19:22 Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy | |
ÝIGRIMI SEKIZINJI BAŞ
Romanlar
1. Ine, gözüňe söweýin, bagryňy oýkabermeli diýilýän boz toprak, Pirleriň nazary düşen sähra! Ba-baý-ow! Topragyň reňkini dagy diýsene. Tohumyny taşlabilseň bolany, müň ýyllap suwa, adam mährine suwsan Gudrat görerin diýseň daglary bar diýlerdi, asyl gudratyň gudraty Garagumda bar ekeni! Aňyrsy-bärsi görünmeýän, güýçli ulaglara heder etdirýän çäge depelerinden aşyp gider oturarsyň, oňa tükenme ýokdur, birdenem ýaýylyp ýatan takyrlyga gözüň düşer welin hamana agyr synagdan sypan ýaly ýeňillik bilen demiňi alarsyň! Uzaklara dowam edýän takyryň gyralary çäge depeleri bilen jäheklenendir. Bu bir gudrat ahyryn! Läle getirmiş diýilýän bahar paslynda görseň hakyky gudrata duşarsyň! Bu ýerler türkmeniň ak bugdaýyndan ygşyldap otyr... Şatlyk şäherinden gündogara 270 kilometr gara ýoly, 20-30 kilometr syrgyn çägeligi geçip bir belent depeden aşarsyň welin öňündäki tekizlikde gurulýan desgalara gözüň düşer, şonda göwräňdäki argynlyk zym-zyýat bolar. sebäbi ata-babalaryň nazary düşen toprakdaky asudalyk, rahatlyk seni hüwdülär, has dogrusy, geçmişi süňňüne siňdiren gojalaryň namysly, ütanç haýaly eneleriň, taryhy gursagyňda göterýän gadymy türkmen halkynyň, Tüni derýa bilen akyp giden Garybyň yzy seni meýmireder, bu ýerde oglanjyklar kök ata atlanyp öňbaraga öňürdikläpdirler, gyzlar depä çykyp düz görendirler, Tüni derýaň gadymy hadysanyň ýakalarynda gabat gelýän küýze döwüklerinde şol gyzlaryň eliniň yzlary görünýär, hat-da müşki-anbar yslaram gelip duran ýalydyr... Taryhy baý türkmende ýedi zat bar, ahal-teke aty, goýun iti, halysy, şaý-sepi, egin-eşigi, sazy, batyrlygy şuňa sekizinjisini hem goşmak gerek, olam topragy! Oňa taý toprak dünýäde ýok bolsa gerek, daşary ýurtly bir alym «Türkmeniň topragy ýaly toprak ýokdur, sebäbi ol deňziň düýbüniň çökündisidir, türkmeniň suwy ýaly ekine ýaramly suwy ýokdur, sebäbi ol daglaryň iýmitli çökündisinden gözbaşyny alyp gaýdýar, türkmeniň yssysy ýaly yssy ýokdur, sebäbi ol suw bilen topragyň aýrylmaz bölegidir» diýipdir... Bu toprak indi has-da özgerer, orak orular, döwek döwüler, ýazlakda oglan-uşaklar, meri goýunlary kökärler, garry-gurtular çal süzüp gurt sererler, süýt ýaýyp goýurtmak ederler, sebäbi gurulýan desgalarda gulluk etjekleriň mallary bolar, gün geçmeýän baglarda bilbil saýrar, ymgyr çöl, bag-bakja bürener, hälki gyzlaryň ysy ýaly gyzyl güller ýaýylar. Desgalaryň arasy gülüň mekany bolmaly. Bularyň barysy şu ýerde işleýänleriň gujur-gaýraty bilen amala aşmaly! Adam eli gyzyl gül diýip ýöne ýere aýdylmaýar ahyryn!... Gaz ýygnap arassalaýjy desganyň meýdançasynyň günbatar tarapyny gupba ýaly gözel jaýlar bezeýärdi. Kerpiç örüjiler aragatnaşyk ulgamlarynyň jaýynyň gurluşygyny alyp barýardylar. Hydyr Haýran bu gün kerpijini sünnäläp-sünnäläp örýärdi, tot-tozanyň ýakawuntsyz gerdenine gaplanan ýüzünde şatlyk alamatlary uçganaklaýardy. - Hydyr akga arma! – Rahman elindäki ölçeg esbaby bilen jaýyň burçuny barlap durka seslendi. – Tüweleme, eliň endigi sowulmandyr, burçlaň edil ýylanlaň bokurdagyndan çykan ýaly. - Rahman, bizde müşgül zat bolmaz, ýöne azajyk elim diýen etmejek bolýar. Bir ýyllap kerpiç almandym – diýip, Hydyr jogap berdi. Dogrudanam, Hydyr Haýranyň keýpi kökdi. Ol kebşirleýjilikden kerpiç örüme geldi, hünäriň köp bolsa aňsat ekeni, indem azat zähmediniň miwesini görýär, Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny gowy bilýär, geçmişde ussalygy üçin ençeme şarpyk dadan adamdy ol. Segseninji ýyllaryň başlarynda Hoja Ýusup Hemedany metjidiniň öňündäki aýlawly arkany gurup ýörkä ony organ işgärleri maşyna basyp alyp gidipdiler. Hydyr «Edýäniňiz näme?» , «Günäm barmy?» diýip soranda jogap beren bolmandy. Eltibem bir sowuk ýerzemine dykdylar. Birnäçe gün halyndan habar alan bolmady. Hepde geçensoň sülçi gelip «Uly möçberli gurluşyk çig malyny döwletiň kerpijini ogurlanyň üçin jenaýat işini gozgaýas» diýdi. «Bu ýerde ogurlyk zat ýok! Özüm üçin on müň kerpiç ýazdyryp aldym, puluny geçirdim, degerli kagyzlarym bar, gerek bolsa görkezip biljek!» diýip Hydyr jogap berdi. «Men özüme gerekli kagyzlary sensizem taparyn!» diýip sülçi onuň üstüne gygyrdy. On günden soň sülçi gelip: «Hoja Ýusup Baba metjidinde eden işiňi öz eliň bilen ýyksaň, men seni boşadyp goýberjek!» - diýip şert goýdy. Hydyr oňa boýun bolmady, nobatçy milisionerleriň biri aýak ýoluna çykaranda oňa «Ýa senem, han ogul, kejirligiňi edip durmada «Sökermiň» diýseler «Sökerin» diýde başyňy gutar!»» diýip maslahat berdi. Hydyr zada boýun bolmansoň ahyrym boşadyp goýberdiler. Metjide gelip görse örülen haýat ýykylyp kerpiçleri alynyp gidilipdir. Indii welin şol öňki «Sökersiň» diýip haýbat atyp, töläp alan kerpiçlerini söküp giden adamlar metjit gurup ýörkä «Gaýrat et!» diýip ýalbarýarlar. Bular eýsem Garaşsyzlygyň miwesi dälmi? Hut şol miwäniň netijesinde, ol Hoja Ýusup Hamedany metjidini gaýtadan dikeltdi, Murgap etrap merkezinde metjit gurdy, Mary şäherinde Mollanepes meýdançasynyň kerpiç işlerini ýerine ýetirdi, Hanhowuz ýolundaky Mary welaýatynyň esasy derwezesini galdyrdy. Ini on bäş metre ýetýän desganyň çylşyrymlylygy ýokarydy. Onuň metal böleklerini hasaply taýýarlap, ýerli-ýerinde goýmak, kebşirlemek her bir öňýeteniň işi däldi, hatda Özbegistandan gelen derweze ussalary hem «Biz ini dokuz metrden geçýän derwezäni gurup göremzok» diýipdiler, Hydyr Haýran bolsa o lişi boýnuna aldy. Onuň üçin diýseň çylşyrymly hasaplamalary geçirmelidi, metal böleklerini öz eli bilen ýygnamalydy, esasam, onuň guran desgalary türkmeniň milliliginiň ýüzüni görkezmelidi. Haçanda ol şäheriň içinde gümmezli bir ymarat galdyranda «Şäheriň içini öwlüýä öwürdiňiz» diýen ýolbaşçylaram tapyldy, emma gurluşyk çig mallarynyň gytçylygy döwründe ullakan meýdany ýapmakda gümmeziň amatlydygyny Hydyr oňa nädip düşündirsin?... Onsoň haýranlar galar oturarlar! Soň aýlygy köp diýip kebşirleýjilik işine başlady. Kebşirlemeden boşadylanda bolsa ony ýene kerpiç örmek işine goýdular, onuň gurýan jaýy edil surat ýaly diýilýänlerden tapawudy ýokdy. Oňa «Bu ymgyr çölüň içinde beýle gözellik nämä gerek» diýenem tapyldy. Emma howlukman, işiň hilini göwnüne jaýlap etmäni endik edensoň başgaça işläp bilenokdy. Diňe bir ol däl, onuň elinde işleýän beýleki oglanlar hem işi görkezip bilseň bolanydy. Olaryň ellerinden çykýan jaýlar, gupba ýalydy. Öňler beýle düýpli gurluşyklar bir-iki ýyl öňünden maksatnama girizilerdi, soň tassyk edilerdi, serişde goýberilensoň işe başlamalydy, netijede desga tamamlanýança könelip gidýärdi. Indi, ol meseleler çalt çözülýär. Desga maksatnama goşulan badyna taslamasy taýýar edilip işe başlanýar, göwnäp işleseler oglanlaryň bitirmejek işi ýokdy. Gurluşygyň gidip duran ýeri gadym zamanlarda Tüni derýaň hanasynyň gyrasydy, diýmek, munda köşkler, galalar bolup, onda ata-babalar ýaşapdyrlar. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar ahyryn! Gaz ýygnaýjy nokadyň, hut şu ýerde gurulmagy, galyberse-de, ägirt uly gaz gorunyň tapylmagy kanuny bir zat bolýar duruberýärdi. Işçileriň, hünärmenleriň işe mähirlerini siňdirip, çalt depgin bilen işlemekleri edil suwsan goýunlaryň suwa eňişleri ýalydy. Güllere, bag-bakja bürenjek desgada milliligiň, erkinligiň miwelerini görmek bolýardy. Desgalar ýerli çig maldan galdyrylýardy. Öňler kerpiç jaýy gurmaga rugsat edilenokdy, gurnama demir beton jaýlar adamyň saglygy üçin ýaramsyzdy, tomsuna yssy, gyşyna sowukdy, ne toý tomaşa edip bolýardy, ne ojak gap, mal-gara saklap bolýardy. Kerpiç örüjiler bilen bu ýerde Gözel gyzyň suwagçylar reňkleýjiler topary zähmet çekýärdi, olaryň yzy bilen suw ulgamlaryny çekijiler işlerini gutarmalydylar, aňyrrakda, gaz guýylaryndan gelýän gaz geçirijileriniň gaz ýygnaýjy nokada girýän eýwanynda Mäligiň topary zähmet çekýärdi. - Köpräk al, daşrak zyň, köpräk al, daşrak zyň! – Iş eşikli, kellesine kebşirleýjileriň ýapynjasy atylan uzyn boýly, syrdam ýigit elindäki pilini taşlady-da sögündi. – Kosmosy eýelediler, awtomatika, kibernetika durmuşa ornaşdy, şu pili welin taşlap bolanok! Oglanlar, hany biraz dynç alalyň! Ýer gazyjy tehnika dur bizem el bilen çukur gazýas! Oglanlar pillerini taşlap odun daşyna ýygnandylar. - Bolmanda-da, kelläňi işletmäni başarmasak şeýle bor! – Kimdir biri seslendi. - Oglanlar men size ýük getirdim! – Artyk ikinji gezek gaýtalady. – Nädýäňiz? - Getiren bolsaň, dur, bitiňi şänik ýaly edip! – Saparmyrat ýer dyrmalap oturan ýerinden, jogap berdi. – Häzir sement alyp boljak däl! Ol goluň aşagyna gerek, gol bolsa taýyn däl! - El, Begow diýilýän adam nähili aýt? Işi gurnap bilenokmy, nämemi? – Artyk töweregine garanjaklady. - Hon-ha, Mälik gelýär, goý, ol bu zatlara jogap tapsyn! – diýip, Saparmyrat elini salgady. – Mälik şeýdip çukur gazyp ýörmelimi indi? - Oglanlar düşüniň, meň pyçagym ýetenok! – diýip, Kerim özüni aklajak boldy. - Sen ýeter ýaly et, tekizle, düzle, ýakyn bar, ýetir! - Oňa gumm süsüji traktor gerekmişin! Seň pyçagyň ýeter ýaly edäýse bolar welin, çaňňalagyňy çykaraýsaň. - Indii biz saňa gumm süsüji hem bolup berelimi? Sen gowusy, gitsene şu ýerden, abraýyň barka? Çypbakaý çynymy aýdýan! - Saparmyrat, hany ýuwaş, ganyňy gyzdyrma, özüm muny çözerin! – Mälik Kerime ýüzlendi. – Sen gazyp bilen ýeriňi gaz, tekizle, düzle! Gaýrat etmeseň bolanok, gardaş! Men buldozeri nireden alaýyn! - Mälik, şu oýny goýalyň-la! – Kerim janykdy. Bu çukury berlen bellik boýunça gazan men! Belki siz goluň burçuny nädogry kebşirlänsiňiz? Oňa men günäkär däl ahyryn! Galanynam, hon-ha Muhammet Beg gelýär, goý, ol jogap bersin! Uzyndan aryk, erni mydama çilimli, Muhammet maşyndan düşüp düşmänkä – Mälik: - Oglanlary ýygna! – diýip, gygyrdy. - Gör, onuň bolşuny! – Saparmyrat Kerimiň böwrüne dürtdi. – Häzir ýarym sagat ýygnak eder, gygyrar, söger, hiç zat çözmänem gider. - Her kimiň bir işleýşi, ýoly bar! - Ol telefon üsti bile niş aýlamany halaýar, netijesiz agzyňy aş gatykladanyň agramy aşykça, kölegesi köşekçe bolýandyr. - Adam bary işsiz ýatsa, semet düşürilmän dursa ýüregim gyýylýar! – diýip Artyk janykdy. - Siz bir zada düşüniň! Gurluşyk gurnama işi ýer gazyjylara bagly, olar wagtynda ýerine ýetirmeseler, onda hereket bozulýar, diýmek, beton guýyjylar, kebşirleýjileri tokurtgaň daşyna posdan goraýjylary bökdeýär. Hany Kerim? – Muhammet garanjaklady. – Kerim, sen näme üçin çukury gyşyk gazypsyň? - Men beren belligiň boýunça etdim, Çary mundan habarly. - Häzir onam taparys! – Muhammet maşynyň içinde aýdym diňläp oturan Myrada gygyrdy. – Git-de Çaryny alyp gel! – Soň Artyga bakyp – Sement getiren bolsaň duruber! – diýdi. - Üstünde doňsa nädeýin? - Artyk diýleni et! Agdar diýsek agdararsyň! Gepiňi köpeltme! Önümçilige men jogap berýän. Mälik, hany eden işleriňi görkez! Muhammet Mäligi ýanyna aly pişi kabul etmäge başlady. - Artyk sen batyr adam-ow! Muhammet bilen eňekleşip bilýäň! – diýip, Kerim onuň arkasyna kakdy. - Dogryňy aýtmak batyrlyk bolsa bolýandyr. - Oňa gep düşündirip bilmersiň! Goldawy uly adam-da. - Goldawy güýçli bolsa-da, agzymy dykyp bilmez. Biperwaýlyk ýigrenýän zadym! Öz pikiriňi aýdyp bilmeseň gaýyp ýören tozgasyňda! - Men düşünýän, iş buýurdylarmy ýerine ýetirmeli, özem gürrüňsiz ýerine ýetirmeli! Öz dünýägaraýşym bar diýip edeniňi etjek bolsaň bolmaz! - Meselä ýüzleý seretmeli däl! Umumy işiň bähbidine görä hereket etmeli. - Köp zatlara goşulyp kelläňi agyrdanyňa degenok! Şeýtseň özüňi rahat duýarsyň, ýüregiň agyrmaz! - O düýe ýykylsa habarym ýok diýilýändir! Şeýlemi? Olaryň ne jemgyýeti, ne hojalyga peýdasy degýär. - Olam mümkin! Ýöne Muh bilen dawa etme! Onuň ady Muhammetdi, soň Muham boldy, indi Muh boldy, şu bolşuna atsyz galaýmagam ahmal! - Men ýüki 34-nji gaz guýysyna alyp gitjek, sorasalar aýtgyn! – diýip, Artyk maşyna atlandy. Artyk ýüküni düşürip yzyna gaýdyp gelende Muhammet Begenç Muhammet Bege igenip durdy: - Maksatnamadan yza galýarsyň, atdaş! – diýip, Muhammet Begenç elindäki ýazga seretdi. - Gutarmaly bolsa şu gün gutararys! – diýip, Muhammet Beg çilim küketdi. - Onda şu gün gutarýar diýip belleýän! Şeýlemi? - Gutararys! Ýöne sement gelenok! Gelse-de düşürýän yzyna alyp gidýärler. – Begow gözüniň gytagyny Artyga aýlady. - Kim ol? Artyk senmi? Ýüki nirä düşürdiň? – Muhammet gaharly Artyga seretdi. - Tabşyryk boýunça şu ýere getirmelidim, getirdimem! Emma ýeri taýýar bolmansoň, 34-nji guýa äkitdim. - Saňa şony alyp git diýen barmy? - Ýok! - Özbaşdaklyk gowy däl, Artyk! Sen düşün, inim! Agşam Begowdan «Näme üçin maksatnamany ýerine ýetirmänsiň» diýip sorarlar, ol bolsa «Maňa sement getirmediler!» diýerde günäni biziň üstümize atar! Şeýle dälmi, atdaş! - Asyl, edäýjegim-dä! – diýip, Muhammet Bek boýnuna aldy. - Ana gördüňmi? - Siz meni bagyşlaň, başlyk! Doňsa-da düşürmän durmaly-da onda?! - Wah, gürrüňe galandan şoň doňany gowu-da! Sen inim, gaýrat et-de ylalaşykly işlejek bol! Çeýe bol! - Doňýar diýsem ylalaş diýýäňiz, ylalaşsam ýüküm zaýa boljak! «Ýaýalyň nany ýarty, haly teň, töwekgeliň nany bitin, işi oň» diýipdirler. - Menem zaýala diýemok! Ylalaş, gep getirme diýýän! Näme düşnüksiz gepleýänmi? - Düşündim! – diýip, Artyk boýnuny burdy. - Şeýt, inim! Gaýrat et! Täze maşyn gelse saňa birini bererin! - Hany, men saňa beren belliklerim? – Çary geldi-de Begowdan kagyzlary aldy. – Gel, barlaly! Mälik nädogry kebşirlänmi ýa-da çukur nädogry gazylypmy... - Buýa bir derdeser boldaýt – diýip, Kerim hüňürdedi. Çary guraly bilen täzeden barlag etdi, netijede kebşirleýjileriň, däl-de Kerimiň günäsi bilen işiň saklanýandygy subut boldy. - Men günäkär däl! Muhammediň beren belligi boýunça gazdym! Ine, çyzgysy, ine-de goly! – diýip, Kerim kagyzy çykaryp Çara görkezdi. - Muhammet, belligi ýalňyş beripsiňiz! – diýip, Çary kagyza bir zatlary belleşdirdi. - Çary, meni gorkuzjak bolmasana! Ýylym towşan däl, aždarha, adamdan çekinemok! - Size çekin diýemok, belligi dogry bermeli ekeniňiz, diýýän! Başarmaýan bolsaňyz aýdaýmaly! Özüm ölçäp bererdim. - Berýän bolsaň, näme işlediň! Onsuzam çig malyň ýetmezçiliginde köne-küşülden ýygnaýas, adamlary eşek ýalam işledýäris, emma... - Günä özüňizde! Namartja olam sagja olamlykdan daşda durmaly. - Öňki döwür bolanlygynda men saňa aýdardym welin... Çig mallar isledigiňçe tapylardy. Häzir welin kebşirlemek üçin gerek howany Mary GRES-den satyn alýan! Eýdip iş edip bolmaz! Iň agyr iş edýän adamlaň az hak alýarlar. Ýeňil iş edýänler köp hak alýarlar, emma aramyzda iş etmän iň köp hak alýanlaň bardygyny men saňa aýtmaly däl. - Indi çig mallara eýeçilik gözi bilen garalýar, çaşyp ýatan zady görmersiň, onsoňam Muhammet aga men size bir zat diýýän, siz başga zat... - Ikimizem bir gürrüň edýäs! – Muhammet Çaryň sözüni gaharly böldi. – Ýolbaşçylaryň şahsy bähbitlerini öňe sürýändiklerini sen bileňokmy? Ho gün ambar müdiri bilen hasabat işgärini demir alyp barýarka tutupdyrlar, jeza bermegiň deregine goýberipdirler. Şony görenoklarmy? Bize «Jenaýat başlamanka öňüni almaly» diýip durlar ahyryn! Emma ony edýän ýok, gaýtam şol jenaýatçylar meslikden iki-üç heleý alýarlar, jaý baryny gurýarlar. Bir ýylda... - Muhammet aga, siz... - Näme Muhammet aga? Eýsem men ýalan aýdýanmy? Döwlet emlägini öz haýryna geçirýän adamlaryň mesligi ýüzünden görünip dur ahyryn! Näme üçin ýolbaşçylar bilmedik bolýarlar? Ýa-da, ine maşynlara ýangyç guýulýan ýerde nähili gözboýagçylyklar bar. Ogry adamlara şular ýaly ýere goýýarlar, onsoň haramlyk köpelýär. Bularyň öňüni alyp bilmersiň, sebäbi ýokary işgärleriň özleri galplyga ýol berip satylýarlar, şeýdibem seslerini çykaryp bilenoklar. - Muhammet aga, Kim diýse-de, siziň beýle sözleri diliňize almaga hakyňyz ýok! Özüňiz ýaňy-ýakynda döwlet emlägini ogurlanlygyňyz üçin gözden düşdüňiz... - Sen inim, gatyrak gidýän bolaýma? Diýjek gepiňi bilip diý! Ony alyp giden başga, tutulan başga... Men buý ere nireden geldim? - Myrat şol ýüki sizden alyp gidipdir. Men muny ýeňsäňizden gürrüň edemok, ýüzüňize aýdýan! «Akmaýany gördüňmi – göremok!» diýseňiz nähili bor? Näse üçin garyp adamlar ogurlyk edenoklar! Biriniň eli bilen hapa iş etjek bolýanlaryň kemçiligini ýüzüne aýtmany başarmaly? Emma köplenç geçirimlilik edýäris! Ýokardan aşak jogapkärçiligi gurnamaly, kimiň işgäri jenaýat etse ýolbaşçysy jogap bermeli. Nireden haramlyk gelýär? Eger jemgyýet oňa gözegçilik edýän bolsa onda beýle zatlar ýüze çykmaly däl! Ýolbaşçylaryň, lomaý ogurlyklary meslige alyp barýar, haram keýplerine gümra bolýarlar. Diňe halallyga düşünýän adamlary işe goýmaly! - Häkimler, ýolbaşçylar, ähli zada jogap bermeli, seretmeli, çöp gymyldasa bilmeli! Eger bilinmese dýimek, onda şolar ýaly adamyň ýüreginde Watanyna bolan söýgüsi pesdir! Şu sözleri hemmämize degişli, şol sanda size-de... - Sen han ogul, kellämi agyrtjak bolma! Maňa ogurlyk ýapanyň üçin welin jogap bermeli borsuň! - Muhammet aga, men kemçiligiňizi aýtdym, sizeem gürrüňi başga ýana sowup barýaňyz! – Çary kagyzlaryny ýygnady-da, beýlede duran Muhammet Begenjiň ýanyna gaýtdy... Wakanyň beýle öwrüm alanyna gözüni ýetiren Muhammet Begenç Artygyň arkasyna kakdy. - Ýaman däl, ýaman däl, seňki dogry, çykdy, semendi zaýalamansyň, onuň üçin sag bol, ýöne bilip goý, her zatda bolsa ylalaşyp işleşmek gowudyr... Artyk geň galmakdan ýaňa doňup galdy... 2 Aňzakly aýazyň güýjemegi örän çykgynsyz ýagdaýy döretdi, uly göwrümli gaz geçirijiniň ikinji bölegi synagdan geçirilensoň, suw doňsa köp zaýaçylyk döretjekdi, goşmaça işçi güýji, çig maly talap etjekdi. Iň erbedem, işi gutarmagyň möhledi howp astyna düşjekdi. Aýazyň 20 derejä ýetenligi baradaky habar Kaka Rejebe otly köýnek geýdirdi, näme etjegini bilmän göni ministre çykyp, maslahatlaşmagy ýüregine düwdi. Merkezde onuň bilen ministriň orunbasary habarlaşdy. - Ýagdaýymyz agyr, gaz geçirijiniň 36 kilometri suw bilen synag etmek üçin doldurylýar. Suwuň üpjünçiligi ýabygorly, otuz kilometrden getirilýär, köne tokurtgalar ýarylýar, käte iteriji nasos hatardan çykýar, şol sebäplem suw yzygiderli gelip bilenok! Meniň gorkýan ýerim suw gelmesi kesilen wagty tokurtgalaryň doňmagy mümkin! Onsoň uly zaýaçylyga garyşybermeli. Uly zaýaçylyga garaşaýmaly diýýän! – Kaka Rejep öňki sözüni gaýtalady. – Men nädeýin?... Nädeýin diýýän? Gaz geçirijiniň her bir metrini gujaklap ýa-da käte atyp saklap bilmen ahyr! Ony edip bilmen diýýän! Ýok! Tokurtgalaryň aşagynda ot ýakyň diýýäňizmi? Oňa adam güýjümem ýetmez, serişdämem! Bilmedim! Bilemok diýýän! Çykalga näme diýdiňizmi! Siz näme maslahat berýärsiňiz! Men näme ederdim diýip soraýaňyzmy! Men suwy boşadyp gazyň özi bilen synag ederdim... Düşünýän! Düşündim diýýän! Düzgüne gabat gelmeýänini bilýän! Gabat gelmese nädeýin? Ýazda suw bilen barlamak başga mesele, häzir aýazly gyş! Özüňiz ýigrimi gradusa barar diýip dursuňyz!... Bilmedim. Bolýa, trestiň ähli hünärmenlerini ýygnap maslahatlaşyp göreýin, gelen netijämiz barada siz habarly ederis! Si özüňizde bolarsyňyz, şeýlemi? Bolýa!... Bolýa!... Kaka Rejebiň ýüzi şu wagt görer ýaly däldi. Kömekçisiniň üsti bilen ähli bölümleriň başlyklarynyň, iş buýrujylarynyň wekillerini çagyrtdy, olar ýygnanýançalar kellesini tutup ýagdaýdan çykalga gözledi. Emmasam... Kaka Rejep ýygnananlary ýagdaý bilen tanyşdyrdy hem-de öz tekliplerini aýdyp oturmagy maslahat berdi. Çykyp geplemelerden soň, birnäçe çykalgalar tapyldy. - Diýmek, onda şeýle netijä geldik! – Kaka Rejep sözüni jemledi. – Gaz geçirijiniň böwrüne bug maşynlaryny dakmaly we gyzgyn bugy goýbermeli! Bizde näçe maşyn bar? Iki diýdiňizmi! Geliň hasap edeliň! Iki bug maşyny 16 kilometr aralygy doňdurman saklap biler. Edil şol ýerde hyrly kilt bar. Ony baglap aňyrdaky bölegiň suwuny kiçijik hyrly kiltden ýuwaşja goýbermeli. Suw hereketde bolsa doňmaz! Ilki ýarsyny synag ederis, soň beýleki bölege geçeris! Belki oňa çenli aýaz birneme gowşar... Her kim özüne degişli işi gyssagly ýerine ýetirmäge başlamaly! Begmyrat, Rahman galyň! Galanlaryň gidiberiň! Çykjak çykandan soň Kaka Rejep Begmyrada: - - Näme boldy, üst-başyňyz laýa batypdyr0la? – diýdi. - Ýaňy siziň ýanyňyza gelýärkäk suw ulgamlary üçin taýýarlanan guýa gaçdyk. – Begmyrat üst-başyny kakyşdyrdy. – Jaýyň depesindäki çyra gözümiz gamaşdymy, nämemi guýyny görmändiris. - Men Begmyradyň yzy bilen ýöräp barýardym. Rahman söze goşuldy. – Birden «Waý» diýen ses çykdy, Begmyrat zym-zyýat boldy, «Begmyrat nirede sen!» diýdim, ol guýyň içinde seslendi. Asyl özüm hem guýyň gyrasynda dursam nätjek. Men «Bir ýeriňi agyrtmadyk bolsaň, eliňi uzat» diýdim, ol bolsa «Eliňi bereniň bar bolsun, orunbasaryňyzyň şeýdip bir ýerini döwdüriň! Al, ilki şuny!» diýdi. Elimi uzatsam bir tüýlek zat, gorkyma tas elimi goýberipdim. Asyl ol guzujyk ekeni! Süri şu golaýdan geçende bogaz goýun guýa gaçypdyr, şol ýerde hem guzlapdyr. Olary çykaryp ýanyňyza gelşimiz... - Biziň şeýdip käte guýa gaçmagymyz gerek. Ýolsam şol iş bitmezdi, düýn «Guýylary ýapdyryň!» diýip, Muhammet Bege tabşyrypdym... Olam näme... – diýip Kaka Rejep janykdy. - Işi düzetmek üçin guýa gaçmalam bolsa gaçarys, ýöne ol çykalga boldugy däl-ä! Begmyrat telefona ýapyşdy. – Allo! Begow gerekdi. Ýokmy? Onda ol ertir dolandyryjynyň ýanyna gelsin! Hawa! – Begmyrat telefonyň sapyny ýerinde goýdy. – Begow meni baş hünärmen ediň diýip goýanok, ýokardan jaň etdirýär... Howpsuzlyk edarasynda bir tanşy bar, şony ugratýar. Edýän işem ine, şeýle-dä! Ozalky ýalňyşlyklaryny hem şonuň haýyşy boýunça geçirdik! Boşadyp bilemzok, çäre görüp bilemzok... - Baş hünärmenlige geçesi gelýän bolsa şony goýaýmaly, iş tejribesi bar – diýip, Rahman Begowy goldady. - Muňa sereet?! Begow muny gören ýerinde ýamanlap ýör, bu bolsa oň tarapyny çalýar... - Men sizi hut şu mesele üçin saklandym. – Kaka Rejep Begmyrada ýüzlendi. – Baş hünärmenlige Rahmany goýaýsam diýýän! Nähili görýärsiňiz? - Men garşy däl! – Begmyrat bada-bat jogap berdi. - Bölümler bilen maslahatlaşyp şeýle netijä geldik. Rahmanyň iş başarnygyna göwnüm ýetýär, esasan ýalta däl! Etjek bolýar. bolmaýan ýerlerem ýok däl, ýöne kemçiliksiz adam barmy, işiň abyny-tabyny alan, sözüni gerek ýerinde subut edip biljek, öňüne seredýän, gözýetimi giň hünärmen! Şoň üçinem şeýle netijä geldik! - Men garşy – rahman seslenmän durup bilmedi. – Heniz iş tejribäm ýeterlik däl, başarman! - Başararsyň, gerek ýerinde kömek ederis! - Bölümiň işem maňa kyn düýşär. Her kim başarjak zadyna ýapyşsa ýagşy... - Trestiň dolandyryjysynyň haýyşyny kabul etmezlik gowy däl, Rahman! - Ýeri bolýa-da, häzirlikçe goý, seňki dogry diýeli. – Kaka Rejep öňündäki çäýnekden bir käse çaý guýup owurtlady. – Ýöne, gaz ýygnaýjy nokadyň ähli garamaty boýnuňa atylýar... wagtynda ýerine ýetirilmese sorag berk bor... Meniň, size ynamym uly. Siziň işeňňirligiňiz, wepalylygyňyz, galjaňlygyňyz hoşuma gelýär. Öňde uly işler ýatyr. – Kaka Rejep kagyzlaryň birini alyp Begmyrada uzatdy. – Şuny okap gör! - Näçe? Iki ýüz kyrk müň manat? Baý-bow! - Aragatnaşykda ulanylýan ulagyň çykdajysy şeýleräk! - Ulagsyz hem oňuşsa bolar-la! Bölümlere howa radio nokatlaryny oturtmaly, nobatçylary goýup belli bir sagatda habarlaşyp durar ýaly düzgüni girizmeli. - Ine, akyl gürrüň, bular maňa degişli. – Kaka Rejep Begmyradyň aýdanlaryny kagyza belleşdirdi. – Rahman! Iş buýrujynyň ambarlary ýaponlaryň gaz geçiriji tokurtgalary gelipdir, talapnama berildi, şolary tizden-tiz Bäşgyzyla çekmeli. Indi ýük daşamak işi ýeňilleşdi, ýolumyzy tabşyrdyk. Bu ýoluň diňe biz üýin däl, nesillerimiz üçinem ähmiýeti diýseň uludyr. Kaka Rejep gijäň ýaryna çenli Begmyrat bilen öňde durýan meseleleri maslahatlaşdy. Mesele welin köpdi, açylmadyk kitapdy, hemmesem gürrüňsiz ýerine ýetirilmegine garaşýardy. Şu wagt her kim öz aladasy, işi bilen başagaýdy... 3. Täzegül edil ölüp barýan pursatynda gözüni açdy. Esli salym özüne gelip bilmedi, düýşüň beýle howply gutarmagyny nämä ýorjagyny bilmedi. Ejesi beýle ýagdaýda «Ýene bagtyň çüwjekdir» diýýärdi. Umuman ol düýşde gören zadynyň tersine kesgitleme berýärdi, düýşünde aglasaň begenjegiňi, begenseň aglajagyňy, guýa gaçsaň huma büdrejegiňi, asmana uçsaň bir bela duşjagyňy aýdýardy. Täzegül welin asmana uçandan soň Çara gowşupdy ahyryn. Bu Çaryň pikiriçe şeýledi. Täzegül ýorganynyň gyrasyny serpdi, gapdalynda äpişgeden düşýän aýyň ýagtysyna agaryp görünýän zada elini ýetirdi, şobada hem tolgunmadan özüne geldi, asyl ol Çaryň dyzy bolsa nätjek! Aýyň ýagtysy şeýle bir güýçlidi welin beýle ýagdaýda ony synlamazlyk mümkin däldi. Dogrudanam, ol şu gün ondördi gijäniň, Aýy şöhle saçýardy. Ondördi gije! Täzegül egnine donuny atyp, ýuwaşlyk bilen daşary çykdy. Gije gündizlik ýalydy, Gündogardaky, Demirgazykdaky belent çäge depeleri ýanynda ýalydy, aýazly asuda howa janyňa şypa berýärdi. Bu gözellige guwanyp, özüni ganatly ýaly duýýan Täzegül Aýa seretdi. Edil süýr depäňde doňan ýaly bolup duran aýyň şöhleleri onuň her bir damaryna siňip, ganyny gaýnatdy, ruhuny galdyrdy, durmuşa bolan söýgüsini, gelejege bolan ynamyny artdyrdy, aýagynyň aşagyndaky çäge dürli öwüşginler bilen ýalpyldap, ýagtylyga ýagtylyk bilen jogap berdi, tokaýlykdan eşidilýän näbelli ses gulagyna ildi, şol bada hem kalbyna gorky aralaşdy. Ýok, gorksa-da, gözellikden ganman öýe girip biljek däldi. Kümüş reňke beslenen gözýetim oňa derýa, deňiz bolup goründi, ýüzüni aýa tutup, gulaçlap-gulaçlap deňizde ýüzesi, bagryny çäge depelerine oýkasy geldi, birdenem «Beýle hyýallar nädip döredi, öňlerem-ä on dördi gijäniň aýyny az görmändiň, näme üçin şonda duýmadyk aýyň şöhlesi bu gün has artyk eçilýärmişin, diýmek, bu gün, oň bedeninde düşündirip bolmajak üýtgeşiklik bolup geçýän bolmalydy.». Täzegül, aýa seretdigiçe seredesi geldi, doýup bilmedi, üşedi, aýrylyp bilmedi. Birdenem Çary ýadyna düşdi. Ol oýansa, ýanynda Täzegüliň ýoklugyny bilip, alada galar diýip otaga girdi. Çary hakykatdanam oýanan ekeni. - Men tasdanam seň düýşüň ýaly aýa uçup gidipdim! – Täzegül Çaryň gapdalynda gyşardy-da, elini onuň kükregine atdy. – Daşary şeýle bir asuda, şeýle bir gözel gaýdasyň gelenok! - Näme ukyň tutanokmy? - Oýandym! Ondördi gijäniň aýyny synlasym geldi. Synladym, onda keşbimi gördüm, şöhlesi gijäni ertekä öwürýär. Şu gün hasam üýtgeşik! Öňler beýle bolmaýardy. Men bilýän! – Täzegül Çaryň eliniň aýasyndan öpüp kükreginiň üstünde goýdy. – Ezizim, mende bolýan üýtgeşmeleri sen bir bilsediň! Dünýäde ikimiziň jübütligimiz ýaly gowy zat ýok! Şuňa bagt diýýändirler! Sen daşymda hozanak bolduň, saňa gowuşdym! Biz bagtly ýaşarys! Çagalarymyz bolar! Şeýle dälmi? - Hawa, ezizim! Biz olary gurjak ýaly bezäp bileje köçä çykarys, şonda biziň bagtymyza käbir adamlaryň gözleri gider! - Sen Gurdy göz öňüne tutýansyň bilýän! Ýöne... - Dogry ol maňa ýakanok, oňky «Hannas zerden doýmazlary» bolýar. - Belki işimizi täzeläris! Şonda ýüzüni görmän hem bileris, eger gabanýan bolsaň... - Saňa edil özüme ynanşym ýaly ynanýan ahyryn, Täzäm! Onsoňam bu bize ýaraşjak ýörelge däl. - Sag bol, ezizim! Sag bol! Meň bir haýyşym bar, bolýa diýseň aýtjak! - Näme haýyş? - Ýerine ýetirjek bolsaň aýtjak! - Hökman ýerine ýetirerin! - Haýyşymmy... Näzimmi bilemok!... Men Gündogardaky depä çykyp Aýa syn edesim gelýär. - Doly Aý, gijäni ertekä öwürýän şöhleler... Synlasyň gelýän bolsa, tur, gowuja geýin! Daşaryň aýazy bardyr... Saňa näme boldy? Üşeýäňmi? – Çary Täzegüli gujaklady. «Häzir gözümi ýumaryn welin bu bagtly pursatym uçup gidäýse» diýip gorkýan Täzegül uludan demini aldy. «Bu görýän zatlarym düýşüm-ä däldir-dä! Bir zat diýsem ýerine ýetirýän söýgülim, on dördi gijäniň aýy tokaýlyk aýagyň astynda ýylpyllaşýan çägeler salgyma däldir-dä? Ýa ony özüm oýlap ýörmikäm? Söýgimeme şeýlemikän? Ýa-da kellä ýene bir belalar sataşyp, meni ýowuz güne saljak bolýarmykan?» Öňler şeýle ýagdaýa düşende ol iki ýumrugyny berk düwüp, dişini gysýardy. Häzir bolsa Çaryň elini berk gysdy-da, ýerinden turdy. Onuň göwresinde üýtgeşik zatlar bolup geçýärdi, ýüregi endiräp akyp barýan ýalydy, isleýän zadyny bilenokdy. Daşardy üýtgeşik bir asudalyk höküm sürýärdi. Aý eňňidini günbatara atansoň öňküsi ýaly ýagty däldi, şonda-da çäge belentlikleriň sudurlary messe-mälim bildirýärdi. Ertirki edilmeli işe garaşyp duran traktorlardyr maşynlardan ýagyň, ýangyjyň ysy bark urýardy. Olaryň barýan belentliginden pişigiň zaryn sesi gelýärdi hem-de Täzegüle ýakymsyz täsir edýärdi. Işçiler obajygyna kimdir biriniň, getiren pişigi soňky iki günde mawlap, gijesi bilen özüne taý gözleýärdi, bu gün-ä hasam zaryn ses edýärdi. Täzegül taýyny gözleýän bu bagtsyz pişik barada aýtjagyny, aýtmajagyny hyýalyna getirende, Çary köwşüni tarpyldadyp «Iýer ýaly zat alyp gaýdaýmaly ekenik» diýdi. - Gel biz ony ýynymyza alaly! – Täzegül ümsümligi bozdy. – Meni oýaranam şu zaryn ses! - Ýok, ol bu wagt ele gelmez, beýdip ýörse-de şagaldyr, tilkilere, Garagulaga şam bor. Näme etjegimem bilemok! - Men ony tutaryn! - Bolýa-da tutsaň! – Çary ýakymly gülküsi bilen Täzegüliň arkasyndan elini aýlady. - Sesi ýüregiňi eredip barýar, bir gowy iş etmek üçin pikirlenip ýörmegiň geregi ýok! Olar birek-birege gowy düşünýärdiler, gujaklaşyp gündogarda, ýoluň gyrasyndaky depä çykdylar. Depäň üstünden aý yşygyna gaplanan gazçylar obajygy görünýärdi, aýratyn hem türkmen öýleri gelşige gelýärdi. Misli bir kömelegiň bardy... - Sen amazonkalylar barada eşidipmidiň! – Çary töweregi synlady. - Aýa çokunýan aýallar dälmi? - Hawa, amazon sözi «Aýy mazamlaýan aýal» diýmegi aňladýar. Olar öndürdi gijäniň çigini dabanlaryna, ýüzüne, göwüslerine sürtüpdirler, sebäbi aý şöhlesi, ýere düşýän çig hasylyň gözbaşy hasap edilipdir. Grek taryhçysy Apolloniý Rodosskiý «Günüň şöhlesi ösüş üçin, Aýyň şöhlesi tohum üçin peýdalydyr» diýip belläpdir. Muny häzirki zaman alymlary hem tassyklaýarlar. Ýogsa-da, men ony näme üçin ýatladym-a? Hawa, elleri, misden ýasalan ýaýly, ýarym aýy ýadyňa salýan kümüş galkanly, äpet ýylanlaryň, ýolbarsdyr-gaplaňlaryň ýüzüne altyndyr-kümüş, mis bölekleri çekilen donly, kellesi gupbaly täsin, üýtgeşik gaýduwsyz owadan aýallar tüýs uruş üçin dörän ýaly ekenler, harby niýet üçin ulanylan şol şaý-seplerini soň bezeg hökmünde biziň günlerimize ýetiripdirler. - Sen ony nädip bilýäň? Gyz-gelinlerimiziň bykowdyr-gülýakasynyň, gupbadyr-ildirgijiniň, ýeňselikdir tumaryň, beýleki bezegleriniň hut şol amazonkalylaryň harby ähmiýet üçin döredendiklerini, asyrlaryň geçmegi bilen olaryň bezeg şaý-sep görnüşe eýe bolandygyny biygtyýar ýatlaýarsyň, şeýle bezegleriň diňe türkmen gelin-gyzlarymyzda barlygy üçin amazonkalylara oguz-türkmen nesilleri diýse bolýar. Kallymah, Gigin, Pliniý, Gomer ýaly gadymy grek taryhçylarynda şeýle ýazgylar bar. «Olar /amazonkalylar/ keramatly hasap edilýän hurma agajynyň aşagynda Aýmary atly aýal Hudaýyna berlen sadakada, gaýduwsyz atly patyşasy bilen çep ellerine ýarym aýy aňladýan kümüş galkany alyp, söweş tälimlerini aňladýan hereketlerini edipdirler, soň bir-biriniň elinden tutup, tegelenip, ählisi bir wagtda sag aýaklaryny we ellerini batly ýere urup, jürlewükleriň, agaja urulýan taýajyklaryň sesiniň astynda aýlanyp aýdym aýdypdyrlar». Eýsem amazonkalylaryň bu hereketleri türkmen gelin-gyzlarymyzyň küşt depdilerini ýadyňa salmaýarmy näme? Çary nämedir bir zadyň barlygyny aňyp sesini kesdi, diň saldy. Dogrudanam, depäň günorta eňňidindäki oýuň içinde ýakylan oduň közi bildirýärdi, iki-üç adam basalaşýarmy, uruşýarlarmy, garaz, sojamalar, iňlemeler, kütek urgynyň düňküldisi eşidilýärdi. Şol barmana kimdir biri iri ojar düýbüniň aňyrsyndan duýdansyz çykdy-da Çaryň üstüne topuldy. Çary Täzegüli gujaklap, oturmaga ýetişdi, bu ýagdaýa garaşmadyk uzyndan arryk adam bady bilen onuň gapdalyndan geçdi, yzyna dolanyp geldi-de elindäki ojar bilen Çaryň kellesine urdy, döwülen ojar iki bölündi. Täzegül «Waý» diýip gygyrdy, Çary ýerinden turdy-da, ikinji gezek urmaga hyýallanan adamyň kükregine batly depdi. Ol adam ýere ýazyldy, Çaryň ýeňsesinden urlan ikinji urgy welin öňküleriň çaky däldi. Şonda-da ol duran ýerinden batly öwrüm berip yzyndakynyň tumşugyna aýagy bilen depmäge ýetişdi, özüniň hem başy aýlanyp entirekläp ýykyldy. Täzegül şeýle bir gorkdy, hatda sesi kesildi duruberdi, ýogsam «Kömek ediň!» diýip gygyrjakdy. Ol kellesinden akýan gany eli bilen saklap oturan Çaryň üstüne özüni oklady. - Gorkma, maňa hiç zat bolanok! Kelläm çalaja sypjyrdy. Çary yzynda, öňünde gozganman ýatan iki pyýadany görkezip: - Nätdim, galmaz ýaly edendirin! – diýdi. - Olary nädäýdiň oglan? - Mekdep ýyllarym karate bäş ýyl gatnadym. Ýadymdan çykmandyr... Hany olaryň kimdigini göreli! Çary kellesini tutup ýerinden galjak boldy, emma Täzegül onuň aýagyndan gujaklap goýbermedi. - Ezizim goýbersene, maňa hiç zat bolanok! Men bularyň kimdigini tanamaly ahyryn. Çary Täzegüliň garşylyk görkezmegine garaman ýerinden turdy, ýöne eýýäm ýaňky galyp bilmän ýatanlar nirädir gürüm-jürüm bolupdylar. Çary depeden aşak düşüp ýakylan oduň ýanyna geldi, bu ýerde hiç kim ýokdy, iki sany arak çüýşesi, oda sokulan sim, neşe çekmek üçin ulanylýan tüýdükler çaşyp ýatyrdy. - Bu nä boldugy? Olar nirä gürüm-jürüm üoldularka? Sen hi bir zat düşünýärmiň? Çary töweregine garanjaklap henizem elinden ýapyşyp çekeläp duran Täzegülden sorady. - Çary «Depegenden daşrak» bolmalydyr, ýör, gideli! – Täzegül onuň kellesinden sypalady. - Güp ýaly çişipdir, bir ýerinden gan akýar. Hudaý sowupdyr, ýogsam urgy gaty boldy ahyryn! Ýör, gideli, öýde pomidor bardyr, ýaraňa basaly, ganyny saklar, soň saglyk nokadyna baryp saradarys! - Maňa bolan zat ýok! – Çary kesgitli jogap berdi. – Bular kimler bolup bilerkä? - Çary, öýe gaýdaly, ýatyp dnyjyňy al! - Ýok gaýtmak bolmaz! Biz ondördi gijäniň aýyny synlamaga geldik ahyr! Niýetimizden dänmek bolmaz! Beýle gijeler gaýtalanýan däldir, onsoňam nähili kynçylyga gabat gelsegem, ýüregimize düwenimizi ederis! Olar bir-birlerini gujaklap, töweregiň ümsümligine diň salyp ep-esli durdular. Pişigiň zaryn sesi edil alkymdan çykdy, a-na özem göründi. - Piş-şim! Pişşim! Akja, gel bärik, gel! – Çary pişigi çagyrdy. – Näme, ýekesirediňmi! Ýoldaş tapan dälsiň? Bu çölde tapdyrmaz, gözläbem oturma! Ertir men seni oba gidýän maşynlaryň birine atyp goýbererin! Ýoldaşy şol ýerden taparsyň! Ýogsam, Garagulaga şam bolarsyň! Gel bärik! Gel! - Çary, men onuň gözünden gorkýan! Gör ýanaýşyny! - Gorkar ýaly näme bar! Eldeki pişik ahyryn! Akja! Akja! Hany gel ýanyma! Pişik «mau» etdi-de, olaryň ýanyna geldi. Çary ony goltugyna aldy. – Akjam, ýör, men seni öýe äkideýin! Besdir, iki-üç günläp selpediň! – Çary gep goltugyna Akjany gysdyryp, sag eli bilen Täzegüliň elinden tutup depeden aşak düşdi. Gaz ýygnaýjy nokada gidýän gara ýoly kesip, göçme obajygyň daşky germewinden geçdi-de, jaýynyň daşky işigindäki oturgyçda oturyp Akjany goýberdi. Sesini çykarman gelen pişik mylaýym «mau» etdi-de, Çaryň dyzyna böküp mündi. - Sereet, sereet! Akja indi biz bilen dostlaşdy! Ajygandyr! Bar, öýden iýer ýaly zat alyp çyk! Naharlaly! Täzegül bir bölek gutap getirip pişige berdi-de, Çaryň gapdalynda oturdy. Aý, günbatarda zynjyr guran belent çäge depeleriň aňyrsyna pessaýlap gizlendi, ahyrym, garyň üstünde oragy ýadyňa salýan sudury göründi, az wagtdan soň gar ony ýuwutdy. Şol bada depeler, gyrlar, alaňlar, aňry süýşen ýaly boldy, bütin dünýä garaňka gaplandy, geň galaýmaly zat, garaňky düşmegi bilen Täzegüliň kalbyndaky agyr duýgular zym-zyýat boldy, oňa derek Aý ýagtysynda gören gözellikleri kümüş şöhleler bilen gözüniň öňüni tutdy, şöhlelerde ol ýaňja dünýä inen çagajygy gördi. Ol enaýyja jägilläp, possujak ellerine galgadyp, Täzegüli çagyrýardy. - Men saňa näme diýdim? – Çaryň pessaý sesi eşidildi. - Hä, näme? - Garaňkydan ýuwulyp çykan, bir-birlerine göz gypyşyp habarlaşýan ýyldyzlara sereet! Nähili gözellik! - Hawa! Beýle gözelligi görmändim. Bilýärmiň, olar Tüni derýaň ýakasynda Garyby gördük diýýärler! – Täzegül biraz sakyndy. Ondan soň Şasenem, Akjany hem kenizlerini alyp seýle çykdy. Aý ýöräp, köp ýöräp, Tüni derýanyň kenaryna bardylar. Kenizler derýa ýakasynda bir ýerde galdylar... Biziň häzirki oturan ýerimizde... Senem Akjany alyp has aňry gitdi... Ýaňky belent depäň gündogar ganatyna. Derýa möwç urup akýardy. Şasenem Tüni derýadan Garyby sorap, bir gazal aýtdy... Ine... Meniň munda ýokdur ýarsyz kararym, Hiç kim bilen bolmaz söhbet bararym, Diriligim, aýşym-hoşum, mydarym, Tüni derýa, senden Garyp ödümi? Täzegül mylaýym sesi bilen aýdymy tamamlan badyna Çary başlady: Aýralyk diýgeniň, taňry kysmaty, Neçün boýnuň burup, melul olur sen? Alty ýyldyr, men hem çekdim mähneti, Neçün boýnuň burup, melul olur sen?... - Gyww, oglan, aýdymda alty däl, dokuz ýyl diýilýär ahyr! - Men saňa alty ýyl garaşmadymmy? Olar hezil edinip gülüşdiler. Soň hersi öh pikirine gümra bolup esli salym dymyşdylar. Täzegül Tüni derýadan öten Garyby, Şasenemiň çyn söýgüsini, Babahanyň ony aldow ýoly bilen Şirwan welaýatyna derek gazak welaýatyna alyp gidişini, oňa öýlenjek boluşyny, Şasenemiň sypyşyny, Şaapbasyň ony Şawelede berjek boluşyny, ondan sypmak üçin Şasenemiň tapan pirimlerini ýatlady. Aý, hawa-da, söýüşýänler köp ejirleri çekmäge mejbur bolupdyrlar ahyryn! Täzegülde welin azat söýgi bar. Ol öz ykbalynyň hut Şasenem bilen Garybyň geçen yzlaryny görenden soň çüwendigine doly göz ýetirdi. Geçmişde öçmejek yz galdyran ata-babalarymyzyň ruhy oňa medet berdi. Tüni derýanyň akan hanasynyň şu ýerde bolmagy, onuň ýakasyndaky şäherleriň harabalyklarynyň galyndylary, indem, hut şu ýerden ägirt möçberde gazyň tapylmagy, Täzegül bilen Çaryň onda işlemegi, tapyşmagy, söýüşmegi – bular bir tötänlikde bolaýýan zatlar kändi. Bular hökmany bolmaly zatlardy. Täze tapylan uly gaz käni ata-babalaryň nesilleri üçin galdyran baýlygy bolmaly! Täzegül oňa hut şeýle düşünýärdi. Häzir gijäň ýary ötüp daňa golaýlaýan çagy, göçme obajykda adam bara meňzänokdy, ene ýer, adamlar ýaly dynç alýardy, töwerekde içi boşan gapyrjaklar, suwdan, arakdan boşan çüýşeler, garaňkylyga duwlanypdy. Akja hem berlen höregini iýeninden soň mawlamasyny bes edip, misli bir zady ýatlaýan ýaly Çaryň aýagynda myrlapjyk ýatyrdy. Bu gezelenç ýakymsyz waka gabat gelenem bolsa, Çary özüni ýeňil duýýardy, düýşünde Aýa uçuşy ýaly belent duýgular kalbyny gaplapdy. Hol alyslardan nähilidir bir göwräniň ýaňky gaýdan depelerine dyrmaşyp barýanlygy gözüne ildi, şobada hem Garagulak ýadyna düşdi. Bu hökman şol bolmalydy. Çary kellesine elini ýetirdi-de, pikire batdy. Eýsem, ol oglanlar kim bolmaly? Işgärleriň içinde neşe çekýäni barmy? Dogrusy, gurluşykda işleýänleriň sany köpdi, hemmesini tanamak mümkin däldi. Olarda, mekdebi tamamlap, öýde ýatmasa bolýar diýen niýet bilen buý ere işe iberilen «ejem ogullary» , «kakam ogullary» bardy, eklenjiň azary başlaryna düşmedikdi, wezipeli ene-atalaryndan goldaw alyp, iş bilen däldiler. Hut şol sebäplem ambarda, ýangyç guýulýan ýerde ýa ýene şuňa meňzeş ýeňil ýerlerde, birnäçesi Muhammet Begiň bölüminde işleýärdiler... Dur-la, dur-la!... Dogrudanam, ilkinji topulan adam Muhammede çalym edýär, eger ol Muhammet bolsa, Çary ony tanamaly ahyryn? Ýa neşe çekip oturanlaryny görenimiz üçin paş eder gorkusy bilen tapan çykalgasymyka? Her zatda bolsa Çary ertir, ýok, eýýäm şu gün Muhammediň beýleki oglanlaryň ýüzlerini synlap çykmaly! Urgy olarda yz galdyrandyr, şol yz boýunça hem «günäkärleri» tapmaly... - Çary üşeýän, öýe gireli! – Täzegül ýerinden turdy-da, gapyň agzynda saklanyp, - Ezizim, bilýämiň,... Biziň çagamyz boljak! – diýdi. Pikiri bilen gümra bolup barýan Çary aýdylan sözüň manysyna bada-bat düşünmedi, düşünende bolsa – Şeýlemi, Mähribanym! – diýip, Täzegüli gujagyna gysdy. 4. Üsti ýükli maşynlar Bäşgyzyl känine barýan ýoluň aýlawyndaky çatrykda saklandylar. Sürüjiler ýoluň ýadawlygyndan saplanmak üçin hut şu ýerde dem-dynç alyp, çaý-çörek iýip geçýärdiler. Bu gün olaryň arasynda Mämmet aga maşynyny bejerip ýaňy işe çykan Arslan atyjy, Artyk dagy hem bardy. Ojaryň oduna goýlan taňkalar lasyrdap gaýnady. Her kim öz nan haltasyndan iýer-içer ýaly azyklaryny çykaryp garbanmaga başlady. Oglanlaryň dili duzluraklary Arslan atyja degýärdiler. - Ýeri, how atyjy, gözüň aýdyň, how! Maşynyny nobatdaky bejergiden çykarypsyň? Suw çelegini tapdyňmy? – Kimdir biri pyňkyrdy. - Näm-aýt, ol çeleginem gaçyrypmy? - Hawa! Suw almaga derýa barsa üstünde çelegi ýok diýýär, gaçyp galanyny bilmändir, zalywat. - Goýsaňyzlaň how, çelegimi gaçyryp men nä Çary dälidir öýdýäňizmi? Suw sordurýan tokurtgam gaçypdyr – diýip, Arslan atyjy özüni aklajak boldy. - Munuň bir gün tigri gaçýar, bir gün tokurtgasy gaçýar, garaz, başagaýda. Goý, ol tazy bilen bir ýorganda ýatyşyny gürrüň bersin! Oglanlar aýt-da aýt boluşyp Arslanyň daşyna geçdiler. Ol bolsa «öňem eşitdiňiz» diýip göwnemedi. Arslan süňklek, seňrikmen, otuz bäş-kyrk ýaşlaryndaky ýaýal, yşnakly, sersepil ýigitdi, maşynyň bir ýeri döwülse dyr-pytrak ederdi, ýygnamaly bolanda şaýy ýetmezdi. Maşyn sökmäge Arslany çagyrardylar, elline tüýkürip bir dyzynda agyr şaýlar onuň elinde ýeňlän ýaly bolýardy. Göreşmäge gezek gelende duran ýeri bolsa-da, güýçli gollary üçin oňa pälwan hem diýerdiler. - Bir gün tanyş çopanlaryň biri maňa goşa suw eltip ber diýdi. Arslan serkeçden çykaran käsesiniň gyrasyndan iki barmagy bilen tutup, çaý guýdy-da, gürrüňe başlady. – Maşynym beýik alaňda batdy, agşam sowugy düşüp gar doňdy. Maşynyň aşagyny gezekleşip köwüp durkak çopan «Hon-ha, goşumyň çyralary görünýär, tazymyň sesi hem gelýär!» diýdi, menem halys ýadamsoň «Sag aman goşa baraýsak, şol tazyňy maňa görkez, bir ogşaýyn» diýdim. Daňa ýakyn maşyny çykaryp goşa bardyk, iýip-içmekden bizar, tapan ýerimde, pejiň aňry ýanynda gyşardym. Bir wagtdan soň biri meni aýagy bilen iteleýär, elim bilen ony sermäp tutsam bir inçejik tüýli aýak, gözümi açsam tazyň aýagy ekeni, özem agzyny «ogşaber» diýýän ýaly edip meniň agzymyň ýanyna getiripdir. Oglanlar gyzyl-gyran gülüşdiler. - Bä, onda ol ganjygy ogşap bilmänsiň-dä?! – diýip, Artyk gülküsiniň arasy bilen sorady. - Men näbileýin, ol ganjykmy, köpekmi! - Ýanynda ýatyp sen bilmeseň, kim bilsin! Hä, inibatyr? – Mämmet aga taňkaň çaýyndan gowy derçigen maňlaýyny ýaglygy bilen süpürdi. – Arslanjan, gaty görme, men degişýän! Çopan, gowy itini gowy tazysyny öz janyndan eziz görýändir. Sowuk bolsa ýorganyna salmalam bolsa salýandyr ýa-da itiň özi gelip gije ýorganyňa sümülýändir, olaram ölmeli däl-dä! 69-njy ýylyň agyr gyşynda men şeýle bir wakanyň şaýady boldum! Agyr gar ýagan gününiň ertesi çöle gidip biläýjek maşynlary bededir-ýandakdan ýükläp ugradyk. Saryýazydan geçip gumuň içi bilen esli ýöränimizden soň öňümizden hatar maşyn çykdy, olarda goňşy Daýhan obasynyň adamlary bar ekeni, içinde Begenç çopanam bar. Onuň maslahaty boýunça garaňky düşmänkä çaý-nan iýip, şol ýerde-de ýatyp, ertip ugramagy makul tapdyk. Düşlän ýerimiz «Garagoýun» diýen köne guýynyň başyndaky gabsasyz-penjiresiz kepbäň içidi. Kepbede ojar oduny ýakyp, taňkadyr-tüňçeleri goýduk, çaň içip otyrdyk welin pasyrdy köpeldi. Howa sowuk bolansoň, torgaý guşlar kepbäň burçunda münder bolup üýşüpdirler, birneme ýylap özüne gelenlerinde bolsa hiç zatdan howatyr etmän, edil käsämize gaçaýjak bolup, nan owuntyklaryny çöpläp başladylar. Özlerem şeýle bir kän! Her zat etmeli ölmeli däl-dä! – Mämmet aga sözüne dyngy berip, çaýyny başyna çekdi. – Hudaýa şükür, bu ýyllar olar ýaly sowuk bolanok! Bolmany gowy! Ol-a bir aldajy boldy, Türkmenbaşy aýynyň 12-sine gar ýagdy, ikinji gezek 21-ne ýagyp, tä Nowruza çenli gözüni tütjerdip ýatdy, sowuk otuz derejä ýetdi, odun tapman işigindäki baglaryny, jaýynyň agaç düşegini ýakanlaram boldy. - Mämmet aga odun ýokdumy? - Artyk, oglum, hany o döwürlerde häzirki ýaly mugt gaz barmy? Her kim gyşa odun taýýarlajak bolup çölde ojar galmady ahyr. Indi sereet! Sümme tokaýlyk, göwnüň açylýar! Olar çägäň süýşmezligine howaň ýumşamagyna, mal saklamak, derman, reňk ýasamak üçin ot-çöpüň bol bolmagyna peýda edýär. Häzirem biz öz aňymyzdaky «Aý bolýa-lany» Soýuz döwründen galan häsiýeti taşlap bilemzok, ýogsam, mundan uly üstünliklere-de ýetmeli welin... Mämmet aga sözüne dyngy berip ýeňsesini gaşady. Ata-baba türkmen şu sährasy, çöli ýaly erkin bolupdyr. Kanunsyz ýaşanam bolsa, türkmen däp-dessuryny saklap, güýçli döwletler gurup gelendigini bilse bolýar. türkmeniň döreden döwletleri ýetmişe ýetipdir. Baryp ýedinji asyrda bäş ýyllap Mary arap halypalygynyň merkezi bolupdyr. Gan birligi, dil birligi, din birligi bolan türkmeniň güýçli Gany bolupdyr, emma soňky ýüz ýyllyklarda ganymyz azajyk zaýalanypdyr. Onam indi göbek gandan başlap täzeläp başlamaly! Öňler göbek ene diýilýän aýal obada iň sylanýan, arassa, pähimli, haýaly, namazhon bolar ekeni, Emma SSSR döwründe her bir öňýetenem göbek ene bolup geldiler, şolaram çagalaryň soňky ykballaryna öz täsirlerini ýetirdiler... Biz indi şol endikden el çekmeli. - Mämmet akga, çaga dogrulýan öýlere aýalyňy eltmeli däl, öýüňde dogurtmaly diýjek bolýarmyň? – Arslan bir käse çaý guýup, eline aldy. - Ejem meni gara öýüň dulundaky çägä dogrupdyr, maňa zat bolmandyr-a! Ýaňy-ýakynlaram öz öýünde dogurýan aýallar bolardy. - Ýaşuly, şun-a dogry bellediňiz! Aýallary öýde dogurtmaly! Şeýtseň aýalyňam, çagaňam kesellemez, çile keselem tapylmaz, beýlekem! Men indi bulamakçymy keselhana iberjek däl! – Murty taýzaryp duran Arslan atyjy agzyndaky kempudyny şapbyldadyp sordy, çaýyny hopurdatdy: - Häzir hiç bir döwletden pes bolmadyk ýurdumyzda asudalyk, halallyk, agzybirlik höküm sürýär, ajap-ajap binalar, zawoddyr, fabrikler gurulýar. Zähmet çekseň sarpaňy belent tutýarlar. Men owgan urşunda boldum. – Arslan nan haltasyna daşy serçekli käsesini salyp agzyny bogdy. – Atyjy adyny oýnamaga almadym! Iki ýyllap SSSR goşunynyň hatarynda söweşdim. Şo ýerde bir türkmene duşdum. Ol dünýä ýaýrap, aslyny ýitiren türkmenleriň köpdügini, dilini, dinini, däp-dessuryny iň esasam Watanyny küýsäp arzuwyna ýetip bilmän armanly ölýändiklerini janyndan syzdyryp gürrüň berdi. «Gaýry ýurtda ogluňa öýlenme, gyzyňa çykma ýagdaýy aňsat zat däl» diýip zeýrendi, «Gulam bolsam Watanymyň guly bolup ölsem armanym ýok, ar-namysyna şikes ýetmeginden gorkup, gül ýaly ýüzlerçe gelin-gyzlarymyz öz janyna el gatyp, dünýäsini täzelediler» diýdi. - Hawa, inim Watanyň gadyryny ondan jyda düşenler biler! – Mämmet aga goşlaryny ýygnap başlady. - Arada, çölde azaşypdyr diýip gulagyma degdi welin onuň jany barmydyr, Mämmet akga! – diýip, Artyk sorady. - Jany bar, Artyk jan, ýöne men azaşmadym! Men çölüň her düýp sazagyna belet ahyr! Kim aýt o gürrüňi tapýan? Päheýde weli... Maşynym bir kem tapyp ýatdy, şonda 50-60 kilometri pyýada ýöremeli boldum, dogry, yzymdan gelerler diýip iki-üç gün ýatdym, görsem, bolar ýaly däl, onsoň Alany çagyryp, dört çüýşäni suwdan dolduryp gaýtdym... Neşe ýok, tirýek ýok, çilim, nas ýok, arassa howa, halal zähmetim, saglygym arassalygyň miwesi, onsoň tomsuň jöwzasynda gün gyzýa welin gür sazagyň kölegesinde ýatansyň, iňrikden soň salkynda ýörärsiň, daň atmanka goşumyza geldim... Özem gönüläp gaýtdym... Men çöldäki gadymy düýe ýollaryny bilýärin, şony yzarlasaň seni göni barjak ýeriňe eltýär. Meň şol geçen ýerim häzir uly maşyn ýoluna öwrülipdir. - Biziň zähmetimiz agyr, çagalary eklejek bolup hars urup, ýöne olar edýän işimiziň gadryny bilermikänler? – diýip, Arslan sorady. - Inibatyr, biz gadymy Tüni derýaň hanasynda çaýlap otyrys! Ata-babalarymyzyň geçmişdäki yzlaryny şu gün görýäris! Wagt geller, nesillerimiz biziň hem yzymyzy şu ýerlerde görerler-de ýatlarlar, - Ýaşuly, ýaňy düýe ýol diýip bir zat aýtdyňyz welin düşünmedimle?! - Artyk jan, desga gurulmaly bolsa ilkinji bolup meni ugratýarlar, maşynym ähli ýerden geçip bilýär. Desgaň ugruny bilmek üçin bi ýol, ýagny düýe ýolundan ýöremeli bolýar. özünem ol ýeke-täk ýoly men saýgaryp bilýän! Düýe maly pesi saýlap ýörär ekeni, haýwanam bolsa göni, amatly ýoly saýlap bilipdir, pessaý ýerden, kölden ýöräp, soň çykyp bolaýjak belentligi gözläp depä çykypdyr. Menem «öň akan ýerinden akarmyş aryk» edip, şol ýol boýunça täze ýol ýasaýan! Şu çöldäki ähli ýollar öň düýe ýolundan geçýändir, bilseňiz! Ol käliň içinden hiç kime duýdurman ýöremäge, bukulmaga amatly göni ýerlikli hem azarsyz! Beýikden beýige towsup ýörseň seni görjekler kän! Kerwen ýollary käliň ugry bilen gidip, edil galanyň üstünden düşer ekeni! Düýe ýollarynyň diňiň üstünden geçýän ýeri ýokdur, beýle ýollara Aly ýol hem diýilýändir, onuň alyn diş, alyn maňlaý, ýagny elýeter derejedäki beýik ýol diýen manysy hem bardyr. – Mämmet aga telpeginiň içine seredip: - Wah, munuň tahýasy kirläpdir-ow! – diýip, başyny ýaýkady. - Artyk sen haçan öýlenjek, how?! – Arslan onuň arkasyna kakdy. - Öýlenmek gerekmikä? Gowusy ýeke gez diýsene! – diýip, Artyk goşlaryny ýygnady. - Basym gurluşygy tamamlarys welin ikimiz şähere gelinlik gözlemäge çykaly! Sen bagtly bolan bolup ýylgyr, aýdym aýt, şeýtseň gyzlar seni gowy görer, ýüzüňi ajan hamyr ýaly etmeli däl-de, edil çagalar bagynda gezip ýören ýaly bolmaly! – diýip, Arslan ýylgyrdy. - Gitsegem gideli welin ýol maşyna müneli, seň maşynyňda tigrimiz bir ýana, özümiz bir ýana rowana bolaýmasak! – diýip, Artyk ha-ha-haýlap güldi. - Oglanlar, arzuwly, maksatly boluň! Maksat diňe gowy adamlaryň göreldesidir... Hany onda dynç alan bolsaňyz wagyry goýalyňda ýolumyzy dowam edeliň! – diýip, Mämmet aga ýerinden turdy. Maşynlaryň warryldysy çölüň içini lerzana getirdi... | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -12: romanyň dowamy - 16.10.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -27: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -35: romanyň soňy - 14.12.2024 |
√ Dirilik suwy -27: romanyň soňy - 27.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |