20:27 Durmuşyň özi aýdym / roman | |
DURMUŞYŇ ÖZI AÝDYM
Romanlar
Birinji kitap Ýaza Soltanyň guly Huseýin hajy Giriş Türkmeniň taryhyna gysgajyk göz aýlasaňam onuň adam mertebesini, namysyny baýdak edinendiginden habar berýär. Geçmişde onuň iri-iri ogullary, ýönekeý pähimdarlary, garadangaýtmaz gerçekleri baradaky rowaýata meňzeş gürrüňleri biziň günlerimize ýetdi. Men kowumlarym barada kakamyň atbakary Huseýin agadan eşiden gürrüňlerimiň gylyny gymyldatman dykgatyňyza ýetirmegi ýüregime düwdüm. Dogry, sowatlylygymyza garamazdan ata-babalar, şol sanda biz hem ýazgy ýöretmändiris, maşgalada bolup geçen belli belli seneler, wakalar ýatda galan bolaýmasa kagyza geçirilmändir, parhy bilinmändir. Men goşun gullugynda gündelik ýöredip başlapdym. Ony waraklap otyrkam halal zähmet çekmek, iýjek çöregiňi halal iýmelidigiň baradaky ýazgylara köp gabat geldim, asly kökümiz, gelip çykyşymyz, ýedi arkamyz, atam Ýaza Soltan, garry atam Ärnepes batyr (Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” eserinde Nepes batyr) hakda-ha däl, kakam Nepes şura barada, olaryň ýaşan ýerleri, dem alan howalary, taryhy barada ýazgy ýok, onda diňe iş, iş, kommunizme ýakynlaşýanlygymyz barada mahabatlar . Beýle ýagdaý diňe men-de däl, biziň köpümizde dowam edendir . Her halda ýat, huş diýilýän bir zat bar, ol ýoldaşyň, ýöne ony unudýan wagtyň bolýar. Hiçden giç ýagşy ýörelgä eýerip, men atam, kakam barada Huseýin aganyň aýdanlaryny palta bilenem çapyp aýryp bolmajak kagyza geçirmegi ýüregime düwdüm. Obamyzyň hakydasynda galýan adamlarynyň zähmet we durmuş edermenliklerini, oňa ýetiren täsirlerini, goşantlaryny bilmek biz üçin wajyp diýen düşünje bilen şu setirler ýazyldy. Dogry, 970-1220-njy ýyllara çenli türkmeniň ilki Gaznaly, soň Seljuk hanlary baradaky taryhy maglumatlary ,1800-njy ýyllarda Andalybyň dört, Azadynyň üç, Akmuhammediň, Nyýazgylyç halypanyň Abdyset daryň hersiniň bir dessany bar, ýöne olaryň içinde Azadynyň “Wagzy azat”, Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” eserleri türkmeniň ykbaly bilen öz dünýälerini baglandyklary üçin biziň kalbymyza siňip gitdi. Olarda goňşy döwletleriň arasynda paýlaşyga düşen türkmeniň özüni deňli-derejeli, bütewi, agzybir döwlet hökmünde göresi gelýändigi teswirlenýär. Hasam “Jeňnamada” Eýran, Hywa, Buhara hanlarynyň türkmeni alamançy, çapawulçy, şerbaşy, bozgak, bibaş , dek gezmeýän , mydama günä edýän halk diýip, olary bakna etmekdäki basybajylykly syýasatyny aklajak boluşlary, söweş sahnasynda türkmeni gorkak, züwwetdin, ejizeganym, azgyn, gula gyzýan söwdegär görkezip, beýle işi has köp edýän özlerini rehimdar, bozgagy ýola salýan, rahatlygy ýola goýýan adyl, dana edip görkezýändikleri ynandyryjy beýan edilýär. Olar öz wagşylygyny nädip hem bolsa basyrjak ,türkmeniň üstüne ýüklejek bolup, mekirlik, bir-birine al salmak, kişi ykbalyny humara goýmak, wagşy hyýanat ýaly hereketlere ýüz urýarlar. Onsoň şol wagt halky töhmetden, galplykdan goraýan, çet ýurt taryhçylarynyň atýan myjabatlaryny ýalana çykarýan, basybalyjylaryň düýp maksadyna türkmeniň gözi we bähbidi bilen garaýan şeýle ajaýyp eser edil howa ýaly gerekdi. Meniň nygtajak bolýan zadym, alamançylyga, 1930-37-njy ýyllaryň tutha-tutlugyna we soňky ýyllara bagyşlanyp ýazylan bu eseriň bolşewikleriň günäsi bilen dörän halk göreşiniň ar-almak, gaýrowul bermek, özüňi, ili goramak üçin edilen hereketdigini açyp görkezmek den, tolgunmalaryň , käte –käte jogap hereketleriniň meslikden ýa bulagaýlykdan däldigini orta çykarmakdan ybaratdyr. Onuň ýerine düşenini, düşmäni kesgitlemek size bagly, gadyrly okyjym! – Ýazar. 1. Kakam Nişapur şäherinde belli dellekçiň biridi-diýip,urşuň yz ýanlary sekiz ýaşlarymdaky çaga wagtym, Huseýin aga başyndan geçiren wakalaryny gürrüň bermäge başlady, üç ýaşyna giden uýam,ekizleriň biri Hesel ýanymdan aýrylmaýardy, gysmyljyraýardy, gujaklaýardy,öz dilinde nämedir bir zatlary jedirdeýärdi,menem onuň kinniwanja barmajyklaryny gysymlap, mähir-muhabbet bilen oňa bakýardym-da “Hany ýuwaşja bol, gürrüň diňläli” diýýärdim. - Haçan-da kakam ejem bilen ymam Huseýniň Kerbeladaky mazaryna sejde etmäge giden-de, men doglupdyryn - diýip, Huseýin aga gürrüňini dowam etdi. - Şu ýagdaý öň şäherde ady belli Hasan dellekçi adyna eýe bolan kakamyň indi Hasan Kerbela, maňa bolsa Huseýin hajy diýip ýüzlenmeklerine sebäp bolupdyr, näme üçin diýeniňde men keramatly ýere zyýarata barýarkam, hajy ýolunda dogulanmyşym, biz şaýylar diňe şu toprakda okalýan namazyň kabul bolýandygyny ykrar edýäris..Haja gidip gelensoň kakamyň müşderileri görnetin artdy. Her kim keramatly haç borjuny berjaý eden adama sakgalyny, saçyny syrdyrjak, garyp gasarlaryň -a şondan soň, günleriniň gowulanjakdygyna bolan ynamlary hem artýar, alyp-satarlaram kellelerine keramatly adamyň eli degse, alyjylary çürkemek aňsat bolar diýip ynandylar. Şondan soň aladamyz artdy, kakam işine ýetişmän başlady. Ýedi sekiz ýaşa aýak basanlygyma garamazdan ol maňa çopanlaryň we bazardaky ýükçileriň saçlaryny syrmagy ynanyp başlady, ”Seni sertaraş etjek” diýdi. Men ilki ondan hünär bolmaz diýdim, emma kakamyň talap etmegi bilen razy boldum. Şeýdip işläp başladym. Ilkinji müşderimiň gara gan bolan kellesi gymmada düşdi, şonda-da näme adamlar, ol-a ýaralanmak ekeni,başlary aýrylsa-da haj ýolunda dünýä inen çaga kellelerini ynanmany özlerine bagt saýdylar. Bir çopan ýigidiň hamynyň esli ýerini kessemem, ol ganyny sarkyryp, hiç zat bolmadyk ýaly:”Zeleli ýok, ahyrym öwrener siň, käte şeýdip ganyňy akdyrmak peýdaly, ýogsam men oýun etseler halamok”diýip, arkama kakýar. Bulaň baram meniň haç ýolunda dogulmagymyň netijesi. Şäheriň çetkiräjik bir metjidinde gulluk edýän ymamyň, baş metjide işe geçmek arzuwy bilen haraý isläp, her hepde diýen ýaly “sakgalyny syrdyrmaga” gelmegi, meniň soňky ykbalyma öz täsirini ýetirdi. Kakam ”Alla, onuň ýerdäki wekili Ala gulluk edýän keramatly ymamdan pul aljak däl”diýip, onuň sakgalyny mugt syrdy, olam öz gezeginde maňa bilim bermegi boýnuna aldy.Bizde pygamberiň giýewisi bolan Ala we onuň çagalaryna uly söýgi bar, pygamber, Hudaý, halypa diňe onuň neslinden çykmaly diýen ynam bar, şol sebäpli hem pygamberiň egindeşlerini garalamagy gowy gördük, Jebraýyl aleýhissalam pygamberligi Ala bermegiň deregine ýalňyşyp Muhammede beripdir diýip, onuň hadyslaryny öz islegimize görä ulanmaga başladyk hem-de bize ynanmaýanlary aldamak, gerek ýerinde ýok etmekden hem gaýtmadyk. Ine men şeýle ýörelgä eýerýän ymamyň elinde okamany, ýazmany öwrendim, elim boş wagtlary bolsa saç syrdym. Ýaşym on alta ýetende men eýýäm ökde sertaraş belli bir derejede bilimli boldum, onuň daşyndan hammamlarda adamlaryň arkalaryny ýuwmakda,ýumşajyk ellikler bilen süpürmekde, damarlaryny oýkalamakda at alyp ugradym. Meni okadýan ymamyň, şäheriň belli şahyrlarynyň üsti bilen beýik Saadiniň, Hafiziň eserlerinden mysal getirip, süýji dilde, ýakymly geplemäni öwrendim. Şeýdip, hyzmat edýän müşterilerimiň üsti bilen meniň adym ile ýaýrap ugrady, indi meni Huseýin hajy diýip tanap başladylar. Asly Bagdatly Osman atly türk söwdegär kellesini syrdyrdy we türk dilinde geplemäni öwretjek boldy,sakgal syryp,okap-ýazyp bilýänligim üçin meni gulluga ýanyna çagyrdy. Bu barada kakamdan maslahat soramda garşy boldy, soňam ”Söwdegär gezende adam, bu gün bolmasa erte öler, baýlygam saňa galar”diýdi-de, goşlarymy düwüp, iki sany täze päkisini hem berdi. Ejem bolsa meniň birden baýap, atly-abraýly adam boljagyma şübheli garady, sünnä uýýan türke gullukda durmagymda gowulyga garaşmaýanlygyny syzdyrdy. Ejem howatyrlanýar diýip, ymamdan gelejegimi soranymda, ol aklygymy garbap ”Ýoluň pagtadanam ak,arkaýyn gidiber” diýdi. Şondan soň ejem ynjaldy, horjunymy taýýarlap, gaýdyp gelerim ýaly öýüň gapysyndan götün çykaryp goýberdi. 2. Men Osman aga atlandyrylan hojaýynym bilen Nişapurdan bagana alyp, onam Stambulda satmak üçin, bezirgeniň tozany bilen ugradym. Osman aganyň daş keşbi edil ýüregi ýaly gara bolmasa-da, garaz garaýagyzdy. Ýolda ýoldaş bolmasaň adam tanap bolmaz ekeni. Başga bir tarapdan ol erjel musulmandy, aňzakly howada hem kellesini aýagyny ýalaňaçlap täret kylardy, namaz okardy, meniň ýanymda agzamasa-da, Hezreti Alyny gowy görmeýänligi bildirýärdi, ýöne ony pynhan saklaýardy. Oňa derek baýlygy, keýpi, bizde şailarda ýorgünli bolan wagtlaýyn nika rugsadynyň bardygyny, iýip-içmäni, suw çilimini sokurdadyp sormany, käte gizlinlikde çakyr içmäni gowy görýärdi, il ýüzüne bolsa aşgazanyňy zaýalaýan bu içginiň haramlygyny dilinden düşürmeýärdi. Iki ýüz gatyr we ýüz düýe ýükli kerwen ýaz aýlarynyň başynda ugrady. Osman aga özüne bir gowy gatyr satyn alyp, maňa bolsa üstüne suwly çylym, teletin suw gaby, gazan, bir halta kömür, odun, egin-eşikler ýüklenen, garrap halys tapdan galan agsak atyny berdi.Nahar taýýarlaýan, aşagymyza haly ýazyp ýygnaýan, düýeleri owsarlap, gatyrlary, atlary agyzdyrklap seredýän kömür ýaly gara gul bolsa, üsti gap-çanakly, ýorgan düşekli başga bir gatyrda, iki sany içi baganaly uly ganar ýüklenen üçünji gatyry yzyna tirkäp, edil düýä it üýren ýaly bolup barýardy. Osman aga ol ganarlaryň birinde puluny gizläpdi, elli tümeni bolsa gara gün üçin gerek bolar diýip, egnindäki ýeňsiziniň içine tikipdi. Ony diňe men bilýärdim. Kerwendäki adamlaryň umumy sany bir ýüz ellä golaýlaýardy, içinde ymam Ryzanyň Maşatdaky guburyna zyýarata barýanlaram bardy. Olaryň köpüsi garyp gatlagyň wekilleri, daýhanlar, senetçiler, sopular, gedaýlardy, ýagny, durmuşlarynyň gowulanmagynyň aladasy bilen dilege barýanlardy. (Barly gatlagyň beýle zat ýadyna hem düşmeýärdi, olar puluň daşyna zyýarat etmäni gowy görýärdiler.) Kerweni goraýanlaryň elleri ýaraglydy. Osman aga gylyjyny egninden asyp, iki sany kelte, bir ak saply pyçagyny guşagyna gysdyryp, boýnuna asylan suw çylymy telpeginiň deňinde galgadyp barýardy. Mende, şeýle ýaraglaryň üstüne naýzam hem bardy, zeňňi gulda bolsa jonnuk posly gylyç bardy. Daşyn dan göräýmäge haýbatly görünselerde ýolagçylar ýuwaşdylar. Agşamky düşlegde men olaryň saçlaryny syrýardym, Osman aganyň aýaklarynyň damarlaryny owkalaýardym.Şeýdip iki gün ýol ýöredik, üçünji gün ir bilen bir gaçgaga duşup,ýeňilmezek patyşanyň eden oňaýsyz hereketlerine gaharlanan türkmenleriň ýoly eýeländiklerini, eýýäm bir kerweni talap, adamlaryny gul edendiklerini eşitdik. Asyl, soň görüp otursak, ors patyşasy özüniň Tährandaky ilçisi Griboýedowyň üsti bilen eýran-rus araçäklerini aýdyňlaşdyranda, bir gijede serhet bir obany ikä bölüpdir. Muňa gaharlanan türkmenler ilçi Griboýedowy öldürip, öýüni otlap, patyşanyň hem garşysyna baş galdyrypdyrlar. Wagşylaryň bu eden-etdilikleri bolsa biziň ýola çykan wagtymyza gabat gelipdi. Mundan gaty gorkan Osman aga ýoluny dowam etdirmegi bes etmek isledi, emma soňky günler Stambulda bagananyň bahasynyň has ýokary galanlygyny eşidip, özi ýaly söwdegärler bilen maslahatlaşdy. Ahyrym meniň gaýduwsyzlyk, mertlik görkezilmese gazanç gazanyp bolmaz, sebäbi bu häsiýetler adamyň islegine ýetmekdäki iň gysga ýoldur diýenim bilen ylalaşdy. Munuň üstesine-de, yzymyzdan gelip ýeten başga bir kerwendäki biri ”Men Şir Hudanyň ogly Rüstem pälwan, ýigitlerim bilen kerweni goraýan. Bir gezek dagy üstüme çozanlaryň kellelerini Tährana hem eltdim. Indem, bahamy ýetirseňiz ýeke özüm olaryň, döwleriň garşysyna duraryn” diýip, türkmenler barada kemsidiji sözlerini dile getirdi.Muny eşiden Osman aga pikirini üýtgetdi-de, ýoluny dowam edermen boldy. Ertekilerdäki ýaly daýow, uzyn boýly, eginlek, ýüzi gazaply, gupba meňzeş, güne ýaldyraýan demir telpekli, durşy bilen ýaraga bezenen adam paşşyldap dursa ynanmanam boljak däldi. Menem oňa ynandym, ýanymyzdaky şar gara gul bolsa”Abdylla öwünýär, döşüne kakýar, parslarda bu adaty zat, ýaralanyp ölenleriň kellesini kesip, bu meň işim diýýär” diýdi welin, onuň onsuzam gara ýüzüne kül sepip, hasam garaladym. Beýle haýbatly adamyň sözüne ynanmazlyk mümkün däl ahyr. Şeýdip biz Şah Abdulazym obasyndaky metjitde, Nowruz baýramynyň hatyrasyna erte namazyny okap, doga-dileglerden soň ýola düşdük. Nowruz biziň döwletimizi dörediji Jemşidiň 21-nji martda tagta geçmegi sebäpli täze ýyl baýramy hökmünde bellenip başlanypdy, täze eşikleri geýen çagalar ata-eneleriniň ellerini ogşap, olar bilen oba aýlanyp birek-biregi gujaklap,ýagşy dilegleri ederdiler, iýip-içerdiler, aýdym aýdyp, tans ederdiler, emma türkmenlerde beýle dabara edilmeýär ekeni, sebäbi pygamberimiz “Men size iki baýramy, Remezany we Gurbany sowgat berýärin, başga baýramy bellemäge Beýik Alla rugsat edmeýär”diýidir. Şol sebäpli hem Nowruz 21-nji mart, Hydrellez-6-njy Maý, Mikrijan 20-nji sentýabr baýramlary bizden başga ýerde bellenilmeýär ekeni. Biziň goragçylarymyz gabat gelýan obalarda ýa-da öňden çykýan ýolagçylary gorkuzjak bolýan ýaly, atlarynyň eýerlerine asylan deprek lerini kakyp ”Aý Alla,Ýa Aly”diýip, ellerini asmana tutup gygyrýardy lar. Bu bolsa beýlekileriň ýüreklerindäki gorkyny gowzatmaga täsirini ýetirýärdi. Her zatda bolsa adamlaryň arasyndaky gürrüňleriň soňy türkmenlere syrygaýýardy. Biri olar sözlerine ygrarly, myhmansöýer, ýokary ahlakly, iň bir kiçijik iki ýeke öýli obada hem seni güler ýüzli garşylap, öýünde bar zadyny seniň öňüňde goýar, çagasyna iýdirmez emma saňa berer diýse, başga biri olar garadangaýtmaz gazaply, ýürek lerinde rehim-şapagat ýok, gowusy olardan gaçmaly diýýärdi. Kerwen däki adamlaryň köplügi, Rüstem pälwan ýaly Abdylla batyryň aramyzda bolmagy biziň kalbymyza batyrlyk tohumyny sepip, ruhumyzy tut ýaly galdyrýardy, onsoň gorkaklyk damarymyz gowşap, edermenligimiz artyp”Hadaýa şükür! Biziň keýpimizi haýsy it gaçyryp biler!” diýip, gygyryşýardyk, gedaýdan gedaý owarra giderlerini edip, her kim özüniň edermenligini mazamlaýardy.Gorkusyndan ýaňa agzyndaky dişleri şakyrdaýan, ”Ýa pygamber, ýa Aly”diýýän Osman aga hem beýlekiler den galmajak bolup, men eýderin, men beýderin diýip, bütin ömrüni öz ildeşlerini-türkmenleri çapyp-kesip gelen ýaly döşüne kakýardy, öz ýanyndanam “Eý, Hudaý, menem şeýdip öwnüp bilýän bolsadym” diýýärdi, onda men”Öwünmäge päsgel berýän barmy, senem şeýdip öwüniber” diýip döşüme kakýardym. Hemmelerden batyr Abdylla welin meniň döş kakmamy görüp ”Eý, adamjyk, näme edýärsiň? Türkmenler bilen iş salyşmadyk bolsaň küpür gepleme! Olaryň dyrnaklaryndan gorkmazlyk üçin Şir Hudanyň ogly ýaly gaplaň sypat bolmaly. Saady aýdypdyr-a:”Eliňde gaplaň güýji, biliňde piliň kuwwaty bolsa-da, olar bilen urşa girdigiň, dabanyň ýara bolýança gaçmaga taýýarlanmalysyň”. Osman aganyň kalbyna rahatlyk, gorkaklyk damarynyň çişmezligine giňlik berýän bir zat , olam birinjiden-ä ol dört çaryýarlaryň biri Omaryň yzyny eýeriji, sünni, diýmek türkmenler bilen dinibir dogan, ikinjiden dilleri meňzeş, düşünişde bolýar, ýyrtyjy talaňçylar talaýanlarynda hem milleti türkmen, Hezreti Alynyň garşydaşy, din ynanjy sünni bolan adama azar berip durmazlar diýýärdi. Munuň üstüne-de ol ýeňsiziniň daşyna ýaşyl mata örter, bu bolsa birinjiden-ä türkmenleriň baýdagy, ikinjidenem gatyryň eşege garyndaş bolşy ýaly, pygamberimiziň daşkyragam bolsa bir garyndaşydygynyň nyşany. Şol aralykda Abdylla pälwan özleriniň ýyrtyjy türkmenleriň ýaşaýan ýerlerine golaý gelendiklerini, toplanyp öňe ýöremelidigini, çozulsa gaýtowul bermäge taýyn bolmalydygyny habar berdi.Osman aga muny eşidip, ähli ýaraglaryny yzdaky gatyryň gaňňasyna daňdy-da, içim agyrýar diýip, duran ýerinde çökdi, öňki batyrlygyna suw sepdi-de, ýaşyl donuna dolanyp ”Ýa pygamber, ýa Alla, meni bagyşla, günämi geç!” diýip, bir ýüz bir gezek gaýtalady.Indi ol öz “gahrymanyna”, boýnuna keramatly ýerlerden alynan doga-tumar, ýarag dakyp, duşmanyň özüne hiç hili täsirini etirip bilmejegini irginsiz tekrarlaýan pälwana hem gorkuly seretdi, medet diläp, ondan gözüni aýyrmady. Abdylla bolsa ýanynyň on sany batyr gerçegi bilen kerweniň öňüni çekip, käte atyny öňe, käte yza daýyrdadyp, elindäki gylyç bilen howany çapyp, özünde peselip barýan mertlik duýgusyny joşdurjak bolýardy. Ondan “öňe çapanyň-a gowy welin yza çapmaň näme?”diýip soranlarynda ol “Duşman kowanda ýetjegini ýetmejegini barlaýan” diýip döşüne kakaýar, birden kimdir biri ýaragyny şarkyldatsa derrew myssarýar. Ine, birdenem alaňyň aňyrsyndan şarkyldy, kimdir biriniň aýylganç çirkin sesi çykdy. Öňden aňlap bolmajak bir ýagdaý döredi, adamlar we mallar bürgüt peýda bolanda ejiz guşjagazlaryň bir ýere toplanyşy ýaly toplandylar. Haçan-da bize garşy at salyp gelýän türkmenlere gözi düşende, ýaňky Şir Hudanyň batyr oglunyň başda durmagynda adamlaryň bir topary baş alyp zut gaçdy,( pälwan iliň öňünde) bir topary bolsa, şol sanda Osman aga hem goranmakdan-a geçen, gorkusyna ýere ýazylyp ”Ýa pygamber, ýa Alla! Eý pygamberi! Eý ymam, biz gutardyk! Biziň külümiz sepildi, kömek et!”diýip, bagyrdy. Hiç hili garşylyk görmedik türkmenlere, her ýerde her ýerde dagaşyp ýatan baýlyklary ýygnaýmak galdy. Iki halta bagananyň arasynda, ýüzüni ýere berip, öz näbelli ykbalyna garaşýan Osman aga ýatan ýerinde aglaýardy, pygamberi, Allany çagyrýardy. Türkmenleriň içinde doýawdan uzyn boýly, ýüzi ýarag yzlaryndan ýaňa joýa-joýa, diýseň gazaply biri, içinde ýorgan düşek bardyr öýdüp, haltalara ünsem bermän,Osmany beýlesine agdardy. Ol ölen ýaly bolup ýatdy, soňam ilki kellesini, elini ýuwaşja galdyryp, türkmen dilinde özüniň halas edilmegini sorap ýalbarmak ýalbardy, ”Ýa pygamber, ýa Alla,men sünni, siziň ganybir inileriňiz” diýdi, Omary ýagşylykda ýatlady, Hezreti Alyny ýamanlady, ýaşyl ýapynjasyny görkezip, ýene bir zatlar diýdi. Ýöne türkmeniň gulagy ker, dili güň ýaly, Osmanyň eşiklerini aldy, ýaşyl reňke bolan hormaty üçinmi nämemi, ýapynjany goýdy,şol ýerde hem alan eşiklerini öz eşikleriniň üstnden geýdi. Meniň eşiklerim onuň ünsüni çekmedik bolarly, şeýlelikde men iki päkim köneje eşiklerim bilen galyberdim. Kerweni talap bolanlaryndan soň,ýyrtyjylar ýesir düşenler paýlaşdylarda dag ýodalaryndaky çaýlymyň içi bilen, çalpowlaryňam daşyndan aýlanyp, gelen taraplaryna tarap yza gaýtdylar.Men uly kerweniň ortasyndaky garry düýäniň guýrugyna tirkelen, berek-berege saralan Osman aganyň yzy bilen barýarkam “wagşy türkmenler nähili agaňyz bolýar, ýa agzyňa gelenini aýdaýdyňmy?” diýip ondan soradym, ol bolsa gaty uzak ýyl mundan öň öz kowumlarynyň Mary ülkesinden Anadoly topragyna gelendiklerini, şondan bärem şol ýerde ýaşaýandyklaryny, wagtyň geçmegi bilen agasynyň öz inisini tanamanlygyna gynanýandy gyny gürrüň berdi. Iki ýodaň çarpara çatrygyndaky çeçeklik jülgede bir gije dynç alyp ertesi aňyrsy bärsi görünmeýän, diňe türkmenleriň özlerine mälim bolan gara çägeli çölüň–Garagumyň gädiginden garadyk. Men şu ýerde gara çägäni ilkinji gezek gördüm. Biz ahyrym, üsti gül-pürçük baýyrlar bilen daşy örtülen, ortasynda tükeniksiz gara öýlerdir, çalmarlar ýerleşen oýtuma geldik. Şeýdip, ýaňy 16 ýaşa ýetemde, türkmenlere ýesir düşdüm. Düýn törde, bu gün görde diýleni boldy. Ejemiň howatyrlanma sy dogry boldy, götünläp öýden çykanymam,ymamyň pulumy alyp tekrarlamasam peýda bermedi . Ykbalyma kaýyl bolmaly boldum. Bela gelende bürenip gelmän, belent gapylar peselip, pessejik gapylar beýgeljek ekeni. 3. Osman aga ikimiz gazaply, göräýmäge hyýrsyz Ýaza Soltan atly türkmeniň elinde galyberdik. Ulus-iliň başynda durýanlygy üçin oňa soltan diýip ýüzlenýärdiler. Onuň ýüzündäki ýara yzlary beýlekiler üçin hormat-sylagyň, batyrlygyň, at-abraýyň, mynasyp hormat sylagyň görkeziji hasap edilýärdi, ýyllaryň geçmegi, tejrebe toplamagy bilen ol pähym-paýhasyň eýesidiginiň alamaty hökmünde hem görülýärdi. Onuň Hudaýa, onuň ýerdäki wekili Pygambere bolan söýgüsiniň çägi ýok diýýärdiler, nirede bolsa bolsun, haýsy iş etse etsin, her alýan deminde hem olary ýatlaýarmyş. Gyşyň bir güni ýoldan barýarka çokaýy palçyga gaplanypdyr, aýagyny aljak bolup güýmenende Allany ýadyndan çykaranmyş. Ol golaýda ýer işläp ýören daýhana seredip ”Han-ha, ol-a maşgalasyny eklemek üçin ýer işlese-de Allany ýadyndan çykaranok, men bolsa diňe aýagymy batgadan çykarjak bolamda ony ýadymdan çykarypdyryn. Gör, men nähili ejiz mahluk” diýip aglanmyş diýýärler şol sebäpli ol gullaryna Hudaýyň, Pygamberiň adyna ýakymsyz sözleri dile getirseňiz başyňyz kesiler diýipdir. Onuň ak öýleri syrgynyň bir çetinde, dagyň etegindäki çeşme suwy akýan çöketligiň ýakasynda ýerleşýärdi. Daş töwerek gül-pürçük öri meýdandy. Ýesir düşenleriň ikimizden öňňesi, ýurduň içindäki dagynak obalara dargadyldy. Olja baryny alyp alamançylykdan dolanyp gelýän Soltany “Goý, soltanyň jany sag-salamat bolsun, ile belli sahylygy, eli açyklygy bizi penalasyn” diýip gutlaýan, mähirli garşylaýan mähelläniň içi bilen, äpet Alabaýlara özümizi çeýnetmejek bolup, seresaplylyk bilen ýüzümizi gorap, ykbalymyzyň nähili gutarjagyny bilmän barýardyk. Düýn soltandyk-handyk, bu gün Soltanyň guly bolduk. Soltanyň dörtgyraň aýaly Osman aganyň ýaşyl ýapynjasyny sypyrdy, ikinji aýaly bolsa onuň bir gyrasyna elli tümen salnyp tikilen ýeňsizini alyp, düýesiniň kejebesiniň üstüne atdy. Özüniň iň soňkuja baýlygyndan dynanlygyna gynanan Osman aga ýeňsizini bermejek bolsa-da bolmady, ýöne oňa derek, öň ýesir düşüp ýogalan guluň gara silkme telpegini oňa geýdirdiler. Şeýlelikde, semizligi üçin hiç ýere gaçyp bilmejek Osman aga elli düýe lakaşasyny(güsürini) bakdyrdylar, birini ýitirse, gulak-burundan dynjagyny, eger keselläp ölse, ýitirilen dýäniň bahasynyň onuň jesediniň bahasyna goşuljakdygyny duýdurdylar, meni bolsa, öý işlerine kömekleşmäge, mesge almak üçin, içi gatykdan doly teletin haltany iki ýana togalamaga, ýataklary arassalamag mallara iým bermäge, çeşmeden suw çekmäge, tokaýdan odun getirmäge, döwmäge goýdular. Bir näçe günden soň alamançylygynyň şowly gutaranlygynyň hatyrasy na, Ýaza soltan ýörüte sadaka berdi, dograma etdi. Adamlardan galan nahar aýallara, soltanyň saklaýan iki sany ýetimine (geň galdyran zat türkmenlerde ýetim diýen düşünje ýok ,eger ýüze çykaýsa-da derrew barjamlyrak oňa eýe çykyp,terbiýeleýär ekeni) çekildi, olardan galany çopan-çoluklara berildi, süňk-püňkler bolsa iki ýesiriň we köp sanly itleriň öňüne zyňyldy. Iýermen Osman aga indi gözüň alnynda horlanyp, gurap barýardy, kän bir iýmite gyzmadyk bolsamam, menem indi tagam ly naharyň ysyny alýanlygym üçin açlygymdan ýaňa eti sypyrylan süňkleri hem, edil itler ýaly hyňranyp çeýneýärdim. Ýagdaýymy gördü mi ýa nebsi agyrdymy, gara öýleriň biriniň aňyrsyna duwlanan ýaş zenana, yşarat edip, meni çagyrdy.Ylgap barsam mylaýym ýylgyryp, ýüzüne goýnuň ýumruk ýaly guýryk ýagy atylan bir okara dogramany görkezdi-de ”Al, iý, hanyň başdaş aýaly iberdi!” diýdi, soňam diýseň owadan gara gözleri bilen töweregine garanjaklap,sag bolsuna hem garaşman öýe girdi.Men tal agajyndan ýasalan okarany alyp, (şu ýerde men kesel bejeriji häsiýete eýe bolan taldan okara-çanak ýasalşyny ilkinji gezek görýärdim) indi ýarym aý bäri doýa garna nahar iýip görmedik Osman aga hödür etdim.Öň ol meni naharlaýan bolsa indi men ony naharladym. Şol aralykda Ýaza soltan ”Päh, päh, işim-ä gördüň , siz üçin janly soýdum diýip öwünip otyrkam , sen bir kelle bilen bäş aýak getirdiň oturyberdiň-le. Heý, baş aýakly goýun gördüňmi?” diýip, aýalyna igendi. Goýun dört aýakly, bäş aýakly bolsun, garaz , biziň-ä garnymyz doýdy, onsoň gelejege bolan ynamlaram köräp başlady. Nahardan soň kim çilim çekip, alamançylykdaky başdangeçirmelerini gürrüň berse, kim Ýaza soltany çalýan sazyny, sazyň gapdaly bilen hiňlenýän Döwran bagşynyň aýdymyny diňledi, aýallar çagalaryny hüwdläp ýatyrjak bolsalar, men her bir musulmanyň Hudaýyň berenine kaýyl bolmalydygy baradaky bilýänlerimi aýdyp ”Maşallah, Hudaý görýändir, geçirimlidir” diýip, Osman aga göwünlik berdim. Ol goýsana diýýän ýaly elini salgap “Seňki ýaly hiç zady ýitirmesem onda pygamber ýa Hudaý görýändir diýjegem welin, men betbagt, jüllükgöten galdym ahyr.On müň tümen harydymy, ondan geljek ýedi müň peýdamy, oňa haryt alyp ýerlän bolsam ýene şonça tümen peýdamy hasaplasam , ondan ölenim gowudyr diýýärin. “Maşallah, her zatda bolsa garnym doýsa, günümiň ölüp gidenden gowulygyna düşünýärin, jenap hojaýynym” diýip, men ýesir düşenimden bäri ilkinji gezek oňa mylakatly ýüzlendim, soňam aýdanlarymy berkitmek maksady bilen”Maşallah, sen ertir düýä bakmaga gidýänsiň, saçyňam ösüpdir, hany, otur şu düýe howudynyň üstünde” diýip, sadakadaky adamlaryň gözüniň alnynda, onuň süýri kellesini syryp, ýalpyldadyp taşladym. Bu işi gysga wagtda, ussatlyk bilen amala aşyrmagym, türkmenleriň öňünde mertebämi bir gez beýgeltdi, her kim mendäki ýiti päkide kellesini syrdyrasy geldi, Ýaza soltan ýaňagynyň dürli ýerinde gylyjyň yzy galan sakgalynda, saçynda ussatlygymy barlamak isledi-de: - Hany saç syryjy gul, saçymy al - diýdi. Dogrudanam, onuň ýaňagy bu ýere gelýärkäk ýörän dag ýodamyza meňzeýärdi, her dulugyndaky iki kesik geçip gaýdan jülgämiz ýalydy. Öň goýun soýulýan pyçak bilen saçyny syrdyrýan Ýaza soltan, meniň ýiti päkini ussatlyk bilen işledýänimi hem aňman: ”Bol, başla!” diýen-de men eýýäm saçy syryp bolupdym. Ol kellesini sypalap ”Päh, päh goçum, sen päkiň bilen däl, kalbyň bilen syrdyň.Indi dellegim bolarsyň, arkaýyn bol, Isgender ýaly öldürmen - diýip, gürrüňini dowam etdi. - Isgenderi dellege ”Şu wagta çenli meň elimden diri sypan dellek bolmandy, ýöne saňa dözemok, goýberýärin, bir ýerde Isgenderiň şahy bar diýip, diliňi ýaraýsaň başyň ölümlidir - diýip, tabşyrypdyr. Serkerdäniň syry dellegi gününe goýmandyr, nätjegini bilmän sähra çykypdyr, bu ýerde-de syr içine sygmansoň, köne guýa boýnuny uzadyp ”Isgenderiň şahy bar”diýip gygyrypdyr. Soň şol guýyda gögeren gamyş lar “Isgenderiň şahy bar” diýip, sährany ýaňlandyryp durmuş. Aýtjak bolýanym, dellegim bol, ýöne diliňi sakla” diýdi. Şu ýerde men eliň hünärli bolmagyň peýdaly taraplary, kakam dellek bol diýende bu işe göwniýetmezçilik bilen garaýşym barada pikirlendim we eliň haýsam bolsa bir hünerli bolmagy bagta barýan iň gysga ýoldu gyna gözimi ýetirdim. Bu hakykatdanam şeýle boldy,ýesirlikdeligime garamazdan el hünärim meni soltanyň ýakynyna öwürdi, onuň aýaly bolsa nahar berip, meni adam hökmünde sylady. Meni okadan mollanyň ”Türkmenler diňe alamançylygy bilýändirler” diýeniniň ýalandygyna göz ýetirdim. Şol nahar beren zenan bir gün amadyny tapyp ”Günim ganymy aldyrjak diýýär welin, başararmykaň? ”diýip sorady. Men ýiti pyçak tapsa başararyn diýip jogap berdim. Öz ýanymdan bu işiň gelejekde meniň peýdama boljaklygy barada pikirlenip, begendim Ýiti pyçak tapyldy. Tiräniň ýaşulusy ýyldyzlaryň, älemiň ýerleşiş nokatlary ny hasaplap,gan almak üçin amatly wagty kesgitledi hem-de ”Pars dellekçileri saç-sakgal syrmakdan başga-da gan alýarlar, diş sogurýarlar, döwülen süňki seýikleýärler. Sen ertir öýle namazdan soň dişimi sogurarsyň”diýdi. Men onuň beýle hasaplamadan ýüzugruna baş alyp çykmasyna gaty geň galdym, özümem azajyk pursatda ony hasaplap bilýärdim , emma onuň hasap çykaryşy heniz maňa näbelli bir ýoldy.Ol asyl guşlaryň dilinem aňýar ekeni,ýeriň astyny, üstüni bilýän, tebigatyň diline düşünýän, dagda magdan käniniň, çölde ýer asty baýlygynyň ýatýan ýerlerini hem kesgitläp bilýär ekeni.Gürrüň bermeklerine görä, onuň ýanynda oturan Şerip işan hem, daşyndan göräýmäge bir sada bagbana çalymdaş bolsa-da, adamlaryny daşyna ýygnap, hindi ýurdun dan gelen mergi keseli ýaýranda ”Jan Allam! Ilime derek meň janymy al!”diýip dga kapdyr welin, kesel tüweleý ýaly bolup ökjesini göteripdir diýýärler... Şeýlelikde, ertesi ir bilen meni soltanyň baş aýalynyň bolýan öýüne alyp bardylar.Diýseň owadan, kelte boýly, aşa semiz otuz ýaşlaryndaky zenan gözelden nepis halynyň üstünde aýbogdaşyny gurup otyrdy. Asyl bu daşyna keçe tutulan ak öýüň içi durşuna hala bezelendi, dulda haly horjun, düýehalyk, ortadaky ojagyň daşynda ojakbaşy bardy. Onuň töwereginde iki gelin, dört gyz, olaryň üçüsi ýaňy göze görnüp ugran, biri bolsa iki ýaşlaryndaky gyzjagaz, ýene-de 14,12, 9 ýaşlarynda üç sany oglan bardy. Üç oglan bilen ýaşajyk gyzjagaz şu aýalyň çagalarydy. Maňa palow beren gelni hasap etmänimde, türkmen zenanlaryny ilkinji gezek görýärdim. Gelinleriň hem gyzlaryňky ýaly ýüzleri açykdy, bir tapawudy gyzlaryň başy ýaglykly, gelinleriň başy bolsa topbulydy, hemmesiniň ýüzleri açykdy, (pars gelinleriniň ýüzleri mydama ýapynjaly) ýöne ýaglyklarynyň bir ujy alkymlarynyň aşagy bilen aýlanyp, dodaklaryna ýelmeşendi. Türkmenler oňa ýaşmak diýýärdiler, agzy ýaşmakly gelin bir zat sorajagam bolsa gaýyn enesiniň ýa öýdäki çagalaryň üsti bilen soramalydy, bir näçe çagasy bolansoňam, gaýyn atasy agzyňy açaý diýip, göwnünden çykaran haladyny serpaý berenden soň ýaşmagyny aýyrýardy. Bu türkmen gelinleriniň gaýyn atalaryna bolan sylag-hormatydy, özlerem diýseň syratly,owadan hem ýakymly garaýyşlary bilen tapawutlanýardylar. Ine,häzirem olar meni başdan aýak synlaýardylar. Soltanyň baş aýalynyň gan aldyrmasynyň sebäbine düşündim,aşa semizi halamasamam,elime tutdurylan haly keseriniň eýlesine beýlesine seredip, onuň elinden gan alynjak damary gözläp başladym. Semiz aýalda ony tapaýmak aňsat däldi. Ahyrym tapdym-da, kesjek bolamda, öýüň dulunda ýatan Osman agaň ýeňsizine gözüm kaklyşdy. Şobada ähli zat kellämden çykyp, ýeňsiziň içine çatylan tümenler göz öňümde peýda boldy-da ”Maşallah” diýip seslendim, ony eýelesem, özümi bu ýyrtyjylardan satyn alyp biläýmegim mümkinligi barada pikirlendim. Onsoň damary tapsamam, tümenleri almak üçin bu öýe gelmeli wagtymy uzatmagyň ýa başga bir toslama tapmagyň gerekligi sebäpli, ysfaganlylaryň tebigy mekirligine, özümiň ýiti zehinime daýanyp,”Maşallah, ilki azajyk gan almaly, ony awyternek atly ota, ojaryň külüne garmaly, onam küýzä salyp, küýzänem mata dolap, Zöhre ýyldyzynyň dogýan wagty, öýüň günbatar-günorta tarapynda, öýden elli tirsek daşlykda, hiç kime görkezmän gömmeli, üç günden soňam açyp, barlap görmeli, özem bu gürrüňler diňe şu ýerde galmaly, başga eşitmeli däl” diýip, bir zatlary samradym. Meniň üçin gury samahyllama bolsa-da, getiren delillerim hanyň aýalyny we onuň töweregindäkileri gaty geň galdyrdy, çuňňur gyzklandyrdy, şoba-da gerekli küýzäni we oty tapmak tabşyryldy. Otuň özümde barlygyny, diňe gan goýberer ýaly küýzäni we matany tapmagyň zerurlygyny aýdyp, men göçüp-gonup ýören çarwalarda ähli zadyň ölçeglidigini, hasaplydygyny, öýde beýle işe ulanar ýaly zadyň ýokluguny çaklap aýdypdym. Çaklaýşym ýaly olar ähli gaplaryny,suw kýzelerini sanap, gan göýberip zaýalandan olaryň gummatdyklaryny ýatladylar, ahyrym han aýalynyň suw içýän kiçijik küýzesini ulanmagy makul bildiler, daşyna dolar ýaly matalarynyň reňki gabat gelenok, ýene biri ýyrtyk, ýene biri kiçi diýip,yzyna gaýtarýardym. Ahyrym ol “Balam jana, hany duldaky ýeňsizi alyp berseňizläň! Barybir ol hiç kime gerek däl!” diýip, gyzlaryň birine tabşyrdy. “Ol meňki, kejebä münemde aşagyma ýazýaryn”diýip, soltanyň ikinji aýaly seslendi. ”Seňki bolaýşyny! Alladan gork! Şu öýe düşen näme bolsa meniňkidir! Saňa bermen!” diýip, ol gyzyň getiren ýeňsizine ýapyşdy. Men bu galmagalyň öýden daşa çykmagyny isleme ýärdim, eger ol Ýaza soltanyň gulagyna ýetäýse, ýeňsiz hiç kime beriljek däldi. Şol sebäpli hem men, dawalaşyp alynýan ganyň soňky netijesiniň gaýgyly gutarýanygyny onuň günäsiniň gelniň başyna düşjegini,üç günden soň küýzäňem, ýeňsiziňem getiriljekdigini aýdyp ony köşeşdirdim. Ol köşeşenem bolsa, Aýna eje (hanyň başky aýalynyň ady) gaýta gorkup, elini çekdi-de, gan aldyrmajaklygyny beýan etdi. Elime gelen tümenim gidip barýan ýaly gaty tolgundym, onuň elini garbap aldym-da ”Maşallah, çaga enesiniň garnyndaka ykbaly maňlaýyna ýazylarmyş. Kysmatdan gaçyp bilmersiň. Gan aldyrýan bolsaň aldyraýmalysyň, dünýä döräli bäri onuň başga ýoly ýokdur, onsoňam ”Damardan gan aldyrmakçy bolsaň, sişenbe güni aldyrgyn, ol gün Kabylyň Habyly öldürip, ýere gan döken günüdir” diýip, pygamberimiz wesýet edipdir” diýdim welin, beýleki gelinlerem maňlaýa ýazylandan ýüz öwürseň agyr günä etdigiň bolýar diýip, meni goldadylar. Galyberse-de”Maşallah, jan ene, bu ýagdaýyň uzak dowam etse seniň ömrüň ölçegli”diýip, men ony gorkuzdym. Şondan soň ol razy boldy. Men ýarty käse gan aldym-da, kisämdäki ota (çerkeziň pürüne), ojakdaky küle gardym,daşyny ýeňsiz bilen dolap, agzynyň dykysyny dykdym-da ”Maşallah, nesip bolsa, şu gije il ýatyp it uklanda muny degişli ýerde gömerin” diýip, çykyp gaýt dym. Şol gün wagty bilen gün ýaşmady. Gyssansaň Günem gaňryşy na gaýdýan ýaly bolar ekeni. Ahyrym, gün ýaşdy welin, men gany ýere gömjek diýdim-de, ýeňsize tikilen tümenleri alyp, soňam küýze bilen bile ony gömdüm. Şo gije Osman aganyň pulyny alanlygym üçin, ynsabym azar berdi, näme etjegimi bilmedim, öz ýanymdanam ”Maşal lah, aý, indi oň pul nämesine gerek? Bersemem saklap bilmez, ýitirer. Aslynda-da bu pullar maňa niýetlenip goýlandyr, maňlaýyma ýazylan dyr, ondan gaçyp bilmerin” diýip,ynsabymy rahatlandyrdym hem-de pula derek, eden işim üçin özüme berilen ýarty işşegiň etini çopanlaryň biriniň üsti bilen Osmana ugratdym. Şeýdibem ynsabymy azajygam bolsa rahatlandyrdym. Dowamy bar >> | |
|
√ Durmuşyň özi aýdym / roman - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |