22:16 Bäşgyzyl -35: romanyň soňy | |
OTUZ BÄŞINJI BAŞ
Romanlar
1. Bu gün Bäşgyzylyň göçme obajygyndan gaz ýygnaýjy nokada barýan iki kilometrlik ýoluň ugry maşyndan ýaňa geçer ýaly däldi, daň atandan gaýda-gaýmalaşyk köpelipdi, al-ýaşyl geýinen gelin-gyzlaryň silkme telpekli, gyrmyzy donly ýaş ýigitleriň, ak sakgally ýaşulylardyr, işçileriň ýüzi şol nokada tarapdy. Sekiz asyrdan soň gojaman Tüni derýanyň Jeýhundan bölünip aýrylan golunyň ellinji kilometrliginde, heniz görülip eşidilmedik toý dabara başlanypdy. Bu topragyň özboluşly tebigaty bardy, her gün gün dogaýanda parahat ýaly bolsa-da, günorta ýakyn turýan şemal gyzgyn çägäni asmana göterip, ýer birlen asman tapyşana meňzeýärdi, edil iki ädimiňi saýgaryp bolmaýardy. Işçiler şeýle howada, depesi hyrly uçarlaryň «gonjak ýerleri bir görünermikä» diýip howatyrlanypdylar, emma, düýn säherden pessaýlan şemal «dabara arkaýyn geçirilsin» diýýän ýaly parahatdy. Bu tebigatyň beren peşgeşimi-kä ýa-da Allanyň gudratymyka? Bu dabara welaýatyň häkimleri, edara ýolbaşçylary, hökümet agzalary, daşary ýurt myhmanlary gelipdiler, Kaka Rejep gaz gurluşyk ministrleri bilen bu günki dabarany geçirmegiň tertibini maslahatlaşýardy. Gurbannepes, Mälik, Saparmyrat, Hydyr Haýran dagy hyrly uçaryň düşjek meýdançasyndan başlanýan ýoda haly düşekçelerini düşeýärdi. Hydyr düşekçäniň epinlerini yhlas bilen sypalaýar. Gurbannepes bolsa – Soltan Alp Arslandan «Sen ýurduňy nädip parahat saklaýaň?» diýip sorapdyrlar, ol «Gaharlansam adamlar meni köşeşdirýär, adamlar gaharlansa, men olary köşeşdirýän» diýip jogap beripdir. Onsoň neneň ony sylamajak! Kakam pahyr «Patyşaň, maşgalaň, ýoluň, malyň aladasyny etmek aýp zat däldir» diýerdi. Watanyň atalyk aladasyny çagalar hasam gowy düşünýärler, biz-ä, işimiz bilen başagaý bolup, o barada pikirem edemzok welin... Bir gün Maryda geçirilen baýramçylyklaryň birine gatnaşdym, iki oglumam ýanymda, obada sylanmaýan nakys adam degişen bolup «Hany aýt, birden seni häkimlige saýlasalar maňa nähili wezipe berjek?!» diýip, on ýaşly oglum Döwletmyratdan sorady, ol «Ýanymda maslahatçym bolarsyň» diýip jogap berdi. Onsoň, ol bu soragy on bäş ýaşly uly oglum Muhammetmyrada berdi, ol «Men Watan üçin janymy bermäge taýýar, häkim bol diýse bolaryn, ol bizsiz oňup biler, ýöne, biz onsuz oňup bilmeris» diýip jogap berdi. Ine, şu jogaba soňky on ýylda ösüp ýetişen nesillerimiziň hemmesem goşulýar. - Hawa, ol üýtgeşik adam – diýip, Hydyr Haýran jogap berdi. – Jenaýatçylary türmeden boşadanda ondan lezzet alýar, günä geçiş onuň abraýyny artdyrýar, öç alma puşmanyň ýaranydyr, juda gözden çykgynç iş edäýmeseler, hiç mahal hiç kimi jogapkärçilige çekjek bolup duranok... Eli açyklygyny aýt, raýatlaryna sowgat üstüne sowgat berýär. - Hydyr akga o diýenleň dogry-la. – Häliden bäri gürrüňi diňleýän Mälik söze goşuldy. – Göwnüme bolmasa aramyzda «Ojak başym sag bolsun, ilim-günim sil alsyn» diýýänleriň men-menlik edýänleň sany köpelýän ýaly. - Ol göwnüňedir inim, olaň ýek-tük bolmaklaram mümkin. Pespällikden hor bolan ýekeje adamy görkezip bilseňiz, men size men-menlik zerarly heläk bolan million adamy mysal getirip bereýin. Onlarça döwletden paç alyp, şalar-şasy bolup ýaşan beýik türkmen soltany Alp Arslan goluna düşen ganym duşmany ölüm jezasyna höküm edýär. - Her goluna, aýagyna at baglap dört para eýläň! Duşman ýöne duşman däl, duşmanlaryň hany ol – Sen namart, maňa mert ölümi hem rowa görmeýärsiň! – diýip, gygyrýar. Alp Arslan serkerdelerine ümläp, oňa ýarag berdirýär. Soltan gazaplanyp, gylyjyny syryp, duşman bilen gylyçlaşmaga ylgaýar, ýöne gazap gany beýnisine uran soltan çadyryň ýüpüne büdräp ýykylýar, şondan peýdalanyp, duşman oňa gylyç urup ýetişýär... Hekimler ony bejerip başlaýarlar, her kim namart duşmana gargaýar, şonda Alp Arslan – Bu emgegi duşmandan görüp oturmaň, bu emgek ýokardan geldi... Düýn holl alaňa çykanymda göwnüme men-menlik aralaşdy, giň dünýä sygman, ýaýrap ýatan ýygynymy, akly-gyzylly çadyrlarymy, ýigitlerimi synlap «Heý, Alla, ýedi yklymda meniň alnymdan çykybiljek patyşa barmydyr?» diýip, içimden öwündim. Bu bela şondan gelen bela! – diýipdir. Ine şeýdip, Alp Arslan men-menligiň näme eltýänligini örän ýerlikli ýekeje delil bilen subut edipdir – diýip, Hydyr Haýran sözüni soňlady... - Hany oglanlar, birneme tijeneliň! – Gurbannepes düşekleriň gatyny ýazmaga başlady. Meýdançadan barýan bu ýoda gaz ýygnaýjy, arassalaýjy nokadyň içi bile aýlanyp, gazyň hyrly kildinde gutarýardy, ministr ony açyp, geçirijiniň ugruna gaz goýbermelidi, ol Bäşgyzyl gaz käniniň işläp başlamagynyň subutnamasydy. Nokadyň haşamly howlusyna girilýän ýeriň sag böwründe murgaply aýdymçylyr, çep böwründe lebaply aýdymçylar durup, myhmany garşylamalydylar. Häzir toparlar üýşüp, aýtjak aýdymlaryny gaýtalap, taýýarlyk görýärdiler. Aýdymçylaryň köpüsi gelin-gyzlardy. Maryly toparyň ýolbaşçysy kellesine gyşyk tahýa geýen, ýüzi jojuga meňzeş, orta boýly eli kelte taýaklyja, şallaklap duran pyýada aýdymçylara zabun daraýardy, gyssaýardy, bir aýdymy köp gaýtaladýardy, şu gezeg-ä gowy boldy diýersiň welin ýok, oňa nämedir bir zady ýaranokdy, onsoň ýene-ýene gaýtaladýardy. Aýdym-sazdan azda-kände başy çykýan Gözel öňünde gara der bolup, bir zady köp gaýtaladýan, netijede, aýdymyň gyzygyny gaçyrýan adamy tanaýardy, ara birneme maý saljak boldumy, nämemi Gözel: - Daýy, ýüzüňiz salyk welin Aýgözel gelnejem çaý bermändir öýdýän! – diýip degişdi. Onuň aýalynyň maňňal ýaly burny, düýäňki ýaly dodaklary, ajan hamyra meňzeş ýüzi bardy, gözleri şully, ady Körgyzdy, ony tanaýanlar Gözeliň degişmesine «düşünip» gülüşdiler, emma ol göwni bir ýaly – Dogry, bulamakçymyň maýmyndan tapawudy ýok, ýöne, çagajyklarym bir enaýyja, hemmesem maňa meňzeş – diýip, güljekler gülenden soň, sözüni dowam etdi. – Men ekiztaýyň biri, adym Ylýas siziň öňüňizde masgarabazlyk edip durun, ekiztaýym Hydyr söwdagär, içi sowadyjyly jaýdan çykman gazanç edýär, ikimizem bir aýalyň garnyndan bir wagtda dünýä indik, Hydyryň peri ýaly aýaly bar, çagasy ýok, özem galmagalyň direktory. Ýeri bolýa, hany ýene gaýtalalyň! – diýip, ol elindäki taýajygyny çommaltdy. Gözel Aýsoltan bilen işden boş wagtlary täze aýdym döredip, taýýarlyk görüp şu güne ýetipdi, indem bu topraga aýagy düşmedik adamyň beýemsiräp oň döreden aýdymlaryna at dakyp, özüňe düzeden bolup oturmasyna näme diýjegini bilmedi, welaýat häkimliginiň wekili bolansoň oňa ýok diýýänem ýokdy. Garagumyň ortasynda iki welaýatyň serhedinde başlanan dabara gyzyp başlapdy, «aýal bezenmese, erkek öwünmese» iş bitmezligine uýýan Annamämmet bir ýerde duranokdy, ähli zady kemsiz ýerinde goýýardy, hat-da Serdara gowşurylmaly güllere çenli taýýarlap, tertipleşdirip goýupdy, Mämmet aga oňa «Dil bilýän nöker bal bilen şeker, dil bilmez nöker abraýyň döker» diýişleri ýaly, gör onuň guramaçylyk ukybyny, işini bal bilen şeker ýaly süýji, medeniýetli, gelşikli edýär – diýýärdi, Annamämmet birine «Agam, sen bu ýerde gyşaryp ýatmada maňa kömek et» diýse, olam «Inim, şun-a oňaraýdyň, ýatar ýalam däl, adamlar seni basgylap gitjekler» diýip kömekleşýärdi, çagalary üýşürip «Siz meni bagtly edesiňiz gelýän bolsa otugyçlary maşyndan çekişiň» diýýärdi, agzyndan ýeke hapa söz çykaýsa nädersiň! Hawa, ol şular ýaly dabarada, özüne erk edip bilýärdi, sözi bilen işleýärdi, adamlar oň sözüne gulak asýardylar. Gurt aýlanyp ýörkä çagalarynyň biri «Kaka, pul tapdym» diýip, oňa müňlük manat getirdi, Gurt puly gysymyna gysdy-da, içinden «Sen meň enem-atam, doganym, dostum, näçe ýol aşyp elime düşdüň, näçe şäherde bolduň, baý adamlary gedaý, gedaýlary baý etdiň, näçe zenany ýoldan çykardyň! Indi beýle işleri etmeziň ýaly men seni sandygyma taşlaryn, şol ýerden çykmarsyň, adamlary azara goýmarsyň» diýdi. Çagalary «Kaka buzgaýmak alyp beräý» diýse-de, «Bokurdagyňyz agyrar!» diýdi, aýaly welin ondan sorap durmady, çagalarynyň islän zadyny alyp berdi. Hawa, dabara kem-kemden gyzýardy, hormatly Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyň ýoluna garap adamlar belent çäge depelerine, alaňlaryna dyrmaşypdyrlar, käbiri diňe çykyndylar, welaýatyň iň tanalýan, sylanýan bagşylary aýdym aýdýardylar. Dabara uludan tutulýardy. Ol şeýle bolmalamdy, uzynlygy 91 kilometrlik ýokary basyşly, uly göwrümli gaz geçirijini belent çäge depeleriň üstünden gysga wagtda geçirmek, gaz ýygnaýjy we arassalaýjy nokady gurmak, öňki gaz guýylaryny özleşdirmek kiçi üstünlik däldi, eýsem, asmandan negada bolaýmasa nem dammaýan, geçmesi kyn çäge alaňlary öňde ýatarda, bu iş aňsat bolarmy, taslamada möhleti 22 aý bolsa, gurluşykçylar ony dokuz aýda, işi ugrukdyryp başlan günlerinden hasap etseň, ýedi aýda gurup gutarypdylar, heniz dünýä tejribesinde, taslama wagtyndan bir ýyl üç aý öň uly desgany gurnamak görlüp eşidilen zat däldi, beýle üstünlik diňe gurluşykçylaryň irginsiz zähmeti bilen amala aşdy. Dogry zada dogry diýmeli, Üçajy demir ýol duralgasynyň beýle ýükleri kabul etmäge hiç hili mümkinçiligi ýokdy, gysga möhletde gündelik gelýän 50-60 wagon ýükleri kabul edip, biler ýaly ony giňeltmek meselesini gysga möhletde çözmelidi, haýal-ýagallyga ýol berilse wagonlar ýoluň ähli ýerini baglajakdy, bu iňňän kyn, jogapkärli wezipeden şatlykly gurluşykçylar başarnykly baş alyp çykmany başardylar. Has dogrusy, Ruhnama aýyndan Bitaraplyk aýyna çenli Ukrainadan gelen 1525 wagon ýüki düşürmek, kebşirleýjileriň ýanyna çekmek, ondanam gaz käniniň geçjek ugruna daşamak ýaly diýseň ýokary guramçylygy talap edýän iş ýerine ýetirilipdi. Bu işiň esasy agramy «Marynebitgazgurluşyk» trestiniň ondaky işleýän hünärmenleriň boýnuna düşüpdi, örän gysga wagtyň içinde Soýuz döwründe kynlyk bilen işledilýän awtomat kebşirleýji enjamyň kadaly işlemegi ýola goýulypdy, gaz geçirijiniň geçjek ugruny tekizlemek, ýatmaly çukuryny kada gabat getirip gazmak, kebşirlemek, daşyny posdan goraýan örtgi bilen örtmek ýaly işleri amala aşyrypdylar. Hol alysda, ýerde-suwda emgenmeýän maşyn warryldap, «agzyndan» gara tüsse burugsadyp, ýaraly gaplaň ýaly çäge depesine dyrmaşdy, ondan düşen adam maşynyň depesine çykyp, töweregine ser saldy, bu Mämmet agady. Onuň güýçli maşynyna heder etdirýän bu çölde türkmeniň baýlygy ýatyrdy, ýer göwsünden ony çykarmak, daşary ýurtlara ýetirip, dostluk köprisini gurmak ýaş oglan-gyzlaryň bilimlerine, irginsiz zähmetlerine baglydy. Gaz gurluşykçylar daşary ýurdy şärikli etmän, gazyň çykarylyşyny kem-kemden artdyrmakda janlaryny gaýgyrmandylar, öňde, gaz çykarylyşyny ýüz milliarda ýetirmek ýaly jogapkärli, kyn mesele durýardy, ýokarky ýaly kynçylyklary ýeňip bilýän oglanlaryň, ol işiň hötdesinden geljekdiklerine şübhesiz ynansa boljakdy. Bu dabara trestiň baş hasapçysy Juma Anna hem çagalary bilen gelipdi, mydama gözleri gülüp duran, orta boýly, 35-40 ýaşlaryndaky bu ýigit iki üç aýyň içinde trestiň ähli hasap işini kompýuterleriň üsti bilen amala aşyrmagy ýola goýupdy. Adamyň beýnisinde iki sany gudrat bar, biri ýat tutmak, beýlekisi pikir etmekdir, Soýuz döwründe çagalara at tutmak arkaly bilim öwredildi, ýokary bilim alanlary durmuşda yzdy süýrenýänleriň hataryna goşuldy. Indi ýat tutmak işini kompýuterlere berip, işgärleriň pikir ediş ukybyny artdyrmagyň üstünde işlemek zerurlygy ýüze çykypdy. Juma, hasap işinde hut şondanam başlady, özbaşdak pikirlenip bilýän, işiň täze ugurlaryny gözleýän, sowatly ýaşlary ýetişdirmegiň ugruna çykdy, türkmen döwletini iň ösen ýurtlaryň hataryna goşjak bolsaň, türkmeni Altyn asyrda ýaşatjak bolsaň, hut şeýle hem etmelidi. Oňa başga ýol ýokdy. Sil suwy ýaly akym herekede geldi, admlar haly ýazylan ýodaň iki gyrasyna ýygnandylar, Gurbannepes ýodaň çep gyrasyndaky boş ýere, duranlaryň gapdalyna bardy, emma kimdir biri «gurluşykçylar sag tarapda hatar durmaly» diýen görkezme berdi, oňa geçilende ol iliň yzynda, hataryň soňuna düşdi duruberdi. Ministri garşylamak üçin ýaşulylar topary meýdança bardylar. Olaryň ýanynda elleri ter gülli dokuz ýaşlaryndaky iki oglan bardy, ikisiniňem ady Myratdy, ol çagalar dokuz ýyl ozal başlanan ilkinji goňşyokara baýramçylyk günleri dünýä inipdiler, indem gül desseleri bilen toýa gelipdiler. - Gelýär... Gelýär... Uçarlar göründi – diýip, kimdir biri seslendi. Onýança üç uçar gelip ýetdi, ikisi beýleräkde, biri meýdançada gondy, ondan ministr ýylgyryp düşdi-de: «Ýaşulylar, salawmaleýkim!» diýip, olar bilen gadyrly görüşdi, hal ýagdaýyny soraşdyrdy, nireden gelip nirä barýanlygyny aýtdy, çagalaryň gül desselerini, gutlaglaryny diňläp, haly düşekçe bilen ýöräp gaýtdy. Ol maryly, lebaply aýdymçylara sag bolsun aýtdy, sylag gowşurdy, soň ýaňky gyzjagazyň gutlagyny kabul edip, gurluşykçylaryň ýanyna geldi, elleşip çykdy, Gurbannepes bilen iň soňunda elleşdi-de, onuň, güne ýanan elini silkip «hakyky işçiniň eli şeýle bolmaly» diýdi, soňra nurly ýüzüni has-da nurlandyryp: - Eziz adamlar! Gaz gurluşygynyň gerçekleri, siz uly üstünlik gazandyňyz, bu bütin halkyň üstünligidir. Men muňa guwanýaryn. Jöwzaly yssyda, aňzak sowukda, ýadaman-ýaltanman zähmet çekdiňiz, 61 million dollarlyk işi gysga möhletde, ýokary hilli ýerine ýetirdiňiz, şoňa ýene bir gezek sag bolsun diýýärin. Biziň daşary çykarýan harydymyzyň bahasy getirýän çig malyň bahasyndan bir milliard dollarlyk artdy, munuň özi döwletimiziň gülläp ösýänliginiň alamatydyr. Siz, daşary ýurtlar bilen doganlyk dostlugyň ýokary nusgasyny görkezdiňiz, Ukraina bize gaz geçirijileri ugratdy, siz ony gysga möhletde kebşirlediňiz, netijede iki döwlet ykdysady ýagdaýyny gowulandyrmak ugrunda, gol-gola berip zähmet çekdi. Biz ýurt ykbaly baradaky meseleleri çözmeli bolsak, ýaşulylara ýüzlenýäris, däp-dessurymyzy döwlet syýasaty derejesine göterdik. Beýik bolmagy höwes edýän kändir, ýöne, şoňa ýetmek kyndyr. Gadyrly ýaşlar Ata Watany, ene topragy, gözüň göreji ýaly goramak, ykdysady kuwwatyny artdyrmak siziň borjuňyzdyr. Ata Watan siziňkidir, «gudraty görjekler ýurduma gelsin» diýip, kalbyňyz ganatly, köňlüňiz rahat zähmet çekiň, özüňize ynamyňyz bolsun, özüňizi söýüň, adam özüni söýmese durmuşyň gadyry bolmaz. Geçmişde ata-babalar bizi ýedi yklyma tanatdy, kimde türkmen gany akýan bolsa Watany gözüniň göreji ýaly görsün, ody bilen girip, küli bilen çyksyn, bu her bir ýaş nesliň borjudyr. Agzybirlik bar ýerinde ruhybelentlik bolar, ruhybelentlik bar ýerinde jebislik bolar, jebislik bar ýerinde abadançylyk bolar, abadançylyk bar ýerinde parahatlyk höküm sürer. Gyzyldan gymmatly şu bäş sütüniň gadyryny biliň! Gadyrly gurluşykçylar! Biziň wezipämiz on ýylyň içinde türkmen gazyny 100 milliard kuba ýetirmekdir, muny diňe öz güýjümize daýanyp etmeli, daşary ýurtlular siziň, ýokary hünärmenligiňizi bilýärler. Siz beýleki ýataklaram özleşdirip, işläp bilýändigiňizi subut ediň, Türkmenistan-Ýewropa gaz geçirijisine öňler «Buhara-Ural» diýýärdiler, onda Türkmenistanyň ady ýokdy. Şu gün maňa «bir günde 70 müň tonna däne ýygnaldy» diýip habar berdiler, togsanynjy ýyllarda ony bir ýylda alýardyk, ine, biziň gadamlarymyzyň bady şeýle bolmalydyr. Indi, gazy siz çekersiňiz, gurluşygyny siz alyp bararsyňyz, siz gaz gurluşygynda dünýä ylmynyň ähli gazananlaryny ulanmagy başarýarsyňyz! Zähmetiňize bereket! – diýip, ministr gysgajyk söz sözledi. Gurluşykçylar onuň sözüni uly şowhun, dowamly çapak çalma bilen garşyladylar. Ministr gaz geçirijiniň gazyny ilkinji bolup açdy, Bäşgyzyl gaz känine «Garaşsyzlygyň on ýyllygy» gaz käni diýen ady berdi, soň asmanda lowlaýan alowa bakyp: «Bu bir gudrat! Bu türkmeniň ýüreginden çykýan ýalyna meňzeş! Bu bir gudrat!» diýip joşgunly seslendi, dumly-duşdan «Halk, Watan mizemezdir», «Watana şöhrat!» , «Gazçylara şöhrat!» diýýän sesler çykdy, bu joşgun gurluşykçylaryň göwnüni göterdi, işe bolan hyjuwlaryny artdyrdy. Hakykatdanam, türkmeniň ýüreginiň oduna meňzäp lowlaýan gazyň altyn çoguna gözüň düşende tolgunman durmak mümkin däldi. Bu baýlyk türkmeni belende göterýän, baýlykdy! Indi türkmeniň öz ýoly bar, bu ýol öň dünýäni eýelän Türk han, Oguz han, Çagry beg, Togrul beg, Alp Arslan, Mälik şa, Soltan Sanjar ýaly türkmen gerçekleriniň ýoludyr, biz ony dowam etdirýäris we kämilleşdirýäris! Ministr gurluşykçylar bilen mähirli hoşlaşyp gidenden soňam, toýuň dabarasy dowam etdi. Ýaşlar Artygyň dabaradan galan täsiri esasynda dörän goşgularyny diňlediler. Soň Gözel goşgy okady: Ot çöpli, mal janly, gözel tebigat, Gül-gunça serpaýyn geýipdir bu gün. Bäşgyzyl mekanyň her daban ýeri, Şa gadamy düşdi diýip dur bu gün. Şa gadamy düşen ýerde bagt bar, Şa gadamy joşgun berer billere. Ruhnamadyp meň ýolumyň çyrasy, Nur paýlaýar ähli ulus-illere... Goşgy okaýanlaryň aňry ýanynda Sakarçägeli bagşy Baýram Orazalynyň şirin sazlary göwnüni ganatlandyrýardy, oňa Baýram bagşam diýerdiler, uzyn boýly, süňklek, etli ganly, gözleri gögümtil, barmaklary Şükür bagşyňky ýaly uzyn, sypaýy Baýram bagşy häzir Watana bagyşlap düzen sazynyň sözlerini kagyza geçirjek bolup garabaşyna gaýdy. Onuň saza bolan höwesi edil dünýägaraýşy ýaly giňdi, çäksizdi, on ýaşynda ähli gaz gurallary çalmany öwrendi, öwreden ýa okadan bolmandy, haýsy guraly çalsa-da, bäş barmagynam oýnatdy, özem dünýäni unudyp, sazyň öýdümlerine özüçe gelşikli öwüşginleri berip çaldy, kyýamat gopsa-da ünsüni sowman Durdy kör ýaly şirin çaldy, halk heňleri ýatlananda dagy gözleriniň owasynda ýaş göründi. Hudaýtarapyn tebigy gudraty bolsa-da sadadan, ýumşakdy, ynanjaňdy, geçirimligi, ulumsylyk, tekepbirlik ýatdy, sähelçe zada-da monça bolardy, başaryp bilse hiç kimi nägile etmejek bolardy, wezipe ýa baýlyga-garyplyga seretmezdi! Pukaralara, ýetim-ýesirlere ynsaply, durumsyzdy, adamlaryň tabyny tapmaga ökdedi, gönümelligi sebäpli welin köp dabaralardan galdyrylýardy. Bu günem dabara çagyrylmandy, şonda-da «Ministri garşylamaga gelen adamlaryň göwnüni awlaýyn» diýip, öz maşyny, gurallary bilen uzak ýol geçip gelipdi. Bu şirin saz, ministr uçardan düşen badyna onuň kalbynda peýda bolupdy, ony şobada kagyza geçiripdi, halkyň joşguny bolsa saza jemleme beripdi, indem, çäksiz zehinine daýanyp, suw içim salymda «Watanym» diýen goşgyny döredip, saza goşup, mylaýymdan pessaý sesi bilen aýdyma başlady. Sen beýik dagsyn, Başy howaly. Miweli bagsyň, Köpdür sogaby. Düýpsiz umman sen, Duran bir gudrat. Çyrpynýan gomlar, Misli bedew at. Şirin mukam sen, Kalplara ganat. Joşgun ýürekler, Tapýar kanagat. Tereň derýa sen, Çyrpynyp akýan. Düňle çölleri, Bol suwa ýakýan. Ajap haly sen, Älem gerilen. Nepis gölleňde, Dünýä görüner. Nurly kuýaş sen, Mähirden doly. Ýiti ýalkymyň, Ýagtyldýar ýoly. Äpet dünýä sen, Haýrana goýan. Ähli ynsany, Ýürekden söýen. Merdiň merdi sen, Paýhas ojagy. Kalbyň göýäki, Enäň gujagy. Gözel keşbiňi Söýdüm aşa men, Baky dünýäde Baky ýaşa sen! Bu şirin owaza tolgunan Gurbannepes gözüniň owasyny ýaşdan dolduran Baýram bagşyny gujaklady, guwançly nazaryny deňiz ýaly tolkun atýan adamlara dikdi. Bäş sütüni – Agzybirlik, Ruhybelentlik, Jebislik, Abadançylyk, Parahatçylyk diýen ýazgyly bäş sütüni asmana göterildi. Gurbannepes üçin olar bäş tokga gyzyldan gymmatlydy, hut şu bäş sütün bu günki ajaýyp ýeňşiň baş sütünleridi. Bäş sütün bäş gyzyldy. - 2 - Bu günki dabara gatnaşan Baýram aga sygyrlaryny iýmläp, kepbesiniň gapdalynda çaý içip otyrdy, sorkullaýan aýagyna daş asylan ýalydy, sorkullamaz ýaly boldumy näme? Bug ün olam gaz ýatagyň açylyş dabarasyna gelen ministri gördi, diňe bir görmek däl, ogly Çary, gelni Täzegül bilen bir hatarda durup, onuň salamlaşmak üçin uzadan ýumşajyk elini gysdy. Hawa, ol radioda sesini, telegörnüşde, mähriban keşbini ýakymly sesini eşidýärdi, hut özi bilen elleşip görüşerin diýip gümanam etmeýärdi... Bäşgyzyl gaz käniniň ýagnaýjy we sowadyjy desgasynda bu gün uly toý-dabara bolupdy, «Watana şöhrat», “Gurluşykçylara şöhrat” ýazgylary, ähli türkmen halky, şol sanda Baýram aga üçin ýürege ýakyn, eziz ýazgylary, her ädimde görse bolýardy, diňe bir görmek däl, şol ýere ýygnanan bäş müňe ýakyn adamyň hemmesiniň dilinde eşidilýärdi, şu gün Baýram aga ömründe ilkinji gezek çuňňur tolgunmany başyndan geçirdi, Mähriban Serdaryň agzyndan çykan sözi gulagy bilen eşitdi, görüşdi. Bu gün nebitdagyň nebitçisi, lebabyň pagtaçysy, daşoguzyň şalyçysy, ahalyň däneçisi, Maryň maldary etraplarynyň adyndan ýürek joşgunlaryny bildirmek üçin bu ýere gelipdiler, toý lybasyna beslenen, döşlerini Garaşsyz Türkmenistanyň ordendir-medallary bezeýän adamlaryň ýüzlerinde uly joşgun, begenç, guwanç duýgulary bardy, güne ýanan ýüzlerde, ýarçyk-ýarçyk ellerde, halal zähmediň yzlary bardy. Baýram aganyň ýüreginde has-da ýer alan, ýadynda çuňňur galan bir söz, Ministriň «Alowyň ody türkmeniň ýüregine meňzeýär» diýmesi boldy, häzir ol muny aňynda saldarlap görýär welin onda hakykatyň aýdyň ýoluny, görýär. Bu duşuşyk ýöne bir dabara bolman, eýsem bäş sütüniň birleşmesiniň dabarasy boldy, ol bäş sütün bäş tokga gyzyldan gymmatlydyr. Indi her bir adama, daşary ýurtly myhmanlara hem aýdyň, düşnükli hakykat bar – biziň ýurdumyzda düýpli özgermeler bolup geçdi, ýurt gün saýyn däl, sagatsaýyn, minutsaýyn üýtgedi. Ýolbaşçyň islegi köpçüligiň erk-islegine, millilik hamyryna ýugrulan ägirt uly ruhy galkynyşa gabat geldi-de bir göwrä sepleşip ýokary güýje öwrüldi, halkyň bagtly ýaşamagy – onuň aladalarynyň özenini düzýär. Käte, Türkmenistanyň ösüşleri baradaky sanlary diňleýärsiň, dünýäde birinji oruna çykanlygyna guwanýarsyň, emma her sany eşideniňden şol sanyň halal zähmet bilen döreýşini öz gözüň bilen görseň, düýbünden başga duýgulara gaplanýar ekeniň... Baýram agaň bu günki görenleri bir güne, aýa, ýyla däl, ömrüniň ahyryna çenli ýatlap ýörmäge ýetjekdi... Neneň ýetmesin! Ol bu gün gaz gurluşykçylaryň halal zähmetlerinden dörän gözelligi, jöwzaly çölüň içinde ertekilerde suratlandyrylýan görnüşleri ýatladýan desgalary gördi, diňe bir görmek däl, içinde gezdi, eli bilen elläp gördi, şondan hut şu desgaň şol ösüş barada aýdylýan sanlara degişlidigine, şoň bir subutnamasydygyna düşündi... Uzakly günki dabarada bolansoň hakykatdanam onuň aýagy sorkullaýardy, şonda-da çaý içip mal ýatagyň töweregine aýlandy, soňky günlerde hasam iki üç aýyň içinde Alabaýa bir zat bolupdy, gije gürüm-jürüm bolýardy, tapjak gümanyň ýokdy, her kim-ä «garawul bolsun, mal gara göz gulak bolsun» diýip it saklaýardy, Garagulakdan goranjakdy, ol bolsa gije gidip, gündiz peýda bolardy, ganjyk bardyr diýseň bu jelegaýlarda it ýokdy, möjekler bilen sepleşendir diýseň ýala döwri däldi, onsoň nirä gidýär, näme edýär bilip bolanokdy. Baýram aga mallaryň daşyna aýlandy, alaňa çykyp, töweregine ser saldy. Garaňkylykda hol alyslardan, Şatlyk- Bäşgyzyl gara ýolunyň geçýän ugrundan ýagtylyk görünýärdi, maşynlaryň çyrasydyr diýseň ol däldi, ýagtylyk çyraň beýlekiň çakyndan ýokarydy, kiçeňräjik şäheriň çyrasyna çalym edýärdi. Baýram aga howsala düşüp, ýadawlygy üçin irgözinden ýerine giren Çaryny turuzdy. Olar iki bolup ýagtylyga syn etdiler. - Kaka ota ot düşendir, şu gün dabara gelen myhmanlaryň köpüsi dynç almak, çaý nahar üçin gara ýoluň iki gyrasyna siňdiler. Belki çüýşe döwüge günüň şöhlesi düşüp otlanandyr. Haýal etmän barlamaly. - Oglum menem şony pikir edipdim, bol hany, biliňe bir çüýşe suwy gysdyr, kisäňe döwüm çörek al, birki sany köne haltanam al, gideli, ody söndürmäge. Baýram aga aýagynyň agyrysyny ýadyndan çykaryp, eýýäm haçan ol alysdaky alaňa dyrmaşyp barýardy, «gündiz azaşsaň tüssä bar, gije azaşsaň oda» diýlenini edip. Bu ýylyň bahary ýagynly bolup, otlar dyza ýetipdi, Magtymguly aýynyň aýaklarynda dörän jöwza çöl otlaryny guradypdy, indi çala bir zat bolsa ýanjak boluşyp durdylar. «Hudaý gün berse şemal iki» bolan çölde soňky günüň içinde Hudaýyň gudraty bilen ýekeje öwüsgin ýokdy, eger ot ýanan bolsa-da onçakly daşa ýaýran bolmaly däldi. Waka edil Çaryň aýdyşy ýaly, Baýram agaň göz öňüne getirişi ýaly bolup çykdy, çüýşeden dörän ýangyn köp meýdany öz içine alyp ýuwaş-ýuwaşdan töweregine ýaýrap gidip barýardy. Baýram aga köne haltaň bir ujuny elline orady-da, ýangyny söndürip başlady. Halta bilen urarsyň, aýaklaryň bilen depgilärsiň, şeýdip gider oturarsyň... Olar bir sagat, iki sagat, üç sagat hars urup işlediler, indi oduň serhetleri görnüp başlapdy. Baýram aga, ýykylman zordan saklanýanam bolsa özüne basalyk edip, Alladan şemal turuzmazlygy sorady: - Çaryjan, tur oglum, ýene bir salym haýdasak yzyndan ýetýäs bu belaň diýdi. Hawa, olar sagat ýarym işlediler, Baýram aga ahyryn ýykyldy, Çary bolsa galan ýeri söndürip, şol ýerde bagryny ýere berdi. Her halda Çary ýaş ýigitdi, ýarym sagatdan turup, kakasynyň ýanyna geldi, Baýram agaň indi azajyk geplemäge mejaly bardy. - Söndürdiňmi, oglum! – diýip, ol ysgynsyz sorady. - Hawa, kaka! Bolsa-da wagtynda dynaýypdyrys, şemal turdy: - diýip, Çary gap-gara ýüzünden akýan deri köýneginiň etegi bilen syldy. - Ody söndüren bolsaň bolýa... Indi şemal gorkuly däl. - Kaka, ýör gideli, daň atyp gelýär. - Oglum, sen gidiber, men biraz ýatyp demimi dürseýän, bir ýerde uçgun, beýleki galan bolaýmasyn, gowy gözümi ýetirip soň bararyn, namaz wagtymam geçip gitdi, menem bu gün «Namaz işi bitir, iş namazy ýitir» diýleni boldy. Baýram aga her hili yslar bilen bark urýan gury ýaz otlarynyň içinde ýatdy. Soň «Uçgundan ot dörän bolaýmasyn» diýip töweregine seretdi. Oduň geçen ýeri gara zolaga bürenip, gorkunç bir gara boşlugy ýadyna düşürýärdi, misli bir gara deşik ýalydy. Baýram aga umumanam gara zady halanokdy, ýok ýanan ýeriň garalygy üçinem däldi, ol ýigrimi ýaşyna ýetýänçä her gije erbet düýş görüpdi, şonda ruhy aşakda gaýyp ýören jesedine, adamlary özüne çekýän gara deşige gitmejek bolup, iki elini, aýagyny galgadyşyny gördi, gitmejek bolsa-da, gara deşik sorup barýardy, ahyrym janhowluna özüniň köp sanly dogan-garyndaşlarynyň, dost-ýarlarynyň biriniň adyny tutup gygyraňda ady tutulanyň eli gara deşigiň edil agzyndan çekip alyp ony halas edýärdi. Şondan soň Baýram aga dere batyp oýanýardy, asyl ýüreginde kemi bolup, şeýle ýagdaýa düşýär ekeni, bejergi alanyndan soň düýşler galypdy, ýöne bir zada ol gözüni ýetiripdi, «kimiň garyndaşy ogly-gyzy, dost-ýary köp bolsa, ömrüň uzalarmyş, kim ýeke bolsa ömri gysgalarmyşyn» diýişi ýaly sözüň hakykylygyna ol düýşi boýunça gözüni ýetiripdi, ýakynlaryň köplük ýagdaýynda gyssanan wagtyň kimem bolsa biriniň ady ýadyna düşüp gygyrsyn, şolam seni gara deminden çekip çykarardy. Baýram aga düýşündäki gara deşige meňzäp ýatan garalyga seredip ep-esli oturdy... Indiki ýyl şu gara ýerde, traktorlaryň, tekizlän, ýap gazan ýerlerinde gaz geçirijileriň geçen ugrunda, ýolsakçynyň, baýbo duranyň, Jerebaýyň, çeňňeliniň, gum selmeleriniň, keýikokaralarynyň hiç bir otuň bitmejekligini, ýeriň edil öli ýaly boljakdygyny bilip gynandy, belki arly tomsuň dowamynda sazagyň, sözeniň, ýylgynyň tohumlary şemala gaýyp, tümmekleriň birinde galar, indiki ýylam gögerip çykar, ýanan otlar welin birnäçe ýyllap gara bermezler... Baýram aga ýene bir gezek töweregine göz aýlady, gelen ugruna seretse, bir ýalpyldy çykan ýaly boldy, turup şol tarapa gadam basdy, görünýän uçgun onuň özüne garşy gelýän ýalydy, käte ýitip, käte görünip gelýän ýalydy. Baýram aga elindäki haltany galgadyp «Ehe-heý» diýip gygyrdy, ýaňky Goşa uçgun ugruny üýtgetdi duruberdi, olam şol ugur boýunça gitdi, uçgun ondan daşlaşdygyça daň atyp, älem jahan ýagtyldy. Indi ýaňky uçgunjyk käte bir görnüp, görnüp oň öňünden gaçyp barýan ýalydy... Şemal güýçlendi, ýere degäýjek bolýan gara bulutlar günbatardan gündogara ýörüş edýärdi, ýabany gumrylaryň bir topary edil öňdäki depeden göterildiler. Baýram aga, şu ýerde bir kiçijik tümmejigiň üstünde çökdi-de aýagyndaky ädigini çykardy, düýrlenen dolaklaryny kakdy, aýaklaryny sypalady, birdenem ýaňky uçgun görnüp giden ýaly tisgindi... Onuň edil kyrk-elli ädim öňünde ýere bagryny berip Garagulak ýatyrdy, Baýram aga gözi düşen badyna ony tanady, hawa, bir ýyldan bäri şu töwerekde aýlanýanlygyny, mala-zada azary ýetmän, gaýtam, peýda bolanyndan soň möjekleriň seýrekläp ugrandygyny bilýärdi. Ýöne, pete-pet duşaryn diýip pikir etmändi, gaty bir gorkmasa-da, turup gidibermäge bogny ysmady, birnäçe wagtdan soň edil şol ýerden ýene bir uçgun peýda boldy, seretse, Alabaý ýüzün salyp gelýär. - Alabaý! Alabaý, gel bärik! – diýip, Baýram aga gygyrdy. Alabaý bir bada saklandy, çyňsady, gaýdyp gelşine Baýram agaň üstüne özüni oklady, Baýram aga onuň güýçli aýaklarynyň zarbyna tas ýykylypdy, her zatda bolsak saklanyp Alabaýyň mähnet kellesini sypalady. Alabaý agzyndaky süňkleri taşlap, Baýram agaň dolaklaryny, ýalaňaç aýaklaryny, eşigini ysgaşdyryp eýesiniň mährinden gandy, soňam liňk-liňk edip Garagulagyň ýanyna bardy-da, törpi ýaly dili bilen onuň ýüzündäki ýarany ýalap başlady. Garagulak ondan lezzet alýan ýaly guýrugyny bulaýardy... Gör, Alabaý nirä ýitirim bolýar ekeni... Baýram aga bu görnüşe seredip otyrdy, öl-myžžyk bolan köýnegi şemala guraýança oturdy, dabanyna welin ýeriň ýylysy ýaýrapdy... Lember-lember bulutlaryň aňrysyndan Gün dogup gelýärdi... Romanyň soňy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -3: romanyň dowamy - 12.09.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -12: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -12: romanyň dowamy - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |