12:11 Bäşgyzyl -26: romanyñ dowamy | |
ÝIGRIMI BÄŞINJI BAŞ
Romanlar
1. Oba barýan ýoluň gyrasyny pagtaçylyk tutýardy. Meýdan şeýle bir arassa otalýardy welin gowaçalar edil ýörişe taýýar esgerleriň hatary ýaly göniden, ösgündi, özem giden meýdana ýazylyp ýatyrdy. Uly bir deňzi ýadyna salyp, şemala çalaja tolgunýan sary gülli gowaçalaryň arasynda gülgüne köýnekli bägül gyzlar diýseň gelişýärdi... Artyk işden sypyndygy potratlaryna kömege gelerdi. Ol gowaçalar güllän çagy syn etmäni gowy görerdi, bu gün welin baharyň ortaky aýynda ýerleri ekine taýýarlaýan gyzlaryň gabadyndan geçip barşyna salam bermegi unutmady. Türkmende, kiçi bol, uly bol tapawudy ýok, salam berip salam almaklyk, birek-biregiň ýagdaýyny soramaklyk ýazylmadyk kanundy. Ony berjaý etmeseň aksakallar saňa derrew «Pylanyň ogly tumşugyny dik tutup ýör» diýerler. Artyk salam berip Baharyň ýanyna baranda, ol ýerde Göwher hem bar ekeni. - Artyk, gurgunmysyň! Geläýdiňmi? Göwher ýitirip tanan ýaly ony garşylady. - Doganjygym, salam! – diýip, Bahar salamlaşdy. - Armaň, gyzlar! - Bar boluň, özüňem arma! - Bäşgyzyldan gelip durşum. Gözel ikiňize-de salam aýtdy. - Salam getiren sag bolsun! Nähili, onuň ýagdaýy? – Göwher sorady. - Işläp ýör, öwrenişdim diýýä! Eli degse gyzymdan habar tutsun diýýä! - Tutýan! Hepde-de iki gezek ýanyna barýan, ähli zat gowy diý! Birahat bolmasyn! - Hany, maňada pili Beriň, ujaly düzlemäge kömek edeýin! - Sen ýadap gelensiň, özümiz ederis! – diýse-de, Bahar Artyga tekizlemek üçin keş görkezdi. Iri otlardan arassalanan tekiz meýdan ýazylan mahmaly ýadyňa düşürip ýaýylyp ýatyrdy, ýer dem alýardy. Artyk birsalym işläp öýüne gaýtdy. Artyk öýüne gelende Gurbannepes keýpsiz halda otyrdy. - Näme doganlaň biri göwnüňe degdimi? – diýip, Artyk sorady. - Aý, ýok-la! Men iniň Şamyrada sögünip otyrdym. - Agam, ýaşlary günälejek bolaňda şol kemçilikleriň döremeginde öz günäň barlygyny ýadyňdan çykarmagyn! - Biz ulyny sylamak, hormat goýmak, öýde bir adamyň agzyna garamak, halal zähmet çekip, halal gazanç etmek ýaly ata-babalarymyzdan galan Milli däp-dessurlarymyza dolansak, onda ýaşlaryň terbiýesinde hem öwrülişik pursadyna geller. Şonda inimiz Şamyrat ýaly eli magnitofonly, saçyny ösdürip, ernine çilim gysdyryp, ygyp ýörenler azalar. Oňa «Bu nä boluş, potratda işleseň bolmazmy?» diýsem «Sen döwürden yza galýaň, bu nysak joşup gelýän siliň öňüni hiç zat saklap bilmeh» diýýär. Janymyň ýanýan ýeri şol siliň hemme zady goparyp taşlaýanlygynda, ony akylly ugurlara gönükdirmäni biz heniz başaramzok. - Agam diýjek bolýan zatlaryňa gaty bir düşünip bilemok! – Artyk düşünsede, hötjetlik edip düşünmediksirän boldy. - Men näme başga dilde gepleýänmi? Ýa-da indi düşünmez ýaly bolaýdymmy? - Ýok, ony diýjek bolamok, ýöne biz ýaşlar daşymyzy gurşap alýan ýagdaýlaryň çalt üýtgäp durmagyny tebigy zat diýip hasap edýäris. Köne däp-dessurlarymyza ýuwaş-ýuwaşdan gaýdyp gelmek üçin daşary ýurtlardan görkezilýän telegörnüşleri gadagan etmeli? Ol bolsa mümkin däl! Ine, onsoň ýaşlar şol görýän zatlaryny derrew kabul edip alýarlar, netijesi, ýaşuly nesle düşnüksiz bolup galýar... - Bizi kabul edýäňizmi? – gapydan ilki Hesel yz ýany onuň agtyklary girdiler, olar bilen Gurbannepesiň şäherde ýaşaýan doganlary çagalary bilen bir topar bolup gelipdiler. - Eý, Hudaý! – Gözel eje begenjinden näme etjegini bilmedi. – Nädip geläýdiňiz gyz? Gözüm çekip dur diýdim-le! – Gözel eje agtyklaryny, ogullaryny gujaklap, ogşap çykdy. Hesel Gözel ejäň ýedi gyzynyň iň ulusy bolup, indi onuňam öz maşgalasyndaky bir ogul, iki gyzdan agtyklary bardy. Hesel kakasynyň işini dowam etdirip, ýigrimi ýyl bäri durmuşa çykan ýerindäki obada Geňeşiň başlygy bolup işleýärdi, doganlaryň ulusy Gurbannepes maşgalasy bilen özbaşdak ýaşasa, Bahar, Şamyrat, Artyk dagy Gözel ejäň ýanynda, Baba bilen gaz gözleýiş edaraň başlygy Ata Ýazyr şäherde ýaşaýardylar. Gyzlaryň hemmesi durmuşa çykan ýerlerinde abraý bilen sag-aman gezişip ýördüler. Bu ýerde Şatlygyň aragatnaşyk ulgamlarynyň birinde işleýän Begli ýokdy, ol her dynç güni ejesiniň ýanyna gelýänem bolsa bu gün işi çykypdy. - Siziň beýdip geljegiňizi bilsem gyzlaň hemmesini çagyrjag-a men! – Gözel eje begenjinden bir ýerde oturyp bilenokdy. - Häzir çaý-naharyň ugruna çykaýyn. - Eje, menem saňa kömek edeýin! – Artyk ýerinden turjak boldy, emma Hesel olaň ikisinem saklady. - Siz oturyň! Bug ün men size zowala bişirip hyzmat etjek! Hesel öňlük dakynyp aşhana çykdy. - Näme beýle horlanypsyň-la! Boýnuň almaň sapagyna dönüpdir. – diýip Gurbannepes Baba çiňerildi. – Köp okaýaň öýdýän? - Ylym kellesini iýýändir! – diýip Ata güldi. - Şu gün men Ata bilen çöle aýlandym. – Baba bir käse çaýy eline aldy. – Duran bir gözellik-dä! Sazaklar dagy gür tokaýlyga öwrülipdir, aşagynda gökje otlar, guşlar saýraýarlar. Howasyndan doýar ýaly däl. Bilýäňizmi, şonda näme pikir etdim! Şäherde dört diwary gysylyp gezenden göbegiň kesilen ýerine, obaňa dolananyň saglygyň üçinem peýdalydyr diýen netijä geldim. Ata bilen Gurbannepes bir-birine seredip gülüşdiler. - Näme gülýärsiňiz? Men dogrymy aýdýan! - Gezibersene how, alymlygyňy etde! – Gurbannepes oňa garşy çykdy. – Obada seň üçin ýokary okuw jaýy açylmaz, onsoňam sen ylym üçin dogulan adam, maşgalamyzda saňa bil baglaýarys. - Enemiň ýanynda galyň diýlende biriň göwnemediňiz, indem... – diýip, Artyk agalaryna bellik etdi. - Sen ara goşulma! Gowusy bar, Hesel ejeňe kömek et, şu çäýnegem demle! Gurbannepes Artygyň eline boş çäýnegi tutdurdy. – Baba, sen oba geljek diýýäň welin gelseň aýalyň öýüň içini agdar-düňder ederde hapadan dodurar. Ol ýalta ahyr, jaýy syryp-süpürenden, üst-başyna serenjam berenini gowy görýär... - Oglum, gelseň ýer tapylar-la, sen ylmyňy nätjek? – Gözel eje Baba soragly nazaryny dikdi. - Eje, men ylmy işimi taşlaýsam diýýän! Täze açyş edip bilmejegime gözüm ýetdi, bagtymy geçmişimizden gözlemek-çi! Ata-babalar uly miras galdyrypdyrlar, şolary öwrensem ylymlaryň doktory derejä ýetdigim hasap etjek! - Dur, dur, seň çynyň öýdýän? Kandidatlygy goradyň, doktorlyk işiňi ýazyp ýörsüň! Indem ony taşlap oba gelmekçimi? Düşünýän däldirin. Ejemiň ýanynda saňa ýer bolmaz. Ol ýene iki ogul öýermeli, gyz çykarmaly. Onsoňam bu jaý iň kiçimize – Şamyrada degişli. – diýip, Gurbannepes janykdy. - Maňa aşhanadan ýekeje otag berseňizem ýeterlik, Gurbannepes! Institutda durarlyk galmady. Men şahsy bähbidi üçin günä işe baş goşmaga mejbur etjek bolýarlar, menem ony edemok! Etjegem däl! - Hany gürrüňi gutaryň-la, saçagyň başyna geçiň, nahar çekjek! «Aç garyn, boş beýni» diýipdirler. – Hesel gapydan kellesini görkezdi, agtyklaryny çagyrdy. – Geliň sizeem, maňa nahar çekişiň! Doganlar bir saçagyň başyna üýşdiler. Nahara el urmankalar, Bahar işden geldi. - Iň işeňňir uýamyz geldi! – diýip, Gurbannepes seslendi. – Ol ejemiň gapdalynda oturýança nahara el urmak bolmaz... Oglanlar, hyýallyňyz bar bolsa getirjek! - Men içemok! – Bibi ilkinji bolup iki elini galdyrdy. - Asla içimizde Atadan başga arak içýän hem ýok! Olam şu gün zährimary içmän oňar-da! – diýip, Gurbannepes ýylgyrdy. - Baba, seni ýanyň bilen alyp geler ýaly däl, ekeni! Özüň içeňok, içjegede ýol bereňok! - Berjek däl! Içseň gelnejem bilen gyr-tut bolýaň! Onsoň ol «Ata kakaňy ýatyryp git» diýip goýanok. - Ata, oglum, agtyklarymyň ýagdaýlary nähili? Käte getirip ejeňe olary görkezäýmel-ä! - Eje, onsuzam bu öýüň çagalary ýetik! Agtyklaryňy terbiýelemäge eliň degesi ýok! - Agamjan, sen çekinmede getiriber, otag tapylar! – Bahar ejesiniň tarapyny tutjak boldumy ýa-da Ataň sözi ýaramadymy ara goşuldy. – Onsuzam gelnejem, haçan görseň işde diýip sende zeýrenip ýör. Öýe gelmäge eliň degmez ýaly işiň köpmi? - Jigim, seň Gazojak, Şatlyk gaz ýataklary barada öň eşidensiň, indi tüweleme ençeme täze ýataklary özleşdirdik. Şu günler Bäşgyzyl, Ýolguýy ýataklaryny işe goýbermegiň üstünde, köpräjik işde bolmaly bolýar. Gelnejeň iňirdisi öýden çykman otursaňam gutarasy ýok-la! - Eje, Ata kakam ýene-de bir aýal aljak bolup ýör! – diýip, Şamyrat ara goşuldy welin Ata onuň böwrüne hymsyklady. – Näme ýalanmy? Ho gün maňa «Jigim, indi näçe aýal alsaň rugsat berilýär, gelnejeňe kömekçi almasam işine ýetişenok!» diýmediňmi? - Başga aýalyň gürrüňini edýän bolsa kisesine haram pul salýandyr, şu döwürde halal eklenç bilen bir aýaly saklap bilseň razy bolaýmaly! – diýip, Gurbannepes jogap berdi. – Ata, men muny ýöne bir howaýy aýdyp oturýandyr öýtme! Gaz ýataklaryndan gazyň çykarylyşynyň kadalarynyň berjaý edilmegine sen jogap berýärsiň! Bu ýerde eglişik ediji bolaýma. - Eglişik diýip nämäni göz öňünde tutýarsyň? – Ata gürrüňiň öz üstüne syrygyp barýanlygyny görüp aljyrady. - Kakam pahyr bakylyga gidenden soň maşgalaň garamaty ejem ikimiziň üstümize düşdi. Owal atamyza oguldyk, indi ejemize gul bolduk. Şol sebäplem men siziň işiňize goşulmaga hakymbar! – Gurbannepes sözüne dyngy berip, çaý owurtlady. – Eger-de gaz çykarmagyň kadalarynyň bozulmagyna eglişik etsek nämeleriň bolup geçýänligini men saňa düşündirmeli däl. Ony özüň gowy bilýäň! Bilmeýän bolsaňam aýdaýyn! Ýer bir gaz guýysynda şol guýyň ätiýaçlyk gorunyň möçberine görä degişlilikde gaz çykýan bokurdak oturdylýar. Şol bokurdaklaryň giňligi 16-22 millimetr aralykda, gor uly, basyşy ýokary bolsa 16-lyk, gor az, basyşy pes bolsa 22-ä çenli bokurdak oturdylýar, olaryň wezipesi ýeriň aşaky gatlagynyň rahatlygyny bozman saklamada, bellenilen belli bir möçberdäki gazy çykarmakda! Ine, onsoň käbir «Şöhrada kowalaşýan ýolbaşçylar» «şunça gaz berjek» diýip döşüne kakýarlarda, täze guýylary tizden-tiz sana goşmagyň deregine, ýaňky bokurdagy aýryp gazyň turba boýunça göni çykarylmagyna ýol berýärler. Netijede, bir guýydan çykýan gazyň möçberi iki-üç esse artýar. Şeýdibem, taslama boýunça sana goşmaly, emma öz günäleri bilen haýal-ýagallyga salyp, sana goşulmadyk guýylaryň çykarmaly gazyny işläp duran guýylaryň üstüne atýarlar. Munuň näme bilen gutarýanyny sen menden gowy bilýäň! Gazyň taslamada görkezilenden artyk çykarylmagy gazyň aşaky gatlakdan çykýan gözjagazlarynyň ýumrulmagyna, zaýalanmagyna alyp barýar, netijede, gaz bilen çykýan suwuň möçberi artyp, gaz ýatagynyň suwa basdyrylmagyna, möhletinden öň hatardan çykmagyna ýol berilýär. Hukuk normalaryndan baha berseň, şöhratparaz ýolbaşçylaryň öňündäki bu eglişigiň jenaýat bolup durýar! Ony açmaly sen, senem oňa göz ýumsaň nähili bor? Gara ýerde dil ýok, agyz ýok, göwsündäki zady şeýle wagşylyk bilen çykarýarlar diýip bilenok, guýylaryň dili ýok, ony sen diýmeli, dil sen-de bar! - Agam, ony diýmeýänimi bilýäňmi? - Diýýän bolsaň Döwletabat gaz käninde guýylaryň işläp başlanyna kän ýyl bolanok, eýýäm käsinden suw çykyp başlapdyr. - Onda meň günäm ýok! - Şeý diýjegiňi bilýädim, gaz ýatagy hatardan çykar welin sen «Bokurdaklaryň oturdylşyna dogry gözegçilik etdim, ine-de degişli kagyzlarym, men-de günä ýok!» diýersiň, gaz çykaryjylary bolsa «Biz kadadan çykman etmeli işimizi etdik, wagtyndan öň hatardan çykmagyna günäkär däl, ýatagyň goruny hasap edenlerden soraň?» diýerler! Şeýdip, birek-birege günäni atyp ortadan gury çykarlar. - Diýmek, käbir ýolbaşçylar şöhrada kowalaşýarlar, şeýlemi? – diýip, Baba sorady. - Men öz gözüm bilen gören zatlarymdan mysal getireýin! – diýip, Gurbannepes sözüni dowam etdi. – SSSR döwründe gündogar Şatlyk gaz käninde 110 sany gaz guýysy gazylmalydy, şonuň 89-sy gazylyp gutaryldy, galan 21 sanysy gazyldy diýilip kagyza geçirildi. Tokurtgalary satyldy, pullary ýele sowruldy, şol 21 guýynyň bermeli gazy beýlekileriň üstüne atyldy, netijede 50 ýyla ýetmeli ýatak 15 ýylda hatardan çykdy. Men inee, şular ýaly zatlaryň bolmazlygy üçin göreşmeli diýjek bolýan! Biz indi ýataklarymyzy özümiz goramaly. Gürrüň şu ýere ýetende Ata durup bilmedi: - Men şu gürrüňi ikinji gezek eşidýän! Şatlykda näme bolup geçenini biljek däl, emma kelläm ýerinde bolsa, men beýle bidüzgünçiliklere ýol bermen! - Belki, şeýle bolsun-da! «Akmaýany gördüňmi – göremek» diýmäliň, her bir kemçiligi adamyň ýüzüne aýtmagy öwreneliň! Öňki döwür ýaly geçirimlilik edip, eglişine gelmäliň! Meň pikirimçe her bir adamyň şahsy jogapkärçiligini güýçlendirmek gerekmikä diýýän, jemgyýetçilik gözegçiliklerini hem güýçlendirmeli! Ýogsam, beýle zatlaryň ýene-de gaýtalanmagy mümkin. Biziň işimizde ýönekeý işçi beýle jenaýatçylykly hereketlere ýüz urup bilmez, diňe şöhrada kowalaşýan ýolbaşçylar mesliklerine çydaman, haram keýpleri üçin şeýle işlere baş goşýarlar. Biz diňe halallyga düşünýän adamlary işe çekmäni ýola goýmaly. - Agam, sen misli bir ähli türkmeniň garamatyny gerdeniňe alan dek gürrüň edýärsiň? Şahsy eýeçilige giň ýol berlensoň, seň bu düşünjäň köneldi! - Ata, men şahsy eýeçilik barada däl-de, döwlet eýeçiligi hakda gürrüň gozgaýaryn. Sen ony menden gowy bilýärsiň. Döwlet eýeçiliginde hak alýan adamlar ähli zada jogap bermeli, çöpüň başy gymyldasa bilmeli, ýüreklerindäki watana bolan söýgülerini halal saklamaly. Käbir ýolbaşçylarda haramlyk bar, onsoň ogurlykda tutaýanlarynda «Howandar bolsun, dili lal bolsun» diýip, ýokardaky ýolbaşçylaryna para berýärler. - Gurbannepes kakam dogry aýdýar! – Bahar söze goşuldy. – Halkymyzyň işjeňligi kemterlik edýär, hiç kimiň hiç kim bilen işi ýok, her kim öz elim özüme ýakyn edýär. Men diňe ýolbaşçylar barada gürrüň edýän! Obamyzda kethudalyk edip ýören mollamyz bardy, neşe söwdasyny edeni üçin basdylar. Şol basylandan soň günde-günaşa bolup duran kiçijik ogurlyklar ýok boldy. Ol halkyň öňüne çykyp «Polisiýa işgärleriniň bu zatlar azaryna däl, oňa özleri ýol berýärler» diýip agzynda aş gatykladyp ýördi welin, asyl ogurlygy özi edip ýörse nätjek! Eýsem şolary oba adamlary bilenokmydy? Bilýärdiler. Obada polisiýa nobatçysy bar, arçyn bar, ýaşulylar geňeşi bar, ýylan gymyldasa bilýärler. Bilselerem aýgytly hereket edenoklar, ýagdaýy seredenoklar, şol sebäplem halk edilýän jenaýatlary döwletden görýär. - Düýn-öňňin telegörnüş boýunça uly wezipe eýeleýän adamyň mukaddes çörege haramlyk edişi beýan edildi, ol «Şeýtana özümi oýnadypdyryn, çagalaryň, dogan-garyndaşlaryň öňünde, aşagyndan çykyp bolmajak günä iş edipdirin, utanjymdan ýere giräýjek bolýan» diýip çykyş edýär, ýüzüne seretseň welin müýni bara meňzänok. Gowusy, geliň şu gürrüňleri goýalyň-la! – diýip, Baba janykdy. - Goýsak goýalyň, hakykatyň tarapynda göreşmegimizi welin dowam etdireliň! – diýip Bahar seslendi. Ýigrimi ýaşan Bahar Şamyratdan soň maşgalaň iň ýaş agzasydy, pikir ediş ukyby boýunça doganlaryň ählisini agzyna aňkardýardy. Hut ýamanjalygy üçinem ony potradyň ýolbaşçysy edipdiler. Ol öz hakynyň iýiljek ýerinde garadan gaýtmaz hereket edýärdi, oba boýunça dänesiniň çyglylygyny azaldyp, goşmaça hak alyp bilen ýeke özüdi. Onuň üçin etrap, welaýat häkimleriniň gapysyny kakypdy, Aşgabada gidip gelipdi, gepini gögertmäni başarypdy. Ýokarda aýdanlaryny bolsa özüniň şol hereketlerini doganlaryna ýatladýan hökmünde dile getiripdi. - Gyzlaryň içinde iň ýamanymyz Bahardyr! – diýip, Hesel jigisini goldady. – Ejemem muny hemmämizden gowy görýär. - Çagalaň barynam gowy görýän! – diýip, Gözel eje jogap berdi. - Eje, näme diýseňem sen menden Atany gowy görýäň! – diýip, Baba degişdi. - Ata käte süýjüjik-püýjüjik getirip berýär, sen bolsa, Babam, şol okuw bilen, almasaň getirýän zadyň ýok, onsoň öňe geçip bilmersiň-ä – diýip, Gurbannepes degişdi. - Nä bileýin! Meň-kä bir hili edenim ugruna bolanok! - Ylym çylşyrymly, zat! Maşgalada senden başga ony oňarjak ýok! Senem zeýrenip başlasaň nähili bor? Köküň daýhan maşgalasyndandygyňy ýadyňdan çykarma, burnuň sümügini akdyrma, tutanýerli bol! – diýip, Gurbannepes ony köşeşdirdi. - Agam, durmuşda men erbet aldandym öýdýän?! - Oglum, kim seni aldady? Çekinmede ejeňe aýt? – diýip, Gözel eje Baba ýüzlendi. - Şu güne çenli içime saldym, indi aýtmasam bolanok! Eje, men doktorlygy gorap bilmedim, has dogrusy goramak hem islemedim. Çaga terbiýesi baradaky taglymaty okap doktorlyk dissertasiýamyň agramynyň aşykça ýoklugyna göz ýetirdim, özümiň salgyma kowalaşandygyma, öz-özümi aldaw ýoly bilen alyp gidendigime düşündim. - Ýykylan göreşden doýmaz – diýipdirler, oglum, işiňi döwre görä täzelede, ýene bagtyňy syna! - Ýok, eje, döwre görä täzeden ýazmak üçin men köp ýyllaryň dowamynda zäherlenen aňymy arassalamaly! Oňa bolsa wagt gerek! Onsoňam men siziň baha berişiňiz ýaly zehinim daş ýarýanlardan däl, ähliňiz birigip kömek etmedik bolsaňyz kandidatlygam gorap bilmezdim... - Oglum, seň okuwyň üçin ýekeje teňňe çykarmadym! Oka oglum diýdim, senem okadyň! - Eje, meň senden başga-da eje-kakamyň barlygyny unutma! - Be, be, be! O nähili ejeli bolup ýörsüň, how! – diýip, Gurbannepes hatda ýerindenem galdy. - Gaýynlamma diýýän! Olar aýagymy ýere degirmediler, duranja bir zehin diýip arşa göterdiler! Aýalym bilen tersleşen günüm menden samsyk dünýäde ýok bolup çykdy... Men özümiň kemakyllygyma indi düşünip başladym... Olara köreken däl, meň doktorlygym gerek ekeni! - Biriň sögüşdim diý, biriň barlyşdym diý, ýene biriň uruşdym diý, ejeňizi rahat oturtmasaňyz bor. - Eje bagyşla! Däliden dogry gep, men ylmy işi taşlap, çaga okatjak! - Oglum, bir zada düşünemok! Gaýynlaryň kömek eden bolsalar erbetmi! Senem olaň çagasy ahyr! Olaň giýewisi sen... Giýewisi! - Ýok, eje, men olaryň elinde gurjak bolup biljek däl! Baba ejesiniň ýanynda pikirleri kesgitli aýdyp bilýänligi üçin begendi, şol bir wagtda kakasyny ýatlady, ol bolan bolsa içinden gep çykaryp bilmezdi, belki, okuwyny hem taşlap bilmezdi. Çagalaň biri başbozarlyk edende ejesi işden gelýän kakasyna aýdardy, ol bolsa nanyny iýip, çaýyny arkaýyn içerdi, sesini çykarman çagalaryň özlerini aklajak bolmaklaryna gulak asardy, soňam penjegiň aşagynda asylyp goýlan kemeri alyp bezzatlyk edenden başlap bir ýandan saýgylardy, Gurbannepese çenli gahary ýatyşardy, günäkär bolsun-bolmasyn, ortanjy çaga bolan Baba köp kemer iýýädi, hut şoňa gezek gelende kakasynyň gahary has-da güýçlenip, geçdigem peselip barýan ýalydy. Bir gün ol kemeri gizledi, kakasy ýüp bilen urdy. Gaýyş kemeriň urgusy mylaýym bolansoň Baba ony gizlän ýerinden çykardy. Kakasy nobatdaky «jerimesinden» soň mellekdäki üzümleriň arasyny agdarardy. Almytyny alan çagalar ýeke-ýekeden bagyşla diýip, kakalarynyň ýanyna barardylar, Baba iň soňunda baryp, çaýyr çöplemäge kömek ederdi. Her näçe urulsa-da, Baba gözünden ýaş dökmändi. Ol şeýle pursatlarda ejesine, kakasyna, doganlaryna nebsi agyrardy, ählisini gujaklap «Geliň indi oňuşykly bolup agzybir ýaşalyň» diýip gygyrasy gelerdi... Kakasy ýurduny täzeläpsiň oňa gaty-gaýrym diýip biljek ýokdy. Gurbannepes bolsa... Ol diňe käýýäp oňýardy. Baba ýerinden turdy-da, ejesini gujaklady. – Eje, bagyşla meni! Bagyşla! - Näme oguljygym? Sen günä iş edeňok ahyryn! - Eje, bildirip duran günä etmesemem, köňlüm «Ejeňi öýkeledýärsiň» diýip dur. Men bilýän! Ylmy işi taşlamagym saňa agyr degýändir. Sen maňa guwanyp ýördüň ahyr! Men başgaça hereket edip bilemok! Bagyşla! - Oguljygym, men seniň ýagdaýyňa düşünýän! Gözel eje Babaň başyny sypalady. – Men baryňyzyň bir öýden girip-çykyp, maşgalaňyz bilen agzybir ýaşamagyňyzy isleýärdim, bir saçakda naharlajakdym, kakaňa şu uly jaýy saldyrdym, öýlendiňiz-de, öýňüzi taşlap gitdiňiz. Aýalyňyzyň yzyna düşdüňiz. Indi bu öý size kişi öýi boldy. Kakaň pahyr «Başarsaň çagalary pytratmagyn» diýip wesýet edipdi, döwür üýtgedi, agasy «Häýt» diýeňde çekinip duran bolmady... Şu öýde siziň kowumlaryňyz dünýä indiler, dünýeden ötdüler... Bir men ýatlamalarym bilen galdym. Öýdäki ähli zat kakaňyzy, garry eneňizi, ataňyzy ýatladyp dur! Käte men olar bilen gepleşýän, Bahar «Eje, seň aklyň bir ýerindemi?» diýýär. - Eje, sen ýeke däl! Ogul gyzyň, agtyklaryň ýanyňda! Näme kemiň bar? – diýip, Hesel sorady. - Artyk öýlense diýýän, Baharjan kişi maşgalasy, Şamyratjan heniz ýaş! - Sen gowusy, Şamyrada bir oňşuklyja, işeňňir gelin duşsun diýip dileg et! Ol şu öýüň eýesi bolmaly! – Hesel sözüne dyngy berdi. – Eje menem oba arçynlygyny taşlaýsam diýýän! Talap güýçli! Çydar ýaly däl! Soýuz döwründe aňy zäherlenen adamlary işletmek kyn! Olara ýer siziňki, ekiň, alyň, isläniňizi ediň, bolçulyk dörediň diýip düşündirip bolanok! Öz eliňiz, işläň diýseňem ir bilen arçynlyga ýygnanýarlar-da «bu gün näme edeli» diýişip durlar. Halys öwrenen endiklerinden el çekip bilenoklar. Men olaň haýsy birini kowalap işledeýin? - O näme diýdigiň bolýa? Obaňda seni sylaýarlar, üç gezek işden aýyrdylar, üçüsinde-de, halk arkaňda durup yzyna aldyrdylar. Seni dilinden düşürenoklar. Işiňi taşlasaň adamlaryň ynamyny ýere çaldygyň bolmazmy? – diýip, Gurbannepes sorady. - Dogry, halk maňa ynanýa, sylaýa! Men olara özbaşdak işlemäni başarmalydyklaryny, meselelerini özleri çözmelidiklerini nädip öwredeýin? Olar indi ýeriň eýeleri ahyryn! Haçana çenli idip ýöretjek, besdir! Halys ýadadym. - Siz näme dilleşdiňizmi? Ejeňiziň üstünden gülmäge geldiňizmi? Biriňiz ylmy taşlajak, biriňiz arçynlygy... - Biziň bolşumyz şeýleräk-dä! – diýip, Baba ejesini gujaklady. Sülgün jüýjeleri ýaly şu öýden çykyşyp gitdik, wagtyň geçmegi bilen ýene gaýdyp gelýäs! Men şähere öwrenişip bilemok! Yzyma çekip dur. Gaýdyp gelsem ýüregim düşüşäýjek ýaly. - Obadan gitdim... Öwrenişip bilemok! – Gurbannepes Babaň agzyna ökündi. – Oba aýagyň çekýänligi göbek ganyň daman ýeri! Çagalaň bilen nirede ýaşajak, şony aklyňa aýladyňmy? - Mellegimden jaý salýançam ejem, aşhanasyndan bir otagjagaz bölüp berer ahyryn! Şeýle dälmi, ejem-jan! - Jaýyň bir zady bolar-la welin. Men seniň okuwyňy taşlamagyňy oňlamok. - Eje, jaýyň bir zady bolar diýmesene! – diýip, Şamyrat gatyrgandy. – Men öýlensem, otag galýamy näme? - Sen öýlenýänçäň jaý salaryn! – diýip, Baba jogap berdi. – Azajyk gorkýan ýerim mekdebiň işinde öwrenişip bilermikäm diýýän! Galanynyň bir zady bor. Boş wagtym mellege üns bererin, çagalarymy içinden çykarman... - Näme how, garantga ýaly dikilgazyk bolup dursuň? – diýip, Gurbannepes, otagy dolduryp oturan adamlaryň arasyndan çykyp gitmegiň ebeteýini tapman duran Şamyratdan sorady. – Geçiber-dä, diwary yzarlap. – Şamyrat çykyp gidenden soň bolsa – Haý, eje seň şunyňdan bir zat çykaýsa... Näbileýin-dä! – diýdi. - Ol aýdym-sazy gowy görýär! – Artyk Şamyradyň yzyndan garap jogap berdi. – Prezidentimiz barada aýdym döretdim diýýär, haçan görseň aýdym-saz diňläp ýatandyr, potradyň nirdediginem bilenok. Ýatsa turup bilenok, tursa ýatyp bilenok, edil... – Artyk ýene bir zat diýjek boldy. Emma Bahar oňa «otur» diýýän ýaly yşarat etdi, sebäbi Şamyrada bir zat diýilse enesine ýaramaýanlygyny bilýärdi. - Biz ony lälik saklaýas, näme diýse alyp berýäs, çagany lälik sakladygyňça, şonça-da terbiýeden çykýar – diýip, Gurbannepes öz-özi bilen gepleşdi. - Olam aklyna aýlanar-da. Gözel eje ogluny aklady. – Baba nähilidi? Ýokary okuw jaýyna ýerleşdirdik, bir gün hat geldi, barsak, asyl okuwa barman surat alýan gapyrjagyny boýnundan asyp ýörse nätjek! Öýe getirdik-de, piliň iň ulusyny berip «potratda işle, zähmet terbiýelesin» diýdik. Aýdyşymyz ýaly bir ýyl işläp, soň özi okuwa girdi, okady, uly alym bolup gitdi. Biz oňa oka diýip okatmadyk, Şamyrat janam wagt geler, aklyna aýlanar! Men, Hudaýa şükür, çagalamdan razy, içip-çekip, urşup ýörenoklar! Käsiniň azajyk aýaldan bagty ýok, olam nä maňlaýyna ýazylandyr-da... Gyzlam welin baran ýerleri bilen... Hijisinden azar çekemok! - Eje, kakam pahyr «Alsaň aýal, gonsaň ýurtdur, erkek adam üçin aýal mesele bolmaly däldir» diýermidi? – diýip, Gurbannepes sorady. - Hawa, şeý diýmes-ä bardy oň! Ýene-de «ýedi ölçäp bir kesiň» diýerdi... Şoňky ýaly sizeem bir zat etjek bolsaňyz gowy pikirleniň. Soň wah, diýip diliňizi dişläp oturmaly bolmaň! Men bu zatlara düşünip duramok, galanynam ýaşulyňyz Gurbannepes, şoň bilen maslahatlaşyň! Kakasy ölenden soň inilerini öýli-işikli etmek Gurbannepesiň boýnuna düşüpdi. Ol Gözel ejäň tabşyrygy boýunça mellegiň aýak ujundan uly jaý salypdy, Ata öýlenende şol jaýyň bir ganatynda ýerleşipdi, Ata öz mellegine göçüp gidende täze öýlenen Baba şol jaýa barypdy,ol şähere girende Gyzylarbada durmuşa çykan aýal dogany maşgalasy bilen göçüp gelipdi. Şondan soňam aýal doganlaryň ikisi gelip, ikisi gidipdi. Bu ýagdaý, Gurbannepes uly ogluny öýerip şol jaýa ýerleşdirýänçä dowam edipdi. Gurbannepes, Babaň okamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredildi, aýlygy ýetmänsoň dynç günleri jaý salardy, kerpiç guýardy. Baba okuwyny okaýandyr, Gurbannepes zähmet çekip onuň harjyny toplaýandyr. Okuwdan boş wagtlary öýe gelende, ol Babany Şatlykdaky iş ýerine alyp giderdi hem-de «Ine, meniň alym inim» diýip ähli tanyşlaryna guwanç bilen görkezerdi. Gurbannepes eden kömegini agzyna almandy, şeýle azaplardan soň Babaň ylmy taşlajak diýip durmasyny oňlap biljek däldi. Ol bu barada inisine ýene-de bir gezek ýatladypdy, emma Baba «Agam meni sylaýan bolsaň şu gürrüňi gutardyk edeli» diýdi, ejesine «Eje, senem meni bagyşla, başgaça hereket edip bilemok» diýdi. - Bolýa-da oglum, men siziň garşyňyza çykyp bilmen! Etjek işiňizi özüňiz gowy bilýänsiňiz! Hojalygymda bir sygyr, üç goýun, iki sanjagam towugym bar. Towuklam köpdi, Şamyratjan näsaglady welin, her gün birini soýup, iýdirdim. Maňa zat gerek däl! Her gyzymda bir gün, oglumyňkyda bir gün myhman bolsam bir aýdan gezek ýetjek! - Eje, mende towuk kän! Geregiňi alda soýda dur! – Gurbannepes çaýyny owurtlap sözüni dowam etdi. – Adamzat döräp, dünýäň ýagşysyny, ýamanyny datsyn diýip Allatagala toýy, ýasy döredipdir, şol bir wagtda bol-elin iýip-içmegi tabşyrypdyr, ony etjek bolsaňam zähmet çekmeli, ýagny, mal, guş sakla, ýer al, ekin ek! Hudaýa şükür, ähli zadyň, gazyň, suwuň, toguň, duzuň mugt! Mal saklasaň saklaýaň diýýän ýok! Bulary etjek bolsaň, dogry, ilki maýaň gerek! - Menem şony sorajak bolup durdum! – diýip, Baba saçakdaky boşan gaplary Heseliň öňüne üýşürip durka sorady. – Eger maýaň bolmasa nätmeli? - Maýaň bolmasa nätmelidigini häzir aýdyp bereýin! Mysal üçin men ýedi hazynaň biri towukdan başlamagy ýüregime düwdüm. Bir aýlygyma 600 sany jüýje aldym, olara çaga sereden ýaly ösdürdim, dogry, iki ýüz sanysy öldi, 400 sanysyny bäş aýdan soň alty müňden satdym, iki million manat arassa girdeji edindim, geçen ýyl bankdan goşantly karz pul alyp 4000 jüýje edindim, fewral aýy sowuk boldy, jaýyň içiniň çyglylygyny, howasyny ýaramly derejede saklap bilmän ýaşaýan jaýymyň bir otagyny boşatdym-da, şoňa saldym, şeýdip ep-esli ösdürdim. Şol günlerem meni Aşgabatdaky Serdar ýolunyň gurluşygyna işe iberdiler, gidemde Artyga «derman getirip bergin» diýipdim, olam getirmändir, üç aýa ýeten jüýjeler keselläp 1600-sy gyryldy, bilýäňizmi olary üç müňden satamda 5 million manat bolýa ahyr! Artygyň günäsi şeýle ýitgi çekdim, maňa towugyň ýagdaýyny habar etdiler, bahana tapyp gyssagly gaýtdym, bersem, jüýjeleriň ýagdaýy gaty gözgyny ekeni, gije ýatman seretdim, her iki sagatdan naharladym, aşagyny arassaladym, edil gundagdaky çagany galdyryşlary ýaly galdyrdym, biri ölse gözüme ýaş aýladym. Şonda-da, onlarçasy öldi, her zat etdim, 1200 sanysyny aýaga galdyrdym. Hasap edip görsem bulary satanym bilen bankdan alan karz puluma ýetjek däl, onsoň başga bir bankdan täze karz pul alyp öňki bergimi üzdüm, galan pula ýene 4000 sany jüýje aldym, häzir olaryň 3000-si ýetişip barýar, ýagdaýlary gowy. Bar, ýene müňüsi ölende hem men bergimi üzýän, 500 towuk özüme galýar. Gördüňizmi, zähmet çekseň ol seni hor edenok ekeni! Kynçylykdan gorkmaň, karz pul alyňda önüm öndüriň, bir bankdan alan puluňyzy üzüp bilmeseňiz beýlekiden alyp öňküni üzüň, ýöne, hereketsiz ýatmaň. Men onuň şu sözlerini ulanyp ýokary netije gazandym. Göräýmäge, ýönekeý bir aýdylan söz ýaly, emma onda uly manny bar ekeni... Şu ýyla towuklaryň özüni basyryp jüýje aljak, şeýdip, ýuwaş-ýuwaşdan köpeldip gidip oturmaly. Beýle zatlara öň mümkinçilik berdilermi näme? Bermediler! Eje, sen bilýäň-ä, sygyrmyz ikinji gölesini guzlanda gulajynymyzy bazara äkidip deger-degmezine satypdyk, sebäbi, göleli sygyrdan artyk mal saklamak bolmaýardy. Men bulary aýdýanlygymyň sebäbi, zähmet çekene rehnediň barlygyny ýaňzytjak bolýan! Zähmet hojalyga baýlyk getirýär, çagalaryňy terbiýeleýär... Iň bärkisi öň ir bilen turuzyp bolmaýan ýedi ýaşlyja agtyjagyma «towuk seňki» diýdik welin bizden öň turup «iýmlejek» diýip dur. Görýäňizmi, onda eýýäm zähmede bolan höwes döredi. Munuň özi kiçi baýlyk däl! - Towuk saklap bilmeseň näme etmeli? – diýip, Ata sorady. - Towuk saklap bilmeseň ýer işle, ýer işläp bilmeseň mal sakla, mal edinip bilmeseň söwdajyk et, juda oňa ýagdaýyň bolmasa-da bir söwdagäriň ýanynda kömekçi bolda işiňi öwren, gazanç et! Men bulary işsiz gezip ýörenler üçin aýdýan! Işleýän bolsaňam diňe bir aýlygyňa göz dikip oturma-da, meňki ýaly hereket et! Hereket etseň bereket taparsyň! Onsoňam çagalara ýaşlykdan hünär öwretmeli! Oglanlara agaç ussaçylygy, senetçiligi, tehnikadan, tokdan hünärmençiligi, gyzlara tikin işlerini, haly dokamaklygy we ýene-ýeneleri öwretmeli. Hünärli bolsaň hor bolmarsyň! - Obamyzda iki oglan agranomçylykdan ýokary bilim alyp geldi, birisi «Potratçy bolmak üçin okamadym» diýip Şatlyga işe gitdi, beýlekisi ýer alyp ekin ekjek diýip obada galdy. Gurbannepes kaka, dogry aýdýaň, indi diňe hünär öwrenmeli! – diýip, Bahar agasynyň sözüniň üstüni ýetirdi. Artyk seslenmän durup bilmedi. – Ýokary bilimiň bolup eliňe pil almasa bor-la! - Zähmet çekmäň aýby bolmaz. Şatlygyň gaz önümçilik birleşiginde işleýän ýokary bilimli agranomlar, mugallymlar gyt däl. Olar kömekçi hojalyklarda ekin ekýärler, mal saklaýarlar, gök önüm, bakja, et ýumurtga öndürip gaz gurluşygynda işleýänlere arzan bahadan satýarlar... Garaz, peýdaly zähmet bilen meşgullanýarlar. – Gurbannepes sözüne dyngy berdi-de, sagadyna seretdi. – Oglanlar, meň-ä wagtym boldy, öýde çyzgylara seretmeli, ejemem ýadandyr. - Çagalaryny görse ejem ýadamaz! – diýip, Baba jogap berdi. – Gurbannepes kaka, çyzgy, çyzgy diýýäň welin döredijilik ugruňy taşladyň öýdýän! Öňler käte gazetlerde hekaýaňdyr makalalaň çykardy. - Häzirem çykýar-a! – diýip, Bahar Babaň ýüzüne seretdi. – Ýaňy-ýakynža «Galkynyş» gazetinde «Amazonkalylar kimler?» diýen uly göwrümli taryhy maksalasy çykdy. Agamyz henizem elini gowşuryp oturanok. Biziň şu şaý-seplerimiz – Bahar ýakasyndaky gülýakasyny görkezdi – gadym zamanlarda enelerimiziň harby esbaplary bolupdyr, köp müňýyllyklaryň geçmegi bilen olar has-da çeperleşdirilip bezeg esbaplarymyza öwrülipdir. Aýy mazamlaýan aýal-gyzlar diýen manyny berýän amazonkaly iki müň ýyllap dünýä agalyk edipdirler... - Hawa! – diýip, Gurbannepes Baharyň aýdanlaryny tassyklady. – Käbirleri bu adyň gelip çykyşyny Amazon derýasy bilen baglanyşdyrýarlar. - Men segseninji ýyllaryň aýaklarynda Mary oblast Sowetiniň ispolnitel komitetinde işleýärdim. Ata söze goşuldy. – Bir gün ispolkomyň başlygy meni çagyryp «Hepdelik gazetde «Hanhowza eýe gerek» diýen makala çykdy, men oňa jogap hatyny ýazdym, şuňa seretde ibermek üçin taýarla!» diýdi, elime iki bölek kagyzy tutdurdy. Onda şeýleräk ýazgy bardy. «Gazediňizde çykan žurnalist Gurbannepes Ýazyrowyň «Hanhowza eýe gerek!» atly makalasy bilen tanşyldy. Hanhowuzda administratiw merkezini döretmek hakyndaky gozgalaň mesele wajypdyr. Çünki raýonyň açylmagy suwarymly meýdanlary melioratiw gurluşygyň hasabyna 114 müň gektara çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär, 2000-nji ýyla çenli pagta öndürilişiniň möçberi hut şol ýerde 244 müň tonna çenli artar. Häzirki wagtda bu mesele oblastyň hem respublikanyň partiýa we sowet organlarynyň üns merkezinde durýar». Ine, agamyň şol makalasynyň nähili wajyplygyny şu jogapdanam aňmak bolýar. Hut şol ýylyň içinde makalaň täsiri bilen Hanhowuzda täze etrap döredildi. Ol häzirki Oguzhan etrabydyr. Gurbannepes bilen Ata ikisi daş çykdylar. Bir salym gürleşip duranlaryndan soň Gurbannepes hoşlaşyp öýüne gitmekçi boldy. - Agam menem saňa habarymy aýdaýyn. Ejemiň ýanynda agzap durmaýyn dýidim. Dost-ýarlaryny işe alýar diýip üstümden arza bar! Bir-ä men iş edinýär. Käşgä ýazylýan zat dogry bolsady... Olam däl! - Günäň bolmasa, nä zeýrenýäň? Ýazarlar goýarlar-da! - Ol-a şeýle welin... Men näme etmeli? Gol gowşuryp oturmalymy? - Haçan beýle gorkak bolduň-aýt? Abraýyňa dil ýetirerler öýdüp gorkýarmyň? Gorkma golsuz arzalara seredilmez. Ondan ötri maslahat berip biljek! Wezipäňde her bir herekediň açyk bolsun, gümürtik zat etme! Dogry, ne gawun, ne mawun bolsaň, hiç zat eliňden gelmese, ýa-da günüm geçse, aýlygym ýörese bolýa diýip ýörseň, onda başga gep! Sen olam däl! Şoň üçinem «It üýrer kerwen geçer» diý-de geziber, eden zatlary bolmaz. Ýöne bilip goý, «Duşman dost arasyndan çykar» diýipdirler. - Ol-a şeýle welin... Bir hili ynjalykdan gaçyrýa-da... - Ynjalykdan gaçýan bolsaň, goý, ol seniň taplanmagyna kömek etsin! Düşündiň! Düşünen bolsaň sag bol! Men gideýin! Şeýdip käte ejemiň ýanyna gelip duruň-how! – Gurbannepes bu meselede Ata birneme igenmekçi boldy, ýöne gürrüňi soňa goýmagy ýüregine düwdi. – Gidişiň gidiş bolmasyn diýjek bolýan! Günde bolmasa-da, aýda iki gezek ejemden habar tutmaga wagtyň bolsun! Ata agasynyň yzyndan seredip galdy... 2. Üsti agyr ýükli «Uragan» gaplaň ýaly arlap, giç agşam Bäşgyzyl gaz ýygnaýjy nokadyň meýdançasynda saklandy. Uragandan böküp düşen Rahman ýüki düşürmeli ýeri görkezdi, soň çepe-saga öwrülip, dar ýere zordan giren maşynyň üstündäki ýüki synlady. Şol ýerdenem kebşirleýji enjamlaryň motoryny bejerip duran oglanlaryň ýanyna bardy. - Ahmyrym, ilkinji kepderimiz geldi. – Rahman kagyzlaryna seredip duran Saparyň böwrüne dürtdi. Ilkinji ýygnama – gurnama desga! Binýadyň üstünde oturdaýmaly taýýar. Ägirt Uragana zordan ýerleşen, enjamyň kä ýerinde topuň niline çalym edýän tokurtgalar sallanyşyp durdy. - Ýüki gyssagly düşürmeli – diýdi-de, Sapar oglanlara tabşyrdy. - Bäh, daş edip ýygnapdyrlar-aýt! Bu kimiň kellesine gelýän zat! – diýip, oglanlaryň biri seslendi. - Gurbannepes aga teklip edipdir. Gurluşyk gurnama işleriniň hiliniň ýokary wagtynyň çalt bolmagy üçin, nähili7 – diýip, Rahman Sapara çiňerildi. - Men ondan habarly. Bu enjam, gaz ýygnaýjy nokatda gurulmaly 24-iň biri. Ony işiň üstünde ýygnap, gurnamak üçin kebşirleýji topara 8 iş güni gerek, Şatlygyň merkezi ussahanasynda bolsa sanlyja sagatda ýygnadylar. - Sekiz sagatda ýygnap maňa ýüklediler! – diýip, Uraganyň çepiksije, godalajyk sürüjisi ara goşuldy. – Oglanlar, eger mümkin bolsa ýüki çaltrak düşüreliň! Ertir öýläne Şatlyga barmaly. - Men ýüküň berkidiş simlerini kesdireýin, Rahman senem segsen tonluk ýük göterijini tap! Sapar ussalary ýanyna alyp lomdyr, ägirt çekiçleri bile nişe girişdi. Bu ýere gelen Kaka Rejep ýüküň daşyna aýlanyp çykdy-da. Öz gözüme hem ynanmajak bolýan! Gurbannepes agaň hasabynyň dogrulygyna müňkür bolmandym, her zatda bolsa öz gözüň bilen gören ýaly däl-dä! Hasabymyzyň dogry çykyşyna begenýän! – diýdi. - Bar biziň işimizdäki uly öwrülişikdir – diýip, Sapa joşgunly seslendi. - Onda-da, nähili öwrülişik! Men öz hünärmen oglanlaryma guwanýaryn! Olar bu kyn işi paçak edip bitirdiler! - Başlyk, siz bu pikiriňizi işçileri çagyryp aýtsaňyz gowy boljak! Näme üçin diýeniňde size, işi talap etmäge ökde, edeniň öwgüsini ýetirmekde gysyk diýýärler. - Dagy nädeýin? Işden gaçalak edýäne aýt, aýtma barybir saman astyndan suw goýberer, emma ýüregi bilen ýapyşýana aýtdygyň ýerine ýetýändir, işi köp ýerine ýetirýän bilenem käte iş üstünde käýişmeli bolýar, munuň özi ataň ogluna bolan käýinji kysmy bir zat. Ol barada gürrüň edeniňe degenok! Häzir şu änjamyň ýygnanylýan ussahanasyndan gelip durşum! – Kaka Rejep Rahmanyň soragyna jogap hökmünde sözüni dowam etdi. – Biziň işdäki öwrülşigimiz örän uzaklara ýaň salar. Ýogsa-da, bize işe gelmänkäň Mary şäherinde saňa uly bir edaraň başlyklygyny hödürläpdirler, şol dogrumy? - Şeýle gürrüň bolupdy. Ol size nireden ýetip ýör? - Myş-myşyň dili uzyn diýipdirler. Näme üçin hut gaz gurluşygyny saýlap aldyň? - Men bu soragy size hem berip bilýän! - Men başga gürrüň... Ýigrimi ýyla golaý işleýän. - Menem işlesem işlär ýörerin – diýip, Rahman soraga düşünmän jogap berdi. - Hawa, işläp ýörseň, ösersiň ussa, soň iş alyp baryjy, uly iş alyp baryjy... Ösýärsiňem, ýaşyň ýaňy ýigrimi dokuz! Ýöne, düzgünden çykyp ýerine ýetirýän işimiz birden başga ugra gönügip gidiberse nätjek, hä jahyl? - Düşünmedim. - «Işi ýerine ýetirmekde taslamadan çykýarlar, netijede, howply ýagdaýlaryň döremegine ýol berýärler» diýip ýokardan kimdir biri bize başgaça düşündirse nätjek? - Biz, takyk ölçegden çykyp iş edemzok, gurluşygyň, wagtyny gysgaldýas, müňlerçe manat döwletiň puluny tygşytlaýas diýip jogap bereris! - Jogabyňa düşünmeseler nätjek? - Düşünmeseler işi taşlap gidibermeli bor-da? - Ýok, beýle ýagdaýda seni ýöne bir goýberäýmezler... - Ministriň özi Bize on aý möhlet berdi. Indem beýdip durasy ýok ahyr. - Wah, gepem şonda-da! Işi ýerine ýetirýän biz! Aýdaly, şu gaz käniniň işini on aýda däl-dä, taslamada görkezilişine görä, ýigrimi iki aýda gutarjak, şonda öwrülişik bolaýmaz-a? - Ýok, ol-a bolmaz! Ýurdumyzyň kynçylykly pursatlarynda dünýä bazaryna köpräk gaz çykarmaly... Bu bol-bollar şoň üçin edilýän bolmasa. - Hawa, hut şoň üçin edilýär, - diýip, Kaka Rejep gündelik ýygnak geçirilýän otaga bardy, jaýa girende telefon jyrlap ýarylaýjak bolýady. Kaka Rejep Rahmana oturmaga ýer görkezip telefona ýapyşdy: - Hawa!... Hawa!... Diýleýän! Düşdüm, düşdüm diýýän! Biz nirede ýygnamyzda näme? Işiň hilini barlap alarsyňyz... Hawa... O nähili bolmaz? Desgany tabşyrmak, tabşyrmazlyk, size bagly däl! Ol biziň öz işimiz! Işi gutararys, soň, nätseňiz şeýdiň! – Kaka Rejep telefony patladyp goýdy. – Eşitdiňmi munyň ýaňky eden gürrüňimiziň dowamy hökmünde kabul edersiň, ýöne, berk dur. Ýogsa-da, nähili ýerleşdiňizmi, zadyňyz ýerbe-ýermi? Har-hamyr däldir-ä? - Düşünmedim... - Men umuman aýdýan! Durmuşyň barada... - Aý... Ýaman däl... - Örän oňat! – Kaka Rejep ýüzüni çytyp, sözüni dowam etdi. – Gutarnykly gelipmi ýa ýarymgöwün? - Aý, umuman gelipdir. Men kerpiç çekersiň diýdim, sizem oňa başga iş beripsiňiz – diýip samrady. - Ony kerpije goýmak bolmaz! Işgärlerimiziň işden boş wagtlary ruhubelent bolmaklary üçin gelniň barmaklary Bize kerpiç örmekden has gymmatly, goý häzirlikçe aşpeziň kömekçisi bolubersin. Nähili görýäň? – Kaka Rejebiň egindeşlerine maslahat salma häsiýeti bardy. – Ýagdaý düýbünden üýtgedi, jahyl, merkezde gurnaljak ýygnama enjamlar aňry gitse bir aýda gelip ýetişerler, olary biri-birine seplemek, gurnamak ýaly ownuk-uşak, hysyrdyly işleriň uly tapgyry öňde ýatyr... Oňa kebşirleýjiler, gurnaýjylar ýetenok! Kadrlar bölümi ara böwşeňlik aralaşdy diýip kebşirleýjileriň uly tapgyryny zähmet rugsadyna ugradypdyr. - Eýsem möhletden el üzmeli bolaýarmyka? – Rahman durup bilmän sorady. - Edil, şo derejä ýeten däldir-le! Mundan has agyr pursatlardanam baş alyp çykmany başarypdyk ahyryn. Ýadyma düşýär, Döwletabat gaz iteriji desganyň gurluşygy soňky ýyla geçirilende işgärleriň köpüsini mejbury zähmet rugsadyna ugradypdyk, beýleki welaýatlardaky gurluşyk guramalaryna geçiripdik... - Her halda bolsa kyn ýagdaý adamyň beýnisiniň işlemegine amatly täsir edýär! Öňde goýan maksadymyzdan dökmeris, ýöne, urýalar diýip kelläni goramazlyk gowy däl. - Dogry aýdýaň! – Kaka Rejep razylaşdy. – Eýsem seň pikiriňçe nähili çykalga bar? - Bir çykalga, şu ýyl tabşyrylmaga degişli bolmadyk desgalaryň gurluşygynda işleýän hünärmenleri ýygnamaly! Olar üçinem siziň buýrugyňyz gerek! Ýogsam, Döwletabat gaz käninde, Şatlyk-Aşgabat, Abadan gaz geçirijiniň ugrunda işleýän bölümleriň ýolbaşçylary meniň diýenimi etmezler. - Şol buýrugy sen häzir alarsyň! – Kaka Rejep kagyzlarynyň birini alyp Rahmana uzatdy. – Şuny görkezilen edaralaryň ýolbaşçylaryna gyssagly ýetirip, ertiriň özünde amala aşmagyny gazanmaly. - Haý, öz-ä, goh galmagal çykar, işläp ýören desgalaryndan adamlary sypyryp alyp gaýtmak ýeňil däl! - Ýeňil däl, başga çykalga ýok! - Men bu işi höwes bilen ýerine ýetirerin, özüne-de, häzir ugruna çykaryn! - Hawa, tanyş bolandyklaryna gollaryny çekdir, ýerine ýetirilmese görmedik-bilmedik diýmesinler. Sen nämä begenýäň? - Näme üçin begenmäýin! – Rahman bu soraga geň galdy. – Işler ugrukjak, janym sag, kelläme urýan ýok, aýalym öýde... - Men hut şoň üçinem soraýan. Aýalyň gelen güni senem öýüňde tapylmasaň, nähili bor? - Men ony synamak issledim, barlap görmek issledim. - Aýalyňy synap ýörseň öýkeledersiň, «Göwün synsa, seýik tutmaz» diýipdirler. Ugurragyndan gopmaly. Kaka Rejep bilen hoşlaşyp gapyny ýapan badyna onuň ýüzündäki şatlyk alamaty ýom-ýok boldy. Aýsoltan bilen özüne degişli bolan maşgala gürrüňleriň ýaýramagy keýpini gaçyrdy. «Ah, Aýsoltan, Aýsoltan» diýip ol hyrçyny dişledi... 3 Myrat Gözele garaşyp durka «Gözeli ýanyma mündürip, Garagumuň aňňat-aňňat çäge depelerinden uzalyp gidýän garaýol bilen ýük daşasam, ýoluň sowgutlarynda durup, ojar oduna gaýnaýan gara taňkaň çaýyny içsem» diýip arzuw etdi. Gözel peýda bolanda bolsa, onuň ýaňaklaryna aýasyny goýup: «Men seni ýanym bilen alyp gitmäge geldim, Gözel, ýüki düşürip gelýänçäm, taýýar bolup otur, çölüň gözelliklerini görkezjek! Ikimiz maşynda günümizi göreris, men sensiz oňup bilemok! Soňky gelip gidenimden bäri iki aý geçdi, düýşüme-de girdiň! Indi biz başgaça ýaşarys! Gyzymyzy hem ýanymyza alarys, eşidýärmiň?» diýdi. - «Eý, Hudaý, bulary eşitmek nähili ýakymly, nähili ejiz» diýip Gözel gözüniň ýaşyny süpürdi. - Boldy... Boldy... Goşlaryňy ýygnada mün maşyna! Iň, zerur zatlaryňy al! Galanlary üçin soň geleris. – Myrat meseläni gyssagly, aýak üstünde çözmek isledi. Gözel birden özüne gelen ýaly yza çekildi. – Men hiç ýere gidip biljek däl! - Näme üçin? – Bu jogap ony ýyldyrym uran ýaly etdi. – Kakam bilen gepleşdim. - Gitjek däl, bolany! Işimi taşlap bilmen! Onsoňam nirä? Seň bilen maşynda ýatyp turmak üçinmi? Gözeliň sözleri Myradyň gaharyny getirdi, birdenem «Iň gowy eşiklerini geýen bolsa Gözel nirädir bir ýere hyýallanýandyr» diýen pikir onuň köňlüni gaplap aldy. - Sen nirä gitmek üçin bezendiň? - Aýsoltanyň ýanynda oturyp gaýtjak! - Men gelemsoň joraň bolmaz! – Myrat Gözel özi bilen gitmejek bolup tapýan ýönekeýje «sebäbine» gulak asmady. – Häzir göni öýümize alyp gitjek, enem-atama görkezjek! «Kaka, eje, ine, meň gelnim!» diýip tanyşdyrjak. Ylalaşsak belki toýuň maslahatyny ederis! Nähili görýäň? - Men indi gelmersiň diýip pikir edipdim, Myrat! Sementli gürrüňi eşidip ýatyp bilmedim, beýtmezler ahyr, oglan! - Görşüň ýaly öňüňde durun!... Oh, saňa bir kiçijik sowgatjyk getiripdim. Maryt maşyndan kagyza dolangy bir zady alyp Gözele uzatdy. – Ine, şem getirdim. - Waý, enaýyda gyz, tüýs bize gerek zat, tok berýän dizelimiz öçüp dur. Onuň sözüni ýalançy etmejek bolýan ýaly çyra öçdi. – Gördüňmi, aýdanym dogry bolup çykandyr – Gözel hezil edip güldi. - Egninde şol bir keteniň, bäş ýyl ozalam geýýädiň! - Aý, hawa-da, alyp berip durlar, menem geýip ýörün! – diýip, Gözel ýylgyrdy. – Nähili ejeň, kakaň saglyklary, olardan habar tutýarmyň? - Baryp gaýdýan. - Maşgala, munuň özi seniň olara gerekligiň, olaryň hem saňa gerekligiňdir, ýagdaýyny tapsaň öýüňden habar tutup durmaly, başardygyňdan kömek etmeli! - Görýäň-ä, nirede bolýanymy, öýüne barmaga zar ahyr... Hany gürrüňi başga ýana çekip durmaly-la! Meň bilen gidýärmiň? - Myrat, ikimiz gowy maslahat etmeli! Düşünişmeli, ony beýdip gyssagara çözüp bolanok, seň çynyňmy, ýalanyňmy bilim bolanok, onsoňam, meni öňki masgara edeniň azmy? Ikimizi ykbal biriikdiripdir, birek-birekden gaçyp gitjek ýerimiz ýok! Indiki masgaraçylyga çydap biljek däl! Eger ýakyn wagtda aramyzdaky meseleleri çözmeseň, onda men kakaň, ejeň ýanyna barmaly borun! Näme süňk ýuwdan ýaly dursuň? Jogap Ber! - Mesele şeýle goýuljak bolsa men seni alyp gidip bilmen. - Ýaňy gideli diýip durduň, indem Myrat sen düşün, nikadan geçmedik çaga kimiň adyny götersin. Atasynyň ady soralsa näme jogap bereýin? Biz şu meseleleri çözmeli, şondan soň nirä gideli diýseň gitmäge razy. - Bolýa, ýük alyp gelýänçäm saňa jogabymy bereýin – diýip, ol gyssanmaç gidermen boldy. - Geldiň, taň etdiň, çaň içip git, dynç al! – diýip, Gözel ýalbardy. - Çaýam, naharam şundan – diýip, Myrat bokurdagyna elini ýetirdi. Gözi ýaşly Gözel onuň yzyndan garap galdy... | |
|
√ Köne mülk -11: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -30: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy - 31.05.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -14: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |