12:24 Hekaýatlar ýygyndysy: Taýpalar patyşalary | |
TAÝPALAR PATYŞALARY
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Isgender panylyk saraýyndan bakylyk älemine gadam basansoň, taýpalar patyşalary älemi basyp alypdyrlar. Her tarapda bir patyşa bolupdyr. Olaryň ählisi güýçli bolup, leşgerdir hazynalar bilen arkalanyp, biri-birlerine tabyn bolmandyrlar. Hatda aýtmaklaryna görä, Türküstan ülkelerinden, tä, Müsür we Şam serhetlerine çenli takmynan ýetmiş patyşa bolup, olaryň ählisiniň haýbaty we ýeterlik ýarag-esbaplary bolupdyr. Olaryň patyşalyk süren möhleti barada dürli garaýyşlar bar. Käbirleriniň aýtmaklaryna görä, olar bäş ýüz ýigrimi üç ýyllap höküm sürüpdirler. Şol wagtyň dowamynda hiç patyşa bu şalardan üstün çykyp bilmändir. Ahyrynda jahany eýelemek gezegi Erdeşir Bäbege gelip ýetýär. Ol şol patyşalaryň ählisinden üstün çykýar we olar oňa tabyn bolýarlar. Muhammet Jerir Tabary özüniň «Taryh» kitabynda şeýle belläp geçýär: Isgenderden soň uly Darapdan Eşk atly bir perzent galypdyr. Dejle derýasynyň kenaryndan tä Reýe çenli ýerler onuň mülküne degişli bolupdyr. Taýpalar patyşalary oňa tabyn bolmasalar-da, oňa hormat goýup, tagzym edip, onuň bilen dostluk we mähribanlyk ýoluna eýerýän ekenler. Aýtmaklaryna görä, Eşkiň patyşalyga ýetmeginiň sebäbi şu waka bolupdyr: Rumdan bir patyşa gelip, Dejleden geçýär we onuň patyşalygyna gelýär. Onuň ady Antyhýus eken. Ol Yrakdaky Sewadyň serhedinden, tä Ahwaza, Parsa we Reýe çenli bolan ýerleri eýeleýär. Ol şunça ýerleri basyp alsa-da, taýpalar patyşalary oňa boýun bolmaýar. Isgender Eşkiň agasy Darany öldüren wagty, Eşk ýaş bolansoň ondan ar alyp bilmän, gizlenip ýören eken. Emma Isgenderiň nobaty geçip, Antyhýus ol welaýatlary eýelänsoň, Eşk aýaga galýar we taýpalar patyşalaryndan leşger soraýar. Olar Antyhýus bilen duşmandyklary hem-de Eşkiň nesline bolan hormatlary üçin oňa kömek berýärler we leşger iberýärler. Ol Antyhýusa garşy söweşip, ony ýeňýär we Dejle derýasyndan, tä Reý şäherine çenli ýerleri öz ygtyýaryna geçirip, ol ýerleri kesekiniň elinden alýar. Taýpalar patyşalary onuň Darabyň ogludygy we mülke mynasyp adamdygy üçin oňa diňe bir boýun sunmak bilen däl-de, eýsem, ony dostluk we mähremlik bilen sylaýan ekenler. Ol hem özüniň uly haýbatynyň ýokdugyny bilip, olaryň mülküne el uzatmandyr hem-de olaryň özüne goýýan şol sylag-hormatlaryna kanagatlanypdyr. Ýöne onda älemi birleşdirmäge esas bardy. Käwelileriň baýdagy onuň elindedi. Ol şeýdip birnäçe ýyllap höküm sürýär. Rumdan Kostantyn atly bir uly patyşa ony boýun egdirmek niýeti bilen Dejle derýasyndan geçýär. Eşk taýpalar patyşalaryndan medet-kömek soraýar. Olar oňa leşger iberýärler. Yrak Sewadynyň şäherlerinden bolan Hysn diýen şäheriň patyşasynyň hut özi onuň ýanyna barýar. Ol bu patyşa tagzym edýär we onuň edep hakyny ýerine ýetirýär. Onuň daşyna dört ýüz müň adam jemlenýär. Ol şolaryň ählisini Hysnyň patyşasyna tabşyrýar. Ol Rum leşgeriniň garşysyna çykýar we olara garşy söweşýär. Onuň baýdagynyň üstünden ýeňiş şemaly öwüsýär we döwletlilik suwy ýabyndan akýar. Rumlular ýeňilýärler we dargaýarlar. Ol rumlularyň ählisini gylyçdan geçirýär we ata-babalarynyň aryny alýar. Patyşa Kostantyn Ruma gaçyp gidip, mäkäm gala gurýar we oňa Kostantanyýýa (Konstantinopol) diýip at berýär. Häzirki döwürde bu ýer kaýsarlylaryň paýtagtydyr. Abu Mansur Sagalyby «Gurar we siýar» («Saýlantgylar we başdan geçirmeler») atly kitabynda şeýle maglumat berýär: «Isgenderden soň Yrak we Pars ülkelerinde Dejle derýasyndan, tä Reýe çenli bolan ýerlerde Afkur atly bir patyşa höküm sürüpdir. Ol Eşkanyň perzentlerinden bolup, Eşkan hem Ýafes ibn Nuhuň perzentlerindendir. Bu nesle Eşkanylar (Ärsaglylar) diýilýär. Ondan soň onuň Şapur atly ogly tagta geçýär Onuň kakasy Afkuz on iki ýyl hökümdarlyk edýär. Şapur elli üç ýyl patyşa bolupdyr. Ýahýa ibn Zekerýa alaýhyssalamy onuň döwründe öldüripdirler. Şapur wepat bolandan soň, patyşalyk ýüzügini ogly Guderze berýär. Ol patyşalyk tagtyny jemaly bilen bezeýär we Beni Ysraýyla (Ysraýyl ogullaryna) garşy leşger çekýär. Beýik we Eziz Allatagala ony Ysraýyl ogullarynyň üstüne olardan dini ar almak üçin iberen eken. Guderz olara Buhtunnasryň eden zulmundan hem erbet zulum edýär. Ol olaryň ybadathanalaryny we metjitlerini weýran edýär. Isa alaýhyssalam hem onuň döwründe dünýä inipdir. Bu Guderz atalarynyň ýörelgelerini taşlap, adalatlylyk ýolundan ýüz öwrüp, zulum baýdagyny parladýar we halka yza-ezýetler berýär. Ahyrynda, ol elli ýedi ýyl patyşalyk sürensoň, bir gün aw meýdanynda ajal şiriniň awuna öwrülýär. Halk onuň ölmegini özleriniň diriliginiň özeni saýyp, onuň ýasyna derek baýramçylyk edip, şeýle diýipdirler: Saýýandyrlar ölmüň öz diriligi, Gany ýagdyrylan kowum ýasynda. Gamgyndyrlar: «Dowzahdakylar bilen Nädip gürleýärkä olaň ýanynda?» Guderziň Eýran atly doganoglany bolup, diýseň parasatly we akyldar bolupdyr. Patyşalyk oňa ýetýär. Guderziň eýýamynda onuň kemçilikleri we nogsanlyklary sebäpli hazynalar boşapdy we işler özüniň ösüşini bes edipdi. Eýran özüniň pikiri we çäre tapyjylygy bilen ähli işi ugrukdyryp, adyllylyk we ýagşylyk bilen welaýatlary abadanlaşdyryp, özüniň mähribanlygy we beýik adamkärçiligi bilen raýatlary ýygnapdyr. Beýik Ýaradyjy onuň zähmetini biderek etmändir. Onuň şeýle işleri sebäpli älemde rahatlyk we parahatlyk emele gelipdir. Ol özüne güýç toplap, gowy kada-kanunlary ýola goýýar we erbet däplerdir düzgünleri aradan aýyrýar. Ol kyrk ýedi ýyl hökümdarlyk edenden soň, patyşalygy ogly Guderze berip, özi toprak perdesini başyna orapdyr. Şeýlelikde, Guderz kakasynyň ornunda oturýar we akyl-paýhasa laýyklykda, patyşalygy gysymyna gysyp, işleri düzgün-tertibe salýar. Ol otuz bir ýyllap patyşalyk tagtasynda yk-bal küştüni oýnap, ahyrynda şahmat bolýar. Ajal eli onuň dirilik düşegini ýygnanda patyşalygy öz ogly Nersä goýýar. Käbirleri şeýle diýipdirler: Nersi ýokarda ady agzalan Eýranyň ogludyr. Ol ata-babalarynyň ýörelgelerine eýerip, ýagşy däpleri döredýär we ýaramaz düzgünleri aradan aýyrýar. Ol patyşalaryň perzentlerinden bolan dört aýaly alyp, olary biri-birleri bilen agzybir etjek bolýar we şu ugurda dalaş edýär. Emma peýda bermeýär. Aýalyň wepalylygyna bil baglamak, edil ýeli duzaga düşürmek ýalydyr. Çep gapyrgadan ýaradylan aýal – Sol tarapdan sagy gözlemeli däl. Onuň aýallarynyň biri oňa zäher berýär we özüni onuň derdinden halas edýär. Belaşyň ogly Hurmuz onuň ýerine geçýär. Ol ýurduň ähli etraplaryna aýlanyp, halky özüniň adyllyk saýasynda asuda ýaşadypdyr. Onuň hyzmatkär gulamlara bolan höwesi artyp, olary gowy görüp, şeýle diýýän eken: – Olar dynç wagty aýallaryň näzikligini we iş wagty erkekleriň güýjüni görkezýärler. Ol aw awlamagy hem gowy görýän eken. Onuň özi hem ahyrynda panylygyň penjesine aw bolup ömrüni paýawlaýar. Onuň ogly Piruz şalyk täjini başyna geýip, patyşalyk işlerini öz gysymyna alýar we adyllyk ýörelgelerini ýola goýmakda, ata-babalarynyň ýaşaýyş däplerini gaýtadan janlandyrýar. Aýtmaklaryna görä, onuň hem gulamlara meýli bolupdyr, yzygiderli olary daşyna üýşürip, olar bilen gatyşýan eken. Oňa wezirleriň we hekimleriň biri: – Bu jemagata ynanmaly däl. Sebäbi olar ýurtlaryndan gul edilip alnan, ata-enelerinden mejburlyk bilen jyda edilen. Olaryň gulluk etmegi mejburlykdan bolup, öz ygtyýarlaryna däldir. Olaryň bu babatda tabynlyk etmegi tebigy däl-de, mejburlykdyr. Olara ynanmak we bil baglamak parasatlylykdan we ätiýaçlylykdan daşdyr. Olaryň birden erbetlik edip, jana kast ediji oklary atmaklary mümkin – diýipdir. Piruz oňa: – Men olaryň husny-jemalyna öwrenişendigime garamazdan, seniň nesihat edeniň üçin hem-de seniň mähribanlygyň maňa mälim bolandygy üçin olar bilen ýoldaş bolmagymy goýbolsun edýärin – diýipdir. Soňra Piruz aýallara meýil edip başlapdyr we şondan soň gulamlary öz ýanyna ýakynlaşdyrmandyr. Onuň Hysrow atly ogly ýetişýär. Ol heniz patyşalyk asmanynda täze aý wagty, kakasy ýaly şalyk asmanynyň kükregini almak we öz kakasy diri wagty özüniň hökümdarlygyny we patyşalygyny ýola goýmak isläpdir. Bu ýagdaý Piruza aýan bolansoň ony tussag etmeklerini buýurýar. Ol perzendine edep we temmi bermekde gaty berk daraýar. Ol edeplenip, ýuwaşaýar. Soňra kakasy ony sylaglap, şeýle diýýär: – Patyşalyk edil kitap ýaly bolup, öňki waragy geçýänçä soňky waragyň açylmaýandygyny we üçünji tapgyrda soňky waragyň gelýändigini bilmek hökmandyr. Patyşalyk işlerini sabyrlylyk we ýuwaşlyk bilen garşy almalydyr. Hysrow özüniň eden işleri sebäpli ötünç soraýar we öňki zatlara ökünýär. Kakasy ondan razy bolýar. Onuň mertebesi ýokarlanýar. Onuň kakasy otuz dokuz ýyl patyşalyk edenden soň, jan guşy pelekleriň depesine ýetýär we onuň ýerine Hysrow geçýär. Ol hünärli adamlara tertip bilen ýörite derejeleri berýär we zamananyň aýnasyndan garaňkylyk posuny aýyrýar. Hysrow kyrk ýedi ýyl patyşalyk edenden soň, tagtdan gabra göç edip, patyşalygy Arduwan Belaşa goýýar. Arduwanyň patyşalygynyň giňligi hemmeleriňkiden geçýär we tutuş Yrak, Pars, Jibäl we Reýe çenli bolan ýerler onuň ygtyýaryna geçýär. Ol taýpalar patyşalaryndan bir taýpany ýeňýär. Olaryň köpüsi oňa tabyn bolmaga meýil edipdirler. Ol elli bäş ýyl patyşalyk sürüpdir. Ahyrynda Ärsaglylaryň nobaty soňlanyp, olaryň döwletiniň namasy ýapylýar we olaryň ykbal baýdagy ýere serilýär. Zamananyň adaty we döwrüň düzgüni şeýledir: Eýýamlar geçip durýan döwletlere eýedir, Günleri ötüp barýan misli kölge-saýadyr. Bu pelegiň aýlawy – gündiz-gijesi-şamy, Her şanyň döwletiniň geçmesiniň nyşany. Käte şalyk täji Ärsaglylardan aýrylar, Kä Sasanlylar bilen tagt-u-täç bezeg alar. Indi dünýä soltanlyk nobaty Şemseddiniň, Ol şalaryň güneşi, saýasy Hak – müdimiň. Iltutmuş şa – adalat, ol diniň hak hossary, Biadyllyk – gara ýüz, adalata – ýüz nury. Nobaty özgä geçmesin magşar gününe çenli, Duşman bagty oýanmasyn dünýäň soňuna çenli. Nyzamylmülk – adyllyk baky hyzmatda dursun, Onuň garaýşy bilen döwlet ösüşler bersin. _____________________________ Sewat – Dejle we Fyrat derýalarynyň arasynda ýerleşýän ýerler. Buhtunnasr – Asuriýa bilen Babylystan birleşenden soň, bu iki ülkäniň hökümdary bolupdyr. Ol b.e. öň 606-njy ýylda Palestina harby ýöriş edýär. Ol ýeriň patyşasy Ýehuýakym oňa garşy çykmançoň, Buhtunnasr Palestinany Ýehuýakymyň ogluna tabşyrýar. Emma ol ülkede hezreti Ermiýa peýda bolup, Ybraýymyň kowumyny hak ýola salyp, Buhtunnasra haýbat atýar. Buhtunnasr ikinji gezek Palestina çozýar. Ol Palestinany bir ýyl, käbir rowaýatlara görä iki ýyl gabap, ahyry Iýerusalimi basyp alýar. Ol ýeriň ilatyny gyryp, mukaddes öýi weýran edýär. Ol Ysraýyl kowumy üçin uly betbagtçylyk getiripdir. Güderz öz oglunyň adyna-da Güderz dakypdyr. Şahmat sözüniň sözme-söz manysy «Şa öldi» diýmekdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |