"Öz ülkesiniň jadygöýi" atly eser 1900-nji ýylda ilkinji gezek Amerikaň birleşen ştatlarynda çapa çykýar we eseriň awtory Frenk Baum. Häzirki wagtda bu eser klassiki eser hasaplanylýar, bu eser esasynda 1939-njy ýylda düşürlen kinofilm, kinosungatyň taryhynda iň gowy kino eser hasap edilýär. Eser biziň döwrümizde hem ünsden düşenok, köp ýerde agzalýar, Amerikaň birleşen ştatlarynda çagalar bagyndan başlap çagalary şol eser bilen tanşdyrýarlar. Esere bolan üns ýöne ýerden däl, biziň ählimiz duşmanyň döredýän informasyýa meýdanynda ýaşaýas we şol sebäpden dilden düşmeýän islendik önümde hökman informasyýa zyýany bolaýmaly. “Oz ülkesiniň jadygöýi” atly eser hem şol kanundan çykanok. Eseriň getirýän zyýanyny düşündirmek üçin, eseriň mazmunyny agzap geçme zerurlygy bar:
Doraty atly gyzjagazy oň ýaşaýan öýü bilen we oň kiçijek köpegi bilen bilelikde, tüweleý götürüp alyp gidýär we ýat ülkelere taşlaýar. Doratyň düşen ülkesi edil ertekilerdäki ýaly jadyly we ol ýerde jadygöýler we başga jadyly jandarlar ýaşaýar. Doratyň öz ýaşaýan ýeri Amerikaň Kanzas atly şäheri, (ýa-da welaýaty, anyk bilemok). Doratyny bir jadygöý aýal garşy alýar we gyzjagaza oň düşen ülkesi barada gürrüň berýär. Gyzjagazyň düşen ülkesi daş töweregi çöllük bilen gurşalan we ol çölleri geçip bolanok. Şu ýerde çöllük bilen gurşalan ülkäni gowja ýatda saklaň, bize soň gerek bolar. Doraty öz öýüne, Kanzasa düşesi gelýär, emma gyzjagazyň häzirki ýerinde Kanzas barada hiç zat bilenoklar. Ýöne zümmür şäherde örän güýçli jadygöýüň ýaşaýanyny aýtýarlar, şol jadygöý seni Kanzasa oklap biler diýýärler. Doraty zümmür şähere tarap ýola rowana bolýar, ol şähere sary kerpiçden örülen ýol alyp barýar, ýol ugry gyzjagaza garantky sataşýar, soň demirden adam we ýolbars. Olaryň ählisi gyzjagaz bilen zümmür şähere rowana bolýarlar. Gyzjagaz Oz ülkesiniň jädygöýünden öýüne düşmegi sorajak bolýar, garantky özüni samsyk hasap edip jadygöýden beýno sorajak bolýar, demir adam bir gyzy söýmek üçin özüne ýürek soramakçy bolýar, ýolbars bolsa haýwanlaryň patyşasy bolmak üçin, özüne batyrlyk soramaga barýar. Ýolagçylar az ýöräp köp ýöräp iň soňunda zümmür şähere barýarlar we jadygöý bilen duşuşmaga milt edeýärler. Oz ülkesiniň jadygöýüniň ady hem Oz bolup çykýar. Jadygöý bu 4 sany myhmanyň her birini aýratynlykda kabul etjekdigini aýdýar we her gün bir adamy kabul edýär. Jadygöý birinji Doraty bilen duşuşýar, ol gyzjagazyň gözüne äpet gürleýän kelle bolup görünýär, jadygöýüň hakyky keşbini entek gören adam ýok. Doraty öz islegini aýdýar, gürleýän kelle bolsa oňa öz şertini aýdýar:
- Günbatarda höküm sürýän jadygöý aýaly öldürüp geleniňden soň seni Kanzasa ugradaryn - diýýär.
Ertesi gün Oz jadygöý garantky bilen görüşýär, bu gezek garantkyň gözüne elhenç jandaryň keşbinde görünýär we garantkyň beýni baradaky dileginiň ýerine, oňa hem günbatardaky jadygöý aýaly öldür diýýär. Garaz Oz jadygöý 4 sany dostlaryň hersiniň gözüne bir keşpde görünýär we olaryň dilegleriniň her birine, günbatardaky jädygöý aýaly öldürüp soň geliň diýýär. 4 sany dostlar şeýlede edýärler, bir giden başdan geçirmelerden soň, jadygöý aýaly öldürüp, ýenede Ozyň köşgüne dolanýarlar. Oz bir bada öz söz beren zatlaryny ýerine ýetirmäge howluganok. Sebäbi ol ýerine ýetirip hem bilenok, sebäbi Oz adaty adam bolup çykýar, buny Doraty, demir adam, garantky we ýolbars tötänlikde bilýärler. Oz atly jadygöý ýöne bir sirkiň gözbagçysy bolup çykýar we ony hem, edil Doraty ýaly birmahallar bu ülkä şemal getiripdir. Oz sirke çagalaryň ünsüni çekmek üçin, howa şarda uçýan eken we günleriň birinde ony şemal alyp gidipdir we ol şu wagtky ülkä düşüpdir. Oz asmandan ineni üçin, ony asman ýaşaýjysy diýip kabul edipdirler we ony beýik jadygöýleriň hasabyna ýazypdyrlar. Ozyň öz aýtmagyna görä, ol ýerli ýaşaýjylary aldamaga mežbur bolupdyr. Elbetde ertekiň dowamy bar, men soňuna çenli gürrüň bermedim, sebäbi eseriň zyýanly ideýalaryny açmak üçin eseriň şujagaz bölegi hem ýeterlik.
Eser nädip zyýan ýetirýär? Ilki bilen eseriň diňe ýewropa halklaryna degişlidigini hasaba almaly, ikinjiden bolsa eser çagalar bagyndan başlap tanşdyrylýar. Doraty gyzjagazyň düşen ülkesiniň daş töweregi çöl beýewanlyk bolup durýar, bu ilki bilen adamyň aňynda Arap we afrika ýurtlary bilen asosasyýa döredýär. Ülkäni dolandyrýan jadygöý we soňunda ýalançy bolup çykan sirk gözbagçysy, Pygamberler bilen asosasyýa döredýär. Asosasyýa mehanizmy praktikada nähili işleýär? Mysal üçin sen, Oz ülkesiniň jadygöýi eserini çagalykdan bilýäň, ony okadyň we çeper kinofilma tomaşa etdiň. Aradan köp wagt geçdi, sen ulaldyň ösdüň we öňüňden Pygamberler barada informasyýa çykdy, ýa-da seň özüň ýaşyň geçmegi bilen din bilen gyzyklanyp başladyň. Musa pygamber, Ysa Pygamber, ýa-da Muhammet Pygamber, kim bolandada tapawudy ýok. Eger Pygamberler bilen gyzyklanyp başlasaň, ilki bilen seň öňüňden çykýan informasyýa, Pygamberleriň görkezen gudraty. Musa Pygamber öz hasasyny ýylana öwürýär, Ysa Pygamber ölüleri direldýär, Muhammet Pygamber aýy ikä bölýär we şuňa meňzeş gudratlar. Elbetde sen gudrat barada pikir etmeli we gudraty Hudaýyň bardygynyň subutnamasy hökmünde kabul etmeli, ýöne seň aňyň beýle hereket edenok. Seň aňyňda bir ýerlerden Oz ülkesiniň gözbagçy ýalançy jadygöýi janlanýar we ters pikirleriň üstünden eltýär: -Birden Pygamberler öz wagtynyň gözbagçylary bolaýmasyn? Yzagalak çöl halkynyň arsyna tötänlikden düşen örän mekir adamlar? Ösen tehnalogiýalar yza galak halklar üçin elmydama gudrat we jady bolup görünýärä?
Adama bigäne we zäherli pikirleri şeýle usul bilen ornaşdyrylma tehnalogiýaň ylmy ady maňa belli däl, ýöne şeýle usuluň hökman ylmy ady bolaýmaly? Eýsem şeýle tehnalogiýa nädip işleýär. Eger adaty adamlara Pygamberler ýöne bir gözgabçylar we jadygöýler diýseň? Özem öz zehinlerini hökmürowanlyga ýetmek üçin ulanypdyrlar we adamlary aldapdyrlar diýseň. Hudaý diýen zat bolsa samsyk adamlary dolandyrmak üçin ýöne bir bahana diýseň. Adamlarda aýdylan sözlere garşy kritika döräp başlaýar, näme üçin kimdir biri maňa akyl satýar diýýär? A ideýany ýokarda agzalan usul bilen adamlara ýetirseň, adam şeýle pikire özi gelendir öýdýär we oň kellesinde kritika döränok. Başgaça aýdaňda kimdir biri bize haýsam bolsa bir agajyň tohumny berdi, biz bolsa ol tohumy öz howlumyzda ekdik. Netijede ýetişen agaç biziň agajymyz, tohumy başga birniň berenine garamazdan. Ýöne agaç biziňki bolany bilen hem, ol agaç tohumy beren adamyň islegine görä ýetişýär. Eger bize alma agajynyň tohumny beren bolsalar alma ýetişçär, eger nar agajyňkyny beren bolsalar nar ýetişýär. Ýöne barybir biz agajy öz agajymyz diýip hasaplaýarys.
Şeýle usuluň bardygyny käbir adamlara aýdyp bereňde, şeýle inçe usul bilen işlemäge adamzadyň akyly çatyp bilermi diýip soraýarlar. Ýok, bu adamzadyň tehnalogiýasy däl, bu şeýtanyň tehnalogiýasy. Şeýtan adamlara şeýle etmelidigini öwredýär. Ýönekeý mysal, eger ýokarda agzalan usul bilen adamlarda gowy pikirleri oranşdyrjak bolsaň, nýetiň başa bararmy, ýa-da şeýle usul diňe ýaramaz pikirleri ýaýratmakda işleýärmi? Meň pikirimçe şeýle usul diňe ýaramaz pikirleri adamzada urnaşdyrmakda işleýär. Ol hem näme üçin? Şu ýerde azajyk hakyky dünýäden daşlaşmaly boljak we azajyk fantastiki zatlar barada agzamaly boljak. Her bir adamyň ýanynda oň ýoldaşy, öz şahsy jyny bolýar. Näme üçindir Beýik Ýaradyjy şeýle baglanşyklary döretdi. Her bir adamyň ýanynda bir jyn bilen bir Perişde bolýar. Ýokarad agzalan usul bilen adamyň kellesine ekilen ideýa, her bir adamyň jyny üçin gowy argument bolup hyzmat edýär. Biziň jynymyz hiç haçan gowy ideýalary biziň bähbidimize ulanmaz, ýöne temada agzalan ideýany bize häli şündi ýatladar durar. Biz Oz ülkesiniň jadygöýi eseri okarys, çeper filme tomaşa ederis, biz bir bada ol eserde hiç hili erbet zat hem görmeris, emma biziň içimizdäki jynymyz, biziň pikirlerimizi şol eseriň esasynda özüne we şeýtana gerek akyma sürer. Dogrymy aýtsam şeýle ýagdaý döwrebap mas-mediýaň ähli pudaklaryna degişli. Biziň iýýän ähli informasyýamyz şeýtan tarapynda öndürülýär we biziň şahsy arwahymyza degişli bolup durýar.
Geň-taňsy wakalar