15:26 Söýgime ynanyň | |
SÖÝGIME YNANYÑ
Goşgular
![]() «Men siz söýýärin» diýsem ynanyň, Gözlemäň sözümden üýtgeşik many. Durky bilen gullugňyza ynanyň, Dünýede çekdigi ynamyň zary. Asyl manysynda diýýän sözler, Asyl söýgi bilen söýýän söýenmi. Sizi agyr günde görse gözlerim, Ynanyň bagrymyň ganlar öýenne. Size meň sowgadym göwher ýa zer däl, Köz ýaly ýüregim, tämiz duýgym bar. Onsoňam hiç hili lybasa, perdä, Çolanmajak çuw-ýalaňaç söýgim bar. Men nirä gideýin sizden azaşyp, Adamlar, men sizi söýýärin örän. Ynanyň özümem söýýän azajyk, Sizi şeýle söýüp bilýänme görä. Bäşim ÖDEK. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |