19:50 Bäşgyzyl -27: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI ALTYNJY BAŞ
Romanlar
1. Gaz ýygnaýjyş-arassalaýjy nokat, aňňat-aňňat çäge dereleriň arasynda ýerleşýärdi. Belli bir bellik boýunça tekizlenen meýdandan süýşürilen çägeler dag ýaly depäňe abanyp durdy. Nokada gelýän ýoluň iki gyrasy gaz ýygnaýjy desgalara getirilen enjamlardyr, gurluşyk çig mallaryndan doludy. Gurulmaly 24 sany desganyň ýarysy Şatlykdaky merkezi ussahanada hünärmenler tarapyndan ýygnalyp taýýar görnüşinde ugradylýardy. Gurbannepes olaryň üçüsini dizel tok beriji, hapa suwlary iteriji hem-de içki suw üpjünçiligi desgalaryny ugradypdy. Olary gurnamak işi güýçli depginde alnyp barylýardy, galanlary bolsa Şatlykda ýygnalýardy. Gurluşykçylar, aragatnaşyk, tok ulgamlarynyň işgärleriniň talaplaryny kanagatlandyrmaga gönükdirilen binalary galdyrýardylar. Gözel gyzyň topary aragatnaşyk ulgamlary desgasynyň reňkleýiş işlerini alyp barýardy. - Gözel, tüweleme siz-ä jaýyň içini edil surat ýaly edipsiňiz. – Begmyrat işiň hiline seredip duran ýerinden seslendi. - Gelşige geläýendir... Ýene bir hepdeden görersiňiz. - Diýmek, baýramçylyga tabşyrjak-da. - Belki, gutararys. - Gaýrat ediň, işleri dynsak dynç almaga gidersiňiz. - Işe gutarma barmy? Ýoly tabşyrdyk, gaz geçirijini göçme obajygyň gurluşygyny dyndyk, indem ynha. Munam dynarys! - Iş tapylyp dursa gowudyr. Zähmet çeksek, rehnedini görersiň, birnemejik hak alarsyň. - Gep hakda däl ahyryn, ýatýan jaýymyz sowuk. - Ýyladyş ulgamlaryny Muhammet Bege tabşyryp biraz ýalňyşdyk, ýagdaýy düzetmek üçin gyssagly çäreler görülýär. Begmyrat ýyladyş geçirijileriň gurulýan ýerine bardy. Gurnama işleri gutarypdy, töwerek-daşda kerpiç böleklerinden, kesindi tokurtgalardan galan galyndylar pytraşyp ýatyrdy. Hydyr haýran Begmyrady görüp işini goýbolsun etdi. - Biziňki «Ädikçiň ädigi bitmez» diýleni bolýar, özümiz gazyň üstünde otyrys, ýyladyş dizel ýangyjy bilen işlemeli, nämemiş «ŞP» tapylmaýamyş, haýranlar galaýmaly! - ŞP gözleýäs, basym taparys, sen häzir ýangyç üçin gurnaber – diýip, Begmyrat jogap berdi. - Gurnaýan, işläbä durun! Ýeke özüm nirä ýeteýin, kömekçi ber diýdim, bermediler, haýranlar galaýmaly. - Ine, saňa kömekçi – diýip, Begmyrat ýany bilen getiren oglanlary görkezdi. – Mämmet seni synag hökmünde şu ýerde goýýan! Mugallymyň Hydyr, gaty berk duraýmasaňa hezil bermez. Synagdan geçseň meni taparsyň. - Näbileýin, sypatyna seretseň işlejege meňzänok, haýranlar galaýmaly! - Agam, sen sypatyma seretme, iş edişime sereet – diýip, Mämmet egnindäki döşi suratly penjegini çykardy. - Bolýa-da, Hydyr uludan demini aldy. Onda açary al-da nurbatlary çek, hyrly kilti berkle... Eşik çykarylýan otagda köne eşikler bardyr. Çalşyryn! Onsoň maňa 19-lyk açary getirip ber, şular saňa ilkinji tabşyryk – diýip, Hydyr kömekçä ýüzlendi. Şol wagt arkasy goş haltaly ýigrimi bäş ýaşlaryndaky ýigit olaryň ýanyna gelip: - Hydyr akga, men-ä gidýän, sag bolmaşak – diýdi. - Her zadam bolsa galmalydyň, belki düzelerdi-dä! - Iki aýdan bäri garaşdym, çadrda ýaşap gün görýän, olam hiç diýsem ne hamam bar, ne bir ýatar ýaly ýer, dünýä iki gelýänmi... - Şeýle özün-ä... Gör-dä, hiç ýerde-de aňsat zat bardyr öýdemok! - Ýok, indi boldy, gitjek diýdim gitjek. Sag bol! Hydyr gidip barýan Annuşyň yzyndan seredip: - Şu oglany goýbermeli däldi welin... Nätjek-dä! Ol göçüp-gonup ýörenlerden, pul üçin selpeýänlerdenem däl, ýaşamak üçin mümkinçilikleriň, iň esaslaryny talap edýär, haýranlar galaýmaly. - Talap etmek aňsat! Ony öz eliň bilen gurmaly. Talap edeniňde ýylylyk, hamam bolýamy? Özüň gursaň şonda gadyry bilinýändir. – diýip, Begmyrat jogap berdi. - Dogry, kynçylyklary zähmediň bilen ýeňip geçmekden belent borjy bilemok, men-ä! Adamyň häsiýeti dürli-dürli bolýandyr-da! - Bu meselede zeýrenmeli bolsa zenanlar zeýrenmeli, emma olaram ýagdaýymyza düşünýär. - Hydyr aga 19-a ikisi ýetmedi – diýip, Mämmet 17 sany açary goltuklap getirdi. - Şu kömekçiler bilen bilmedim-dä – diýip, Hydyr başyny ýaýkady. - Gaýrat et, Hydyr, ýaşlaň bilmeýänini öwret! – diýip, Begmyrat ýylgyrdy. Şol wagt maşynlaryň birinden Göwher düşdi, aýyň aýagynda ol gurluşykda işleýän sürüjileriň ýol kagyzlaryny ýygnaýardy, şolar esasynda bolsa her kimiň hakyny, ýakan ýangyjyny, çeken ýüküni hasaplaýardy. - Maňa siziň kömegiňiz gerek! – Göwher Begmyradyň ýanyna geldi. – Daşky desgalarda işleýän sürüjilere habar etmeli, goý, ýol kagyzlaryny getirsinler. - Bolar! Agşamky maslahada bölüm başlyklary ýygnanýarlar, duýduraryn! - Çölüň, her paslynyň gözelligi bar! Ony duýmak gerek! Her çäge depesiniň gözelligem üýtgeşik! Şeýle gurluşyga gatnaşyp, uly wakalaryň şaýady bolýanlygyma begenýärin, ýogsa-da Göwher bukjasyndan bir haty çykaryp Begmyrada berdi. – Birki günlükde maňa şuny berdiler, iş dolandyryja degişli. Okaň, belki, bu zatlardan habaryňyz bardyr! Begmyrat haty okady. «...Ýazsammykam ýa ýazmasammykam diýip köp oturdym, ahyrym ýazaýyn diýen netijä geldim». – Hat şeýle sözler bilen başlanýardy. «Ony etmäge hakymyň baryny-ýoguny bilemok, sebäbi bu gizlin syry hiç kime bildirmezligi ol menden haýyş edipdir, mähriban, ýakyn, eziz, nätanyş adam haýyş edipdir. Syr nämeden ybarat. Ine, bäş aý bäri men ol nätanyşdan pul kömegini alyp gelýän. Bukjadaky belgi boýunça puluň Şatlykdan gaýdýandygyny bildim. Adamym Annuşyň işleýän ýerinden. Biz oňa kim? Şo adam meni, meň üç çagamy gören däl. Şonda-da «Öýkeletmejek bolsaňyz kömegimi kabul ediň, bumeň üçin çykdajy däl-de durmuşda gerek iň uly zerurýetçilik» diýip ýazypdyr. Alýan kömek pullarymyň maňa nähili gerekdigini bir bilsediňiz. Annuşdan bize peýda ýok. Ýene-de urşupmy, nämemi, narkoş ýerçeken, özümem kesel, işläp bilemok. Şeýle çykgynsyz günlerde nätanyş adamdan kömek alýan! Ol erkek adammy, aýal adammy bilemok, ýöne messebim «Seniň nätanyş adamdan kömek almaga hakyň barmy» diýip ýatyranok. Belki, şonuň üçindir, belki. Şeýle adamyň siziň araňyzda barlygyny bildirmek isländirin, bilýäňiz-ä, durmuşda beýle adam, tükeniksiz adamkärçilikli, gowy adam azlyk edýär. Her hal-da bolsa şol adamyň siziň ýolbaşçylyk edýän ýeriňizde ýaşaýandygyna, işleýändigine günä geçip biljek. Eger ony tanasaňyz meň üçin aýagyna ýykylyň! Haýyş edýärin... Sizi uly hormatlamak bilen narkoş Annuşyň iki çagasy we aýaly Maýsa»». - Neneň? – diýip, Göwher Begmyrada seretdi. - Şeýle adamlaryň aramyzda bolup bilmeýşimizi diýsene? - Giňdir dünýä, geňdir dünýä – diýýärlermi? - Muny Rahmana berseňiz gowy bolardy, nähili hem bolsa ol ony terbiýeleýär, ady agzalýanam şonda başga adam däldir... Hawa meňem sizlik bir haýyşym bar. Desganyň açylyş dabarasynda aýdym-sazymyz bilen gatnaşmaly. Şu meselede kömegiňiz gerek! - Ýogeý, meniň o zatlardan başym çykanok, Gözele, Aýsoltana ýüz tutsaňyz, siziň möhümiňizi bitirip bererler! - Siz Gözeliň jorasy, oň bilen gepleşip, meseläni çözmeli. - Bu buýrukmy ýa... - Ýok, haýyş. - Synanyp göreýin! – diýip, Göwher ylalaşdy... Gaz ýygnaýjy nokat aňňat-aňňat çäge depeleriniň ortasynda bolansoň, çala şemal tursa gözüni açar ýaly bolanokdy, şemal welin hudaý gün berse bardy, nireden girýänligini bilmersiň, iki gat aýnaly äpişgelerden girip öýüň içini çägä gömýärdi. Nokadyň meýdançasyny çägeden goramak Gurda tabşyrylypdy, ol «Komososy» bilen wagtal-wagtal göçýän çägeleri yzyna serpikdirýärdi. Meýdançada Mäligiň kebşirleýjiler topary, Gözeliň suwag-reňk işlerini alyp baryjy topary, kerpiç örüjiler, gurnaýjylar işleýärdiler, göteriji maşynlaryň, gazyjy, gum sürüji traktorlaryň güwwüldisiniň täsin owazy, kebşirleýjileriň gözüni gamaşdyrýan ýiti şöhleleriniň ýüzüne çekilen surat mysaly bir zatdy. Oglanlar gurluşykda käte bolaýýan mejbury «çilim çekişlige» ýygnanypdylar, Gurt buý ere iň soňunda geldi. - Aýlygyň iki milliona ýetýändir seň! – diýip, Kerim oglanlaryň ýanyna gelen Gurtdan sorady. - Şu oturşyňyza siz munam alyp bilmersiňiz – diýip, Gurt ýumrugyny görkezdi. - Alyp bilmesek bizem Annuş ýaly gideris! - Kim gitdi? Annuşmy? - Men bilýän ol pul üçin hars urýar. Aýlygyny az görüp gitdi. - Gurt, ýok adamynyň gürrüňini etmesene! - Men «Annuş işe ymykly gelen bolsa sabyrly bolardy» diýjek bolýan! – diýip, Gurt özüni aklady. - Bu işde gitjekler, geljekler bardyr, ony saklap bolmaz, ýöne biz kynçylykdan gaçmaly däldiris, kim gazanç üçin gelýä, kim ak ýüregi bilen labyryny taşlamaga, köküni baglamaga, durmuş gurmaga gelýär. Muňa durmuş diýerler. – diýip, Mälik pelsepe otardy. - Mälik jan gotdy-gotdy edip, owadan gepleýäň! Adam köňli syrly sahypa, oňa düşünmek kyn! Biri-birini görende begenýär, beýlekisi bolsa... Meselem, Çaryny görsem meň myrryhym tutýar, Myrat «Artyga duşsam keýpime sogan dogralýar» diýýär, düşün-dä onsoň nädip düşünseň! – diýip, Gurt soragly nazaryny oňa dikdi. - Kim gödek herekedi bilen biriniň kespini bozsa, onda zynjyr ýaly Ýene köp adamyň keýpi bozulýar, ol dogry – Kerim gözüni güldürip hojaýynlaň biri göräýmesin diýýän ýaly töweregine gorkuly ýaltaklap, çilim otlandy. – Bar aýdaly, men biriniň keýpini göterdim, ondan näme utuş gazanýan? Mysal üçin: - Mysal üçin Muhammet Beg keýpimizi göterse iş gowy gidýär, gygyryp, gohlap gitse, eliň işden sowaýar, şol gün zat ýadyňa düşenok! - Dollaryň hümmetini barlamag-a ýadyňdan çykarýan dälsiň, sen husyt! – Saparmyrat ýylgyryp Gurda seretdi, hemmeler gülüşdiler. – Ýogsa-da bir gezegem öýüňe çaýa çagyrmadyň-la? - Ýa senem walla! Görübilmezçilik edýäň öýdýän? Indi nädip baýasaň baýa diýýärler, menem dollar alyp satýan, gazanç edýän! Oň nä aýby bar? Onsoňam baýlygyňy çar ýana paýlaýanlar ahyry hor-homsy bolýandyrlar, zadyňy gysganyp husytlyga werziş bolmasaň mertebä eýe bolmarsyň şonuň üçin menem hezzet-hormat etmeli her bir ötegçä berk daraýan. - Maňa galsa-ha dollaryň aýlanyşygyny aramyzdan aýyrardym! – diýip, Saparmyrat janykdy. Ýogsa-da adamyň bagty nämeden ybarat? – diýip, Kerim Gurtdan sorady. - Dostundan, ýaryndan, daşyňy gurşap alýan durmuşyndan razy bolsa şol adam bagtly, birem sowmaga harjy bolsa, dollary bolsa... - Men ejeme bir manat bersem dünýäde şondan bagtly adam ýok! – diýip, Kerim jogap berdi. - Hawa, adamyň bagtynyň pula baglylygy düşnükli, meňki şeýle – diýip, Gurt onuň bilen razylaşdy. - Çilim çekişlik gutardy – diýip, Mälik seslendi. – Iş bolmasa enjamlary reňklemeli, marş! - Düşnükli, ýöne agşam aç ýatmaly bolarmykak. – diýip, azyk harytlary gutardy, agyz suw agşama ýetäýse boldugy... - Hemmesi bolar, Gurt baý, sabyr et! Näme ýatýan ýeriňi halaňokmy? Iki sany ýaş ýigidiň arasynda ýatýaň. Ýene näme gerek? – diýip, Mälik degişdi. Hemmeler gülüşdiler... Rahman gaz ýygnaýjy nokatdan çykyp beton taýýarlaýan enjamy barlamak üçin göçme obajyga gitdi, öňünden üstünde sowadyjy agregat ýüklenen «Uragan» çykdy. - Mäligiň işi indi ýeterlik bolsa gerek! – diýip, Rahman «Uragany» nazary bilen ugratdy. Ýoluň iki gyrasy Arçabil jülgesi ýaly tokaý diwary bolup durmasa-da, garaz oňuşsa boljakdy, sazakdyr, sözenleriň özboluşly gözelligi bardy, göçüp ýören çägeleri berkitmekde, derýany, suw howuzlaryny, köp sanly hojalyk desgalaryny çägäň basmagyndan goramakda olaryň ähmiýeti uludy, obalaryň gazlaşdyrylmagy Garagum tokaýlygynyň meýdanyny on million gektara golaý artdyrdy, köp bölegi adam eli bilen özleşdirildi. Göçüp ýören çägelikde, jöwzaly yssyda tokaýçylygy ösdürmek ýeňil iş däldi. Bu işde bagçylygy ösdürmek baradaky görkezmeler uly kömek edýärdi, gaz çykaryjylar, gurluşyklar bilen yhlasyny birikdirip gaz geçirijileriň geçýän ýerlerinde ýeriň üstki ösümlik ösýän gatlagyny zaýalaman çölüň ösümlik dünýäsini ösdürmäge uly goşant goşýardylar, nähili ýagdaýda ojar, gandym, çerkez we beýleki agaçlary gögerdip boljaklygyny bilýän hünärmenler, täze maşyn işläp düzüp, sazakdyr, çerkezleriň tohumyny gaz geçirijileriň üstüne sepmegi ýola goýupdylar. 2. Bäşgyzyl gaz käniniň gurluşygy boýunça zähmedi goramak we howpsuzlygy üpjün etmegiň hünärmeni wezipede Halmyrat atly daýaw edenli, gujurly ýigit işleýärdi. Onuň kakasy ömrüni şu işde geçiripdi, çagalarynyň arasynda bolanda edarada bolýan betbagtçylyklar barada gynanç bilen gürrüň bererdi, şonda ejesi «Wah, waheý» diýip ah çekerdi. Halmyrat bolsa «Kaka, näme üçin şular ýaly zatlaryň öňi alynmaýar» diýen soragy keserdip goýardy. Belki kakasynyň şol gürrüňleriniň täsiri ýetendir, belki «Ata kesbi ogla halal» diýen aýtga eýerendir, kakasy hormatly dynç alyşa çykanda Halmyrat onuň işini dowam etdirmeli boldy. Ol işe başlan gününden howpsuzlyk meselesini ünsden düşürmedi, bölümlerde işgärler, iş alyp baryjylar bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, düşündiriş işlerini geçirdi, käbir adamlar ýaly ol ýylyň-ýylyna duşuşyga gelende şol bir hasabat kagyzlaryny doldurmagyň ýollaryny öwredip, zähmedi goramak barada dil ýarman adamlaryň ýüregine düşüp ukladýanlaryň hataryndan däldi, işgärleriň öňüne çykyşyna «Hormatly, mähriban eziz işgärler! Biziň göz açyp-ýumasy salym ömrümiz bar, ömür geçip barýar, toýa, ýasa barýanlygymyz, birek-biregi goldaýanlygymyz üçin biz birek-biregiň şatlygyny, gaýgysyny Deň çekýäris! Birek-birek bilen bar ýa ýok diýmän, mylaýym gepleşip, diňlemeli bolýarys, işgär bilen ýolbaşçyň arasyny seljeriň, eger ýolbaşçy mylaýym bolsa iş öndürijiligi artýandyr, howpsuzlyk düzgünleri bozulýan däldir, adamyň mertebesine iň uly urgy – iş ýolbaşçysyndan eşidýän erbet sözüdir. «Islendik adamyň bir tarapy özümden artykdyr» diýen ýörelgeden ugur alyň! – Ýolbaşçyň bir zat diýdimi, şony ýerine ýetiriň, «Döwlet gurjak bolsaň türkmenden sora» diýlen söz ýönelige aýdylmandyr. Ol hemme adamyň ruhy baýlygyna täsir edýär. Ählimiziň ruhumyz belent bolsun! Bir zady berk belläň! Kemçilik bolsa ýazylan bellikleriň ýerine ýetirilmezliginden bolýandyr... Men siziň aýlyk-günlik, ýatak jaýyňyz, iýmitiňiz, hapa işde işleýänlere mugt süýt, goşmaça hak tölemek, bäş metrden ýokarda işlense kemer dakynmak ýaly zatlaryňyza gözegçilik edýän! Işden öýüne baryp tä köwşüni çykarýança size men jogap berýärin, meňem işim aňsta däl! Siziň käbiriňiz şaýatdyr, ýörite maşyn bellenmese, oglanlar ýola çykyp işe gaýtsa, men durup bilmän, olar bilen bile gaýdýan! Sebäbi men olaryň, howpsuzlygyna jogap berýän! Bir gezek gaz çykaryşyň ýolagçy maşynyna münenimizde onuň ussasy «Sen näme üçin bulary maşina mündüripsiň?» diýip sürüjä käýindi. Oglanlaryň howpsuzlygyny üpjün etjek bolsaň, şeýle sözleri eşitmeli bolýar... Täze işe gelen ýaş oglanlar howpsuzlyk meselesine kembaha garaýarlar, şol sebäplem köp düşündirmeli bolýar. Men şu gün işiň üstüne aýlandym, mazut eredilende kelläňde gorag telpegiň bolmaly, içgili adamy işe goýbermeli däl! Mazut eredýänler dizel ýangyjyny ulanýarlar, ol güpüläp gidýär. Mazudyň bugy alty ýüz metre ýetýär, şemal bolsa şol bug 10-20 metr aralykda ot alyp bilýär... Bularyň aňyrsynda işgärleriň howpsuzlygy ýatyr. Tok bilen işleýän işgärlerden edilýän talap has-da ýokarydyr»»... Halmyrat şu gürrüňleri aýdyp işgärlere gol çekdirýärdi. Indem Rahman Bopbany serhoş halyna işe goýberse bu howpsuzlyk çäreleriň gödek bozulmagy boljakdy. Ýöne, başga çykalga welin ýokdy. Bopbany işden çetleşdirmek aňsatdy, işden baş çykarýan başga işgär tapmak kyndy. - Bopba diňle! – Rahman hüžžük saçlary darak görmedik daýaw pyýadany ýük göterijiniň ýanyna alyp bardy. – Biz sement garyjy enjamyň ýanan motorynam çalşyrmaly, oňa göteriji gerek, olam döwük, RDK-23 göterijiniň tok beriji generatory ýanypdyr, otlanmaýar, ozal muny ýöretmek üçin dizel tok berijini ulanýardyk, häzir olam ýok! Bir çykalga RDK-ni ýöretmeli, senem işe serhoş gelipsiň? Näme etjegimem balemok! Işe goýbersem düzgüni bozýan, goýbermesem işim durjak! - Düşnükli. – Bopba eýýäm göterijiniň tok ugrunyň çyzgylaryny öňüne üýşüripdi. – Geliň, bir zat edeliň, siz meni göreňzok, menem sizi, bolýamy?... Göterijiň generatoryny bejermek üçin onuň gurluşyny düýbünden üýtgetmeli, täze ýoly tapmaly. – Bopba yzly-yzyna çilim çekdi-de çyzyk baryny çyzdy, generatory sökdi. Ýarym sagatlyk hysyrdyly gözlegden soň simleriň ugruny üýtgedip, generatoryň özünden işlär ýaly etdi. Garaz, eýtdi-beýtdi, göterijini işletdi. Rahman muny işledip bilmän giden tok hünärmenleriniň üçüsini bilýärdi, olaryň pikiriçe generatory täzelemelidi. Täzesi bolsa ýokdy, şeýdip bir aý duran göteriji bir sagatda Bopbaň elinden işledi duruberdi. - Ýük göterijini işledeniň üçin saňa goşmaça hak berýärin, işde serhoşlygyň üçinem şonça jerimee salýaryn! – Rahman duran ýerinde ikisi üçin hem gerekli kagyzlary doldurdy. - Bor-da! – Bopba göwünjeň razylaşdy. – Berýänem özüň, alýanam! - Gül ýaly kelläň bar! Içmeseň uly wezipelere çekilip gitmeli! Sen bolsaň... - Içmedik bolsam bu işi edip bilmezdim! – Bopba boýnuna aldy. – Bolmanda-da adam deň bolanok ahyr, biri küýki, biri gaýky, biri meň ýaly içip ýör, ýöne işem edýär, başga biri bolsa ýaranjaňlyk edip, abraýly bolýar, ýörite gulluk maşynyny münýä, şeýle zamana-da bi... sement garyjy enjamyň motory göterijiniň kömegi bilen çalşyryldy. Enjam işläp başlady. - Işiň üçin sag bol! Agşam ýanyma gel! – diýip, Rahman Bopbany ugratdy. - Gürrüň bolsa aýdyber, diňleýän! - Ýok, agşam gepleşeris! Bopba sesini çykarmady... 3. Giç agşamlygyna garamazdan naharhananyň içi işgärlerden doludy. Kimdir biri elindäki jäç okarasyny gaçyranda Ýazmyradyň, Ata Ýazyryň, Gurbannepesiň öňüne düşüp gelýän Rahman owranan jäçleriň daşyndan aýlanyp: - Arkaýyn giriberiň, beýle şakyrdylar günde bolup durýandyr! – diýdi-de, adamlaryň arasy bilen geçip düýpdäki gapyny açdy. Ine şu jaýa giriň! Naharhananyň içinde ýerleşen bir otag gelýän myhmanlar üçin ýörite niýetlenendi. - Ýerleşiň! Men häzir... - Sen tüweleme gezdirip bildiň! Işe gaýdanyňda şeýle aýlaw edýäňmi? – Ýazmyrat ýumşak oturgyja özüni goýberip Rahmana çiňerildi. - Göni gaýtsaň ýel birneme kelte! – Rahman düşündiriş berdi. – Ýöne myhmany eden işlerimiz bilen tanyşdyraýyn diýdim-dä! Rahman dalana çykyp nahar berilýän ýere bardy. Adatda bolşy ýaly, sement guýyjylar, agaç ussalary, kebşirleýjiler, ulag, traktor sürüjiler nahara nobata durdylar, iş eşikleri has-da daýaw görkezýän oglanlaryň ýüzleri sowuga gyzarypdy, sesleri garyljak çykýardy. Nahar nobady çalt süýşýärdi, ak donly saçyny depesine ýygnap kellesine ak örtügi örten, elleri çermelen Täzegül susagy ussatlyk bilen işledip, gazandaky çorbadan guýýardy, ikiläp-üçläp alyp berýärdi, yzyndan palow diýene palow, etli börek diýene börek guýýardy, sorag berýänlere gözlerini güldürip, şähdi açyk, mylaýym jogap berýärdi. Ondan aňyrda Aýsoltan kime çaý, kime şire suwuny guýup, soňundan naharyň puluny hasaplaşýardy, oglanlar şu ýerde birneme saklanmaly bolýardylar. Ak eşik Aýsoltanyň gelşikli ýüzüne has-da gelşik berýärdi. Oglanlaryň käbiri onuň bilen degişmäni gowy görýäne çalymdaşdy. - Täzegül, tüweleme, sen-ä aý ýaly kömekçi edinipsiň! - Şoň üçinem adyna Aýsoltan dakdyk! – diýip, Täzegül jogap berdi. - Maňa iki bulgur çaý! – nobatdaky işçi öňe süýşdi. – Näme üçin çaýyňyz süýji däl? Şekeri gysganýaňyzmy? - Sen ony gowy çaýka! Ýöne häzirräk bol... - Maň ýigrimi bulgur şire suwy! - Köp içseň göbegiň çözüläýmesin? - Onda iki bulgur edäýiň!... - A gyz, Aýsoltanmy sen? - Ýok, men Aýmary. Aýyň bölegi!... - A gyz siz bilen gürleşip bolarmy? – Çarynyň öňündäki arryjak godalak ýigit gözi bilen Täzegüli iýäýjek boldy, Çary onuň egninden çekdi, yzyna gaňrylanda bolsa ýumrugyny görkezdi. - Şeýdip düşnükliräk aýtsalar men pahyr düşünjek! – diýip, godalak ýigit mumly ýüplik ýaly bolaýdy. Rahmana gözi düşenden Täzegül: - Näçe adamlyk? – diýip sorady. - Dört adamlyk! Bärik! – Rahman otaga tarap ümledi-de, myhmanlaryň ýanyna gaýtdy. Şol ýerde Gözele gabat geldi. - Rahman, ýaňky gelen myhmanlaň içinde Ata barmy? - Hawa, iş buýrujynyň toparyna goşulyp barlaga gelipdir. - Oňa Alžirde maşyn sowgat beripdirler, şol dogrumy? - Hawa, Alžir hökümeti kömegi üçin beripdir. - Maşyny batyr sürýänligi üçinmi-kä? - Ýok, gaz-nebit guýylarynyň gurluşygyna maslahatçy hökmünde gatnaşypdyr. - Şeý diýsene! – Gözel geň galdy. – Men bolsa oňa agzy jäheksiziň biridir öýdüpdim. - Ýok, ol beýle adamlardan däl! Oňa basym seň özüň hem göz ýetirersiň! Rahman otaga dolanyp gelende Gurbannepes Ata bilen çyzgylara göz gezdirýärdi, Ýazmyrat otagyň içindäki oturgyçdyr, diwanlara, geýim asylýan tekjä seredýärdi. - Siz işleýşiňiz ýaly ýaşamanam başarýarsyňyz. Çölüň içinde bu has-da ýakymly! Aşgabatda men bir kiçijik işgär! Sen bolsa bu ýerde uly hojaýyn, bu meni begendirýär. – Ýazmyrat ýumşak diwana gyşardy. – Aýlawly ýollar bilen alyp gaýtdyň, aw edeli, oturaly diýdiň, şu meni geňirgendirýär. Seniň aw etmäge eliň degmeýäni üçin... Bilmedim, haýsydyr bir bölümiň başlygy bolaňsoň o zatlara eliň degýän bolsa... - Haýsydyr bir bölümiň diýýärmiň? Beýle uly gurluşyk bölümi Soýuz döwründe azdy, indi köpeldi, diýseň jogapkärli iş. Şol işiň başynda durýanlygyma guwanýaryn... Aýlygym ýeterlik, jaý berjek diýýärler. - Rahman, birek-biregi ýaňy tanamaly däl. Sen aýlyk ýa jaý üçin işlemeýänligiňi bilýän... Bu ýerde başga bir örän wajyp mesele ýüze çykan bolmaly, onam sen maňa aýdaňok! - Seň pikiriňçe ol nämeden ybarat? - Bilmedim, aňjak bolýan!... Maňa habar berişleri ýaly siz Bäşgyzyl gaz känini wagtyndan öň tabşyrmagyň üstünde işleýärsiňiz! Men muňa öz ýanymdan begenýärin, ýöne siz «Soňy näme bolsa şo bolsun, desga tabşyrylsa bolýa» diýýäňiz öýtýän! - Bu pikir seň üçin dogry bolmagam mümkin, maňa welin ol düşnükli. Rahman onuň häliden bäri näme diňjek bolýanyna düşünýärdi, şol sebäplem egni ak ýektaýly Aýsoltana gözi ilen soň onuň nähili ýagdaýa düşjegini göz öňüne getirip ýylgyrdy. – Näme, saňa düşnükli dälmi? - Azajyk pikir bulaşyklyga bar. - Sen basym öz pikiriňden dänseň gerek! – Rahman nahar getirmek üçin ýerinden turdy. - Biziň garaýşymyz mydama gapma-garşylyga duçar bolup geldi. – Ýazmyrat Rahmana otur diýip yşarat etdi. – Men seň uzak işlemejegiňe ynanýan! - Sen bilgiçmi? - Bilgiç bolmasamam käbir zatlardan habarym bar, bärik gaýtmankam... Ýazmyrat sözüni dowam edip bilmedi, gapydan mejimäniň üstüne naharly okaralary salyp Aýsoltan girdi. - Nepes daýy, Ata daýy sizem geldiňizmi? Gurgunmysyňyz! Ýazmyrat gurgunmy, Bahar, ejem, çagalar sag-aman gezip ýörlermi? – Aýsoltan saçagyň üstüne naharly okaralary, çemçedir dürtgüçleri goýdy, mylaýym ýylgyryp ikinji nahary getirmäge çykdy. Ýazmyrat nazaryny Rahmana dikdi. – Bu nä boldugy? - Muny onuň özünden sorap gör? Häliden bäri seniň esasy soragyň şundan ybaratdy, sorap bilmän otyrdyň, indi gam iýmede nan iý! - Oglanlar, nahary sowatmalyň! – Gurbannepes saçakdan nan alyp oturanlara uzatdy, olaryň hersi bir bölejik döwüp aldylar, nan gaýdyp ýene Gurbannepese dolananda ol: - Ýa bissimylla! – diýip, çorba çemçesini batyrdy. Oglanlar seslerini çykarman nahar iýdiler. Birnäçe wagtdan soň, Aýsoltan ikinji nahary getirdi. - Işdäňiz açyk bolsun! Nepes daýy nahar süýji bolupmy? - Naharda kem ýok, bal ýaly! - Ýazmyrat naharyň ýaryny goýupdyr? - Ýok, nahar tagamly, söz ýok! – Ýazmyrat özüni aklady. – Men uzak ýola ýadadym, şireli suwuň bolsa köpräjik getir... - Şireli suw, süýji çaý bar, siz üçin kofe taýynladym. - Sag bol, Aýsoltan!... Sen bu ýerde näme işleýärsiň? - Görüp durşuň ýaly... Bäşgyzyl gaz känini gurýas! «Gulluk etseň gerege, seni ýetir çörege» diýipdirler. - Düşünýän, bu ýere gelenleň hemmesi Bäşgyzyl gurýarlar, sen näme gurýaň? - Men işgärlere nahar bişirýän, gap-çanaklary ýygnap ýuwýan, çaý, şireli suw guýup berýän, müşderiler bilen hasaplaşýan, aşhananyň içini arassalaýan! - Ýegen, işiňden razymy? – diýip, Ata sorady. - Razy, daýy! Bu ýeriň arassa howasy maňa gowy täsir edýär. - Ýüzüň-gözüň oňatlaşypdyr ýegen! Men seniň bu herekediňi oňlaýan! - Bagyşlaň, men hyzmat etmeli, gerek zadyňyz bolsa aýdaýyň! – Aýsoltan boşan gap-çanaklary alyp çykdy. - Aýal bäbek görmese gelinligine galýanlygy çyn-ow! – diýip, Gurbannepes seslendi. - Bu örän täsinlik! – Men gözümiň görenlerine ynanamok! Ol aňry gitse bir hepde, bukjasyny daňyp duran Aýsoltanyň bardyr – diýip, Ýazmyrat ýasama ýylgyrdy. - Ýazmyrat bir hepdelik geldim diýdiňmi? – Rahman ikinji nahary onuň öňüne süýşürdi. Ejaza et, şol wagtyň içinde Aýsoltany synap göreris! Sen ýöne, öýüňe goýlan nahary iý! Iýmeseň Täzegül öýkelär, onuň ussatlygyna dil ýetirdigiň bolar. - Sag bol, işdäm ýok, onsoňam işlemeli. - Bu gün iş bolmaz! – Rahman oňa garşy çykdy. – Men bajama hezzet-hormat etmesem bolmaz ahyr, etagat edäý! - Bize ýatar ýaly ýer tapylsa, ýassyk başyny diňlesek, nähili bor? – diýip, Gurbannepes Ýazmyrada seretdi. - Dogry aýdýaňyz başlyk! Bu günlükçe dynç alalyň! – diýip, Ýazmyrat ýassyga kellesini goýdy. 4. Ertesi daň atandan Rahman myhmanlaryň ýatan jaýynyň gapysyny kakdy. Olar eýýäm aýak üstündediler. Rahman ýany bilen alyp gelen ertirlik naharyny saçakdan çykardy-da, orta ýaýratdy. Myhmanlar howul-halat ýuwunyp saçagyň başyna geçdiler. Her kim bir käse çaý bilen bir döwüm çöregi bokurdakdan geçirdi. - Düýn işläp bilmedik, bu gün meýdança bilen tanyşmaly. – Ýazmyrat kiçijik töwirden soň ýerinden turdy. - Hany awa gitmerismi? Derýaň boýunda dynç alar ýaly gowy ýerimiz bar. Nahardanam-a iýýän zadyň ýok! - Könelerimiz «Aşyňy aja ber, donuňy ýalaňaja» diýipdirler, meň iýmit bilen ugrum ýok. «Myhmana aş ber, iki elini boş goý!» ol düşnükli! Onsoňam, Rahman awy soýa goýaly, aw diýip bir-iki sany kel towşan tutaýmasaň... Göni işe baraly... Ýogsa-da, haçandan bäri awçy bolup ýörsüň? – diýip, Ýazmyrat desmaly bilen ýüzüni süpürdi. - Tämiz howadan dem aldyraýjakdym-da! Ýogsam gutum ýaly. - Dogry, howasy gowy, söz diýer ýaly däl! - Işe garrama ýok, etmeseňem bolanok! – Gurbannepes ýerinden turdy. Olar daşarda garaşyp duran maşina mündüler. Meýdança ýetilensoň Gurbannepes bilen Ata Rahmanyň iş otagyna tarap ýörediler, Rahman bilen Ýazmyrat bolsa olaryň yzyragyndan wyşy-wyşy edişip barýardylar. - Aýsoltan bu ýerlere haçan gelip ýör? Bulamakçym maňa siziň bolşuňyzy gürrüň berdi, Aýsoltan işinden birnäçe günlük rugsat sorap gaýdypdyr, indem işläp ýör diýýäň! - Hawa, işe ýerlerşi, gitjek däl-ä diýýär. Işindenem çykyp gaýdypdyr, jaň edip bildim. Munuň özi eýýäm üns bermäge degişli zat – diýip, Rahman jogap berdi. - Işden çykyp gaýdanyndan habarym ýokdy! Olar Rahmanyň iş otagyna girdiler. Gurbannepes eýýäm çyzgylaryny tekjäniň üstünde ýazyp goýupdy. - Gurbannepes aga, ilki bilen siziň soraglaryňyza seretjek! – Ýazmyrat edil onuň öňündäýi oturgyja geçip otyrdy. – Aýdyberiň! - Men saňa Şatlykdaky merkezi ussahanada birleşdirilip ýygnalýan desgalar barada gürrüň beripdim... olaryň sany on dörde ýetýär, Bäşgyzylyň gaz ýygnaýjy meýdançasynda bar bolan desgalaryň ýarysyndan gowragy... Bulary biz işiň çalt ýerine ýetirilmegi üçin merkezde ýygnaýas! Taslamadan çykýan ýerimiz ýok, gaýtam müňlerçe pul serişdelerini tygşytlaýarys! - Maňa, taslamadan çykylmasa bolýar... Örän jaýdar tapylan çykalga! – diýip, Ýazmyrat çyzgylara seretdi. - Wagtymyz gyssagly bolansoň müňlerçe tonna ýükleri gysga wagtda çekmek mümkin däl! Onuň üçin azyndan üç ýüz sany ýük awtomaşynlary gerek! Biziň ýollarymyzyň ýagdaýynam, uzaklygynam özüňiz bilýäňiz. Ine, onsoň ýygnalan taýyn desga Şatlykda demir ýola ýüklenýär, Üçajyda düşürilip «Uraganlaryň» kömegi bilen çekilýär. Bu ýerde utuş gazanýas! - Düşnükli, ýeri onsoň desgalaryň üstki örtügi nähili çözülýär? - Taslamadan taýyn jaý görnüşinde berlipdir, bizde olar ýok! Indi ylalaşyp haýsynyň üstüni tölär, haýsynyň daşyna kerpiçden jaý – şu meseläni çözmeli. - Taslama boýunça telär edilmelisine telär edersiňiz, metal jaýa derek kerpiçden örersiňiz, wessalam. - Düşnükli! Biz şeýle hem ederis, ýöne bu ikisiniň bahasynda düýpli tapawut bolar. Metal jaýlary galdyryp gurnaýmaly, zähmet talap edenok, kerpiç jaýlary örmäge bolsa köp işçi güýjüni sarp etmeli, diýmek çykdajysy artyk, şony nätmeli bor? - Ýaňy özüňiz aýdyp otyrsyňyz, siz bir ýerde utuş gazanýarsyňyz, bir ýerde utulýarsyňyz, ahyrda taslamadan çykmasaňyz bolany... - Ýok, ylalaşyp biljek däl! – diýip, Gurbannepes garşy çykdy. – Soýuz döwründe ol desgalar taýyn görnüşde dürli respublikalardan getirilerdi, diňe göterip ýerinde oturtýardyk we daşky ulgamlara birikdirýärdik, Soýuzyň darganyna on ýyl boldy, henizem taslamany şol öňki endik boýunça düzýärsiňi. Häzir ol desgalaryň her enjamy aýratyn bölek bolup gelýär, olary ýerinde oturtmak üçin taslamada görkezilenden iki-üç esse artyk zähmet gününi, çig malyny sarp etmeli bolýas, bar aýdaly, ebşitleme işinde sarp bolýan çig maly hasaba almadyk diýeli, ýöne, olary ýygnamak üçin goşmaça çig malyň nurbatdyr, reňkleriň bahalaryny nireden almaly? - Bu soragy iş buýruja bermeli, taslamada göz öňünde tutulan enjamlary bolşy ýaly üpjün etmek olary borjy! - Sen şol iş buýrujynyň wekili bolup otyrsyň! Ony sen çözmeseň kim çözsün? - Ýaşuly siziň bu bellegiňiz ýerlikli! – Dogrudanam, taslama institutymyz baş iş buýrujynyň harajadyna saklanýar, şol nukdaý nazardan seredeniňde, biz ähli zada jogap bermeli ýaly, ýöne ol beýle däl. - Näme üçin köne taslamalardan göçürip, täze taslama ýasap otyrsyňyz! Ähli desgalaryň enjamlary ýygnalan, taýyn görnüşde diýip baha kesýärsiňiz, olary özümiz ýygnaýas, gözüň bilen görübem dursuň! - Bu talabyňyz bilen ylalaşýan! Baş iş buýrujy – Gaz senagaty ministrliginiň jogapkär işgärleri sizi gerekli enjamlar bilen üpjün etmek üçin daşary ýurtlar bilen ylalaşyk baglaşmaly, şonda ähli talaplar tehniki dilde, düşnükli ýazylyp beýan edilmeli, iberilýän enjamlaryň bölekleriniň ýerli-ýerindedigini barlap, kabul etmeli, ýetmeýän bölegi bar bolsa wagtynda talap hatyny ýazmaly. Şu ýerde käbir işgärleriň düşünmezligi sebäpli kemçilikleriň goýberilýän bolmagy ahmal. - Ýazmyrat, habaryň bardyr, men taslama institutynda işledim. Şol döwürde görkezme bardy, ýagny, ylymda öňde baryjy täzelikleri ilkinji orunda taslama goşmaly diýip! Siz häzirem şol ýörelgä daýanýarsyňyz, ýöne, gaz çykarmakda çylşyrymly ýollaryň köpüsi öwrenilmedi! – diýip, Gurbannepes pikirini mälim etdi. - Men-de Bopba diýen işgär bar! Käte gatyrak gyssasam ol «Sen başlyk men samsyk» diýip jogap berýär. Şoňky ýaly Ýazmyrat senem «Men başlyk sen samsyk» diýjek bolma! Ýaşulyň aýdýan zatlary gaty dogry! Mene moň üstüni ýetirjek! Bäşgyzyl käninde ulanylyşa goýberiljek 24 sany gaz guýylaryndan çekilýän geçirijä 389 sany tirsek gerek, olary özümiz gözläp tapmaly ýa-da ýasamaly, ýokary basyşly gaz geçirijä hyrly kiltleriň, 9,60,69 burç ölçegdäki sowma gollaryň, tokurtgany biri-birine birleşdirýän göniburçly tegelek epenegiň onlarçasy gerek! Tapmasagam gurluşygy duruzmaly! Ne olaryň bahasyny töleýärsiňiz, ne zähmet hakyny, daşky suw-gaz üpjünçiliginde hem hut şeýle. taslamada taýýar önüm hökmünde görkezýäňiz, emma biz olary bölek-bölekden ýygnaýas! Bulary aýtsaň aýdyp oturmaly! Hi bulardan çykalga ýokmy? – Rahman balkyldaýan gözlerini Ýazmyrada dikdi. - Siz meni aljyratjak bolýarsyňyz öýdýän? – Ýazmyrat uludan demini aldy. – Maňa aňsat dälem bolsa sorag ýüze çykansoň jogap bereýin. Biziň köpimiz köne endiklerimizden el çekip bilemzok. Şol sebäplem agsaýan ýerimiz köpelýär. Garaşsyzlyga eýe bolanymyzdan soň, öň eriş-argaç, bir-birine bagly bolan senagat pudagyň gatnaşyklary üzüldi, biz ony täzeden dikeltmeli. Ýöne, hemme zady bir demde çözüp bolanok, onsoňam adamlarda Soýuz döwründen galan «Bu maňa degişli däl» diýen endik aýrylyp gibiberenok, buýruk berip işledilmäge öwrenenler. Muny aradan aýyrmak üçin bazar ykdysadyýetine doly geçmeli! Biz şoňa hem barýas, siz bilýäňiz, SSSr Karl Marksyň manifesti esasynda ýaşady, emma Marks «Manifest meniň çaga döwrümde ýazan oýunjak eserimdir oňa üns bermäň!» diýipdir. Köp döwletler onuň bazar gatnaşyklary baradaky taglymatyny alyp göterdiler, şeýdip ýokary derejä ýetdiler, SSSR bolsa belli bir hereketden soň durdy, indi oňa bazar gatnaşygy gerekdi. Ol bolsa ýolbaşçylara gerek däldi, sebäbi bazar ykdysadyýeti ýolbaşçylaryň aşagyndaky kürsüsini gowşatýardy, ellerinden jylawlaryny alýardy. Häzir käbir derejeli adamlar jylawlaryny beresleri gelenoklar, şol sebäplem haýal hereketi etmäge mejbur bolýas! Dogry, bu haýallygyň başga-da sebäpleri bar. Mysal üçin taslamany täze türkmen elipbiýinde bermek meselesi. Ilki bilen gaz desgalarynda hereket edýän tehniki sözleriň, türkmene düşnükli bolar ýaly terjimesini taýýarlamaly, kitap edip hödürlemeli! Onuň bilen meşgul bolýan ýok! Rahman ýaňy «zadwyžkany» «hyrly kilt» diýip terjime etdi, emma oňa «soema, sürme kilt» hem diýip bolýar. Şeýle soraglaryň döremezligi üçin ýokarda aýdyşym ýaly tehniki sözleriň düşündiriş kitaby gerek, emma bu işde haýal-ýagallyga ýol berýän ýolbaşçylar bar, her adam öz duran ýerindäki jogapkärçiligini duýmaly. - Dogry aýdýaň! – diýip, Gurbannepes goldady. – Biz häzir önümçilikde ulanylýan hatlary türkmen elipbiýinde alyp barýarys, tehniki sözlügiň ýoklugy zerarly kösenýäris! Her zatda bolsa Ýazmyrat, sen biziň ýagdaýymyza düşün! Ýaňk aýdylanlary çözmekde kömek Ber! Ýogsam az-azdan ýygnanýan artyk çykdajylar bizi çökerip barýar, işgärlerimiz üçin gurmaly ýaşaýyş jaýa hem başlap bilemzok, girdejileri ýaňky sebäplem ýuwdup dur! - Men siziň bellikleriňizi ýazyp aldym, taslamada göz öňünde tutarys! Başga edip biljek kömegim ýok! - Diýmek, biziňki şowuna boljak däl-dä! – Rahman hyrçyny dişledi. - Tersine, men gelmegim peýdaňyza boldy, köp ýalňyşlyklary ýüzüme aýtdyňyz, menem ony düzetjek bolaryn. «Deňňäne deň şärik» menem. - Ýok, ony häzir düzedip ber! Bäşgyzyl käninde göz öňünde tutulmadyk çykdajymyzyň möçberi ýüz elli million manada golaýlady, oňa bir ýaşaýyş jaýyny gurup bilýäs ahyryn! - Düşünýän, ýöne edil seň aýdyşyň ýaly gurluşyk işleri gutaryp barýarka taslama düzediş girizmek kada-kanuna syganok, «Bu wagta çenli nirede bolduňyz?» diýerler. - Kim diýer? Kim? – Rahman janyýangynly seslendi. – Bir zady çözjek bolsaňyz, aýlap-ýyllap garaşmaly, iş etjek bolýanyň depesinden basmaly. - Seň munyň pelsepe bolýar. - Gözboýagçylaryň garşysyna göreşmekde pelsepeden gowy ýarag bardyr öýdemok. - Görýän welin gürrüňimiz alyşmajak bolýar. – Ýazmyrat ýerinden turdy. – Çyzgyly mesele gutaran bolsa ýörüň, iş üstüne aýlanalyň! Olar otagdan çykyp gaz ýygnaýjy meýdança bardylar. Ýazmyrat dürli tokurtgalardan ýygnalýan germewiň gurluşygyny alyp barýan oglanlaryň ýanynda saklandy. - Rahman, bu nä boldugy? Meýdançaň daşy ýönekeý gözenekden ybarat bolmaly, sen bolsaň hamana taryhy ähmiýetli desga ýaly, ymgyr çölde gymmat bahaly germew gurýarsyň! Gurluşygyň brigadiri kim? - Men! – Mälik kebşirleýji elligini taşlap Ýazmyradyň ýanyna howlukdy. - Size edýän işiňizi taşlamagy buýurýaryn! - Hä? – Mälik soragly nazaryny bir Rahmana, bir Ýazmyrada dikdi. - Taslamada beýle germew ýok! Men çykdajyňyzy bermen! - Başlygymdan alan buýrugym boýunça işleýän, men-ä! Ýazmyrat Rahmana gaharly seretdi. - Rahman, buýurýaryn, işi gaýra goýman togtatmaly, bu ýerde jenaýatyň alamatlary bar. - Sen maňa buýurma! – Rahman pessaý jogap berdi. – Siziň ministrligiňiz – biziň baş iş buýrujymyz, ýöne, ol ministrligiň her bir işgäri, hat-da sen ýaly ýokary wezipeli işgäriniň maňa buýruk berip bilýänligini aňlatmaýar. Başlygyňyz biziň başlygymyza ýüz tutsun, olam maňa buýruk bersin! Men diňe şol buýrugy ýerine ýetirerin, bagyşla! - Tejribeli oglanlar bile niş salyşmaň, reňk ýaly bolar ekeni. – Ýazmyrat ajy ýylgyrdy. – Sen artyk çykdajy edilýän gurluşyk çig mallarynyň bahasyny kisäýden goýarsyň! - Ýazmyrat, içi owadan desgamyzyň daşynyň hem gözel bolmagyny issledim... Besdir, bir-birine meňzeş gurup geldik. Ülkämizde her bir desga surat ýaly bolmalydyr. - Men owadanlyga garşy däl, taslamadan çykma diýýän! - Bu meseläni biz Kaka Rejep bilen çözmeli. Maňa şeýle gur diýen şol, şolam jogabyňy berer. - Hawa, şoňa çykmaly bolar, rugsat ýok bolsa kelläňden sypalmaz. Şol wagt meýdançada işleýänler üçin azykdyr nahar daşaýan UAZ-ik saklandy. Maşyndan düşen Aýsoltan salam-helikden soň: - Näme beýle ýüzüňizi sallaşyp dursuňyz? – diýdi. - Aýsoltan, kömek et, goý, Rahman şu işini togtatsyn! Onsoň ýüzümiz turşamaz – diýip, Ýazmyrat jogap berdi. - Näme üçin? - Sebäbi taslamadan çykýar, döwletiň müňlerçe manadyny ýele sowurýar, bu habaryň ýokaryk ýetse ýüzünden sypalmaz. Soň wala-waladan peýda bolmaz. - Şeýlemi? – Aýsoltan Rahmana seretdi. - Şeýle bolmagy hem mümkin. - Başlygynyň aýaly bolmak lezzetli, onsoň äriň işi bulaşar diýip gorka gezip bolmaz, «Ýokaryk çyksaň yzyňa dönme» diýipdirler. Aýsoltanyň bu jogaby häliden bäri gürrüňe goşulman duran Atany begendirdi. - Berekella, ýegen! Berekella! - Ýazmyrat, sen kyn günlerimde göwünlik, maslahat berip kömek etdiň! Şolaň üçin sag bol, buý ere-de seň bilen maslahatlaşyp gaýtdym, gaty görme! – diýip, Aýsoltan mylaýym ýylgyrdy. - Men nämeden gaty göreýin? Gaýtam, hemme zadyň gowy gutarýanlygy üçin begenýän! - Men gideýin, ýolagçy ýolda ýagşy, oglanlar garaşyp durandyrlar. – Aýsoltan maşyna tarap ýöneldi. Rahman maşyna münmäge Aýsoltana kömek etdi-de: - A, gyz siz bilen duşuşyp bolmazmyka? – diýip mylaýym ýylgyrdy. - «Ýoddaşy ýolda syna» diýipdirler, synag möhlediňiz gutardy. - Sabyrlylyk ähli zady ýeňýändir? Şeýle dälmi? - Edil özi! Siziň adyňyz... - Aýsoltan! Siziňki Rahmanmy? - Hawa! - Biz täzeden tanyşdyk! – diýip, Aýsoltan hezil edip güldi... Olara seredip duran Ýazmyrat: - Men gowusy gideýin! Bu işleri görmedim, bilmedim diýeýin! Ýogsam, durmuşy ýaňy gowulaşyp ugran adamy täze aladalara sezewar etmeli boljak! – diýdi. - Ýok, gitme! – Gurbannepes oňa garşy çykdy. – Gitseň, Ýazmyrat nirä seredipdir diýerler. Gowusy Kaka Rejep bilen duşuşyp git! Biz nä ogurlyk edýäsmi! Şeýlelikde olar Kaka Rejebiň gelerine garaşdylar... | |
|
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Duman daganda: Zäher gahardan ýasalýar - 01.06.2024 |
√ Köne mülk -7: romanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -7: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |