23:37 Hekaýatlar ýygyndysy: Şapur Zülektaf | |
ŞAPUR ZÜLEKTAF
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Hurmuz dünýäden ötende, ondan perzent galmandyr. Emma onuň aýallarynyň biri göwreli eken. Ol öljek wagty möwbitleri çagyryp: – Meniň pylan aýalym hamyla. Eger oglan dünýä inse, ol meniň mirasdüşerim bolmalydyr – diýip, o dünýä şaýyny tutupdyr. Ajam patyşalygy patyşasyz galýar. Emma onuň wepat bolanyndan iki-üç aý geçensoň owadanlykda, enaýylykda we husny-jemalda zamanada deňi-taýy bolmadyk oglan dünýä inýär. Ilat onuň doglan güni diýseň şatlanyp, patyşalyk täjini onuň sallançagyndan asýarlar we ony terbiýelemekde elde baryny edýärler. Ol ulalyp, gowyny-erbedi, agy-garany saýgaransoň, ýedi-sekiz ýaşyndaka ilkinji permany berýär. Ol şudur: Ol bir gün üçegiň üstünde durka, Dejläniň köprüsinden geçýän adamlaryň biynjalyk bolup, gygyryşýandyklaryny görýär. Ol: – Bu nämäniň gykylygy? – diýip soraýar. Olar oňa: – Dejläniň üstünde diňe bir köpri bar. Adamlar şonuň üstünden geçýärler. Birtopar adamlar ol tarapdan, birtopar adamlar bu tarapdan gelýärler we ýolda çakyşyp, suwa gaçýarlar – diýip jogap berýärler. Şonda Şapur: – Köprini iki ediň, biri gelýänler, beýlekisi gidýänler üçin bolsun – diýip perman berýär. Bu habar möwbitleriň gulagyna ýetende, olar diýseň şat-lanyp, onuň ykbalynyň oňatlygyna hem aňynyň kämilligine umyt baglapdyrlar. Ol ulalansoň, meşhur işleri amala aşyrýar. Ol araplary gyrmakda çendenaşa dalaş edipdir. Onuň araplaryň ellerini eginlerinden goparýandygy üçin oňa «Zülektaf», ýagny «Eginleriň eýesi» diýipdirler. Onuň beýany biziň pygamberimiz alaýhyssalamyň mugjyzalary baradaky kitabymyzyň soňky bölümlerinde gürrüň ediler. Şonuň üçin ony bu ýerde gaýtalamaga hajat ýok. Şapur araplaryň işinden dynansoň, Rum patyşasyna garşy ýola düşmegi ýüregine düwýär. Onuň bu maksadynyň sebäbi şudur: Ol araplara garşy söweşmek islände, araplardan bir topary Ruma gaçyp, Kaýsara penalanýarlar we Kaýsar olara aman berýär. Şapur Kaýsaryň ýanyna ilçi iberip, olary talap edýär. Kaýsar oňa: – Aman isläne hyýanat etmek – mertlik-merdanalyk eýelerine laýyk däldir. Penalanany tabşyrmak – patyşalar üçin ýaramaz we erbet işdir. Sen bu islegiňden dänmeli bolarsyň – diýip jogap berýär. Şu sebäpli Şapur ondan ynjap: – Ikimiziň aramyzdaky ylalaşyk şertnamasy şu sebäpli bozuldy. Sebäbi sen meniň duşmanyma aman berip, duşmanlarym bilen dostluk ýoluny tutduň – diýýär. Soňra ol leşger çekip, Rum welaýatyny weýran etmek isleýär. Emma ilki olaryň ýagdaýy bilen tanşyp, goşunlarynaň sanyny we hilini bilmekçi bolýar. Ol leşgeri we welaýaty özüniň oruntutarlarynyň birine tabşyryp, özi derwüşleriň we bezirgenleriň lybasynda Ruma gidýär. Bu onuň goýberen ýalňyşlyklarynyň biridir. Ol Ispendiýaryň demir gala girmek üçin ulanan usulyna eýeren we Daranyň ýanyna barmak üçin Isgenderiň ulanan ýörelgesine daýanan bolsa-da, olaryň şol işleri hem ýalňyşlykdy. Ýalňyşlyga, eger ol şowuna, bähbitli bolsa-da, daýanmak we oňa eýermek mynasyp däldir. Ýalňyşlyk eger ol şowuna hem bolsa ýalňyşlykdyr. Şeýlelikde, Şapur Ruma gidip, bir ýerde düşleýär. Ol Kaýsaryň hal-ýagdaýlary barada habar toplaýardy. Bir gün Kaýsar baýramçylyk edip, hemmeleri çagyrýar. Ähli adamlar onuň köşgüne barýarlar. Sakçylar hiç kime onuň köşgüne girmekligi gadagan etmändir. Şapur köşge girip, bir çetde oturýar. Adamlaryň gözi oňa düşenden onuň azamaty we haýbaty ýüreklerde ornaýar we gözler lezzet alýar. Onuň mynasyp husny-jemaly gözleri melul edýär. Bir wagt ilçilige gelen Kaýsaryň ýörite adamlarynyň biri ony tanaýar we Kaýsara onuň Şapurdygy barada habar berýär. Edil şol wagt hem Kaýsaryň nedimleriniň biriniň elinde Şapu¬ryň suraty çekilen patyşalyk jamy bar eken. Olar şol surat bilen Şapury deňeşdirýärler. Kaýsar onuň Şapurdygyny anyk bilýär. Onsoň Kaýsaryň buýrugy boýunça ony tutýarlar. Soňra derhal bir sygry soýup, onuň derisini gyzdyryp, Şapury ýalaňaçlap, ony şol derä oraýarlar. Deri guraýar we Şapur deriň içinde galýar. Soňra Kaýsar leşgerini jemläp, Eýran ülkelerine tarap ugraýar we Şapury özi bilen äkidýär. Kaýsar bu işinde iki ýalňyşlyk goýberip¬dir. Birinjisi, duşman ele düşensoň ony saklamakdan näme peýda bar?! Ikinjisi, eger ony saklamakdan bir peýda bar bolsa, onda näme üçin ony özi bilen äkidipdir we näme üçin ony Rumda tussag etmändir?! Şeýlelikde, leşger Eýran ülkelerine girip, möjek kimin çopansyz sürä düşüp, ýykyp-ýumurmaklyga başlaýar. Eýrany weýran edip, şäherleri ýumrup, Şapuryň paýtagty Nişapuryň çäklerine ýetýär. Şapuryň mülküniň ady bellileriniň we onuň döwletiniň sütünleriniň köpüsi şol ýerde eken. Olar galany gorap, Kaýsara garşy söweşe meşgul bolýarlar. Derä bürelen Şapur deriň içinde, günüň aşagynda bişýärdi. Ahyrynda tersalaryň baýramçylyk günleri bolansoň, Kaýsar we onuň leşgeri ybadat etmäge meşgul bolýarlar we Şapuryň goragçylary ondan gapyl bolýarlar. Şapur töweregine seredýär, görse ýag meşikleri bar eken. Ol ýesirleriň birine: – Bir hilegärlik edip, şol ýag meşiklerinden şu derä guý – diýýär. Olar kömek edip, şol derä ýag meşiklerinden guýýarlar. Şeýdip, deri ýumşaýar we Şapur onuň içinden çykýar. Ol garaňky gije ýuwaş-ýuwaş hereket edip, leşgergähden çykýar we şäheriň gapysyna ýetýär. Ol özüniň kimdigini aýdansoň, gapyny açýarlar. Ol hem gala girýär. Leşgerdir adamlar hoşal bolýarlar. Ol leşgeri toplaýar we olara rumlularyň gaflatyndan habar berýär. Ol leşgeri doly ýygnap, gijäniň ýarynda galadan çykýar. Rumlular hem gapyl, hem hoşal eken. Olar birden rumlulara hüjüm edip, birtoparlaryny gylyçdan geçirýärler we Kaýsary tussag edip, Şapuryň ýanyna getirýärler. Şeýdip, ýeňiji ýeňlişe we üstün çykyjy ýykylşa sezewar bolýar. Kaýsary Şapuryň öňünde häzirlänlerinde, Şapur oňa şeýle diýýär: – Men seniň eden işiňi etmerin. Emma sen Eýranda weýrançylyk edenligiň sebäpli, Rumdan palçyk, kerpiç we agaç getirmeklerini buýur. Ol ýerlerden ussalary we işgärleri getirip, bu ýerleri abadanlaşdyr. Döwen her agajyň ýerine Rumdan nahal getirdip oturt. Her ölen adamyň ýerine onuň hossaryna gan hakyny ber we onuň ýerine söweşmek üçin we onuň ýerinde durmak üçin Rumdan gulam getir. Kaýsar bu zatlaryň hemmesini kabul edýär we uly minnetdarlyk bildirýär. Olaryň weýrançylyklary dikeltmekleri we agaçlary oturtmaklary üçin birnäçe ýyl gerek bolýar. Soňra köp salgyt tölemegi kabul edensoň, Şapur ony goýberýär. Muhammet Jerir Tabarynyň «Taryhyna» görä, Şapur onuň iki ökje süňküni ýazdyryp, eşege ters mündürýär we Ruma iberýär. Şapur ýetmiş ýyllap patyşalyk sürüpdir. Ahyry boýny ajal halkasyna çolaşýar we ahyret älemine gidýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |