, öz jadylaryny ulanýarlar, polisiýa bilen baglanşygy barlar, polisiýany ulanýarlar, ýöne hiç zat bolanok. Şonda 11 jadygöýüň biriniň kellesine dogry pikir gelýär: Ol adam Perişde, ony Hudaý biziň garşymyza ugratdy, ony hiç kim hiç haçan saklap bilmez. Hakykatda bolsa ol adam adaty adam, ýöne ony Hudaý adaty durmuş akymyndan sogurdyda, Öz işlerini etdirdi. Real durmuşda şuňa meňzeş adam bilen biz hem çaknyşyp gördük. 2019-njy ýyla çenli men we goňşularymyz öz iş kärhanamyzyň umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýardyk we şol ýaşaýyş jaýy sökülip aýryldy. Hemişe bolşy ýaly bizi köçe zyňjak boldular, fakt boýunça zyňdylaram. Ähli goňşylar öz iş ýerini ýitirmejek bolup goşlaryny alyp köçä çykdylar. Ýöne biziň içimizden bir adam tapyldy, ol hiç ýerik çykmady, umumy ýaşaýyş jaýynyň ýarsyny söküp aýyrdylar, ol barybir çykmady, suwy togy öçürüpdiler şonda. Garaz biziň ählimiz işsiz galaýmaly diýip gorkýardyk, ol oglan bolsa ähli hukuk goraýjy edaralara hat ýazýardy, biz bolsa gol çekýärdik. Birden başlyklarymyz soraýanda-da, haty biz ýazmadyk, hana şol oglan ýazdy, biz ýöne gol çekdik diýer ýaly. Garaz 2 ýyla çeken dawwa jenjellerden soň biz jaý aldyk, eger şol oglan adaty durmuş akymyndan daşyna çykyp, bize kömek etmedik bolsa, biz hakykatdan hem köçede galardyk. Dogrymy aýtsap şol oglany diňe 2014-nji ýyldan bäri tanaýas we beýle zatlary garaşamzokdyk. Bizi jaýdan kowup ýören wagtlary etrap polisiýaň işgärleri şol oglanyň suratyny telefondan telefona paýlaşyp durdylar. Ýöne hiç zadyp edip bilmediler, oglan şu wagydam işläp ýör, bolmasa işden boşadarys diýdiler, basyrys tutdyrys diýdiler, ýöne hiç zadam edip bilediler, şol oglanyň üsti bilen 64 hojalyk jaý aldy. Soň ýene hiç zat bolmadyk ýaly, goňşam bolsak köçede-de göremzok, aýalyny çagalaryny görýäs, özi hamala ýok we hiç haçan bolmadyk ýaly. Garaz umumy pikir şeýle, Hudaý öz işlerini amala aşyrmak üçin, adaty durmuş akymyndan käbir adamlary soguryp alýar we öz işleri üçin ulanýar. Ähli işler tamamlananydan soň, ýene yzyna gaýtaryp goýýar.
Geň-taňsy wakalar