08:24 Hekaýatlar ýygyndysy: Sasanlylar - Erdeşir ibn Şapur | |
ERDEŞIR IBN ŞAPUR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Şapur Zulektafyň iki ogly bolup, biri Şapur, beýlekisi bolsa Bähram eken. Olaryň ikisi hem ýaş eken. Dogany Erdeşir onuň ornuna geçýär. Ol ilki leşgeri we raýaty hoşamaýlaýar. Emma patyşalykda doly ornaşansoň, doganynyň adamlaryny agdarmaga başlaýar we Şapuryň yzlaryny ýitirmäge dalaş edip, birnäçe adamlary öldürýär. Adamlar onuň bu hereketinden gorkup, toparlanyşýarlar we ony işinden aýryp, kakasynyň oruntutary Şapur ibn Şapury patyşalyga geçirýärler. Ol işleri öz ygtyýaryna alyp, häkimiýetden kemçilikleri aýyrýar we döwlet işlerini tertibe salýar. Ol agasyny boýun bolmaga çagyrýar. Ol boýun bolýar. Ol patyşalaryň we gozgalaňçylaryň boýunlaryny özüniň tabynlyk ýüpüne saraýar we bäş ýyl höküm sürýär. Bir gün sähra çykanda, onda aw awlamak höwesi döreýär. Hyzmatkärler onuň çadyryny gurýarlar. Ol çadyra girýär. Birden güýçli ýel ösýär we onuň çadyryny ýykýar. Çadyr üstüne ýykylansoň, ol heläk bolýar. Aýtmaklaryna görä, ol şol gün halk üçin erbet pikir edipdir we zulum etmegi ýüregine düwüpdir. Allatagala oňa özüniň islegini sözden amala geçirmek üçin pursat bermändir we halky onuň şerinden halas edipdir. Bähram ibn Şapur onuň ýerinde oturýar. • BÄHRAM IBN ŞAPUR II Ol kakasynyň ornuna geçensoň, ýagşy işleri we gowy amallary edip başlaýar. Kerman şäheri şonuň tarapyndan gurlandyr. Şol sebäpli hem bu şähere «Kerman Şahan» (Şalaryň Kermany) diýýärler. Ol on bir ýyldan soň, öz ýaşaýyş ýoluny üýtgedip, adalatly bolmagy terk edýär. Adamlar bu düzgüne çydap bilmän, onuň köşgünde dawa-jenjel turuzýarlar. Şol ýerde bir adam oňa peýkam atýar. Peýkam onuň bokurdagyndan çümýär we ol heläk bolýar. Ondan soň, takmynan, müň adam öldürilýär. Emma şonda-da, onuň ýiten jany gaýdyp gelmeýär. Ol ýogalansoň, onuň ogly Ýezdigert patyşalyga geçýär. • ÝEZDIGERT IBN ŞAPUR (ÝEZDIGERT ESIM) Ol zalym, sütemkär we betpäl adam bolup, onuň jebir-sütemi we tekepbirligi ýokary derejede eken. Ol şeýle bir köp erbetlik edipdir welin, oňa Ýezdigert betkär diýipdirler. Şu aşakdaky beýan edilen zatlar onuň eden erbet işlerindendir: Ýezdigert hiç kimiň şepagatyna we aklap kepil geçmesine gulak salmaýardy, hiç mazlumyň şikaýatyna üns bermeýärdi, zalymlaryň zulum etmeleriniň öňüni almaýardy. Halk beladan halas bolmak üçin Haktagaladan onuň ölümini dileýärdiler. Beýik Ýaradyjy mazlumlaryň dogasyny kabul etdi. Sebäbi onuň rehmeti mazlumlaryň dogalaryny kabul etmek bilen baglydyr: El göteren wagtyň adamlara sen, Bu barada oýlan, gitmegin gaty. Sütem golun uzatmagyn oýlanman, Alla horlanana açýandyr gapy. Bir gün bir at onuň leşgergähine gelip, onuň çadyrynyň agzynda durýar. Adamlar onuň gowy reňkinden we görmegeý keşbinden haýrana galýarlar. Ýezdigerde habar berýärler. Ol daşary çykýar we aty görüp: – Ony eýerläň – diýýär. At hiç kişä özüne ýakynlaşmaga ýol bermeýär. Ýezdigert onuň ýanyna baryp, onuň arkasyna elini goýýar welin, ol ýuwaşaýar. Ol atyň başyna jylaw goýjak bolanda, at birden öwrülip, ony şeýle bir güýçli depipdir welin, onuň ýüzüniň keşbi ýitip gidipdir. At sähralyga tarap ugrap, gözlerden gaýyp bolýar. Allatagala halky Ýezdigerdiň zulumyndan halas edýär we onuň ady erbetlik bilen ýaýraýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |