21:25 Kümede ýaşadym | |
KÜMEDE ÝAŞADYM
Goşgular
Kümede ýaşadym, elkin ýaşadym, Maňa hemdem boldy dag bilen depe. Ýaşadym unudyp bar ünjüleri, Terkidünýä deýin ýaşadym ýeke. Kümäniň daşynda bir töňňejikde Goşgy ýazdym oturyp men galaba. Dagda şahyr boldum şol kümejikde Bar duýgymy salyp kagyz-galama. Giden bir ýaýlady kümäniň ardy, Güller ýele tolkunýardy ýaz pasly. Kümäň gapdalynda çeşmejik bardy, Daşdan-daşa towsup akýardy çasly. Her gün çeşmejige dodagyn basyp, Teşneligim gandyrardym mazaly. Ýekelik ýüregme düşdi meň basym, Gün-günden gaçyryp keýpi-mazamy. Bir günem bardym-da çeşmäň boýuna Ýöräberdim onuň bilen bileje. “Kümede ýaşamak, erkin ýaşamak, Nämä gerek boldy, aý gögeleje?” Diýip soraýan deý menden çeşmejik Towlanyp-towlanyp akýardy batly. Men bolsam sykylyk çalyp barýardym, Göwnüme bu pursat hemme zat şatdy. Çeşme akyp, söküp dagdyr deräni, Ençe wagtlap özi bilen entedip, Yzda goýup meň dagdaky kümämi, Yzda goýup jülge-zawlaň ençesin... Ahyr obaň bir çetinden saldy-da, Soňra biraz dynjyn alyp oturdy. Ýekeligiň girdabyndan aldy-da, Adamlaryň arasyna getirdi. | |
|
√ Öýke / Goşgular - 24.06.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Bolsa eder / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Ýagyşly günüñ aýdymy / Goşgular - 20.11.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Adamlary görseň ählisi gowy / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Betbagt adam / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||