21:46 Bäşgyzyl -31: romanyň dowamy | |
OTUZYNJY BAŞ
Romanlar
1. Gaz ýygnaýjy nokadyň günbatar burçunda aragatnaşyk ulgamlarynyň jaýy ýerleşýärdi, heniz içki timarlaýyş işleri gutarmasa-da, onda howa radio nokady ýerleşdirilipdi. Bu derwaýys işi trestiň aragatnaşyk bölüminiň başlygy Myrat Mämme gysga wagtda amala aşyrypdy. Jaýyň gündogara garap duran gapysynyň öňünde nokadyň işiniň gidişine gözegçilik edýän ulgamlaryň jaýy ýerleşýärdi, onuň gije-gündiziň dowamynda adamsyz bolýan wagty ýokdy. Radio nokadynyň üsti bilen çölde ýerleşýän bölümlere gerek bolýan çig mallaryň sanawy alnyp merkeze – Şatlyga ýetirilýärdi, ol ýerde häzir bolup oturan üpjünçilik işgärleri şol günüň özünde gerekli çig mallary ugratmagyň aladasy bilen bolýardylar, ondan başga-da, bu nokadyň üsti bilen işiň gidişiniň gündelik maglumaty Şatlyga, ondanam Aşgabada habar berilýärdi. Bu ýere işleýän we indi işläp başlajak gaz guýylarynyň ýagdaýy barada maglumat bermek üçin buraw ussalary, gaz çykaryş edarasynyň işgärleri, iş meselesini çözmäge gelýän beýleki adamlar ýygnanýardylar. - Hawa, aýdyber ýazýan! Bokurdak, nurbat, bolt, erňek, hyrly kilt, ildirgiç, tokurtganyň sowma şahasy... Ýene näme? Flýanes diýdiňmi? Türkmençesi näme? Bilemok diýýärmiň?... Ýeri bolýar. Ýanymda ýok! – Begmyrat töweregine garanjaklady-da, Kerime gözi düşüp, oňa: Dördünjiden tok kesilipdir, işgäri ibermegi soraýarlar!... Bolarmy? – diýdi, onuň baş atanyny görüp: - Işgär şu gün barar... Ýene näme? Onda bolýa... Sagat üçde aragatnaşyga çykyň! – diýdi, soňam özüne diýdimi ýa-da töweregine ýygnananlara diýdimi – Tehniki atlaryň belli bir düşünjä getirýän ýörite düşündiriş kitaplary bolmansoň, kyn güne düşýäs, goldanar ýaly edebiýat ýok, başyň çaşyp gidýär! – diýdi. Begmyrat tekjäniň üstünde ýatan iki tomluk «rusça türkmençe sözlükden» flýanes sözüniň düşündirilişini gözläp başlady. Ahyrym: «a) Flýanes – tokurtganyň bir-birine birleşýän bölegi, b) Flýanes – metal bölegiň göniburçly epenegi» diýen terjimesini tapdy. - Hany maňa aýdyň, kim flýansa «metal bölegiň göniburçly epilen gyrasy» diýsem düşüner?... Düşünmersiňiz! Şol sebäplem tehniki düşünjeler terjime edilende dilden hem tehnikadan gowy başy çykýan adama tabşyrmaly diýjek bolýan! Şeýle dälmi Kerim! – Begmyrat soragly nazaryny oňa dikdi. Hiç wagt hatyrjemligi elinden sypdyrmaýan Kerim – Bilmedim men-ä, başlyklar diýseler terjime etmeli bor! Oňa-da baş galdyran tapylar! – diýdi. Begmyrat kitapçasyna bir zatlary ýazdy, şol bada radio ýene ony çagyrdy. - Hawa diňleýän! Hawa... Gygyrman geple, men ker däl ahyryn! Hawa, suduryny çekdiňiz, kebşirläp gutardyňyz? Haçan gutarýarsyňyz? Bolýa... O lişi häzirlikçe goýbolsun ediň-de, ýalow desgasynyň sütünini galdyrmaga başlaň! Hawa, ýazýan! Ýük göteriji awtoulag, näçe tonnalyk! 80-lik diýdiňmi? Dur, hany... Begmyrat Kerime ýüzlendi. – Birinji 80 tonluk ýük göterijini soraýar, berip bilerismi? - Ertir barar diýäýiň! - Ertir barar... Hawa... Bolýa!... Bolýa, diýýän! Begmyrat gepleşip bolanyndan soň daşary çykdy-da üýşüp duran adamlaryň arasyna bardy... Rahman häzir Bäşgyzylyň onunjy gaz guýysynyň gollarynyň geçirilmeli nokatlaryny aýyl-saýyl edýärdi, guýy bilen gaz ýygnaýjy nokadyň arasy on kilometre golaý bardy, her 800-900 metrden birini goýmaly, diýmek 11 sany kompensatory gurnap kebşirlemelidi. Esasanam, guýa barýan tokurtganyň barmaly ugrunyň burçy, taslama doly berjaý edilmelidir, Ata Ýazyryň bellemegine görä, gaz çykaryjy guýyda bu esasy görkezijidi. - Sen taslama esasynda dogry gurna, gaz çykaryjylardan nägilelik döremesin. – Ata Rahmana öz belliklerini aýdanyndan soň Gurbannepese bakyp sözüni dowam etdi. – Agam, gaz ýataklaryň guýylaryň taslama laýyk ulanylyşy barada makala ýazmakçy bolýanlygyny eşitdim. Men ony saňa maslahat beremok! - Sen eýsem kemçilikleriň gaýtalanmazlygy üçin näme teklip edýärsiň7 – Gurbannepes inisiniň ýüzüne bakdy. - Ýygnaklarda şu kemçilikleri aýdyp durmaly, onuň ýurduň gaz senagatyny ösdürmekde örän hatarly ýoldugyny, ýokary ýolbaşçylardan başlap tä ýönekeý işgäre çenli aňlaryna guýjak bolmaly. - Kemçilikleri ýaýmasak, adamlar özlerinden bilerler diýip gezsek, onda ýaňky aýdyşyň ýaly «berre guzyň etini iýip duz-emek bolduk» diýşiň ýaly bir zat bolýar. «Berre» parsça guzy, «emek» parsça duz, diýmek «guzu-guzyň etini iýip duz-duz bolduk» diýdigiň bolýar. - Agam, ýaňakda göz yzy bar diýipdirler, ähli zada gyýa seredip oturmagyň geregi ýok. - Wah janymyň ýanýan ýeri men bu zatlara düşünýän-dä! Düşünip durkaň gözüňi ýumup bolanok! Ýolbaşçylarymyz «Kemçilikler şonsuz hem ö-özünden düzeler» diýýärler, agam, şol öz eňegiň, düşünäýsene! - Düşünse bolar-la, olaryň dura-bara düzeljeginem bilýän! Adamyň ömri gysga, gözüňi açyp-ýummankaň geçip gidýär. Edebiýat mugallymymyz Tirkiş Atdaň «Oglanlar perwaýsyzlyk-keseliň erbedidir» diýeni ýap-ýaňydy, ondan bäri otuz bäş ýyldan gowrak wagt geçipdir. Ýogsa-da, sen onuň häzir nirede işleýänini bilýärmiň? Bilýän dälsiň? Ol «Ýurdy bagy-bossanlyga öwreliň!» diýilen çagyryşa ilkinjileriň biri bolup seslendi hem-de dynç alyşda gezip ýörenligine garamazdan trestimiziň demir-beton zawodynyň töweregini bagy-bossanlyga öwürmäge girişdi. Bilýämiň, ikimiz zawodyň töweregindäki ürgün çägäni, üýşen hapalary görüp «Buý eri nädip sana goşup bolarka?» diýipdik. Häzir Tirkiş mugallymyň irginsiz zähmeti siňdirilen toprakda adyny tapan baglaryň ösýär, ulalýar, o taýy indi bilbilgöýäniň mekanyna öwrüldi. Ol, halal zähmete ýugrulansoň, diňe şondan çörek iýmegiň aladasy bilen ýaşaýar, ony biziň hem ganymyza siňdirdi, ýogsam käri mugallym, bagbançylyk nireden geldi diýsene? Bilýämiň, ol bize «Işi harlamaň, ünsli ediň, halal zähmet ýaly gowy zat ýokdur» diýip wesýet etdi, özüni ýigrendiren däl, ähli çagany öz çagasy ýaly görüp, halallyk bilen edep-terbiýe berdi. Özüm-ä, şeýle derejä ýetmegimi Tirkiş mugallymyň terbiýesinden görýän. Ol mekdebimiziň töweregini hem gürbaglyga öwürdi ahyryn! Sen bilýäň-ä!... Ol häzir birnäçe müý düýp dürli baglaryň nahallaryny ýetişdirip, gerekli adamlara mugt paýlaýar, Görogly eposynda «Her gezek dem alaňda ýokarsyndaky güjüm agajynyň ýapraklary ses edýärdi» diýen ýazgy bar, ine, şol güjüm, derek agaçlarynyň nahallaryny daşoguzdan getirip ýetişdirdi. Zawodyň işgärleri üç gektary tutýan baglaryň iýmişini iýýärler, gün geçmeýän saýaly güjümiň aşagynda dynç alýarlar, deregiň ýaprajyklary şemala şibirdäp ses edýärdi, kölegesinde ýatanyň öýkenine, ýüregine amatly täsirini ýetirýär... Her bir işde şoňky ýaly gowuja alada gerek, tomsuň jöwzasyny, gyşyň aňzagyny göwräňden geçirmeseň, onda etjek bolýan işiň hyýaly bolup galaýýar. Mysal üçin işe gaýdanymda maşina münýän ýerimde daýhanlaryň potrady bar. Atyzlar dürli-dürli ýadaman-ýaltanman zähmet çekýäniň ekini gowy, beýle ýanyndaky bolsa boý alman birhili süllerip otyr, reňki ýok, diýmek, bu ýeriň eýesi ýüregi bilen zähmet çekenok, öz-özüni aldap, wagtyny biderek ýitirýär, etmeli işini öz wagtynda etmän hallyň-sallyňa salýar, ýogsam bir agyz bir ýer ahyryn! Bilýämiň ejem «bile ýaşan, bir öýden girip-çykyň, bir adamyň agzyna garaň, şonda bereket artar» diýýärdi. Dogrudanam üç-dört maşgala bolup, hersi özbaşdak nahar edinse artyk çykdajy, emma bir ýerden nahar iýseň welin gör, nähili tygşytlylyk gazanyljak, onsoňam ol maşgala agzybirliginiň özeni bolup durýar ahyryn. Öýde agzybirlik bolsa bereket hem artýar... Şol wagt Begmyrat geldi-de: - Kerim, Kaka Rejep meni sorasa wagtlaýyn obajygyň töweregine bag ekmäge gitdi diý! – diýdi, soňam Gurbannepese ýüzlenip: - Ýörüň, işleýänleriň ýanyna baralyň! – diýdi. Olar obajygyň gündogarynda ýerleşýän stadiona (stadion diýilýän ýer işçileriň işden boş wagtlary top oýnaýan giň meýdançasydy) tarap ugradylar. Kimde bolsa biriniň magnitofony aýdyma gygyrýardy. Işden boş ýaşlar bagyň düýbüni tutmaga çykypdyrlar, ýazyň salkyn şemaly ýüzüňe urýardy, göwnüňi göterýärdi. Bu ýerde Gözel gyzyň topary meýdançany arassalaýardy, Mäligiň topary daşyna sim aýlaýardy, Aýsoltan gazylan çukurlara bag oturtýardy, Arslan atyjy suw maşyny bilen bagyň düýbüne suw guýýardy, agyr keselden saplanyp, ýaňy işe çykan trestiň üpjünçilik bölüminiň başlygy Annamämmet Aman, gurluşyk gurnama bölüminiň başlygy Sapa Sapar awtoulaglar kärhanasynyň başlygy Muhammet Begenç, 6-njy gurluşyk gurnama edarasynyň başlygy Torly Orjy we beýlekiler bag oturtmak üçin çukurlary gazýardylar. - Begmyrat, şu çägelikde seýil bag boljagyna ynanýaňyzmy? – diýip, Arslan atyjy söz gatdy. - Hawa, sen ynanaňokmy? - Ýok, bir gulak suw akyp ýatsa ynanardym. - Tomsuna kyn bolar – Begmyrat ylalaşdy. Maşynyň bilen sen gaýrat etmeli bolarsyň-da! Onsoňam bu adamlaryň öz erk-islegleri, ekilensoň bagyň ösjegine ynanýan. Gözel, arma! – Begmyrat onuň ýanyna bardy. - Bar bol, Begmyrat! Aryp bir uly edýän işimiz ýok, ýöne ine Arslan ýadaýan diýip zeýrenýär. - Şol oglana-da iş ýakanok, burnuny aňňal ýaly edip!... Gyzlaryň biri degişdi. - Degmeseňizläň... Ýene gyzybermesin. Aýsoltan elindäki nahallary sukurlara oturtmagyny dowam etdi. – Görüň, Çaryň perizadyny, garpyz ýaljak tos-togalajyk bolup işläýşini! - Aýsoltan, beý diýmesene, gyz! Çary eşitse öýkelär, ozalam oňa ýaňy ýetdi. – Gözel güldi. Aýsoltan birneme dolmuşan Täzegüli gujaklady. – Görüň muny, garpyz ýaljak! - Toba, özüňem öň men ýalydyň, şk ýere gelip gurap galdyň! - Bilýämiň näme üçin? Rahman semizi halanok! - Diňe şoň üçinmikä? - Waý, enaýyda gyz! Hemmesini aýtdyrjak bolup durmasana Täzegül! – Gözel ýylgyrdy. – Men bir zady anyk bilýän, çaga dogurmak aýalyň saglygy üçin peýdaly, köp çaga ýaşyňy uzaldýar, muny alymlar subut etdi... Goňşymyzyň 14 çagasy bar, mendenem ýaş görünýär. - Toba, toba, tüf, tüf, tüf! – Täzegül ýakasyny tüýkürdi. – Goýaweri gyz, hi onça çaga dogrup bolarmy? - Ýylda, ýylaşa ekiz-ekizden dogrup dursaň nätjek, gyz! - Waeý, toba, toba. – Täzegül alma ýaly gyzardy. - seňkem, Gözel gyz, bir obaň mollasynyň aňsadyna bakyşyna meňzeýär – diýip, Aýsoltan güldi. Ol okaýan namazyny kompýuteriň ýadyna salanmyşyn, olam bäş wagt namazy okap duranmyşyn, mollaň özem ýatan ýerinden ony diňleýärmişin... Senem şeýdip aňsat çaga dogurjak-da... - Aýsoltan, gel gyz bärik, Begmyrady işlediň, durma-da – diýip Gözel ony çagyrdy. - Oňa derek men barsam bolanokmy? – diýip Arslan sorady. - Waý, enaýyda gyz, geläý gorkmasaň! – Gözel onuň gozganman durşuny görüp: - Hä, gorkduňmy, gorkajyk towşanjyk! – diýdi. - Toba, toba, goýsana gyz, erkek adama beýle zatlar aýdarlarmy, utanaňokmy – diýip, Täzegül käýindi. - Gözel, sen däli, kelläň düwmesi ýetenok, 99! - Dälem bolsam seň ýaly gören bilen ýaka tutuşyp ýöremok! - Serediň, serediň, hakyky ýeldirgäni görüň – diýip, Aýsoltan eli kitapçaly gelýän Kerimi görkezdi. - Begmyrat!... Begmyrat!... Kerim ylgaýardy, elindäki bölek kagyzlar bolsa ýeliň ugruna galgaýardy. Sizi Kaka Rejep çagyrýar. – Kerim gelşi ýaly ýöräp, holl beýleräkde baglaryň çukuryny gazýanlaryň ýanyna bardy hem-de elindäki kagyzy Muhammet Begenje tutdurdy. Muhammet kagyzdaky ýazgylary okap: - Muny kim habar berdi? – diýdi. - Edaraňyzdan aýtdylar! - Haý, bolmandyr-ow! Wah... Sürüjimiziň haly niçik-kä? - Keselhana alyp gidipdirler. - Haý, bolmandyr-ow! – Muhammet beýleki oglanlaryň soragly nazarlaryny görüp: - Bäşgyzyla ýük getirýän ulaglarymyzyň biri garşydaş gelýän maşyn bilen çakyşypdyr, men gyssagly gitmeli boljak! – diýdi... Muhammet Begenç Bäşgyzyldan Şatlyga ugrady. Hadysanyň bolan ýerinde gbnäkärleň dogry kesgitlenmegine gözegçilik etmelidi, keselhana baryp sürüjiniň ýagdaýyny bilmelidi, soňam yzly-yzyna iki urga sezewar bolan (ilki adamsynyň aradan çykmagy, indem Myradyň hadysa gabat gelmegi) Jahan ejäň ýanyna baryp göwünlik bermelidi. Şeýle hadysalar goşa gelegiç bolar ekeni. Bir gezek tötänlikde, ikinji gezek endik, üçünji gezek kanuny zat hasap edilýärdi. Muhammet ony özünde hem duýýardy, hepdäniň altynjy güne geçilýän gijesi onuň dişi agyrýardy, ertesi aýaly, ýa ejesi nähoşlaýardy, kakasy ýogalanynyň yz ýany ejesi agyr keselläpdi. Ýaňy-ýakynda ol gazetleriň birinde şeýle goşa hadysalaryň emele geliş ýagdaýlaryna düşündiriş berýän makalasyny okapdy. Onda 1976-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 19-nda we göni bir ýyldan soň, ýene şol gün, şol bir wagtda bir çaganyň 14 gatly jaýdan gaçyşy, iki gezekde hem şol bir geçip barýan adamyň ony gapyp alyşy barada aýdylýardy. 1980-nji ýylda 17 gat jaýyň äpişgesinden iki ýaşyndaky çaga köçeden geçip barýan talyp gyzyň kellesine gaçýar, ikisem ýeňil şikes bilen ölmän galýar, geň zady şol çaga bir ýyldan soň ýene-de ýaňky talyp gyzyň kellesine gaçypdyr, ertekä meňzeş jüp gelýän beýle wakalary okap ynanjagyňy, ynanmajagyňy bilip bolanokdy, ýöne bu ýerde, isleseň islemeseň, ýaňky çagany halas etmek üçin gudraty güýçli Allanyň tapýan «serişdesine» guwanman bolanokdy, oňa «düşündirişe mätäç bolmadyk kanunçylyk» diýip baha berse boljakdy. Adamlaryň ykbalynda gabat gelýän şeýle tötänliklere ylymda «hasapdaky kanunalaýyklyk» diýip baha berilýärdi. Amerikan Prezidenti Dinkoln 1860-njy ýylda, Kennedi 1960-njy ýylda kasam kabul edipdirler, aralary göni ýüz ýyl, ikisi hem parahatçylygyň tarapdary bolupdyrlar, ikisem hepdäniň anna güni şol bir sagatda aýallarynyň gözüniň alnynda kellesinden atylyp öldürilipdir, Linkoln Ford teatrynda, Kennedi bolsa Ford kompaniýasynyň awtoulagyna münüp barýarka öldürilipdir, Linkolnyň ýerini wise-prezidenti Jonson eýeleýär, Kennediniň ýerini hem wise prezidenti Jonson eýeleýär, birinji 1808-nji ýylda, ikinji 1908-nji ýylda doglan, aralary ýüz ýyl, Dinkolnyň Ketibiniň ady Kennedi, Kennediniň kätibiniň ady bolsa Dinkoln, Linkolny öldüren Jon Buş 1839-njy ýylda, Kennedini öldüren Li Oswald 1939-njy ýylda doglupdyrlar, aralary ýüz ýyl, ikisi hem sud edilmänkä öldürilipdir, özlerem bir ştatyň bir şäherinden, bir köçeden, bir jaýda ýaşanlar. Şeýle zatlar hiç hili hasaplamalar bilen düşündirişe mätäç däldi, asla düşündiriş hem bolmaýardy. Bir gezek onuň ejesini görmäge gelen «Tiz kömegiň» lukmany «Şu ikinji çagyrylyşymyz, indi bolmaz, sebäbi çakylyk goşa gelýär» diýipdi. Ýokarky mysallar hadysalaryň ir-u-giç goşa gelýändigini subut etmeýärmi näme? Ýa-da Hytaýda Konfusiýniň, Hindistanyň demirgazygynda Buddanyň şol bir wagtda ýüze çykmagyny, babyl şäherinde /Wawilion/ Bibliýäniň pygamberleri Iýezekil bilen Danul öz taglymaty bilen, grek italýan topraklarynda şol bir wagtda pelsepe ylymlarynyň düýbüni tutujylar Anaksimen Anaksimandr Fales, Geraklit, Ksenofon, Pifagor ýaly alymlaryň döremegini näme bilen düşündirjek? ýa-da gündogar ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda, bir adamyň ömri döwründe dörän beýik alymlaryň, Horazminiň Birunynyň, Ibn Sinanyň, Omar Haýýamyň, Farabynyň açyşlaryna näme diýjek? Bir döwürde beýle uly açyşlar nädip birnäçe adamlaryň kellesinde belli bir wagtda döräp bilýärkä? Ine, şular Muhammet üçin düşündirip bolmajak gizlin syrdy. Diýmek, bu ýerde hem gudraty güýçli Allatagalanyň emri bolmalydy. Ol beýik taglymatlary ýokardan iberýän bolmalydy, onsoň taglymatlar şol maglumatlary kabul edip biljek derejede, ýokary taýýarlykly adamlaryň üsti bilen ýaýradylýan bolmalydy, ýöne ýere El Hasyb (hasaplaýjy, sanaýjy) Allanyň bir ady däldi. Muhammet Pygamberimiz kyrk ýaşyna ýetende Remezan aýynyň gadyr gijesinde daňa golaý Hyra gowagynda Gurhanyň ilkinji aýatlaryny Alladan kabul edipdir. Şeýdip Gurhanyň ilkinji «Ala» aýaty döreýär. Diýmek, Gurhanyň döremeginde hem (ýokarda getiren mysallarymyza ser salsak) kanunalaýyk bardyr. Gurhandaky geň-taňlyklar, goşa gelýän hadysalar, sanlar wakalar barada Muhammet häzir ýatlasy gelenokdy, ony Musulman bendeleriniň hemmesi bilýändirler, Gudraty güýçliniň düşündirip bolmajak gudratyna haýran galýandyrlar. Goşa gelýän hadysalar indii Muhammet üçin öwrennikli bir zatdy, ýöne, şol hadysalaň üç gezek, gaýtalanmasy eýýäm, uly bir howpy aňladýardy... Goý, Myradyň durmuşyna bir indi şeýle howplar abanmasyn! Ol, birneme jalaýrak diýäýmeseň göwni açyk, ýüregi kir-kimirsiz, ýumşak oglan ahyryn! Muhammet bir gezek Berdi aganyň ýaş toýuna baranda oňa göz ýetiripdi... Hawa, Muhammet bu ýatlamalara çümüp, Şatlyga golaýlap gelýärdi, şol ýeriň keselhanasynda bolsa lukmanlar Myradyň jany üçin elinden gelenlerini edýärdiler. 2. Kaka Rejep, gapyda duran adamlaryň ýüzlerine seretmän iş otagyna girip gitdi. Bu gün ol azyndan bäş ýüz kilometr ýol geçip gurulýan desgalaryň birnäçesi bilen tanyş bolupdy, dogrusy başga biri bolan bolsa şeýle ýadawlykdan soň öýünde dynç alardy, emma Kaka Rejep öňem-ä işe gezek galanda ölenini-öçenini bilenokdy welin häzir Bäşgyzyl gaz käniniň tabşyrylmaly möhletiniň ýakynlaşmagy bilen işiň üstünde ýatyp turmaly bolýardy. Her sagatda gaýragoýulmasyz meseleleriň ýüzlerçesini çözmelidi, çig mal üpjünçilikde çykýan garşylyklary ýeňmelidi, her işiň çözülişinde döreýän päsgelçiliklerden sowulyp geçmek üçin goşmaça çözgütleri taýynlamalydy, kä işgäre goldaw, käsine käýinç berip, käsine agzyňy ajadyp sögünmeli bolýardy, şeýdibem, konsernde iň uly trestiň işiniň ilerlemegini üpjün edýärdi, bu üstünlik onuň üçin agyr düşýärdi, şonda-da ýekeje ýerde ýadadym diýenini eşiden ýokdy. Käte iş buýrujynyň günäsi bilen çig mal ýetmese, ýagdaýdan çykalga gözläp, gijesi bile niş otagynda bolýardy. Beýle zatlaram soňky aýlarda ýygy-ýygydan döräp başlapdy. Şondan welin ýol diýseň gorkýardy. Ho günki düýşünden gorkuşy ýaly... Aýaly şol agşam «Işim diýip aýagyňdaky kömelegi bejerdip bilenok, aýaksyz galaňda bilersiň» diýipdi, düýşünde aýagy hakykatdanam eräp barýardy, emma gan akanokdy. Agşam sagat onbirlere çenli ertir edilmeli işiň tabşyryklaryny degerli adamlara ýetirdi, soň galjaň, işjanly, işine ezber hasapçy Juma Annamyň kagyzlaryna seredip, gol çekmelilerine gol çekip berdi, ondan, edaraň hasap işini düýpgöter kompýuteriň üsti bilen alyp barmak baradaky maglumatlary diňledi, iş orunlaryň kemelmegi netijesinden boşadylýan hasapçylara täze iş orunlaryň hödürlenilmegi hakda görkezme berdi. Juma çykan badyna şäher telefony jyrlady. Kaka Rejep şeýle jaňlardan gorkýardy, gijäň ýary bolsun, ýa daň bilen häkimleriň biri jaň edip, oba hojalyk ekinlerini suwarmakda, ýygnamakda ondan gyssagly kömek soraýardy, ýok diýip bilenokdy, sebäbi ýerleşýän ýeri boýunça trest welaýat häkimligine degişlidi, «bolýar» diýseňem öz maksatnamaňa giren desgalardan tehnikadyr adamlary aýyryp, kömege ibermeli bolýardy, netijede, häkimiň işi bitse-de, öz etmeli işiň galýardy, ol galsa bolsa ministrlikde kellesinden sypalmajagyny bilýärdi, ýogsam, trest hut öz güýji bilen müň gektara ýakyn bugdaý, şonçarak gowaça ekýärdi, hasylyny ýygnap döwlete tabşyrýardy. Bularyň bary trestiň öz girdejileriniň hasabyna edilýärdi, ýöne onuň daşyndan ýene-de iş buýrulsa oňa diýseň agyr degýärdi. onsoňam goşmaça edilýän beýle işleriň puluny aljak gümanyň ýokdy. Kaka uludan demini aldy-da, telefona ýapyşdy. - Görýän welin bu gün seň keňpiň kök däl ýaly! – telefondan gelýän çasly ses oňa tanyşdy. – Ýa ertir jaň edäýeýin? - Iş biraz saklanjak bolýar, şoň pikirini edip oturşymdy. - Bu günlükçe bes edäý! Ýene bir medal aljak bolýarmyň! - Aý, ýok-la! Medal üçin-ä işlämok, endigim şeýle!... Endigim!... - Endigim diýsene, gör-dä, permany ýerine ýetirýäni halaýarlar. – telefonda gülki eşidildi. - Biziňem işimiz şol permanlar bilen baglanyşykly... - Siz maňa düşünmediňiz öýdýän? Dost tabşyryklarynyň şol permanlar ýaly ýerine ýetirilmegini haýyş edýän! – aňyrdan kineli ses çykdy. - Indi aňjak bolýan! – Kaka boýnuna aldy. – Men öň bir gezek siziň haýyşyňyzy ýerine ýetirdim, ogurlanan çig malyň bahasyny töledip wezipesinde goýdurdym, näçe mys-mys diýseňem, ahyrym nokat goýmaly bolýar ekeni, indi men şol nokady goýdum. - Siziň pikiriňizçe başga çykalga ýok-da? - Hut şeýle! - Beýle gazap nämä gerek? Dost-ýarlary ýitirmekden çekineňzok öýdýän? Bilýänsiňiz, gazap hiç mahalam halanýan häsiýet däldir. Men bolsa dostumy diňe gowulykda göresim gelýär. - Gowulykda diýýäňizmi? Siziň diýýäniňiz emeli gowulykdyr ony... Ony ejiz adamlar oýlap tapypdyrlar. Eýsem siziň pikiriňizçe men bu gezek hem hakykata göz ýumup, ogryny jogapkärçilikden boşatmaly-da? - Hawa, men sizden Muhammet Begiň goýberen ýalňyşyny bagyşlamagyňyzy, garşysyna iş gozgamazlygy haýyş edipdim, ýene-de şony soraýan, polisiýa meselesini üstüme alýan! Siziňki hoş diýmek! Onsoňam, Muhammediň nähili bilimli ýigitdigini siz bilýäňiz, Gubkin akademiýasyny gutaran, atly-abraýly adamy gözenegiň aňyrsyna dyksak ýa-da bolmasa häzir ýoň bolşy ýaly, mejbury göçürip goýbersek nähili bor? Dogry, onuňam günäsi bardyr, ýöne bir adamyň günäsini geçeniň bilen 2500 adamly trest zyýana galasy ýok-la! - Aždar Aždarowiç, siz meni bagyşlaň! Başga ýumşuňyzy paçak edeýin, ýöne Muhammetli meselede aýgytly netijä geldim, bagyşlaň! - Görüň-dä! Sizden Döwlet Howpsuzlyk komitetiniň jogapkär işgäri mydam haýyş edip durýan däldir... Aýgytly netijä gelen bolsaňyz bizem aýgytly netijäni tapyp bilýändiris! – diýip, Aždar sesini kesdi. Kaka Rejep şeýle gürrüňiň boljagyny öňünden bilýärdi, hut şol sebäplem şu gün Muhammedi öz ýanyna çagyrypdy. Hawa, ol howpsuzlyk komitetiniň işgäriniň haýyşyna «ýok» diýmäni başarany üçin özüni bagtly saýýardy, ýöne olam heniz aýdany ýerde ýatmaýan edaraň wekili bolansoň, diýenini gögertjekdigini bilýärdi. Hawa, ol hut şeýledi, olar üçin adamyň ykbaly oýunjak ýalydy, ony oda atsaňam, suwa oklasaňam bolar diýýärdi, özüniň aýratyn ýokary tutulýan abraýynyň birjikde kemsidilmegini geçirjek däldi. Hut şol sebäpli Kaka Rejep indi, öz üstünden, ýolbaşçylyk edýän trestiniň üstünden basyşyň boljagyny bilip, oňa taýynlyk görmeli bolýardy. Şol wagt Muhammet Bek ýuwaşlyk bilen gapydan girdi-de, oturgyçlaryň birinde çökdi, çilimiň tüssesinden saralyp giden uzyn barmaklaryny dyzynyň üstünde goýdy, nazaryny asylgy çyralara dikdi. Kaka Rejep, asly galmagalçy bolup, häzir ümsüm oturan, arrykdan uzyn adamyň ýüzünde eden işiniň «telekdigi» baradaky alamaty görmekçidi, oňa derek ony perwaýsyzlyk, gopbamlyk, tekepbirlik gurşap alana meňzeşdi, has dogrusy, howasynyň ýokarydygy görünýärdi. - Oturyň, häzir size bir käse çaý bereýin, uzak ýoldan ýadap gelensiňiz! Eden işiňizi bilýäňizmi?... sement ýükli maşyn ýol hadysasyna sezewar boldy, sürüji ony siziň satmaga iberendigiňizi aýdypdyr. - Ýalan! Ýalan! Töhmet! – diýip, Muhammet gygyrdy. - Diňe olam däl! Siziň tokurtga ýükläp iberen başga bir maşynyňyz şol gün agşam polisiýalar tarapyndan saklanypdyr. – Kaka şu maglumatdan soň ýüzüni sallan Muhammede seretdi ýa-da buh em töhmet diýjeksiňiz? Siz meniň bilen razylaşman bilersiňiz, ýöne gurulmaly desga niýetlenen çig maly öz zadyň ýaly satyp ýörmegiň jenaýatdygyny ýatlatmakçy bolýan! Jogapkär ýerde işläp neneň şeýle ýola baş goşýarsyňyz? - ýurtda demokratik aç-açanlyk bolsa munuň öňüni alyp bolardy, ýogsamam, şeýle jenaýatçylyklar çaňyryň köki, saryçyrmaşyk ýaly ýaýrar! – diýip, Muhammet bada-bat jogap berdi. - Siziň hereketiňize demokratiýaň dahyly ýok! Onsoňam meniň pikirimçe biziň ýurdumyzyň özboluşly demokratiýasy bar. - Bir partiýalylygyň höküm müren ýerinde demokratiýa bolmaz, sebäbi halk üçin ediljek bolunýan iň gowy pikirlerem garşylyga duçar bolmasa öz-özünden ýiter gider. Diňe köp partiýalylyk bolanda garşylyk ýüze çykar, men bu ýerde ýaragly garşylygy göz öňünde tutamok, pikir garşylygy gerek, garşylyk bar ýerinde ösüş bolar. - Partiýa adama çörek berýärmi? Ol diňe häkimligi eline almakçy bolýan toparlar üçin peýdaly. - Adam dünýä iki gezek gelýär, bir partiýa degişli toparlar-a gyzyla çümüp gerk-gäbe boluşyp ýörler, halk bolsa un bilen pagta ýagyna zar. - Diýmek, senem şoň üçin döwlet emlägine el urýarsyň-da? Türkmene haram ýokmaz diýip eşitmänmidiň? - Ýaşym ellä golaýlady, indiden soň harp öwrenip, kitap okamak maňa kyn düşýär. - Okamadygyň görnüp dur, sen onsoň biziň demokratiýamyz düşünip bilmersiň! - Düşünmegem islämok! Häkimler edenini edip ýörseler, ekilen gallany, pagtany edara işgärleri, okuwçylar mugt ýygnap, pulunam sanlyja adamlar kisesine ursalar demokratiýa bolmaz, ýazyjylar, hudožnikler soýuzlary, ylymlar ojagy ýapylsa, kitaphanalardan sowet döwründäki ýazyjylaryň eserleri zyňylyp taşlansa, mekdeplerde okuw dokuz ýyla getirilse, saglygy saklaýyş, magaryf işgärleri kemeldilip gidilip oturylsa ondan demokratiýa bolmaz. Oba, şäherlerde işsizleriň sany diýseň ýokary, şol sebäplem eklenç üçin neşe satmaga ýüz urýarlar, öwrenýärler. Mejbury ýagdaýda zähmet çekdirmek, pikir, wyždan hereket azatlygyny çäklendirmek, çöregi eline alyp halky aç goýmak – beýle ýollar bilen barýan jemgyýetiň gelejegi garaňkydyr, biliň akylly adam döwre görä ýaşaýar, kemakyllylar döwri öz islegine görä üýtgetjek bolýarlar, ýöne ösüş şol kemakyllyň ýolunda bardyr. - Görýän welin kelläňiziň ýetmezi bar öýdýän... Edil gepçi aýallar ýaly boş gybata ýüz urýaňyz! Ýa meni gepletjek bolýaňyzmy? - Ýok, bu gybat däl, şeýle pikirler siziňem källäňizde bar, ýöne, oturýan kürsiňize görä ony aýdyp bileňzok, men bolsa aýdýan. Dogry, meniň bu gürrüňlerim öz aramyzda galmaly, köpçülik üçin däl! Men size öz şahsy pikirimi mälim etdim, sizde welin şolam ýok! - Siziň öz pikiriňizi şeýdip açyk aýdyp bilmegiňiz, onuňam köpçüligiňkä ters gelýänligi üçin ýanalmaýanlygyňyz eýsem, türkmeniň demorkratiýasy dälmi? Ýeri bolýa, men sizi beýle pelsepeler üçin ýanyma çagyramok! Biz esasy gürrüňden birneme daşlaşdyk, ol bolsa şundan ybarat, ýagny siz şu günden şeýläk wezipäňizden boşadylýarsyňyz, adyňyzdaky bar bolan çig mallary Rahmana tabşyrýarsyňyz, siziň soňky ykbalyňyz suduň çykarjak hökümine bagly bolar, gaýdyp bilersiňiz! - Meni suda berjek bolýaňyzmy? – Muhammet içgiden ýaňa çişen ýaňaklaryny tirpildedip gaharly seslendi. – Oňa hakyňyz ýokdur! - Suda men beremok, polisiýa işgärleri tokurtgany, semendi haýsy ýerden ogurlap alypsyňyz, nädip alypsyňyz, gowy derňärler, soňam suda geçirerler. Şonda size jaňyň peýdasy degmese gerek!... 3. Kaka Rejebiň otagyndan çykan Muhammet öz durmuşynda nähilidir bir örän ýakymsyz öwrülişikleriň başlanýandygyny aňdy, diňe aňmak däl, durky bilen syzdy. Onuň edeni şowuna bolup gelýärdi, birdenem bir günde iki urgy depesinden indi. Indi şolardan sypmagyň pikirini etmek gerekdi. Trestiň dört gatly kaşaň jaýyndan çykdy-da, ol öz ýagdaýyny seljermek maksady bilen awtoulaglar kärhanasynyň öňünden geçýän iki gyrasy arça agaçlara bezelen köçe bilen günbatarlygyna ýöredi. Köçede adam ýokdy, ýoluň gyrasyndaky owadan arçalara syn edip durka, uly ýeňlişe sezewar bolanlygy üçin gapydan çykarylmagy böwrüne hanjar bolup dürtüldi, Kaka Rejebiň gep urşundan howpsuzlyk edarasynda işleýän dosty jaň edip ýetişmedik bolarly, ýogsam, ony beýle kabul etmeli däldi. Onda näme üçin sözüniň soňunda «jaňyň peýdasy degmez» diýdi? Bu onuň «aýgytly netijä geldim, indi niýetimden dönderjek ýok» diýdigimikä? Her zatda bolsa ol häzir şol dostuny saçak başynda «başyňa iş düşse geläýgin» diýip söz beren beýleki aş dostlaryny ýygnap maslahat etmelidi. Bir maşyn sement, bäş-on sany tokurtga alany bilen treste uly zyýan ýetenok ahyrym! Ol onuň bahalaryny ýerinde goýar, onlarça, ýüzlerçe müň dollarlyk döwlet emläklerini dargadanlaryň bitiniň burny ganaman, gel-gel ujypsyz zat üçin oňky ganamalymy? Ol şu soraglary dostlarynyň öňünde keserdip goýar. Kömek etseler-ä edeni, etmeselerem onda olam dek ýatmaz! Olar günde-günaşa meň öýümde şady-horramlyk edenlerinde şol çykdajylaryň öz-özünden gelmeýänligini bilmeýändirler öýdýäňmi? ýa-da şol howpsuzlyk komitetindäki dosty öz jaýyny Muhammediň işgärlerine saldyranda, sarp edilen çig mallaryň asmandan gaçmaýandygyny bilýändir ahyryn! Ýok, ol häzir bir pursat hem wagtyny ýitirmän, göni öýüne gitmeli, dostlaryny ýygnamaly, maslahat etmeli. Onda diňe şu gije bar, ertä galsa giç boljak! Ol öýüne adatdaky boluşy ýaly hoşamaý geldi, jaýa girilýän girelgäniň öňündäki tekjelerde gürrüňleşip oturan goňşularyna mylakatly salam berdi, öňler olar bilen degişip birneme durardy, bu gün welin göni jaýyna girip gitdi, eşiklerini çykardy, ýere ýazylan türkmen halylarynyň üsti bilen aýakýalaň ýöräp, aşhana bardy, gaýnap duran çäýnekden suw alyp kofe taýýarlady. Ýok, häzir oňa kofe täsir edip biljek däldi, diňe arak saňňyllaýan süňňüni saklap biljekdi. Dogrudanam, iki gezek içenden soň ol rahatlandy, şobada hem telefon nomerleri ýazylan depderçesini gözledi. Şol wagt aýaly ýuwunyp hammamdan çykdy. - Telefon kitapçam bardy, daşy gök reňkli... Sen onuň nirdeligini bileňokmy? - Garaňky jaýda otyrsyň? – aýaly sorag berdi-de, çyrany ýakdy. Tekjeleriň birinden dargaşyp ugran kitapçany çykaryp onuň öňünde goýdy. – Saňa näme boldy? – aýaly onuň gapdalyna gelip otyrdy. – Ýüzüň-gözüň kokaşyp dur-la! - Keýwany, Işim bulaşdy, özem gaty bulaşdy... Seň ho günki düýşüň ýorgudy dogry bolaýjak öýdýän! - Beg ogluny çilşirime salyp, ýykyp biljek gullar entek dörän däldir. - Bilmedim-dä! Işden-ä aýyrdylar, jenaýat işinem gozgajak diýdiler. Ärinden öňem beýle gürrüňleri eşidip ýörensoň aýaly jak-jak güldi. - Sen mydama bir zat tapaýýan-da! - Şu gezek çyn bolaýjak öýdýän! Muhammet kitapçadan gerekli nomeriniň birini alyp telefona ýapyşdy, emma onda ses-seda ýokdy, eýlesine-beýlesine kakyşdyryp gördi, bolmady: - Wah, içigar galmyş, şeýle wagtda telefonymyz hem işlänok! - Iki gün bärikä işleýärkä döwülýär... Goňşylardan jaň edäý. Eşigini geýip durmaly däl, bir gapydan çykyp beýlekä giräýmeli, gowy, sada adamlar... - Ýok, ol bolmaz, men örän wajyp meseläni çözmeli. - Kim bilen? - Aždar bilen. - O dostuňy işden aýranmyşlar, aýallar gürrüň edýärler. - Näme?... Näme diýdiň? – Muhammet gözüni mölerdip aýalyny seretdi. - Gyww, men-ä gaýtam saňa şoň ýerine işe geçäý diýjek bolup durdum... Bolşuň nätüýsli. - Ýok bol şu ýerden! Gözüme görünme! Muhammet dälirän ýaly gygyryp başlady, ak maýa ýaly geliniň ýaňy hammamdan çykan akja gollary öý esbaplaryny döwdürmejek bolup gana bulaşdy... | |
|
√ Bäşgyzyl -8: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |