12:43 Tanymal adamlaryñ sözlerinden | |
TANYMAL ADAMLARYÑ AÝDAN SÖZLERINDEN
Görmezlige salyñ, sesiñizi çykarmañ, jogap bermäñ. Sessizlik hemme zady ýom-ýok eder. Çarlz DARWIN. ◆ ◆ ◆ Adamyñ akly köpeldigiçe, ykgy-çokgysy, derdi artýar. Fýodor DOSTOÝEWSKIÝ. ◆ ◆ ◆ Her kim adamzadyñ erbetlige tarap barýandygyny bilýär. Emma her kim özüniñ erberlige tarap barýandygyny welin, bilesi gelmeýär. Lew TOLSTOÝ. ◆ ◆ ◆ Ahlagyñ ýok ýerinde kanun derege ýaramaz. Napoleon BONAPART. ◆ ◆ ◆ Dil adamlara berilen iñ uly peşgeşdir. ARISTOTEL. ◆ ◆ ◆ Wagty gelen pikiriñ garşysynda durmaga hiç bir goşunyñ güýji ýetmez. Wiktor GÝUGO. ◆ ◆ ◆ Bir zady hakykatdan bilmek, oña düşünmek bilen amala aşýar. SOKRAT. ◆ ◆ ◆ Göz-gulakdan has anyk şaýatdyr. Geraklit EFFESKIÝ. ◆ ◆ ◆ Adam näçe az pikirlense, şonça köp gepleýändir. MONTESKÝE. ◆ ◆ ◆ Geplemek - adamyñ aklyny ulanyp bilmek sungatydyr. PLATON. ◆ ◆ ◆ Ýalñyşy tapmak hakykaty tapmakdan gas añsatdyr. Wolfang GÝOTE. ◆ ◆ ◆ Dünýäniñ wekilçiligi erkekleriñ eseridir. Olar dünýä öz nukdaýnazarlaryndan baha berýärler. Simona de BOWÝUAR. ◆ ◆ ◆ Ýazyjylar adam ruhunyñ inženerleridir. Iosif STALIN. ◆ ◆ ◆ Biziñ iñ uly ýalñyşymyz - töweregimizdäki her kesi "adam" hasap edýänligimizdedir. Çarlz BUKOWSKIÝ. ◆ ◆ ◆ Meni ýigrenýänleri ýigrener ýaly wagtym ýok. Çünki men öz gadrymy bilýänleri söýmek bilen başagaý. Gabriel Garsia MARKES. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |