21:41 Hekaýatlar ýygyndysy: Sasanlylar - Erdeşir Bäbek | |
SASANLYLAR
Halk döredijiligi we rowaýatlar
SASANLYLARYŇ DÖWLETINI ESASLANDYRAN ERDEŞIR BÄBEK Rowaýat etmeklerine görä, Arduwanyň Pars welaýatyna häkim bellenen Bäbek atly bir emeldary bolupdyr. Onuň ömrüniň uzak bolandygy we häkimlik möhletiniň uzaga çekendigi üçin, onuň belli bir derejede güýji, mäkämligi, başarjaňlygy we ýarag-esbaplary bolupdyr. Bäbegiň goşulanlaryň içinde Sasan ibn Sasan ibn Bähmen ibn Ispendiýar atly bir adam hem bar eken. Men zamananyň alymy Ymam Burhaneddin Matrazynyň ýazan «Makamata düşündiriş» atly eserinde şeýle maglumatlary okapdym: Rowaýat edilişine görä, Ispendiýaryň ogly Bähmen öz gyzy Humaýy öz oruntutary edip, patyşalyk ygtyýarlyklaryny onuň eline beripdir. Onuň Sasan atly ogly hem bar eken. Ol oglan kakasynyň özüne zulum edip, hökümdarlykdan we paty-şalykdan mahrum edenini görüp, janyndan gorkusyna daga gaçyp, syýahat etmegi pişe edinýär. Derwüşleriň birtopary oňa goşulýar. Olar hiç menzili mesgen we hiç bir ýeri watan tutunmandyrlar. Hut şu sebäpli hem durmuş kynçylyklary we dürli dilegçilikleri bilen «kise känlerinden göwher çykarýan» bu taýpa Sasanlylar diýipdirler. Bu Sasanyň hem Sasan atly ogly bolupdyr. Kakasy ölenden soň bu Sasanyň syýahat edip ýörşüne Pars welaýatyna ýoly düşýär we Bäbegiň goşunyna goşulýar. Bäbek onuň maňlaýynda ululyk alamatlaryny görüp, ony terbiýeläp başlaýar. Bir gije Bäbek düýşünde Sasanyň maňlaýyndan günüň hem-de aýyň dogandygyny görýär. Oýanansoň Sasany çagyryp, gören düýşüni oňa gürrüň berýär. Sasan hem oňa: – Men hem düýşümde maňlaýymdan bir nuruň dogup, älem-jahany ýagtaldyp durandygyny gördüm – diýýär. Bäbek onuň aýdanyny eşidip, bu düýşüň ýorgudyny ýo-rup, onuň hakykata öwrüljekdigine düşünýär we parasatlylyk bilen hem-de üns berip, bolaýjak işleri göz öňüne getirýär. Onuň gyzy bar eken. Ol gyzyny Sasana hödürleýär, ony giýewilik gatnaşygyny açmaga höweslendirýär we ony ýoldaş bolmaga çagyrýar. Sasan kabul edýär. Iş sawçylykdan nikalaşma we nikalaşmadan gatnaşyklara öwrülýär. Olar durmuş guransoň, Sasanyň ömri wysal günleri ýaly gysga bolupdyr. Bäbegiň gyzy Sasandan göwreli bolýar. Onuň çagasy dünýä inmänkä, Sasan ol dünýä göç edýär. Çünki, dürri ýetim has mübärek bolýar. Bäbegiň gyzy çagasyny dünýä inderýär. Ol şeýle bir hoşsurat, enaýy we görmegeý oglan dogrupdyr welin, hoşbagtlyk şöhlesi onuň maňlaýynda lowurdap, ululyk alamatlary, ösüş hem-de gowulyk şekilleri onuň alnynda peýda bolupdyr. Bäbek oňa Erdeşir diýip at goýýar. Onuň kakasy diri bolman, babasy terbiýeleýändigi üçin ony babasynyň ady bilen tanap, Erdeşir Bäbek diýipdirler. Erdeşir ulalýar, onuň ösüş we beýiklik alamatlary barada Arduwanyň ýanynda gürrüň edilende, Arduwan ony Bäbekden talap edýär. Bäbek tejribeli adamlar bilen mas-lahatlaşýar. Olar oňa: – Onuň Arduwanyň ýanynda terbiýelenip, maksatlara ýetmegiň serişdesini gazanmagy üçin ony Arduwanyň ýanyna ibermegiň gerek – diýýärler. Bäbek ikirjiňlenmän, Erdeşiri Arduwanyň huzuryna iber-ýär. Arduwan ony görenden, onuň ýüreginde mähirlilik kö¬ki berk ornaşýar we ony perzentleri bilen bilelikde terbiýeläp, at münmek we edermenlik usullaryny öwredýär. Bir gün Erdeşir Arduwanyň ogullary bilen aw-şikara çykýar. Arduwan hem olaryň her haýsysynyň ylmyny we hünärini barlamak üçin gizlinlikde olar bilen barýar. Soňra Arduwan aw meýdanynyň garşysyndaky bir daga çykýar. Erdeşiriň gözi şol tarapa düşüp: – Ol dag maňa beýik bolup görünýär we oňa patyşalyk saýasyndan başga hiç zat düşmändir – diýýär. Soňra Arduwan dagdan aşak düşüp, olara hoşamaýlyk bildirýär. Ol şol gün Erdeşiriň hemmetaraplaýyn ogullaryndan ýokarydygyny we onuň ululygyny görüp, göripçilik edip oňa: – Seniň kakaň diňe bir emeldar. Saňa hökümdarlyk we patyşalyk ýaraşmaz. Men seni haýyrlanyp, işiňde gözüň açy-lyp, uly derejelere mynasyp bolmagyň üçin at¬bakarlaryň hojaýyny edip belleýärin – diýýär. Erdeşiriň hümmeti beýle pes wezipede işlemekden ýokary bolsa-da, ol öz janyndan gorkup, ony kabul edýär we mejburlykdan şol işde işleýär. Bir gün ol seýishanada otyrka, Arduwanyň köşgünden bir daş atylyp gelýär. Görse, daşy atan mylaýymlykda we husny-jemalda deňi-taýy bolmadyk keniz eken. Onuň gaşy keman kimin we näz-kereşmesi ok ýaly bolup, ol hoş hereketlilik bilen Erdeşirde daş oklaýardy we onuň waslynyň miwesi bilen yşk oýnaýardy. Erdeşir ony görende, akyl we seresaplylyk eli onuň ýüregini saklasa-da, juwanlyk güýji we şöwketlik kuwwaty üstün çykýar hem-de ol Arduwanyň syrly işlerinden habarly bolmak üçin keniziň çakylygyna ylalaşykly jogap berip, oňa isleg bildirýändigini aýan edýär. Bu keniz hemişe oňa ýetmegiň ugrunda we onuň jemalynyň yşgynda bolupdyr. Pursat ýeten hem-de wysal bagty duşan wagty keniz Arduwanyň gizlin işleri we syrlary barada Erdeşire habar berýän eken. Bäbegiň wepat bolandygy baradaky habar gelip ýetýär. Erdeşir gaýgy-gama batýar we betbagtçylyk şertlerini berjaý edýär. Soňra ol Arduwandan özüni şol welaýata ibermegini we kakasynyň ýerine bellemegini soraýar. Arduwan onuň teklibini kabul etmeýär hem-de onuň islegini berjaý etmän, ol wezipäni özüniň uly ogluna tabşyryp, ony şol sebite iberýär, Erdeşiri bolsa näumyt goýýar. Erdeşir şol atbakarlaryň hojaýyny wezipesinde galyberýär. Bir gün keniz onuň ýanyna gelýär we wysal ýollary açylansoň, oňa şeýle diýýär: – Düýn gije patyşa düýş görüpdir. Ol şu gün meniň ýanymda müneçjimleri çagyrdy we düýşüniň ýorgudyny isledi. Olar oňa: «Seniň patyşalygyň başgalara geçmeli wagty ýetipdir. Bu döwlet senden aýrylyp, patyşalyk seniň nesilşalygyňdan geçip, şu hepde seniň mülküňden gitjek bir adama ýeter» diýdiler. Erdeşir bu sözi eşidip, oý-pikire batýar. Haçanda keniz gaýdansoň, Erdeşir gitmäge taýýarlyk görüp başlaýar. Ol ähli işleri ýerine ýetirýär. Bir gün keniz onuň ýanyna gelýär. Ol kenize: – Men gitjek bolýaryn. Men döwlete eýe bolaryn. Seniň maňa ýol görkeziji bolandygyň üçin, men seniň hakyňy köýdürmerin – diýýär. Keniz bolsa oňa: – Janym tenimde wagty senden ýüregimi aýyrman, seniň bilen ylalaşmagy we saňa ýoldaş bolmagy elden bermerin. Emma maňa rugsat ber, men köşge baryp, ýolda kösenmez ýaly göwherdir pul alyp geleýin – diýýär. Şeýlelikde, ol gidýär we derrew gaýdyp gelip, nepis göw¬her we köp pul getirýär. Erdeşir iki sany ýel bilen ýaryşýan ýyndam arap atlaryny taýýarlap goýupdy. Olaryň ikisi hem şol atlara münüp, ýel ýaly gözden gaýyp bolýarlar we olaryň tozanyny hem hiç kim görmeýär. Ertesi ir bilen bu habar Arduwana ýetýär. Ol janyndan gorkup, olaryň yzyndan atlylaryny iberýär. Atlylar altmyş parsah töweregi ýol aşsalar-da, olary tapmaýar we utanyp yzlaryna dolanýarlar. Arduwan bu gaflatdan ökünýär, emma ökünç peýda bermeýär. Erdeşir Pars welaýatynyň paýtagty Istehre gelip ýetende, ol ýeriň häkimi Arduwanyň ogly eken. Erdeşir ol ýere ýetip, şähere girýär we ýagdaýyny hiç kime habar bermeýär. Soňra ol kakasynyň ýakynlaryndan bolan bir topar kişini tapýar we olardan ähdi-peýman alýar. Olar köp adam toplap, özlerine tabyn edýärler we doly taýýarlyk görüp, birden aýaga galýar-lar. Arduwanyň ogly ýesir alynýar we gylyçdan geçirilýär. Erdeşir tagtda oturýar we taýpalar patyşalaryna hat ýazyp, olardan kömek-ýardam isleýär. Daş-töwerekden onuň huzuryna leşgerler gelýärler. Olar doly üýşensoň şäherleri basyp almaga başlaýar. Arduwan ony dep etmek üçin leşger çekýär. Erdeşir oňa garşy söweşe çykýar. Arduwanyň döwleti garrapdy we Erdeşiriň bagty juwandy. Erdeşiriň döwlet şemaly öwsüp, ykbal baýdagy beýige galansoň, Arduwanyň goşunyny pytradýar. Erdeşir olaryň yzyndan kowup, Arduwany ele salýar we ony öz eli bilen öldürýär. Muhammet Jerir Tabary «Taryh» kitabynda şeýle ýazypdyr: «Arduwany atdan agdarýar we özi düşüp, onuň kellesine depýär. Ol bolsa ýere ýazylýar. Şol gün oňa «Şahynşa», ýagny «Şalar şasy» diýipdirler». Soňra ol ýerden Hemedana leşger çekýär we Jibäl, Nehawent hem-de Dinawer diýen ýerleri basyp alýar. Soňra ol ýerden Töwrize gidýär we Ermeniýäni, Mosuly we Sewady basyp alyp, Parsa dolanýar. Ol öňden barýan baýdak göterijileri we yzdan gelýän ýeňiş ýolbaşçylary bilen taýpalar patyşalarynyň ählisini basyp alýar. Ol on dört ýyllap höküm sürýär. Ahyrynda onuň on dördi gijedäki aý bolan ömri panylyk "muhagyna" duçar bolýar. Onuň ýaşaýyş şemi nursuz galansoň, patyşalyk onuň ogly Şapura ýetýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |