10:58 Hudaýyň goly: ikinji alamat | |
HUDAÝYÑ GOLY: IKINJI ALAMAT
Geň-taňsy wakalar
Zeminde ähli zady Hudaý dolandyrýan bolsa, diýmek ähli zatda Hudaýyň goly bolmaly? Özem hiç kim tarapyndan gaýtalap bolmajak goly, zemindäki hiç bir güýç, zemindäki prosesleri Hudaý ýaly ussatlyk bilen dolandyryp bilenok. Elbetde ähli zady mysal getirseň has düşnükli bolýar, ýöne şu tema boýunça mende real durmuşdan mysal ýok. Dogrusy mysal bar, ýöne realda tanaýan adamlarymyň göwnüne degesim gelenok we barybir meniň mysalym känbir ynandyrjy bolmaz. Ýöne, onuň ýerine çeper edebiýatdan diýseň gowy mysal bar, ol hem meniň iň gowy görýän eserim. Şol eseri ilkinji gezek okan mahalym, nämäniň nämedigine doly düşünmedim, ýöne örän wajyp bir zatlar eşidenime ynanýardym. Hudaýyň golunyň alamatyny düşündirmek üçin, azajyk eseriň sýužetini aýdyp bermeli boljak: Eseriň ady “Kafka kenarda”, ýapon ýazyjysy Haruki Murakaminiň eseri, dogrymy aýtsam şu eser barada gürrüň bermek maňa agyr düşýär, ýöne gynansam-da Haruki Murakamiden başga, şu tema ýakyn baran awtor ýok. Saýeki atly bir ýaş gyz, 15 ýaşyndan başlap bir oglana aşyk bolýar, ol oglanyň ady Kafka. Ol oglan Frans Kafkanyň eserlerini halany üçin, özüne şol lakamy saýlap alýar. Kafka baý maşgaladan, öz başlaryna köne kitaphanalary bar we oglan şol kitaphanada ýaşaýar. Kafkany söýýän gyz Saýeki bolsa, şol kitaphanada oglan bilen wagtyny geçirçýär. Saýeki üçin oň durmuşunyň iň bagtly günleri, onuñ 15 ýaşyna düşýär. Soň Kafka Ýaponiýanyň paýtagtyna Tokio okuwa girýär we öz söýgülsini taşlamaly bolýar. Gyza aýralyk agyr düşýär, ýöne ýagdaý az wagtdan soň has agralýar, sebäbi Kafkany Tokioda urup öldürýärler. Soň Saýeki atly gyzyň dünýesi bulaşýar, öz ýaşaýan şäherini taşlap gidýär, başga birne durmuşa çykýar, bir çaga dogurýar we ol çagany dört ýaşynda taşlap, öz köne şäherine barýar. Öz öňki söýgülsiniň maşgalasy ol gyza şol köne kitaphanadan iş berýärler. Kitaphana bolsa şahsy ýagdaýdan, köpçülikleýin ýagdaýa geçýär, şol kitaphanany bolsa Saýeki dolandyrýar, kitaphananuñ ikinji gatynda, oň Tokiodo wepat bolan söýgülsiniň otagy bar. Indi ikinji sýuzet barada aýdyp bermeli. Kitabyň baş gahrymany Tamura familýaly 15 ýaşly ýaş oglan, ol dört ýaşynda wagty ejesi bilen kakasy aýrylyşýar we ony ejesi kakasyna goýup gidýär, iň bärkisi hoşlaşanogam. Tamurany geň galdyrýan zat, oň ejesi ondan geçip, öz ýany bilen gyzlyk alynan gyzy alyp gidýär. Tamura näme üçindir özüne Kafka diýen lakamy alýar. Hawa, edil öz ejesiniň birinji söýgülsiniň lakamyny. Kafka Tamuraň kakasy, öz aýalyny aýralyk üçin bagyşlap bilenok we şol sebäpden öz aýalyndan ar almak isleýär. Ol öz ogluna ol entek kiçi wagty birje gezek şeýle diýýär: Sen ulanarsyň we meni öldürersiň, özem öz ejeň bilen ýatarsyň (jynsy gatnaşyk manyda), belki öz aýal doganyň bilen hem ýatarsyň. Kafka Tamura bir bada kakasynyň aýdan sözlerine düşünenok, ýöne wagtyň geçmegi bilen ol sözler Kafkada edil programma ýaly işläp başlaýar, Kafka öz ejesi bilen ýatasy gelýär we öz kakasynyň onuñ kellesine şeýle pikirler bilgeşleýin guýanlygyna ynanýar, öz aýalyndan ar almak üçin. Kafka Tamura 15 ýaşynda öz öýünden gaçbar, sebäbi 15 ýaşap öz kakasyny öldürerin öýdýär, edil öz kakasynyň aýdyşy ýaly we aýlanyp aýlanyp öz ejesniň ýaşaýan şäherine we öz ejesiniň işleýän kitaphanasyna barýar. Ol başda kitaphana ýöne kitap okmaga gatnaýar, soň ol ýerik işe girýär, soň ýaşamaga ýeri bolmansoň, kitaphanaň 2-nji gatyndan oňa ýaşamaga ýer berýärler. Şu ýerde ykballaryň ählisi kesişýär: Saýeki atly aýal, kitaphananyñ müdiri, öz durmuşynda iň bagytly günleri, öz 15 ýaşyna düşdi diýip pikir edip ýören, we şol günleriň hyýalynda gezip ýören aýal. Ençeme ýyllardan soň, öň söýgülsiniň otagyna 15 ýaşly oglan göçüp gelýär we ol oglanyň ady hem Kafka. Şu ýerde Saýekiň islegi hasyl bolýar. Kafka Tamura, kakasynyň kellesine guýan programmasyndan soň, öz ejesi bilen ýatmak barada köp pikir edýär we dönüp daşyp öz ejesine duşýar, oň hem islegi hasyl bolýar. Kafka Tamuraň kakasy, öz aýalyndan (şeýle usul bilen) ar almak isleýär we başga bir mistiki ritwal üçin ölesi gelýär, ol adamyň hem arzuwy hasyl bolýar. Eseriň bir ýerinde Kafka Tamura öz ejeisnden sen näme üçin meni taşladyň diýip sorag berýär, (4 ýaşynda wagty taşlananyny göz öňüne tutýar), Saýeki bolsa oňa öz 15 ýaşly wagtyndaky söýgülsine berjek jogabyny berýär, Sen meni taşlanyň üçin men seni taşladym. (bu ýerde 15 ýaşly Kafkaň Saýekini taşlap tokiýa okuwa gitmegi barada gürrüň gidýär) Dogrusy kitapda azajyk başgarak, men diňe manysyny getirdim. Gepiň gysgasy awtor Haruki Murakami näme diýjek bolýar? Awtor Hudaýyň gollarynyň iň Beýik alamatynyň birini görýär we şony şekillendirmäge synanşýar. Bu kitapda ähli gahrymanlar öz isleýän zatlaryna ýetdiler, ýöne iň geň ýeri, ähli zat bir nokadyň üstünde çözüldi. Birinji adamyň isleýän zady ikinji adamyň isleýän zady bilen gabat geldi, ikinji adamyň isleýän zady üçinji adamyň islegi bilen gabat geldi. Mysal üçin Saýeki atly aýal, 56 ýaşynda we günde diýen ýaly kitaphanada öz söýgülsini ýatlamaga mežbur bolýar we hyýalynda şol günleri janlandyrýar. Elbetde ol aýala oň isleýän zadyny bermek üçin, Hudaý durmuş sinariýasyna islendik bir köçeden geçip barýan 15 ýaşly oglan bilen Saýekini duşuranok. 15 ýaşly oglanyň hem öz şahsy islegleri bar we iki isleg birek birege gabat gelýär. Şol eserden ýene bir mysal getireýin we bu mysal esasy sýužeta känbir degişli däl. Ýaponýada bir mugallym aýal, tebigaty öwreniş sapagynda, mekdep okuwçy çagalary daga gezelenje kömelek çöplemäge çykarýar. Gezelenç wagtynda ol aýalda duýdansyz aýbaşy başlaýar we aýal alaçsyzlykdan ýanyndaky bir polatensa süpürinýär we ony bir ýerlerik zyňyp göýberýär. Soň ol polatensany tötänden çagalaryň biri tapýar we mugallyma gitrip berýär, özem nämäň nämedigine düşünmän. Mugallym bolsa ol çaga erbet edip käýeýär we yz ýanyndan ökünýär. Sebäbi çagalaryň ählisi diýen ýaly ýetim, sebäbi ol wagtlar ikinji jahan urşy gidip durdy. Mugallym käýänden soň, çagalaryň ählisi gezekli gezegine özüni ýitirip başlaýarlar we esli wagtdan soň özlerine gelýärler. Mugallyma polotensäni getrip beren oglanjyk, ömrüniň soňuna çenli aklyndan azaşan bolup galýar. Bu ýerde mugallymyň çagalara gygyrmagynyň hiç hili dahylly ýeri ýok. Çagalar daga çykyp barýan wagty asmanda bir ýerde duşman samalýodymy, ýa-da başga planetadan gelenleriň gämisini, şuňa meňzeş bir zat görýärler. Bu ýerde awtoryň aýtjak bolýan zady, hatda şeýle uly wakalarda-da, çagalaryň asmanda görmesiz zat görüp we çaşmaklary hem, mugallym aýalyň örän utanan zadyny gizlemekde getiren peýdasy bar. Mugallym aýal esasanda oňa platensany getirp beren çagajygyň hiç haçan öz huşuna gelmezligini isledi, ol çaga öz akylna dogrudan hem gelmedi, ýöne mugallymyň bu ýerde dahylly ýeri ýok, ol çagaň başga bir maksady bardy. Hudaý adam ykballaryny örän ussatlyk bilen dokaýar, köp halatlarda Hudaýyň alyp barýan proseslerini sözde-de aýdyp bolanok. Mysal üçin, hekaýa we başga zatlary ýazmaga synanşaňda, sýužet owadan bolar ýaly, ýa-da ideýany okyýja gowy ýetirmek maksady bilen, hekaýa goşmaça bir personaž girizmeli bolýar, şeýle ýagdaýlar dünýewi edebiýatda köp gabat gelýär. Ol personažyň eserde başga bir işem ýok, sýužetiň birje ýerini ýamamaly we soň eserden baky ýitip gitmeli, bu adam beýnisiňiň bar işleýşi. Hudaýda bolsa ýagdaý beýle däl, goşmaça personaž Hudaýa gerek däl, Ol sýužetdäki ähli deşikleri ýerli personažlar bilen ýamaýar. Bize bolsa diňe haýran galaýmak galýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |