23:43

Serdar Ataýew we onuñ döredijiligi hakynda

Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 606 | Добавил: Haweran | Теги: Ogulbossan Rejepgulyýewa | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 10
0
1 Gurgencli  
324
Özümiň eserlerini iň bir halaýan we maňa (hekaýa terjime edenimde) ýakyndan goldaw berýän ýazyjym barada hiç zat bilmeýän ekendigimi bilip gynandym.

0
2 Yusup  
50
Ajaýyp makala, sag bol mollum! Serdar aga size jan-saglyk, edebiýatda uly üstünlik arzuw etýärin.

0
3 Bagabat  
43
Bäh...
Bu jigimiz-ä birhili...
Osman agam pahyryň sözbaş-a kitapda-da bar-la weli...
Görgüli, şomatlar düwnükden gaty ejir çekýädi, öýünde-de, iş otagynda-da oturmaga haly bolman, ýerde arkanlygyna ýatyp ýazýady. Oň bolup ýatyşyny görüp Abu Reýhan Biruni hakda rowaýat ýadyma düşüpdi.
Hamana, Biruni ölüm ýassygynda ýatyrka onuň başujunda oturan şägirtleriniň biri beýlekisinden pyşyrdap nämedir bir zady sorapdyr. Bu sorag gulagyna ilen Biruni zoraýakdan kellesini galdyryp, ysgynsyzja ses bilen tekjede duran kitaplaň birini alyp, onuň pylanynjy sahypany açmagy haýyş edipdir. Şol ýerde ýaňky soralan jogabynyň bolmagynyň mümkindigini, şol sowalyň jogabynyň özünem gyzyklandyrandygyny aýdypdyr.
Oň bolşuna geň galan şägirdi:
-Halypa, halyň şu derejede teň bolup ýatyrka-da kitap dördürýäň?-diýende, Biruni:
-Bilmän öleniňden bilip öleniň ýagşy,-diýip jogap gaýtarypdyr.
Jora aga pahyryň tankydynam goýany gowy. Kän kömek boldy wagtynda. Pahyryň özi bir gezek: "Gaty göreňok dämi, inim?" diýdi.
Gülüp: "Aý agam, ursaňam hakyň bar" diýsem, olam aýdýa: "Ýaman ata müň gamçy ýagşy ata bir gamçy" diýilýändir, köpüsini ursaňam bir urmasaňam, seň ýalyny bolsa keýpine urýaň, urdugyňça gowy çapýa diýip degşipdi.
Kim bilýä, belki "gowy çapylýan" bolsun-da.

0
4 Perо  
1082
Şeýle okyjylaryñ bolmagy, seljermekleri, pikir alyşmaklary ýazyjy üçin uly bagt bolsa gerek. Bizem okap, daşyñyzdan guwandyk Bagabat! Galamyñyz mundanam kesgir bolsun! Seljeriji okyjylaryñyz kän bolsun!

0
5 Gumlygelin  
8
Guwançly makala. Serdar aga, galamyñyz mundanam ötgür bolsun, şeýle okyjylañ sany hem köööp bolsun!

0
6 yalnyzozi660812  
1367
Окаймалы этдиниз. Арман китап я журнал дал. интернетде инди мана кын душйэр. Йоне юрист консультантлыкданам башыныз чыкян болсa, мунам довам эдин. Меселем, хусусы телекечилик бн мешгул болянлар учин салгыт мочберлери, репетитерлик этмек учин нахили ыгтыярнама герек.. ш.м.

0
7 Yusup  
50
"Gelin kürtesi" hekaýany şuwagt okadym. Gowy eser.
Serdar aga şol wagtky ýazyş stiliň gowy. Ýeňil okalýar.

0
8 Remezan  
1397
Sagbol mugallym, Serdar Ataýew barada Gaýybana tanyşdyrdyň, halypalaryň ýazan mirasy ýazgylaryny okanyňda welin has hyjuwlanmalar, içgin gyzyklanmalar döredýär. Hemme agzalarada minnetdar, Admin sizede şeýle saýt açyp köpçülige ýetirmekde uly hyzmat edýäniňiz üçin we okyjylaryň we edebiýatçylaryň goýýan her bir belliklerinden, gerekli sapak alyp özüňe aýratyn mekdep edinmeklikde uly kömek berýäňiz.

0
9 Ependi  
284
@Bagabat agzany, dogrusy, şu taýda tanadym. Köp hekaýalaryny, powestlerini okadym. Romanlaryny okadym diýsem-ä ýalançy. Ýöne, "tanamadyk-sylamaz" diýleni ýaly, onuň bilen käbir mowzuklarda pikir alyşsagam, pikir alyşýanlaryny kän görsemde, şu wagta çenli doly bilmedigimi boýnuma alýan. Olaram bize dogry düşünmeli, bir tarapyň hojalyk, beýläň iş, gelýäňem öýüň. Käte, işden ýadap gelip agzyňdaky çöregi doly ýuwutmankaňam ýatyp galynýan wagtam bolýar. Ýöne, edebiýatyň aşygy bolan adam, näçe süýrensede (süýreseňem), öz gerekli ýerini gözläp tapar. Edil, garynja deýin. Ysgaşar, soraşar. Ahyry tapar hini-ni. @Bagabat agadan köp tilsimleri öwrendim, entegem öwrenýän, dillerimiz hakynda, ýitip barýan sözlerimiz hakdamy, döwür hakdamy, taryh hakdamy, çagalyk hakdamy, garaz, Keminäň içmegi ýaly şolam. Ýamasynyň her biriniň taryhy üýtgeşik. Nokady ýok, gutarma ýok. Indi ýadyma gelip ugrady, radioda "Gelin kürtesini" üýşüp diňlärdik. Esasanam, günorta wagty goýbererdiler, pagtaçy gyzlaram işden gelende. Ýadawlyklary el bilen aýyrlan ýaly bolardy, hemme zady unudyp diňlärdiler.

Serdar agaň zähmeti geçen asyrdan gaýdýan ekeni. Zähmeti uly ekeni. Ýöne-möne ýazyjy däldigini ilkinji gezek, bir hekaýasyny okamda aňypdym, soňlugy bilenem hyýalymdaky halypalaň birine öwrüldi, ýagny, her okyjyň aýratyn sarpa goýýan ýazyjysy boluşy ýaly. Ýokarda, ýazyjynyň öňki ugrundan, başga ugra gönükjek bolýanlygyny duýdurjak bolýarlar. Olaňkam dogry welin, Serdar agaňkam dogrumyka diýän. Adam ýaşadygyça üns berýän zatlary köp bolýar, gyzyklanýar, başgaçarak wakalara üns berýär, obrazlar üýtgeýär. Esasy zat, onuň jan saglygy, maşgalasynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny isläliň! Ol aramyza herhili bolup geler, gaýgylam bolar, gülkem getirer, tapanny paýlar ile. Maňa täsir eden bir hekaýasy "Masgarabaz" boldy. Masgarabazyň durmuşy näçe agyr bolsada, öz halyny ile bildirmedi. Onuň üstünden güldüler ýördüler, iň bolmanda aýaly hem oňa gyjalat berdi ýördi. Emma, ol sirke çykanda, el çarpyşmalaň arasynda ýene özüne geldi. Öz kärine bolan söýgi, buýsanç, oňa hemme zady unutdyrdy. Diýmekçi bolýanym, bu ýerde isle masgarabaz bol, isle ýazyjy bol, isle başlyk bol, tapawudy ýok, öz käriňe wepaly bol diýip kädimize guýan ekeni ýazyjy. Ol hekaýany, doly tanamadyk manysyna düşünmez. Serdar aga, galamyňyz mundan beýlägem ýiti bolsun! Aramyzda gezip ýörseňizem, özüňizi tanatman ýörüpsüňiz agam :) Mundan beýlägem uzagyndan bolsun, ýetirip duruň ýeneki günlere çenli!

0
10 yalnyzozi660812  
1367
@Юсуп. Ниреден тапмалы ?,, Гелин куртеси" диен хекаяны? Менем окап горейин... Шу сайтда бармы?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]