20:01 Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI ÝEDINJI BAŞ
Romanlar
1. Her bir adam ýaşan döwri nähilidir bir derejä ýetmek isleýär. Bu adamzat döräli bäri şeýle, özem adamyň tebigy gurluşynda bar. Uly dereje bolsun, kiçi bolsun, diňe onuň özi bilýär, işindäki üstünlik derejesi durmuşdaky ornuny kesgitleýär hem-de ýöne bir san däldigi baradaky buýsanja öwürýär. Gurbannepes mertebesini saklap bilýän adamdy, özüniň edýän her herekedine tankydy göz bilen garamak endigine öwrülipdi, diňe ýerine ýetirýän wezipesinde däl, özüniň ruhy, medeni baýlyklaryny artdyrmakda hem tutanýerlilik görkezýärdi, oglanlaryň başarjaňlyk bilen ýokary derejelere ýetmegine guwanmany başarýardy. Onuň bilen ýokary okuw jaýyny gutaran oglanlaryň köpüsi uly wezipelerde işleýärdi. Şonda-da nähili kyn ýagdaýa düşse-de, biriniň ýanyna kömek sorap ýa-da iş sorap baran adam däldi. Onuň doganoglan agasy, oba hojalyk institutynyň bir bölüminiň müdiri, tehniki ylymlaryň doktory Mämmet Anna bir üýşmeleňde «Men saňa haýran galýan, institutda okadyň bir gezegem ýanyma gelip: «Kömek et» diýmediň»» diýip, kemsinýän ýaly gürrüň edip, onda diňe öz güýjüne bil baglamak diýen ýörelgäniň barlygyny agasy nireden bilsin? Gurbannepesiň eşidilmedik bilesigelijiligi köp okamagy mejbur edýärdi. Ejesi käte ýary gije kitap okap oturan ogluny görüp: «Taşla kitabyňy, ýat, bolmasa dälirärsiň!» diýip, çyrany öçürip gidýärdi. Mekdep ýyllary goşgular ýazyp, «Ýaş kommunist» gazetinde çap etdirerdi, mekdebiň diwar gazetini çykarardy. Biri goşgy ýazsa menem ýazaryn, biri hekaýa ýazsa menem ýazaryn diýýärdi, biri saz çalsa menem çalaryn diýip kirişli saz gurallarynda saz çalmagy öwrendi. Uruş ýyllarynyň kynçylygy Gurbannepesiň çala ýadyna düşýär, hasam soňky ýyllary! 1945-nji ýylda bäş ýaşyna gidipdi. Kakasy uruşda, ejesiniň, çagalary eklejek bolup gören görgülerini göz öňüne getirse-de agysy tutýardy, aýagyna çokaýdyr-ädik geýen ejesi erkek adamlaryň etmeli işlerini ýerine ýetirýärdi, öküz bilen ýer sürýärdi, suw tutýardy, orak orýardy, işden ýadap gelende degirmen üweýärdi, gaýyn enesini, çagalaryny eklejek bolup hars urýardy, ekiş, orak wagtlary işe ýatymlyk giden-de enesine seretmek Gurbannepesiň boýnuna düşýärdi. Onuň ýakjak odunyny, tezegini getirip berýärdi, tüňçä, kündüge suw guýardy, ýaz aýlary enesi bilen iýer ýaly ot ýygmaga meýdana gidýärdi. Iýen otlarynyň atlaryny henizem ýadyndan çykaranok! Kertikli, gök damak, ajy balgyz, geçi gulak, atgulak, gara selme, bag selme, eşek selme, gum selme, narpyz! Şu otlar sowulsa ýorunjany gyzdyryp, ýumşadyp iýdi. Indiki ýylyň ýaz aýynda Gurbannepesiň ýadyndan çykmajak waka boldy, öýlänler obaň ilersindäki ýorunjadan çürtüp alyp gaýdanlarynda hyşaly ýapdan bir adam çykyp olaryň kimdigini, kimlerdendigini, öýlerinde kimleriň bardygyny soraşdyrdy, soňam bir gysym ýorunja salnan haltany aldy, eşikleriniň reňki şu wagt hem Gurbannepesiň gözüniň öňünden gidenok, solup, şyrrygy çykan esger eşigi, maňlaýynda ýyldyzyň ýeri bildirip duran telpek, şyrrygy çykan kemer, enem oňa «Uruşdan gaçyp ýören gaçgak!» diýipdi. Olary horlukdan alyp çykan ala sygyrlary, janaweriň bir gowy häsiýeti bardy, çekene sürüsi bolmansoň, ol özüni özi bakardy, süýdi ýagly-da, ýuwaşdy, emjegine çydap bilmän, gijäniň bir wagty gelip, sagdyryp meýdana giderdi. Ýaňky gaçgak ýaly, şol wagtyň eşek ogrulary ony tutjak bolup synanyşypdyrlar, emma ol eýesinden başga adamyny golaýyna getirmezdi, janaweriň süýdüne ot garyp bişirerdik, galanyny etrap merkezine äkidip gara nana çalşardyk. Uruş gutaranda, çal atly bir adamyň atyny ýüzün saldyryp «Haý, adamlar, uruş ýatdy, buşluk!» diýip, geçip gideni düýn ýalydy. Şondan soň esger eşikli adamlar gelip başladylar. Gurbannepesiň kakasy hem sag-aman dolanyp geldi. Şondan soň olaryň günleri gowulaşyp gitdi. Gurbannepes mekdep ýyllary «Juma» oýnunda, «Jumany» ýerine ýetirdi. Şol ýyllar her obaň öz teatry bolardy, okuwçylar oňa höwes bilen gatnaşardylar, oýun goýmaga Aşgabatdan ökde artistler gelip kömekleşerdiler. Ähli zat gülala-güllükdi, bir ýetmez ýeri oýun oýnalanda aýal gahrymanyň ornunda oglanlaryň oýnamaly bolýanlygydy, onsoň oýun gidip durka «Waý, pylany aýal eşigine giripdir» diýip, oýun oýnaýanyň adyny tutup gygyrýanlar tapdyrardy. Şeýle ýagdaýda oýny bes etmeli wagtlary hem bolýardy, sebäbi şaýly gelniň eşigini geýen oglan «Indi gaýdyp şeýle masgaraçylyga ýüz urmajagyny» aýdyp, aýal eşiklerini ýere pylçap urýardy. Şol sebäplem aýalsyz oýunlar gözlenilýärdi. Ýediýyllyk mekdebi tamamlap onýyllyga geçende Gurbannepesiňki çüwdi, «Padymanyň gyzy» oýnunda ýaňy okuwy tamamlap gelen ýaş mugallymalaryň biri Narynyň roluny ýerine ýetirmäge höwes bildirdi, Gurbannepes baş gahryman Saryny oýnamak bilen ömründe ilkinji ýola öz mugallymasyna aşyk boldy, ony mugallymanyň özi bilenokdy. Bu oýun bilen welaýat möçberinde birinji orna çykyp, Aşgabat ýaryşyna gatnaşypdy. Saz gurallarynda çalyp bilmeýäni ýokdy, öz ýazýan goşgularyna aýdym döredip, onam nota geçirip, ýaryşlara gatnaşardy, etrap, şäher welaýat ýaryşlarynda üstün çykyp, ýörite baýraklaryň, hormat hatlaryň eýesi bolupdy. Goşun gullugyny dynyp gelen badyna ol institutyň gaýybana bölümine okuwa girdi. Şol wagtlar ol raýon ýerine ýetiriji komitetinde işleýärdi. Bir gün oňa «Daşarda saňa biri garaşýar» diýip habar berdiler, bu habar ikinji genzek aýdylanda ol daşary çykdy, görse, öňi pagta ýygylýan fartukly, haltasy biline oralan, ýüzi ak ýaglyk bilen daňylan bir maşgala dur. «Kim maňa garaşýar?» diýip, Gurbannepes soranda, ýaňky gyz «Men garaşýan, seň bilen gürrüňim bar, eger kyn görmeseň agşam obaň orta gürpünde ýerleşen medeniýet öýüniň öňündäki seýil baga gel, gürleşedi!» diýdi. Gurbannepes oňa arz etmäge gelendir öýdüp: «Arzyňyzy şu ýerde aýdaýyň!» diýdi. «Meniň senliň gürrüňim bar» diýip gyz jogap berenden soň, bellenen ýere barmaga wada berdi. Agşam olar duşuşdylar, şonda ýaňky gyz Gurbannepesi ilki düýşünde görendigini, aýdym saz bilen obada çykyş edende huşunda görendigini, oba oglanlarynyň birinden onuň işleýän ýerini bilip, gürleşmek üçin ýörite ýanyna barandygyny ýaňzytdy. Şeýdip olar tanyşdylar. Bir ýyl duşuşanlaryndan soň, toý etdiler. Ol gyz Gurbannepesiň aýaly Akgyzdy. Özüne güýçlm talabyň bolmasa köp taraplaýyn zehinli bolmak mümkin däldi. Gurbannepes üçin bu düşünje adaty bir zatdy, munuň özi açlyga, dokluga, sowalgaň barlygyna, ýoklugyna, jaýynyň ýaşaýyş mümkinçiliklerine bagly däldi, özüne bolan talap bilesigelijiligiň gözbaşydyr diýip düşünýärdi, ruhy dünýäsini durmuş lezzetliklerinden ýokarda hasaplaýardy, ruhy dünýäde kämilligiň çägi ýokdy, ýeňillik bilen gazanylýan üstünligiň bolmaýşy ýaly zähmet siňdirmelidi. Ömrüni oba arçyny bolup işlän kakasy zähmet rugsadyna çykypdy, on üç çagany kemala getirip, ekläp-saklapdy, Gurbannepes olaryň iň ulusydy, okuwdan boş wagtlary tapan işini edip, gazanjyny ejesine getirip bermäge mejbur bolýardy. Aşgabada okuwa gidende hem biriniň kerpijini guýup ýol kireýini, aýlyk sowalgasyny gazanypdy, maşgala ýagdaýyň agyrlygy sebäpli okuwyny gaýybana öwürmäge mejbur bolupdy. Işläp, gazanç edip, kakasyna kömek etmese boljak däldi. Şeýlelikde dürli ýerlerde işlemeli bolupdy. Gurbannepes Şatlyk gaz käninde işlän döwründe Kaka Rejep bilen ilkinji gezek ýüzbe-ýüz bolupdy. Gurbannepes ýaş oglany güler ýüz bilen garşylady, işe aldy. Rejep aga «Gurbannepes, ikiňiz öňdenem tanyş, etrap işleýän döwrüňiz men hasabat bilen gelerdim, şonda duşuşardyk, indem, meň bagtyma bu ýerde işleýär ekeniňiz. Ogluma göz-gulak bolmagy tabşyrýan, ugrukdyryp goýber. Galanyny özi alyp çykar, ol bilesigelijidir, okamaga, öwrenmäge çäksiz höwesi bardyr, mekdebi ýokary bahalar bilen gutardy. Mugallymlary «okat» diýensoňlar tehnikuma saldym. Ýaşytdaşlaryndan öň okuwa baransoň, heniz agzy sary oglan. Onsoň mugallymy «Bular ýalylar demir ýoluň aňyrsyndan nan getirdip bilemzok, sen muny nädip goýup gitjek» diýdi. Indi ony et, muny ede ýaraýan boldy. Şol sebäplem siziň ýanyňyza getirdim»» diýip, Gurbannepesi, ogluny goýup gitdi. Gurbannepes Rejep agaň sözüni ýykyp biljek däldi, ol ýigrimi ýyl kolhozyň baş hasapçysy, 23 ýyl Hanhowuzda ekerançylyk bölümiň başlygy bolup işlän adamdy, üç ogly, bäş gyzy terbiýeläp ýetişdiripdi. Ol «Zähmet çekip iýilýän halal çörek süýji bolýar» diýen ýörelgeden ugur alýardy, obalarynda, ömrüni zähmete bagş eden 97 ýaşly ýaşulyň «Ýere yhlasyyy siňdirseň tagamyň minnetsiz bolýandyr» diýen sözüni baýdak edinipdi, päk zähmeti bilen özüni tanadypdy, gürleşende adamlary özünden ýokary saýýardy, şeýdibem sylagyň eýesi bolýardy, zähmetinden başga hossary, garyndaşy ýokdy. «Durmuşda seni pylan kes gorasa kyn bolýar, zähmete arkaňy direseň welin ähli kynçylyklary ýoluňdan sowular ekeni» diýýärdi. Rejep agaň on bäş gektar kärende ýeri bardy, ýylyň-ýylyna gowy girdeji alýardy, birki ýyllykda täze jaý splypdy, üç oglunyň iň körpesini özi ýaly daýhançylyga ugrukdyryp ýanynda ýaşatdy. Täze jaýyna girenini ejesi görüp bilmändi. Urşa giden kakasynyň yzynda dünýä inen Rejebi terbiýeläp, mukaddes ojagy saklan ejesi diýseň zähmetsöýer adamdy, obada erkek göbekli bolmansoň dört saltman aýal bolup gerek bolsa öwlüýäde jaý gazardy. Häzir käbir aýallar öwlüýäleriň deňinden geçmäge gorkup ýörendirler, emma ejesi ol ýeri öwlüýädirem öýtmezdi. Ine, ol şeýdip uruşda wepat bolan adamsynyň sarpasyny saklap, ýeke ogly Rejebi ösdürip ýetişdirdi, okatdy, öýli-işikli etdi, ojagynyň oduny öçürmedi, edil özi ýaly ogluny ýaşlykdan zähmete gönükdirdi. Gurbannepes janypkeş adamyň ogly işde gaçalyk etmez diýen pikir bilen Kakany işe alypdy. Bir ýyldan soň ony goşun gullugyna çagyrdylar. Kaka gullugy tamamlap gelende kakasy oňa «Oglum, okuwyňy dowam etdirerin diýseň maşgalaňa göz-gulak boljak!» diýdi. Kaka gidermen boldy, şeýdip Leningradyň gurluşyk institutyna öz güýji bilen girdi. Ilkinji günlerden mugallymasy oňa «Sen rus dilinde owadan gürlemäni başaraňok!» diýip igendi, bahany pes goýdy. Olam owadan geplejek bolup gije ýatmady, ahyram talapkär mugallymasynyň berekellasyna synasyp boldy. Şeýdip, ýokary belgiler bilen instituty tamamlap, gelse öňküsi ýaly iş tapmak hyllalla boldy. Rejep aga oglunyň öňüne düşüp iz gözlemeli boldy. Döwletiň pylança puluny harç edip okalansoň işsiz ýatmak gowy däldi. Oňa uly edaralaryň birinde komsomol işini hödürlediler. Kaka oňa göwnemedi, sebäbi beýle işlere elinden hiç zat gelmeýän oglanlaryň alynýanlygyny bilýärdi. Bir edarada oňa «Uzak ýerlere ýatymlyk gitseň iş bar» diýdiler, Mary GRES-de hem şeý diýdiler. Şol ýerden olar göni Şatlyga gaýdyp, gabat gelen edaralaryň birine sowuldylar. Gapyň agzynda bir ýaşuly çilim çekip durdy. Olar özleriniň aladalaryny oňa mälim etdiler. Ýaşuly çilimini zyňdy-da: - Çig mallaryň garşylygyndan näçelik aldyň? – diýip sorady. - Dörtlük baha aldym! - Men bäşlik gutarypdym. Gurluşygyň mehanikasyndan näçelik aldyň? - Bäşlik aldym! - Men ony dörtlük baha bilen gutarypdym. Diplom işiňi nämeden ýazdyň? - Ýer asty desgalaryň gurluşygyndan, bäşlik aldym. - Meňkem hut şondan bolupdy, özümem bäşlik alypdym. – Nätanyş adam olary «Gurluşyk gurnama edarasynyň başlygy» diýen ýazgyly otaga saldy-da öňe geçip oturdy. Asyl ol şol edaraň başlygy bolsa nätjek! - Ine, saňa kagyz, inee gallam! Arzany ýaz! Men seni ussaçylyga işe alýan! Häzirlikçe, soňunam görübereris! Ertirdenem işe başlamaly! – diýip, ol meseläni çözdi oturyberdi. Kaka şeýdip, tötänlikde ykbalyny Şatlyk gaz käniniň gurluşygyna baglady... Ilki gurluşykda ussa boldy, soň iş alyp baryjy, bölüm başlygy, edara başlygy boldy. Bäş-alty ýyl bäri Şatlykdaky iň uly gurluşyk trestiniň dolandyryjysy. Ol nirede işlesede, kyn gününde özüne goldaw beren, durmuşa ugrukdyran adamyň Gurbannepesiň kömegini ýadyndan çykarmaýardy. Ony on bäş ýyldan soň Gurbannepese duşanda diline getirdi, has dogrusy ony öz ýanyna işe çagyrdy. - Maňa desgalaryň gurluşygynda, çölden-çöle gezip işlemek kyn düşer, oturmalyrak iş bolaýsa! – diýip, Gurbannepes şonda göwün matlabyny mälim etdi. – Iş dannawym ýok! Taslamadan başym çykýar. - Ýaşuly men olary bilýän, siz önümçilik tehniki bölümde işläp beräý! Bize taslamalardan baş alyp çykýan adam gerek, seretmeli, döwrüň talabyna görä baha bermeli, ylmyň gazananlarynyň, iň soňkularynyň taslamalarda ulanylmagyny gazanmaly, daşyndanam önümçilikde önümiň özüne düşýän gymmatynyň arzan hiliniň ýokary bolmagynyň thze ýollaryny gözlemeli, özleşdirmeli! Nähili görýäňiz? - Bolýar. Men razy! Özümiň ilkinji şu günümde seniň soňky talabyňa gabat gelýän bir teklibimi hödürlemekçi! Käbirleri muňa öňe gidip däl-de, yza tesiş diýip düşünýärler! Emma meň pikirimçe oňa haýsy tarapdan baha berşiňe baglydyr... - Ýaşuly, iki gulagym sizde-dir. - Gazyň gurluşygy jaý, köpri, senagat desgalarynyň gurluşygy ýaly bir ýerde ýerleşmeýär, mydama göçüp gonup ýörmeli, ýüzlerçe kilometre uzalyp gidýän gaz geçirijileri, onuň ugrundaky beýleki işleri ýerine ýetirmek üçin adam güýji köp gerek! Ol adamlary bir ýerde ýatyrmaly, iýdirip içirmeli! Köp halatlarda bar bolan wagon öýlerini ondan-oňa göçürmek işi artyk çykdajylary talap edýär. Birinjiden ony ýük göteriji bilen göterip «Uragan» ýa «Kraz» ýaly uly-uly maşynlara ýüklemeli, eltiljek ýerinde düşürmeli, gurnamaly. Her göçürilende çykdajy baryny çykaryp täzeden bejermeli. - Wah, şony aýtsaňyzlaň! Men bu meselede şeýle bir kösenýän! Käşgä desgalaryň arasy ýakyn bolsa-da Bäşgyzyla getirilen wagon öýleri Tagtabazaryň Çemenebit obasyndan daşadyk, ýedi ýüz kilometrlik ýoldan... Olara näçe ýangyç ýakylýar, näçe harajat çykýar. Mysal üçin şol ýerden çekilen wagon öýleriň çykdajysy 70 million manat boldy, gözüm çykaýjak bolýar welin nädeýin... - Men şu meseläniň ýönekeýje arzan ýoluny hödürlemekçi! – Gurbannepes gürrüňini dowam etdi. – Men norma barlag edarasynda işlänimde bir çopan goşunda myhmançylykda boldum. Türkmeniň ak öýüniň içinde ojar ody ýanýardy, göçme tok berýän enjamdan ýanýan çyra şeýle bir ýagtydy welin, öýüň ukdyr-tärimlerini sanamaga beýle-de dursun hat-da ýere gaçan iňňänem tapsa boljakdy. Çopan-çoluklar ortada ýanýan oduň daşyny alyp otyrdylar. Olar ýanym bilen baran ferma müdirinden oba täzeliklerini eşidesi gelýärdiler, ýogsam, öýüň dulunda ýerleşen göçme aragatnaşyk howa nokadynda günde bir gezek Maryda ýerleşýän merkez bilen habarlaşyp bolýardy. Şonda-da, täzeligi adamyň öz dilinden eşitmek has gyzyklydy. Emma müdir oba täzeliklerini gürrüň bermäge howlukmady. - Hany, siz maňa aýdyň! – Ferma müdiri baş çopan Begenç aga ýüzlendi. – Näme üçin «Demirgazyk+3» atly göçme öýi kabul etmän yzyna ugradypsyňyz? Hökümet siz üçin alada edip, ýörite jaýy Sibirden getirtdi,. sizem ony... - Perme gerek bolsa ony özüň ulanyber, Bize şujagaz garaja öýmüz bolýa! – Begenç aga töwereginde oturan oglanlara gözüni aýlady. – Munuň nämesi kem, oglanlar! - Maňa «Şol wagon öýi öýdebaryjy çopana gowşurmaly» diýdiler, onuň içinde ýyladyşdan başlap, hammama çenli bar... Ol siziň ýaşaýşyňyz üçin tüýs bir eşret ahyryn!. Men-ä ony gowy görüp size ugratdym! – diýip, ferma özüni aklajak boldy. - Belki, käbir ýagdaýda ol gowudyram! – Meselem, aňzakly gyşda, ýöne, çopanyň göçüp-gonup, mal yzyna düşüp ýöreninden seň habaryň bar! Şonda nätmeli? Göterijisiz ony ýerinden gozgap bolmasa, zynjyrly traktorsyz çekip bolmasa nätjek! Ine, biz hepde-de bir gezek örümizi täzeläp malyň yzyna düşýäs, onsoň şujagaz öýmüzi bir düýä, tok berijimizi beýleki düýä ýükläp gidiberýäs, minnetsiz. Sen ol «Demirgazygyň» edil ýere dikilen demirgazyk ýaly agyr ahyr. - Menem oňa düşünýän, çekmek üçin ýörite traktor berýärler, özüni ulanmasagam traktoryny ulanarys diýdimdä! – Perme sözüne dyngy berdi-de: - Begenç aga indii ony almadygyňyza begenýän, göçürip bilmän çölde taşlar gideris, şeýdibem dargar, meňem boýnumda galar! – diýdi. Ine, men ymgyr çölde şeýle gürrüňiň şaýady boldum. – Gurbannepes sözüne dyngy berdi. - Diýmek, ýaşuly siz, wagon öýlerini türkmeniň gara öýlerine çalyşmaly diýjek bolýarsyňyzda, şeýlemi? - Türkmeniň aý öýlerine... Islendik gara öý ilki gurlanda ak öý bolýar, kem-kemden tüssä garalyp bişýärde, gara öýe öwrülýär. Tüssä bişen keçe ne çyg geçirýär, ne howa, özem onlarça ýyllap ömri bar. - Gör, nähili sadadan ajaýyp pikir! – Kaka seslenmän durup bilmedi. – Özem gowy, arzan düşýän ýeri, iki adam on sany öýi söküp, iki-üç maşyna ýükläp getirip, şol günem ýygnap bilýär. Oňa göterijiniň giň göwrümli ýük çekijileriň geregi ýok! Ajaýyp pikir... - Iki wagon öýüň bahasyna on sany türkmeniň öýüni satyn alsa bolýar. hersinde azyndan alty-ýedi adam ýerleşýär. Ony satyn aljak bolubam durmaly däl-de, özümiz ýasaýmaly... - Düşünmedim! - Öý taldan ýasalýar, siziň kömekçi hojalygyňyzdaky ýabyň boýunda tal agaçlary ekilipdir. Şolardan oglanlaryň özleri ýasarlar, bize diňe keçe bilen üpjün etseňiz bolýar, gala nişi Çary oňarar. - Ajaýyp pikir! Alymlaryň biri «Ajaýyp açyşlar sada bolýandyr» diýipdir welin şol ugrunda bar ekeni! – Kaka eline kagyz alyp Gurbannepesi öňüne süýşürdi. – Ýaşuly, işe girjek baradaky arzaňyzy ýazyň! Ertirden başlabam şu işiň ugruna özüňiz çykyň! Men size ähli mümkinçilikleri dörederin... Ine, Gurbannepes şeýdip trestiň önümçilik tehniki bölüminiň baş hünärmeni wezipesinde işläp başlapdy, üç aýyň içinde on sany türkmen öýüni Çara ýygnadypdy. Şodurda-şodur desgalar gurulanda göçme adyny alan türkmen öýleri işçileriň öýlerine öwrüldi.e Naharhananyň öňündäki meýdançada Gurbannepes, Ata, Ýazmyrat, Rahman dagy dolandyryjynyň gelerine garaşýardylar. Ýazmyrat bilen Rahman ikisi taslamanyň hilini gowulandyrmak barada jedelleşýärler, doganlar bolsa beýleräk çekilip, özara gürrüňe gyzypdylar. - Niredendir gazyň ysy gelýär! – Ata burnuny şemala tutdy. - Gaz guýylarynyň birinde oturdylan hyrly kildiň hili ýaramaz bolmaly, ony täzeden barlamaly... Şo günem hut şeýle bulutly, aýazlyja gündi, şeýdibem gazyň ysy ýaýrapdy... - Haýsy gün ol? – diýip, Gurbannepes sorady. – Düşünmedim. - Maý gaz ýatagynda bolan weýrançylyk ýadyma düşdi, sarsgyn! - Ata ýaly duýgur bolaýmasaň, gazyň ysyny duýup bolanokdy, Ataň işi şoldy, haýsy kiltden gazyň çykýandygyny esli aralykdan bilýärdi. - Sarsgyn diýsene! Ol ýöne-möne sarsgyn bolmady ahyr! Ýeriň aşaky gaz gatlagyny atom bilen ýaryp süýşürdiler, şeýdibem akymyň ýokary çykmasyny togtatdylar. Men şol sarsgynyň yz ýany adamlary çykarylan obalaryň birine bardym, öýler durşy ýaly taşlanyp gidilendi, dükanyň agzynda uly gulp asylyp it daňylypdy, adamlaryň, mal-garalaryň, çagalaryň sesleri, maşynlaryň güwwüldisi eşidilmeýärdi, hat-da obaň ortasyndaky gür baglykda mesgen tutan guşlaram gorkularyna uçup gidipdirler... Geň göräýmeli asudalyk höküm sürýärdi – diýip, Gurbannepes şol wakany ýadyna saldy. – Şol gün Maý gaz ýatagynyň töweregindäki obalaryň ýaşaýjylary gyssagly suratda göçürildi, agşama öýňüze dolanarsyňyz diýildi, göçürileni gowy bolupdyr, käbir jaýlaryň bir ganaty, kepbeler ýykyldy, käbiri jaýryldy, biriniň kümesindäki sygryny naw basdy... Garaz oturylyşyk uly boldy. Murgapdan elli kilometr daşlykda ýaşaýanlara sarsgyn gowy bildirdi ahyr. Kiçi oglum ýatanda «Kaka gorkýan» diýip aglaberdi. Hudaýa şükür, adam ýitgisi bolmady, ýöne adamlaryň arasyna dowul ýaýrasa erbet boljak ekeni! Tejenden gelen bir adam «Näçe adam öldi» diýip soraýar, oňa «Ýitgi ýok» diýseňem ol «Daşdan geldim, doganymyň jesedini tapyp beriň!» diýip aglap dur. - Aý, hawa, il arasynda her hili adam bar. Şol günüň agşamsy Murgap raýkomynyň jogapkär işgäri bizi ýygnap: «Gazyň gelmesini togtatdyk, uly üstünlik gazandyk, bu Sowet ylmynyň iň ajaýyp ýeňşidir!» diýip çykyş etdi, emma ýykylan jaýlar barada kelam agyz aýtmady – diýip, Ata jogap berdi. - Bu wakaň döremegine sebäp näme? Ondan habaryň barmy? - Hawa bar! Men şo günler işe ýaňy başlapdym, has dogrusy işi kabul edip ýördüm. – Ata sözüne dyngy berip ýuwdundy. – Biziň işimiz gaz guýylarynyň ýagdaýyny barlap almak! Ine, onsoň 14-nji gaz guýysyny barladym welin ondaky tokurtgaň içki basyşy bilen daşky basyşy deňleşipdir. Munuň özi eýýäm biziň dilimizde uly howpy aňladýardy, men guýy ussasyndan «Bu nä beýle?» diýip soradym. Ol «Men ol basyşy öňem telim gezek basyr ýatyrdym, indi baş berenok!» diýip, perwaýsyz jogap berdi. Men şol gün ýagdaýy ähli ýere habar berdim, gyssagly çäreler görüldi, emma noýabr baýramçylygyna geçilýän gije gözegçiligiň gowşadylany üçin guýy ýaryldy, ýagny gaz islän ýerinden, alakalaryň süreninden, suw guýylaryndan, deşiklerden çykyp başlady... Bu eýýäm adamlaryň janyna howp salýardy. Şol gazy saklamak üçin gytaklaýyn täze guýy gazyp atom ýardylar hem-de gaz gatlagyny süýşürip tutuşlygyna Maý gaz ýatagyny çökerdiler. - Şeýdip jenaýatçylyk döredi diýsene! - Munuň sebäpleri kän! Gaz guýysyny gazmak ýaly jogapkärli işe geldi-geçer adamlary goýbermeli däl! Emma ol dogan-garyndaşlygyň toparyna öwrüldi, buraw ussasynyň garyndaşlaryndan başga adam işe çekilmedi. Onsoň her hili kadadan çykmalar olaryň öz aralarynda galdy, barlaýan gulluklardan «goranmany» başardylar... Burawda laýyň hil iwe düzümi esasy orunda durýar. Nädeniňde ony has agyr, şol bir wagtyň özünde burawlaýjy enjama ýelmeşýän, herekedine zyýansyz bolar ýaly etmeli? Bulary çözýän ýörite gulluklar bar... Hut şol gullugyň wyždany päk, ynsaply, işine sarpa goýýan adamlarynyň zähmetiniň netijesinde burawyň hili oňatlaşyp bilýär... Burawlaýjylar taýýarlanýan laýyň hiline doly üns beripdirler, emma işiň 90 göterimi şoňa bagly bolup durýar. Men «Şu guýyny burawlap bolanok» ýa-da «burawlamak kyn» diýen gürrüňe ynanamok, ähli zat laýyň hiline bagly bolup durýar... şo döwürlerde düzgün birhilidi. Bize hek gerek, emma barit getirýärdiler, Barit bolsa hekden köp esse gymmat! Näçe tygşytlylyk gazan, näçe arzan laý oýlap tap, olaryň işe peýdasy ýok, burawyň gymmat ýa arzan düşmegi üçinem, az adam bilen köp iş etmegem peýdasyz, garaz, ähli zat tersine, käte buraw ussasy täze nokada geçende tygşytlan çig mallaryny alyp gaýtmak üçin maşyna garaşyp wagtyňy ýitireniňden şol zady taşlap gaýdanyň amatly bolýar. şoň üçinem her gezek diň göçürilende köp sanly çig maly, metal bölekleri galýar. Her kim öz peýdaly tarapyna garaýar, netijede döwlet utulýar. Bu zatlaryň esasy böwedi iş görkezijisiniň guýy gazmakdaky metr bolup durýanlygy üçindir! Burawlaýjylaryň çykdajyly, çykdajysyz işlemegi, guýynyň özüne düşýän gymmatynyň artmagy zähmet haka bagly edilip goýulmansoň, her kim gündelik gazylýan çuňlugy artdyrmagyň aladasynda. Şeýle ýagdaýda burawlaýyş düzgünleri ýoýulýar, has arzan usul bolan hek garyp gazmak işi ünsden düşürilýär, ýerli işgär ýeterlik däl diýen bahana bilen ýörite uçarly, üç müň kilometrden Orsýetiň çetki künjeklerinden işgär getirilýär. Olar üçin bolsa diňe metr gerek. Iki hepde işledip soňam uçarly yzyna alnyp gidilýän işgärleriň getirýän peýdasyndan zyýanynyn köpdügini bilmeýän ýokdy, şonda-da, näme üçindir ýerli adamlaryň hyzmatyndan peýdalanmadylar, iş sorap gelene ýok diýdiler. Başga ýurtdan geleniň işe bolan yhlasly ýerli adamlaryňkydan pesde durjagy düşnüklidir. Diňe olary gatnatmak üçin çykarylýan çykdajylaryň ondan bir bölegini ýerli adamlardan hünärmenler taýýarlanylmaga gönükdirilse peýdaly boljakdy hem-de geldi-geçerligiň netijesinde dörän şol agyr hadysanyň öňi alynjakdy. Emma olary bizden soraýan bolmady, biz bir zat diýsek sen otur bolduk, ýogsam men hat baryny ýazdymam... Ähli mesele Moskwadan çözüldi... Şol hadysanyň emele gelmegi üçin ýene-de köp delilleri getirip bilerdim. Men şondan bäri bir zada gowy göz ýetirdim, olam ýaramaz gylykly adamlar jemgyýet üçin howply däl-de «Biz hakykatyň tarapynda» diýip öz hereketlerini şonuň bilen aklajak bolýan geldi-geçer adamlar howplydyr. - Buraw işinde hek ulanmagyň artykmaçlyklary nämeden ybarat? - Barit we betonite derek hek ulansaň buraw arzan düşýär, hili ýokary bolýar, işi çalt bitýär, gaz guýylaryň gaz beriş ukyby artýar, aşaky gatlaklar barada has takyk maglumatlary almagy üpjün edýär, iň esasam, hek baritden altmyş esse arzan, pili uran ýerinden Türkmenistanda hek tapdyryp dur. Netijede, guýyny tabşyrmagyň möhledi azalýar, çig-mal tygşytlylyk gazanylýar, az adam bilen köp iş etmäge giň ýol açylýar. Ýöne, näme üçindir «Kommunistik partiýanyň syýasatyna garşy geldi» onsoňam «Wagtyndan öň tabşyrylan guýylar amatsyzlyk döretdi». sebäbi şu günki üstünlik ertirki maksatnama öwrüldi... Bu bolsa messep bilen borjuň arasyndaky çaknyşygy, gapma-garşylyklaryny ösdürdi. - Könelerimiz «Müň meçitden on geçit, on geçitden bir-içit!» ýagny «Müň metjitden on köpri, on köprüden bir guýy» diýipdirler, şol aýdylyşy ýaly, gaz guýylaryny gazmaklygy hem edil suw guýylary ýaly sogap işdir. Şuny ýadyňdan çykarmagyn... Onsoňam indi ähli zatda tygşytlylyk gazanjak bol, çig malyňa eýeçilik göz bilen gara! Arada tokurtgalaryň kebşirlenýän ýerine barsam Mämmet aga kebşirlemeden galýan bir barmak simleri çöpläp ýör, «Munuň bir ujuny çekiçläp çüreldýäň, soň ony çüý hökmünde ulanýaňda ujuny gaýtaryp goýaýýan! Hojalykda bu hemme zada gerek!» diýýär. Indi onuň göreldesine eýeren oglanlar çüý geller diýip garaşyp duranoklar. Mämmet agaň edişi ýaly galyndylardan gurluşyk çig malyny ýasaýarlar. Oglanlar häzir Şatlykdaky merkezi ussahanada desgalaryň birleşdirilen bölegini ýygnap ugratýarlar. Bu işiň ykdysady bähbidi diýseň ýokary! Kebşirleýji agregatlaryň onlarçasyny başga işlerde ulanmaga, desgalary örän gysga möhletde ýygnamaga mümkinçilik döretdi, galyberse-de, ol ýerde işiň çalt ýerine ýetirilmegi üçin ähli zerur zatlar eliň astynda. Garaşsyzlyk biziň her birimiziň gözümizi açyp, özbaşdak işlemäge şert döretdi, ýöne munuň şeýledigine biz heniz doly düşünip bilemzok, köpimiz öňden gelýän ýörelgeden el çekmek, onda-da, belli-külli el çekip, täzeçe işlemek gerekdigine göz ýetirip bilemzok. Hamala şol endiklerden el çekilse, bullam-bujarlyk bolaýjak ýaly. Dogry, biz öz işimizde ilki bilen berk düzgün-nyzamy ýola goýduk, Sary edilýän çig mallaryň girdeji-çykdajylaryny düzgünleşdirmek, çig malyň ýekeje nurbadyny hem zaýa etmän doly ulanylmagyny gazandyk. Öňler gurluşykda nirä seretseň ulanylan-u ulanylmadyk çig mallar çaşar ýatardy, eýeçilik göz bilen garalmaýardy, hiç kim hiç zada jogap bermeýärdi. Indi ýagdaý düýbünden başgaça, häzir artan-süýşen demir bölekleriň, zaýa diýip zyňylan enjamlaryň haýryna desgalar ýygnalýar! Asyl seredip otursak, köp zatlar zyňylýar ekeni, indi şol demirler bizi uly baýlygyň üstünden baran ýaly etdi. Dogrusy, köpimiz zaýa diýip taşlanan demirleriň kärhanalarda çaşyp ýatmasynyň gadyr-gymmatyny bilemzokdyk. Emma, ugurtapyjylyk, işeňňirlik, galjaňlyk gorkezseň bolmajak zat ýok ekeni! Diýmek, bu ýerde eýeçilik diýen düşünjä täzeçe garaýyş bar! Adamlar önümçiligiň eýesiniň özleridiklerine düşünip başladylar, şol sebäplem köpçüligiň emlägini öz hususy emläginden kem görenoklar. Indi bir bölejik zyňyndy demiri tokurtgany eli hünärli, işine ezber oglanlar bir zada ýaradýarlar. Şeýdip, ýasap, ulanýan zatlarymyzyň bahasy mugda ýakyn düşýär. Nesil bolsa «Müň uşak zatlar» ady bilen bir dükan hem açmakçy! «Onda öz ýasaýan zatlarymyzy goýup işgärleri eleterli bahadan satmakçy, ondan geljek girdejini işgärleriň durmuş hal-ýagdaýyny gowulandyrmaklyga gönükdirmekçi!»... - Agam galanlaryn-a bilemok welin şu dükanly meseläňe rugsat alyp bilmersiň. Bagyşla, men dogry aýdaýýan! – Ata mylaýym ýylgyryp alyslara seretdi. Ata 1967-nji ýylda mekdebi tamamlap, obada işe galypdy, dogry durup işleýänligi, töweregindäkileri işletýänligi üçin ony pagtaçylyk brigadasynyň brigadirligine belläpdiler. Şondan soň, kalby zähmete ýugrulanlara onuň yzyna düşdi, galdyr-bassyrlyga gol berip, ýatyp iýmäge yş açýanlaram çekildiler. Ol her kes bolsun tapawudy ýok, güler ýüzi, mähri bilen özüne bakja edip goýmagy başardy, utýan ýeri kiçä kiçi ýaly, ula-uly ýaly. Şol döwürlerde merkezi Komitetiň bir jogapkär işgäri oba aýlanmaga gelýär. Zanny dogruçyl ata brigadasynda gowaça ýekelemekde işleýän adamlarynyň alty aý bäri aýlygyny alyp bilmeýändikleri sebäpli kömek sorap oňa ýüz tutmakçy bolýar. Emma ýolbaşçylyr onuň öňüni gabatlap, şol wekiliň ýanyna eltmejek bolup her zat edýärler. Ata welin uzakly gün işini şol edip ahyrym hatyny wekili gowşurýar. Şonda wekil «Jigim, bu meseläň aňyrsy üç günde çözüler» diýip söz berýär. Ata şondan soň öýüne gaýtjak bolsa kisesinde kör köpügi ýok, diläp-tirkäp zordan öýüne aşdy. Iki günden soň kolhozyň şol wagtky başlygy ony ýanyna çagyryp «Inim, nirä bardyň, näme etdiň?» diýip soraýar, olam şeýle-şeýle diýip gürrüň berýär. Şonda başlyk ony gujaklap «Berekella ogul, şun-a oňarypsyň, dömüp duran ýaramy ýaryp berdiň!» diýdi. Şodurda-şodur Ata zähmete gyzykdy, zähmetde taplandy. Zähmetde gaýta taplanan adamyň, durmuşa garaýşy, kynçylyklary ýeňip geçişi üýtgeşik bolýar ekeni. Ata, Goşun gullugyny tamamlap, Nebitdagdaky burawçylyk mekdebinde okady, Gamyşlyja-da buraw ussasynyň kömekçisi, soň öz ugrundan ýokary bilim alyp Şatlygyň gaz guýylaryny burawlaýan edarasyna işe geldi, alty ýyl ussa boldy, soň bölüm başlygy etdiler. Ilki günlerde kynçylyklara gabat gelenem bolsa, soňa baka işçiler bile gatyş-garym boldy, ýüregi ýumşaklygy, dili süýjüligi, argajynyň gylsyzlygy hoşuna geliberýän, desbidäki synag terezisinde gowy bilen hordany telleýän il-günem ilkinji günden oňa garamatlaryny ynandylar. Şondan bärem ol burawlaýjylaryň ýolbaşçysy... Iki ogly, üç gyzy bar. Ýaşaýan otagynyň sag böwri kitap tekjeleri, çep böwri giden bir ösümlik dünýäsi. Otagda ýetişdiren limonlarynyň her biri ýumruk ýaly, saralyşyp, sallanyşyp durlar. Alym adamlary gowy görýär, aňrujy ýagdaýyny tapsa öýüne çagyryp hezzet-hormat edýär. Gurbannepes bir gün ikisinden onuň sebäbini soranda ol «Agyr ýygyn gabawa düşüp, ulus-iliň ýüzüne ajal perdesi örtende, «Kimi halas etmeli?» diýip, parasatly gojadan sorapdyrlar, onda goja «Alymlary, birem atlary! Hakykaty ýaýmak üçin alym gerek, bedew atam şol alymy halas etmek üçin gerek» diýipdir. Şoňky ýoly ýurdumyzyň üstünliklerini artdyrmak üçin şeýle alymlar howa ýaly gerek. Olar halkyň gulagy gözi ahyryn! Gurbannepes dükanly meselede Ataň pikiri bilen ylalaşmady. - Ýol berilmez diýip gol gowşuryp oturmagam-a bolmaz! «Ýatan öküze iým ýok» diýipdirler. Göreşeris! Ýykylsak ýene göreşeris! Şol wagt «Jip» maşyny ýelgamak ýaly gelip saklandy. Maşyndan Kaka Rejep, kömekçisi Kerim eli bukjaly düşüp Rahmanyň iş otagyna girdiler. Kaka Rejep ýygnananlar bilen salamlaşandan soň, Rahmanyň öňüne süýşüren bukjasyndaky kagyzdyr, çyzgylara seredip çykdy. - Bu çyzgylaryň eýesi kim? ol Rahmandan sorady. - Gurbannepes aga! - Düşnükli! – Kaka bukjany ýapyp Rahmana gazaply seretdi. – Sen bu çyzgylary taslamaçylara görkezmän, olar bilen ylalaşman işe girişipsiň! Seň edýäň işiňi bilmeýänlerden däl ahyryn! Tejribe topladyň! Emma şeýle bidüzgünçiliklere, döwletiň onlarça müň manadynyň artyk harslanmagyna ýol berýäň! - Germewiň çyzgysyny taýýarlan men! – Gurbannepes ýerinden turdy. – Şeýle edeliň diýip siz bilenem maslahat etdim! - Size-de gezek ýeter, Gurbannepes! Men häzir Rahmandan soraýan! «Näme üçin taslamaçylaryň rugsadyny alman işe başlapsyň?» diýip soraýan! Ol munuň edilmelidigini gowy bilýär ahyryn! Dogry, maňa maslahat salyndy, men kanundan çykman ediberiň diýdim! Eýsem ýalanmy? - Käbir düşündirişleri bermekçi – Gurbannepes ýene ara düşdi. – Biz desgaň gözel bolşy ýaly daşky germewiň hem gözel bolmagyny isledik! Onuň ähli bölekleri demir zyňyndylaryndan ýygnaldy hem-de demir beton zawodynyň ussasy Allaberdi aga tarapyndan gysga möhletde ýasaldy. Rahman diňe getirilen çig mallary ýerinde goýýar. Onuň bu ýerde günäsi ýok! - Görýän welin goragçyň ýeterlik ýaly. – Kaka Rejep Rahmana seretdi. – Maňa «Siz işeňňirlik görkezýänleriň ýüzüni dalaýarsyňyz!» diýersiňiz! Zyýany ýok! Men oňa razy! Häzir welin men taslamaçylaryň razylygy alynýança işi togtatmagy buýruk berýärin! - Başlyk, men siziň buýrugyňyzy ýerine ýetirip biljek däl, häzir işi duzursak onda desganyň gurlup gutarylmaly wagty howp astyna düşýär! – diýip, Rahman garşy çykdy. - Rahman seni işden boşadýaryn! – Kaka oturanlara gözüni aýlady. – Gurbannepes sizi şu günden bölümiň işini alyp baryjy edip belleýärin! Häzirden işi togtatmagyň buýrugyny beriň! - Buýruk bermek kyn däl! – Gurbannepes birneme pikirlenenden soň, jogap berdi. Ýöne çykarylan çykdajylar nähili bor? Ony kim ýerinde goýsun? Biz ony nämäň hasabyna ýaparys? - Ony ýapyp bolmaz! - Diýmek, harç edilen çig mallar meň adym-da asylyp durmalyda? – Gurbannepes dolandyryjyň ýüzüne seretdi. – Biri işi başlapdyr, menem soňky galmagaly öz başyma almalymy? Ýok, başlyk ynamyňyz üçin minnetdar, siziň bu teklibiňizi kabul ederlik däl! - Adamlar diýseň akylly bolupdyr! – diýip, Kaka Rejep jogap berdi. - Özüňiz buýrugy adamlara ýetirin, olar bir hepde bäri gijesini gündiz edip zähmet çekýärler. Men-ä beýle buýruk bermäge wyždannym çatanok! – Rahman işiň başga aýlaw alyp barýanlygyny görüp ýüzüni sallady. - Sen nä işe başlaňda wyždanyňa geňeşmediňmi? Edilmeli işiň düzgün boýunça edilmelidigini bilmediňmi? Wyždanyň döwletiň onlarça müň manadynyň ýele sowrulmagyna päsgel bermedimi? - Biz mydama artyk çykdajylaryň gürrüňini edýäs, emma meniň hasaplamalarymda elli million sap peýdanyň boljakdygy görkezilýär, eger Ýazmyrat bu işimize ak ýol bermese-de, biz ony şol peýdaň hasabyna ýapyp bilýäs! Ýa-da siz peýda gazanjagymyza ynamyňyz ýokmy? – diýip, Gurbannepes sorady. - Men siziň hasaplamalaryňyza nädogry diýip biljek däl! – Kaka Rejep birneme gowşady. – Ýöne, kim maňa artyk çykdajylary sap peýdanyň hasabyna ýapmaga rugsat berer? Kim? - Bu eýýäm başga mesele, tölemäge serişdämiz bolup-da, gorkup otursak nähili bor? Onsoňam taslamaçylaryň wekili aramyzda otyr! Onuň gurluşykçylary bergisi bu edilýän çykdajylaryň aňry ýany bilen ýapmaga ýetýär. Eýsem ýalanmy? Gurbannepes Ýazmyrada seretdi. - Muňa nähili düşünmeli? – Kaka Rejep Ýazmyrada soragly nazaryny dikdi. - Çykdajylaryňyzy ýapmaga serişdäňiz bolsa onda isledigiňizçe gurup bilersiňiz! Bu trestiň öz içinde çözülmeli mesele. Maňa degişli däl, maňa taslama bahasyndan çykmasaňyz bolýa! – diýip, Ýazmyrat jogap berdi. - Aýlanyp gören bolsaň, Ýazmyrat, adamlaryň iş öndürijiligi, höwesi ýokarydyr? – Kaka Rejep indii başga hörpden gopdy. – Dogrusyny aýtsam, işi şeýle gurnamak üçin maňa azyndan iki hepde wagt gerek bolardy, emma bölümiň ýolbaşçysy gysga wagtda gör nähili işleri edip ýetişdiripdir! - Öwgüli sözüňiz üçin sag boluň, başlyk! – diýip, Rahman ýylgyrdy. - Rahman, öwýändir öýtme! Bu saňa ýazmaça berk käýinç bermegiň öňündäki sebäpleri! - Başlyk jerimee berseňiz beriberiň, iş durmasa bor! – diýip, Rahman elini salgady. - Germewiň näçe metrini tamamladyň? - Iki ýüz metre golaýlandyr. - Üç günde şonça eden bolsaňyz ýaman däl, germewiň gutarylmagy gaz ýygnaýjy nokadyň gurluşygynyň gutarylmagyny aňlatmaýar. Onuň üçin köp işleri etmeli! Sözümi jemläp aýtsam men germewiň işiniň dowam edilmegine öz razylygymy berip biljek däl, işi etme hem diýip biljek däl! – Kaka Rejep Ýazmyrada seretdi. – Edilen işleriň üstüne atanak çekmäge elim baranok! Oglanlar dogry edýärler, jedel etmän iş edip öňüňde paçak edip, keserdip goýýarlar. Edilen iş bolsa eýýäm edilen bolýar. Biz on aýyň içinde şeýle mukdarda ederis diýip arzuw edip hem bilmezdik, dogrusy gorkupdyk, emma edip biljegimize ynamymyz artdy. Bolup barýar ahyryn! Bolaram enşalla! Ýazmyrat, bu pikirimi öz ýolbaşçylaryna ýetirersiň diýip tama edýärin! - Ol meň wezipäm! – diýip, Ýazmyrat başyny atdy. Kaka Rejep Rahman bilen Gurbannepesiň bir-birine baş atyp «habarlaşyşlaryny» görüp: - Siz wagtyndan öň begenýärsiňiz! Entejik irdir! Eger-de ähli işler öňden bellenilen möhlet boýunça ýerine ýetirilmese, onda Aşgabatdan «kelläňizi soranlarynda» delalata garaşmaň! Düşnüklimi? Siziň ähliňize üstünlik arzuw edýärin! Men şu gün Ýazmyrat bilen Aşgabada uçmakçy! Meseleleriň köpüsini ýerinde çözüp gelerin! Sag boluň! Kaka Rejep bukjasyny eline alyp, otagdan çykdy-da, maşynyna münjek bolup durka Rahmany ýanyna çagyrdy. – Men iş buýrujynyň wekiliniň ýanynda başgaça gürläp bilemok! Sen bulara düşünýänsiňle? – diýdi. - Düşünýän, başlyk, düşünýän! - Düşünýän bolsaň öňküdenem beter öndürijiligiňi artdyr, bize bir pursat hallyň-sallyň etmäge wagt ýok! Gurbansoltan aýyna ähli işleri doly dynmalydyrys! Rahman Kaka Rejebi nazary bilen ugradyp, Gurbannepese ýüzlendi. – Häzirlikçe tupan sowuldy! Ýaşuly, siziň täzelikleriňiz meni ýaman güne uçradaýmasa ýagşydyr? - Gorkma, Rahman! «El eli ýuwar, iki el birigip ýüzi!» diýipdirler... Birek-biregi goramany başararys! 2 Türkmenbaşy aýynyň başlarynda bellenilýän Hatyra gününde Gurbannepes ähli dogan-garyndaşlaryny ýygnap, gonamçylygyň içini arassalamaga gitdi, buý ere obaň adamlary ýygnanypdy, kimsi pildir kätmen bilen çöpleri çapsa, ýene biri çapylan çöpleri ýakýardy. Olar günorta çenli gonamçylygyň içini arassalap boldular, soň her kim öz merhumlarynyň ýatan ýerine baryp aýat-töwir etdi. Gurbannepes kakasynyň guburyny çöp-çalamdan arassalap aýat-töwir etdi, agalarynyň, aýal doganlarynyň guburlaryny arassalady, soň eý görýän dosty Kössek neressäň, onuň kakasydyr, ejesiniň ýatan ýerine bardy. Ine, üç sany mazar pessejik haýatyň içinde ýatyr, arassalanypdyr, haýadyň ýykylan ýerleri dikeldilipdir, gonamçylyga gelse ol dostundan habar alyp, onuň bilen gepleşerdi, iç döküşerdi, ony soňky gezek görüşini, şondaky tersleşişini ýatlap merhumdan ötünç sorardy. Ol Kössek neresse bilen on ýyllap mekdepde bileje okapdy, iýeni-içeni aýra gitmezdi, sapakdan soň Kösseklerde ýa-da öýünde duşuşardy, gazet-žurnallarda çykýan habardyr, goşgulary okardy, her gazetde ýa-ha Kössegiň habary çykardy ýa-da Gurbannepesiň goşgulary, olary okap pikir alyşardylar, täze ýazan eserlerini okaşardylar. Garaz, wagtyň nädip geçenini bilmezdiler. Duşuşyp bilmedik günleri, birek-birekden habar almasalar ýatyp bilmezdiler. Näçe duşuşsalaram iki dostuň gürrüňleri peýlemezdi. Orta mekdebi gutaryp Gurbannepes hünärment mekdebine okuwa giripdi, Kössek «Ýokary okuw jaýyna gideli!» diýip ýalbarypdy, dosty gitmänsoň özem niýetinden el çekipdi. Orta mekdebi gutaran badyna, Kössegi öýlendirmekçi boldular, kakasy keselli bolansoň «Ölmänkäm öýli-işikli bolanyňy göresim gelýär!» diýipdir, emma Kössek öýleniş toýuny bile geçirjek bolup, «Dost, senem halaýan gyzyňa öýlen, bilejek toý edeli!» diýip Gurbannepese ýalbarypdy. Gurbannepes «Ýok, men 25 ýaşaman öýlenjek däl!» diýip, kesgitli boýun gaçyrypdy. Şondan soň Kössek neresse kakasynyň raýyny ýykyp bilmän, öýlendi, uly toý tutdy. Toýdan iki aý soň tarpa-taýyn kakasy Paýyz işan ýogaldy. Obada sylanýan adam bolansoň, ýaşulyny jaýlamaga köp adam ýygnandy, onsuzam türkmenlerde aradan çykany soňky ýoluna ugradyp, hormat goýmak ýaly ata-babalardan galan däp-dessur berk berjaý edilýärdi, her näçe gyssagly, zerur iş bolsa bolsun, tapawudy ýok, adamlaryň hemmesi hökman ýasa gatnaşýardylar. Kössek elli-altmyş kilometr daşlykda bolanlygyna garamazdan Gurbannepesiň yzyndan ýörite maşyn iberdi, «gyssanýan» adamlara «Dostum gelip kakam bilen hoşlaşmasa jaýlamaga rugsat berjek däl!» diýdi, Gurbannepes gelensoň kakasyny jaýlady, kyrkyny sowup, kakasynyň daşyna haýat galdyrmak üçin ýowar edip, adam çagyrdy. Bu habar giç ýetenligi üçin Gurbannepes günorta ýakyn gonamçylyga bardy. Kössek dostunyň gelenini begendi, öňünden ylgap çykyp mähir bilen gujaklady. - Dost geläýdiňmi! Geljegiňi bilýädim, dostsuz başym, duzsyz aşym meň. - Habar giç bardy. - Habar barmasa-da sen gelmeli! Duýardyň! Ikimiz bir damar bir ten ahyryn! Hökman duýmaly, dostluk menzil bilmez. - Hany adamlaryň ýanyna baraly!... Salawmaleýkimler!... Armaňda! Zyýaratyňyz kabul bolsun, bitirýän işiňiz ýerine düşsün! – diýip, Gurbannepes haýat gurup ýörenlere ýüzlendi. – Gijräk gelenimi bagyşlaň! Iki adamlyk işlemäge taýyn! - Wah, işlemän, görünseňem bolýa-la! Ertirden bäri Kössek ýoluňa garap halys boldy, bizem işledenok! – diýip, Kössegiň doganoglany seslendi. - Hawa, how! Birýandan-a bizi gyssaýa, birýandanam seň ýoluňa garaýar, biz-ä dogrusy, nämä gyssaýanyňa düşünýän däldiris! – diýip, ýene biri seslendi. Kössek Gurbannepesiň goltugyndan elini geçirdi-de çete çekdi. – Dost, bir zady senden maslahatsyz edendirin welin bagyşlarsyňda, heniz maslahatsyz eden işim ýokdy, ýöne barybir sen göwnemezdiň! Men ony bilýän! Onsoňam, «Dosta ýalanyň bolmasyn, ýagy seniň bilmesin» diýipdirler. - Näme ol?... – Gurbannepes bir zat ýüregi syzan ýaly kerpiç örülýän haýata seretdi. Kössegiň kakama diýip gurýan haýatyň boýy ýedi-sekiz metre, ini dört metre uzalyp gidýärdi. – Düşnükli, bolan bolsam rugsat bermejegimi aňypsyň! Gyssanýanyň şonuň üçindir, gelmänkä binýadyny bir tutaly diýensiň! Şeýlemi? - Dost, bilýäň-ä, ejemiň zordan demi gelip gidýär! Kakam ölenden soň hasam pessaýlady, «Il oňsa oň, doňsa doň» edäýdim men-ä! - Bolşuň nätüýsli aýt, sen? Ejeň ölümine gyssanýan ýaly-la? Kelläň bir ýerindemi? - Ýok, oň üçin däl! Ejem kakam pahyr bilen bileje ýatsyn diýdim-dä... Onsoňam, kimiň haçan öljegini Alladan başga bilýän ýok. - Hawa, Alladan başga ony bilýän ýok! Sen nädýäň? Hi, beýle-de bir zat bolarmy? Ýok, men seniň bilen razylaşyp biljek däl! – Gurbannepes çürt-kesik jogap berdi. – Men bu edýän işleriňe garşy, eger haýaty dikeltjek bolsaň onda... Onda, bagyşla, dost! Menden gaty görme. Bolýamy? Men bir zat aýtjak ýa-ha haýaty kakaň daşyna aýla, kömek etjek, ýogsamam... Ýogsamam işe elimi urjak däl! Dosta ýalanyň bolmasyn diýip ýaňy özüň aýtdyň, men ýalan sözläp biljek däl. Kössek ýer dyrmalap ýüzüni sallap otyr, ýerden ses çykýar, ondan çykanok, özem aglaýjak bolýar, şeýle gürrüň eşitjegini öňden aňan ýaly başyny ýaýkaýar. - Dost! – diýip, ol ahyram dil ýardy. – Men-ä bu işi göwnüme makullap etdim, senem beýle çürt-kesik oňlamajagyňy bilýändirin. Indem näme, haýatyň düýbi tutuldy, üç-dört aýlaw kerpiç örüldi... Gonamçylykdaky binalar sökülip durulýan däldir, il geňlär. - Men saňa haýat gurma diýemok! Öliň üstüne köşe galdyrsaňam bolman durmaz, gurbyň çatsa edibermelidir. Biz ony Soltan Sanjaryň mysalynda görýäris, ata-babalar gadym döwürlerde ölülerini şeýle sylapdyrlar. Çingiz hanyň weýrançylygyndan soň dogan türkmende döwlet bolmansoň bu toprak aýak astyna düşüpdir, mazarlar depgilenipdir. Şol sebäplem soňky ýüzýyllyklarda mazaryň yzy ýitse ýagşy diýen pikiriň tarapdary däl, haýat guranyň ýagşy! Ýöne, beýle uly gurmany oňlamok! DiIýenimi etseň, henizem bir pursat, söküp, diňe kakaň daşyna haýat aýlaly? - Dost, göwnäýsene! Öňem agalammy, garyndaşlarymy zordan yrdym, indi sen bir beýdip durmasana! - Ýok diýenimi etmejek bolsaň, onda... Onda men-ä gitjek! – Gurbannepes maşyna tarap ýöneldi. - Dost beýtmesene!... Dost göwnäýsene!... Dos...! Dos...! – diýip, Kössek Gurbannepesiň yzyndan gygyryp galdy. Gitse-de gitdi welin Gurbannepesiň ýüregi erbet agyrdy, arkasynda bimöçber ýük bar ýaly ýegşerdi, bokurdagy doldy, demi-demine ýetmedi, derini süpürip ýetişmedi... Gurbannepes şol günden soň oturyp-turup karary ýetmedi, keýpi gaçdy, ýüregine howsala gaplady, gözüniň öňünde gonamçylykdaky şol uly haýat! Ol öz eden işiniň telekdigine-de, dogrulygyna-da düşünip bilmedi. Şondan soň ençeme ýyl geçdi. Gurbannepes daşky sowhozlaryň birinde işleýärdi. Bir gün ol hopugyp oýandy, kellesi agyrýardy, ýüregi gysýardy, öýüni, jigilerini, ejesini-kakasyny göresi gelýärdi, esasam Kössegi göresi geldi. Şeýle bir göresi geldi welin halys ýüregine düşüp ugrady. Dosty düýşünde «Dost, öýkeläp, şeýdip geziberjekmi?» diýdi. Hawa, çagalykdan bileje oýnap bile okap, ulalansoňlar, ara tow düşen-de ikisine-de agyr täsir edipdi. Soň görüp otursa Kössek hem oňa gaty gynanypdyr, ejesine «Dostum meň eden işimi oňlamady, ýekeje kerpiji eline almady» diýip, öwran-öwran gaýtalapdyr, ejesi bolsa «Zerur işi çykandyr, guzym, ýogsam, Gurbannepes nire kömek etmezlik nire! Ýa-da edýän işiňde göwnüňe bir çiglik aralaşan ýeri bardyr» diýipdir... Hawa, Gurbannepes şol gün günorta çenli işledi. Halys bolmajagyny bilip, ýolbaşçysyndan bir günlik rugsat alyp Sakarçägä, Akýap obasyna gaýtdy. Öýüne gelse ejesi aglap otyr. – Wah, näme bolany gurasyn balam... Ho dostuň Kössek bar-a... - Gurbannepes Kössegiň adyny eşidip dere batdy, dyzy epilip ejesiniň ýanyna çökdi. – Kössek neresse ýol hadysasyna uçrapdyr. - Jany sagmy? - Mary keselhanasyna äkidenmişler! Sen gorkma, lukmanlar galar diýýämişler... Ýöne, guzym, olara barypjyk Gaýdaý, o neresse düýnem geldi, öňňünem, öňküsi günem geldi, seni sorap «Gurbannepesi gaty göresim gelýä welin, gelenokmy?» diýdi. Gazetiň işi bilen çetki obalara gidipdir, ýolagçy maşyna garaşman, ýük maşynlaryň biriniň üstüne münüpdir, olam aýlawda agdarylypdyr... Wah, neresse... Gurbannepes ejesiniň soňky gürrüňlerini eşitmedi, jaýdan çykyp barýarka kellesine telpeginiň geýdirileninem duýmady. Kösseklere golaýlanda adamlary, gapyň agzyna atylan keçäni görüp özünden gitdi. Adamlar onuň ýüzüne suw sepip huşuna getirdiler... «Neresse, näçe göresim gelýä diýýädi welin görüşip bilmän ölüp gitdi, Gurbannepesiň ony soňky ýoluna ugratmak nesibesinde bar ekeni, habar edilmese-de geläýdi, bolsa-da ýürekleri bir ekeni!» diýilýän gürrüňleri eşiden Gurbannepes mähriban dostundan aýra düşendigine göz ýetirip, uly ili bilen aglady. Adamlar oňa «Dostunyň sarpasyny saklady» diýdiler. Garaz, gepiň kelte ýeri Kössek neresse şol gün jaýlandy, özem ejesi üçin taýýarlap goýan ýerinde jaýlandy. Eý, Hudaý, şondan soň üç aý oň ýalňyz oglundan, adamsyndan jyda düşen ene aglap-aglap jan berdi. «Ýatan ölmez, ýeten öler» diýleni-dä! Kössek neresse şeýdip, ençeme ýyl bäri kesel ýatan ejesinden öň öldi. Gurbannepes Kössek neressäň ejesiniň kyrkyny sowan güni «Adamlar, gysga wagtda üç adam bir haýatyň içinde jaýlandy, eger makul bilseňiz men-ä yzy ýitsin» diýip şu haýaty kiçeltjek diýdi. Haýaty kiçeltdi. Şondan soň ölüm şol öýden çekildi. Bu Gurbannepesiň göwnüne şeýledi... Ol gonamçylykdan iň soňunda çykyp gaýtdy... | |
|
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Duman daganda: Aç garny doýrup bolar, aç gözi kim doýrar?! - 05.06.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Dirilik suwy -10: romanyñ dowamy - 08.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |