20:38 Hekaýatlar ýygyndysy: Sasanlylar - Piruz ibn Ýezdigert | |
PIRUZ IBN ÝEZDIGERT
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Ýezdigerdiň iki ogly bolupdyr. Biriniň ady Hurmuz, beýlekisiniň ady bolsa Piruz. Ol Piruzy Sistana iberip, ol welaýaty onuň mülki edip belläpdir. Hurmuz bolsa kakasynyň huzuryndady. Kakalary dünýäden ötende, Hurmuz patyşa bolýar. Piruz bolsa Sistanyň we şol sebitleriň hökümdarlygy elinde bolan Haýatyla patyşalarynyň birine birleşip, ondan medet soraýar. Ol Piruza kömek edip, oňa leşger berýär. Piruz leşger çekip, dogany Hurmuza garşy ençeme söweşler edýär. Olaryň arasynda gazaply söweşler bolup, iň soňunda Hurmuz ýeňilýär. Piruz doganyndan üstün çykyp, ony öldürýär we ýurduny duşmanlardan saplaýar. Ol ýedi ýyl patyşalyk edenden soň, Allatagala guraklyk döredýär we rehmet ýagynlaryny olardan kesýär. Ýaramaz gözli asman şunça ýaşanyňyz besdir diýýär. Bulut ýaýyndan bir ok hem suw howdanyna çümmeýärdi we mähriban eneke bolan bulut ýagyş süýdüniň damjalaryny süýt emiji bahar paslynyň çagalarynyň agzyna damdyrmaýardy. Piruz ýurdunyň her bir şäherinde gurplularyň ellerinden iýmitlerini alyp, olara gerek mukdaryndan artygyny derwüşlere we mätäçlere paýladýar. Ýurtda açlykdan we garyplykdan bir adam heläk bolsa, onuň ýerine bir baý adamyň dara çekiljekdigini jar etmeklerini buýurýar. Ol halkdan salgydy aýyrýar we baý-lygyny mätäçlere bagyşlaýar. Guraklyk ýedi ýyllap dowam edýär. Ol bu ýedi ýylda şeýle gowy pikirler we çäreler tapypdyr welin, hiç derwüş we garyp bir gije hem aç ýatmandyr. Onuň adalaty älem-jahana ýaýransoň, Päk we Beýik Perwerdigär ol guraklygy bolçulyga öwürýär. Rehmet ýagşy ýag-ýar, ösümliklerdir ot-çöpler ösüp başlaýar. Adamlar bu kynçylyklardan halas bolýarlar. Patyşanyň adalatlylygy, dynuwsyz kömegi sebäpli, salgym suw ýatagyna we harabaçylyk abadançylyga öwrülýär. «Adalatly soltan ýagýan ýagyndan haýyrlydyr» diýipdirler. Ýagny ýagyn kä ýerlere ýetýär we kä ýerlere ýetmeýär hem-de gowy ýerlere täsir edip, şor ýerlere täsir etmeýär. Emma patyşanyň adalat ýagyşy älem-jahana ýetýär hem-de adamlaryň hemmesi – ýagşysy we ýamany, abraýlysy we biabraýy ondan paýly bolýarlar. Beýt Gurakçylyk bolsa eger, çäre tapmalydyr bekden, Soltana adalatlylyk – gowudyr bol-elinlikden. Ol özüniň ýigrimi alty ýyllap hökümdarlyk eden döwründe köp ymaratlar gurýar we älem-jahany abadanlaşdyrýar. Ahyrynda ol Haýatyla patyşalaryna garşy söweşe çykýar we şol ýerde panylyk çyzygyny onuň depderçesine çyzýarlar. • PIRUZYŇ HELÄK EDILMEGI Piruzyň dogany Hurmuz patyşalyga ýetende, Piruz Garjystanyň patyşasy Hoşnowaza penalanypdyr we ondan medet sorapdyr. Şeýdip, ol Hurmuzdan üstün çykyp, ony öldüripdir. Hoşnowaz raýatyna zulum-sütem esasyny goýýar we Lut kowumynyň däp-dessurlaryny öňe sürýär. Ol haý-höwes we şöwket ýolunda çep aýagyny öňe goýup, beçebazlyk sapynda çep eline baýdak alyp, her kimiň owadan ogly bolsa, ony elinden alýardy. Adamlar bu ýagdaýdan halys bolup, Piruzyň köşgüne ýüz tutýarlar. Piruz onuň ýanyna ilçi iberip, şeýle diýýär: – Seniň meniň boýnumda hakyň bar, emma meniň öňümde Hudaýyň haky seniň hakyňdan köpdür. Seniň halkyň meniň ýanyma gelip, senden arza-şikaýat edýärler. Eger sen bu ýaramaz işiňden el çekseň, ikimiziň aramyzdaky äht mäkämligine galar. Emma bu işde aýak diräp dursaň, patyşalyk üçin däl-de, dini gaýratym üçin gelip, seniň mülküňi weýran ederin. Ol birnäçe ilçi iberýär. Emma Hoşnowaz ondan gorky etmän, onuň aýdanlaryna üns bermeýär. Piruz leşger toplap, sansyz goşun bilen Toharystan welaýatyna tarap ugraýar. Hoşnowaz onuň gelýänliginden habarly bolup, han-beglerini we leşger ulularyny çagyryp, Piruz barada olar bilen maslahatlaşýar we olara şeýle diýýär: – Piruzyň leşgeriniň öňünde durup bil¬mejegime gözüm ýetýär. Men hatda onuň goşunynyň bir hüjüminiň garşysynda hem durup bilmerin. Biz halas bolar ýaly bu işiň bir alajyny tapmaly. Olaryň biri şeýle diýýär: – Eger patyşa meniň aýalymy we çagalarymy kabul edip we olara duz-tagam berse we men olardan doly arkaýyn bolsam, şonda Piruzdan we onuň leşgerinden halas bolar ýaly bir ýol taparyn we özümi heläkçilige uçradaryn. Şonda seniň ýurduňa zyýan ýetmez. Hoşnowaz han-begleriň içinde onuň maşgalasyna sylag-serpaý berýär we ol adama köp pul bagyş edýär. Ol patyşanyň tanymal adamlaryndandy. Ol adam öz elini kesip, Piruzyň geçjek ýolunda oturýar. Haçanda Piruz ol ýerden geçende, ol adam özüni Piruza görkezýär. Piruz oňa: – Sen kim, bu bolşuň näme? – diýip soraýar. Ol adam şeýle diýip jogap berýär: – Men birnäçe wagtdan bäri Hoşnowaza nägilelik bildirip, oňa pendi-nesihat berdim we oňa: «Sen Piruzyň öňünde durup bilmersiň, seniň ylalaşmagyň we uruş barada söhbet etmezligiň gerek» diýdim. Men oňa şu sözleri birnäçe gezek aýdamsoň, ol maňa: «Sen ondan gorkupsyň we oňa meýil edipsiň. Hökman onuň haty saňa ýetendir» diýip, meni günäkär hasaplap, elimi kesdi. Men bolsa: «Haçan ykbal güni peýda bolar we men hem ondan arymy alarkam» diýip, şu ýerde otyryn. Şu ýerden tä onuň bolýan ýerine çenli ýigrimi günlük ýoldur. Men seni bäş günde ol ýere ýetip, ony tutar ýaly ýoldan äkideýin. Piruz duşmanyň gepine aldanýar we duşmanyň hernäçe mähremlik görkezse-de, dost bolup bilmejekdigini unudýar. Onuň buýrugy boýunça bäş gije-gündize ýeter ýaly azyk, ot-suw alýarlar. Şol maýyp adam olary şeýle bir çöl-beýewanlyga äkidýär welin, eger pikir-düşünje ýele münse-de, ol ýere ýetmezdi we pikir syrynyň jansyzy hyýal gadamy bilen ol ýere syýahat edip bilmezdi. Olar bäş-alty gije-gündiz ýol ýöränlerinden soň, sabyr käseleri dolup, adamlaryň suwy we haýwanlaryň taby galmandyr. Şol wagt hem maýyp adam: – Meniň maksadym hasyl boldy we iş meniň islegim boýunça amala aşyryldy – diýip, dünýäden ötýär. Piruz ýigrimi gije-gündizläp şol beýewanda galýar. Elli müň adam oňa hemra bolupdyr. Şolaryň içinden takmynan müň adam diri galýar. Ol şol müň adam bilen Hoşnowazyň ülkesiniň bir tarapyndan çykýar. Ol mejburlykdan onuň ýanyna adam iberip, bolan zatlardan ýalkaw diläp, ötünç sorap şeýle diýýär: – Sen meniň üçin biçak ýagşylyk etdiň. Olaryň muzdy erbetlik bilen berilmeli däldir. Indi, ýene-de mähribanlyk gör-ke¬zersiň we şol gözel ahlagyňy ýene-de saklarsyň diýen tamam bar. Soňra Hoşnowaz oňa: – Indi ýagdaý şeýle bolansoň, men seniň bilen ylalaşjak we saňa belli bir çäk goýup, şol çäkden çykmazlyk şerti bilen seni ýurduňa iberjek – diýýär. Şeýlelikde, oňa sylag-serpaý berýär. Hoşnowazyň buýrugy boýunça daşdan minara gurýarlar we ony hek bilen mäkämleýärler. Piruz şu minaradan geçmejekdigine we onuň ülkesine zulum elini uzaltmajakdygyna kasam edýär. Şeýdip, ol Piruzy öz welaýatyna iberýär. Şondan soň üç ýyl geçýär. Piruzda ar alyş we çozuş duýgulary döreýär we Hoş¬nowaza jeza bermegi ýüregine düwýär. Şeýlelikde, leşger toplap, goşun ýygnaýar we onuň ýurduna tarap ugraýar. Şol döwrüň möwbitleri, hekimleri we akyldarlary üýşüp, Piruzyň ýanyna gelýärler we oňa: – Ähdi-peýmany bozmak patyşalara laýyk iş däldir we kasamyňda durmazlyk hiç neberä mynasyp däldir – diý¬ýärler. Olar bu sözi birnäçe sapar gaýtalasalar-da, peýda bermeýär. Piruz: – Men öz kasamyma garşy gelmez ýaly iş ederin – diýip, leşgeri bilen ýola düşýär. Haçanda ol şol daşdan gurlan, hek bilen mäkämlenen minara ýetende, ony agdarmaklaryny buýurýar. Minara bir sütün ýaly eken. Soňra minarany dagyň gerşinden elli sany pil bilen çekýärler. Soňra ol şeýle diýýär: – Men şu minaradan geçmerin diýip kasam edipdim. Piruz Hoşnowazyň ýanyna gelende, Hoşnowazyň özüne garşy söweşmejekdigini aňýar. Şeýlelikde, Hoşnowazyň buýrugy boýunça çölde uly hem çuň hendek gazýarlar we ony suwdan dolduryp, çöp-çalamlar goýup, üstüni gum bilen gömýärler hem-de hendege tarap ýodajyk çekip goýýarlar. Piruzyň leşgeri onuň garşysyna gelende, Hoşnowaz öňki ähtnamany naýzanyň ujunda göterip, olara görkezýär we: – Şu ähtnama meniň arymy senden alar – diýýär. Hoşnowazyň goşuny söweş hataryny düzensoň, heniz Piruzyň leşgeri hüjüm etmänkä, olar öz belet ýodalaryndan yza gaçyp başladylar. Piruzyň buýrugy boýunça leşger olaryň yzyndan hüjüm edip, şol hendeklere ýetýärler we olaryň äh-lisi hendege düşýärler. Hoşnowaz yzyna dolanyp, olaryň ählisini gylyçdan geçirýär. Piruzyň jesedini ol ýerden çykarýarlar. Onuň golundan hazynalarynyň belligi bolan haty tapýarlar. Ol haty açyp alýarlar we Piruzy depin edýärler. Şeýdip, Piruzyň ody sönýär. Zulumyň we ähti bozmagyň ahyry pajygalydyr. Her kim zulum etse, ahyrynda şoňa duçar bolar. Beýt Ýüregini kebap edip iýýär zalym derwüşiň, Ol özüniň janyny şeýdip iýýändir, düşün. Dünýä – baldyr, her kişi iýse ondan has öte, Gan köpelip, gyzgyn artar, ol öz başyna ýeter. Piruz Hoşnowaza garşy söweşe çykan wagty ýurduny we leşgerini Suhra atly bir adama tabşyrýar. Ol adam başarjaňlykda we edermenlikde zamananyň ýeke-tägidi, sabyrlylyk we haýalylyk bilen zynatlanan we çynlakaýlyk hem-de wepalylyk bezegi bilen bezelen adamdy. Ol Piruzyň ýogalanyny eşidende, gaýraty joşa gelip, ar almagyň ugruna çykýar. Ol goşunyny üýşürip, daş-töwerekden medet sorap, Hoşnowazyň ülkesine tarap ugraýar. Hoşnowaz onuň öňünde durup bilmejekdigine göz ýetirip, ertesi onuň ýanyna ilçi iberýär we şeýle sözler bilen ötünç soraýar: – Men çozujy däldim, Piruz günäkär. Ol meniň bilen ylalaşyp, ähdi-peýmanlary berk we agyr kasamlar bilen mäkämlänsoň, ähtini bozdy we kasamyny syndyrdy. Şeýdip, Allatagala ony bela duçar etdi. Her kim zulum etse we ähtinde durmasa, elhenç soňlanyşa sezewar bolar. Men size garşy söweşmek islämok we siziň ýurduňyza göz gyzdyrmaýaryn. Piruzy öldürmekde men çozujy bolman goranyjydym. Eger bu kastyňdan ýüz öwrüp, jylawuňy yzyna sowsaň we ylalaşyk ýoluny gursaň gowy bolar. Eger zulum edip, bu goşunyňa buýsansaň, Ýaradyjy seniň şeriňi menden dep eder. Suhra ylalaşmagy ýüregine düwýär. Hoşnowaz Ajamdan alan hemme atlaryny, Piruzyň golundaky haty hem-de hazynadan, baýlykdan eline näme düşen bolsa baryny gaýtaryp bermek karary bilen ylalaşýar. Şeýdip, Suhra yzyna dolanýar. Ol özüniň şeýle wepadarlygy we wepalylygy bilen älemde meşhurlyk gazanýar we ýüreklerde orun tapýar. Haçanda han-begler patyşalygy oňa berjek bolanlarynda, ol kabul etmän: – Piruzyň perzentleriniň birini patyşalyga geçirmeli – diýýär. Piruzyň iki ogly bardy. Biriniň ady Belaş, beýlekisiniň ady Kubat. Leşger Belaşa meýil edip, ony patyşalyga geçirýärler. Kubat gaçyp, Çyn hanyna penalanýar. Patyşalyk Belaşyň ygtyýaryna geçýär. Bu hekaýat zamananyň patyşalaryna we döwrüň hökümdarlaryna edep-ahlakly, ýagşy ygtykatly, gorkuda, umytda, kynçylykda, erkinlikde özlerini alyhezretiň garşysyna atylan oklaryň galkany edip, patyşa diri bolsun, öli bolsun, oňa wepaly we haýaly boljak adamlary ýetişdirmelidiklerini ündeýär. Men toprag-u tiken, sen bolsa gün, bulut kimin, Eger terbiýe berseň, men saňa gül-läle bererin. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |