21:56 Bäşgyzyl -32: romanyň dowamy | |
OTUZ BIRINJI BAŞ
Romanlar
1. Artyk ýagşy garaňky düşensoň işini tamamlap, ýatak jaýyna ugrady. Uzynly gün maşyndan düşmedik adam üçin ýazyň soňky aýlarynyň salkyn howasynda birneme gezmelemek ýakymsyz däldi. Bu gün Göwheri görerin diýen tamasy hem bardy, aý aýakda ortasynda ol daşky desgalara aýlanyp, sürüjileriň ýerine ýetiren işleriniň maglumatlaryny ýygnaýardy. Göwheri görmedigine iki hepdä golaý bolupdy, bir-iki aýlykda tabşyrylan umumy ýaşaýyş jaýynyň bir ganaty işçi gelin-gyzlara berlipdi, aýratyn bölümiň agzyna garawul goýlupdy, gelin-gyzlaryň ýanyna barjak bolsaň garawulyň kanuny-kanunsyz talaplaryny bialaç berjaý etmeli bolýardy. Garawulçylygy bolsa gyzlaryň özleri gezekleşip çekýärdiler, garaňky düşdügi ýekeje adam goýberilmeýärdi. Artyk jaýyň agzynda Aýsoltana gabat geldi, şondanam Göwheriň gelendigini, şu ýerde garaşsa duşup biljekdigini eşitdi. Birnäçe wagtdan soň kagyzlaryny goltuklap Göwher peýda boldy. - Salam, Göwher! - Salam, köpden bäri garaşýaňmy? - Aý ýok, ýaňy gelip durşum. - Artyk düýnki ýaly oýnuňy gaýtalama, bomy? - O nähili oýun? - Telefonly oýun! Başga biri bolan bolup... Sesimi näçe üýtgetdim diýseňem men şobada tanaýandyryn. - Bagyşla... Soň-a kellä geldem weli... - Ýeri bolýa-la... Çaý nanyňy iýdiňmi? - Ýok! - Iýmedik bolsaň, ýör, jaýa gireli, men seni naharlaýyn, gürleşeris, soň, aýdym-saz taýýarlyk agşamyna bararys. - O nähili agşam? - Ýene bir aýdan Bäşgyzyl gaz käniniň tabşyryş baýramçylygy bolýar, şoňa häzirden taýýarlyk görýäris... Men seniň geljegiňi bilýärdim, ýüregim syzdy. - Menem şu gün geljegiňi bilýädim, ýüregim syzdy – diýip, Artyk mylaýym ýylgyrdy. - olar jaýa giren batlaryna çyra söndi. - Göwher senmi? – Gapyň agzynda nobada duran Aýsoltan sorady. – Wah, ýanman geçen diýsäni... Gyzlar ýaňy çaýa oturypdylar-da, ýer çeksin şol serhoşy... Göwher Artygy yzyna düşürip, ýatak jaýynyň gapysyny kakdy. - Gyzlar, men Göwher, ýanym-da myhman bar, gapyny açyň! - Ýanmazmyka gyz, men-ä gapyň kiltinem tapamok! – içerden Gözeliň sesi çykdy, az salymdan gapy açyldy, çyra hem ýandy. Artygyň gelmegi bilen Gözel, Täzegül ikisi çykmakçy boldular, emma Göwher: - Otursaňyzlaň, men häzir çaý goýaýyn! – diýdi. - Ýok, jora, çaý goýmaga men ökde! – Gözel eli çäýnekli daşary çykdy. Göwher saçaklary ýazyşdyryp, öýden getiren azyklaryny orta dökdi, bir çetde Gözel surat depderçesini görüp oturan Täzegüle: - Tur, gyz, hindi maşgalasyna meňzäp oturmada, saçagyň başyna geç! – diýdi. - Toba, toba! – Täzegüliň dolmuş göwresinde göwreliligiň alamatlary bildirýärdi, hakykatdanam hindi gyzlarynyňka meňzäp duran gözlerinde mähir uçgunlary uçganaklaýardy. – Meni gören şeý diýýär-le gyz! - Gara Ametlerden bolsaň başga näme diýmeli? Gara Ahmet ýa hindi ýa arap bolmaly-da. - Ýok, Täzegül hindilere däl syganlara meňzeş! – Artyk saçagyň başyna geçdi. – Syganlaryň asly gelip çykyşy hindilerden diýýärler, dilleri hindi, Kaşmir, penjaby, nepaly dillerine meňzeş. Olar müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýä ýaýrapdyrlar. - Artyk, sen-ä duranja bir taryh! – diýip, Täzegül mylaýym ýylgyrdy. - Wah, jorajan, ony bir gepledip bilseň, soňuny alyp çykýar welin... Ilkinji sözüni agzyndan almak kyn. Göwher eli çäýnekli giren Gözele: - A gyz, nätdiň muny, şol çaýa gidişiň bolaýdy-la! – diýdi. - Waý, enaýyda gyz! Men-ä elimi aýagymy ýakyp muňa gara taňkaň çaýyny getirýän, ol bolsa... – Gözel saçagyň gyrasyna galyň kagyz taşlap, taňkany şonuň üstünde goýdy, käselere çaý guýup çykdy. Olar Göwheriň getiren gowurdagyndan çaý-çorba edinip naharlandylar. - Wah, bolşum gursun, meň taýynja naharym bardy ahyr – diýip, Gözel ýerinden turmakçy boldy. - Nahar edindik, çaý içdik! Indi barymyz naharhanaň eýwanyna baralyň, ol ýerde eýýäm oglan gyzlar ýygnanan bolmaly! – diýip, Göwher nahar töwirinden soň ýerinden turdy. Olar otagdan çykan batlaryna çyra ýene söndi. - Häk, bokurdagyňa arak çüýşe tegek bolmuş ýerçeken, Bopba diýsänim... Şol zährmary içmese jany takylap çykaýjak ýaly, ondan-a aýalyňa eşik al! – diýip, Aýsoltan gapyň agzynda sögünip otyrdy. - Aýsoltan ýeňňe, çykjak çykar welin, gapyny ýapyp, sizeem baryň, aýdym-saz, goşgy diňlärsiňiz, saz çalyp berersiňiz! – diýip, Göwher gapydan çykyp barýarka seslendi. Naharhananyň giň eýwanyna ýaşlaryň işden boşany ýygnanypdylar. Geljek gelensoň Göwher öňe çykdy. - Hormatly ýaşlar! Şu gün biz gaz käniniň tabşyrmaly möhletiniň golaýlamagy mynasybetli özümiziň ilkinji duşuşygymyzy geçirýäris, maksat şol dabaraly pursatda işçileriň öňünde aýdym-sazymyz, goşgularymyz bilen çykyş etjekdir. Ilki bilen türkmen halk aýdym-sazlarynyň gysgaça taryhy barada çekişmeler geçiriljek, ilkinji tapgyrda bolsa her kim öz bilýän sazyny, aýdymyny, goşgusyny öňe geçip aýdybermeli. Çekinmeli däl. Aýdym aýtjaklaryň ýanynda sazandalarymyz Gözeldir, Aýsoltan saz çalarlar. Bilşiňiz ýaly biz, her gün ir-u-säher öýlän-u-agşam türkmen halk aýdym sazlaryny diýleýäris, ýöne olaryň öz gözbaşyny biziň eramyzdan öňki VIII-IH asyrlardan alyp gaýdýandygyny hem-de özüniň ýokary derejeli çylşyrymlylygyny saklap gelýändigini bilmeýänleriň bar bolmagy mümkin. Türkmen sazy iki kirişli, iki seslidir, ýöne, SSSR döwründe beýleki milletlere garaňda medeniýeti yza galan hasap edilýän türkmeniň sazy has çylşyrymly, ýakymly, has kämil işlenen bolup çykyşyna geň galaýmalydyr, bize aňyrsy näbelli, ruhypes, gara öýünden, malyndan başga zady bilmeýän diýdiler, halymyzy başga biriniňki hasapladylar. Kim beýle toslamany ýaýratdy, nädip biz onuň gara deşigine düşdük, bilmedim, goý, ony taryhçylar seljersinler, ýöne men Garaşsyzlygy alanymyzdan bäri özümiziň medeni, ruhy baýlygymyza dolanyp gelendigimizi bilýärin! Iň esasam ruhymyz tug dek belende galdy. Türkmen öz baýlygynyň özüne degişlidigine düşündi, indi ony hiç bir güýç yzyna dolap bilmez. Ruhy belent kalbymyz biziň halk sazlaryna bolan garaýşymyzy birjikde üýtgedenok, diňe oňa täzeçe öwüşginleriň gerekligi bilen ylalaşýar. Dogry, käbir adamlar türkmen halk sazlaryny ýöntemräk görüp, düşünmän, netije çykarýarlar. Düşünmek üçin bolsa bütin kalbyň bilen saza berilmeli mukamy ganyňa guýmaly! Hormatly ýaşlar! Häzir siziň öňüňizde birnäçe türkmen sazlary ýaňlanar, diňläň, sazyň adyny, kimiň döredenligini, eger mümkin bolsa rowaýatyny aýdyň, dogry jogap berene on baha beriljekdir, üstün çykanlara baýraklar paýlanjakdyr. Göwher magnitofonyň nokadyny basdy, saz ýaňlandy. - Nähili mähirli, mylaýym saz! – Artyk ähli ünsüni jemledi. - Menem dek oturmaýyn, daş edip kitabyma seredeýin! – Mälik iki notaly kitabyň gatyny açdy. - Näme gözleýärsiň? – diýip, Gözel sorady. - Türkmen halk sazlarynyň notalary, sazy diňläp nota boýunça adyny tapjak bolýan! - Waý, enaýy-da gyz, notadan başyň çykýamy?... Sazyň pessaý owazy oturanlaryň kalbyny gaplap aldy, käbiri aňk boldy, başagaý Mälik bir kitaba seretdi, birem asmana. - Hany, kim jogap berjek! – Göwher saz gutaran badyna oturanlara ýüzlendi. - Men! – Artyk ýerinden turdy. - Trestimiziň awtoulaglar kärhanasynyň sürüjisi Artyk Ýazyr jogap berýär. - Sazyň ady «Bikehalan!», Amangeldi Gönübegiň bu sazyny diňlän Bike atly gelin ýeňine ot düşeninem aňmandyr. Şol sebäplem oňa «Bikehalan» diýip at goýupdyrlar. - Jogap dogry, Artyga on belgi berilýär. Ikinji soraga geçýäris! – Göwher ýene-de magnitofonyň nokadyny basdy. Jadyly mukamyň sesi ýaýrady. Oturanlaryň biri sürüji, biri kebşirleýji, ýene biri agaç ussasy, suwagçy-reňkleýji, edil agyzlaryndan gan aldyrjak ýaly, hantama gözlerini uçganakladyp, sazyň täsin belentligine ymtylýardylar. Olaryň saza teşneligi hiç diýip aýdar ýaly däldi, ömür syry oňa siňen ýalydy. Saz tamam boldy, ara dymyşlyk düşdi, Göwher töwerege gözüni aýlady. - Tapdym, tapdym. – Mälik kitabyndan gözüni aýyrman: - Ýaňky çalnan saz Amangeldi Gönübegiň şägirdi, Kel bagşy adyna eýe bolan sazanda Allaberdi Aýdogdy oglunyň «Goňurbaş» mukamy bolmaly. - Ikinji sazyň dogry jogabyny gurluşyk gurnama guramasynyň kebşirleýjisi Mälik Han ogly aýdyp berdi, oňa berekella, bilen on belgi berilýär. – diýip, Göwher üsçünji sazy goýberdi. Sazyň şirin sesi lomburdap misli bir melul edýän ýaly täsirini ýetirýärdi, oturanlaryň ýürekleri tolgunýardy, şatlanýardy. - Bu gün örän üýtgeşik, beýle gyzykly täsirli agşama köp wagtdan bäri gabat gelmändim, bu bir enaýy-da gyz! – Gözel ýanynda oturan Täzegüle ýüzlendi. Soňky saz Täzegüle güýçli täsir etdi, diňleýärdi hemem gözüniň ýaşyny süpürýärdi. Göwher soragyny iki ýola gaýtalady, bu sazyň adyny bilen bolmady, üçünjide Täzegül ýaşyny süpürip ýerinden turdy: - Ýaňky çalnan saz «Gyzdurdy», ony döreden adama Gulgeldi usat diýýärler. Ol meniň babamyň atasy! – diýdi-de, Täzegül «Gyzdurdy» sazyň döreýşi baradaky rowaýaty giňişleýin aýdyp berdi. - Berekella, Täzegül! Berekella! Üçünji soraga trestiň jemgyýetçilik iýmiti kärhanasynyň aşpezi Täzegül Çary gyzy dogry jogap berdi. Oňa on belgi berilýär. Indi gadyrly ýaşlar, ýeňijilere baýraklar gowşurylýan çagy 1933-nji ýylda, Moskwada, halk-saz gurallarynyň bütinsoýuz ýaryşynda birinji orny eýelän ýaşy segsene golaýlan gazak dombraçysy Dina Nurpeýis, «Meşrep», «Balsaýat» sazlaryny çalyp ikinji orny eýelän Pürli Sary, «Gyrmyzy», «Bolmuşam» sazlaryny ýerine ýetirip üçünji orny eýelän Mylly Täçmyrat, hersi bir saz çalýar... Şondan soň agşamyň ikinji bölümine geçeris. - Göwher, häzirki zaman aýdym-sazlary barka köne sazlaryň geregi ýok! – diýip, Arslan atyjy seslendi. - Arslan, könesi bolmadygyň täzesi bolmaz. Biz şondan ugur alýas. - Olam-a dogrudyr welin, her zatda bolsa köpçülik bolup çalynýan sazlary diňläýsek gowy boljak-da! – diýip, jogap berdi. Dürli gurallaryň sazlaşygy bilen türkmeniň milliligini duýdurýan sazlar bolsa diňläris, oglanlaryň zehinine söz diýip biljek däl, ýöne käbir çalynýan sazlarda şirin mukama derek gulagyň gapyp barýan düşnüksiz owazlar bar, göwne ýakymly däl, ýaňky aýdyşym ýaly, milli öwüşgin ýetenok! Başarsak, başarmasak daşary ýurt sazlary bilen garyşdyryp dürşde ýasaýas, dürli saz gurally, döwrebap, ýokary derejeli çeper, şirin milli saz eserleri döränok! Döwrüň ýaşlarynyň talaby güýçli, biz şony kanagatlandyrmak üçin dyngysyz zähmet çekmeli, üstümizde köp işlemeli diýdi-de, Göwher magnitofonynyň nokadyny basyp, köne sazlary açdy, diňledeýin diýende-de, onda şulardan başga ýazgy hem ýokdy. Hawa, sazlar diňlenildi, baýraklar gowşuryldy, agşamyň ikinji bölegi başlandy. Onuň şerti boýunça her öňe çykan bir goşgy okamalydy hem-de Gözel gyzyň Aýsoltanyň dutarynyň gapdalynda aýdym aýtmalydy, emma näme üçindir höwesekler tapylmady. - Her kim öz işini etsedi – diýip, Arslan atyjy ýene durup bilmedi. – Men suw maşynymy sürýän, Mälik kebşirleýär, Gözel gyz suwag edýär, reňk çalýar, aýdym aýdýanlar aýdym aýdýarlar, buý ere şolary çagyrmaly ekeniňiz. Biz aýdym aýdyp bilemzok. Ýaňy aýak basan gyzyma «Sen ulalaňda kim boljak?» diýsem, «Aýdymçy boljak» diýýär, halyçy, tikinçi, öý hojalyk işlerini öwrenjek diýenok! Emma aýdym bilen garnyň dok bolanok, eklenç etmeli, eklenç. - Arslan döwrüň talabyna düşünenok! – diýip, Göwher oňa jogap berdi. - Gurýan desgamyz gutarsa ony görmäge gelerler, biz olary diňe bir iş däl, aýdym aýdyp, saz çalyp bilýändigimizi görkezmeli ahyryn, öz ýüzümizi görkezmeli, ýüzümizi! – diýdi. Arslan Göwher bilen dawa etmekden çekindi, onuň işdäki käbir «oýunlary» barada awtoulaglar kärhanasynyň ýolbaşçylaryna ýeten bolmalydy, bu gürrüňleri birbada ýuwutmagy dogry tapan Arslan sesini çykarmady, bilýän ýeke tansyny – owgan urşunda öwrenen tansyny hut şu gün görkezmegi niýet etdi. Olam dabaradan galasy gelenokdy. - Hany, kim ilkinji bolup çykyş etjek?... Gözel, gel, sen öňüni başla... Gadyrly ýaşlar, Gözel gyzyň hünäri köp, suratçylyk okuwyny gutardy, adam şekillerini, tebigaty, suratlandyrmaga ökde, haly dokaýar, saz çalýar, goşgy ýazýar, kiçeňräjik kyssalary düzýär, bularyň üstesine-de, ol ökde suwagçy-reňkleýji, işini edil surat çeken ýaly ýerine ýetirýär... Gözel jora, hany çyk öňe, dutaryňam alyp çyk! Gözel «Waý enaýyda gyz!» diýdi-de, agras ädimler bilen öňe çykdy, oturgyçda oturdy, ardynjyrady soň: - Men size häzir täze düzen goşgymy okap berjek, ony eziz obama bagyşladym, - diýdi. Henizem akyp dur şol akar ýabyň, Sende kuwwatlandy, bekedi tabym. Islän tapar onda «Jemşidiň jamyn» Mährem topragyna sözlerim aşyk. - Indi size Magtymgulynyň goşgusy esasynda öz döreden aýdymymy aýdyp berjek! – diýdi-de, Gözel dutary eline aldy, birnäçe gezek şabram şelpelere kakdy, soňundanam – Adamlar, sazym birneme ýöntemräk bolar welin bagyşlarsyňyz-da, suwagda, barmaklarym öňki çeýeligini ýitiripdir diýdi. - Arkaýyn çalyber, biz Durdy Keçjäniň «Zöhrejanyny» diňlämzok – diýip Arslan oturyp bilmedi. Gözel pessaýdan hoştap sesi bilen aýdyma başlady. Başy dagly Köpetdagyň nagmasy bar diýdiler, Mahal-mahal ýanan är dek nagrasy bar diýdiler, Ýyldyrymlaň, gök gürledýän çagbasy bar diýdiler, Aýlanyp türkmen topragyn ýagmasy bar diýdiler. Gözel aýdymy has ýokary heňde süýndirdi we goşgyň dördünji bendini tamamlady, oňa berekella diýip, çapak çaldylar, Aýsoltan gujaklady, Göwher elini gysdy, esli wagt şowhun ýatmady. Indi goşgy okamak gezegi Artygyň paýyna düşdi. Ýeke daban tesmän, erjellik bilen, Her ädimi tabyn edýäs emire. Gujagyna gysýan şowsuzlyklary, Döwmek üçin, dönüp gidýäs demire... - Berekella Artyk! Ine bu goşgularynda özüne ynam, ruhubelentlik bar, sussypeslik, perwaýsyzlyk ýok – diýip, Arslan atyjy onuň arkasyna kakdy. - Arslan akga, siz sussypeslik diýip nämä düşünýärsiňiz? – diýip, Artyk sorag berdi, şobada hem öz soragyna özi jogap berdi. - Elbetde, men ondan saplanmaga dyrjaşýaryn, mende sussypeslik däl-de, azajyk terkidünýälik bolup biler, olam tebigatyň, älemiň, adamlaryň tebigatynda bar, siz meni inkär etmeýärsiňiz, zehinimiň, ýazmaga ukybymyň barlygyna ynanýarsyňyz, bulary diňlemek, elbetde, süýji! Zehinem bolsa bardyr, ýöne, men ýazman durup bilmeýänligim üçin ýazýaryn! Zehin hakda pikirem edemok! Entegem şahyrlygyň we wyždanyň arasynda, yrgyldaýaryn, şowsuzlyklar gyjyndyrýar! Şygyr meýdançasynda uçuş we gonuş nokadyny ýasamaly diýip hasap edýärin, siz nähili baha kesýäňiz? - Men baha çykarardan ejiz, inibatyr! – diýip, Arslan boýnuna aldy. – Hakyky şahyryň dogruçyl bolmalydygyny bilýän. - Dogruçyllyk... Hawa, ekläp saklaýan, seni adam edýän eneň-ataň, döwletiň ýoluna, syýasatyna hökman uýmaly, iýýän ýeriňde «üýrmeli» diýleni inkär edemok, adamlaň duzsuz, nakys gülmeklerini islämzok, mydama çuň pikirde, çynlakaý, agras, seresaply bolmaklaryny isleýän, ýasama gülmegiň, götergilemegiň, ýelejiremegiň zyýanlydygyny duýmaklaryny isleýän, ine, maňa gerek zat. Goşgularyň içinde gümürtik ýa-da boş pikir bolman ummasyz zat ýatmaly! - Hany onda, ýene-de bir goşgy okap ber! – diýip, Arslan haýyş etdi. – Ondan soň meňem etsem-petsemlerim bar! - Baş üstüne! Watan gullugynda ýörkäm iki bent goşgy ýazypdym, häzir şony okap berjek! – diýip, Artyk goşgy okady... Berekella, sag bol, Artykjan! Indi sen eliňe şuny al! Arslan atyjy tekjelerde ýuwulyp, rejelenip goýlan okaralaryň birini, iki çemçäni alyp Artygyň eline tutdurdy. – Sen «dep» kakarsyň, Gözel gyzam «Daraýy donlyny» çaltrajyk çalar. Ine, menem şeýdip pyrlanaryn. – Arslan üstiaşyr üç gezek böküp düşdi-de, iki dazynyň üstünde edil pyrlampaç ýaly pyrlandy, birdenem atylyp ýerinden galdy, aýaklarynyň barmaklarynyň ujunda durp, düşnüksiz hereketlerini etdi. Geň galmaly zat, çalynýan sazam, kakylýan «depem» onuň herekedine tüýs bap gelip durdy. Ol bir seretseň buluçlaryň taýak oýnuna, bir seretseň kawkazlylaryň «lezginkasyna», bir seretseňem türkmeniň «Küştdepdisine» meňzeýärdi, ýöne üçüsem däldi, Arslan iň soňunda üstaşyr bökdi-de, Göwheriň öňünde dyzyny epip sakga durdy. - Nätdim? Ol demi-demine ýetmän sorady. - Arslan akga, daş etdiň! – Mälik ylgap bardy-da, onuň arkasyna kakdy. - Ýaman däl, ýaman däl, görýän welin siz maşyny sürüp biljek işlemänem, tans etmänem başarjak – diýip, Göwher ýylgyrdy. - Şeýdip, göwnümi göterenem bolsun, how! – diýip, Arslan ýerinden turup, dyzlaryny kakyşdyrdy. – Üýtgeşik zehiniň bolaýmasa, ýa arkaňda biri duraýmasa şular-a hezilem beräýjekgäller... Göwher agşamy jemledi. - Oglanlar, gyzlar! Biz dabaramyza aýdym-saz bilen barmaly, olar Watan, halk, il hakynda bolar, hepde-de bir gezek ýygnanyşmaly, taýýarlyk görmeli... Häzirlikçe bolsa agşama gatnaşanlara öz minnetdarlygymy bildirýärin, sag boluň! - A men nätmeli? – Arslan atyjy soragly nazaryny Göwhere dikdi. – Eýsem men öz tansym bilen çykyş edip bilerinmi? - Çykyş edersiňiz, şol günki gurnaljak uly dabarada sizeem taýýarlyk görüberiň! Adamlar birneme dargaşansoň Artyk Göwhere soragly nazaryny dikdi. - Näme? - Bir zat ýadyma düşdi, eger aýt diýseň aýdaýyn. - Aýdaý. - Aý, soň aýdaýaýyn-la, birhili... - Birhilisi bormy? - Oglanlaryň biri maňa öýlendiňmi diýdi, menem ýok diýip jogap berdim. - Näme eýsem öýlendim diýjekmidiň? - Aý, ýok-la, ýöne sen bar-a! Göwher hezil edip güldi. - Men bolamda näme? Haçan duluňa geçirerler, onsoň öýlendim diýerler. - Haçan... Haçan ol gün geller? - Ol gün geller. «Bahar pasly parç bolanda daglarda, Keýik-käkilikler güzere geller. Ýürek gözellikde, göwün awlagda, Zyban şirin setir düzere geler» - diýip geler - Gyssanma, görübereris! – diýip Göwher ýylgyrdy. - Ýogsa-da, goşgularymda sussypeslik duýulýarmy? - Gül ýaly, kämillige ýetip ugran goşgular, maňa-ha ýarady. - Şeýlemi? Artyk begenjinden iki bolup bilmedi. Bu iki juwanyň özboluşly bir gatnaşyklary bardy. Dogry, Artyk Göwher bilen heniz söýgi barada söz alyşmandy, aralarynda çuň dostluk bardy. Göwher ýatak jaýyna gelende Gözel surat çekip otyrdy... Bäşgyzylyň gaz ýygnaýjy nokady, ondaky owadan desgalar, ýük göteriji awtoulaglar, ýüzleri güne ýanan berdaşly daýaw oglanlar, kebşirleýjiler, desgalara bezeg berýän gyzlar... Öň hatarda Rahman işçilere görkezme berip dur. Ähli şekiller edil janly ýaly, hat-da geçip barýan maşynyň turuzýan tozanam bildirip dur, holl aňyrda bolsa ojarly çäge depeleri. Göwher surata seredip, ýaňy eşiden ýakymsyz habary nädip aýtjagyny bilmedi, aýtmaga dözenokdy, aýtmasa-da boljak däldi! - Jora!... - Waý, enaýyda gyz! Geläýdiňmi? Menem şu suraty gutaraýyn diýdim! – diýip, Gözel mylaýym ýylgyrdy. - Jora, men saňa bir ajy habar getirdim, nädip duýdurjagymam bilemok... Häliden bäri keýpiňi bozmaýyn diýip... - Gyzyma bir zat boldumy? - Ýok, gyzjagazyň sag! Myrat... Myrat... - Myrada näme boldy? - Ýük alyp gelýärkä ýol hadysasyna uçrapdyr... Keselhana alyp gidipdirler... Gözel eli galamly doňup galdy, gözüni bir nokada dikip, eşiden habaryny aňynda aýlady. Ýol hadysasy... Keselhana... Myrat keselhana düşüpdir. Myrat keselhanada. Berdi aga pahyr dünýäden ötende Gözel Myrat bilen gürleşipdi, öz düşen ýagdaýyny aydyp, mundan beýläk beýle masgaraçylyklara çydap bilmejegini, ikisiniň arasyndaky gatnaşygy örän çalt aýyl-saýyl etmelidigini ýaňzydypdy. Myrat şonda «Eger meniň bilen ýaşajak bolsaň, işiňi taşla-da, öýde otur, ejeme sereet, men diňe şeýle ýagdaýda seniň bilen ýaşamaga razy» diýip şert goýupdy. Ol şerti kabul etmek Gözel üçin aňsat däldi, pikirlenmelidi, ölçäp dökmelidi. Işden çykarsyň, Myrat pikirini üýtgetse iş tapyp bilmersiň, iň agyr ýerem, heniz ol nikany kanunlaşdyrmak baradaky pikirden daşda-dy, her zatda bolsa ikisiniň arasyndaky gatnaşyklar täzeden güberçekläp ugrapdy. Şu gezek Bäşgyzyla gelende ähli meseläni Myradyň öňünde keserdip goýmagy ýüregine düwüpdi. Gurbannepes agada kömek etmäge söz beripdi. Indem şol umyt-arzuwlar daşlaşyp barýardy, daşlaşdygyça-da, köňlüne sussypeslik aralaşyp ruhy ejiri artdy, emma bäş ýaşlyja gyzjagazy göwresinde göterip ýörenjesi göz öňüne gelende, durmuşa bolan hyjuw täzeden oýanýardy. - Sen maňa aýtmajak bolýansyň! Hiç zat gizleme, aýt, Myrat dirimi? - Diri... - Onda näme bolupdyr? El-aýagy döwülipmi? Ýa ýöne bir ýerini agyrdypmy? - Men hiç zat bilemok! Keselhana alyp gidipdirler. - Diýmek, sen ony görmänsiň-dä! - Gözüm bilen göremok, eşitdim. - Eşitdim diýsene!... Gözeliň kellesine gelen ilkinji pikir öz bagtsyzlygyny öňküleri bilen deňeşdirip, sallarlap görmekdi. Ýok, bu öňkülerden ýokaram däl, pesem. Onsoňam durmuşda beýle betbagt ýeke özi däl ahyryn! Ärleri narkoş bolan gül ýaly gelinleriň ýagdaýy onyňkydan gowumy diýsene! Olar çagalaryny hem-de tirýeki ärlerini eklejek bolup eginleri agyr bukjaly, köçeme-köçe aýlanyp, söwda edýärler. Onuň Myrady arak içäýmese başga neşelerden daşda, onam Gözeliň Allany çagyryp, bäş wagt namazyny okap, durmuşynda Hudaýyň gazabyna duçar geljek hereketlerden daşda bolmagyndan diýip düşünýär. Belki oňa «Sen nädip beýle sözleri diliňe getirip bilýäň, nikasyz çaga dogurmak halanýan zatmydyr, bu diňe bir Hudaýyň öňünde däl, ähli adamzadyň öňünde hem halanýan zat däldir...» diýjekler tapylar, diýseler olaryňky dogry. Ol hut şu meselede günäli, ýöne heniz agzy sary çagaka ýaňy on altyny dolduranda, Hudaý ony kör düýesi köprüden geçen bir erkege duşuraýmalymy? Beýle güne düşýänleň başam, soňam ol däl welin... Ol günäsini gizlin saklamady, şu hem goldanylmaga mynasypdyr. Ýa-da... Ýada... b umeniň günälerimiň sebäpkäri bolan myrada Gudraty güýçliniň gargadygymyka? Belki şeýledir, dünýede hasapsyz zat ýok, ähli zadyň soragy bar diýilýär. Her zatda bolsa ol Myradyň dyrnagynyň ganamagyny islänok, bulara özi günäkär. Söýgüsiniň hatyrasyna nähili ejir çekmeli bolsa ol taýýar. Myrada bir zat bolmasyn. Maňlaýyň şor bolsa düýäň üstünde it ýararmyş, çyraň sönmezinden öň has ýagtylyp, ýuwaş-ýuwaşdan öçüp gidişi ýaly, ykbaly ilki begenjiniň äpişgesiniň bir gatyny açyp, köňlüne ýeňillik ýelginini çaýdy, soňam öňküdenem betbagt edip taşlady. - Gözel... Gözel diýýän, ertir daň bilen Şatlyga ýörejek, ýagdaýyňy aýt-da, işden rugsat sora! Saňa düşünerler – diýip, Göwher oňa maslahat berdi. Gözel bu sözleri düýşünde ýaly aňynda aýlady, howul-halat geýinip işden gelendir, henä diýip Rahmanyň ýanyna howlukdy. Sagat gije bir bolup barýardy... 2. Maşgalanyň lälik çagasy bolansoň, Myradyň edenine däl diýilmändi, hemme zatda özüni azat alyp barýardy. «Söýgiň nämedigini hiç kim düşündirip bilmez, her kimiň oňa öz garaýşy bar» diýip, ol söýgi baradaky düşünjesiniň darlygyny bildirýärdi. «Söýgi islegiňi kanagatlandyrmak» diýip düşünýärdi, gyzlaryň dilini tapmaga ökdedi, biri bilen gatnaşyk açyp islegini amal edensoň, gaçmak bilen bolýardy. Kakasy işleýän döwürleri jalaýlygyna sowalgasy ýeterlikdi, soňky iki ýylda bolsa dynç alyşa çykan kakasy oňa pul berenokdy. Onuň maşgala gurmak meselesindäki sowuksalalygynda, kakasynyň günäsi hem ýok däldi. Ol «Çagany ir öýlendirjek däl, goý birneme gezsin, bolmanda 25 ýaşasyn, soň görübereris» diýýärdi, aýaly «Ogluny öýlendireli, birneme akyllanar, öýüň keşigine düşüner, agtykly bolarys» diýip köp aýdypdy. Emma kakasy göwnemändi. Hut şu ýagdaýam Myradyň söýgi meselesinde özüni ýeňil alyp barmagynyň sebäpleriniň biri bolupdy. Gözel Myradyň gatnaşykda bolan köp sanly gyzlarynyň biridi. Gözeliň geçirimliligi, ähli zatda boýun bolmagy Myradyň iki elini boşadypdy, hut şol sebäplem ol gelejekde Gözel bile ýaşamak barada, maşgala gurmak barada pikir etmändi, haçan-da Gözel oňa çagasynyň boljakdygyny duýduranda Myrat diýseň gorkupdy, oňa çaga gerek däldi, üstesine-de Gözel oňa azar berip duranokdy. Çaga gerek däl diýse-de, Gözel çagasyny dogrupdy. Myrat gyzynyň bolanyny Goşun gullugynda gezip ýörkä eşidipdi, emma ýadyndan çykarmaga çalyşypdy. Goşun gullugyndan dolanyp geleninden soňam Gözel bardyr öýtmändi. Şeýlelikde dört ýyl geçdi. Myrat sürüjilik hukugyna eýe bolup, Şatlyga işe girdi, özbaşdak gazanç edip ugrady, öýlenmek barada pikir etmedi, Gözel bilen bolan gatnaşygyny, bäş ýaşyna giden gyzyny ýatlamady, gaýtam Gözele duşanda oňa nobatdaky «awy» hökmünde garady. Ýogsa-da, Myrat gyzjagazy Gülşady mundan bir ýyl öň bir gezek görüpdi. Şonda onuň bilen şäherde gezim edipdi diýseň dillije enaýyja çagajyk ilki kän bir ünsüni çekmändi. Ýöne onuň «Kak-ga, meni göteräý!» diýmesi, dükanyň gapdalyndan geçip barýarkalar «Şekelat alyp beräý!» diýmesi, şeýdibem özüne öwrenişdirmesi oňa ýarapdy. Bezenenje gül ýaly çagajygyň özüni görendäki begenjini aýtsana! Ony Myrat dil bilen düşündirip biljek däldi. Haçanda gaýtmakçy bolanda «Kaka, menem ekidäý!» diýip irginsiz ýalbarmasy, äkidilmejegini bilensoňam «Kaka, maňa süýji getir, köke getir, köwüş getir, kän zat getir, bolýamy» diýmesi Myradyň gulagynda ýaňlanyp duran ýalydy. Gaýdanda çagajygyň aglap galmasy, «Äkitmediň, kakyk-ga, kökük-ge!» diýip, özüniň sögünji hasap edýän sözüni gaýtalap, gygyrmasy, göz öňünden gitmedi. Şondan soň Myrat Gülşatjygy görmändi, sebäbi maşgala aladasy oňa ýatdy. Maşgala aladasy! Munda gör, nähili çuňňur many ýatyr. Eýsem, adamzat nesli özüniň bütin ömründe maşgala aladasy bilen ýaşamaly dälmidir? Onuň üçin işläp gazanarsyň, okarsyň, nesil ösdürip ýetişdirmek barada alada edersiň, bu alada bolsa mukaddes bolmalydyr. Ony ýerine ýetirmek her bir ynsanyň borjudyr. Ýöne, Myrat welin bu zatlardan daşda-dy. Her zat-da bolsa gyzy bilen bolan şol duşuşykdan soň, onuň köňlünde öz ýakynyna bolan alada hakdaky pikir peýda bolupdy. Kem-kemden bu pikir onuň süňňüne ornaşyp başlapdy, ornaşdygyça-da, çagaň öňünde özüniň jogapkärligi hakdaky düşünje döräpdi. Asyl, bu düşünjäniň ajaýyp bir zatdygyna ol indi-indi göz ýetirip ugrapdy, hasam soňky günlerde... keselhana düşmänkä... Keselhana düşmänkä, bir gün ol gyzyny göresi geldi, bu pikir halys gününe goýmansoň maşynyny Muhammet Begiň satlyk ýükünden dolduryp, öýlän sagat bäşlerde çagalar bagynyň gapysyna geldi. Gözel işde, Bäşgyzyldady, Gülşatjyk şu ýerdedi. Myrat dükandan alan kökedir süýjilerini goltugyna gysyp gapyň agzynda garaşdy, emma daşaryk çykýan ýokdy. Ol siňekdir, çybyn girmesin diýip hasa tutulan äpişgeleriň biriniň öňüne bardy, aýagynyň aşagyna ýatap kerpiçleri goýup aýnadan seretdi. Jaýyň içinde gurjak oýnaýan çagajyklar, bir burçda kitap okap oturan terbiýeçi göründi. Myrat çagalaryň arasyndan öz Gülşajygyny gözledi, emma biri-birine meňzeş geýnen çagalaryň arasyndan ony tanamak aňsat däldi. Terbiýeçi käte elindäki kitabynyň suratlaryna seredip, käte çagajyklara maslahat berip, käte gurjaklaryň geýimlerini düzedişdirip, kän bir äwenokdy. Myrat terbiýeçi özüni görer öýdüp kän garaşdy, aýnany kakmak hem issledi, kaksa çagajyklaryň ünsüni oýundan sowaryn öýdüp kerpijiň üstünden düşdi-de, ýaňadan gapyň agzyna geldi. Terbiýeçi aýal kän garaşdyrman gapyny açdy. - Salam! Bagyşlaň... Men... Men. – Myrat näme diýjegini bilmän ýaýdanyp durka, terbiýeçi aýal daşaryk çykdy. - Ýaňky äpişgäň aňyrsyndan sereden senmidiň, ýagşy ýigit? – diýip, ol gaharly sorady. - Hawa... Men seretdim. - Kim gerek? Terbiýeçileriň menden öňňesi öýlerine gaýtdylar. - Men... Men gyzjagazymy göräýjekdim. - Gyzyň, ady? - Ady? – Myrat näme jogap berjegini bilmedi. Gyzynyň ady onuň ýadyna düşenokdy. - Bileňokmy? Heýý, ýagşam bir... Saňa-da kaka diýjeksiň! Aýalyň adyny bir bilýäňmi? - Ejesiniň ady Gözel... - Gözel bolsa onuň gyzynyň adyna Gülşat diýýändirler. Sen onuň nämesi? - Men Gülşadyň kakasy... - Näme, näme, kakasy? Ýaş ýigit, meni oýnajak bolma! Men seni heniz bir gezegem şu gapyda göremok! - Dogry, birinji gezek gelşim! - Geleňde Gözel bilen bile gelmeseň çagany görkezip biljek däl, men seni tanamok! Çagasyndan bizar, beýle-de bir ykmanda bolar ekeni. - Onda kyn görmäň-de, şulary Gülşada gowşuryň! – Myrat elindäki zatlary gapyň agzynda goýup dodagyny dişledi. Hawa, ol kemsindi. Erbet kemsindi. Soňky aýdylan söz ony has-da kemsindirdi. - Hakykaty diňlemek ajydyr görseň... Seň ýaly samsyk giýewili bolmak diýseň agyr düşýär, ýöne agyr hem bolsa çydamaly bolýas! Ygyber bakaly oda-suwa gaçýançaň... Öwzarsyz düýe ýaly. Alla bardyr, görýändir. Bir jeza oýlap tapar. Adamyň iki aladasy ony bu jahanda iki gapynyň arasynda goýýandyr, biri, imanly bolmak üçin ýaşasa behişdiň gapysy açylýandyr, imansyz bolmak üçin ýaşasa dowzahyň gapysy açylýandyr. Imanlyny imanyndan aýryp bolmaz, imansyz kişi bolsa öwzarsyz düýedir... Ygyber... Ýöne bilgin, men dünýäden öten aýal doganymyň gyzy Gözeliň bagty üçin Allany gije-gündüz çagyrýandyryn, bäş wagt namazymyň soňunda dileg edýändirin! Eger-de sen aklyňa aýlanmasaň, meniň dileglerim Gudraty güýçli Allanyň gulagyna ýeter. Şondan soňky ykbalyň ýaman bolar... Düzeljek bol, düzelmeseň, aýagyňdan daş asarlar. Myrat maşynynyň ýanyna nädip gaýdanyny, nireden gaýdanyny bilmedi, üstündäki ýüküni ýerlemek üçin uly ýola düşdi, bary-ýogy ýarym sagada ýakyn ýol ýöredi... Garşydan gelýän ýük maşyny bilen nähili ýagdaýda çaknyşanyny aýyl-saýyl etmäge-de ýetişmedi... Hawa, onuň ýol hadysasyna uçran wagty, çagalar bagynyň terbiýeçisiniň agşamky namazyny okaýan wagtyna gabat gelipdi. Onuň dilegleriniň bir ujy Allatagala ýetip ugran bolarlydy... Keselhanada Myradyň döwlen-ýenjilen ýerlerini seýikläp saradylar, aýagyňdan daş asdylar... Ýerine barsyn diýip. Terbiýeçi aýalyň «Aýagyňdan daş asarlar» diýen sözüniň iş ýüzünde gabat gelmegini nädip düşündirjegini bilmedi. Asyl bu söz kellesinden çykmady. Kakasy dünýäden öteli bäri ýarawsyz ejesi ony soramaga hem gelip bilmändi... Ejesinden başga bolsa ony sorajak ýokdy... Ine, bir günem ir bilen otagyň depesindäki çyralary sanap ýatan Myradyň gapysy açyldy, şobada, bir çagajyk ylgap geldi-de, «Kaka» diýip onuň boýnundan gujaklady. Ol Gülşatdy. Myrat gyzyny gujaklap töwerege gözüni aýlanda, azykdan doly bukjalary iki elinde saklap, aglamajak bolup dodagyny dişleýän, ýöne, gözünden dynman ýaş akýan Gözeliň nurana keşbini gördi. Şobada hem gözüniň owasy ýaşdan doldy... Ýok, ol ýalňyşypdyr. Ejesinden başga-da, onuň aladasyny etjek bar ekeni! Ol ýalňyşypdyr... Gözel, hamala düýn öňňün aýrylyşan ýaly Myradyň kellesini sypalap «Waeý, munuň bolaýanyny! Horlanyp gidipdir. Men saňa iýer-içer ýaly zat getirdim, aýak üstüne galýançaň ýanyňda boljak, seretjek, naharlajak!» diýdi. Myrat durup bilmän paýraýan gözýaşyny syldy. - Näme aglaýarsyň, ezizim! - Men öz bagtyma guwanyp aglaýaryn! Ehli ugurlara döz gelip, içinde sakladyň, ýekeje gezek garşyma gitmediň, indem sabyrly, söýgide tutanýerlilik bilen maksadyna ýeten gelnimiň barlygyna guwanyp aglaýan! Näçe jebir görseňem menden ýüzüňi öwürmediň, igenmän, ýalbarman maksadyňa ynamly ymtyldyň... - Waý, enaýyda gyz, bi oglanyň diýip duran zatlaryny... Gyzyňy görmäge barypsyň, süýji-köke eltipsiň, sag bol, ezizim! Ol seni dilinden düşürenok! - Gözel, sen meni ur, ýenç! Hakyň bar. Öňüňde günäli... - Waý, enaýyda gyz! Näme üçin uraýyn? - Horlanym üçin... Men seni horlaýan, sen bolsa meni goraýaň!... - Gyzym, kakaňy uraýynmy? - Urma... Kakamjany urmarsyň! – diýip, Gülşatjyk possujak elleri bilen kakasynyň boýnundan mäkäm gujaklady. Myrat indi durmuşyň hakyky manysyna düşünip başlapdy... Ýöne, oňa düşünmek üçin gör, nähili pidalara döz gelmeli bolupdy... OTUZ IKINJI BAŞ 1. Mälik hanyň topary gaz ýygnaýjy nokadyň bir enjamyny ýygnaýardy. Rahman baranda Mäligiň haýyşy boýunça öňki işine başlan Hydyr haýran nämedir bir zadyň gürrüňini berip durdy. - Aramyzda uzynak, at ýüz, eserdeň abyr-zabyrly, garaýagyz, burunlak, abaýtyş adam bar, hojalygyňy garamazdan gujur-gaýraty ýeterlik, hemmäňiz tanaýaňyz, ine, men bir gün ony öýe çagyrdym, «bolýa bararyn» diýsede, geller ýerde gelmedi, onsoň maşyn tutup olaň öýlerine barsam, Mämmet aga çaý bilen çörek iýip otyr. Men «Mämmet aga, nätdiň-aýt», men-ä hormatlap myhman çagyrýan, senem çörek iýip otyrsyň, «Haýranlar galaýmaly» diýdim. Mämmet aga «Toýa barsaň doýup bar, toý donuňy geýip bar» diýipdirler, onsoňam men-ä diýip sakyndy, «Hä näme» diýsem, «Aý, men oturybereýinle» diýýär, «Ýok, bolmaz gitmeli borsuň, men-ä seň duzuňy telim datdym, sen meňkini datmajakmy?» diýemsoň, «Onda näme diýsene, baryp oturarys welin aýalyň nahar iýenimizde injigini digir ýaly edip, ýanymyzda oturmasyn, men salah, beýle zady halamok» diýdi. Hawa, Parawbibimiň ýanymyzda käte oturaýmasy bar-da, «Haýranlar galaýmaly» diýip, Hydyr Haýran güldi, soňam «Aý, hawa-da, Mämmet kel diýip, ýönelige aýdanoklar, janyna batmadyk, halamadyk zadyny göni kesäýmeli-dä!». Nahar berilensoňam «Men gazyň etini iýemok» diýip otyr. Oň ýalak bolsa Mämmet agaň garny dokdur, gazy Bize Ber, Hydyr akga – diýip, Saparmyrat söze goşuldy. – Ejemiň doganoglanlarynyň biri, olam daýym bolýar-da, SSSR döwründäki gidişlikde, Kuba baryp geldi, ol «Öňümize äberilen tagamly nahar ýaşajyk jüýje etidir» diýip, iýip otyrkak kimdir ýoldaşlarynyň biri «Adamlar, gurbaga» diýip gygyrdy, şondan soň birimiziň hem bokurdagymyzdan geçmedi, gaýtarýany haýsy, beýlekisi haýsy, asyl gurbagaly çorba Kubada iň hormatlanylýan myhmanlar üçin taýýarlanylýar ekeni, hersiniň agramy bir kilo, ýörite hojalyklarda ösdürilýär ekeni, ýerli ilat näçe öwse-de, ol nahar bokurdagymyzdan geçmedi – diýip gürrüň berdi. Şoňky ýaly Hydyr akga senem jüýje diýip, oňa gurbaga bişirip bermeli ekeniň, çypbakaý çynym! Özüň aýtmasaň Mämmet akgam aňmazam, symyşlar otyr... - Şoň kän gürrüňini etmän, how, birden geläýmesin! – diýip, Hydyr Haýran aýagyny epdi. - Rahman aga, gaz sowadyjy eejamy oturdyşymyz daş bolupmy, edil Müsür piramidalary ýaly dikgije durandyr! – diýip, Mälik Rahmanyň ýanynda çökdi. Muhammet Beg elindäki kagyzlara seredip keýpsiz otyrdy, hasaby çykmaýana çalymdaşdy. - Hawa, erbet däl... Şular ýaly ýene üçüsini gurnamaly, birneme tijenmeseňiz boljak däl, wagt gyssaýar... - Işden gaçamzok, haçan diýseň daş edip gutararys! - Gaýrat ediň! Mälik, sen enjamlaryň gurnalyşyny piramidalara meňzetdiň. Müsürde bolamda olaryň 80 sanysynyň bardygyn gördüm, hersinde Paraonlaryň mumyýalaşdyrylan jesetleri ýatyr, syrlary şü güne çenli açylanok. - Rahman, siz-ä Hydyr akgamyň ýüreginden turduňyz... Olam şol Paraonlaryň biri Oguz han bolmaly diýýär, faraon diýmegem Parlar, Parow sözünden gelip çykandyr, araplarda «P» harpy bolmansoň «F» harpy ulanylypdyr diýýär. – Mälik, Hydyr haýrana tarap başyny atyp ýylgyrdy. - Dagy, nä ýalanmy, meň bulamakçyma Parowbibi diýip oýnamaga ýüzlenemok, Haýranlar galaýmaly – diýip, Hydyr Haýran kebşirläp başlan ýerinden jogap berdi. - Haý, näbileýin, baryňyz türkmeni Adam atadan alyp gaýtjak boluşyp dursuňyz, beýle bolsa biz ähli adamzadyň atasy bolýas ahyryn! – Muhammet kagyzlaryny bir ýana goýup söze goşuldy. - Faýzallah Reşideddiniň «Oguznamasynda» hut şol tassyklanýar: hiç kim özünden tapanok – diýip, Rahman jogap berdi. - Ýetmiş ýyllap bize keçe telpek türkmen, aňyrsy bärsi näbelli diýdiler, indem başga zat diýýäler. - Diýseler dogrudyr, Muhammet, sen oňa begen! Näme beýle keýpiň ýok! – diýip, Rahman sorady. - Keýp bolar ýaly boldumy, zatlammy tabşyryp bilemok, nurbadyna çenli sanap alýarlar, ýetmeýän zatlam köp, nätjegimi bilemok, bir ýandan polisiýa çekeläp dur... Senem oduk-buduk zadyna kömek edäýmeli welin, edeňok... - Nädip kömek edeýin? Ýok zadyňy bar diýip, alsam, menem bir ýerden şolary çykarmaly borun ahyryn... - Wah, döwür döwür bolmady, sowet döwründe islän çig maly, islän wagtyň tapyp bolardy, işiň daşyndan birneme sowalga düşerdi. Indi diňe aýlygyň bilen oňmaly, üstesine-de, zadyň ýetmese «töle» diýýärler. - Muhammet halal zähmet çekip, halal eklenç etmäni halap baranok öýdýän! Halal zähmet – diňe bir gazanç çeşmesi däl, saglygyňy berkitmek üçinem gerekdir, bedeniň hereketde, gan aýlanyşyň kadaly, «çekseň zähmet ýagar rehnet» diýipdirler. Ine, biz ymgyr çöli zähmedimiz bilen özgerdýäs, gözelleşdirýäs, işlemeseň, ol bolmaz ahyr, nanyň tagamyny bilmek üçinem wagtal-wagtal agyr işe özüňi urup maňlaýyňdan ajy deriňi çykarmaly, sen bolsa haram eklenjiň gürrüňini edýärsiň! Maňa-ha şol ýakanok, bir ýerden bir manat düşse on bolup çykýar, onsoň ony edemok, edýänem halamok! Zeýrenip ýörmeli däl-de, baryndan bazar eýläp, kanagatly bolmany başarmaly... Men saňa bir mysal getireýin, köp adamlar mülk alyp, oňa-da seretmän «pylan zadym ýok, pylan zat berenoklar» diýip, zeýrenip ýörler. Emma meň tanyşym şor ýer aldy-da, iki gezek ýuwdy, daş-töweregine tal agajynyň müň düýbüni oturtdy, bugdaý ekdi, şor ýer bir ýylda sana goşuldy, agaçlar ýeriň şorlamagynyň öňüni alar ekeni, Hytaýda zeýkeş diýen zadyň ýokdugyny, ýeriň artykmaç zeýini uly agaçlaryň bugardyp kadalaşdyrýandygyny eşidipdir, ol mülki bolansoň zeýkeş gazdyrmak, arassalamak ýaly çykdajylary çekesi gelýändir, «Mülkli bolmak diňe bir baýamak üçin däl, çagalaňňa iş öwretmegiň hem mekdebidigini unutmadym, çaga zähmet endiklerini öwretmek birinji derejeli borjum hasapladym, halal zähmet çekmek üçin iýýändigini çagaň aňyna guýmak üçin işledim, şundan gowy serişde ýok, zähmetiň bilen öndüren her bir önümiň tagamynyňda, ýokumynyň-da başgaça bolýandygyny çaga bilmelidir, onsoňam haram eklençden baýan hojalygyň çagalary bikemal bolup, ahyrda hojalygy dargatmak derejesine ýetirýändir. Olar ýalylar ellerine orakdyr, pil almany özlerine kiçilik bilýändir» – diýip, gürrüň berdi. Men muny saňa ýönelige aýdamok, haram pul getirseň, soňunyň nirä barýandygyny düşündirjek bolup aýtdym. - Rahman, sen asmanda gaýyp ýörsüň, ýere düş-de töweregiňe gözüňi aýla! Okuwçy mugallymyndan bir atym nas sorasa, mugallym boşan çüýşeleri görüp, okuwçylaryna «Häý, bezzatlar, aragy mensiz içipsiňiz» diýip, käýinip dursa, işsizlikden özüni neşä ursalar bu owadan gürrüňleň nepi degmez. Ýok gowusy, men geplemäýin, geplesem içim ot alyberýär – diýip, Muhammet elini salgady, soňam sözüni dowam etdi. – Häzir arçyn, häkim diýip öňe düşýänleriň köpüsi Aýna başlyk kysmy adamlar. Aýna eje, Belarus traktorynyň ýanynda kellesini tutup oturan adamdan «Näme işläňok?» diýip sorapdyr, uzakly gije içip, indem, kellesine çydap bilmeýän traktorçy «Radiatorym deşildi» diýip, jogap beripdir, Aýna eje kolhozyň baş mehanigini çagyryp, «Pylanyň radiatory deşilipdir, siz o zatlary göreňzok, görjegem bolaňzok, bir sagat möhlet berýän, radiator oňarlyp traktor işlesin!» diýipdir, onda mehanik «Başlyk, «Belarus» traktory suw bilen däl, howa bilen sowadylýar, oň kellesiniň radiatory deşilendir» diýip, düşündirjek bolupdyr, emma Aýna eje «Sen iş etmejek bolup mydama bahana tapýaň, gözüme görünme» diýip, ony işden kowupdyr, şol üýşmeleňde oturan ýaranjaňlaryň biri «Rugsat etseň, men şony çaý içim salymda bejereýin» diýýär-de, bir çüýşe arak bilen sogan alyp şol traktorça içiripdir, kellesi düzelensoň ol şobada işe girişipdir. Muny gören Aýna eje «Ine, işgär diýeniň şular ýaly bolaýsa» diýip, ýaňky ýaranjaňy mehanik belläpdir... Ýok, sen Rahman gülme... Häzirki ýolbaşçylaryň işlejek boluşlary hut Aýna başlygyňky ýaly... A harpyndan şermende, biri-birden edara başlygy bolup oturyberýär. Öz trestimizde beýle zatlar gytmy? Sen bilýäň-ä, gurluşyga dahylsyz adamyň gurluşyk gurnama edarasynyň başlygy bolup oturanyny, iş etmän aýlyk baryny alyp oturşyny... Ýa-da ine, Gurdy alyp gör, daşyndan göräýmäge mysapyr, işeňňir işgär ýalydyr welin gijelerine ýatman keýik awlaýar, özem wagşylyk bilen awlaýar... Sorasaňam «Bu bir sport» diýýär, haçanda Garagulak bir gezek oňa topulanda ýyrtyjy diýýär, hany aýt, Gurt ýyrtyjymy ýa-da Garagulak? - Muhammet bu pelsepäňe jogap berjek, ilki bilen-ä şeýle gürrüň etmek üçin özüň şoňa mynasyp bolmaly, ýagny halal bolmaly, ikinjiden Türkmenistanda alty milliondan gowrak ilat bar. Şolaryň hemmesi döwrüň talabyna düşünmeli, emma düşünip baranoklar, käbiri düşünse-de, aýaga badak salmak bilen meşgul bolýar, köneden aýrylasy gelenok, täze geçse sakyrtgalykdan mahrum boljak. Obada meň bir tanşym bar, SSSR döwründe pagta brigadiri bolup işledi, ol çül çagasy, köp sanly inileri bilen bir jaýda ýaşaýar, ýurt ýer galdyranyna alty ýyl boldy, ondan «Näme üçin jaý salmaýarsyň?» diýip sorasam «SSSR ýaňadan dikelse, menem brigadir bolsam, şonda jaýa başlajak» diýýär, men oňa «Beýle zat indi bolmaz, garaşybam oturma» diýsem, şol bir eňegi, arada onuň garry enesi ýanyma gelip «Rahman, sen ogluma düşündir, ol diňe saňa ynanýar, goý, melleginde jaýyny dikeltsin, biz indi halys sygamzok, öýlenen iki oglum bir otagda ýaşaýar» diýip ýalbardy, onsoň hilä ýüz urdum-da, ony ýanyma çagyryp «orslar bilen beloruslar birleşmek barada ylalaşyga gelipdirler, senem iň bolmanda jaýyň binýadyny bir tut» diýdim. «Bolýa» diýip başladam, jaýy dikeltdem, bu gürrüňlerden habarly Aýsoltan «Goňşyň jaý salypdyr welin SSSR dikeläýdimikä!» diýip gülýär. Aramyzda şeýle adamlar barka döwür köp garşylyklara duçar bolýar. Şoň üçinem sen zeýrenmeli däl-de, şol kemçilikleriň garşysyna bolan göreşi ilki özünden, soň töwereginden başlamaly. - Rahman ýetmeýän çig mallamma kömegiň degmejek bolsa men-ä gitjek, beýleki iş alyp baryjylara ýalbaryp görjek – diýip, Muhammet kagyzlaryny ýygnaşdyrdy. - Men ýaňy aýtdym... Kömek etmäge ýagdaýym ýok... Muhammet şundan soň yzyna garaman gitdi, öňki abyr-zabyrlygyndan zat galmandy, adyndaky ýetmeýän çig mallarynyň bahasy alty noldan geçipdi. Duýdansyz işden aýyrarlar öýtýänsoň zatlaryny çepe-saga sowrupdy, jogap bermelidir öýdüp pikir etmändi. Indem ogurlygynyň üstüne adyndaky ýetmeýän çig mallaryň ýüze çykmagy, oňa demir gözenegi ýatladýardy, şoňa gözi ýetensoň uzyn göwresi kiçelen, bili bükülen ýaly bolup barýardy, hatda öňünden çykan Mämmet aga salamam bermändi... Mämmet agaň peýda bolmagy oglanlaryň gülküsini artdyrdy. - Munda syrtyny açýan barmaý-t! – diýip, Mämmet aga sorady. - Ýaňy adyňy agzap otyrdyk welin geläýdiň, çypbakaý çynym – diýip, Saparmyrat güldi. - Biriň, adymy agzap gülýän, ýene biriň salam-helikden bizar, kellesine taýak degen ýaly – diýip, Mämmet aga Rahmanyň gapdalyna çökdi, onuň elinde bir bogdak bardy. Ajy gök çaý içip, hä-kimi alaýmasam, bilim-başym gurady gitdi. – Ol ýanyp duran göreçlerini gyrpman Rahmana seretdi. – Tüni derýaň köne akymyny sen bilýäň, şoň iki gyrasyny syryp ençeme depeden aşdym, suwsabam şu ýere geldim... Päh-päh bu çölüň parç bolaýşyny... Şeýle bir ot bitdi, biline ýetýär... Öňler käkilik otudyr, parsaňňyzyň ady ýokdy, indii baran ýeriňde aýagyňa çolaşyp ýatyr. Dermanlyk şeýle bir ot kän, aralaşdyrybrak ýygyp gaýtdym, niräňe seretseň, aýaga dolaşyp ýatan ot bar, uzakly gün selpeseňem, ýekeje baldagy tapdyrmaýan ot bar, aýyl-saýyl etmeseň kyn. Häzir otlaň ýaş döwri, zaýalamanjak aldym, bişip tohum dökýän döwründen soňam bir aýlanyp aljak, men diňe özüm üçin däl, kim sorasa bermek üçin ýygnaýan bulary. Heý, heý, heý! – Mämmet aga hiňlenjiräp sözüni dowam etdi. – Birden özüň kesele ýolukdyň-da, sen ony onsoň Hemedana gidip gözlejekmi? Ýöne bilmeli, Hudaý beren zady her öňýeten gygyrybermeli däldir, otlary gowy tanaýan adamy öňüne düşünip ýygnamalydyr, soňuna saýmazlyk ýüzüňi ýere salar... - Mämmet aga, elindäki haýsy otlar? – diýip, Rahman sorady. - Çyryş bilen çarasyn, bular ýadawlykdan, ysgynsyzlykdan aýyrýar. – Mämmet aga otlaryň ähmiýetini has-da tekrarlajak boldumy nämemi – Perişde ýaly päk adamlaryň öňünden çykarmyş beýle derman otlar – diýip, aýratyn bir buýsanç bilen jogap berdi. - Mämmet akga olar haýsy ýapa çyksaň dolup ýatyr – diýip, Rahman oňa düzediş berdi. - Şeýledir – diýip, Mämmet aga müýnli ýok ýaly başyny atdy. – Obalar gazlaşdyraly bäri sazaklar düýe asaýmaly bolupdyr, adamyň aýagy düşmeýän ýerlerde derman otlar köpelipdir. Bu ýyla çöle bereket indi... – Weý, ýogsa-da biziň bu desgamyzyň tabşyryş dabarasyna ministrimiz geljekmişin, eşitdiňmi? - Ýok, men eşidemok! – diýip, Rahman boýnuna aldy. - Mämmet aga näme diýýär? – Hydyr Haýran işläp duran ýerinden sorady. - Desgamyzyň dabarasyna ministrimiz geljekmişin diýýär – diýip, Saparmyrat oňa düşündirdi. - Aý, goýsaňyzlaň-aýt, çöldäki gurluşyga ol gelmez, ýok, ýok, başga möhüm işleri gyt däldir. Mämmet akga-da bir zat tapaýýar. Haýranlar galaýmaly. Men bir zat tapamok, geljegini anyk bilýän... Eýsem näme ministrimiziň adamlardan başga aladasy barmy? Ol möhüm desgalaryň hemmesini diňe özi kabul edip alýar. Seň biläýmeli zatlary bilmeýşiňe haýran. Öňler menem gaty köp zatlary bilmeýär ekenim, Mämmet agaň aýdyşy ýaly ministrimiz biziň desgamyzyň açylyş dabarasyna geljek bolsa işimizi täzeçe gurnamaly bolarys... Beýle bagt bize mydama ýetdirip durmaz, ýogsa-da, Mämmet aga Çaryny gören dälsiňiz? - Çary ýaňy bir käse çaý içeýin diýip öýüne sowuldy, soň ýanyňa geljek – diýdi. – Näme işiň barmydy? - Hawa, sowadyjy desgalaryň oturmaly nokadyny ýene bir gezek barlap göräýjekdim – diýip, Rahman jogap berdi. - Çary geller, işden gaçýan oglan däl, oň gelni gaýdap gelýär, ol bolsa bärde gezip ýör, ejesi «gelsin» diýip habar edensoň maňa «Mämmet akga, şeýle-şeýle ýagdaý, öýe gitmeli welin işiň şu agdyklygynda Kaka Rejepden jogap soramaga çekinýän» diýdi. Menem «Sen çekinseň men çekinmen» diýip, bardym Kaka Rejebiň ýanyna «gelni gaýdap gelipdir, Çary öýüne baryp gaýtmasa türkmen däbine gabat gelenok» diýdim, olam bir gije rugsat berdi. Hany bäri-bärde Mary barmy. Oňat edil şu gün agşam sagat onlarda bize hyzmat edýän «Tiz kömek» maşyny bir ýarawsyzy alyp gitmeli boldy. Çaram şoňa münüp gije sagat üçlerde öýüne barýar, maşyndan düşüp «Agam çaltrak gideweri, öňä öýde ýok, indem «Tiz kömege» münüp gelsem ejemiň ýüregi ýarylar» diýip, sürüjiden haýyş edipdir... Gelniniň ýanynda bir gije ýatyp ertesem yzyna geldi. Ol muny hiç kime aýtma diýdi, men diňe size aýdýan!... Ine, işe ýüregi bilen ýapyşýan şeýle ýaşlar gerek, özem tanyş-bilişlik bilen ýokary galýan däl-de, halal zähmeti bilen tanalýan ýaşlar gerek. - Mämmet akga, şuna dogry bellediňiz, çypbakaý çynym – diýip, Saparmyrat söze goşuldy. Öňki döwründe ýokary partiýa ýolbaşçylarynyň ählisi diýen ýaly bir-birleri bilen garyndaş bolupdyrlar. Men muny arada gazetleriň birinde okadym. – Hany, oglanlar, pikir alyşdyk, indi işli-işimizi turalyň! – diýip, Rahman ýerinden galdy. Oglanlara iki aýtmak gerek däldi, onsuzam işe berilendi. Mämmet agaň getiren hoş habaryndan soň-a gujurly gollary ganatlanyp, kuwwatly bedenleri has-da ruhlanan ýaly bolupdy. Asmanda toýnak guran durnalar uçup barýardylar... 2. Bu gün göçme obajygyň töweregi asudalykdy, bir ýerden tüssäň hem-de gowrulan etiň ysy gelýärdi, ruhlary gaýyp ýörenem bolsa adamlaryň özleri görünenokdy. Şemal tüýs oňa gerek ýerden – edil maňlaýyňdan öwüsýärdi, şu ýagdaýam, gözleýän zadyna ýalňyşsyz ýakynlaşmaga Garagulaga kömek edýärdi... Bug ün ol näme üçindir gowrulan et, gaýnadylan süňk küňseýärdi. Aýlanyp ýörkä, äpet tigirli, benziniň reziniň ysyna ýugrulan bir zada gabat geldi, maşynyň ähli ýerini ysgaşdyryp çykdy, aşagynda ýatyp, gorkuly asudalyga diň saldy, şemal tarapdan gelýän her bir sesi-isle ot-çöpüň ygşyldysy bolsun, isle, torgaý guşuň ganatynyň ýa-da adamyň sesi, aýyl-saýyl edýärdi, şol sebäplem adamlar onuň duýdansyz ýakyn gelip bilişine haýranlar galýardylar, Mämmet kel ýaly gözi ýiti adamlar Garagulagy ilki gördüm diýýändirler, emma Garagulagyň esli wagt bäri özlerini synlap duranlygyndan habarlary ýokdur. Bir ýerden sönüp başlan oduň, gowrulan etiň ysy janyňy alyp barýardy, rahat ýatmaga goýanokdy, Garagulak maşynyň aşagyndan çykyp oda ýakyn bardy, başga bir ysy- adamyň ysyny aldy, ol şeýle bir ýakyndy welin, hat-da dem alyşy hem eşidilýärdi. Belki Garagulak üçin tor gurulandyr. Häzir bolman hereket etdigiň olarda bir häsiýet bardy, «Bah» edip oturyberýädiler. Ömründe duşuşyp gelensoň ol adamlaryň häsiýetlerini bäş barmagy ýaly öwrenipdi, edýän pikirlerini öňünden bilipdi, eger-de şeýle bolmadyk bolanda, adam onuň derisine holl günki möjegiňki ýaly saman dykyp goýardy ahyryn, ýene bir zat onuň peýdasynady, adam özüni näçe akylly saýýandyr, gözi ýiti, eli göni diýýändir, näçe öwünse-de, heniz Garagulak bilen deňleşerden asgyndygyny bilenokdy. «bilýän» diýse-de bilenokdy. Eger bilýänligi çyn bolsa şol atylan oklaryň iň bolmanda biri kellesine ýa ýüregine degmelidi. Şonda ol gutarardy ahyryn! Ýogsam, adam onuň diňe kellesine çenäp atýanlygyny (deriň özge ýerinde deşik bolmasyn diýip) bilýärdi. Özüne adatdan daşary göwni ýetýän, adatdan daşary akylly hasap edýän adam, Garagulagyň häsiýetini gowy öwrendim diýýändir, emma güýçliligine bolan şol men-menli ynamam paýhasyny peseldýändigini bilýän däldir. Garagulak edil üç ädim öňünde bir adamyň ýatanlygyny, hor çekýänligini syzdy, özüni atanyň şu adamdygyny tanady, bir bökende gan duşmanynyň garnyny silkip biljekdigine ynandy, emma uklap ýatana degmek onuň tebigatynda ýokdy, iň bärkisi towşan diýjeksiň, onam şeýle ýagdaýda ukudan oýarman, gaçyrman tutany ýadyna düşenokdy, gaçansoň sypyp bilmese özünden görsün, soň armanly gezmesin diýip düşünýärdi. Emma adam beýle däldi, esasanam şu ýatan adam, ol uklap ýatany tutup däl, atyp alyp bilse monça bolup döşüne kakýanlardandy, hawa, ol traktory bilen oň üstüne topulan, göräýmege sypaýy, görmekli, ýöne wagşy adamdy. Ömründe ilkinji gezek oňa şeýle ýakyn barşy Guragulagy tolgundyrdy, azajyk gorkuzdy, şonda-da, onuň aýagyny, elini, geýimlerini, ýüzüni ysgap çykdy... Adamyň agzyndan ýakymsyz ys gelýärdi. Oňa ýüregi endiräp giden Garagulak ok atylan ýaly çekildi. Dogrusy, ýatan adam göz öňüne getirişi ýaly gorkunç däldi, ýiti dişi, uzyn dyrnagy, daşyny goraýan tüýi ýokdy, onuň beýlesinde başga biri possuna dolanyp ýatyrdy, ondanam ýakymsyz ys gelýärdi. Oduň gyrasynda duran gazanda keýik eti bar bolmaga çemelidi, çorbaň suwy gaýnap gutarypdyr-da, düýbünde azajyk et galypdyr. Garagulak gazanyň içini boşatdy, oňa-muňa zyňylan süňkleri çöpläp hezil edip iýdi, şeýdip, iki gün bäri boş aşgazanyny doldurdy... Elhepus, bu iýmitiň süýjüligini diýsene?! Adam bir zatda – eti tagamly bişirmekde ondan ökde gelýärdi, ýöne, oňa derek Garagulak adam nirede ýalňyş goýberýär, nirede bilgeşleýin ýalňyşan bolýar aýyl-saýyl etmäni başarýardy, ine, häzirem ol maşynyň beýle ýanynda taşlanan keýigiň bir buduny görüp, agyz urmakdan çekindi, munda bir syr ýatmadyk bolanda beýdip ol çägäň üstüne taşlanmaly däldi, ýa onuň alyp bilmejek ýerinde asyp goýýardylar ýa-da mata dolap gizlärdiler, munda bolsa edil öňünde, diýmek, Garagulak üçin howplydy. Umumanam, ol adamyň häsiýetini öýünden aňmany başarýardy, ýöne soňky döwrüň adamlary mundan ýüz ýyl, müň ýyl ozalky adamlar ýaly tebigat bilen el-ele berişip hereket etjek bolman, gaýtam ýeke özi onuň garşysyna çykmak, guduzlyk derejesine ýetene çalym edýärdi. Ýogsam, adam tebigatdan diňe iýjejigini alyp oňaýman, häzirki ýaly maşynyň gapyrjagyny keýik maslyklaryndan doldurmaly däl ahyryn! Maşynyň üstüne çykyp görmese-de Garagulak ondan gelýän ys boýunça onuň hut şeýledigini bilýär. Diýmek, Garagulak ýyrtyjy däl-de adamlar ýyrtyjyň ýyrtyjysy ekeni. Öňki döwrüň adamlarynda beýle açgözlik ýokdy, diňe gerejigini, şu günküsini alyp oňardylar, şol sebäplem uzak ýaşardylar, paýhaslydylar, häzir welin açgözlik, olary wagşylyk derejesine ýetiripdi, paýhas, ynsap, mähir, ygrar gidip, haýwanlyk derejesindenem pese düşüpdiler. Eger şeýle ýagdaý mundan aňrygam dowam etse onda adamzat nesli ýok bolmalydy ýa-da dünýä agdar-düňder bolmalydy. Garagulak welin şolaryň ikisiniňem boljagyna ynanýardy. Eger şeýle ýagdaý dowam etse... Hawa, onda her bir herekedini ölçäp, döküp baha berýän paýhasy bolmasa-da0 örän inçe duýgy we duýgurlygy bardy, tebigatyň garşysyna gidip, öz akyl huşuna ynanýan adam bir eýýäm o zatlardan mahrum bolupdy, mahrum bolansoňam, gopbamlygy zerarly onuň beýleki janly-jandarlarda barlygyny boýnuna alasy gelenokdy. Garagulak taşlanan etiň bäş ädim beýlesinde dursa-da, oňa berkidilen demir gapanyň ysyny aýyl-saýyl etmäni başardy, ýogsam, ysy ýok edäýjek başga hili zatlar çalnyp, gapanam etiň içine dilinip goýlandy... Adam özüni näçe mekir saýsa-da, Garagulagyň duýgurlygyny ýeňip biljek däldi, ony adamyň özem bilýärdi, ýöne gopbamlyga salyp bilmedik bolýardy. Mysal üçin, Garagulagy üç gezek atan şu adamyň ony öldürip bilmezligini özünden görmän, ýaragynyň «ýaramazlygyndan» görýändigini ol bilmän duranokdy, bir gezek ýaragym diýer, bir gezek okum, därim diýer, garaz özüniň gowşak tarapyny, özümiň Garagulakdaky duýgurlyk güýjünden, öňden görüjilik mümkinçiliginden asgyn gelýändigini boýnuna alasy gelmez. Adamyň asly ýasalşy şeýle-dä! Garagulak ete agyz urman, zyňylan süňkleri çöplemek üçin öwrüldi, aýagy bilen boş çüýşeleri şakyrdatdy, käsini güýçlmi dyrnaklary bilen zyňdy, bu şakyrda häki tanşy oýandy, üstüne atan possunyna dolanyp gygyryp bilýä, ne gymyldap, gözi hanasyndan çykara gelip, dodaklary titreýär. Garagulak oýanan «duşmanyny» pers-ala edip bilýärdi. Emma onuň towşanlar ýaly gaçmagyna garaşdy, adam welin gaçmakdan geçen, possunyny kellesine büräp ýatyr, soňam geň, enaýy süýşenekläp maşyna ýetdi, bir bökende gapdal basgançagyna, ýene bir bökende depesine çykdy-da, gygyryp, sögünip başlady. Garagulak ony şol duran ýeriňde-de, kakyp alyp bilýärdi, ýene-de oň bilen deň bolman, üýşürlen gumuň aňyrsyna ýok bolaýdy. Şol wagt gümpüldäp tüpeň sesi çykdy. Garagulagyň iki gözem birden gapyldy duruberdi. «şu gezegä kellämden çenäp atdy öýdýän» diýip, ol gözi görmese-de duýgurlygyna bil baglap, mülküne tarap ýoluny dowam etdi. Öňki ýarasy bitip-di, täze ýara peýda bolupdy, buý ara öňküleriň çaky däldi... arany ep-esli açandan soň, ol yzynda adamlaň sögünjini, urulýan nätanyş itiň çyňsaýan sesini eşitdi. It Garagulakdan gorkusyna gizlenen bolmalydy, indem eýesinden almytyny alýardy, adam öz ýalňyşy üçin jezasyny çekmese-de, özünden başgalaryň ýalňyşyny geçirmäge endik etmändi, şol sebäplem it haýwanlygy, adama hyzmat edýänligi üçin jezasyny çekmeli bolýardy. | |
|
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |