09:05 Hekaýatlar ýygyndysy: Sasanlylar - Bähram ibn Bähram | |
BÄHRAM IBN BÄHRAM
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bährama Bähram Salaf diýer ekenler. Sebäbi onuň tekepbirligi we azary ähli patyşalaryňkydan köp, jebir we jezasy çäksiz bolupdyr. Ol azajyk günä üçin köp azap bererdi we kiçijik jenaýat üçin käýinç bosagasyndan geçip, jezalandyryş boýnuna eterdi. Halk onuň elinde çykgynsyz ýagdaýa düşüp, onuň temmi bermeginden we jezalandyrmagyndan ýaňa bizar bolýarlar we möwbitleriň hem-de akyldarlaryň ýanyna baryp, olardan medet, maslahat soraýarlar. Olar: – Biz sizden hem beter çäresiz. Siz hassadan tebipçilik etmegi soraýarsyňyz – diýýärler. Şonda möwbitleriň biri: – Eger ähli emeldarlar we işgärler meniň diýenimi etseler, bu işiň çözgüdini tapaýyn – diýýär. Olaryň ählisi: – Gözümiz we gulagymyz seniň permanyňa baglydyr – diýýärler. Şonda ol: – Emeldarlaryň hiç haýsysy onuň ýanyna gitmesin we hiç iş etmesin. Meselem, eger ol at islese üzeňňiçi onuň ýanyna barmasyn, eger çörek islese desterhançy görünmesin – diýýär. Adamlaryň ählisi onuň yşaratyna görä, patyşanyň huzuryna barmaýarlar. Ol bialaç galyp ajygýar we gaýgy-gama batyp, bitakat bolýar. Soňra möwbitler möwbidi onuň ýanyna baryp şeýle diýýär: – Patyşalygy ýekelikde sürüp bolmaýandygyna şübhelenme. Jahan ýaranlar bilen hoşdur. Eger ýaranlaryňy öldürseň, ýeke galarsyň, Zar-zar edip ýaranlaryňy gözlärsiň. Sen şu adamlaryň barlygy bilen patyşasyň. Eger bu adamlar saňa boýun bolmasalar seniň buýrugyňdyr gadagan etmäň, çözüşdir baglamaň kime täsir eder? Şondan soň Bähram ol gödeklikden we ýaramaz häsiýet-den el çekip, ýaşaýyş usulyny üýtgedýär. Soňra biraz hökümdarlyk sürüp, panylyk hatyny okaýar. Ondan soň onuň ogly tagta geçýär. Onuň ady hem atasynyň ady bilen meňzeş bolup, oňa «Şahynşa» diýipdirler. Kakasy ýaly onuň hem patyşalyk süren möhleti az bolupdyr. Muhammet Jerir Tabary dört ýyl, «Gurar we siýär» («Saýlantgylar we başdan geçirmeler») kitabynda bolsa dört aý diýip görkezipdirler. Ol öz döwründe adalatlylyk we ynsaplylyk bilen höküm sürüp, adamlary özüniň yhsany-ýagşylygy bilen şatlandyrýar. Ol wepat bolanda, ondan ogul galmandyr. Patyşalyk onuň Nersi atly doganyna ýetýär. • NERSI Nersi sahawatly we ýagşy ahlakly adamdy. Halk onuň adalatlylyk bilen höküm sürýän eýýamynda diýseň asuda ýaşapdyr. Ol dokuz ýyllap patyşalyk edipdir. Soňra onuň ýaşaýyş gämisi ömür derýasynda panylyk kenaryna ýetýär we ogly Hurmuz onuň ýerine geçýär. • HURMUZ IBN NERSI Hurmuz ibn Nersi pähimsiz we zalym patyşa bolupdyr. Ol patyşalyga ýetensoň, halk ondan gorkup, howsala düşüpdir. Emma ol bir gün bir danadan: – Men näme etmeli? – diýip soraýar. Hekim oňa şeýle jogap berýär: – Patyşalyga mynasyp bolup, işleri ýerlikli dolandyrjak bolsaň, adamlara patyşa bolşuň ýaly öz nebsiňe hem patyşa bol. Hurmuz bu pendi eşidip, ony kabul edýär we ýaşaýşy başga usulda we ýörelgede dolandyryp başlaýar. Ol sabyrlylygy özüniň şygary edinip, halkyň kalbyny şonuň bilen awlaýar. Ol ýedi ýyl dokuz aý patyşalyk edenden soň, awa çykan wagtynda, awdan ýarawsyz halda gaýdyp gelýär we dünýäden ötýär. ______________________________ Salaf – tekepbir, ulumsy. Möwbit – otparaz ruhanylary. Otparazlaryň baş ruhanysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |