19:55 Hekaýatlar ýygyndysy: Sasanlylar - Anuşirwan Adyl | |
ANUŞIRWAN ADYL
Anuşirwan patyşalyk tagtyna geçip, älem-jahany özüniň adalatlylyk suwy bilen zulum we bedgat hapalaryndan ýuwansoň, tagt ol sebäpli hoşbagt bolup, täç onuň bilen belende galýar. Patyşalyk ýüzügi oňa ýaraşýar. Adamlar gam-gussa hazanyny görensoňlar, adalatly baharyň ýakymly howasyny garşyladylar. Älemleriň serweri Muhammet resulalladan özüniň mübärek dili bilen aýdan şeýle sözleri rowaýat edilipdir: «Men adalatly patyşanyň zamanasynda doguldym». Anuşirwan patyşalyga geçensoň leşgere mähremlik görkezip, emirlere gymmatbaha serpaý berip, olardan ýurdy dolandyrmakda kömek soraýar. Onuň eden meşhur işleriniň biri şudur. Bir gün Mazdak we araplaryň patyşasy Münzir onuň hyzmatynda otyrdylar. Anuşirwan şeýle diýýär: – Hiç wagt ýadymdan çykaryp bilmeýän we içki duýgym oňa bagly bolan üç sany arzuwym bardy. Birinjisi, patyşalyga ýetsem we täji-tagty alsam diýýärdim. Hudaýa şükür, bu bagt maňa ýetdi we men döwlet tapdym. Ikinjisi, Münzir ibn Amry araplara patyşa etsem we olara mal-mülk bersem diýýärdim. Indi oňa patyşalygy berdim. Üçünjisi, Mazdagy öldürsem we mazdaklylary gyrsam, olary doly ýok etsem diýýärdim. Mazdak ýerinden turup oňa: – Eý, patyşa! Älem-jahandakylary nädip öldürersiň! Adamlaryň ondan dokuzysy maňa tabyn we meniň dinime we ýörelgäme eýerýärler. Eger sen ähli adamlary öldürseň, kime patyşalyk edersiň?! «Eger ýaranlaryňy köp öldürseň, ýeke galarsyň» diýleni. Häzirki wagtda bu dünýädäkileriň aglaba köpüsi meniň tarapdarym we maňa boýun. Olar janlaryny, mallaryny, aýallaryny meniň üçin saklaýarlar. Men şunça tabynlarym we janköýerlerim bilen seniň öňüňde hyzmat başymy egsem we seniň bendäň bolmaga razy bolsam nähili bolar?! Eger sen meniň bilen ylalaşsaň we dostluk ýoluna eýerseň, seniň üçin gowy we amatly bolardy – diýýär. Anuşirwan oňa: – Eý, it! Asyl sen şeýlemidiň. Derrew onuň kellesini kesiň – diýip, perman berýär. Şol bada onuň kellesini kesip, bazaryň içine oklaýarlar. Mazdaklylar üýşüp, topalaň turuzjak bolsalar-da, başa barmaýar. Sebäbi Anuşirwan ol işe taýýarlyk görüpdi we leşger häzirläpdi. Olar leşgeriň öňünde durup bilmejeklerine göz ýetirip pytraýarlar. Anuşirwan olary ele salyp, galalarda tussag edýärdi. Ahyrynda ol mazdaklylaryň segsen müňüsini bir günde jähenneme iberýär. Adamlar onuň dinde şeýle edermenligini we dürs ygtykadyny görüp hem-de onuň bozuklary jezalandyrmasyny synlansoňlar, onuň haýbaty we hormaty ýüreklerde ornaşýar we ol ýürekleriň hökmirowanlygyny gazanýar. «Gurar we siýär» («Saýlantgylar we başdan geçirmeler») kitabynda we Tabary-nyň «Taryhynda» hem şu barada gürrüň edilipdir. Emma şu kitabyň ýazyjysy aşakdaky maglumaty başga bir kitapda okandygyny aýdýar: Anuşirwan Mazdagy Kubadyň döwründe öldüripdir. Ol bu işi gaty geň hilegärlik bilen amala aşyrypdyr. Bu hekaýat şu kitapda geljekde beýan ediler. Anuşirwan ýurdy doly öz ygtyýaryna geçiripdi. Rumyň kaýsary Kubadyň döwründe onuň gowşaklygyndan we perişanlygyndan peýdalanyp, käwagtlar onuň ýurduna hüjüm edýärdi. Anuşirwan ony dep etmek üçin Ruma leşger çekip, Rumyň köp möhüm şäherlerini basyp alýar. Soňra hazynalaryň we kaýsaryň maşgalasynyň ýerleşýän ýeri Antakyýa şäherine girip, ol ýeri hem basyp alýar. Hazynalary ele salyp, kaýsaryň maşgalasyny ýesir edýär. Antakyýa şäherine girende, şäher oňa ýaraýar we onuň binalaryny halaýar. Ol şäheriň şekilini çekdirýär. Soňra onuň buýrugy boýunça şäheriň binalarynyň köpüsini ýykyp, äkidip boljak zatlaryň baryny äkidýärler we Eýranşährdäki häkimine: «Sen şeýle tertipde şäher gurmaly» diýip, hat ýazýar hem-de şol çekilen şäheriň suratyny oňa iberýär. Olar az wagtyň içinde edil Antakyýa ýaly şäher gurýarlar. Anuşirwan Rumdan Ýemene gidip, ol ýeri hem basyp alýar. Soňra Bahreýne we Ommana gidip, ol ülkeleri basyp alýar. Ol yzyna gaýdyp gelende, eýýäm täze şäher taýýar eken. Ol antakyýadakylary ol ýere getirmeklerini we olara ýaşar ýaly ýer bermeklerini buýurýar. Ol şähere Rumyýa diýip at goýýarlar. Olar täze şähere getirilensoň rumlularyň biri şeýle diýipdir: «Maňa Rumyýada jaý berdiler. Ol jaý meniň Antakyýadaky jaýyma şeýle bir meňzeşdi welin, şol ýerdäki jaýymy getirendirler öýtdüm. Emma onuň ýekeje tapawudy bardy, ol bolsa meniň öýümiň howlusynda bir agajym bardy, emma bu jaýymda ol ýok». Soňra Anuşirwan Balha ugraýar we Türküstan welaýatyna eýe bolup, ol ýeri Horasana birleşdirýär. Ol atasynyň aryny Haýatyla hökümdary, Toharystanyň patyşasy Hoşnowazdan almak üçin leşger iberýär. Olar Hoşnowazy öldürýärler we onuň ülkesini basyp alýarlar. Soňra Şama leşger çekýär. Şamyň patyşasynyň ady Matýanusdy. Ol Anuşirwanyň öňünde durup bilmejekdigini bilip, oňa tabyn bolýar we salgyt tölemegi kabul edýär. Ol hebeşileriň basyp alan ýeri bolan Ýemen welaýatyny gylyjyň kömegi bilen basyp alýar. Şeýdip, Şam, Yrak, Ýemen we tutuş araplaryň ýerleri onuň golastyna geçýär. Onuň hökümdarlygyndan kyrk ýyl geçensoň, Muhammet pygamberiň beýiklik güneşi ejesiniň ýatgysyna inip, gündogardan dogýar. Anuşirwanyň patyşalyk süren möhleti kyrk sekiz ýyl bolupdyr. Ol şol ýyllarda adalatlylyk düşegini ýazyp, ýagşylyk baýdagyny pasyrdadypdyr we özünden ýagşy at galdyrypdyr. Beýt Ýagşy atlar gazanan gitdi ençeme şalar, Diňe, diňe ýagşy at, bilseň, olardan galan. Anuşirwan adylda köp-köp hazyna bardy, Olardan zat galmady, diňe ýagşy at galdy. ____________________________ Bu at Nowşirwan görnüşinde hem ýazylypdyr. Anuşirwan Kubat ibn Firuzyň ogludyr. Bu kitabyň ýazary Kubat dünýäden ötensoň, Anuşirwan bilen doganlary Kiýus we Jamyň aralarynda häkimlik üçin bolan çekeleşikleri belläp geçmändir. Anuşirwan bu çekeleşiklerde üstün çykyp, patyşalyga geçipdir. Toharystan – Balh bilen Badahşanyň arasynda ýerleşen bir sebit. Hoşnowaz – rumlularyň arasynda Aftalit ýa-da Ak hunlar, eýranlylaryň arasynda bolsa Haýtal (Haýatyla) ady bilen meşhur bolan nesilşalygyň milady hasaby boýunça 483-nji ýyllarda hökümdarlyk eden bir patyşasy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |