10:11 Hekaýatlar ýygyndysy: Sasanlylar - Şapur ibn Erdeşir | |
ŞAPUR IBN ERDEŞIR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Muhammet Jerir Tabary «Taryh» eserinde şeýle ýazypdyr: Şapuryň dogluşy şeýledi. Erdeşir aýaga galyp, älem-jahany özüniň hökümdarlygyna we ýolbaşçylygyna alyp, onuň döwletiniň baýdagy beýige galansoň, ýaşululardan birtopary oňa şeýle diýipdirler: – Seniň ataň Sasan hemişe şu pursada garaşardy. Ol Allatagaladan ýekeje gezek täçdir şalyk döwletine ýetmegi islä-rdi. Ol eger patyşalyga ýetse, Ärsaglylaryň neslini gyryp, şol nesilşalykdan her kimi tapsa, ýalaw gylyjynyň ody bilen ýakyp, olaryň erkek-aýallaryny öldürjekdigini äht edipdi. Hökümdarlyk oňa ýetmänsoň, ol öz perzendine: «Eger patyşalyk saňa ýetse, meniň kasamymy ýerine ýetir. Eger saňa ýetmese, onda sen hem öz perzendiňe şeýle wesýet et. Men bir gün hökman ykbal suwunyň şu ýapdan akyp, gyş hadysalaryndan ýaňa ýapraksyz galan bu döwlet agajynyň ýene-de ykbal şemalynyň mededi bilen ösüp, pyntyklajakdygyna ynanýaryn» diýip wesýet edipdi. Sasanyň perzentlerinden Erdeşirden öň patyşalyga ýeten bolmandyr. Erdeşir Ärsaglylary agdarmakda we bu nesilşalyрэgyň erkekdir aýallaryny öldürmekde hetden aşypdyr we olaryň öňüni-soňuny gyrmakda, neseplerini hem-de nesillerini ýok etmekde elde baryny edipdir welin, Ärsaglylardan hiç kim galmandyr. Şeýdip, ol atasynyň kasamyny berjaý edipdir. Bir gün Ärsaglylaryň birini öldürip, onuň baýlyklaryny we gullarydyr erkin adamlaryny Erdeşiriň huzuryna eltýärler. Olaryň içinde agzynyň tagamy baldyr şeker, dişiniň hili dürdür göwher bolan bir keniz hem bar eken. Ýüzi ýagşyzadaň hasyly ýaly, Zülpi – günä depderde ýazuwa meňzeş. Hassaň isleginiň bukusyndaky – Gamzasy zyýanly arzuwa meňzeş. Erdeşir ony özüne aýal edip alýar we onuň bilen ýakyn-laşýar. Keniz bolsa ondan hamyla bolýar. Bir gün Erdeşir ondan: – Sen neneňsi gyrnak bolup düşdüň – diýip soraýar. Ol bolsa: – Men gyrnak däl. Men Ärsaglylar neberesiniň haremha-na¬synyň päk we arassa zenanlaryndandyryn – diýip, jogap berýär. Erdeşir eden işinden ökünip, ony öldürjek bolýar. Şeýlelikde, ony wezirine tabşyryp: – Ony öldür we onuň şerini biziň başymyzdan aýyr – diýýär. Wezir ony öýüne äkidýär we patyşanyň buýrugyny ýerine ýetirmekçi bolýar. Şol wagt keniz oňa: – Men patyşanyň çagasyny göterip ýörün – diýýär. Wezir ony öldürmegi mynasyp görmeýär. Ol bir ýerzemin gurup, ony şol ýere eltýär we gerekli zatlar bilen üpjün edýär. Soňra özüni agta edip, ujydyny bir gutujykda goýup, öz möhürini basýar. Soňra Erdeşiriň ýanyna gelip, oňa şeýle diýýär: – Meniň göwherim bar. Men ony öýde goýup bilmeýärin. Hazynaça aýdyň, goý, ony hazyna eltsin we islän wagtym ony maňa gaýdyp bersin. Ol gutujygy Erdeşiriň hazynaçysyna berýär. Az wagt geçensoň Şapur dünýä inýär. Wezir oňa Şapur, ýag¬ny «Şanyň ogly» diýip at goýýar. Ol ony terbiýeleýär we oňa patyşalyk düzgünlerini öwredýär. Bir gün wezir patyşanyň ýanyna gelýär we ony gamgyn halda görýär. Ol: – Gama batmagyň sebäbi näme? – diýip soraýar. Erdeşir oňa: – Men älem-jahany basyp aldym. Emma indi görýän welin, garrapdyryn. Eger maňa bir zat bolaýsa, patyşalygymy berer ýaly perzendim ýok – diýýär. Wezir oňa tagzym edip: – Patyşanyň diýseň owadan we gaty akylly ogly bar. Patyşalyk belgileri onuň maňlaýynda peýda, şalyk alamatlary onuň alnynda aýan – diýýär. Patyşa: – Ol perzent nirede? – diýip soraýar. Wezir oňa: – Eger patyşa onuň halyny bilmek islese, onda patyşanyň hazynaçysyna beren gutymy getirmeklerini buýursyn – diýýär. Gutyny getirýärler. Onuň agzyny açýarlar we ujydy görýärler. Şa oňa: – Bu näme boldugy – diýip soraýar. Wezir bolan ýagdaýy gürrüň berip, şeýle diýýär: – Keniz maňa özüniň hamyladygyny aýdansoň, patyşanyň neslinden bolan çagany ýok etmegi rowa görmedim hem-de bir gün bu waka aýan bolsa duşmanlara gep-gürrüňe bahana bolar diýip, özümi agta etdim. Patyşa oňa sylag-hormat edýär we oňa: – Atalyk mähri bilen ony maňa tanatmak üçin ony başga çagalaryň arasynda maňa görkez – diýýär. Wezir birnäçe çagany bezäp, Şapury hem olaryň arasynda goýup, Erdeşiriň huzuryna eltýär. Erdeşir şol bada ogluny tanaýar we atalyk mähri joşa gelýär. Ol perzendini kabul edip, ony terbiýelemäge başlaýar. Soňra özüniň işi soňlanansoň, Şapury mirasdüşer edip belleýär. ŞAPUR IBN ERDEŞIR Erdeşir panylyk şiriniň eline düşüp, oýunçy tilki bolan zamananyň elinden gaçyp, göri öz mesgeni edinensoň, döwletiň serweri Şapur patyşalygy ýöredýär, işleri şol öňki düzgüninde saklaýar. Erdeşiriň goýan emeldarlarynyň wezipelerini üýtgetmän, kakasynyň göwün zemininde eken söýgi nahalyny sowgat-sylag suwy bilen suwarýar. Şeýdip, diller onuň senasyna öwrülip, ähli ýürekler onuň söýgüsiniň küýseginde boldular. Onuň gulagyna Rumyň patyşasy Kostantynyň öz çäginden çykandygy we boýun towlamak ýoluna düşendigi barada habar ýetirýärler. Şapur söweşiji hem-de hemişe taýýar adam bolansoň, Ruma hem-de häzirki wagtda Şama degişli bolsa-da, şol wagtlar Rumuň ülkelerinden hem-de Kaýsaryň paýtagty bolan Nasybyn şäherine ýöriş edýär. Ol Ruma girmezinden ozal, Nasybynyň hazynalaryndan paý alyp, leşgerini has hem güýçlendirmek isleýär. Nasybynyň ilaty şäheri gorap, tabyn bolmakdan boýun towlaýarlar we daş-töwerekden medet soraýarlar. Şapur olaryň özüniň penjesindedigine düşünip, olar barada çynlakaý çäre görmändir. Emma iş-işden geçensoň, onuň buýrugy bilen manjanyklary we böwsüji daş atyjy gurallary gurup, göz açyp-ýumasy salymda şäheriň gumuny ýele sowrup, zemini adamlaryň gany bilen Jeýhuna öwürýärler. Ol galany eýeläp, ol ýerdäki Rum patyşasynyň ähli hazynalaryny, nepis gymmatbaha zatlaryny alyp, leşgeriniň arasynda paýlaýar. Onuň leşgeri şondan soň has güýçlenýär. Bu habar Kostantyna ýetende, onuň haýbaty kaýsarryň ýüreginde sarsgyn döredýär we maslahat ýüzüni ylalaşyk aýnasynda görýär. Onsoň ol ötünçdir ýalkaw diläp tijenip, ilçileri iberýär we salgyt tölemekligi kabul edýär. Şapur maksadyna ýetensoň, üstünlik we ýeňiş bilen yzyna dolanýar. Hekaýat Şapur kaýsar bilen ylalaşyp gaýdyp gelýän wagty, onuň ýoly Hazramöwt şäherine düşýär. Bu şäher Dejle bilen Fyratyň arasynda ýerleşip, onuň patyşasy bolsa Zyzan lakamly Satrun atly bir adam eken. Ol güýçlenip, çarwa araplary we Pars kürtleri bilen sazlaşypdyr hem-de olardan kömek sorap arkalanypdyr we hemaýatlanypdyr. Ol gaty bir ylalaşyk ýolunda bolman, käwagtlar Yragyň töwereklerine hüjüm edip, Jezaýyr ýurtlaryny perişanlyga salar eken. Şapur ol barada pikirlenýärdi. Şapur onuň welaýatyna ýakynlaşan wagtynda, Fyratyň kenarynda onuň şäheriniň garşysynda düşleýär. Zyzan bolsa garşylaşmak üçin taýýarlyk görüp, leşger toplaýar we galany berkidýär. Şapur galany gabawa almak üçin leşger iberýär. Leşger gidip, güýçli dalaş edýär. Ýöne şäher basylyp alynmaýar we maksat hasyl bolmaýar. Şapura bu barada habary ýetirip, ondan medet soraýarlar. Şapur köpräk leşger iberip, özi leşgeriň dolanmagyna garaşyp başlaýar. Bir gün Şapur şikara çykýar. Ol şikar ýoly bilen leşgergähiniň golaýyna gelýär we ýagdaýy derňäp, leşgeri nazara alýar. Zyzanyň diýseň owadan we görmegeý gyzy bar eken. Şapur şol sebite gelen wagty, ol bir diňiň üstüne çykyp, daşara göz aýlap durdy. Birden onuň gözi Şapura düşýär we onuň at münmekde çalasyn we ussatdygyny görýär. Ol: – Ol kim? – diýip soraýar. Oňa: – Ol şol toparyň patyşasy, leşgeriň serdary we Ajamyň hysrowy – diýip jogap berýärler. Gyz onuň jemaly we kemaly barada doly habarly bolup, oňa aşyk bolýar. Özüne erk edip bilmän, ygtybar jylawuny elden berýär. Soňra ol bir kagyza: «Bu galany ele salmagyň ýolu¬ny men bilýärin. Eger patyşa maňa arka durup, bu şäheri basyp alansoň, meni öz yşk gowgasynyň elinden halas edip, özüne nikalajakdygyna söz berse, men şäheri basyp almak üçin size ýolbelet bolaryn» diýip ýazýar hem-de kagyzy bir peýkama baglap, Şapura tarap atýar. Şapur haty görüp, ylalaşyjy jogap ýazýar we şol zatlara äht edýär. Soňra haty peýkama baglap, atyp goýberýär. Zyzanyň gyzy haty okandan soň, onuň bir yşky ýüz bolýar. Ol hat ýazyp, galanyň gizlin ýoluny görkezýär we gije duşuşmaklygy wada edýär. Ýyldyzlaryň patyşasy seýre çykanda, Zyzanyň gyzy şol gizlin ýoluň sakçylaryna nahar-tagam iberip, olary başagaý edýär. Şapur leşgeriň saýlantgylaryndan birnäçe atly bilen şol tarapa baryp, ol ýeri eýeleýär we öňe gidýär. Ol Zyzanyň köşgüne ýetýänçä hiç kim habarly bolmandyr. Soňra birnäçe adamy köşgüň içine iberýär. Olar Zyzanyň kellesini kesip, bir agajyň ujuna daňyp, köşgüň üstüne çykýarlar hem-de: – Zyzanyň kellesi kesilensoň, adamlara boýun egmekden başga zat galmaýar – diýip, jar edýärler. Adamlar Şapuryň permanyna boýun bolýarlar. Şäher Şapuryň ygtyýaryna geçýär. Zyzanyň gyzyny Şapuryň ýanyna getirýärler. Şapuryň permany bilen onuň üçin köşk gurýarlar. Şapur onuň bilen nikalaşyp, ony köşgüne eltýär we birnäçe wagt onuň bilen ýaşaşýar. Emma bir gün oýanyp, görse, ýatan ýeri gandan doly eken. Ol näme bolduka diýip yzarlaýar. Ahyry düşegiň üstüne bir ýapragyň gaçyp, onuň aýalynyň bedenini gyýandygyny we onuň ýumşak endamynyň näzikligi sebäpli gan akandygy mälim bolýar. Şapur onuň endamynyň näzikligine we ýumşaklygyna geň galyp: – Seniň endamyň şeýle bir näzik we ýumşak welin, seniň iýýän naharyň nämedi – diýip soraýar. Ol: – Kakam meni ýumurtganyň sarysy, toklynyň beýnisi, mesge we bal bilen naharlaýardy – diýip jogap berýär. Şapur bu sözi eşidip, biraz wagtlap oý-pikire batýar we: – Sen özüňi şeýle gowy gören kakaňa wepaly bolmansyň we öz şöhwetiňi gandyrmak üçin onuň janyna we ganyna kast edipsiň. Senden wepalylyk tama etmek çig bolar – diýýär. Soňra Şapuryň buýrugy boýunça başbermezek bir kürräni getirip, gyzyň saçyny onuň guýrugyna daňýarlar we tikenden gülüň bitmegi üçin ony tikenlikde süýredýärler. Şeýdip, tiken¬lik gyzyň gany bilen gülüstanlyga öwrülýär. Älem-jahan Şapuryň döwründe diýseň abadanlaşýar. Ol meşhur ýeňişlere eýe bolýar. Ol ýolagçylar sähralykda we çöl-beýewanda ýatmasynlar diýip, kerwensaraýlar gurýar. Özüniň uly ogly Hurmuza Horasanyň häkimligini we ol ýeriň ýolbaşçylygyny berýär. Şapur oglunyň halka ýolbaşçylyk etmek, ar-namysy goramak, zalymlary gyrmak we mazlumlara peýda ýetirmek dogrusyndaky gözel häsiýetlerini görüp, ony ýanyna çagyrýar we öz mirasdüşeri edip belleýär. Muhammet Jerir Tabarynyň (goý, Allanyň oňa rehmeti bolsun!) aýtmagyna görä, Şapuryň ogly Hurmuza «Aktag» («Golak») diýýän ekenler. Sebäbi ol özüniň bir elini kesipdir. Onuň sebäbi şeýledir: Kakasy ony Horasanyň emiri edip iberende, ol şol ýerleri gysymyna gysyp, goşun jemläp, hazynalary toplaýar. Şapur Hurmuzy ýanyna çagyrýar. Hurmuz töhmetçileriň töhmet atmaga pursat tapandyklaryny we göripleriň göriplik edendiklerini bilip, derrew elini kesýär. Ajam patyşalarynyň adatlaryna görä, kemislilere patyşalyk berilmeýän eken we olara boýun egilmeýän eken. Hurmuz özüniň elini kakasynyň huzuryna iberýär we oňa şeýle hat ýazýar: «Birnäçe adamlar meniň beýnimde özbaşdaklygyň we garaşsyzlygyň ýeli ornaşandyr öýdýärler. Indi seniň meniň ýolbaşçylyk islemeýändigimi bilmekligiň üçin elimi kesip saňa iberýärin». Şapuryň oňa ýüregi awap, rehimi inýär we oňa şeýle hat ýazýar: «Näme üçin beýle iş etdiň? Sen meniň mirasdüşerimsiň? Biziň rahatlygymyz sebäpli bolandygy üçin seniň bu kemisligiň kämilligiň netijesidir». Şeýdip, Şapur Hurmuzy özüniň mirasdüşeri edip belleýär. Şapur otuz ýyl patyşalyk edensoň, öz şalyk nobatyny goýup, patyşalygy Hurmuza tabşyrýar. HURMUZ IBN ŞAPUR Hurmuz işleri öz ygtyýaryna geçirip, patyşalygy ele alýar we adalatlylyk däplerini ýola goýup, jebir binalaryny ýykýar. Ol özüniň ata-babalarynyň ýollaryna eýeripdir. Emma Hurmuzyň patyşalyk süren möhleti gülüň eýýamy ýaly gysga bolupdyr. Ol patyşalygy Bähram atly ogluna goýýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |