09:40 Bäşgyzyl -30: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI DOKUZYNJY BAŞ
Romanlar
1. Säherde obaň horazlary gygyryp bolansoňlar, Hydyr Haýranyň ýekeje towugy düýe ýatagyň eýgenegine mündi-de, boýnuny süýndirip käkeledi. Hut horaz ýaly käkelemese-de, garaz, şoňa meňzeşräk, bokurdagy bogulan dek sesiniň soňuny hyrrylda öwürdi. Düýesini sagyp oturan Parowbibi öwrülip: - Tok, häk, haram ölmüş diýsäni! Seňki näme? – diýip käýindi. Towuk oturşyny üýtgetmän, ýene-de öňküsini gaýtalady. - Muňa seretsene! – Parowbibi turdy-da, ýatan kesegi alyp zybyrdadyp zyňdy. – Eje! Aýu, eje! Aýak ýolundan gelýän garryny görüp: - Eje eşitdiňmi, towugmyz horaz bolan bolýar! – diýdi. - Gygyryplar ötsün-le! – garry elini salgap jaýa ýöneldi. - Eý, Hudaý! – Parowbibi gaharlandy, beýdip dursa gowulygyň alamaty däl! Gaýyn enem pahyr «Towuk haýsy tarapa seredip gygyrsa bela şondan geler» diýerdi... Muny öldürmesek bolmaz! Eje, Halmyrady çagyr, goý munuň kellesini kessin! Jaýa girip barýan garry yzyna dolanyp goňşulara tarap gitdi. Basym otuz ýaşlaryndaky daýaw, görmegeý ýigit, eli paltaly geldi. Towuk ussatlygyny görkezjek bolýan ýaly edil onuň alkymynda käkeledi. - Her hili geň zatlary gördüm, towugyň horaz bolup gygyranyny birinji gezek eşidýän, gelneje! – Halmyrat geň galyp Parowbibä seretdi. – Siziň mallaryňyz üýtgeşik, düýäňiziň çep böwri gara tegmilli, sygryňyz haly, towugyňyz horaz bolup käkeleýär. - Halmyrat, tutda kes, kellesini, gazana gaçasy gelendir o haram ölmüşiň! - Gelneje, ýekeje towuk, munam ýok edäýjekmi? - Ýok edäýjek! Hurşumyzam gutardy, goňşy! Halmyrat öwrülen ýaly etdi-de, bir bökende towugyň aýagyndan ýapyşdy, janly soýulýan ýerde palta bilen kellesini çapyp Parowbibiniň taýýarlar goýan tagarasyna taşlady. - Gelneje, Hydyr akga işdemidir? - Agaň öňňünki gidişi, birneme eglense gerek! - Öýde az bolýar öýdýän! - Şeýle-dä, goňşy! Şu işiňi taşla, rysgaly beýdip ylgap gazanyp bolmaz diýdim, edenok! - Etmez, tüýs işine berlen adam-da! - Taňryýalkasyn goňşy! Öýe gir, çaý iç, häzir palow etjek! - Ýok, gelneje «Goňşy aşy göwün hoşy» diýselerem potradyma suw tutmaga gitmeli! – diýip, Halmyrat öýüne gaýtdy. Parowbibi düýe çal tutýan gorküýzesini arassalap, içine gor guýdy-da, bedresindäki süýdi agdardy, üstüni Hydyryň köne çäkmeni bilen basyrdy, soň mallaryň ýataklaryny arassalady, ot-iýmlerini berip, towugyň daşyna geçdi. Parowbibiň uluja gyzy Selbi ýedinji synpda okaýardy, okuwa höwesek däldi, belki ulalansoň gerekdigini biler-dä diýip ejesi ony öý işlerinde, Kir ýuwmakda, nahar etmekde, haly dokamakda ulanýardy. Birneme ýamanrak bolup, ejesiniň gaňryşyna gaýtsa-da, mamasynyň diýeninden çykanokdy. Ine, häzirem ol öýden çykyp, elini-ýüzüni ýuwdy-da, nahar atarmak üçin gazany ýuwmaga başlady. - A gyz, irräjik turarlar ahyryn, tä aýdylýança ýatylar oguşýa! Bol çaltrak, gaýnag suw getir, bu hazanyň tüýi ütülenok! - Eje, men-ä gazany ýuwýan! Suwy özüň alaýsana! - Bar, getir diýýän! Men turup durmaýyn... Bol ahyr, heý dogman geçen! - Eje, saňa meni dogur diýip haýyş etdimmi, edemok! Indem dogman geçen diýip agzyňa alyp ýörme! – Selbi ýok diýse-de, gazany taşlap gaýnap duran çäýnegi ejesiniň ýanynda goýdy. - Gyzym, şeýdip ejeňize kömek edersiňiz, soň potratda, maldarçylykda işläp önüm öndürersiňiz diýip sizi dünýä inderdim! Ogul bolsa kakasyna kömek eder, Watanyny gorar, gyz ejesine kömek eder. - Eje Watan goramak üçin ogul ýetişdireňok, ýetişdireňde-de gadryň biliner öýdemok. - Waý, toba, toba, bulary saňa kim aýtdy, gyz?! - Özümden bilýän! - Ýalan sözleme, seň tapjak zatlaň däl, bular! - Muhammet daýym ho gün gelende şeý diýdi. - Häk, şol daýyň bar bolsun, seniň! Agzyna gelenini sarnap ýör, çaga beýleki diýmän! Döwlet biziň gazymyzy, çyramyzy, duzumyzy mugt etdi, munuň özi kömek dälmi? Bar gitde jigileriňi turuz, çaltrak nan-çaýlaryny iýip, okuwlaryna ugrasynlar! Seň-kä öýländedir! - Hawa. – Selbi ýerinden turup öýe girdi. Selbiden kiçisi Enegül bäşinji synpda, Sonagül dördünji, Aýgül üçünji synpda okaýardy, Aýgül öýde jigilerine seredýärdi, mallara ot dökýärdi, düýeleri sürä goşýardy, sürüden getirýärdi. Birinji synpda okaýan Üzümgül dört aýda dört harp öwrenipdi, ýüze çenli sanap bilýär, galanlarynam öwrenjek diýýär, özem edil Selbigül ýaly ejesinden kakasyny gowy görýär, gije kakasynyň ýanynda ýatýar, bet däl, ýöne, öýe bir zat getirilse, isle iýmit ýa iýmiş bolsun, öňürti oňa berilmese öýkeläp aglaýar, soň beýlekilerden iki esse artyk zat berip goýdurmaly bolýar. Nargül üç ýaşyna gidipdi, Parowbibi çaga gowy bolýar diýip häzirem emdirýärdi, Nargüliň emzigi ýakasynda, şol bolmasa uklajak gümany ýok! Gaty bir aglak däl, ejesi-kakasy bir ýere gidäýse menem gitjek diýenok! Ýatanda ejesiniň ýanynda ýatýar, beýleki wagtlar çagalar bilen ýa-da mamasy bilen mallaryň ýanynda gyrmyllap ýörendir, iň körpe Orazgüljik heniz kiçijik. Parowbibi çagalaryny ýeke özi terbiýeleýär diýen ýaly. Işi köp bolansoň Hydyr Haýranyň oňa eli degenokdy, ýogsam olaryň okaýşyny, sapaklaryna ýetişigini, kynçylyklardan baş alyp çykyşyny barlap dursa gowy boljakdy. Dogry, gyz maşgalanyňky ejesi bilendi, ýöne ene mährem gerekdir welin, gyzlara ata mähri hem gerek ekeni. Ata-ene mährini bilelikde çaga siňdirmek gerek. Hydyr Haýran gyzlarynyň birine hem gaty-gaýrym söz aýtmaz, depesine münüp dursalaram aýryl diýmezdi. Parowbibi «Sen çagalary başyňa çykarýaň» diýip igenýär, Hydyr bolsa «Çagalaryň ýanynda maňa beýle zat dýime!» diýýär, iki gün bolup işe gidende «Eger ejeňiziň diýenini etmeseňiz, erbet käýýärin, towşanjykdan gaty nan, süýji getirip bermen!» diýip çagalara sargaýar. Umuman ol çagany urup ýa sögüp däl-de, diňe soýüp diýenini etdirmeli diýen ýörelgeden ugur alýar. Hydyr Haýran ikindinara öýüne gelende çagalar gapyň öňündäki çägede gurjak oýnaşyp otyrdylar. Kakalaryna gözleri düşensoň, oýunlaryny taşlap onuň üstüne özlerini okladylar, Aýgül gelşine kakasynyň boýnuna mündi, Üzümgül bilen Sonagül aýagyndan gujaklady, Nargüljige bolsa iň soňunda gezek ýetdi. Hydyr bir goltugyna Nargüli, birine Üzümgüli alyp, boýnuna Aýgüli mündirip gapyň agzyna bardy. Tapdyryň körügini ýapyp duran Parowbibi kesewisini taşlady-da ýeňligini geýdi. - Eje, biz kakamyzy tutduk, kakamyzy tutduk! – diýişip gyzlar gygyryşdylar. – Ynha, ol, saklaýas! - Saklan, saklan! – Parowbibi çörekçäniň arkasyny pyçak bilen gazap, kendirigiň üstüne oklady: - Bolmasa kakaňyz gaçyp gider, güllän petirimiň gaçyp durşy ýaly. - Indi gaçyp gitmesem gerek! – Hydyr Haýran sallançakda ýatan Orazgüljigi ýorgana dolap alyp çykan gaýyn enesine başyny atyp, sözüni dowam etdi. – Men siziň diýeniňiz bilen bolmagy ýüregime düwdüm! Şu günden şeýläk işimi taşlaýan! Mydamalyk taşlaýan! Öýde mal idetjek ýa-da potrat aljak, boş wagtym ýatjak. Nähili, habarym begendirdimi! Ertir sizi ataňyzyň ýanyna alyp gitjek! – Giderismi? – diýdi. - Hawa! – Eje, kakam bizi atamlara alyp gidýär! – diýip, çagalar ýerli-ýerden seslendiler. Gaýyn ene sag goltugyndaky çagany çepine geçirip bir zatlar okady-da, sag elini ýüzüne syldy, Parowbibi iň soňky çöregini tamdyrdan çykaryp öňlügini onuň üstüne atdy-da: - Nämeler sarnap dursuň, oglan?! Aklyň ýerindemi bir? – diýdi. - Özüň dälmi, işiňi taşla diýip goýmaýan! Menem seň diýeniňi etdim, äriň işden boş adam, haýranlar galarsyň! Hydyr Haýran tasdanam «ärini işden boşatdylar» diýipdi. Hakykatdanam onuň goltuk kisesinde ho günki buýrugyň göçürmesi bardy, onda şeýle ýazgylar ýazylandy. «Marynebitgazgurluşyk» tresti boýunça buýruk! «2000-nji ýylyň Bitaraplyk aýynyň 22-sine ýazylan delilnamada synag döwründe ýokary basyşly giň göwrümli gaz geçirijiniň 4022-nji nokadynda näsazlygyň çykanlygyny, ýagny bar bolan möhüre görä şol nokatda kebşirleýiş işini ýerine ýetiren Hydyr Hanyň, ýolbaşçysy Sapa Saparyň günäleri bilen kebşirlemekde näsazlygyň goýberilenligi, şol sebäplem synagy togtatmaly bolanlygy, geçirijiniň içindäki gazy boşadyp, täzeden kebşirleýiş işlerini geçirmeli bolanlygy, häzirki döwürde gaz goýberýän deşigi ýaman täzeden synaga başlananlygy agzalyp geçilýär. Şeýle ýagdaýlaryň gaýtalanmazlygy üçin kebşirleme gurnama işinde tehnologiýa düzgünleriniň bozulanlygy, çig malyň hiliniň ýaramaz barlananlygy işiň hiline gowşak gözegçilik edenligi üçin gurluşyk gurnama edarasynyň başlygy Sapa Sapara käýinç bermeli, kebşirleýji Hydyr Hany işinden boşatmaly, hilee gözegçilik edýän toparyň ýolbaşçysy Essen Atabaýa berk käýinç bermeli. Ähli edaralaryň ýolbaşçylary şu düzgün bozmalary öz işgärleriniň arasynda işläp geçmeli. Trestiň dolandyryjysy Kaka Rejep!» Ine, Hydyr Haýranda şeýle buýruk bardy, Emma ony çagalaryna görkezip biljek däldi, dogrusy, şol näsazlygyň nähili goýberilenligini özi hem haýranlar galyp otyrdy... Barlagyň netijesinde gaz geçirijiniň şo bölegi awtomat kebşirleýji enjam tarapyndan amala aşyrylypdy, sepleriň sany yzygiderli gidip, hersine belgi goýulýardy we gözegçilik eden kebşirleýjiniň tagmasy basylýardy. Hydyr Haýran ölçerip dökdi ahyrym, tagmasy boýunça hut şu nokatda awtomat enjamyň kemçilik tapyp, birnäçe gezek saklanandygyny ýadyna saldy. Hawa, şol tozanly ilki tok kesilipdi, soň ol güýçli galyp, sepii kebşirlemän eredip başlapdy, işi ýola goýmak üçin iki-üç sagat eglenmeli bolupdy, şol nokatda bir säwlik bilen kebşirlemeden akan demir akymynyň gowşak sepii emele gelipdi. Her zatda bolsa Hydyr Haýran günäni dilsiz-agyzsyz awtomat enjamynyň üstüne atyp biljek däldi... - Gyww, towugymyz ir bilen seň ýoluňa garap käkeledi, menem kellesini kesip gazana atdym. Eýgilik bolawersin diýdim, Hudaýa şükür, sen geldiň, göwnüm giňäp gitdi. - Şon-a oňarypsyň, bolmanda-da, özümi nirä urjagyny bilmän ýördi. – Hydyr Haýran buýrugy aýalyna görkezmändigine begendi, towugyň üýtgeşik «häsiýetiniň» ýönelige däldigine aýaly gözüni ýetirjekdi. – Towuk çorbany hezil edip iýeris! Çagalar nanyny gyzgynladyp oturan ejeleriniň ýanyna bardylar, Parowbibi olaň hersine bir köke berdi. Aýgül kökäni bir elinden beýlekä geçirdi, etegine salyp, kakasynyň ýanyna geldi. – Kaka, al, gyzgynja köke, süýjü-je! – diýdi. Hydyr çöregi emaý bilen alyp, bir agyz dişledi-de, gaýdyp berdi. Beýlekiler kakalarynyň çörege agyz urşuny görüp iýip başladylar. Parowbibi onýança çanagyny alyp öýe girdi-de, çörekleri kendirigiň üstüne ýaýratdy. Hydyr pagtaly penjegini, ädigini çykaryp öýe girse, Üzümgüljik aglap otyr. - Kim gyzymyň göwnüne degdi? Goý, gyzym, goý! Aglasaň seni ataň ýanyna alyp gitmen! – Hydyr Üzümgüliň saçyny sypalady. - Kaka ol «Kökäni menden öňürti kakama berdiňiz, men berjekdim» diýip aglaýar. – Selbi kakasynyň öňüne saçagy ýazdy. Parowbibi ýeňligi öňlügi tekjä hamyrmaýany pitä saldy, ýüzünden syrygýan burçak-burçak deri barmagy bilen syldy-da: - Çykjak diýýädiň, welin beýle çynyrgadarsyň öýtmändim1 – diýip, keçäni dyrmalady. – Nobatdaky zähmet rugsadyna çenli işläýmeli ekeniň-dä! Oňa bary-ýogy iki hepde galypdy. - Tapawudy näme! Indii näçe diýseň, dynç alyp ýörmeli boldy ahyr, haýranlar galarsyň! - Öýde, mallara seretjek ýörjekmi? - Hawa! Mallar meň boýnuma. - Toba, ynanasaň hem gelenok. – Parowbibi uludan demini aldy. – Çynyrgadaýypsyň-da! Asyl, hamyrym turşap nanym gülledi diýdim-le! - Görýän welin, sen bir zatdan öýkeli! Işden çyk diýdiň çykdym! Indikiň näme? Haýranlar galaýmaly. Parowbibi towukly çorbadan bir okara guýup Hydyryň öňünde goýdy. - Öýe birki kilo sarymsak bilen kelem getir, duza ýatyrjak, Halmyradyň aýaly pitini dolduryp taýynlapdyr. - Sen sarymsak iýeňok ahyryn! – diýip, Hydyr güldi. - Men iýmesem çagalar iýer, peýdaly diýýäler. - Ertire çykaly, getirip beräýerin! Ýogsa-da, kakamyň melleginde ikisem bar, islegigiňçe alyp gaýdybermeli. Hydyr duza ýatyrylan sarymsakdyr kelemi gowy görüp iýýärdi, özem öýünde däl-de işe gidende gök bazardan alyp iýýärdi, öýde oň ysyny aýaly bilen gaýyn enesi halanokdy. Bir gezek ol sarymsak iýip gelende, boş jaýynyň birinde ýatypdy, şo güni Parowbibi ony ýanyna goýbermändi. Indii welin Parowbibiniň sarymsakly gürrüňine nähili düşünjegini bilmedi... Ertesi irden Hydyr kakasynyň ýanyna ugrady, ilki Selbi gidermen boldy, oňa beýleki çagalaryň aň bilmezinden öňňesi goşuldy, turdy bir galmagal, aglaýany haýsy, ejesiniň köýneginden ýapyşyp «Menem gitjek!» diýýäni haýsy, Üzümgül bolsa eýýäm gozakly motoryň öňünde çommalyp otyrdy. - Men kakam bilen gitýän! Sarymsak ýygnaşmaga atamlara gidýäs! – diýip, ol gaýtalaýardy. Parowbibi ýalbarany-ýakarany bilen bolmajagyny bilip: - Hany, sesiňizi kesiň, aglasaňyz biriňizem gitmersiňiz! – diýip gaharlandy. Bu gün çagalar okuwdan boşdylar, şol sebäplem hemmesi motora atlandylar. Hydyr Haýran motor sürüp barýarka işe bolup geçen wakany gysgajyk gürrüň berdi hem-de çagalaryň gohundan halys keýpi gaçan aýalynyň ýüzüne seredip ýylgyrdy. Motor edil ýag ýaly tarlap aşagyndan çykyp barýardy, gyşa meňzemeýän salkyndan mylaýym şemal ýüzüňi ýelpeýärdi. Parowbibi Hydyryň gürrüňini diňlemeýän ýaly perwaýsyz, gam-gussa gaplanyp otyrdy, ýüzüniň salyklygynyň üstesine bir hili ysgyny ýokdy, ýüzi duw akdy, käte müňkülleýän dodagyny gysýardy, elýaglygyny agzyna tutýardy, bir gezek kellesini gozagyň gyrasyndan egip tüýküripdi. Hydyr onda bolup geçýän üýtgeşmeleri aňsada hiç zat soramady, haçan-da aýaly kakasynyň mellegindäki ýaňy bir garyş bolan sarymsaklaryň ýaşyny açgözlik bilen iýip başlanda ol durup bilmedi. – Bibim, görýän welin seň agzyň bimaza ýaly-la? - Aş saýlaýan! – Parowbibi boýnuna aldy. – Özem ogul bolaýsa gerek! Sebäbi ajy, turşy zady küýseýän! - Hydyr aýalyny gujaklap, bir gezek aýlandy-da, dulugyndan öpdi. - Bibim!... Bibim!... Men seni... Elimde göterip gezerin... Bibim... Parowbibi ýedi çagany dünýä inderenem bolsa henize çenli göwreliligiň azaryny çeken aýal däldi, käbirleri ýaly şorja hyýardyr-pomidor, şorja kelemdir aw etini soramandy, bu gün bolsa ömründe halamaýan zadyny iýesi gelip, ölüp barýardy. - Häsiýeti edil seňki ýaly boljak! – Parowbibi oturan ýerinden haltaň agzyny Hydyra açyp berdi. - Bibim, men şeýle bir bagtly... Men... – Hydyr Haýran, sarymsagyň ýaşyny oňa uzatdy. – Al, Iý! Goý, ol birneme rahatlansyn! Men oň bilen sarymsagy gysymlap iýerin! Ine, şeýdip! Sen muňa ajy, ysy bar diýýäň! Ajy däl ahyryn! Ysy hem ýok! Edil bal ýaly! Haýranlar galarsyň! - Bal ýaly diýsene! – Parowbibi ýygnalan sarymsaklara seretdi. – Ýaşajyk bolansoň, ajysy bekemändir, has dogrusy süýjüsi berkemändir. Parowbibiniň ýüzi birneme durlandy, mähirlendi, keýpi göterildi. Muny gören Hydyr şatlanyp, «Gürjüniň, gürjüniň, eý, gürjüniň!» diýip aýdyma hiňlendi. Parowbibi «Goýsana, oglan!» diýip onuň badyny aldy, näme üçin diýeniňde aýdym aýdar ýaly Hydyryň sesi ýokdy, sözlerini bulaşdyrýardy, heňini ýoýýardy. Aýdym-sazy söýýän Parowbibi bolsa onuň ýoýulmagyny halanokdy, şol bir wagtda eliniň boş, keýpiniň saz çaglary, çagalary bilen özem aýdym aýdardy, ýakymly, mahmal sesi bardy. - Aş saýlaýanyň göwnüňe degip bolmaz! – Hydyr gülüp sesini kesdi. Şol wagt Üzümgüljik elini tutup aglady: - Näme boldy? – Hydyr çümen tikeni sogurdy. – Häzir bolarlar ahyryn, bir zat bolsa müzzerip dursuň, haýranlar galmaly! - Tohumyn-da bardyr-da... Senem oň üçin gaharlanma, rahatlan! – Parowbibi egnini gysdy. – Oguljygymyzy ýadyňdan çykarma! - Bilýämiň nähili pikir kelläme geldi? Biziň oglumyz bolsa oňa kebşirleýji hünäri öwretjek. – Aýalynyň sesini çykarman oturanyny görüp: - Men oňa kebşirlemekde ulanýan äýnegimi görkezerdim – diýdi. - Toba, toba! – Muň gynanýan zadyna seretsene! Çaga seň äýnegiňi nätsin!... Men bir zatdan gorkýan, işiňden çyksaň maňa gün bermersiň, arak içip başlarsyň! - Içmen diýip söz berdim ahyryn! - Eger içäýseň ogula derek gyz doguryp başlaryn! «Agşam penjegiňden bir kagyz çykdy, towuk ýönelige horaz bolup gygyrmandyr»... Hydyr Haýran sesini çykarmady... Sesini çykarar ýaly boldumy diýsene... Hakykatdanam, Hydyryň kebşirlän nokadynda kemçilik tapylypdy, barlag esasynda buýruk döräpdi... Buýrukdan öňürti «altyn nokadyň», kebşirleme işine ýene Hydyryň özüne ynanypdylar... Altyn nokat näme? Aýdaly gaz geçiriji bir ujundan we beýleki ujundan kebşirlenip, ortada bir ýerde birleşýär diýeli, şol birleşmä kebşirleýjileriň dilinde «altyn nokat» diýýärdiler, işiňe gaty usat bolaýmasaň ony kebşirlemek başardanokdy... Hut Hydyryň günäsi bilen dörän täze altyn nokadyň kebşirleme işini onuň özüne ynanypdylar. Hydyr kebşirlemek üçin ähli taýýarlyk işleri ýerine ýetirdi, deşilen ýeri kesdi, kesen ýerine goýmak üçin bir bölek tokurtga taýýarlady, indi geçirijiniň iki ujuny seplemek galypdy, ony bolsa gije-gündiziň dowamynda diňe daýdan ýerine ýetirmelidi. Näme üçin diýeniňde gündiz-ä günüň gyzgynlygyna turba uzalýardy, gije keltelýärdi, daňa ýakyn keltelme gutaryp täzeden uzalyp ugrunda geçirijiniň aralary 1-2 santimetre ýakyn gelýärdi, şol 6-7 sekunt wagtda geçirijiniň kebşirleýiş işini ýerine ýetirmelidi. Has dogrusy, kebşirleme bilen berkidip goýmalydy, şoňa ýetişmeseň tokurtga bir-biriniň içine girip girýärdi ýa-da daşlaşýardy, soň täzeden kesip ýene-de daňdana garaşmaly bolýardy... Has düşnükliräk aýtsaň bu nokadyň kebşirlemesi edil ärine näz edän Parowbibiň hötjetligi ýalydy. Hydyr geçirijini ussatlyk bilen «tutup», birinji synagda altyn nokady kebşirläp gutardy. Beýle jogapkärli işi Hydyr ýaly usat kebşirleýjä ynanypdylar, şol günem «kemçiligi» üçin eline buýrugy beripdiler. Gaz geçirijiniň gurluşyk işinde diýseň ýowuz kanun bardy, beýleki gurluşyklarda kemçilik goýberseň, düzedip bolýardy. Emma munda kemçilik örän howply netijelere getirýänligi üçin günäkäre berk çäre görülýärdi. Bulary ýatlap oturan Hydyr obadan ses ýetim aýakdaky gatla seretdi. Ýaplar şol gatladan aňry üçe bölünip akyp gidýärdi. - Sereet, bir zat etjek bolýarlar! Balyk tutýarlarmy? – Hydyr gatla tarap elini uzatdy, onýança bir tutuksy gümpüldi çykdy, suw edil çüwdürim ýaly asmana galdy. – Partlaýjy guralyň kömegi bilen balyk tutýarlar... Heý, wagşylar – diýip, Hydyr batnyksyzyny aýtdy. - Kimkä gyz olar? Daşyndan seretseň-ä medeniýetli adamlar ýaly. - Wah, şol medeniýetli adamlar-da şular ýaly işleri edýän... Köçede duşsaň süýji dillidir, ýitirip tapan ýalydyr. Emma... haýranlar galaýmaly. Gatlaň ileri ýakasynda gazçylaryň kömekçi hojalygynyň ekin meýdany ýerleşýärdi, gurluşykçylar käte ýabyň ýakasyndaky baga dynç almaga gelerdiler. Bir gezek Hydyr, Mälik, Saparmyrat dagy hem dynç alypdylar. - Kaka, ol Muhammet daýym ýaly-la! – Enegül daýysyny tanap, gatla tarap ylgap gitdi, beýleki çagalaram onuň yzyna düşdüler. Hydyr bilen Parowbibi hem ol ýere bardy, görseler gatlaň öňünde seňselän balyklar gaýyşyp ýördüler. - Köreken, senmi how bi? – Muhammet ujy torly uzyn taýagyň kömegi bilen balyklary gyra taşlaýardy, Myrat bolsa halta salýardy. – Asyl, göreýin diýip ýördüm, özüň üstüme geldiň! - Ynha men görseň! – Hydyr gaharly jogap berdi. - Işiňden gyrakladypdyrlar diýip eşitdim, kömek edäýjekdim. - Maňa kömegiň gerek däl! - Näme beýle gaharly jogap berýän! Berenini iýmedimmi? Ýegençeler, alyň şu balyklardan bäş-alty sanysyny, bişirip iýersiňiz! - Alman! – Hydyr eýýäm almaga ylgaşlap baran gyzlary yzyna gaýtardy. – Bize, beýle wagşylyk bilen tutulýan balyk gerek däl, bokurdakdan geçmez. Parowbibi sesini çykarman otyrdy hem-de sarymsagyň ýaşyny çeýneýärdi. Muhammet ýakymsyz güldi-de elindäki taýagyny taşlady. – Sen näme suwuň balygyny gysganýarmyň? Özüňem iýeňok, çagalaryna hem iýdirenok! Doganjygyma ete derek ot berýäň, gör, gök çeýnäp oturşyny!... - Goý iýsin! Oňa ot peýdaly... Umumanam biz oty gowy görýäs! - Ýagdaýyňa sereet, meňki hödür etmek! Ýogsa-da, işiň barada... Seni öz ýanyma alyp gitjek! Beton guýarsyň, ýer gazarsyň, aýlygyň öňkiňden pes bolmaz. - Ýanyňda bolsam, saňa içagyry bolup ýelmeşäýmesem... Iň bärkisi gaýdyp şular ýaly wagşylyga baş urmarsyň, onsoňam men eýýäm işläp ýörün, kerpiç örýän, jaý salýan! - Bibi dogan, adamyň dili uzapdyr-la? Işsiz gezmek aňsat däldir. Menem bir gezek aýdaryn, ikinjisi bolmaz. Çül çagaňyz bar, eklemeli, iýdirmeli-içirmeli... - Näme sarymsak tagamlymy? - Hawa. – Parowbibi ýylgyryp jogap gaýtardy. – Maňa-ha ýaraýar. Hydyr holl beýlede balykly haltany maşyn ýükläp duran Myrada tarap yşarat etdi. Şolar ýaly ýaş oglanlara hapa işleriňi etdirip, özüň akja bäbek bolup çete çekilýäň! Eger häzir balyga gözegçilik edýänler peýda bolaýsalar, sen «Bu Işim däl» diýersiň... Muhammediň bokurdagyna bir zat tegek bolan ýaly boldy, ýüzi üýtgedi, çep gözüniň çekgesi tiňirdedi, Parowbibi doganynyň gaharynyň gelenini görüp Hydyra bir zat diýmek issledi, emma Muhammet ondan öňürtdi: - Näme diýsene, köreken! – Muhammet dişiniň arasyndan syzdyrýan ýaly gaharly gürledi. – Degişmäňem çaky bardyr, kim bilen degişýänligini bilip goý! Biz bu ýerleriň eýeleri. – Muhammet kömekçi hojalygyň bugdaý ekilen meýdanyna elini salgap, özüniň gurluşyk bölüminiň başlygydygyny, Hydyryň bolsa ýönekeý kebşirleýjidigini ýaňzytmak isledi. - Bu ýerleriň eýesi sen läl, men! – Hydyr kesgitli jogap berdi. – Sen buý ere dynç almaga gelen myhman, men bolsa şu ýerde doguldym, eşitdiňmi? Eşitmedik bolsaň gaýtalajak, haýranlar galarsyň! - Hydyr bolşuň nätüýsli! – Parowbibi sesini çykarman oňup bilmedi. – Geplejek gepiňi bil! - Diňle, eý, ýeriň eýesi! – Muhammet elini galgadyp jogap gaýtardy. Diliňe jaň kakylan ýaly bolsaňam, akylyň, kelte ekeni! Biz gaz çykaryjylar, gurujylar, şu meýdany şu ýaby, gatlasy bilen özümize kärendä aldyk! Häzirlikçe bu zatlar biziňki! - Asyl, biziňki diýip şeýle wagşylyga ýüz urýansyň, şeýlemi?... Ol wagtlaýynça siziňkidir, onsoňam bilip goý, gaz bäş on ýyl, bar otuz ýyldan gutarar, ýer bolsa galar. Ýer gaza kömekçi hojalyk bolmaly däl-de, gaz ýere kömekçi hojalyk hökmünde hyzmat etmelidir. - Muň düşünmedik bolaýşyny. – Muhammet uludan demini aldy, ykdysadyýet seň üçin düşnüksiziräkdir, pul diýen düşünjä kisäňde barka göz ýetirýärsiň, oň manysy çäksizdir. - Men pul diýen düşünjä halal zähmet çekip gazanmak diýip düşünýärin, seňki ýaly däl. Sen-ä... - Hydyr, bes et! – Parowbibi Hydyryň ýakymsyz sözi kesemen diline getirjegini aňyp oň sözüni böldi: - Hany ýör, öýe gaýdaly! Jigim, mundan gaty görme! Işiniň bulaşanyna gahary gelip dur, ýöne, senem balygy wagşylyk bilen tutmaňy halamok! Ähli zadyň jogaby okalýandyr, özüňem käte ejemi ýatlarlar, geliän oňýaň... Hydyr çagalaryny alyp motorynyň ýanyna geldi, ýygan sarymsakdyr kelemlerini ýükläp durkalar. – Sen onuň bilen beýle gepleşmeli däldiň, Hydyr, ol seni işe aljak diýip dur ahyr! – diýip, Parowbibi dillendi. - Sen näme? – Hydyr aýalyna gaharly seretdi. Birdenem onuň agzyny tutup egilenini gördi. – Ýüregiň bulanýamy? Al, elýaglygym... - Hydyr, men bular ýaly dawalardan gorkýan! – Parowbibi agzyny süpürip motoryň gozagynda ýerleşdi. - Bibi, bilýämiň! Dogrusyny aýtsam, menem beýle zatlardan daşrakda duranymy kem göremok, ýöne, ýürege ýakmaýan zady etseler, senem görmedik bolup ýörseň olam däl... Hany, çagalar ýörüň, atanlara sowlup geçeliň! Hydyr çagalaryny alyp mellegiň aýak ujunda ýerleşen jaýa bardy. Kakasy kiçi ogly bilen potrada suw tutmaga gidipdir, inisiniň göwreli gelni öýde ekeni. Onuň çaý-nahar hödürine gulak asman olar täze mellek ýerde salnan jaýlaryna tarap gaýtdylar. Hydyr iki gün mallara, mellegine seretdi, üçünji gün Sapa Sapar ony bölümiň ambaryna gelýän ýükleri düşürmäge işe çagyrdy. - Häzirlikçe ambarda işle! Birneme wagt geçsin, belki ýene öňki işini alarsyň! – Sapa Sapar oňa göwünlik berdi. – Mälik öz topary bilen dolandyryjynyň ýanyna baryp, seni yzyňa işe almagy haýyş edipdir, olam razy bolupdyr... - Men kerpiç ussasy bolup işleýän-ä! - Ýagdaýyňa sereet, meňki aýtmak, seňki diňlemek! Hydyr begenmekdenmi, tolgunmakdanmy şol gije uklap bilmedi... Ol indi özüniň öwrenişen oglanlarynyň ýanyna ýetmäge howlukýardy... 2 Täze ýylyň baýramçylygyna bir gün galypdy. Habar beriş serişdeleri ýigriminji asyryň gutaryp ýigrimi birinji asyra aýak basylýandygyny, ýüzýyllygyň hem müňýyllygyň çalyşýandygyny aýdyp, habar yzyna habar ýaýratýardylar. Gurbannepesiň öz hasaby bardy, adamlar 1800-1900-njy ýyllar aralygy 19-njy asyr, 1900-2000-nji ýyllar aralygy ýigriminji asyr diýip hasap edýän bolsa, Gurbannepes üçin ýigriminji asyr 2000-nji ýyldan, (asyryň adyny özi aýdyp dur) 21-nji asyr 2100-nji ýyldan başlanýar diýip hasap edýärdi. Ol bu barada köp oglanlar bilen jedel edipdi, emma onuňkyny dogry hasap edýän ýokdy. Her zatda bolsa müňýyllyk müň ýyl mundan öň öten ata-babalarymyz, birem häzirki döwrüň adamlaryna nesip edýärdi, onsoň bu sene üýtgeşik dabaralydy, şol bir wagtyň özünde joşgunlydy. Gurbannepes baýramçylygy maşgalasynyň arasynda bellemek üçin ähli taýýarlyklary görüpdi. Her näçe taýýar diýse-de, ýene almaly zatlar galypdy, eşiklerini geýip durka kisesinden bir kagyz çykdy, onda Berdi agaň Aşgabatdaky we Marydaky öýüniň telefon nomeri ýazylandy. Şo bada onda köp çarşenbäni başyndan geçiren bu galagop adamyny ýene bir gezek görmek höwesi döredi. Gep, ol adamyň okumyşlygynda ýa-da Gurbannepesiň ähli ýazan makaladyr, hekaýalaryndan habarlylygynda däldi, oňa Gözel sebäp bolupdy. Dogrusy, başyndan geçiren wakalaryny Gözeliň özi oňa gürrüň beripdi hem-de Myradyň kakasy Berdi aga bilen gürleşip görmegi haýyş edipdi. Häzir şol mümkinçilik döräpdi, onsoň beýleki işlerini soňa goýup şähere gitdi we görkezilen jaýyň üçünji gatyndaky ýüzüne gaýyş tutulan gapyň nokadyny basdy. Dogrusy, daşardaky gaýda-gaýmalaşyga ol ün shem bermändi. Edil oňa garaşyp duran ýaly gapy açyldy-da, kellesi telpekli oglanlaryň birnäçesi göründi. Gurbannepes nämäň-nämedigine bada-bat düşünse-de, bialaç görmeli boldy. Oňa «Ýaşulylaryň ýanyna baraýyn» diýip içki otagy görkezdiler. Özara gürleşip oturan ak sakgal silkme telpekli adamlar gürrüňlerini goýup, gapyda görünen Gurbannepese baş atdylar, jaýda dünýäden öten merhumyň söz bilen beýan edip bolmajak özboluşly ysy bardy, oňa adamlaryň gyzgyn demi pejiň howry hem goşulypdy. Gurbannepes, oturanlar bilen elleşip çykdy-da, boş ýerde dyzyna çökdi, aýat-töwire goşuldy, «Pahyr şeýle bolaýdymy?» diýip, kynlyk bilen seslendi, bokurdagy dolup, gözüne ýaş aýlandy, geplemäge ýagdaýy ýokdy, şonda-da ol «haçan?!» diýip ýüzüni sallap oturan ýerinden hiç kime ýüz tutman sorady. - Ýaňy jaýlap geldiler, pahyry – diýip, kimiňdir biriniň sandyraýan sesi çykdy. Ara ümsümlik aralaşdy, ahyrym ýaňky jogap beren ses – Soragymy aýp görmäň! Siz Berdi agaň nämesi bolarsyňyz? – diýdi. Men onuň hiç kimem däl, ýöne bir tanyşym! - Ýatlap geleniňiz üçin taňryýalkasyn! – bili bükülen ak sakgal, horja adam ýaşaryp duran gözüni elýaglygyna süpürip, titreýän elleri bilen saçagy onuň öňüne süýşürdi, duz dadylyp aýat-töwir edildi, şondan soň, ara ümsümlik düşdi. Gurbannepese üns berilmedi, zat soralmady, olam ýagşydan-ýamandan bir zat diýmedi. Birnäçe wagtdan soň ýaşulylaryň biri merhumyň çagalary barada Myradyň bu ölüme sebäpkärdigi barada gürrüň gozgady, başga biri onuň bilen işleşen döwrüni ýatlady. Gurbannepese indii ýaşulylaryň diňe bir seslerini däl, hatda ýüzlerini hem aýyl-saýyl etmäge mümkinçilik döredi, häki saçak süýşüren gözi ýaşly garry halynyň ýüzüni sypalap gürrüňe başlady: - Adam pahyr dünýä inende örän gowşak we näzik, ölende saň gaty we berk bolar ekeni! Ähli janly-jandarlar, ot çöpler, agaçlar ýaşajykka ýumşajyk we näzikdir, ölse, guraýandyr, döwülip durandyr, diýmek, tutanýerlilik we berklik ölümiň näziklik, gowşaklyk ýaşaýşyň ýoldaşydyr. Berdi pahyr berkdi, tutanýerlidi, hakykatçyldy, şoň üçinem öldi, şol bir wagtyň özünde okamyş adamdy. Ýaşuly sesini kesdi, ol bir zatlar diýjek bolup, pikirini jemläp bilmän sakyndymy ýa-da sözüni gutardym etdimi, garaz, şondan soň ýene dymyşlyk höküm sürdi. Beýle dymyşlykda Gurbannepes özüni adatdan daşary oňaýsyz duýdy, turup gidiberesi geldi, emma aýagy diýen etmedi. Jaýyň içini agşamyň garaňkylygy gaplap aldy-da, dymyşlygyň üstüne urna bolup, has-da ýürek gyslyryjy täsir etdi. «Ölini dymmak bilen ýatlamak türkmeniň ganyna siňen adat bolmaly» diýip, Gurbannepes pikirlendi. - «Bu adatyň özboluşly bir täsiri bar, iňrik garaňkylygy gorpy ýadyňa salýar, diýmek adamyň ruhy şol ýerden asmana gidýän bolmaly... Wagty geller, menem sanalgymy dolduryp, dünýäden öterin, şonda, adamlar şeýdip üýşerlerde seslerini çykarman oturarlar. Içinde men ýaly çala tanşyny, düýbünden nätanyşy, dost bolup-da gelmäge wagt tapmadyklar bolar. Ýöne, adam amanadyny tabşyransoň dirikä didarlaşmaga wagt tapyp bilmedik şol tanyş-u nätanyşlaryň gelmekleriniň geregi bir barmyka?...» Gurbannepes gözüni ýumdy, şol bada hem iň soňky demini sanap ýatan kakasy hakydasynda jaýlandy. Şol gün ol ir bilenem gezip ýördi, keýpi kökdi ahyryn, sebäbi Ataň ikinji ogly, birinji ogly bir hepdä ýetmän ýogalypdy, bir ýyl mundan öň onuň ýedinji agtygy dünýä inipdi, oňa medinstitutyň bäşinji kursunda okap ýörkä ýogalan iň söýgili ogly Narmuhammediň adyny dakypdy. Çaga bary-ýogy ýarym gün ýaşady, öýleden soň kem tapyp gidip barýar. Bu ýagdaý Ýazyr agany agyr ýagdaýa düşürdi, «Ataň ilkinji ogluna Narmuhammet neressäň adyny dakypdym, bolmady, indi bu çaga hem onuň adyny göteresi gelenok!» diýip ýer ýumruklady, şol oturan ýerinde gyşaryp ertesi jan berdi, edil onuň ölerine garaşyp duran ýaly demini sanap ýatan çaga özüne geldi duruberdi. Häzir Ataň şol ogly öýli-işikli, iki çagasy bar, oňa Narmuhammet diýmän Agajan diýip ýüzlenýärdiler, özem häsiýeti, meňzeşligi, edim-gylymy edil Narmuhammet neressäňki ýalydy. Gurbannepes Agajany öz ogullary ýaly gowy görýärdi, ejesi «Kakaňyzyň ruhy şu çaga geçdi, şeýdip çaga direldi, şoň üçin şu agtygymy gowy görýän, sizeem ony ssylaň!» diýýärdi. Hawa, kakasy ýogalanda Gurbannepes hut häzirki ýaly ýagdaýa düşüpdi, jaýa öliň ysy ýaýrapdy, dünýädäki ähli zat nirädir bir boşluga çekilen ýalydy, kakasynyň gany gaçyp, nurlanan ýüzünden başga hiç zat gözüne ilenokdy, asman düňderilip barýan ýalydy. Ahyrzaman diýýärler welin, ýakynyny ýitirýän üçin şol ahyrzaman bolmalydy, ölen özi bilen edil ruhy baýlygyny äkidip, yzynda galanlaryň ýatlamalary bilen ýaşamagyny dowam etdirýärdi... Hälki garry gürrüňini dowam etdirip, Gurbannepesi pikirinden saplady: - Ýene bir eziz dostumyz panylykdan bakylyga rowana boldy... Ynanasyň gelenok! Ruhubelentlikde oňa taý geljek ýokdy! Her hepdäniň anna agşamy ýanynda oturardyk, ondan mundan gürrüň ederdik, öten agşam gelsem aýaly «Tiz ýet, dostuň gidip barýar!» diýip aglaýar. Ýanyna bardym, haly harap ekeni. Lukmanlar edip bilen emlerini edip gitdiler. Birnäçe wagtdan soň ol gözüni açdy, meni görüp ýylgyrjak ýaly etdi, elini çala galdyrdy. Men onuň sowan barmaklaryny gysdym. Ol «Dost, sanalgym doldy... Allaň beren ömrüni ýaşadym, indem janyňy ber!» diýdi, «bolýa» diýdim. Hudaý meni dünýä inderdi, tug kimin belent ruh berdi, garrylyk bilen rahatlandyrdy, ölüm bilenem bakylyga ugratjak diýdi, onsoň şunça şatlyk paýlana men ýok diýip bilmen-ä! Adam ölýär, topraga siňýär, küýzegär şol toprakdan küýze ýasaýar. Şol küýze ýasaýanyň özem birnäçe wagtdan soň hut şeýle küýze öwrüljegini pikir edenok! Alla meni nämä öwüreýin diýse men oňa tabyn! Ömrümi düýş hasap edýän! Ölemden soň hakyky ömrüm başlanýar! – diýip hasap edýän... diýýär. Men oňa «Ölüme begenilýän däldir!» diýdim, ol «Näme üçin begenmäýin? Allatagala sansyz janly-jandary döretdi, şolardan iň gymmatlysy adam, menem adam bolup dünýä indim, bu birinji begenjim, men ýokarda tutulýan erkek bolup dünýä inipdirin, aýal bolan bolsam bir depik çuň gömerdiler, bu ikinji begenjim, käbir çaga dünýä inmän ýa-da bir aý, bäş aý, on aý ýaşap ýogalýar, men bolsam Pygamber ýaşyna ýetdim, bu üçünji begenjim!...» diýýär. Ol şeýdip öz-özüniň ruhuny galdyryp, köşeşdirip bilýän adamdy. - Hawa, ol durmuşyndan nalamaýan ýeke-täk adamdy, namazyny sypdyrman okardy, emma namaz okaýan diýmezdi. – Peşeneli daýaw adam sözüne dyngy berdi-de ýaňky geplän ýaşula seretdi. – Baýram saňa gürrüň bereýin, Berdiň bu ölümi iliňkä meňzänok. Men öýde şaý-sep ýasap otyrdym welin aýalym ylgap geldi-de «Seni Baý çagyrýar!» diýdi. Biziň maşgalada oňa şeý diýerdiler. Telefony elime alsam ol «Pälwan, ertir ir bilen ýanyma gelip git, saňa üýtgeşik bir sowgatjyk taýýarladym, ýöne ir sagat ondan gijä galaýmagyn!» diýdi. Men «Nähili sowgat?» diýsem «Gelersiň, görersiň!» diýdi. Men uzakly gije ýatyp bilmedim, üstesine-de, ýoň degip, özümi oňaýsyz duýýardym. Şonda-da, barman biljek däldim... Ýogsam, gyzym Täzegül hem iş ýerinden bizi görmäge gelipdi... Men Berdini etrap Geňeşinde işlän döwürleri tanaýardym, şaý-sep ýasaýaň diýip yzarlanyşyk bolanda maňa köp kömek edipdi... Şu gün ir bilen men oňa birnäçe gezek jaň etdim, emma jogap beren bolmady, baryp biljek däl diýjekdim. Onsoň «Sagat ondan gijä galmagyn!» diýenini ýatlap gaýtdym, gelsem gapyda duran ekenler... Şonda onuň maňa berjek sowgadynyň manysyna düşündim... Asyl ol özüni soňky ýola ugratmaga çagyran ekeni... Onsoň gapdalynda gyşaryp ölesim geldi... - Hawa, gorkman ol ölümiň gözüne bakyp bilýän adamdy... Ýaşynyň soňunda ikinji ogluny öýlendirip bilmän ahmyrly gitdi, çagalar atalarynyň ömürlerini kertýärler. Gurbannepesiň gapdalynda oturan otuz bäş ýaşly adam dodagyny dişläp, başyny ýaýkady. Ol Berdi agaň Aşgabatda ýaşaýan ogludy... Ara ýene-de agyr dymyşlyk düşdi... Gurbannepes ony çekip bilmedi. - Ýaşulylar, aýat okap berseňiz, men-ä turjak! – diýip, Gurbannepes Pälwan aga seretdi. Merhuma aýat-töwir edildi, «Yzy ýarasyn, iman baýlygyny bersin» diýildi. Gurbannepes basgançaklar bilen aşak düşende, jaýyň birinji gatyndaky gapyň agzynda aglap duran gelni gördi, gapdalyndan geçiberende ýaňky gelin: - Siz bilen gürleşmek mümkinmi? – diýip sorady. - Görse, Gözel durdy. - Pahyr şeýle bolaýypdyr, yzy ýarasyn! – diýip, Gurbannepes gynanjyny bildirdi. - Öten agşam Aýsoltan bilen bu pahyry görmäge geldik. – Gözel gözüniň ýaşyny süpürdi, hamsykdy. – Ýanymyz bilen sowgatjyk aldyk, agtygyny görsün diýip gyzymy hem getirdim. Öýe kürsäp girsek pahyryň eýýäm eňegi saralypdyr, aýagy çatylypdyr. Şonda-da, giremde bir hili gowsunjak ýaly etdi... Gürleşip bilmedim-dä – Gözel horkuldap aglady. – Oňa agtygyny görkezjekdim, ýagdaýymy gürrüň berjekdim, kömek sorajakdym. - Goý, aglama! Menem seň haýyşyň boýunça gelipdim, gelsem, ynha bolan ýagdaý! Sen öňräjik hereket etmeli ekeniň... Şunça wagta çekip ýörmeli däl ahyr, «Haýyr işi ertä goýma» diýipdirler. - Özümden boldy-da! – Gözel gyňajyna göz ýaşyny süpürdi. – Aşgabatda Myradyň ynha-ynhasyna ynandym, buý erik gelibem gaýdaryn diýip şu güne ýetdim, maňlaýyň şor bolsa bolmaz ekeni... - Mert bol, Gözel! Sen şu maşgalada, şu öýde ýaşarsyň! Häzirlikçe pahyryň ýedisi geçýänçä hyzmat et! Gaýyn eneň bilen maslahatlaş, slňuny soň göreris! Hany, Myrat nirede? - Hon-ha, gazanyň başynda, oglanlar bilen otyr, Saparmyrat, Mäligiň ýanynda... - Bolýar, men gürleşeýin! – Gurbannepes Gözel bilen hoşlaşyp oglanlaryň ýanyna bardy, olaryň salamyny alyp, gaýgydan birneme horlanan myrady çete çekdi. - Kakaň pahyr şeýle bolupdyr, yzy ýarasyn, iman baýlygyny bersin! Sen indi berk durmasaň bolmaz! Öýüň eýesi, hojalyk başy bolduň! Ähli zada jogap bermeli borsuň! Kakaňdan miras galan zatlary aýawly sakla, ýedisini sowup işe çykaňda meni tap! Gürrüňim bar... Onsoňam sen daşarda däl-de, ýaşulylaryňt ýanynda, agaň ýanynda oturmaly, merhumyň ýakynlary sen, jaýdan çykmada otur, işleri oglanlaryň özleri ederler. - Bor! – Myrat başyny atdy-da, jaýa girip gitdi. Gurbannepes onuň yzyndan garap galdy... 3 Gün yzyna günler geçip gidip barýardy, işiň gyzgalaňy Mäligiň elini hiç zada ýetirenokdy, gije-gündiz gaz ýygnaýjy nokadyň enjamlaryny kebşirlemek bilen meşguldy. Öýüne gidip gelmäge wagty ýokdy, ýöne ejesiniň «Aýdan dienimi berýän, bir günlik gelip gitsin!» diýen habaryny alandan soň Sapadan rugsat sorap öýüne gitdi. Ejesi onuň salamyny alyp almanka käýinmäge başlady. - Iki gün bäri gözüm ýoluňda. Habar berdimika diýip azara galdym, yzyňdan çakylyk iberdip geljek bolup durmazlar ahyry! - Eje, işdä, nädeýin! - Beýle-de bir iş bormy? Ýogsa-da düýn oduk-buduk alaýyn diýip bazara gitdim. Sapa duşdum. Ol seni öwüp dilinden düşürenok, tüweleme, işde abraýyň uly ekeni! - Eje, men ýapyşan işimi daş edip oňarýanlardan-da! - Sen ajygyp gelensiň... Bir zatjagaz taýýarlap bereýin! - Eje, mydama aç gezip ýörendir öýdýärmiň? Ýolda garbandym. - Ejeň nahary süýjüdir, balam! - Ýüz gramjyk bolsa-ha iýsemem ahmal. - Ýagşam bir gep tapdyň... Şol zährimary agzyňa alyjy bolaýma... Men häzir çaý goýaýyn! - Ýok, suw içdim! Çaý içjek däl! - Ýaňy goňşa goýun soýdurdym. Ertir aýdan diýenimi berjek, kakaň ýoňlanda aýdypdym. Sen şu habary daýzaňlara ýetirmeli! Göwhere «aýt» diýsem elim degenok diýýär. Şirini görersiň, daýyň, daýzaň bilen görüşersiň. - Eje, öýlenjek ýigit gyzyň öýüne barsa gelşiksiz bolýandyr ahyr. – diýip, Mälik araky «tersleşikden» soň Şirinlere barmagy birhili görüp gaçalak etdi. - Ol öý daşyň däl. - Aý, men-ä... - Gepiňi köpeltmede diýleni et! Şu döwrüň ýaşlary nähili bolaýypdyr gyz! Bilgin, ejeň kinaýatly mal, sahawatly ogul küýseýändir. - Eje, döwrüň ýaşlary gowu-la! Hiç zatdan mätäçlik çekemzok, siz welin ýaşlykda kynçylyklary başyňyzdan geçirdiňiz, gorkuly ýaşadyňyz, kalbyňyzdaky arzuw-hyýallaryňyzy aýdyp, aga ak, gara gara diýip bilmediňiz, hereket edýän gurjak ýaly näme diýilse bolýa diýdiňiz... Iň bärkisi gazyň üstünde oturyp-da, öýleri gazlaşdyryp bilmediňiz, şol barada dilem ýarmadyňyz. - Oglum, bilmedik, görmedik zadyňa körekörlik bilen baha berjek bolma, türkmen «geçeni geçdi bil» diýipdir. Geçmişiň gowusam bolandyr ýaramazam, oňa baha kesmek saňa galmandyr. - Eje, biz siziň döwrüňizde jogap tapyp bilmedik soraglaryňyzyň jogabyny gözleýäs! Biziň şöhratly geçmişimiz bolupdyr, ony biz indi bilip galýas! Dogry, häzirki kem-käs kemçilikler bolman durýan däldir, ýöne, ähli zadyň ösmegi, kämilleşmegi üçin göreşýänligimiz çynymyzdyr. - Oglum, seniň bu pelsepeleriňe düşünip baramok! Soňky döwürlerde hasam... Sen bir hili bolupsyň... Al, nan iýmejek bolsaň, bir käse çaý iç-de, daýzaňlara ugra! Ertir gelseler toýuň maslahatyny etjek! - Eje, desgany tabşyrmasak toý bolmaz! Men iki toýy bile etjek, desgaň toýy, öz toýum. - Desgaň, toýa näme dahyly bar? - Gurup gutarmasam toý etjek däl diýip söz berdim... - Men seň desgaňy bilemok, biljegem däl!... Wah, ýetirinip bilemok, ýogsam-a... Haçan aýlygyňy alýaň? - Basym berjekler, näme? - Alsaň, lükgeligi bilenjik getir! Halatlaryň galanlaryny aljak! Mälik bir käse çaý içeniňden soň ýuwundy, sakgalyny syrdy, eşiklerini geýip daýzalaryna ugrady. Saparmyrat işde bolany üçin onuň maşynyňdan peýdalanyp bilmedi, ýöne, köçä çykdygyň maşyn tapdyrýardy, öňküler ýaly garaşyp durmaly däldi. Bary-ýogy bir sagatda ol daýzalaryna bardy, Şirin eýwanyň içini syryp-süpürip ýördi. - Mälik?! – Şirin geň galmakdan ýaňa sübsesini elinden gaçyrdy, aljyrady, owadan gözlerini tegeläp Mälige seretdi. – Sen näme dälirediňmi? Bar git, geleniňi biläýse, ejem goz turuzar! - Kim ol? – Jaýyň içki otaglarynyň birinden gowşaksy ses çykdy. – Şirin, kim geldi? - Eje, men häzir barýan... Ejem ýaranok, birki gün bäri sanjym alýar! – Şirin gapyny görkezip «Bar git!» diýip Mälige yşarat etdi, emma Mälik ardynjyrady-da: - Daýza siziň köne tanşyňyz, ýegeniňiz geldi, salawmaleýkim! – diýdi. Şol bada içki otagyň gapysyndan kellesi ýaglyk bilen saralgy, orta boýly, etli ganly semiz bir aýal çykdy-da, Mäligi tanajak bolýan ýaly çiňerilip-çiňerilip seretdi, Mälik ýene salam berdi-de ýylgyrdy. - Şirin, sübsäňi taşla! – aýal gaharly seslendi. – Myhmany çagyr, çaý goý, öz üst-başyňy düzet!... Kelläm gaty agyrýar, gan basyşym ýokary... Ýegen, daýzaňy soramaga geläýdiňmi? Mäligiň baş atyp jogap bermegi bilen kanagatlanan aýal ony jaýyna saldy-da, düşekçäniň üstünde oturtdy, özem gabat garşyda çöküp, gan basyşyny ýadyndan çykaran ýaly synçy nazaryny oňa aýlady. – Ýegen, gör, sen, nähili ýigit çykypsyň! – Aýal mylaýym seslendi. Her näçe ýeserje bolsaňam, gyzymy duluňa geçirmänkäň, bu öýe gelmegiňi halamok! - Daýza, men habarlyja geldim, ejem «aýdan-diýenimizi berýäs, gelsinler» diýdi. - Şeý diýsene, şeýledirem öýtdüm-le, şeýle bolsa kabul bolsun!... - Onsoňam sizi göreýin, hal-ýagdaýlaryny bileýin diýdim. Dogrymy aýtsam, Şirinem göresim geldi, biz birek-biregi gowy görýäs! - Haçandan bäri beýle gowy görýän bolduňyz? Mälik birneme öteräk geçenini aňdy-da. – Görme-görüşe gelenimden soň – diýdi. - Şeý diýsene! Bolubilýä... Bolubilýä... - Daýza, men... men... Siz... - Gör, bulary, söýüşýämişler... Sizden öň söýgi bolan däldir, şeýlemi? Siz çölüň ortasynda ýeke ýaşaňyzok ahyryn, obada ýaşaýaňyz, onda-da, keselli garry-gurtularyň arasynda... Birneme utanarlar. - Eje, myhmana beýdip igenip oturmasana! – diýip, Şirin daşky jaýdan seslendi. - Hawa, siziň utanjyňyz ýok! – diýip, aýal ýene öňki diýenini gaýtalady. – Biziň döwrümizde myhmançylyga çagyrylýança giýew gaýyn öýüni tanamazdy, indi nä döwür boldy... Gutardyş diýýär, başlangyç diýýär, baýramçylygy özleri köpeldip, ählisi bir ýere çuwdamlanyp, söýüşip ýörler, baýramçylyk bolsa, Hudaýa şükür, kän! Ýok, gyzyňy öýden çykarma diýsene... Okuwam öýüňde okat, beýlekiňem... Indi ýaş gelinlerem aýdym aýdyşyp, öňe çykyşyp ýörler... Hudaý saklasyn... A gyz, Şirin nirede sen? - Eje, çaý demleýän, bardym! Şirin eýwandan jogap gaýtardy, şol bada hem täzeje keteni köýnegini şowurdadyp geldi-de, orta saçak ýazdy, çäýnek käseleri goýuşdyrdy, mesge, bal, çörek getirdi. Ejesi gyzyna kömek edip, saçagyň üstüni tertibe saldy, Mälik welin daýzasynyň pikiri bilen ylalaşmaýanlygyny, başga ýerde nähili bolunsa-da, bu öýüň duz-çöregine hormat goýýanlygyny, şol sebäplem, adamkärçilik kanunlaryndan çykyjy hereketlere baş urmaýanlygyny ýaňzydyp, özüni «aklajak» boldy. Daýzasy bu jogapdan soň ýegenine mähirli seretdi, kellesine oralan ýaglygyny aýyryp üst-başyna serenjam bermek üçin beýleki otaga geçdi. Mälik daýzasynyň giren otagyna taryp başyny atdy-da ýylgyrdy, Şirin hem ýylgyrdy. - Mälik, şu wagt nämäň pikirini etdiň? - Şol ilkinji duşuşygymyzy ýatladym, ýol-da Saparmyradyň maşynynda. - Meňem şol ýadyma düşdi. – Nädip beýle bolup bilýärkä? Ikimiziň pikirimiz meňzeş. - Sebäp biz birek-biregi söýýäs! – Mälik Şirini özüne çekjek boldy, emma şol bada üst-başyna serenjam beren daýzasyna gözi ilip: - Hawa, gowy işlemeseň ol sylap duranok, şeýdip özüne çekýä-de eliňi arkaňa öwrüp gowy silteýär! – diýdi. Heniz epini ýazylmadyk gök ketenini geýinen, başyna porsyderman sepilen seçeklini atynan, öňküsinden owadanlaşan aýal oturan ýerine gelip, dyzyny epdi-de!- Kim ol, beýdýän? – diýdi. - Biziň gurluşyk başlygymyz, Sapa goýun ýaly ýuwaş ýalam welin käte şeýdýär, oňa iki aýakly sorag-jogap kitaby, kellesi «geňeşiň öýi» diýýärler, gurluşyk ugrundan düşünmeýän ýeriň bolsa soraýmaly, bada-bat jogap berýär, ilki oýun edýändir öýdersiň, jogap berişi nagt, soň kitaplary dörüp görersiň welin ähli aýdanlary şapylap, gabat gelip durandyr. Mälik «çykalga tapyşyna» begenip ýylgyrdy. - Hünäri öwrende ýigren diýipdirler, goç ýigide müň hünär azdyr, öwreniber – diýip, daýzasy gözüni güldürip onuň hörpünden gopdy. - Hawa, iş gyssagda biter etmeli bolýa, käte... - Mälik han, öňüňde goýlan zatlardan iýip otyr. Ine, şu mürepbe ýer tudanaňky, öz elim bilen taýýarlapdym, bu tudanaňky, bu injir, dadyp gör. Nähili? - Daýza, söz diýer ýaly däl, eliňiz tagamly ekeni! Ömrümde beýle mürepbe iýip göremok! – Mälik agzyny şapbyldadyp çaý owurtlady. - Mälik, ýegen, sen meň ýagdaýyma düşünýänsiň, ýekeje gyzym bar. Gyz kişi maşgalasy bolýar, şonda-da ony öýümden çykaryp goýberesim gelenok! Goýbermänem biljek däl! Eýsem men nätmeli? – Sadap eje ýegenine bilesigelijilikli seretdi. – Hawa, men bu ýagdaý bilen ylalaşasym gelenok, ýöne, başgaça çykalganyň ýokdugyny bilýände, onsoň... – Sadap eje ýaglygynyň ujy bilen gözüniň ýaşyny süpürdi. - Sadap daýza, men siziň ýagdaýyňyza düşündim... Meniň pikirimçe bu ýerde ylalaşmaz ýaly mesele ýok! Biz birek-birege düşünişeris diýip umyt edýärin! - Allajan şeýle bolsun-da! – diýip, Sadap eje has-da bozuldy, soňam şeýle zatlar bolupdy. - Mälik ýegen sen bilip goý, Şirin ýekeje gyzym, guwanjym, mydarym, mundan başga çagam ýok. Sen oň diýeninden çykma. - Daýza, meňem size daş edip aýtmaly zatlarym bar, ýöne, tolgunmakdan başym aýlanyp dur! Ol kellesini saga-çepe yralap, başynyň aýlanyşyny düşündirmek issledi, emma, Şiriniň närazylyk alamatlary bildirip duran ýüzüne gözi düşenden, sesini kesmäge mejbur boldy. - Bu nä boldugy? – Şirin çäýnekdäki çaýyň soňuny Mäligiň käsesine guýdy. – Halys pelsepä ýatdyňyz? - A gyz, bolşuň nätüýsli! – Sadap eje gyzyna käýinmek isledi, oňa derek ýylgyryp elini salgady... Şirin Mäligi ugratmaga çykdy. - Çalt turduň welin gowy boldy, kakam beýle zatlary halanok, gözüne gürünmeseň gowy – diýip, Şirin özüni aklajak boldy. - Seňki dogry, adam öz ýedinji atasyny sylamalydyr. - Nähili ýedinji? - Adamda ýedi Ata bormuş, Adam ata, Nuh ata, öz ataň, azan ataň, sünnet ataň, ylym ataň, gaýyn ataň! – bularyň iň soňkusy, onsoň, men ony sylaman bilmen ahyryn... - Sylasaň sylagyň artar-da. - Sen nädýäň mallar bilen... - Meňki nä öňde «Oglanlyň aş mazasy bolmaz, sygyrlaň göç mazasy» diýişleri ýaly-da, ýaz-güýz gyrkymy bolmasa-da, idegini ýetirip durmasaň süýtdir ýagy alyp bolanok. - Meň diýenimi nädýäň? - Sen näme diýdiň? - Geçen duşuşykda gürrüň bold-a! - Hä, o diýsene... Aý, näme oglan göwnemän, aýagyny depip durjak bolsa şoňa görä bolmaly bolar-da, ugrugan işimi taşlamaga dözmän aýdaýdym. - Ine, munyň başga gep, gel, bir posajyk alaýyn! – diýip, Mälik töweregine garanjaklady. - Kilçermesene, memmildäp! – diýip, Şirin Mäligiň elinden sypyp öýüne girdi. Mälik Şiriniň bu boýun bolmagyny begenjeginem bilmedi, gynanjagynam... Däp-dessuram gowy zat welin, özüň işläp ýörseň, gelniňem şular ýaly telekeçi bolup et, ýag, süýt öndürip dursa olam kemje-kerem däl ahyryn... | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: “Garakçylar kerwen görse begener” - 02.06.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Köne mülk -12: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |