14:07 Garajaoglan ikimiz hem ajal | |
GARAJA OGLAN IKIMIZ HEM AJAL
Goşgular
![]() "Bar, git, Ajal, birzamanlar gelersiñ" Garaja OGLAN Gelmänler geçäýseñ nädersiñ, Ajal, Şahyr kowansoñam gelip bilermiñ?! Sen islän ömrüñi gädersiñ, Ajal, Heý, şahyr ömrüni çilip bilermiñ?! Garry-ýaşy añtan, Ajal, Doýman-dolman kañkap, Ajal, Garaja Oglana dalaş ederçe, Aşypmydy añkañ, Ajal?! Garaja Oglanyñ halalja sözi, Şol melul edip dur asyr aşyryp, Gözellerden doýmaz garaja sözi, Indi mende, gyzlañ aklyn çaşyryp. Bir töwra şahyram, senden ürkmenem, Biraz añyrrakda segre, gez, Ajal. Menem bir garaja ogly Türkmeniñ, Gowsy ikimize degme sen, Ajal. Bäşim ÖDEK. | |
|
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |