10:35 Taryhda galan şekiller - 3 | |
TARYHDA GALAN ŞEKILLER - 3
Bu surat, rus etnografy hem naturalisti Nikolaý Karlowiç Zeýdlis (1831-1907) tarapyndan 1883-nji ýylda Maryda düşürilen teke-türkmenleriniň hem-de milli türkmen eşigindäki rus serkerdeleriniň fotosuratydyr. Soňky geçirilen seljermelere görä, suratda oturan ak telpekli üç adam, çepden saga bu rus serkerdeleri M.Alihanow, S.Ýa.Kosyh we P.W.Sokolow dagylardyr. Şonuň ýaly-da bu suratda perraçlaryň baştutany Akmyrat serdaryň hem bardygy bellenilýär. Ýöne onuň suratdakylaryň anyk haýsydygy görkezilmeýär. © Прищепова В.А. Иллюстративные коллекции по народам Центральной Азии второй половины XIX — начала XX века в собраниях Кунсткамеры. Санкт-Петербург: Наука, 2011. Стр. 223. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |