20:24 Hekaýatlar ýygyndysy: Sasanlylar - Bähram ibn Hurmuz | |
BÄHRAM IBN HURMUZ
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Bähram agras we tutanýerli adam eken. Adamlar onuň ýuwaşlygyny we sabyrlylygyny görüp, oňa doly öwrenişýärler. Bähram ýagşylyk binýadyny gurýar. Allanyň näleti siňmiş Many Zyndyk onuň döwründe ýüze çykýar. Makdisi «Taryh» kitabynda şeýle diýýär: Zyndyklaryň binýadyny tutan Many halky özüniň dinine çagyrypdyr. Häzirki güne çenli bu batyl mezhep adamlaryň arasynda saklanyp galypdyr. Bu mezhebe boýun bolup, oňa el uzadan her bir dinsiz oňa bir at goýupdyr. Gorkusyzlar we nadanlar dürli ýollar bilen bu dine giripdirler we ony özgerdipdirler. Häzirki wagtda şol batyl mezhebe iman getirýän jemagata «batyny» diýilýär. • Hekaýat Bu kitabyň ýazyjysy şeýle diýýär, «Agraz-us-syýasa fi agraz-yr-ryýasa» («Patyşalykdaky syýasatyň maksady») diýen kitapda şeýle ýazylypdyr: Many Bähram Hurmuzyň döwründe ýüze çykýar. Ol ökde suratkeş we güýçli hendeseçi eken. Ol özüniň hilegärligi bilen halky aldap, adamlaryň arasynda ýaramaz ýörel¬ge döredýär. Onuň aýdýan sözleriniň gysgaça mazmuny şeýledir: «Adamzadyň bedenindäki ruh ol dünýäniňkidir. Ol bu bedende tussag edilendir we gysylyp durandyr. Edil bir guşuň kapasda bolup, «Haçan çykyp bolarka?» diýip, kapasyň gapysyna özüni urlşy ýaly, ruh hem «Haçan kapasa açylar, men maksadyma we myradyma haçan ýeterkäm?» diýip, garaşyp durandyr. Adam özüniň arassa ruhunyň jebir beriji hapa nebisden çalt halas bolmagy üçin dalaş etmelidir». Ol şeýle gürrüňler we ýalan sözler bilen halky aldapdyr. Ol ýene-de şeýle diýipdir: «Ölmek ýaşamakdan gowy. Amanat ömrüň asly ýok». Ol şunuň ýaly «bezelen» gürrüňleri köp eder eken. Onuň habary Bährama baryp ýetýär. Bähram ony çagyrmaklaryny buýurýar. Ol gelip, Bähramyň tagtynyň öňünde durýar. Bähram oňa: – Öz gürrüňleriňi aýt – diýýär. Many şol sözlerini beýan edýär. Bähram oňa: – Seniň diriligiň ýagşymy ýa-da ölmegiň – diýýär. Ol: – Meniň ruhum üçin ölmegim – diýip, jogap berýär. Bähram oňa: – Men seni seniň aýdyşyňa görä edeýin. Seniň pikiriňçe ölmek ýaşamakdan ýagşy bolýandygy üçin seni azapda goýman dowzaha ibereýin – diýip, ony dara çekmeklerini buýurýar. Şeýdip, onuň şer özeni sönýär. _____________________ Many – Manuheý. Pygamberlik dawasyny eden adam. Onuň dini ýörelgesi zertuşt, ýehudy we hristian dinleriniň garyşmasyndan emele gelen ýörelgedir. Hendeseçi – geometriýa alymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |