10:42 Hekaýatlar ýygyndysy: Belaş we Kubat | |
BELAŞ WE KUBAT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Belaş patyşalyga ýetende, ýurt dolandyryş işlerini Suhra tabşyrýar. Suhra ylym-bilime laýyklykda hem-de akyl-parasatlylyk bilen patyşalygy dolandyrypdyr. Şol sebäpli hem älem-jahan abadan we ýürekler şadyýan bolupdyr. Yrakdaky Sewatda Belaşabat diýen şäheri bina edýär. Belaşyň patyşalygy dört ýyl dowam edipdir. Dört ýyldan soň onuň ömür daşy panylyk depesine düşüpdir. Kubat patyşalyk isläp, hakana goşulýar. Ol ýolda gidip barýarka, Nyşapuryň töweregindäki Isfiraýn diýen ýerde bir mülkdaryň köşgüne barýar. Mülkdar ony tanamasa-da, myhmansöýerlik şertlerini ýerine ýetirýär. Kubat ýaňky mülkdaryň öýünde dodagynyň duz gabyn-dan şeker gabyny döredýän we ýüzüniň bakjalaryndan ýaňa behişt utanýan bir gyzy görýär. Kubat ony mülkdardan dileýär. Mülkdar onuň halyndan habary bolmasa-da, onuň maňlaýynda ululyk alamatlary äşgär bolansoň, giýewisi edinmekden boýun gaçyrmaýar. Kubat şol gyz bilen jübütleşýär we ol gyz hamyla bolýar. Ol bir ynamdar adamy oňa gözegçi hökmünde goýup, özi Çyn hanynyň ýanyna barýar. Ol gyz dokuz aý geçensoň, on dördi gijäniň aýy ýaly bir ogul dogurýar. Ol owadanlykda ezip içäýmeli noş bolansoň, oňa Anuşirwan diýip at dakýarlar. Kubat dört ýyllap, Türküstanda galýar. Soňra han oňa patyşalyga ýetmek üçin leşger berýär. Kubat leşger bilen oba ýetende, ol oglany görüp, şatlyk bagtyny tapýar. Şol gün Eýranşährden bir habarçy doganynyň ölendigi baradaky habary ýetirýär we ajamlylaryň täji-tagty oňa bermek üçin ony talap edýändiklerini buşlaýar. «Süri çopansyz, ten bijandyr» diýip, Kubady ýurda patyşalyk etmäge çagyrýarlar. Kubat hälki oglany gowy niýetde özi bilen Medaýyna äkidýär we hiç hili rençsiz-söweşsiz Eýranşähre ýetip, patyşalygy özygtyýaryna alýar. Ol Suhrany wezipesinde galdyryp, ony özüniň oruntutary edip belleýär. Ol älem-jahany abadanlaşdyrýar. Kazyrun hem-de Hulwan şäherlerini bina edýär. Kubadyň patyşalygyndan bäş ýyl geçýär. Suhra Kubat bilen maslahatlaşman, ýurdy dolandyryp, işleri ýöredýärdi. Kubat ygtyýarsyz galypdy. Kubat bu ýagdaýy halamaýar hem-de ýurduň perişan bolmagyndan we leşgeriň boýun gaçyrmagyndan gorkýardy, emma Suhrany aç-açan tussag edip bilmeýärdi. Şeýlelikde, ol Şapur atly ýurt sütünlerinden bolan bir serkerdesi bilen duşuşyp, Suhradan arza-şikaýat edýär we oňa: – Men diňe oturdylan, galan ähli işleri Suhra ýerine ýetirýär – diýýär. Şapur oňa: – Patyşa bu barada alada etmesin. Men ertir onuň ugruna çykaryn we ýurt dolandyr¬magy ondan alaryn – diýýär. Ertesi Suhra köşge gelýär. Şapur oňa ýüzlenip: – Näme üçin öz hukugyňy bilmeýärsiň we akylly-başly hereket etmeýärsiň? Men-menlik içgisi seni bihuş etdimi? Sen öz çägiňden çykýarsyň we patyşadan buýruksyz işlere girişýärsiň – diýýär. Suhra oňa jogap berjek bolanda, Şapur bilinden guşagyny çözüp, onuň boýnundan salýar we ony zyndana iberýär. Şol gije ony öldürýärler. Kubat ondan dynýar we işleri Şapura tabşyrýar. Şeýdip, onuň gadymdan gelýän hyzmat hakyny ýekeje gahar-gazap bilen puç edýär. Şu wakadan akylly-parasatly kişiler zalym patyşalaryň hyzmatynda bolmagyň howp-hatar mekanydygyny we zalym soltanlaryň huzurynda bolmagyň gaty kyn işdigini bilmelidirler. Sag-salamatlyk isleýänler ganhor patyşalaryň jezalaryndan aman galar ýaly olara hyzmat etmekden gaça durmalydyr. Hyzmatynda bolmak bir zalym şanyň, Bähbit bilip, içen ýaly öz ganyň. Hekaýat Kubat patyşalyga ýetip, güýç-gudrata eýe bolansoň gylyk-häsiýetini üýtgedip, adalatlylyk ýolundan çykyp, döwletiniň esasyny goýan Suhrany öldürýär. Ol betpälleri ýokary wezipelere çekip, ýagşyzadalara üns bermeýär. Adamlar ondan bizar bolup, pyçak olaryň etinden ötüp, süňküne ýetýär. Hemmeler dildüwşüp, ony patyşalykdan boşadýarlar we onuň Jamasp atly doganyny patyşalyk kürsüsinde oturdýarlar. Jamasp bagtyýarlyk şöhlelerinden we Alla tarapyn güýçden paýly bolmansoň, patyşalygy ýöretmekde görýän çäreleri nädürs bolýardy. Onuň goýberen ýalňyşlyklarynyň biri bolsa, onuň öz dogany Kubady kakasynyň aryny almagy üçin Suhranyň ogly Büzürgmehre bermegidir. Ol Büzürgmehriň şeýle işlere milt etmeklikden akyllyrakdygyny bilmeýärdi. Büzürgmehr Kubada hormat goýýardy we onuň hyzmatynda bolýardy. Jamasp bu ýagdaýy eşidende, Büzürgmehr bilen arasy erbetleşýär we zulum etmek isleýär. Büzürgmehr bu ýagdaýy Kubada düşündirmek bilen şeýle diýýär: – Eger maslahat bilseň Haýatyla patyşalaryna penalanyp, olardan medet soraly, şeýtsek ähli zat ýerbe-ýer bolarmyka diýýärin. Kubada bu pikir ýaraýar. Olar atlary seýisläp, gizlinlikde ýola çykýarlar. Jamasp bu ýagdaýy eşidýär. Olar eýýäm köp ýoly aşypdylar we olaryň yzyndan ýetmek mümkinçiligi ýokdy. Ol etmişine ökünýär. Emma indi puşmanyň peýda bermeýän wagtydy. Kubat Haýatyla patyşalaryna goşulanda, Hoşnowaz onuň gadamyny mübärekläp, hormat goýup, köp sylag-serpaý edýär we şeýle diýýär: – Seniň eden bu sylagyň we meni türk hanyndan ýokarda saýmagyň şükranasy meniň üçin wajypdyr. Ony ýerine salmagym üçin we seniň üstünlikli ýeňiş bilen gaýdyp gelmekligiň üçin saňa haýal etmän, leşger bermegim gerekdir. Şeýdip, Hoşnowaz ýigrimi müň atlyny oňa berýär. Kubat leşger çekende, Jamaspyň leşgeriniň han-begleri we döwlet sütünleri gaharjaň şiriň öňünde durup bilmejekdiklerine göz ýetirip, Jamaspy tussag edip, ýalkaw diläp, ötünç sorap, onuň öňünden çykmaklygy maslahat bilýärler. Kubat olaryň ötünjini kabul edip, ýaňadan patyşalyk tagtyny öz jemaly bilen bezeýär: Zamanaň ýüregi dolupdyr gama, Täji-tagtyn tapdy ahyr ol ýene. Kubat patyşalyk tagtyna geçeninde, Büzürgmehriň hak-hukugyny doly berjaý edip, ony özüniň weziri edýär. Kubadyň bagt täleýi oýanyp, ykbal oňa ýüzlense-de, ol bu zatlaryň gadyryny bilmeýärdi. Şonuň üçin ahyrynda onuň işi betbagtçylyga uçrap, Mazdagyň gepine aldanýar. Mazdagyň topalaň etmeginiň sebäbi şeýledir: Otparaz alymlarynyň arasynda duşmanlyk we gapma-garşylyk bardy. Öňden bäri otparazlaryň arasynda göriplik keseli ýaýrapdy. Şol gapma-garşylyklar sebäpli, adamlaryň ynam-ygtykatlary peselýärdi. Mazdak şu ýagdaýlary görüp, aýaga galýar. Ol örän gepe çeper we diýseň ugurtapyjy adam bolupdyr. Ol bir zady beýan edip başlasa, ýüz sany batyl zady hem hakykat lybasynda görkezerdi we bedgat zäherini beýan halwasynyň arasynda şeýle bir ornaşdyrardy welin, hiç kim ony saýgaryp bilmezdi. Ol Ebahat mezhebini döredip, halky şoňa çagyrýardy. Ol şeýle diýýärdi: «Allatagala älem-jahany hemmeler üçin ýaradypdyr we mal-u nygmat ähli adamlar üçindir. Her kime gerek mukdarynda islendik zady bermegi dürsdür. Her kime mal-mülki gerek mukdarynda hem-de aýallary jynsy haý-höwesini kanagatlandyrmak üçin ulanmak haram däldir». Mazdagyň at-owazasy Kubada ýetse-de, ol muny azar edinmeýärdi we haýal-ýagallyk edýärdi. Şeýdip, onuň yzyna düşenler we oňa eýerenler köpelýär. Mazdak Kubadyň mejlisinde oturyp we onuň öňünde geplemek pursatyny tapmak üçin hilegärlik edýär. Haçanda gürleşmek pursaty gelip ýeten-de, ol Kubady özüniň bezelen sözleri bilen şeýle bir aldaýar welin, ol tabyn bolup, ony ýakynlarynyň hataryna goşýar. Şol ýyl güýçli guraklyk emele gelýär we adamlar çykgynsyz ýagdaýa düşýärler. Bir gün Mazdak Kubadyň ýanyna gelip: – Mende bir sorag bar. Maňa jogap ber we höküm et – diýýär. Kubat oňa: – Ol näme? – diýip soraýar. Mazdak ondan: – Eger seniň ýurduňda bir adamy ýylan çaksa we ol ölüm ýassygyna düşse, ýene bir adamda-da onuň dermany bar bolsa, emma ol dermanyny ýylan çakana bermese, ol ýylan çakan her edip-hesip edip, ýumşaklyk bilen ýa-da zorluk bilen şol dermany alyp bilermi? – diýip soraýar. Kubat oňa: – Hawa, eger ol bermese, heläk bolmaz ýaly ýumşaklyk bilen ýa-da zorluk bilen ondan almaly. Eger ol şeýtmese, heläk bolar – diýip jogap berýär. Mazdak bu jogaby eşidip, daşary çykýar we ykmandalara we garamaýaklara ýüzlenip şeýle diýýär: – Patyşa: «Her kime gerek mukdarda baýlaryň mal-mülklerinden almak we olaryň aýallarydyr gyrnaklaryny şöhwet oduny söndürmek üçin ulanmak rowadyr» diýýär. Eger olar boýun bolmasalar olary öldüriň. Sebäbi Allatagala özüniň ýaradan nygmatlaryny ähli bendeleri üçin ýaradypdyr. Olar adam perzentleriniň ygtyýarynda bolmaly. Garamaýak adamlara bu sözler ýaraýar. Olar beýle düşünjäniň soňunyň erbetligi barada oýlanmaýarlar. Olar garyn bendesi we şöhwetiň ýesiri bolýarlar. Şeýlelikde, olar adamlaryň mal-mülklerine we haremhanalaryna girip, olara el uzadyp başlaýarlar. Bu habar Kubada ýetýär. Ol Mazdagy çagyryp: – Saňa kim ykmandalary adamlara musallat et diýdi? Men haçan şeýle höküm etdim? Sen meniň dilimden ýalan perman aýtmaga neneň milt edip bildiň! – diýýär. Mazdak oňa: – Meniň aýdan zatlarym patyşanyň permanyndan başga zat däldir. Men patyşadan zäher we zähere garşy derman barada soradym. Patyşa ol soraga jogap berdi. Men patyşanyň gysgaça aýdan permanyny giňişleýin halka ýetirdim, şeýle-de olara nämäniň zäherdigini we açlykdan hem beterdigini hem-de haýsy dermanyň adamlaryň ýaşaýyş özeni bolan iýmitden hem peýdalydygyny düşündirdim – diýdi. Kubat onuň bu bezelen sözlerini eşidip aldanýar. Onuň bu ýalan sözleri rowaç tapýar. Mazdakdan gözbaş alan bu «Ebahat» ýörelgesi älem-jahana ýaýraýar. Oňa eýerenler we tabyn bolanlar köpelýär. Mazdagyň ýaramaz garaýyşlaryny Kubada ýetirýärler. Ol diýseň ökünýär. Emma indi ökünmegiň peýdasy ýokdy. Kubat gowşak çäre tapyjy we ýüzleý oýlanyjy adam bolansoň, Mazdagyň batyl ýörelgesini ösdürýärdi we zamanasynyň alymlarynyň we hekimleriniň aýdanlaryna boýun bolmaýardy. Adamlar ýygnanyşyp, ikilenç Kubadyň köşgünde gowga turzup, patyşalyk täjini alyp, ony tagtdan düşürýärler hem-de öldürjek bolýarlar. Emma mazdaklylar toparlanyşyp, söweş maksady bilen öňe çykýarlar. Onsoň olar: «Birden, uly pitne turaýmasyn» diýip gorkýarlar we ony zyndana taşlaýarlar hem-de patyşalygy ýene-de onuň doganyna berýärler. Kubadyň aýal dogany ony zyndandan ogurlap, hile bilen alyp gaçýar. Bu barada kitabyň «Hileler» babynda gürrüň ediler. Kubat Hakanyň ýanyna baryp, türklerden medet soraýar. Soňra leşger çekip, ýurdy basyp alýar. Ýöne indi ol Mazdaga gaýdyp kuwwat bermeýär. Emma ýürekden onuň bilendi. Ol kyrk ýyl hökümdarlyk edendensoň, onuň möhleti dolýar we ykbaly soňlanýar. Älemdäkiler onuň gowşak garaýşyndan, körzehinliliginden we nadanlygyndan halas bolýarlar. Adalatly hökümdarlyk ahyry Anuşirwana ýetýär. ______________________________ - Asyl nusgada «Dehgan». Şol döwürlerde ýer we ekerançylyk bilen iş salyşýan uly mülkdarlara dehgan diýlipdir. - Bedgat – täze döredilen, ýagny asylsyz, delilsiz täze ýola goýlan zatlar. - Ähli işleri hatda özüňe gerek bolan mahaly başgalaryň mal-mülklerini we aýallaryny peýdalanmagy dürs bilýän ýörelge. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |