21:04 Gelmişem | |
GELMIŞEM
Goşgular
Al bilen albassa sapak berjekleñ, Allaryna al salmaga gelmişem. Halal ýaşap, halal öten gerçekleñ Ruhlaryna jan salmaga gelmişem. Haram iýip, haram geýen bimany, Besse-besse ýarasydyr synamyñ. Guly bolup Möwlam beren imanyñ, Nebse buýran han bolmaga gelmişem. Bir ýaragym - dahan içre senam bar, Ilde-günde ynsaply bar - penam bar, Nusga bora süññi halal jenan bar, Azgynlardan ar almaga gelmişem. Kalba salman haram puluñ heserin, Karunyñ ýolundan yza teseniñ, Lebzine ygrarly barça beşeriñ, Damarynda gan bolmaga gelmişem. Hem gelmişem söýülmäge, söýmäge, Seri goşup müñ lezzetli gowgaýa, Ynsan ählä melhem sözüm goýmaga, Oñarmasam lal bolmaga gelmişem. * * * Özüm-ä toprakdan ýasalan, bilýän, Sen babatda welin müñkür men örän - Owuzmy, gaýmakmy señ añryñ, dünýäm, Ýa sen näziklikmi ak nurdan dörän? Gözlerñe baksam-a - señ añryñ umman, Lebiñden çen tutsam - asal señ aslyñ, Demiñem - gül ysy, onsoñ sähranyñ Güllerni ýaýdana-ýaýdana basdym... Ýa-da bar zat tersinemi, ezizim, - Öz reñkini berdimikä ak süýde Seniñ ak alkymyñ, seniñ ak kalbyñ? Seniñ goýazlygyñ geçdimi güýze? Serhetsiz giñligi, düýpsüz çuñlugy Seniñ gözleriñden aldymy umman Säheriñ terligi senden geçdimi? Balyñ şirinligi señkimi, hurmam? Belki señ demiñden dörändir, janym, Ysy humar eden al-elwan güller? Ap-ak niýetiñden, ak arzuwlañdan Ýasalan bolmasyn bu aýdyñ günler? Dünýä sygman çawjap ýören boz jeren, Birahat ýüregñiñ şekli megerem? ...Bu giñ jahan senmi, özüñ jahanmy - Düşünipler bilmän galdym, söwerim. Bäşim ÖDEK. | |
|
√ Käbir aýallara melek diýýäñiz / Goşgular - 04.02.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Шоколадка / Goşgular - 27.07.2024 |
√ Şygyrdaky yşkym / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Ballaryň islär / Goşgular - 22.08.2024 |
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Diňleseň... / Goşgular - 03.06.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |