20:25 Hekaýatlar ýygyndysy: Sasanlylar - Bähram Gur | |
BÄHRAM GUR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Aýtmaklaryna görä, Ýezdigerdiň dünýä inen çagalarynyň hiç biri durmandyr. Ol bu ýagdaýa örän gynanýan eken. Ahyrynda onuň mynasyp, görmegeý we berdaşly, owadan we ululyk belgileri alnynda mälim hem-de şähriýarlyk alamatlary hereketlerinde we oturyp-turşunda aýan bolup duran bir ogly bolýar. Ol bu oglunyň hem wepat bolmagyndan gorkup, ony arap emiri we Hyranyň patyşasy Nugman Münzire tabşyrýar. Hyra Yrak şäheri bolup, Kufe şäheriniň alkymynda ýerleşipdir we ajap howaly ýer bolupdyr. Ýezdigert oňa ogluny şol ýere eltip, terbiýelemegi buýurýar. Ol çagany terbiýelemek üçin mähriban enekeleri we rehimli atabegleri saýlaýar. Nugman beýik neberelerden bolan üç atabeg tapýar. Biri arap, ikinjisi ajam, üçünjisi hem türk. Ol bu işi çaganyň arap diline çeperligini, ajam sahawatyny we türk edermenligini öwrenmegi hem-de ol üç atabegiň dillerinde suwara geplemegi üçin edipdir. Nugman onuň üçin iki sany köşk gurdurýar: birine Sedir we beýlekisine Huwarnak diýip at goýýar. Araplarda şol iki köşkden görnükli bina bolmandyr. Bähram şol ýerde ösüp-ulalýardy. Onuň işi şeýle bir derejä baryp ýetipdir welin, ol batyrlykda tymsala öwrülipdir, ýaý atmakda şeýle bir derejä ýetipdir welin, çarhypelegiň ýaýy onuň çarhynyň ýaýynyň öňünde tap getirip bilmändir. Onuň okunyň süýnýän ýyldyzy ýaýyň helaly bilen sepleşende, onuň peýkamynyň nyşanasy duşmanlaryň ýürek ýarasy bolýardy. Nugman Münziriň bir aty bolup, ol çapuwda bady-saba bilen ýaryşýardy, pyrlanyşynda çarhypelegiň aýlanyşy ýuwaş görünýärdi. Ol şol atyny we mal-mülküni onuň öňünde goýup: – Sen nämäni halasaň, men ony gaýgyrmaryn, ähli zadym seniň mülküňdir we zadyňdyr – diýýär. Bähram onuň bu ýagşylygyny köp minnetdarlyklar bilen kabul edip, özüne gerekli we ýaşar ýaly zatlardan başgasyny al¬ma¬ýar we hoşgöwünlilik bilen ömür sürýär. Hekaýat Oňa Bähram Gur diýendikleriniň sebäbi şudur: Ol bir gün Nugman Münzir bilen aw-şikara çykýar. Olar ýolda bir ýolbarsyň bir gulany awlap, oňa ýapyşan pursadyny görýärler. Bähram olara tarap peýkam atýar. Ok ýolbarsyň arkasyndan geçip, gulanyň garnyndan çykýar we ýolbars hem, gulan hem ýykylyp ölýär. Nugman peýkamyň ýarasyny görüp, Bähramyň ellerine we çiginlerine «Aperin!» diýip, güýçli bilege sena aýdýar we: – Eger men bu ýagdaýy öz gözüm bilen görmän, başgalardan eşiden bolsam, hergiz ynanmazdym – diýýär. Hekaýat Bähramyň ady älem-jahana ýaýransoň, ol öz jemalyna we kemalyna laýyklykda, kakasyndan mertebe alar ýaly hyzmatyna gitmek we onuň edep düşegini ogşamak isleýär. Ol Nugman bilen maslahatlaşýar. Nugman oňa: – Seniň bu aýdýanyň dogry we saňa wajyp iş. Sebäbi seniň ýaly oglan kakasynyň hyzmat parzyny berjaý etmeli. Her bir atanyň seniň ýaly ogly bolsa, ondan janyny gaýgyrmaz. Emma seniň kakaň erbet gylyk we dargursak adam. Birden sen ondan ynjap, erbet ýatlamalar bilen dolanmaly bolaýma – diýýär. Bähram: – Şeýledigine garamazdan, men bir gezek öz göreçlerimi onuň jemaly bilen nurlandyrasym gelýär – diýýär. Şeýlelikde, Nugman ony taýýarlap, esbaplaryny üpjün edip, birnäçe nökerler we gulamlar bilen Medaýyna iberýär. Ol kakasynyň köşgüne gelende, kakasy ogluna mynasyp üns we mertebe bermeýär. Ol kakasy tarapyndan ýerlikli kabul edişligi görmeýär we özüne edilen ünsi ýeterlik saýmaýar. Sebäbi kakasy ony gulamlarynyň hatarynda goýýar we ony öz ýanynda oturtmaýar. Ol bir gün bendeleriň hatarynda kakasynyň huzuryndady. Ol bir germewe ýaplanyp durka, birden uky ony basýar we kellesi agyrlanýar. Kakasy ony görüp, ony edepsiz hökmünde ynjydýar we zyndana oklaýar. Ol birnäçe wagtlap zyndanda galýar. Ahyry bir gün Bähram ilçi hökmünde gelen Rum kaý¬sarynyň doganyny araçy tutunýar. Ol Bähramy kaka¬syn¬dan so¬rap, şeýle diýýär: – Bu çaga araplaryň içinde ulalypdyr. Olaryň ahwaly patyşa mälimdir. Ony boşadyp, Nugmanyň ýanyna iberseň hem-de Nugmanyň onuň üstündäki minnet ýüki ýeňleşer ýaly oňa şol ýerde nan-çörek berseň gowy bolardy. Ýezdigert Bährama hiç hili mürewwet-sahylyk etmezden ýa-da oňa nandyr engam ber¬mezden boşadyp, Nugmanyň ýanyna gitmäge rugsat berýär. Bähram Nugmanyň ýanyna gelýär. Nugman ony garşylap, onuň gadamyny mübärekläp, şatlyk-şadyýanlyk edip, oňa şeýle bir kän baýlyk-nygmat berýär welin, Bähram haýran galýar. Aýtmaklaryna görä, oňa ýüz müň gyzyl dinar peşgeş beripdir. Bähramyň göwni açylyp, meý-şerap içip, aw-şikara başlaýar. Biraz wagtdan soň, onuň gulagyna kakasynyň wepat bolandygy baradaky habar ýetýär. Hekaýat Öň aýdyp geçişimiz ýaly, Ýezdigerdi at depip, ýok eden¬soň, leşgeriň ululary we welaýatyň ady belli şahsyýetleri üýşüp: – Biz Ýezdigertden hiç bir gulagyň eşit¬medik we hiç bir gözüň görmedik zulumyny we erbetligini gördük. Indi biziň säher çagy edýän dileglerimiziň oky nyşana degdi we biz ondan halas bolduk. Onuň araplarda bir ogly bar. Emma onuň neslinden bize patyşa bolar ýaly adamyň bolmagy zerur däl. Sebäbi ol hem kakasynyň ýoluny ýöreder we biz onuň elinden ýaňa halys bolarys – diýip, maslahat edýärler. Olaryň arasynda Erdeşiriň perzentlerinden bir adam bo-lup, oňa Kesra diýerdiler. Ähli adamlar onuň bilen ähdi-peý-man edişýärler we patyşalygy oňa berýär¬ler. Bu habar Bährama baryp ýetende, ol diýseň gynanyp, ynjap, arap leşgerini toplap, Şam söweşijilerini çagyryp, leşgeri bilen Medaýyna tarap ýola düşýär. Eýran han-begleri onuň gelýändigi baradaky habary eşidip, gorkýarlar we birden pitne turup, halk hem şol sebäpli heläk bolar diýip, oý-pikire batýarlar. Şeýlelikde, möwbitleriň we atly-abraýlylaryň birnäçesi ilçi hökmünde onuň ýanyna gelip: – Näme iş bilen gelýärsiň, biz seniň kakaňdan köp renç-muşakgatlary gördük. Elbetde, biz onuň neslinden hiç kimiň patyşa bolmagyna razy däldiris – diýýärler. Bähram olara köp hoşamaý sözler aýdyp: – Meniň kakamyň nähili ýaşandygy mälimdir. Men adalat ýolundan başga ýola gitmerin, onuň ýyrtan zatlaryny dikerin, döwen zatlaryny ödärin. Siz meni goýup, meniň üstüme birini saýlapsyňyz we patyşa edipsiňiz. Men siziň tagallaňyzy batyl etmerin. Siz ertir patyşalyk täjini getirip, iki sany gaharjaň aç şiriň arasynda goýuň. Her kim şol şirleriň arasyndan täji alsa, ony öz kellesine geýsin – diýýär. Bu topar Bähramyň mährem sözüni eşidip, onuň wadalaryna gulak goýup, onuň jemalyny, kemalyny, ýüz-keşbini we mynasyp şekilini görüp, yzlaryna dolanýarlar we döwlet sütünlerine: – Bu Bähram zalym adamlardan däl. Ony hiç kim bilen deňeşdirip bolmaz. Ol mähremligiň keşbi, sahylygyň özeni we adamlaryň janydyr – diýýärler. Ertesi gün patyşalygyň han-begleri we döwlet sütünleri häzir bolup, Medaýynyň gapysynda üýşýärler. Olar iki sany aç şiri şirhanadan çykaryp, olaryň zynjyrlaryny açýarlar we täji olaryň arasynda goýýarlar. Bähram öňe çykýar, patyşalyga saýlan adamlary Kesra hem öňe çykýar. Kesra ol aç şirleri görüp, täji goýup, başyny saýlaýar we: – Meniň üçin jan mülkden ýokary – diýýär. Bähram öňe çykyp: – Her kim täç islese, başyndan el üzmelidir – diýýär. Beýt Yşkyň humarhanasyna gadam goýan her kişi, Utdurar baýlyk-baryny, çeker soňra teşwişi. Ol bir gürzi alyp, şirlere topulýar. Şirler oňa tarap hüjüm edenlerinde, ol atdan düşüp, olaryň biriniň üstüne bökýär. Haçanda beýlekisi hem topulanda, onuň gulagyndan tutup, ikisiniň kellesini biri-birine şeýle bir urupdyr welin, olaryň beýnisi çogup ölüpdir. Şeýdip, olaryň arasyndan täji alyp, başyna geýýär. Onuň patyşalygyny gutlan ilkinji adam amanat görnüşinde patyşalyk berlen Kesrady. Başgalar hem onuň öňünde başlaryny ýerde goýup, razylyk elini uzadýardylar. Şeýdip, Bähram patyşa bolýar. Bähram patyşalyk tagtynda oturyp, halky özüniň ýolbaşçylyk saýasyna alýar. Ol Nugmana mynasyp hyzmatlar edip, köp sylag-serpaý berýär. Soňra arap leşgerini mynasyp hormatlap, yzyna gaýtarýar. Ol adalatlylyk düşegini düşäp, zalymlaryň elini gysgaldyp, adamlaryň salgytlaryny geçýär. Soňra hoşgüzeranlyga başlap, şeýle bir derejede öte geçýär welin, köp günlerini şerap içmek bilen geçirýär. Şeýdip, ol halkdan gapyl galýar we hoşgüzeranlygy patyşalygyň bähbidini öňe sürmekden we işleriň soňy barada oýlanmakdan ýokary tutýar. Ahyrynda türk hanyna Bähramyň döwlet işlerinde gapyllyk edip, eýýamyny aýşy-eşretdir hoşgüzeranlyk bilen geçirip, Rum ýurduna degişli işlerden doly ýüz öwrendigi we bezim esbaplaryny gurup, zamananyň diliniň oňa şu aşakdaky beýtleri aýdýandygyny ýetirýärler: Eý, şa, aşa meý içmekden ne peýda, Aňsyz bolup, serden geçmek ne peýda! Patyşa-ha serhoş, jahanam weýran, Bu dünýäden beýle gaçmak ne peýda! Hekaýat Çyn hany leşgeri bilen Termiz derýasyndan geçende, Bähram ondan habarly bolýar. Bähramyň leşger we ýarag-esbaplary taýýar däldi. Bähram bu ýagdaýa ähmiýet bermän: – Biz leşgere daýanman, Ýaradana daýanýarys. Alla her kime patyşalyk berse, leşgeriň mededi we goşunyň haýbaty bolmazdan patyşalygyny saklar – diýýär. Ol duşmana üns bermän, bezme başlaýar. Çyn hany Eýran welaýatyna gelende, Bähram hersi öz ýerinde Rüstem we de¬mir tenli Ispendiýar bolan zamananyň edermenlerinden we söweşjeňlerinden birnäçe atly bilen aw-şikara gitmegi niýetläp, Töwrize ugraýar. Ol şol ýerdäki ataşkedede ybadat etmäge meşgul bolýar. Ol dogany Nersini leşgere serdar edýär. Garamaýak adamlar Bähram Çyn hanyndan gaçyp, janyny gutarýandyr, Ruma gider we Kaýsara penalanar diýip, pikir edipdirler. Onsoň her kim Çyn hanynyň şerini dep etmek üçin oňa arz edip, köp sylag-serpaý iberýärler we salgyt tölemegi kabul edýärler. Han ylalaşyga razy bolýar. Ol atlary otlaga goýberýär we leşgeriň han-begleridir sütünlerini pul toplamak üçin daş-töwerege iberýär. Bähram Çyn hany barada habar toplamak üçin çar tarapa jansyzlar iberipdi. Olar gaýdyp gelip, Bährama onuň gapyllygy barada habar berensoňlar, ol pursatdan peýdalanyp, Gürgen ýolundan aç şirler ýaly goşun bilen dessine hüjüm edýär. Ol bilniksiz Merwe girip, hanyň üstüne çozuş edýär we onuň leşgeriniň köpüsini gylyçlaryň zarby bilen heläk edýär. Soňra eli bilen hanyň kellesini kesip, täji-tagtyny, hazynasyny talaýar. Onuň Eýran welaýatyndan alan baýlyklaryny eýeli-eýesine berip, döwlet we ykbal saýasynda Medaýyna gelýär we tagtda ornaşýar. Hana meýil eden we özlerini oňa görkezen emirler we han-begler özlerine araçy tutunyp, günälerini boýun alýarlar. Bähram hem ählisiniň günäkärlik hatyna kerem we geçiş çyzgysyny çyzýar. Rum Kaýsary mal-salgyt tölemegi kabul edýär. Bähramyň işi ýaňadan gülleýär we terleşýär. Hekaýat Onuň mülki ýene-de berkäp, baýdagynyň saýasy halkyň üstüne örtülensoň, Hindistan ülkesi barada aňtaw edip, ol ýerlerini hem basyp almagy ýüregine düwýär. Ol dogany Nersä ýurdy tabşyryp, özi gizlinlik bilen bezirgenleriň lybasynda Hindistana barýar. Şol wagt Hint raýy Şeňgül atly bir kişidi. Ol ähli raýlardan güýçlüligi, baýlygy, mülkdarlygy, hazynasynyň we leşgeriniň köplügi bilen rüstem eken. Bähram Hint ülkesine girip, şäheriň ýagdaýyny öwrenýär. Bir gün şäheriň etegindäki tokaýda uly pil peýda bolup, halky heläkçilige salypdyr. Şol sebäpli ýollar ýapylypdyr we ähli adamlar ony dep etmekden ejiz gelipdir. Bähram ýeke özi öňe çykyp, ol pil bilen tutluşyp, ony ýykýar. Bu habar raýa baryp ýetýär. Ol Bähramy çagyryp: – Sen kim, bu ýere nädip geldiň. Näme üçin biziň bilen dost bolmadyň we özüňi bizden daşda sakladyň? – diýýär. Bähram oňa: – Men Eýran ülkesinden. Şol ülkäniň patyşasy meniň bir hereketim sebäpli menden ynjady we meniň janyma kast etdi. Men janymdan gorkup, onuň mülkünden ga¬çyp, seniň to-pragyňda penalandym – diýýär. Şeňgül oňa sylag-hormat edip, dürli derejeleri berýär. Şeýdip, Bähram onuň hyzmatynda boluberýär. Bir gün raýyň güýçli duşmany peýda bolýar. Raý ony dep etmäge güýjüniň ýeterlik däldigi üçin, pespällik bilen ýalbarýan halda onuň ýanyna baryp, paç tölemegi kabul etmegi ýüregine düwýär. Bähram oňa ýol bermän, leşger çekip, ony dep edýär. Onuň mertligi-merdanalygy baradaky habarlar bu ülkä ýaýraýar. Şeňgül onuň edermenligini görüp, özüne erk etmek jylawuny akyl elinden sypdyrýar. Bähram Gur pars dilinde şu beýti aýtmaga başlaýar: Men bir gaharjaň şir, meňzeýän pile, Adym-a Bähram Gur, künýäm Buhile. Şeňgül bu beýti diňläp, onuň Bähramdygyna göz ýetirýär we ýerinden turup, köşge barýar. Ol Bähramyň öňünde edep zeminini ogşap, ötünç dilini açyp: – Ululyk nagşy şanyň mübärek alnynda äşgär bolsa-da, biziň nadanlygymyz we gapyllygymyz sebäpli, patyşanyň huzurynda kemçilik goýberipdiris. Emma peslik bilen onuň ben-deliginde oturandyrys. Şa bolsa gul otagynda düşläpdir. Eger ol biz bendä mähremlik görkezse, bendelik guşagyny guşanaýyn. Emma ol islese, men patyşalyk tagtyndan düşüp, bir çet ýere gideýin – diýýär. Bähram oňa: – Sen şunça wagtyň içinde üns bermeklik, dostluk, dildarlyk we myhmansöýerlik däplerini doly berjaý etdiň. Seniň ýalylardan tama edilmeýän zatlary etdiň. Indi bolsa, meniň saňa teklibim, seniň haremhanaňda gün jemalyndan utanýan we serwi agajy onuň katdy-kamatyndan ýaňa aýaklaryny palçykda gizleýän bir gyzyň bar. Meniň seniň bilen dostlugym gudaçylyga öwrüler ýaly ony meniň nikama giriz. Şonda, onuň hakyny eda etmek maňa wajyp bolar – diýýär. Şeňgül onuň bu islegini kabul edip, oňa tabyn bolýar. Ol gyzyny köp sylag-serpaýlar bilen durmuşa çykaryp, dünýä harajatyny sarp edipdir we bol-telki dabara edipdir welin, zamananyň dili onuň dabarasyny ýaýmaga başlapdyr. Bähram merdanalygynyň penasynda Eýrana dolanýar. Leşgerdir adamlar ony garşy almaga çykyp, sadakalar beripdirler we şatlyk ýaňyny çalypdyrlar. Bähram adamlaryň höwesini görüp hem-de özüniň gaý-dyp gelendigi üçin olaryň begenjini we şadyýanlygyny synlap, olardan ýedi ýyllyk salgydy aýyrmaklaryny we şol ýedi ýylda hemmeleriň aýşy-eşretde we şady-horramlykda ýaşamaklaryny buýurýar. Halk birden aýşy-eşrete geçip, kesbi-kärden, söwdadan, iş we ekerançylykdan ýüz öwrensoň, olaryň işleri peselip, gallalar gutaryp, kynçylyk döreýär. Şeýlelikde, Bähram şeýle perman bilen jar çekdirýär: – Güni ikä bölüň. Birinji ýarymyny kesbi-kär we söwda bilen, ikinji ýarymyny bolsa hoşgüzeranlyk we aýşy-eşret bilen geçiriň. Olar birnäçe wagtlap şady-horramlykda ýaşapdyrlar. Emma arkaýynlyk wagty ýyldyrym ýaly çalt geçýär: Hoş wagtyň şeýle bir çalt geçýär weli, Öwsendir öýdýärsiň güýzüň şemaly. Aýtmaklaryna görä, bir gün Bähram Gur aw-şikara çy-kyp¬dyr. Şonda ol birnäçe täjiriň gäminiň gyrasynda oturyp, aýdymçysyz-sazandasyz şerap içip oturandyklaryny görýär. Ol olaryň ýanyna baryp: – Näme üçin siz aýdyjy-sazandalaryň nagmalarynyň nygmatyndan mahrum? – diýýär. Olar: – Eý, patyşa, seniň döwletiň döwründe aýdymçy-sazandalaryň bazary gyzdy, olaryň ählisini elden-ele geçirýärler we olaryň hyrydary köp. Şu gün ýüz dirhem berip, aýdymçy tapjak bolduk, emma tapmadyk – diýdiler. Bähram bu sözi eşidip, olara: – Bu barada oýlanyp, siziň aýşy-eşretiňiz we hoşlugyňyz üçin elde baryny ederis – diýýär. Haçanda ol yzyna dolananda, Şeňgüle hat ýazyp, ondan hoş owazly aýdymçylar ibermegini soraýar. Ol buýrugy tabynlyk bilen garşylap, müň sany hoş owazly aýdymçy iberýär. Aýdymçylar eýranlylaryň içinde galýarlar we olar bilen gatyşýarlar. Şeýdip, olardan perzentler dünýä inýär. Häzirki wagtdaky lulylar şolaryň neslindendir. Ol altmyş üç ýyl hökümdarlyk edenden soň, bir gün awa çykýar. Ol bir gulany görüp, atyny onuň yzyndan sürýär. Bir-den, onuň atynyň aýaklary bir çuň guýa gidýär. Aýtmaklaryna görä, bu habar leşgeriň arasyna ýaýrapdyr. Leşgerdäkiler Bähramyň ejesi bilen bilelikde guýynyň gyrasyna gelip, guýa adam sallaýarlar. Olar aty tapýarlar, emma Bähramy ne öli, ne diri tapýarlar. Bähramyň ejesi birnäçe wagtlap guýynyň başynda oturýar. Onuň buýrugy boýunça guýynyň hemme gumlaryny we palçyklaryny çykarýarlar. Ejesi Bähramdan hiç nyşan tapmansoň, näumyt bolup, gam-gussa bilen yzyna dolanýar: Bähram Guruň şerap içen köşgünde, Keýik guzlap, aram tapdy gulan hem. Gulan indi Bähram Gury tutupdyr, Ol mazarystanda orun alansoň. ÝEZDIGERT IBN BÄHRAM Bähram dirilik eýýamy bilen hoşlaşansoň, patyşalyk onuň kämillikde, owadanlykda we mähremlikde dünýäde deňi-taýy bolmadyk hem-de ýagşylykda we dogruçyllykda älemde ýeke-täk ogly Ýezdigerde ýetýär. Ol älem-jahany zabt edip, ýürekleri ýagşyzadalygy bilen awlap, özüne aşyk edip goýýar. Ol on sekiz ýyl patyşalyk edenden soň, onuň ömri soňlanýar. ____________________________________ Helal – aýyň iň inçe bolup egrelip, görünýän wagty, täze dogan aý. «Gur» diýmek «gulan» diýmekdir. Bu hekaýatda Bähramyň ökdelik bien gulan awlanlygy we umuman onuň gulan awlamagy söýenligi we ökdeligi üçin oňa Gur lakamy berlendigi aýdylýar. Hindi patyşalygyna berilýän lakam. «Raja» hem diýilýär. Käbir nusgalarda «Bujebele» diýen görnüşi hem bar. Bu ýerde gulan onuň guburynyň üstünde otlaýar diýen manyda bolmagy mümkin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |