22:02 Bäşgyzyl -33: romanyň dowamy | |
OTUZ ÜÇÜNJI BAŞ
Romanlar
1. Bu topraga geljek toprak ýok diýýärler welin şol dogry bolmalydy, sebäbi sepilen bugdaý öz-özünden gögerip, bir dänesi müňläp barýandyr, bir gysymyny gazana atyp bişirersiň welin öýüň erkek göbeklisi gerk-gäbe doýar, soň aýallar çagalary bilen ony gutaryp bilmän, goňşularyna hem dadyryp çykarlar, noýba ekersiň welin her biri ýer gurçugy ýalydyr, ýer gurçugyny göz öňüne getirip bilmeýänler üçin başam barmak ýalydyr, üç-dört dänesi – adamy gerk-gäbe doýurar, mäşini, darysyny, mekgesini, sogandyr-sarymsagyny, gawundyr garpyzyny aýt! Akýap topragynyň adamlaram göze görnükli geläýýändir, iň pes boýlusyny öňe çykar, garaýaplylaň orta barmak ýaly diýýänlerinden beýikdedir. Umumanam, aýakgaplylaryň häsiýetleri birneme ýaňrarak, öwünjegräk bolansoň garaýaplylar olaryň gürrüňlerine känbir pitiwa edip hem durmazdylar. Meselem, akýaply bir zady şeýle bir süýjüdip gürrüň berer, diňleseň edil iki gyrasy bag-bakjaly öwrümli derýa ýalydyr, ýöne gürrüňi tamamlaýança onuň näme hakdalygyny ýadyndan çykarar, garaýaply daýhan «elim ýarçyk atypdyr» diýse, akýaply «Elimiň ýarçygynda serçe ýumurtgalap höwürtge ýasapdy» diýip, gözüni gyrpman aýdar, garaýaplyň eline diken çümse, iňňedir temen gözleşip ýörendir: akýaply dili bilen ýalarda dişi bilen sowrup goýbär, tikenleri welin tükederden kändir. Aslynda, otuzynjy ýyllaryň başlarynda akýaplylaň, garaýaplylaň oturymly mekanyna Çöňür diýerdiler, ýer-suw paýlanyşygy zerarly bije atyşylanda doganlaryň biri Akýaba, beýlekisem Garaýaba düşüpdi. Akýap diýip gündogar günorta tarapa çekilen suwly ýaba, garaýap diýip gündogar günbatara çekilen suwly ýaba aýdardylar. Şeýdibem asly bir maşgaladan bolan adamlar akýapla garaýapla öwrülipdiler. Ilatyň sanynyň artmagy bilen täze obalar döräp olara 1-2-3 akýap diýip at dakypdylar, soň-soňlar her oba öz döwrüne görä ada eýe bolupdylar. Akýap obasynyň bir gyrasy demir ýola baryp direýärdi, ondan aňyrda, belent çäge depeli çöl başlanýardy. Oba adamlary mallaryny demir ýoldan geçirip bakardylar. Altmyşynjy ýyllaryň aýaklarynda hut şol çölde gaz tapylypdy, ýetmişinji ýyllaryň başlarynda bolsa, hususan-da, 1971-nji ýylyň güýzünde ilkinji edara açylyp, senagat desgalarynyň düýbüni tutmak, ýol gurmak ýaly işleriň başy başlanypdy. Işiň bimöçber köplügi zerarly indiki ýyl Aşgabatda önümçilik birleşigini, Şehitlide gurluşyk trestini döretdiler. Gaz ýatagy, Şehitli ady bilen belli bolan çölde tapylansoň Garybatadan 5-6 kilometr daşlykda gurlup başlan wagtlaýyn oba şol ady beripdiler. Bu ýere ähli künjekden gelýän adamlaryň sany-sajagy ýokdy, olara ýaşar ýaly jaý üpjünçiligi öňe keserip çykypdy. Jaý gurmak üçin bolsa ýer gerekdi. Gurluşykçylar Garybata demir ýol duralgasynyň günorta tarapyndaky giň meýdanyň berilmegini sorap Sakarçäge etrabyna ýüz tutdular, bolmady, soň Sakarçäge şäherçesiniň demirgazyk tarapyndaky, Daýhan obasy bilen aralykdaky giň boşlugy dilediler, «merkezi täzeçe abadanlaşdyraly, Mary Sakarçäge aralykda trolleýbus gatnawyny ýola goýaly, şäherçäni gözel şähere öwüreli» diýdiler, ýene bolmady, raýonyň şol wagtky ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Ýazdurdy Beknazarow «Her dürli adamlar ýygnanar, jenaýatçylyk köpeler, dynç başymy kel-kele sokasym gelenok» diýdi, soň Mary şäher ýolbaşçylaryna ýüz tutuldy, emma, daşyndaky obalaryň ýakynlygy sebäpli şäheriň ösmegine mümkinçiligi ýokdy, has dogrusy, jaý salmak üçin meýdançalar bölünip berilmeýärdi, onsoň Mary şäherini giňeldip gurmak meselesi hem aradan aýrylýardy. Şeýle kyn ýagdaýda, gurluşykçylar Moskwa ýüz tutup, öz şäherlerini gurmaga ýer bölünip berilmegini soradylar, diňe Moskwanyň rugsadyndan soň Mary oblast ispoleomy çäge alaňlarynyň bir böleginde şäher gurmaga rugsat berdi. Şondan soň 60 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taýýar önümleri Garybata demir ýol duralgasyna gelip başlady. Ýükleriň çakdan aşa köp gelmegi demir ýol duralgasynyň giňeldilmegini talap etdi, bir ýandan täze ýollar guruldy, beýleki tarapdan, getirilýän ýükler düşürilip wagtlaýyn şäherçäniň gurulmaly ýerine daşalyp başlandy. Şol wagtlar demir ýoldan ilerde hiç hili ýol ýokdy, agyr çägelikdi, şol sebäplem ýükler traktorlaryň kömegi bilen çekilýärdi. Ilki bilen jenaýat işlerinden şertli boşadylanlar Soýuzyň dürli künjeginden işe gelip başladylar, ýerli ilat olara «gözboýagçylar» diýip at goýdy. Her zatda bolsa «gözboýagçylyk» etmän olar umumy ýaşaýyş jaýyny gysga möhletde tabşyrdylar, şobada hem Buharadan, Gazly şäherinden hünärmenler geldiler. Trestiň şol wagtky dolandyryjysy Ştefan gaz gurluşygyna goýberilýän serişdäniň hasabyna ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin Moskwanyň eteginden ýer aldy we çig malyň ilkinji tapgyryny şol ýere ugratdy. Gurbannepes bu habary gazyň gurluşygyna gerek boljak çig maldyr, enjamlaryň maksatnamasyny goramaly bolanda Moskwada eşidipdi. Gaz ministrliginiň üpjünçilik bölüminde oňa «Maksatnama ýaman däl, ýöne ony kabul etdirjek bolsaň ýa-da desga tabşyrjak bolsaň kisäň galyň bolsun» diýip ýaňzytdylar. Gurbannepes bu talaby Şatlyga ýetirdi, ol ýerden kisesi galyň ýörüte wekil ugradyldy. Şeýdibem, maksatnama tabşyryldy. Ministrligiň wekili Gurbannepesi yzyna ugradan-da «Ine, şeýdip akyllyja bolsaň işiň çalt biter, horlanmarsyň, islän çig malyňy, enjamyňy alyp bilersiň, muny kyn görseň, başga-da bir ýol bar, siz-de gyzyl pula deňe-deň haryt bar... Düşünmediňmi? Men türkmen waharmanlaryny göz öňünde tutýaryn! Moskwada oňa gyzyl pul diýýärler» diýdi. Soňky gezek Moskwa sapara gitmeli bolanda Gurbannepes bäş halta gawundan ýüklendi, eliň boş barsaň hiç kim seniň ýüzüňe seredenokdy, Aşgabadyň aeroporty bolsa adama ýigrimi kilogramdan ýokary ýüki kabul edenokdy, onsoň ýokary wezipeli adamlaryň tagallasy bilen ýükleri äkitmäge razy edilýänçä, çekilýänçä uçar ýarym sagat gijä galmaly bolýardy. Haçan-da türkmen gawunlarynyň başyňy aýlandyryjy ysy Domededow aeroportyny gaplap alanda, onuň nämedigini birje gezek gawunyň tagamyny dadyp gören her bir moskwaly bilýärdi. Hut şu ys boýunça Gurbannepesi tapdylar, bu gezek ol «birinji gaz arassalaýjy baş desganyň hapa suwlaryny ýygnap alyp gidiji we iteriji desgasynyň» döwlet agzalary tarapyndan gol çekilen namysyny Moskwa alyp gidipdi. Bu nama gol çekýän agzalaryň gollaryny ýygnamak üçin Gurbannepesiň gören görgülerini aýdyp tükeder ýaly däldi, onda 12 edara ýolbaşçysynyň, şol sanda ýangyn söndürijileriň hem goly bardy. Olaryň goluny almak üçin ýetmiş kilometr ýoly geçmelidi, bararsyň, edara başlygy tapylmaz, onsoň garaşarsyň, tapylaram welin başlygynyň göwnüne bir zat berilmese ertir gel diýer. Gaýdarsyň onsoň ýüzüňe urlan ýaly bolup, ýene-de ertesi bararsyň. Şeýdip, tä goluny alýançaň gatnarsyň. Gurbannepes «Hapa suwlary ýygnaýjy we iteriji desgada ýangyn söndürijileriň goly nämä gerek-kä?» diýip öz-özüne sorag berdi. Onsoňam desgany kabul etmek üçin döredilen agzalar ýygnanyp, desgany bir-iki günde kabul edip bilmejek bolsalar, olaryň nämä geregi barka diýen soragy özüne berdi. Emma oňa jogap tapyp bilmedi. Şol gezek Moskwada ony örän hoşamaý garşyladylar, waharmanlar gudratyny görkezdi. Oňa müner ýaly maşyn berdiler, şähere aýladylar, şäheriň eteginde Şatlyk gaz käniniň hasabyna guruljak şäheriň ýerini gorkezdiler, oňa-da bir jaý bermegi wada etdiler. Gurbannepes bu habary eşidip geň galdy. Näme üçin Şatlyk şäherinde işçileriň ýaşamagy üçin hiç hili mümkinçilik ýok wagty bu ýerde şäher gurulmaly, kim ony gurnap ýör, kim ýolbaşçylyk edýär? Asyl derňäp görse, bulary gurnaýan «Şatlykgazgurluşyk» trestiniň dolandyryjysy Ştefan bilen onuň baş hünärmeni Leýdiker bolsa nätjek! Gurbannepes Şatlyga dolanyp gelenden soň partiýanyň Mary oblast komitetiniň birinji sekretaryna giňişleýin hat ýazdy, şol hatda ol Şatlyk gaz käniniň taslamasy boýunça gurluşykçylar üçin aýratyn şäheriň gurulmagynyň göz öňüne tutulandygyny, ýöne, şäher gurmaga «ýer bölünip berilenok» bahanasy bilen şol serişdeleriň hasabyna Moskwanyň eteginde şäher gurluşygynyň başlanandygyny, munuň bolsa gurluşygyň normalaryna, düzgünlerine, tertiplerine galyberse-de, taslama gabat gelmeýänligini anyk mysallaryň üsti bilen düşündirdi, sowatly ýazylan hatyň derňewi örän galmagally gutardy. Gurluşyk düzgünlerini gödek bozany üçin trestiň dolandyryjysy Ştefany işden boşatdylar, Leýdikeri bolsa işden boşadyp, partiýa hataryndan çykardylar, soň ol Moskwa gidip partiýa bilediniň gaýtaryp berilmegini gazandy, ýerli guramalar ýer bölüp bermedi we öňki işinde işläp başlady, gelen badyna önümçilik bölüminiň başlygy bolup işleýän Gurbannepesi wezipesinden boşatdy-da, şol bölüme hünärmen edip belledi. Gurbannepesiň aýlygy ep-esli azalýanam bolsa, boýun bolmakdan başga çäresi galmady, güýçliniň garşysyna göreşip bilmejegine gözüni ýetirdi. Dogrusy, şäheriň Şatlykda gurlup başlanmagy onuň üçin ýakymsyz gutaranam bolsa türkmen gurluşykçylary üçin bahasyna ýetip bolmajak üstünlik boldy. Emma bu üstünlik nähili kemsitmelere sezewar etdi, ony bilýän ýokdy. 1971-nji ýylyň güýzünde başlanan gurluşyk, dört ýylyň içinde ägirt uly gerime eýe boldy, alty sany ýöriteleşdirilen gurluşyk gurnama edaralary, awtoulaglar kärhanasy, ilata hyzmat ediş bölümleri açyldy, 1975-nji ýylda Şatlyk gaz käniniň birinji baş desgasynyň gurluşygy üstünlikli tamamlandy, desgadan çykarylýan gaz bir ýylyň içinde özüne çykarylan ähli çykdajylary ödedi, Şatlygyň gurluşykçylaryny halk hojalygynyň gazananlarynyň Bütinsoýuz sergisinde görkezdiler, herü ç aýdan Soýuzyň göçme baýdagy, goşmaça pul baýraklary berildi, ýylyň jeminde treste Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni berildi. Gurbannepes bu sylagyň berilmeziniň oň ýany bäş halta gawun alyp, Moskwa gidipdi. Ministrligiň bir jogapkär işgäri oňa «Sen iki halta gawuny artyk getiren bolsaň, Zähmet Gyzyl Baýdak ordenine derek Lenin ordenini alyp bilýädiňiz» diýdi. Gurbannepes muňa gynandy, wah bilen bolsa, ýedi halta gawuny arkasyna alyp Moskwa eltmäge razydy ahyryn... Şol döwürlerde gurluşykçylaryň arasynda sosialistik ýaryşyň gerimi örän güýçli alnyp barylýardy, ýönekeý kerpiç örüjiden başlap, ulaglaryň, tehnikalaryň sürüjilerine çenli her işçä maksatnama düzülýärdi, onuň esasynda bolsa toparlar birek-birek bilen ýaryşyp, ýaryşda üstün çykanlara baýraklar berilýärdi. Hut şu meselede hem Gurbannepes ýakymsyz ýagdaýa duçar bolupdy. Şol hatdan soň onuň her bir herekedini gözegçilikde saklaýan Leýdiker bir ýygnakda sosialistik ýaryşa kembaha garaýanlygy, işi boýunça maksatnama düzüp, ýaryşa goşulmaýanlygy üçin Gurbannepese käýinç yglan etdi. Gurbannepes sesini çykarman otursa-da bolýardy welin, hakykady aýtmany endik edensoň, durup bilmedi: - Men önümçilik bölüminde işlemek bilen, gurluşykçylary maksatnamalar, meýilnamalar, bar bolan taslamalar bilen üpjün edýärin, gurluşykda iş tehnologiýasy boýunça soraglary ýerinde çözýärin, çig mallaryň üpjün edilmegine gözegçilik edýärin, ýagny wezipäm boýunça etmeli işimi ak ýürekden ýerine ýetirýärin. Sosialistik ýaryşa gatnaşmak üçin men näme etmeli? Bir tagta kagyzy artyk ýazdym diýip kimde bolsa biri bilen ýaryşmalymy? Men kerpç örüji däl, kebşirleýji däl, ýaryş şolaryň arasynda gurnalmaly, meň ýaly tehniki işgärler ýaryşy gurnamaga öz goşantlaryny goşmaly. Şular sebäplem men öz adyma aýdylan bellikler bilen ylalaşmaýaryn... Gurbannepes öz göwnüne osýardy, sadady, «sadalykdan zyýan gören ýok» diýselerem, ol köplenç kösenýärdi. Ýaglyja käýinji ol hut şu «ylalaşmaýaryn» diýen sözi üçin boýnuna dakynypdy, ýogsam, näme diýse «Lepbeý, başlyk» diýip duranlara Leýdiker käýinç berenokdy. Altmyş adamlyk gurnama, umumy ýaşaýyş jaýlary Şatlygyň wagtlaýyn şäherçesinde hatar tutup durdy, täze jaýlar köpelse, köçeler peýda bolýardy, medeniýet ojaklary naharhanalar, dükanlar gurulýardy. Altmyş adama niýetlenen ýaşaýyş jaýynyň her otagynda ýaşar, dynç alar ýaly hemme mümkinçilikler bardy, ýyladyş gaz, suw, tok ulgamlary çekilendi. Her işçi bir otagda ýerleşip, maşgalasyny getirmäge mümkinçilik bardy. Şeýlelikde, Şatlygyň ýaşaýjylary gün-günden köpelip gidip otyrdy. 1972-nji ýylda türkmen telewideniýesinde ilkinji gezek ors gepleşikleri görkezilip başlandy, şäherçede spirtli içgileri içmek gadagan edildi, huşa getiriji otaglar bolmansoň, milisiýa işgärleri hem ýokdy. Gurbannepes işini söýýärdi, höwes bilen ýerine ýetirýärdi, ony ýaýdandyrýan ýagdaýlar, desgalar döwlete tabşyryljak bolanda ýüze çykýardy. Desgany kabul etmeli döwlet agzalaryny «kanagatlandyrmak» üçin (ýokarda bellenilen sebäplere görä) gurluşykçylar kä ýerde artyk ýazmalara, artyk çig mal harç edilmegine ýol berýärdi, şondan gelýän serişdeler bolsa «paýlanylýardy». Bu haram işe Gurbannepes ýaly halal zähmet çekip ýören adamlar goşulmaýardylar. Olar öz wyždanynyň garşysyna gidip, artyk ýazylan pullary almakdan we beýlekä bermekden ýüz öwürýärdiler, onsoň, bu hapa işi işýakmazlar, ýaltalar höwes bilen ýerine ýetirýärdi, netijede aýyň aýagyna hallyň-sallyň bilen gününi geçirip ýören işýakmaz ýaňky, halal işleýänden haky artyk alýardy. Munuň özi gowy işleýän-de gahar-gazap döredýärdi... ýa-da başga bir ýagdaý... Gurluşyk çig mallarynyň üpjünçiligi köplenç iş buýrujynyň üsti bilen çözülýärdi, olar aýyň başynda iberilmeli zatlary, dürli «sebäplere» görä aýyň aýaklarynda getirýärdiler, ýogsam ellerinde iki taraplaýyn ylalaşyk haty bardy, onda bolsa her günki çekilmeli ýükler anyu görkezilýärdi. Ine, onsoň aýyň aýaklarynda getirilen çig mallary gurnap aýlyk maksatnamany ýerine ýetirmek mümkin däldi, muny iş buýrujam, ýerine ýetirijem gowy bilýärdi, işi ýerine ýetirijiler işsiz ýatan işgärlerine aýlyk ýazmak üçin iş buýrujynyň ýanyna ýalbaryp, öz aýagy bilen barmaly bolýardylar, iş buýruja geregem şoldy. Beýle ýagdaýlara, haram eklenjiň kül-külüne düşen käbir wezipeli adamlar gözlerini ýumýardylar. Gurbannepes näme üçin bulary ýatlaýar? Şeýle kemçilikleriň düýp köküniň ýok edilmegini, gaýdyp ýüze çykmazlygyny gazanmaly, ony gazanjyk bolsaňam gurluşyk işinde her bir adamyň jany-teni bilen işlemegi, halal işläp, halal gazanç etmegi gerekdi. Umumanam, gurluşyk işlerinde aňsatlyk bilen üstünlik gazanylmaýardy, aýratyn hem gazyň gurluşygynda... Gazyň gurluşygy göçme bolansoň ondaky işi ýerine ýetirijiler göniden-göni işgärleriň arasynda bolup işi gurnaýarlar, buýrulan ýumşuň gürrüňsiz ýerine ýetirilmegini gazanýarlar, berk tertip-düzgüni saklap, öňde goýlan wezipäni ýerine ýetirmekde ugurtapyjylyk görkezýärler. Jaý gurluşygynda başga mesele! Onda desga bir nokatda ýerleşýär, gazçylar welin gaz geçirijini gurmak üçin köp päsgelçilikleri böwsüp, ürgün çägäň içi bilen ýüzlerçe kilometri geçmeli bolýarlar. Gurluşykçy bilen gurluşykçyň tapawudy hut şu ýerde aýyl-saýyl ýyl edilýär. Gazyň göçme gurluşygynda işi ýerine ýetirijileriň guruljak gurnama tehnologiýasynyň iň inçe syrlaryny gowy bilmekleri, kada gabat getirip gurmaklary, maşyn-mehanizmleriň peýdaly hereketleriniň ýokary bolmagyny gazanmaklary gerekdi. Olaryň iş tejribesiniň ýokary bolmagy, meseläni çalt, dogry, peýdaly çözmegi, iň kyn ýagdaýa düşende hem özbaşdak karara gelip, ony aradan aýyrmagy gerekdi, eger ýolbaşçylary işine sowuk-sala garasa, onda gurluşykda önjeýli netijeleriň gazanylmajagyny önümçiligiň we işgärleriň işiniň dogry ýola goýulmajagyny bilmegi gerekdi, toparlaryň arasynda potratçylyk iş usulyny girizip, onuň hojalyk hasaplaşygy esasynda alynp barylmagyny gazanmagy hem gerekdi. Nirede işi ýerine ýetirijileriň hut özleri muňa gönüden-göni gatnaşsa, şol ýerde işiň gurnalyşy ýokary derejede bolýandyr. Çig mallaryň zaýaçylygyna ýol bermezlik, abat saklamak, işiň howpsuzlygyny gazanmak, desgany kada doly gabat getirip gurnamak, ambarlary tertipli saklamak, işgärleriň çig mal ýetmezçiligi zerarly işsiz durmazlygyny üpjün etmek, olaryň «dilini» tapmak, sebäpsiz işden galýanlaryň sanyny azaltmak ýaly ýene-de muňa meňzeş meseleler olaryň üns merkezinden sypmaly däldir. Önümçilige ýolbaşçylyk edilende çykdajylaryň azalyp, girdejileriň ýokarlanmagynda, gurluşygy degişli dokumentleriň sada, düşnükli hem-de sanynyň az düşnükli görnüşinde toparlara ýetirilmegi, taslamalaryň manysyny düşündirýän çyzgylaryň, görnükli ýerde asylyp goýulmagy gerekdi. Işgärleriň gazanýan üstünliklerini höweslendirmek, her işgäriň aýlygyny işiň gutarnykly jemine, desganyň ýokary hilli, wagtyndan öň gurulmagyna bagly etmek, her bir iş üçin işgäriň jogapkärçiligi duýulýar ýaly etmek gerekdi. Ahyrky netije, zähmet öndürijiliginiň artmagyna, zähmet hakyň köpelmegine getirýändigi bilmegi gerekdi, şol sebäplem işi ýerine ýetiriji bilen onuň elinde işleýän ussanyň borçlary, wezipeleri örän anyk bolmalydyr, biriniň ýerine ýetirýän işine bkýleki goşulmaly däldir. Göçme gurluşyk işlerinde, gurluşyga ýolbaşçylyk etmek wezipesi iki görnüşde alnyp barylýar, olaryň birinjisi diňe bir adamyň buýruklarynyň gürrüňsiz berjaý edilmegi, /oňa käte awtoritar ýolbaşçy diýýärler/ ikinjisi işe köpçülikleýin ýolbaşçylygyň amala aşyrylmagydyr. (oňa demokratik ýolbaşçy diýýärler). Birinji ýagdaýdaky ýolbaşçy işi gowulandyrmak üçin hödürlenýän başga pikirleri ünsden düşürip, ýygy-ýygydan ýygnak geçirýär, onda her bir işgäre buýruk esasynda iş tabşyrýar. Dogry, bular ýaly ýolbaşçylygyň gowy ýerlerem bar, ýetmiş ýyllap ýokardan berilýän buýruk boýunça işlemäni endik eden işgärler üçin ol erbet däl, iş buýurdy, ýerine ýetirdi, indem indiki buýruga çenli garaşyp ýatmaly, kellesi agyranok, işi täzeçe gurnajak bolup pikir edenok, adamyň adyny tutanok, «aç başym dynç başym» edýär. Ikinji ýolbaşçy öz garamagyndaky hünärmentleriň iki elini boşadýar, umumy ugry görkezensoň, işde ýüze çykýan soraglary ýerinde, özleriniň çözmegini talap edýär, bu ýerde iş buýrujydan tä işçä çenli işi gurnamak meselesi özlerine galýar. Hakykat ýüzünde welin bu iki ýolbaşçyň haýsynyň iş usulynyň dogrulygyny anyklamak kyn düşýär, käbir ýolbaşçy olaryň ikisinem ulanýar, gyssagly işi amala aşyrmakda buýruk berilse gowy bolýar, ara daş, aragatnaşygyň çäkli ýerinde ikinji usul peýda berýär. Umuman aýdanyňda işi dolandyrmak diňe bir ylym däl-de, ol sungatdyr ýa-da sungata ýakyn zatdyr. Ýolbaşçy ýerli ýagdaýy nazarda tutup, buýruk berip biler, meseläni özleriniň çözmeklerine-de goýup biler. Bu iki usulyň haýsyny ulanmaly diýen sorag ýüze çykanda garamagyňdaky işgärleriň ugurtapyjylygyny, işe bolan şahsy gatnaşygyny, toparlaryň agzybirligini, tertip-düzgüni, her işgäriň şahsy jogapkärçiligini göz öňüne tutup, netije çykaryp bolar. ýolbaşçyň gerek ýerinde iki usuly ulanyp bilmegi onuň ýolbaşçylyk ukybynyň ýokarylygyna şaýatlyk edýändir. Öz garamagyndakylar bilen gowy düşünişýän bolsa diýmek, ol işine ökde ýolbaşçydyr, bulary gazanjak bolsaňam onuň durnuklylygy, ähli işden başy çykmagy, parahatlylygy, kämilligi, mähirliligi bolmalydyr. Gopbamsy, kemsidiji äheňde berilýän tabşyryklar ýerine ýetiriler, ýöne adam öz isleginiň garşysyna gidip ýerine ýetirer. Adamlar bilen sada dilde düşünişseň, käbir kemçiliklerine, häsiýetlerine çydamlylyk görkezseň, bu diňe bir işiň ilerlemegine täsir etmän, eýsem ýolbaşçynyň ahlagynyň, medeniýetiniň, biliminiň, terbiýesiniň, edep-ekramynyň ýeterlikdigini görkezýändir, ynanmak, aýdylýan bellikleri, teklipleri ünsli diňlemek onuň has-da mertebesini, abraýyny beýgeldýändir. Ýokary işi we şahsy häsiýeti bolan adam ýokary talapkärçilik görkezse, oňa düşünerler, eger olar her bir işgäriň häsiýetine baglanyp haýyş hökmünde, maslahat hökmünde, buýruk hökmünde berlende, ýogsam düşünişmezlik artar. Şeýle pikirleri serinde aýlan Gurbannepes, Kaka Rejebiň iş usulyna köp wagtdan bäri syn edip gelýär. Ol buýruk bermäni gowy görýär, onuň dogrulygyna ýüregi bilen ynanýar, şeýdip garamagyndakylaryň ynamyna girýär, her buýrugyň ýerine ýetirilişi barada işgäriniň hasabatyny arasyny bölmän diňleýär, ýalan sözlände hem sowukganlylygyny saklaýar, soň buýrugyň ýerine ýetirilmeginde işgäriň goýberen kemçiliklerini sanap çykýar, ýalan sözlän ýerini ýüzüne goýýar hem-de eden işi kemçiliginden artyk gelse zat diýmeýär, kim gelse welin duýduryş berýär, käýinç ýene gaýtalansa jerimee salýar. Şol sebäplem Kaka Rejebiň beren buýruklary möhledinde ýerine ýetirilmelidi, eger ýetirilmese onuň sebäplerini sanamalydy. Ol her bir işde näme etmelidigini bilýär – diňe bir bilmek däl, bilmeýäne onuň ýerine ýetirilişini ýaltanman görkezýär, onuň tüweleý ýaly arman-ýadaman, gije diýmän, gündiz diýmän beren buýruklarynyň ýerine ýetirilişini barlap ýörişini görende Gurbannepesiň Kaka Rejebe nebsi agyrýar, oňa ýolbaşçylygyň iki usulynam bilelikde ulanmagy maslahat berýär. Kaka Rejep «bolýa» diýse-de, öwrenen endiginden çykyp bilmeýär, ol bolsa öz gezeginde adamyň gereginden artyk ýadamagyna, netijede, keýpiniň bozulmagyna, sähel zat üçin sesini gataldyp durmagyna, hat-da paýyş sözleri agzyna almagyna getirýär... Bäşgyzyl gaz käniniň gurluşygynda üstüne düşen uly jogapkärçilik aljyratjak boldumy ýa-da halk maslahatyna wekil bolansoň, işiň agramy iki esse artdymy, garaz ol soňky günlerde sögünmäni çykardy. Gurbannepes bir gün önümçilik meselesini çözmek üçin onuň ýanyna bardy. Ol keýpsizdi, gaharlydy, daň atandan gije sagat bire çenli işlesede, işini gutaryp bilmeýänliginden zeýrendi. - Men şu gün ähli bölümlere aýlanyp çykdym, işleriň gidişinden göwnüm suw içenok, aýratyn hem önümçilik bölümi tarapyndan işleriň ýerine ýetiriliş kagyzlaryna bolan gözegçilik ýaramaz alnyp barylýar, gurluşyk bölümleriň käbir hünärmenleri diýmäýin diýsem Kaka Rejep paýyş sögundi. Şulara alyp barmalydyram öýdenoklar, edil seýilgähe baran ýaly arkaýyn – Kaka sözüne dyngy berde Gurbannepese seretdi. Gurbannepes Kaka Rejebiň bu aýdanlarynyň dogrulygyny bilýärdi, soňky paýyş sözüni aýtmanda-da düşünýärdi, hut şol meselede işi ýola goýmakdaky käbir päsgelçilikleri aradan aýyrmak üçinem onuň ýanyna gelipdi, olar kagyz çatar ýaly bukjalardan, kagyzdan, çig malyň hilini, mukdaryny görkezýän talapnama ýaly uşajyk zatlardan durýanam bolsa ýok ýerinde olarsyz işem bitip baranokdy. Gurbannepes olary agzaman, gaýtam kaka Rejebiň käbir häsiýetlerine özüniň täsiriniň etmegini gazanjak boldumy, keýpini göterjek boldumy: - Sögünmäni öwrenmekligiň hünärini ýokarlandyrýan mekdep haýsy ýerde bar-ka? – diýip sorady. - O nähili mekdep? – Kaka Rejep soragly nazaryny oňa gönükdirdi, bu garaýyşda «Sen meni oýnajak bolýaňmy?» diýen sorag bar ýalydy. – Beýle-de mekdep bolarmy? - Aý, näbileýin, eger bar bolsa meni şoňa ugradyň diýäýjekdim... Biziň ýolbaşçylarymyzyň köpüsi şonda sapak alana meňzeýär, bir men «sowatsyz» galypdyryn, Gaýyp garyn diýjekmi, ýene-de... - Annamämmet ol mekdebi ýokary bahalar bilen gutardy. – Kaka Rejep gürrüňiň nirä baryp degýändigine düşünip, Gurbannepesiň sözüni böldi, soňam agzyndan çykan sözüň ýerliksizdigini nygtajak bolýan ýaly – halys janym ýanýa-da käte agzymdan sypaýýar... Ony özümem duýman galýan... Soňky günleriň syýasatyny, kada-kanunlaryny işgärlerimize okatmak gerek, goý, sögünçlerinii azaltsynlar, şony sen ýola goý, ýaşuly! – diýdi. - Bu meniň tüýs başarjak zadym... - Telewideniýe boýunça daşary ýurtlardan berilýän gepleşikleri çagalara görkezmäni bes etdim, daşary ýurtlardaky wejeralyklar hiç bir jähtden azat ýurduň, demokratiýanyň çägine syganok, ol baryp ýatan azgynlyk, urha-urluk, atha-atlyk... Beýle zatlar çagaň aňyny zäherleýär... Biz esasy gürrüňimizden birneme daşlaşdyk öýdýän... Hawa, men aýtjak bolýan zadym ýaşuly, etiňi birneme gataltmasaň boljak däl, ediläýmeli işler edilmese, men hiç kimi sylap durman, şony berk belläň... Ýaňky aýdan talapnamalarym bir wagt taýyn edilmeli ahyr. - Men bir zada geň galýan – diýip, Gurbannepes mylaýym ýylgyrdy. – Siz o barada pikir eden dälsiňiz... Haçan-da men, taslama institutynyň başlygy, sizeem işgärim bolaňyzda maňa «siz» diýip ýüzlenýärdiňiz, indi, siz trestiň dolandyryjysy men ýönekeý işgäriňiz, ýaşym boýunça uly – indi siz maňa «sen» diýip ýüzlenýärsiňiz, iň bärkisi oturmaga mürähet etmeýärsiňiz... Eger mundanam ýokarrak çekilseňiz «Ýaşuly, maňa gazly suw getir» diýseňiz gerek! - Şeýlemi? – diýip, Kaka Rejep başyny ýatdy, birdenem – Siz maňa gowy sapak berýärsiňiz, ýaşuly, bagyşlaň, oturyň, oturyň, oh, salamlaşmadymam öýdýän. – Kaka ýerinden turup elleşdi. – Ýaşuly men bagyşlaň şu iş bilen halys başym çaşdy... Siz oturyň! - Eger başga aladaňyz bolmasa men-ä işim bilen bolaýjak – diýip, Gurbannepes şol duran ýerinden jogap berdi. - Başga aladam ýok! – Haçanda, Gurbannepes gapa tarap ýönelende – Ýaňky mekdep diýeniňiz üçin daşa gidip oturmaňda göni Annamämmediň ýanyna baraýyň, ýanynda ýarym sagat otursaňyz ýyllara ýetjek «sapagy» alarsyňyz, onuň öýündäki sygyram «sögünmese süýt berenokmyş» diýip Kaka Rejep ýylgyrdy. Gurbannepes Annamämmet bilen bir wagtda diýen ýaly 1972-nji ýyllarda Şatlykda işe başlapdy, ony 5-nji gurluşyk gurnama edarasynyň başlygy Bogatyrew diýen adam öz ýanyna işe alypdy, bir ýyl geçmänkä, Annamämmedi Goşun gullugyna çagyrdylar, şol döwürlerde ýokary bilimli hünärmenleri gulluga çekerdiler. Goşun gullugyndan gelip, bir ýyl geçmänkä Annamämmet düýbünden üýtgedi, öň ol diýseň utanjaň, artyk söz agzyndan çykmaýan, aýal-gyzlar ýolda gabat gelende, utanjyna gulagyna çenli gyzarýan, işi boýunça gepleşmeli bolanda hem ýanynda adam bolmasa, dilini ýaryp bilmeýän medeniýetli geýnen, ortadan pesräk görmegeý oglandy, geplände edil gök gürleýän ýaly abyr-dabyrly, içmäni, sögünmäni «Eşekden palan alança» görmeýän Bogatyrew, Annamämmediň beýle utanjaňlygyny görüp ýanynda oturtdy-da, özüniň işgärlerine «sögüşini» diýletdi, şeýdibem, paýyş sözleri «ballym» diýenden kem görmeýän Annamämmedi «terbiýeledi», soňabaka ol paýyş sözleri agzyna almakda «mugallymyndanam» ozdurdy, ony Bogatyrew Gurbannepesiň ýanynda boýnuna alypdy. Sögünmäni halys endik eden Annamämmet, çala sebäp bolsun, sebäpsiz bolsun, birden gaharlanyp gygyrybererdi, gaharynyň çalt gelşi ýalam aýrylardy, her näçe sögünse-de, gaharlansa-da, birine ýamanlyk edeýin diýen niýeti ýokdy, ýüregi ýukady, toýlary, dabaraly duşuşyklary geçirmekde, guramaçy bolmagy halaýardy, kisesinde puly bar wagty gysganman paýlardy, onuň bir gowşak tarapy, bölümiň başlygy hökmünde özüniň sylanmagydy, dogrusy, ony gowşak tarap diýibem boljak däldi, bir egne otuz ýyllap çig mal üpjünçilik kärhanasyna ýolbaşçylyk etmek, her kime başartjagam däldi, umuman üpjünçilik ýaly goh-galmagally, kä ýerde sögünip, kä haýbat atyp, kä iýdirip-içirip, çig mal almak ýaly hysyrdyly işi Annamämmetden başga oňarjak hem ýokdy, sögünse-de işgärlerini jany-teni bilen goraýardy. Onuň guramaçylyk ukyby SSSR dargandan soňky on ýylyň içinde has-da äşgär boldy, öň Şatlygyň gurluşygyna gerek çig mallar, enjamlar Soýuzyň segsen şäherinden getirilýän bolsa, indi, ol gatnaşyklar galypdy, hiç kime hiç zat berilmeýärdi, ol welin şäherden şähere baryp, çykdajy baryny çykaryp, gurulýan desgalaryň çig mal, enjam üpjünçiligini ýola goýmany başarypdy, soňky on ýyldaky şu hyzmatlary üçin oňa näme at berseňem, näçe sylasaňam azdy, ýöne, soňky ýyllardaky düşündirip beýan edip bolmajak hysyrdylar, çäksiz aladalar onuň saglygyna zeper ýetiripdi. Şonda-da ol işini taşlaýyn, saglygyny bejerdeýin diýenokdy, gaýtam, başlyk bolmany halaýardy hem-de sözüň doly manysynda öz üstüne düşýän wezipeleri ussatlyk bilen ýerine ýetirerdi. Bir gezek Gurbannepes onuň arassa, tekjeleri ýerli-ýerine goýlan iş otagyna bardy. Annamämmet işgärleriniň birine agzyndan gelenini diýip durdy. - Näme üçin mekdebiň gurluşygyna gerek boljak çig malyň talapnamasyny düzmänsiň? Sen oňa kelläň bilen jogap berýärsiň, emma «pylanyňy pylan edeýin, Aşgabada bardym welin, şol ýok diýip yzyna gaýtardylar. Sen meni, ýüňsakgal etdiň! Indi jogap ber!» –diýip ol agzyndan gelenin sögýärdi. - Başlyk, men ony size aýtdym ahyryn, ýene bir gezek gaýtalaýyn, mekdebiň gurluşygyna gerek bolýan çig malyň doly talapnamasyny geçen ýyl düzdik, şň soňky çüýüne çenli aldyk, ýöne onuň gurluşygy bize belli bolmadyk sebäplere görä togtadyldy, alnan çig mallar başga desgalar üçin sarp edildi, ýaňadan talapnama düzsek çig malyny aldyňyz diýip kabul etmezler, şol sebäplem men oňa gerek çig malyň talapnamasyny başga desga goşmaly boldum. Size haýsy desga tapawudy näme, çig mal alsaňyz bolýa-da... - Bar, bar, gözüme görünme! – diýip Annamämmet, işgärini kowup goýberdi, bir salym kellesini tutup oturandan soň içki aragatnaşyk boýunça ýene ýaňky işgäri çagyrdy. Emma ol wagty bilen gelmedi, goh gidip durka gelip oturan Gurbannepesi görenokdy. Birdenem «Saňa näme gerek?» - diýip oňa ýüzlendi, öňünde öz işgäri däl-de başga adamyň oturanyny görüp: - Oh-h, ýaşuly bu asyl sizmidiňiz, üns bermändirin, işgärimiň biridir öýtdüm. – Ol içki aragatnaşyk boýunça kimedir birine «Bärik gelip git» - diýip çagyrdy, bir aýal gapyda kellesini görkezen badyna «Bize kofa getiriň!» - diýip görkezme berdi. – Ine, bizem şeýdip işläp ýörüs, işlär ýaly iş däl, däli tentek etjek, şonda-da diýip, ol Gurbannepese seretdi. - Paýyş sözleri öwrenmek üçin daşa gidip durmaly däl ekeni, Kaka Rejep bilip salgy beripdir, «Annamämmediň ýanyna baraý» diýip Gurbannepes ýylgyrdy. - Şeý diýýämi? – Annamämmet owadan gözlerini gyrpyldadyp, Gurbannepese seretdi, soňam – Özem menden oňly doňuz däl-le! Häzir ýerindemika? – Ol telefony galdyryp – Kaka Rejep bar bolsa birikdir... Barmy? Ýokmy? Sen maňa gazal okama, pylanyňky bar bolsa birikdir onda gepleşip bolansoň birikdir – diýip, telefony taşlady. Gurbannepes, getirilen kofeden bir owurt owurtlady, şol wagt ilki käýinç alan işgär geldi-de, sesini çykarman bir çetde oturdy. Annamämmet depderindäki ýazgylaryny gutardy-da, işgärini ýaňy gören ýaly – Pylany Pylanyýewiç, näme daşda oturdyň, gel, gel ýanyma ine, kofe iç! – diýip, oňa öz kofesini hödürledi. - Başlyk, siz maňa ýaňy «ajy kofe içirdiňiz şol ýeterlik» - diýip, işgär jogap berdi. Ol tulum ýaly çişipdi. - Hany, ýanjagazyma gelsene... Düşünmän azajyk gaharlanypdyryn... Sen meni ýaňy tanamaly däl-ä! Göwnüňe degen bolsam bagyşla... Ýogsa-da, arada «jaý saldym, penjire aýnasy gerek» diýip arza ýazypdyň... Bir ýerde bolmaly. – Annamämmet kagyzlaryny dörüşdirdi, ahyrym biriniň burçuna goluny goýup işgärine uzatdy. – Al ine gol çekdim, aýnany al, ýene jaýyňa näme gerek bolsa sora, kofenem iç, ýöne, menden gaty görme! – diýdi. Annamämmet şeýle adamdy, ilki sögüp soňundanam «günäsini» ýuwmak üçin işgäriniň daşynda hözenek bolaýýardy, gatyrak öýkeläne öýkesini ýazdyrmak üçin iki-üç gün ýaranjaňlyk ederdi, ylalaşman rahatlanmazdy. Belki, şeýle häsiýetleri täsir etdimi, aşa agyr işi sebäp boldumy, soňky wagtlar onuň gan basyşy üýtgäp aşgazanynda ýarawsyzlyga uçrapdy, edil häzirem öýünde ýatyrdy. Gurbannepes ýakyn günlerde «Annamämmediň saglygyny sorap gaýtmaly» diýen netijä geldi. 2 Iki gözünden dynan Garagulagyň ýagdaýy ýeňil däldi, ýaralary bitip ugranam bolsa öz güýjüne bil baglap biljek däldi, ölmez-ödi gazanmak mümkinçiliginden kesilipdi, indi duýgurlygyny, ys alyjylygyny öňküdenem güýçlendirmelidi, çeýe bolmalydy, ýakyn dostuna Alabaýa bil baglamalydy. Ol iki aýlap diýen ýaly umytsyz ýatdy, özüne adamyň ynsapsyzlygyna, ygrarsyzlygyna gaharlandy, ol-a ýatana degmäýin diýip, ýüregi ýukalyk etdi, adamam oň iki gözüni kör etdi, indem ýüregi ýukalygy üçin Alabaýyň alyp gelýän azygy bilen oňňut etdi, bolmanda ýuwundydan galan süňkleri iýdi, aç bolmady. Haçan-da aralar birneme bitişip ugranda, Garagulak Alabaýyň kömegi bilen aw etdi. Alabaý towşandyr, keýikleri onuň üstüne gabap getirdi, olam bukuda ýatan ýerinden ys alyş ukybyna daýanyp awuna topuldy, şeýdibem, edil gözli ýaly bolmasa-da, garaz awunyň bir ýerinden agyz saldy. Olaryň ýagdaýy gün-günden agyrlaşyp başlady, haýsy depeden aşsaň adamdyr, maşyn traktordan doldy, adamyň bir ýerinden towşandyr keýikler gaçdylar, gaçmadyklar gazana düşdüler, mundan artyk saklansa Garagulagy hem sylap goýjak däldiler, şol sebäplem mülküni taşlamaga mejbur boldy. Indi oňa bir ýol, derýaň ýakasyna, sygyr ýatagyň töwereklerine, Alabaýyň ýurduna barýan ýol galypdy, dogry, ol mülk başga bir jandara-möjeklere degişlidi, ýagdaýyny tapsaň oňa barmaly däldi, ýöne Garagulak nätsin, mülküni taşlamaga mejbur bolýardy ahyryn. Iki günki tozan burnunyň, gulagynyň deşiklerini agyr çägeden doldurypdy, onsoň ses eşidijiligi, ys alyjylygy gowşapdy, şonda-da, nirä gitmelidigini bilýärdi. Alabaý ilki Garagulagyň edýän hereketlerine düşünmedi, bu mülkde adam köpdi, adamyň bar ýerinde Alabaý oňa ölmez-ödi getirip biljekdi, şol sebäplem Garagulagyň öňüne geçip, daşyndan aýlanyp «Bum ülki taşlamaly» diýen ýaly çyňsap düşündirjek boldy, emma bolmady, bir görse Garagulak onuň mekanyna barýan ýalydy, bu ýagdaý welin ony begendirmän biljek däldi, zut şol sebäplem, Alabaý öz mülküne tarap gidip, esli wagtdan soň yzyna dolanyp gelerdi-de «bol çaltrak» diýýän ýaly Garagulagyň daşyndan aýlanyp çyňsardy. Olar ahyrym derýa ýakynlaşdylar, belent depä çyksaň kenardaky gür tokaýlyk ýanyňda ýaly göründi, şu ýerden beýleki jandaryň mülki başlanýardy. Garagulak ony araçäkde galdyrylan belgi boýunça, ys boýunça seljerdi, sazaklaryň düýbüni ysgap, oýtumdyr depelere aýlanyp, mülk eýesiniň serhet «belgisini» tapdy, onuň ýokaryýanynda has görnükli ýerde, yzky iki aýagynyň üstünde oturyp «öz serhet belligini» goýdy, özem örän ymykly goýdy. Ol indi gitmek üçin bu ýere gelmändi, mülk eýesiniň ýakynlygy, duýdansyz çykaýmagynyň mümkinligi ony gorkuzman gaýtam tolgundyrdy, garpyşmaga bolan islegini artdyrdy, isleg şeýle bir güýçlendi welin nädip möjegiň köne yzy boýunça gözlege çykanyny bilmedi. Alabaý onuň öňüne düşüp bu herekedinden saklajak boldy. Olar gije ýarymdan agýança derýa bilen aralykdaky gamyşlygyň gaýra çetindäki oýtumda ýatdylar, soň tokaýlyga awa çykdylar. Onda sülgündir, towşan, ördekdir beýleki guşlar näçe diýseň tapdyrýardy. Garagulak guşlary awlamanyň ugruna bilmänsoň käte durumsyzlyk edip, bukuda ýatan ýerinden çykýardy hem-de ýakynyna gelen guşlary uçuryp goýberýärdi, şonda Alabaý onuň daşyna aýlanýardy hem-de «rahatlan, süwümsiz bolma, aw sabyrlynyň ýaranydyr, ýeriňden galman ýat!» diýýän ýaly çyňsaýardy, onda-da diýenini etmese, törpi ýaly dili bilen onuň bitip ugran ýarasyny ýalap başlaýardy, şonda Garagulakhüwdülenýän ýaly başyny egip, bialaç çekmeli bolýardy. Soňky günlerde ýüzüne degen ok zerarly ys alyş ukybynyň peselýändigine gözüni ýetirip ynjalykdan gaçdy. Indi, gyjyndyrýan ys duýma ukyby peseldi, şonda-da, adamlaryň ýaşaýan ýerlerinden gelýän gowurlan etiň ysy janyňy alyp barýardy. Bir gezek onuň tagamyny dadansoň hiç ýadyndan çykaryp bilmez ekeni. Gowurlan et, gowurlan süňk... Alabaý gitse getirýärdi, özi iýmän Garagulaga berýärdi, ine şu tagamam ony adamlaryň ýanyna çekýärdi. Şol gün agşam Garagulak iki ýana zowzuldap birahatlyk tapdy, burnuny pazlatdy, bir hili naýynjar hyňrandy. Niredendir ýanygyň ýakymsyz ysy gelýärdi. Garagulak bu ysdan gaçmakçy boldumy, ýa-da mülküň eýesini tapmakçy boldumy düşnüksiz hereketleri bilen öňe gitmesini dowam etdi, Alabaý ony yzyna gaýtarjak boldy, emma Garagulak öwrülip herekedini dowam etdi... Bir iki depe aşanlaryndan soň Alabaý Garagulagyň gozgalaý tapmasynyň sebäbine düşündi, asyl guran ota ot düşüp, barha giňäp gidip otyrsa nätjek? Oduň geçen ýerleri garalyp, göze ýakymsyz görünýärdi, henizem birki gün bäri şemal ýatypdy, ýogsam, ýangynyň möçberi çeniň-çakyňda durjak däldi. Çölüň içine has çuňňur aralaşdygyça Garagulagyň geň galdyrýan bir zat bardy, olam göçme öýleriň, traktorlardyr maşynlaryň duran-duran ýerinde taşlanyp gidilmegi adamyň ys-koky ýokdy, şonda-da heniz tüssesi bardy... Çölüň içine has çuňňur aralaşdygyça, Alabaýyň kejirligi artdy, ol eýesiniň ýaşaýan ýerinden daşa gidesi gelenokdy, Garagulagy hem alyp galjak bolýardy. Ahyrym, Garagulak yzyna dolanyp bir depe aşdy-da, saklandy... Ol üýtgeşik ysy adamyň ysyny duýdy. Adam şu ýakynlarda bir ýerde bolmalydy, diýmek gaty häzir bolup hereket etmelidi. Alabaý nirädi ýitirip bolupdy, garagulak bolsa gür ojaryň düýbüne duwlanyp adama garaşdy. Bu gezek ol ýüregi ýukalyk etjek däldi, dogrusy, ahmala galjak däldi. Haçana çenli ol adamlardan gaçyp gezsin? Gezeýin diýende mekan galdymy näme? Ýok, göze ilmän gezip bilse, olaryň ýanynda ýaşasa boljakdy, olam başardyp duranokdy. Şol sebäplem, gaýduwsyzlyk bilen öz mülküni goramaly, ölmeli ýöne yza çekilmeli däl diýen netijä geldi... Dogrusy, oňa başga ýol hem galmandy... | |
|
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Dirilik suwy -19: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy - 29.05.2024 |
√ Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy - 29.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |