22:10 Bäşgyzyl -34: romanyň dowamy | |
OTUZ DÖRDÜNJI BAŞ
Romanlar
1. Lowurdap dogýan Günüň alawy bu gün öňküdenem nurly ýalydy, ol mähir bolup, gurluşykçylaryň kalbyna guwanç, begenç şöhlesini saçdy, buýsanç şatlygyny oýardy, sebäbi Bäşgyzyl gaz käniniň gurluşygynyň gutarylmagy mynasybetli geçiriljek dabara ministriň gatnaşjakdygy baradaky şatlykly habar geldi. Bu habar düýn eşidilenem bolsa, bu gün eýýäm gadymy Mary topragyndan, gurluşykçylaryň şäheri Şatlykdan, Lebap welaýatyndan, Daşoguzdan, Ahaldan, Balkandan gelen güler ýüzli mähelläniň, çagalaryň, gelin-gyzlaryň sany-sajagy ýokdy. Ady agzalan agzalmadyk gahrymanlaryň gujurly gollary bilen gazanylan bu ajaýyp ýeňiş, sözüň doly manysynda olaryň ata Watanyny, ene topragyny galkyndyrmakdaky beýik işleriniň bir bölegidi, bu ajaýyp buýsanma, milli galkynyşa, tolgunman seretmek mümkin däldi. Dabaraly toýuň taýarlyk işleri düýnden başlap, şu gün agşama gutarmalydy. Ertir ministr gelýärdi. Mämmet agaň iki aý mundan ozal welilik bilen aýdan sözleri bu gün hakykada öwrülipdi. Ol «Serdarym gele» diýdi, Ertir Serdar gelýärdi... Toý dabarasynyň ilkinji güni Çary gara öýüni söküp getiripdi, indem ony gurnaýardy, öz ýanyndanam hiňlenýärdi: Altmyş başly ak öýüň, Töründe guba gelin, Bu görnüş dünýä bilen, Deňelen telim-telim. Türkmen öýüniň süňňi, Adamky deý öňkidir, Şol öýde kämil bolan, Türkmen eki-köküdir. Öýüň «eşiklerini geýdirmäge» Gülle, Aýsoltan, Şirin, Göwher dagy Täzegüle kömek edýärdiler. Öýüň «adamyňky ýaly onki süňňi bar» diýip, iliň aýtmadygy ýog-ow! Olar tüýnükden serpikden, tüýnük ýüpden, uklardan, uk baglaryndan, düzi ýüpünden, tärimlerden, öý ýüpünden, ýagny, tärimiň bil guşagyndan, durluklardan, üzüklerden, gapydan we gamyşdan ybaratdy, edil şonuň ýaly öý tutmagyň oňki tertibi bardy, onam ýöne başly-barat tutubermeli däldi. Ilki işik söýäni dikmeli, soň şo tärimleri ýaýmaly we işik-söýelere berkitmeli, tor tärimlerini ýaýmaly, tärimleriň başlaryny gowşuryp daňmaly, tüýnügi galdyrmaly, uklary urmaly soň uklary düzmeli, öý ýüpüni tutmaly, durluklamaly, üzüklemeli, serpigi oklamaly we iň soňunda gamyşlamaly, öýüň agaç esbaplary sekizdir, edil şoň ýaly daňylýan ýüplerem sekizdir. Onuň kömekçi iki sany serişdesi, ýagny, daýanç esbaby, direg bilen paýapylydyr, il içinde: Ynsan gorap bilse birek-biregi, Öýleri tupandan gorar diregi. Sizi söýmän durup bilmez dillerim, Ugumyň söýgedi – paýapyllarym – diýip ýönelige aýdylmaýardy. Şol wagt öýüň içinden eti-gany ýerinde, orta boýly, görmegeý bir gelin çykdy-da: - Çary, çaý-paý içmejekmisiň? – diýip sorady. - Wah, siz görgülä bir zat berilse oňjakla, mydama diläp ýörmekdenem irdik – diýip, Çary çyny bilen güldi. Täzegül öýüň ik tarapynyň edil düýbündäki gazyga saralan tanapy – çöwşi çözdüde: çöwüş juda uly apy-tupanda öýüň daşyndan ýörite edilýän tanaply berkitme: «Tupan gelse Sara çöwşi, Myhman gelse etgin söwşi» - diýipdirler, diliň hözirini görüp oturma-da, hurşuň aladasyny et, bu gün toý-dabara gurluşygy gutardyk. - Goýny soýmaga adam taparys, juda bolmasa özüm soýaryn – diýip, Çary jogap berdi. Dogrusy, onuň elinden gelmeýän zat ýokdy, şu gara söm ol öz eli bilen ýygnapdy, ýap boýundaky tallaryň goşardan ýogynrak gollaryny çapyp, öýüň ganatyna görä şol gollary ölçäp kesdi, soň şol biçim geçirlen gollary 5-6 gün suwuň içinde ýatyrdy, gowy ýumşansoň tamdyryň içine salyp, hiç ýerinden howa girmez ýaly petikledi hem-de ot ýakdy, oduň tüssesi bilen gowy bişen tallar nirä egreltseň egreldip oturmaly boldy. Çary şeýdip, ilki dört ganat öý ýasady, onuň ýüz başy bardy, her tärimde 25 baş, 4 tärim ýüz baş baýardy. Öňler 6-8 ganat öýleri ýasan güýçli ussalar bolupdyrlar. Hawa, olar ýaly ussa indi ýokdy. Şol ussalaryň ýol bolmagynyň sebäplerini ýetmiş ýyllap agalyk eden düzgünden gözlemelidi. Şol döwürde gara öýlere, medeniýetsizlik, möwriti geçiren, geçmişiň köne galyndysy diýipdi, tüýnügi, uklary, tärimleri oda ýakyldy, beýle zatlaryň bolmagynda özümiziň günämiz hem az däldi, her halda biri gelip «Altmyş başly ak öýüňi ýyk» diýen bolmandy, diňe başga medeniýete eýerjek bolup özümiz öýümizi ýowuz günlere saldyk. Her zatda bolsa Çary kakasyndan öý ýasamagyň inçe syrlaryny öwrenipdi, täze öý ýasamany köne öýleriň kem-käs bejermeli ýerlerini, köklemäni, tüýnük ýasamany bilýärdi, ugy döwülse bejerýärdi, garaz, ata-babadan gelýän hormatly we mukades käri dowam etdirýärdi. Hudaýa şükür, bu öýlere bolan isleg artdy, hut şol sebäplem Çary eliniň boş wagtlary öwrenip goýan hünärine ýapyşdy. Gurbannepesiň maslahatyna eýerip, üç ýerde, Han aganyň ogly Mäliklerde, Galla aganyň ogly Saparmyratlarda, Hydyr haýranlarda öý ýasamany gurnady. Diňe Çaryň özi trest üçin on bäş sany öý ýasap getiripdi. Şol wagt gyrmyzy donly, silkme telpekli Mämmet aga «Toýuň gutly bolsun, how Çary baý!» diýdi-de, Çaryny pikirinden açdy. - Mämmet akga, siziňkem gutly bolsun! Hany, täze ýasan öýüme giriň, - diýip, Çary ony çagyrdy, soň tarpýanaryň bir gyrasyny galdyrdy-da, Täzegüle degen bolup. – Häzirki döwrüň gelinleri aňsat öýe seredesi gelenoklar, giriber Mämmet akga! diýdi. Gamyş çykalyp ýüzüne mata tutulan, öýem gapysyny ýapýan tuta tarpýapar diýýärdiler, eger ol kilimden bolsa-gapykilim diýýädiler. Mämmet aga tarpýapary galdyryp salam berip öýe girdi. - Myhman, gap böwre geçjekmi ýa agyl böwre! Mämmet agaň ýaýdanyp durşuny görüp – Töre geçäýsene, Mämmet akga diýdi-de Çary hiňlendi: Meniň adym tarpýapar, Myhman ger topar-topar, Ýagşy pälli gelýänler Sesim eşder müň sapar, Bet päl bilen gelýänler Ir-u-giç pälinden tapar-... Mämmet aga töre geçdi-de gözüň ýagyny iýip barýan halynyň üstünde oturdy, gelin-gyzlar öýüň içki bezegini gutaryp, daşyna geçipdiler, ojakda gara taňka şyglap durdy. - Çary, Mämmet akgaňa nirä geçmelidigini öwretjek bolma! – diýip, Mämmet aga ýassyga ýaplandy. – Gap böwür diýip gapydan girende sag tarapky böwre aýdylýandyr, bu ýerde gap çanak, suw gaplary, çemçe torba, gor küýze ýaly zatlar ýerleşmeli, agyl bowür gapydan çep tarapda, bu ýere ýörüte dokalan guzygamyş aýlanýar, ýagyş-ýagmyrda içine owlak-guzy salynýar, agyl böwür gapydan çep tarapda, bu ýerde ýörüte dokalan guzygamyş aýlanýar, ýagyş-ýagmyrda içine owlak-guzy salynýar, agyl böwürden meniň oturan ýerime çenli aralyga azyk böwür diýilýär, munda un, tüwi, bugdaý ýaly azyklar goýulýar, meň oturan ýerime tör diýilýär. Ýogsa-da öýi täze ýasadym diýdiňmi? Onda heniz hiňňilidik gören däldir bu şeýlemi? - Hawa, öý täze, hiňňildik görmedik-dä! - Şeý diýsene! Hiňňildigi ýasaýmaly ekeni! Täze öý gurulanda süňňüni tutup, entek eşiklemänkäň çagarykdan çagaryk-tüýnügiň ortasyndan atanaklaýyn geçýän ýaý görnüşli alty hatardan ybarat inçe taýaklar uzyn tanap asyp, hiňňildik gurmaly, hiňňildik uçýan oglan-gyzlara päsgel bermez ýaly, işik-söýäň üstündäki üç ugy, şonuň gabat garşysyndaky, tördäki üç ugy aýyrmaly, Maksat hiňňildik uçulanda çagaryk tüýnükde bekeýär, tüýnügiň gözlerinde uklaryň ujy ýer edýär, täze ham kökler geregiçe sozulyp, tärimler mazaly ýaýraýar. Öňler täze öý köplenç toý tutulanda, ogul öýerilende tutular ekeni! Çary hem öýlenen güni muňa ilkinji gezek giripdi, indem söküp bu dabara getiripdi. - Aý, hiňňildik görmedik bolsa-da, ýykylaýasy ýok-la, hä Mämmet akga? – diýip, Çary onuň ýüzüne seretdi. – Bu ýeriň şemalyha ýeterlikdir. - Süňňün-ä biljek däl welin şu eşikleri bilen gamyşyndan-a ätiýaç edemok – diýip, Täzegül daşardan jogap berdi. - Her kim öz eden işini öwdürjek-dä, öwmen, öwmen – diýip, Çary hezil edip güldi. – Bizem näme ynha, Mämmet akga şu öý mysaly Täzegül bilen söýenişip ýaşap ýörüs, ýogsa-da bir zat ýadyma düşdi, Mämmet akga eşidensiňem-le, «Söýenişen-ýykylmaz» diýen aýtgy bardyr. Şol nakyl hut şu öýüň agzalarynyň mysalyndan gelip çykan diýýäler, tüýnük aga söýenýär, uk tärime söýenýär, şeýdip bir-birege hemaýat berip, söýenişip ýykylman durýar. - Şeýtde ugruňy düzüber! Täzegül gapydan girdi-de, gyzyl ketenisini şowurdadyp gaýnan taňka çaý demledi. Şol wagt edep bilen salam berip, bäş ýaşlaryndaky gyzjagaz geldi. Onuň elinde kiçijiu dutar bardy. - Gyzym, çalyp bilýäňmi? – diýip, Mämmet aga sorady. - Çalyp bilýän, atam size aýdym aýdyp berjek! – diýip, gyzjagaz pert jogap berdi. – Kakam, ejem bilen toýa geldim. - Gözeliň gyzy Gülşatjyk! – diýip, Çary ony tanyşdyrdy. – Şatlykda ýaşaýan gurluşykçylaryň çagalary bir maşyn bolup gelipdirler, çykyş etjek diýýäler... – Gülşatjan al süýji bereýin, bar ejeňe kömek et! – diýip, Çary ony daşaryk ugratdy. - Türkmeniň aýtmadyg-a ýog-o-w! – diýip, Mämmet aga güldi. – «Öý ýagdaýyňa bakar, tam zehiniňi ýakar» diýen aýtgy bar, bu aýtgy nämeden gelip çykan diýsene? Ýene-de şu öýden, ata-babalar çarwadarçylyk bilen meşgul bolupdyrlar, mala ot suw gerek, öri meýdanlara ýagyş, gar deň ýagybam duranok, onsoň nire otluk bolsa öýüňi söküp, düýeleriňe ýükläp gidibermeli, muny çaý içim salymda etse bolýar. Eger öýüň ýerine tam bolsa, zehiniňi ýakyp oturmaly. Onsoňam how, şu tam diýeňde, gapymda şaňlap duran bişen kerpiçden gupba ýaly tam bar welin, men-ä, köplenç gara öýümde bolýan, onuň howasy diýjekmi, dogtorlaram aýdýarlar how, şuň saglyga ýaramlydygyny. Kakam pahyr «Gola sygan – öýe sygar» diýerdi. «Sekiz ganat öýde 1-2 gelinli maşgalaň, 5-6 çagaň, 40-50 sany owlak guzyň we myhmanyň bilen sygyşyp bolýandyr» diýerdi. Bulary bir aňyňa aýlap gör. Häzir at gaýtarym kaşaň jaýlara hem sygyşman ýörenler bar!... Hudaý saýlasyn!... Şu sözleri aýdanda Mämmet agaň sesinde nähilidir bir buýsanç owazy ýaňlandy, onuň «Häzir at gaýtarym kaşaň jaýlara hem sygyşman ýörüs» diýmeginde uly manny bardy. «Zergäriň gadryny zer biler» diýlişi ýaly, her bir adam öz bilýän, söýýän işine ýapyşsa, hor bolmajaklygy düşnüklidi, Çary öz şägirtleri bilen hormatly işi edýär, öý ýasaýap, ojar ýasaýar, şeýdibem at-owazasyny artdyrýar. Onuň ýasan öýleri taryh muzeýinde, Daniýa-da bir muzeýde, töwerekdäki obalaryň köpüsinde bar. Indi-hä Çaryň ýasaýan öýüne bolan ideg köpeldi, şol islegi kanagatlandyrjak bolsaň 20-30 gektarda tal ekip, öý ýasaýan özbaşdak topar döretmelidi, tallar öýe ýaraýardy, hemem şorlan ýeriň duzyny aýyrýardy. - Mämmet akga, siz bilýänsiňiz, eziz Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň ikinji ýyllygynyň bosagasynda Eýranyň şol wagtky Prezidenti Rafsanjani gadymy Mary topragyna gelipdi. Ol şonda meň guran öýümde oturypdy... Belki ertirki dabaramyzda hem ol meň şu öýümde oturar. - Çary, sen gaty bagtly oglan, beýle derejä her bir öňýeten ýetip bilýän däldir – diýip, Mämmet aga onuň arkasyna kakdy. – Ertir Bäşgyzyla ministr gelýär, ol baran ýerinde «Siz meniň toýuma baryň, men sizi dabara bilen garşylap, hezzet-hormat etjek» diýýär. Ertir biz ony dabaraly garşylarys, hezzet-hormat ederis! «Ýagşy söz ýylany hininden çykar» diýipdirler, ol ýagşy söz bilen köňüllerimizi ganatlandyrýar, şondan soň işe bolan höwesiň, hyjuwyň artýar. Sen dogry aýdýarsyň, ertir ol seň öýüňe myhman bolar, men şoňa ynanýan. Men kiçijik çagakam ejem pahyr maňa laýdan öý ýasap bererdi hem-de: Tutan wagtyň, gerek öýe, Ilki bilen işik – söýe. Soň ýaýylar dörtje tärim, Bitdigi bil öýüň ýaryn. Tüýnügi götär ýüwürjiň, Mäkämlär uklaryň ujyn, Düzi ýüpsüz uklar sarap, Hersi bir ýan gider pytrap. Öý ýüpi bil guşagydyr, Tärim onuň aşagydyr, Tärime aýlarlar durluk, Uklara oklanar uzuk. Tüýnügi hem ýapar serpik, Ynha, onsoň öýüň düzük, Soň, gamyşlarsyň daşyny, Ýigdelder öýüň ýaşyny. - diýip, mahmal sesi bilen aýdym aýdyp bererdi. Hawa, şol döwürlerde öýsüz hojalyk ýokdy, kä ýerde kepbe, kerpiç jaýlar peýda bolup başlapdy, köplenç şular ýaly öýler bolardy, ýörüte öýçüler topary on-ýigrimi öý ýasap, Ahala, Tejene alyp giderdiler, özem nähili öýler diýsene! Köklänlerinde dagy owadan bolsun diýip seňki ýaly begres, mahmal ýaly gymmat matalary goýardylar, şeýdip, gurjak bezelen ýaly bezärdiler. Eýsem näme, öýüňi, öz mukaddes ojagyňy bezemän kimi bezejek? Öňler güýçli öý ussalary bolupdyr, aralykda döwür boldy, öýler ýok edildi. Indi men seniň bu işiňe bolan yhlasyňy görýäňde gadym türkmen öýüne zaman dolandy diýip begenýärin. - Atam pahyr bolanlygynda, bujagaz öýi şeýle bir bezärdi welin, men heniz onuň ussatlygyna ýetip bilemok, onuň gözellige guwanjy ýaly guwanyp bilemok – diýip, Çary bir käse çaý owurtlady. Aýdym-sazyň ölemen aşygy bolan atasy 1936-njy ýylda Goňur ýabyň boýunda öý tutupdyr, täze öýüň içinde bagşylar aýdym aýdypdyrlar, sazandalar saz çalypdyrlar. Aýdym-sazyň mazaly gyzan wagty atam Hydyr bagşa 120 manat berýär-de «Maňa düşmüji aýdyp ber» diýipdir. Şo wagtlar bir öýüň bahasy 100-120 manat bolupdyr. Ine, onsoň baha beriber, atamyň bagşa hormat goýuşynyň näderejededigini? Aý, hawa-da «Zergäri zer tanar, är ýigidi är tanar» diýipdirler. Men bir zada çaksyz begenýän, olam ata kesbini ýöredip, öý ýasaýan, ojak ýasaýan dilegçileriň möhümini bitirip sogap gazanýan. - Çary berekella! Yhlasyň käre, käriň hünäre, hünäriň senede, senediň sungata öwrülsin, sungatyňam goşa ganatlanyp asmana ýetsin! Men saňa bagşa näme diýeýin. – Hany, indi ýör, turaly, sen goýnuňy soý, menem kömek edeýin! – diýip, Mämmet aga ýerinden turdy. Çary goýun soýup gutaryp barýarka Bopba bir ýerden geldi. Onuň ýanynda orta boýly, görmegeý, ýüzi-agzy ýaşmakly, mähirden doly gelin bardy, ikisem geýnüwlidi. - Çary işigiň ileri, toý gutly bolsun, gutly mübärek bolsun! – diýip, Bopba seslendi. Sen-ä toýy düýpden tutjag-ow, Çary tüweleme, ediber, berekediň artar. - Bopba kaka sag bol, özüňkem gutly bolsun! Gel hany, häzir şar-şur edip toýy belläli, nesip edenden... Öýe baryber – diýip, Çary jogap berdi. - Bopba han, bu gün baýramçylyk, ýüz gram içäýmäň aýby ýokdur. Seň welin agzyň arassa görünýär. Bu nä alamat? – diýip, Mämmet aga sorady. - Mämmet akga, arag-a taşlanandyr! – diýip, Bopba jogap berdi. - Ehe, ehe, geň zat, gün beýleden dogaýmasyn birden – diýip, Mämmet aga güldi. - Ýok, şu gezeg-ä çynymdyr, Mämmet akga. Arada erbet içişlikden soň ýüregim agyrdy, ýogsam onuň nirede ýerleşýäninem bilemokdym welin... Ine onsoň ejem goýman meni dugtora äkitdi... Aý, hawa-da, içhä-içlik, çilim bir ýanyndan, telewizor diýip bir bela bar. Dugtor, meni barlady-da « - Inim, seň ýaşasyň gelýärmi?» diýip sorady, ol gönümel aadam ekeni, diýjegini diýip dur, men «Kimiň ýaşasy gelenok» diýip jogap berdim, derman ýazyp berseňiz taparyn» diýdim, onda dugtor «Saňa derman gerek däl» diýdi... «Onda näme gerek» diýip men gorka soradym, ol «Eger ýaşasyň gelýän bolsa içmäňi goý, çilimiňi taşla, işden gelen wagtyň eliňe pil alyp mellegiňde açyk howada işle, özem bir gün däl, her gün pili eliňden düşürme, diňe zähmet bilen ýüregiňi bejerip bolýar, diýenimi etmeseňem tiz ölersiň!» diýdi... Men onuň bu sözüne dogrymy aýdaýyn gorkdum... Şondan bärem öýde elim pilli, mellek işleýän. Dynç alyşa çykypdym. Dabaradan soň işe başlamaly, ýöne indi içmejegime söz berýän, öňki bolşumdan utandym. Bopbaň agzy ýaşmakly aýaly «Dogry aýdýar» diýýän ýaly başyny atdy-da mylaýym ýylgyrdy. - Sözüňi gelniň tassyklaýan bolsa dogrudyr – Mämmet aga goýnuň asylgy aýagyny çözdi-de, çanaga atdy. – Gelin muň «şyhmütürini» towlap durgun, indi bir ol zährimara ýapyşmasyn. Agzy degse durup bilenok... Çaryň häsiýetem şeýleräk, ondan häsiýet bolmaz... Özüne erk edip bilmeýänden adam bolmaz. Poladyň ýumşak bolanda-da... - Bor, Mämmet akga, bor Mämmet akga – diýip, Bopba jogap berdi. - Bopba akga, gelneje ýörüň öýe gireliň, çaý içeliň – diýip, Çary çanakdaky eti göterdi. - Ýok, mürähediň üçin sag bol, Çary men öz elim bilen galdyran gözel desgany aýalyma görkezjek! Goý, ol meň nämä ukyplydygyma gözüni ýetirsin! – diýip, Bopba aýaly bilen köpçüligiň içine siňip gitdi. Hydyr Haýranam çagalary, aýaly bilen toýa gelipdi. Ýedi gyzdan soň hamylalyga ýetip ogul dogurmany niýet edinen Parowbibi öňküsindenem ýaşaran ýalydy, daşynda hozanak bolýan gyzjagazlaryna «Biri-biriňiziň elinden tutup, ýitersiňiz» diýip tabşyrýardy. Hydyr Haýran gyzlarynyň birini ýanyna alyp Kertik, Baýram aga dagy bilen salamlaşdy. Baýram aga gyzjagazyň gulpagyndan çekip – Gyzym, sen gepläp bilýärmiň? Diliň barmy? – diýip sorady. Baýram aga ol utanýar, geplemäniňden gowusy ýokdur, bir sorap başlasa ýürege düşer – diýip, Hydyr Haýran jogap berdi. - Sen kim bilen toýa geldiň? Hany aýt! - Ejem, kakam bilen geldim, diýip, çaga pert jogap berdi. - Şeýlemi... Ýene kim bilen? - Jigilem bilen - diýdi-de, gyzjagaz Baýram agaň sakgalyny elläp gördi: - Ata, sen näme üçin garrapsyň? - Wagty gelendir, guzym, garradym! - Näme üçin köp ýaşadyň? - Kim bilýär... Allaň beren ömrüdir-dä, hiç kim näme üçin köp ýaşaýanyny aýdyp bilmez. - Men bilýän... Sen Ata bolansoň, köp ýaşaýansyň... Bui tem seňkimi? - Hawa, meň itim. – Baýram aga gapdalynda ýatan köpegiň arkasyny sypalady. – Ady Alabaý... Ala-baý! Goýun iýdir bi. It öz adynyň tutulýandygyny eşidip tarsa turdy. - Ol näme üçin gurdy? – çaga soragly nazaryny Baýram aga dikdi. – Gorkdumy, hä? - Ol senden gorkdy, gorkusyndan ýaňa iki dişem gaçdy. - Oň şular ýaly dişi bar – diýip, çaga barmaklaryny görkezdi. - Alabaýyň dişi uludyr... Ol tüýs çopanyň iti... Şol wagt Alabaý gyzjagazy jüýjerildi. A-na ol saňa seredýär, «Gowuja gyz ekeni» diýýär. Alabaý özüne aýdylan söze düşünýän ýaly kellesini aýnadyp iki ýana aýlandy. - Alabaý otur, ýanymda otur – Baýram aga oturmaga ýer görkezdi. Gyzjagaz itiň tüýünden ýapyşjak boldy. – Gyzym beýle oýnuňy etme! Oňa degseň öýkelär... Ol örän öýkelek, ýöne özüni gowy görýänleri gowy görýär. – Alabaý düşünýän ýaly kellesini öň aýaklarynyň üstüne goýup gözüni ýumdy. - Alabaý öýkeledimi? – gyzjagaz ite seredip – Men oňa hiç zat etmedim ahyr. - Gaty öýkelän däldir-le – diýip, Baýram aga çagany ynandyrdy. - Ol seni ilkinji gezek görýär, öwrenişenok, ysgaşanok. - Ata çölde möjek barmy? - Möjek bar, Garagulak bar, towşanjyklar bar, çölde zat kän, gyzym! - Üzümgüljan soragyňy bes et, Baýram agany ýadatdyň! Haýranlar galaýmaly! Ýör hany, düýämiziň ýanyna baraly – diýip, Hydyr Haýran gyzynyň elinden çekip alyp gitdi... - Gör-ä enäň çagajyklarynyň daşynda hozanak bolşuny – Baýram aga Parowbibiň yzyndan garady. – Ene ýaly zat ýok! Ene ýüregi! Öýde bir kynçylyk dörese derrew enä ýüzlenýärsiň, hasabyň çykmasa ýa-da biri bilen tersleşseň enä ýüzlenýärsiň, bir ýeriň agyrsa, ýüregiň gyssa, enä ýüzlenýärsiň «Örän agyr düşýär, çydap bilemok» diýip, ýene enä ýüzlenýärsiň, eneň şonda «gowy bolar, oglum, gaýgy etme» diýerde kelläňden sypalar welin dünýäň düzeler. Çaga ilkinji sözi enesinden öwrenýär, eger-de, akylly sagdyn nesil ösdürjek bolsak eneleriň saglygyna üns bermeli – diýip, Baýram aga sözüni soňlady... Rahman bilen aýsoltan Mary şäherinden ýörite getirilen gülleriň düýbüni suwlaýardylar. Aýsoltan, rezin tokurtgadan akýan suwdan bedräni dolduryp, Rahmana berýärdi, ol aýagyny dyzyna çenli çermäp suw guýýardy. Çagalygy obada geçensoň ýeriň özboluşly ysy ony magnit ýaly özüne çekýärdi, göwreliligi zerarly birneme etine gelen Aýsoltan bolsa, ondan galmajak bolýardy, umumanam ol bäş aýyň içinde çölüň ýaşaýşyna, işine öwrenişipdi, haýsy işe ýapyşsa höwes bilen ederdi, häzirem gök ketenisiniň üstünden geýen gyrmyzy donuny galgadyp «Bol, bol» diýip Rahmany gyssaýardy. Bäşgyzyla gelmegi bilen Aýsoltanyň durmuşynda uly öwrülişik bolup geçipdi, gep bu ýerde onuň Rahman bilen ýaryşmagynda, şäheri çöl bilen çalyşmagynda däldi, öňler ol näme etse diňe özi üçin ederdi, kim nähili ýaşaýar, nirede ýaşaýar parhy ýokdy, edil şeýle-de onuň ýaşaýşy bilenem gyzyklanýan ýokdy, indi bu ýerde ol köpçülik üçin gerekli adama öwrüldi duruberdi, edil şonuň ýaly ol Rahmana, Rahman oňa gerekdi, onsoň owadan gözleri begençli, şatlykly öwüşginlere gaplandy duruberdi, bu bolsa onsuzam görmegeý ýüzüni has-da gelşige getirdi. Aýsoltan göwnünde besläp tapmadyk zadyny – özüne ýakyn, ruhubelent adamlary tapypdy. - Bolsana, oglan çaltrak – diýip, Aýsoltan Rahmany gyssady. – Men oglan-gyzlaryň ýanynda saz çalmaly, olar garaşýandyrlar, ertir çykyş etmek üçin taýarlyk görmeli! - Arman! – diýip, Annamämmet eýýäi ikinji gezek bularyň ýanyna geldi. – Rahman, birneme gyssanaweri, saňa ýene köp iş garaşýandyr. – Ol elindäki kagyza seretdi-de – Dogrudanam, sen Çarlaklymy? – diýdi. - Bolubilseg-ä çarlakly, hä näme? - Çarlak diýip ýerde böküp ýörenje garaja möjek bar, anna şol gawuna gurt düşürýär! – Menem saňa getiren gawun-garpyzlarymy ertire çenli ambaryňda sakla diýäýjekdim – diýip, Annamämmet hezil edip güldi. - Ynansaňyz «gurçuk düşürmän» saklajak bolarys – diýip, Rahman ýylgyrdy. Trestiň üpjünçilik bölüminiň başlygy bolansoň ertirki geljek myhmanlary garşylamagyň jogapkärçiligi Annamämmediň üstüne düşýärdi, işden birjikde asgynlyk çekenokdy, gaýtam şeýle dabaralary gurnamakdan lezzet alýardy, özem edil hyzlawuk ýaly bu ýerde durman, irginsiz aýlanýardy, geň zady şeýle dabaralarda oýundan-çyndan agzyna paýyş söz almazdy, düýbünden başga adama öwrülýärdi, käbir «nakyslar» oňa degip sögdürjek hem bolýardylar, emma ol «Oglanlar, dabarada şat bolalyň» diýip jogap berýärdi. Ol hakyky ýolbaşçydy, wezipe ony bezemän, ol wezipäni bezeýärdi. Arada ýaraman birnäçe aý keselhanada ýatmaly bolanda onuň ýerine başga biri ýolbaşçylyk etdi. Annamämmet bilen deňeşdireniňde ol Alabaýa, ýöne has gyňyr, geleni ýarjak bolup duran köpege meňzeýärdi... Şeýle adamlar näme üçindir uzak saklanýardylar, wezipesi boýunça ýokary basgançaklara çykýardylar. Durmuşda şeýle düşnüksiz zatlar az däldi. Şirin Irki sagymdan soň, bu dabara gatnaşmak üçin Bäşgyzyla gelipdi, gelşine Mälik onuň eline tigir bilen iňňe tutdurdy. Şirin ozal ölçenip kesilen mahmaly tikýärdi hem-de mülki, mallary barada oýa batdy. Öten agşam sürüden gelen mallaryny tükellände ol bir gölesiniň ýokdugyna göz ýetirdi. Baýram aga «Ýaňam-a bardy, şu gamyşly batgalykda galan bolmaly» diýip, ýadaw hem bolsa, gözlemäge gitdi, Şirinem onuň bilen gidermen boldy, dogrusy, gölesi tapylmasa ol rahat oturyp biljegem däldi. Olar gözlediler, garaňky düşdi, Şirini gaplap alan gorky bedeninden aýrylyp gidibermändi, üstesine-de Garagulagyň sesi gelýärdi... - Göläm, gölejigim – diýip, Şirin çagyrýardy, gözünden akýan ýaşy süpürýärdi. Bir ýerde gamyş şatyrdan ýaly boldy, Şirin şoňa ylgady, başga bir ýerde ýylgynyň şahasy yrgyldady, oňa ylgady, üýşürip goýan gyş otunyň töweregine seretdi, ahyrym uly bolmadyk depäň etegindäki gamyşlyga bardy, sygyr gölesini şu ýerde guzlapdy, emma tümlükden zat gözüne ilmedi. Şirin näme etjegini bilmän ýaýdandy, yzyna gaýtjak bolup durka, birden törpi ýaly diliň elini ýalaýandygyna, süýdüň ysy boýunça muň gözleýän gölesidigine düşündi, göle janawerem garaňkylykdan, ýekelikden gorkan bolmaga çemeli, böwrüni oýkap günäsini ýuwjak bolýan ýaly Şirin uzadan elini törpi ýaly dili bilen ýalaýardy. Şirin bu wakany ýatlap öz ýanyndan utandy, şeýle dabaraly günde, ähli adamlaryň begenýän, şatlanýan döwründe ol näme üçindir jorasy Täzegül Çaryny, söýgüli ýigidi Mäligi ýatlaman gölesini ýatlaýşyna utandy. Gölesi özüniňkidi, halal zähmetiniň miwesidi, öz zadyň özüňe ýakyn bolar ekeni... Bu zatlary pikirinde aýlaýan Şirin Mäligiň inçe simlerden kebşirläp taýýarlan äpet gupbasynyň daşyna mahmal örtük tutýardy, eli işdedi, pikiri mallarynyň ýanyndady. Şirin bu gün ýakasy bejerilen gyzyl ketenisini geýip gelipdi, al-ýaşyl öwüsýän mahmallaryň ýanynda ol bahar pasly dürli reňke bezelen gülälekli meýdana, lälezarlyga, gül-gülzarlyga, diriligiň, şadyýanlygyň heýkeli bolup otyrdy, has dogrusy joşgunly gözelligiň bereketli çeşmesini ýadyňa salýardy. Dogrusy, baharyň soňky aýynyň dabaraly bu gününde aýyň garnyna çykyp duran otluk meýdanlaryň içi gyzyl gülälekden ýaňa ot bolup gyzarýarka, onuň içindäki gyzyldyr ýaşyl keteni geýen gelin-gyzlara seredip doýup bolanokdy, iki gözellik goşulyp, bir-birine öwüşgin berýän ýalydy, gülälekler olara öwüşin berýärmi ýa gözellik paýyny alan gelin-gyzlar güläleklere öwüşgin berýärmi, düşüner ýaly däldi. Keteni geýip, seýkin basyp, uz ýöräp barýarkalar, gelin-gyzlar has buýsançly, has joşgunly görünýärdi, dabara gelenlere, öz degre-daşyndakylara öňünden çykanlara nur saçyp, şadyýanlyk paýlap barýandyklaryny, gözellige teşne göwünleri awlaýandyklaryny, ýaraly ýüreklere melhem bolýandyklaryny bilenokdylar, hökmürowan tebigat tarapyndan gözellik paýyny alan gelin-gyzlaryň (häzirki döwrüň gelin-gyzlarynyň hemmesem şol paýy alypdylar) görk-görmegi, gözellige maýyl göwünleriniň emri, akyl-paýhasy bilen on barmagyny oýnadyp döreden nepis ketenisi, bir perdeden gopup, bir-birine utgaşýan ýalydylar. «Alla bu gudraty nädip döredip bildikä» diýesiň gelip durdy. - Şirin! – diýip, Mälik ýokary gupbany kebşirläp duran ýerinden seslendi. – Sen-ä, tüweleme gupbaň geýmini daş edýän! Saňa seredýän weli lälezarlyk, dirilik, şadyýanlyk ýadyma düşdi, dem almam kadalaşdy, gujurym artdy... - Aý, bolýa-la! – diýip, Şirin elini salgady. Nakyslamasa-na! - Mälik, çypbakaý çynym, seň bu aýdýanlaňňa düşünemok – diýip, onuň bilen bile işleýän Saparmyrat seslendi. – Başga zatlaň bolýaram welin şu dem almaňa Şiriniň näme täsiri bar? Atamyň urşa gatnaşan agalarynyň biri «Ur-a» diýip nemesleriň üstüne çozýas, olar biziň garşymyza top atýarlar, menem şol top okuna kellämi tutdy, oklary edil garpyz ýaly ýarýan diýip, çyna berimsiz gürrüň bererdi, seňkem şoňky ýaly. - Sapar baý, bilmeseň bil, Şiriniň egninde gyzyl keteni maňa ýokarky top oky ýaly täsir edýär. - Bäh, maňa-ha täsir edenok, çypbakaý çynym! - Sen-de göz barmaý-t!... Öýündäki garry goýun bilen daş edip çalşypsyň, ony sen Şirine meň gözüm bilen sereet. Ol her dürli otlary ýygnap reňk ýasaýar, reňk bilen türkmençe gürleşip bilýär, syryny bilýär, şeýdip gyzyl ketenisini haýsy reňki haýsy reňke ulaşdyranyňda nähili reňk alyp boljagyny bilip reňkleýär. Bahar aýy, al ýaşyl lybasa geýnip birgeňsi bolýar, onsoň meýdandaky ot-çöpler sary saman bolup guraýar. Ine, şu öçügsi tukatlykdan özüni saýlap, meýdanyň mydama al-ýaşyl öwüsmegini arzuwlap, Şirin şu ketenisini geýýär... - El, aýt, ketenisini öwüp arşa çykaraýdyň-la, basym toý edäýjeg-ä dälsiň-dä? - Toýam daşda däl! Keteni Oguz han döwründen gelýän türkmeniň iň gadymy matasydyr. Babyl şäherinde bäş müň ýyl mundan ozal ketenä «Kitannu» diýipdir. Muny Gurbannepes aga aýtdy. – Toýuňda atbaşçyň mendirip. Belläp goýgun, how, öňbadakçyň mendirin. Dabarada atyny daş edip çapdyrjakmy? Seň atyň ýaryşda ozsa gerek! Saparmyrat aty öwülse aşygy alçy gopýardy, derisi giňeýärdi, bolmajysy bolýardy. Saparmyradyň pikiriçe onuň hurmaýy ýorgasy, çeňkli çorgasyndan görgür syzgyr, ýeňil gopýan ýüwrük haýwan ýok, gije süýdüň içindäki ak gylyp saýlap bilýär, endamyndan bir tüý düşse, syzyp sesini eşitmegi başarýar, keýigiň, towşanyň, ýabany goýunyň we öküziň yzyndan kowalap ýetip bilýär. Ol atynda on iki alamatlaryň hemmesem birleşipdir diýip hasap edýär, olaryň üçüsi owadan gelne, üçüsi düýä, üçüsi suw sygryna, üçüsi gatyra meňzeýär, gelne meňzemäň ilkinjisi gözelligidir, ikinjisi ýumşak ýal, üçünjisi ýanjygyň uly bolmagydyr, düýä meňzemäniň birinjisi boýny uzyn, ikinjisi kirpikmen, üçünjisi art sagyrlary galyň bolmagydyr, suw sygryna meňzemän birinjisi öň aýaklary ýogyn we gysga, ikinjisi garnynyň aşagy ýasy, üçünjisi guýruk ýatagyň giňiş bolmagydyr, gatyra meňzemäň birinjisi gulaksapy uzyn, ikinjisi gamçyguýruk, üçünjisi toýnaklary turp kimin tegelek bolmagydyr diýip hasap edýär. Şu aýdylanlardan çen tutsaň, onuň dor atynyň gulaklary gamyşyň ýapragy ýaly bolup, iki gulagynyň arasy giňdi, dişi maýdady, döşi ýumrudy, başy belentdi, boýy uzyn, ýaly ýumşak, bili inçe, böwri kiçi, omzy belent weý asy, göwüslek, guýruk ýatagy giňişdi... Bu aýdanlaryna atynyň daşky keşbi gabat gelýärmi, ýokmy, seljerjek bolup durýanam ýokdy, eger ertirki çapyşykda öňdäki orunlaryň birini eýeläýse, onda gurluşykçylar ýokarky öwgüleriň üstüne ýene-de şonçasyny goşmaga taýyndylar, geçen ýylky ýaryşda dördünji bolup pellehana gelensoň oňa kän bir ynam bildirenokdylar, umyt welin bardy. Mämmet aga oňa «Sen ogul, atyňy öwmede, bizi öwer ýaly et, juda öwesiň gelýän bolsa-da atyň köýnekçesini öw!» diýýärdi. Dogrudanam, näwagt dokalany belli bolmadyk köýnekçäň ne bir reňki solupdyr, ne özi zaýalanypdyr, boýy atyň sagrysyndan gaýtdygyça kem-kem owadanlanyp, inçelip gidýän köýnekçäň iç ýüzi garamtyl goňur guzy ýüňüňden edilen keçe bilen jäheklenipdir... Aý, garaz owadan bir zat-da... Atyň eýerem gadymdan galan, Saparmyrat aýtmyşlaýyn «Kakasy heniz bäbejikkä atasy Gylla aga ony Jojuk baýdan alanmyşyn». Bu günki gün Saparmyradyň atynyň, Hydyr Haýranyň kejebeli düýesiniň daşyna gurluşykçy oglan-gyzlaryň hemmesi üýşüpdi, olar öz işgärleriniň malyna guwanýardylar... Özüňki ýaly gowy zat ýok bolara çemeli. Olaryň arasynda Sapa Sapar, aýaly Bibisoltan, ogly Serdar bardy. Sapaň aýaly Soltanyň eli çeperdi, ýörite sargyt boýunça iň gadymy türkmen nagyşlary bilen bezelen çyrpyny keşdeläp, sünnäläp taýýarlaýardy. Eýýäm, birini ýokary bahadan satyp, ikinjisine başlapdy. Sapa ýaňy-ýakynda Türkmenistandan jemi dört adamyň biri bolup, Germaniýanyň Düssemburk şäherinde geçirilen nebit-gaz gurluşyk gurnama işleri boýunça bütindünýä sergisine gidip gelipdi, ol ýerde her kim öz öndürýän önümleriniň iň täze görnüşlerini görkezdiler, Sapany Germaniýadan Türkmenistana tokurtga iberýän «Fuks» firmasynyň wekilleri garşyladylar, hezzet-hormat etdiler, ol ýerden gelip durşudy. Soýuz döwründe beýle zatlar bolar diýip ýadyňa-oýuňa düşjek däldi. Toý lybasyna bezenen gelin-gyzlaryň içinde ýaşlary durugşan bir aýala gözi düşüp, Sapaň ini jigläp gitdi. «Elhepus meňzeş adamlar bar-ow» diýdi hem-de ýaňy 16-17 ýaşlarynda dünýäden öten daýzasyny ýatlady... Hawa, goňşy ýaşansoň Sapa onuň ýanynda köp bolardy, sapagyndan gowy baha alsa, hoş habar eşitse, bir ýere gitmeli bolsa, ilki bilen daýzasyna aýdardy. Daýzasy onuň begenjine begenip, gynanjyna gynanýan, ýüregine düşünýän ýeke-täk adamdy, onsoň ony ejesinden kem görmezdi. Haçanda, onunjy klassy tapawutlanan bahalar bilen gutaranda, ol özüne berlen hormat haty ilki bilen daýzasyna görkezmek, hoş habary buşlamak isläp, onuň ýanyna gyssandy, gelip «Daýza men» diýdi-de, doňan ýaly boldy, aýallar onuň daşyny alyp otyrdylar, «Çaga bar çyk» diýip, ony gapydan çykardylar, pahyr, asyl Sapaň adyny agzap jan beren ekeni... Sapa daýzasyna meňzeş aýaly görüp şol wakany ýatlady. Birdenem, silkme telpekli, gyrmyzy donly Gurt dollara gözi düşdi, ol gyzjagazlaryna importnyý – GEDEER-iň egin-eşiklerini geýdirip, hamana bu ýygnanyşyk «egin-eşikleriň, täze hokgasyny gözden geçirýän üýşmeleň» ýaly iki ýana gezmeleýärdi, aýaly yzragynda, özbaşdak bolan bolup, garanjaklaýardy. Sapa Gurda «Telpegiň gutly bolsun. Telpek türkmeniň buýsanjydyr. Toýda tozsun» diýdi. Gurt buýsançly başyny atyp «Taňryýalkasyn, senem donuň gutly bolsun, toýda tozsun» diýdi-de, Saparmyradyň atynyň ýanyna geldi: - Tüweleme, bu atyň reňkini dagy... Maňa şeýle aty biri sowgat bermezmikä! Hä, Saparmyrat çypbakaý? – diýip, Gurt ýognas sesi bilen sorady. - Ýeri berdigem-dä, soňy nä? – diýip, Saparmyrat bilesigelijilik etdi. - Ilki bilen-ä, men onuň ýalyny darardym, balyň sabyny bilen suwa düşürerdim, sypaşdyryp, sermeşdirip eýerlärdim, yzyndanam, gözüm ýaşarýança şemallap, arassa howadan doýýançam, beýnime gowy dynç berýänçäm çapardym! Tüni derýanyň ýakalaryna aýlanardym. - a-na, ony sen oňararsyň... Ýogsa-da, onunjy gaz guýysynyň töweregini tekizläp ýörkäň «bir hum tapanmyşyň, täze maşynam şondan soň alanmyşyň» diýip eşitdik, ugrunda barmydyr ol? - Halal zähmetim bilen maşyn edindim, dollar aýladym, ejemiň şaý-seplerini ýerledim, garaz maşina ýetdim, ýöne maňa şular ýaly at gerek, at! Oňa ýangyç derkar däl, islän ýeriňe alyp gidýär, islän zadyňy edip berýä... - Gurt akga, puluň bolsa bazarda zat kän, serçäň süýdünem satýarlar, çypbakaý çynym. - Bä, şeýlemi? Ol-a, alaýmaly zat ekeni. – diýip, Gurt hezil edip güldi. - Çary bilen aýa uçupsyň welin «Bu ýerde gymmat bahaly daş kän» diýip sen şo taýda galaýypsyň öýdýän? Çary düýşünde «Gurt Aýda galdy welin bir huma büdürär» diýip, gören ýerinde gürrüň berip ýör. Şoň aýdany çyn boldy öýdýän!... - Belki çyn bolsun-da! – diýip, Gurt hezil edip güldi. – Mämmet keliň ministr diýen-ä çyn bolup çykdy, ertir gelýämişin diýýäler. Indem, bi howa sereet! Hi, bu bir gudrat bolaýmasa. Asmanyň çeşminden hanjaryny ýere dikýän. Biz aw edip ýörkäk şol harasat üçin tas heläk bolupdyk. - Gurt akga, awda zalym diýip siz barada gürrüň edýärler, käte bir süri keýigem ýok edýärmişin diýýärler, çypbakaý çynym. - Ol ýalandyr, ýalan, ýalan, maňa şyltak sürtjek bolýanlaň işidir ol. Men dözümsiz... janly-jandary gowy görýän... Atamda degäýse-de «juda beýdäýjeg-ä däldim, bagyşla!» diýip keýikden ötünç soraýan. - Ýok, Gurt akga, sen ony diýmersiň, Garagulagy traktor bilen «kowalaýşyňy» eşitdim-de, saňa gedemden zalym diýip baha berdim. Şol pikirimde-de durýan. Bu zalymlygyň soňy jenaýat bilen gutaraýmasa ýagşydyr, çypbakaý çynym. Saňa at berip bolmaz, rehimsiz, zalym adam iki günde bellisini eder munuň. - Ýa, goýsana walla – diýip, Gurt elini salgady. – Çagalar, ýörüň Hydyr akgaň arwanasyny göreliň, bu-ýä şallaklap ugrady, ýörüň! Gurt çagalary bilen iki ýana tolkun atýan adamlaryň akymyna siňip gitdi. Ondan has soň ugran aýaly, Saparmyradyň sözlerine makullaýjylyk bilen baş atan ýaly boldy, ýa ol Saparmyradyň göwnünemikä?... Şol günüň agşamsynyň gözelligini taryp edere söz ýetenokdy, ilki bilen-ä agşam ondördi gijäniň Aýyna gabat geldi, özem Aýyň şeýle ýagty bolanyny öňde-soňda hiç kimiň ýadyna düşenokdy, ikinjiden hut şol gün Bäşgyzyl gaz ýygnaýjy nokadynyň günorta-gündogar-demirgazyk taraplarynda ýerleşen gaz guýylarynyň gurluşyk gurnama işleri gutarylypdy, geçirijileriň içindäki hapalaryny çykarmak, sepleri barlap görmek üçin bir-birinden daşda bolmadyk alow ýakylypdy, olar gijäni ertekä öwrüpdi. Ýurduň ähli künjeginden gelen gelin-gyzlar, çagalar ýetginjekler gündizlik ýaly gijede, depeden-depe aşyp, topar-topar gezdiler, aýdym aýtdylar, bökdüler, ertire çenli şagalaň etdiler... Beýle şagalaň, Şasenem-Garyp döwründen soň Tüni derýaň boýunda dörän şagalaňlaryň iň ulusydy. «Ozal akan ýerden akarmyş aryk» diýip, köneler ýönelige aýtmandyrlar ahyryn... | |
|
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -12: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |