17:45 Meniñ monologym | |
MENIÑ MONOLOGYM
Goşgular
Egnim gymmatbaha lybaslam bolsa, Adamlañ öñünde durun ýalañaç. Ýigrimi ýyl hiç maksatsyz ýaşadym, Maña çalym etdi miwesiz agaç. Garaşmak her näçe agyram bolsa, Nämädir garaşyp ýadadym ýördüm. Garaşdym irginsiz, çünki garaşman Ýaşadykça hasam agraldy derdim. Adamlardan öwrenmegiñ deregne, Şol garaşdym ýördüm, aşan dek añkam. Sähel artyk bilsem, agraldy ýüküm, Ujypsyz bildim-de, ýaşadym añsat. Bu gün adamlaryñ öñünde dyza Çöküp, men olardan ötünç soraýan. Hem-de olar üçin galan ömrümde Aýdym aýtmaklyga rugsat soraýan. Men aýdym aýtmaly gowudan-gowy, Erbet aýtmaga ýok meniñ hakym. Adamlar erbet zat hödür etmändi, Meniñ gowy zady gereklän çagym. ...Bogazymy arçap, düşýärin ýola, Uly ýoluñ başy bol sen ýigrim bir! Dilimiñ senasy - mährem adamlar Ýolda ýetirerler meniñ ýugrummy. Bäşim ÖDEKOW. "Ýaş kommunist" gazeti, 1967 ý. | |
|
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |